NURANALYK
Dünýä, durmuş hakyndaky pikirlere gark bolup oturyşyma seniň geleniňem, gümmürdedip saz çalyp başlanyňam duýmandyryn. Senem meniň pikire batyp oturyşymy duýan däl bolsaň gerek. Belki-de, meniň rahat dünýäme aralaşyp, azar beresiň gelen däldir. Belki-de, şol dünýäniň ajaýyplygynyň üstüni mukam bilen dolduraýyn diýensiň, ýogsam ýanyma gelip, maňlaýymdan öperdiň-de “Läläm, nämäň oýuna batdyň?” diýerdiň. Ýöne şol pursat kalbyňy eýelän güýç seni idirdikledip, dutaryň ýanyna alyp baran bolmaly. Sebäp “Çyn gudrat sustüňy basýar” diýýänleri çyn eken. Şu pursat seniň çalýan sazyňy diňläp otyryn welin, niredendir bir ýerden äpet güýç peýda boldy-da, meni müň hyýala çümdirdi. Onsoň men hyýalymda şol güýji yzarlap, ser-sepil boldum. Sen ussat sazanda bolmasaňam, saz çalanyňda mukamlardan keşde çekip, göwünlere ganat bermegi başarýarsyň.
Men muny syrdaşym, ýanýoldaşym bolanyň üçin aýdamok. Ol meniň pikirimçe, mahabatam däl. Seniň deňiz ýaly çyrpynyp duran zehiniň bardygyny bilýän. Seň ony ile ýaýmagyňy, şirin-şirin sazlar bilen adamlaryň göwnüne, ýüregine ornaşmagyňy arzuwlaýaryn. Ýöne sen näme üçindir sazy diňe öýde ýeke mahalyň çalýardyň. Käte-käte dostlaryň üýşen çagy olaryň göwnüni ýykmazlyk üçinem dutaryňy eliňe alýaň. Şonda olaryň tä daňdana çenli gymyldaman oturyşlaryna men aňryýany bilen düşünýän. Sebäp sen şol sazlar bilen olaryň ýüregini gozgamany başarýardyň. Şol pursatda Beýik Taňrynyň adamzady palçykdan ýasap, onuň gursagyna jany saljak bolşy baradaky rowaýat hakyda dolýar.
Garaňky göwrä girmäge çekinip duran jan sazyň jadysyna oňa nädip gireninem bilmänmiş. Men muňa diňe sazyň gudratynyň nä derejede belentligine sarpa goýýanlar düşünýär. Saz, onda-da türkmeniň mukamlary ýürege tükeniksiz lezzet duýup, adamy bagtyň çürdepesine çykaryp bilýär.
Aslynda-da ikimizi duşuranam, ykbalymyzy birleşdirenem ajaýyp sazlardyr. Şonda men ilkinji gezek dutaryň owazyny edil alkymynda oturyp diňläpdim. Bu duşuşyk tötänden boldumy ýa-da ol dünýä, durmuşa aşyk ýürekleriň birleşmesine sebäpmidi? Onçasyny biljek däl, ýöne şol ajaýyp owazdan gulagymyň ganan çagy seni hana, soltana deňeýän-de, şol soltanyň gullugynda ömürbaky durmaga taýýardygymy äleme buşlasym gelýär. Asyl görüp otursam, bu duýgulary saz döredýän eken. Onsoňam dutary edil gapdalynda oturyp diňlemek ony radioda ýa-da teleýaýlymda diňlän ýaly däl eken. Şonda onuň owazam, gümmürdisem başgaça eken. Şol ilkinji gezekden soň, men bir bahana tapyp, umumyýaşaýyş jaýyňyza gatnamany, siziň otagyňyzyň garşysynda durup, saz diňlemäni çykardym. Çünki dutaryň owazyny eşitdigim men örklenen ýalydyn. Soňa-baka joralarym maňa degip:
- A gyz, Jemal, seni Tarhanyň sazlary jadylaýdy öýdýän. Haçan görseň, olaryň otagynyň gapdalynda ekilen ýaly- diýmäni çykardylar.
Men weli, seniň sazlaryňy diňläp, durmuşyň nämedigine, onuň manysyna düşünjek bolup, gaty köp azara galardym. Ýöne baş çykaryp bilmän, her gezegem lapym keç bolýardy. Soň görüp otursam, dogrusy, häzirem durmuşyň nämedigine düşünemok. Ol durşuna syr, mukamlar ýly özüne çekiji hem şirin. Onuň iň çylşyrymly pursaty hem wagt öýdýän. Şonuň üçinem wagt barka, başaryp bilseň, adamlara ýagşylyk etmeli. Göwnüň tutuşlygyna saza berlende bu duýgy hasam güýjeýär. Dünýäni ýagşylykdan doldurasyň gelýär. Bu megerem, sazlaryň ynsanyň kalbyna guýýan lejjeti bolsa gerek. Şirin saz süňňüňi eýelände kalbyňda möwç urýan duýgynyň güýjüni söz bilen beýan edip bolanok. Sebäp saz, mukam dünýä aşyk bolan ýüregiňi ýerinden gozgap, gursagyňy ýaraýyn diýýär.
Şuş-şu pursat seniň dutaryňdan çykýan owaz dünýäme nur çaýdy. Baryp seň gapdaljygyňda çökdüm. Sen indi meniň iň gowy görýän aýdymyma hiňlenip başladyň. Mylaýym owazyň meni hüwdüleýän ýalydy. Men seniň dyzyňy ýassanyp, gözümi süzüp ýatyşyma irkilipdirin. Düýşümde sen saz çalýarmyşyň. Şol owaza dünýä gül-gül açylyp, ähli adamlar tans edýärmiş. Tansyň şatlygyň alamatydygyny bilmeýän barmy? Tans söz bilen beýan edip bolmaýan şirin duýgyň alamty diýýäler. Birdenem ýaňky owadan owaz kesildi-de, seniň mylaýym sesiň beýnä doldy. Şonda seniň meni ezizleýşiňe guwanyp, dünýäni şu pursata çalyşmaga razydym.
Sen uzak wagtlap aýdym aýtdyň, saz çaldyň. Meň dünýäni unudyp, şol meýmiräp ýatyşyma ýerimden galasym gelenokdy. Ýadadyň öýdýän, ahyry dillendiň:
--Sazdan, aýdymdan ganma ýok, hany, bieje çaýlaşaly, keýwany.
Heniz ýerimden gapyp ýetişmänkäm, gyzymyz demini alyp duran çäýnegi öňümize süýşürdi. Seniň nazaryňda üýtgeşik bir mähriň şuglasy göründi. Seniň öz perzentleriňe guwanjyň şuglasy içerini ýagtylandyrdy. Şol bakyşda men seniň gursagyňy ýaryp barýan joşgunly ýüregiňi elimiň aýasyna alan ýaly boldum. Ýüregiň şatlykdan ýaňa tans edýärdi. Bu alamat türkmeniň erkek kişisiniň öz maşgalasyna, döwletli döwranyna bolan süýji duýgysynyň ýüze çykmasydy.
Men şu gaýtalanyp duran bagtyýar pursatlaryň gadyr-gymmatyna hut şu pursat göz ýetiren ýaly boldum. Joramy idäp talyplaryň umumyýaşaýyş jaýyna baryşym, seniň dutaryň owazyny ilkinji gezek eşidişim hakydamda janlandy. Şol gezek seniň sazlaryň meniň dünýämde ömürlik orun alyp, nuranalyk çaýmadyk bolanda bize beýle bagt ýetdiremidika? Kim bilýär? Belki, ykbal bizi şeýdip tötänden tanyşdyrandyr. Belki-de, saza-aýdyma muşdak ýürekleriň birek-birege atygsamasydyr. Kim bilýär? Ýöne olaryň haýsysy bolanda-da, öz ykbalymyzy birikdiren dutara, onuň şirinden-şirin sazlaryna minnetdar bolamly. Biz müň mertebe arzuw edenimizde-de, şundan zyýat döwrany göz öňüne getirip bilmezdik. Çünki durşuna syrly dünýäni özünde jemleýän durmuşyň manysy, meň üçin-ä türkmeniň goşa tarly dutaryndan gözbaş alyp, ykballara nuranalyk çaýýan ýaly...
Ogulgerek Ussaýewa.
Hekaýalar