14:03 "Oba" depderi / goşgular toplumy | |
«OBA» DEPDERI / goşgular toplumyndan
Goşgular
■ MÄHRIBAN GÖZLER Kalbym oba täsirinden püre-pür, Duýgularym gursagyma sygmady. Oýa çümüp, iki ýana ýöredim, Daga habar gatsam, boldy saňgaty. Yzda galdy, gör, mähriban dideler, Ýene munda köne yşka sataşdym. Göz öňümden geçdi aýly gijeler, Gör, ýene daglandym yşky ataşdan. Gör, nije bakyşlar, dideleň nury, Kalbym şypa tapdy tanyş gözlerden. Maňa pynhan bakdy olardan biri, Gör, sähel salymda neneň özgerdim. Gursaga sygmady täzeden yşkym, Birden gözlerimden ýaşlar döküldi. Kaýda gezip ýörün, men nirä düşdüm? — Daglar lerzanlanyp, daşlar döküldi. Ýaşalan günlere bolup intizar, Geçdi ömrüň altmyş güýzi-bahary. Aglan köňlüň diňdirmäge kimsi bar? Geçip barýar ömrüň dünýä sapary. Ah, gözlerim ýene kimleri gördi? Ygşylda, ýapraklar, pyşyrda, baglar! Nädip çekerin men şol köne derdi? Ýürek yşka düşse, «Ýar» diýip aglar. Men nädip doýaryn mährem gözlerden, Nurana roýlardan, tanyş bakyşdan?! Altmyş ýyllap yşka elim serlendir, Ömür bolsa habar berýär ak gyşdan. Başlarym gowgada, serim dumanda, Kalbymyň heserin egsebilmedim. Men nädip çydaryn dünýe dymanda, Men çölde badyýa, öwsebilmedim. Ýok, bu söýgi-de däl, yşky heser-de, Bu bir ýaşýan ömrüň döwul-bady, heý! Magşar ýüki ýa öňüňde keserse, Belki, öçüp barýan soňky ody, heý! Oýa çümüp, iki ýana ýöredim, Daga habar gatsam, boldy saňgaty. Kalbym oba täsirinden püre-pür, Duýgularym gursagyma sygmady. ■ KÖNE DÜKAN Çagalygmy ymsyndyran harytlar Dükanynda galdy Seýtek bakgalyň. Şükür, indi öňküler deý garyp däl, Gerek zadym elýeterden tapýaryn. Göz öňümden ýitip gitdi birmahal Allaçynyň gawun kesýän çakgysy. Düýnki ýalaň ýerler bu gün gür nahal, Hany, Nazar ümsüm — obaň «lakgysy?». Honha, ak mekdebe ugran çagalar Düýnki tanyşlarma meňzäp barýarlar. Honha, topar adam — saçy çalaran, Bakyp-bakyp, meni geňläp barýarlar. Şol wagt bir oglanjyk çaldy jürlewük, Göýä, bu durmuşyň emin-kazysy. Ynha, daşym doldy. Garma-gürmelik: — Sen kimiň agasy? — Kimiň daýysy?.. Alys ýoldan oba gelip men tenha, Çagalardan ýüz-müň sowala düşdüm. Diýdim: — Sen gardaşym. Sen ýegen, ynha, Aslym şu obaly. Siz — kowum-puşdum. — Daýy, eliňdäki kitabyň näme, Kim sen: mugallymmy ýa bir hasapçy?.. Diýdim: — Bu bir altmyş ýyllyk «Yşknama», Bu — köňül diwany, ýüz-müň sahaply. — Daýy, kimi söýdüň? Aýtsana açyk, Seň halanyň şu obanyň gyzymy? — Nätdiňiz-aý meni?! Giderin gaçyp! — Ýok! Ýok, gitme, daýy! Aýt-da yzyny! — Ýogsa-da kän jedirdeýäň! Özüň kim? — Menmi?! Men-ä Şirinaýyň agtygy. «Ah, Şirinaý!». Ýok, ýok! Bolaýyn ümsüm. Gör, men kimde gördüm düýnki bagtymy? Ýolum dowam etdim nämälim ugra, Çagajyklar yzda jedir-de jedir. Köne yşkym ýatlap, düşdüm müň gowga, Bakýar ýaňky çaga sadadan mekir. Men gapdala assa-assadan ätläp, Ýuwaşjadan bärden ökje göterdim. Hem-de dolanmajak söýgimi ýatlap, Gözden akan ýaşlarymy süpürdim. ■ JEŇŇELE TARAP Ýene oba ýodasyna çykyp men, Ýap boýundan ugur aldym jeňňele. Bilmen, nirä barýan? Neneň, niçik men? — Kalpda köne duýgularym eňňere. Honha, biri — başda gyşyk papagy, Deňden geçip gitdi çeňňegin süýräp. «Hä, ol-a ýatlatdy Jymmy Sapary. Tanamady! Ýogsam diýerdi: «Niräk?». Adam bary iki-ýana haý-da-haý, Ulaglaň üstünde ýandak petdesi. Honha, biri maňa başyn ýaýkady. Geýnüwli ol. Ýa obanyň ketdesi?! Bir-birine habar gatdy pyşyrdap, Ýap boýunda başyn yran hyşşalar. Birden guşlar göge galdy güsürdäp, Diýýän dek: «Howlugyň! Basym gyş geler!». Birmahalky köne duýgulam gözläp, Ýap boýundan ugur aldym jeňňele. Gör, kimi söýdüm men, galyp müň görgä, Ynha, bu gün munda bar zat eňňere. Eňňere bakjalaň gawun-garpyzy, Ak pagtaly pelleň çöpi orlupdyr. Bugdaýly meýdanlaň galyp harpygy, Ähli ekinzarlyk ýerler sürlüpdir. Men gidip barýaryn. Jeňňele barýan, Maňlaýymdan öpýär gyşyň çigregi. Bilmen, nirä barýan? Kimlere barýan? — Gör, kimseleň ellerinde çeňňegi. Müň hyýala batyp, müň oýa çümüp, Tanyş ýodalardan geçip barýaryn. Kä içden goh turzup, käte berk dymyp, Ne ahwalda, nirä, niçik barýaryn? Honha, uzaklarda otlaşyp ýörler Gyzyl, gara, sary, ala sygyrlar. Guşlar ýerden däne çöpleşip ýörler, Gursagymda ýazylmadyk şygyrlar. Habar gataý diýsem, bar zat nätanyş, Hem-de ähli zatlar tanyş, mähriban. Gör, geçipdir näçe bahar, näçe gyş, Muňa yşkym gözläp geldim, ähtimal. Ekinler orlupdyr. Bar zat eňňere, Hasylly pellerden ýel göçen ýaly. Men özümi zordan atdym jeňňele, Göýä, altmyş ýyllyk ýol geçen ýaly... ■ DURMUŞ ARABASY Obanyň içinden araba geçdi, Kimleň ýükün çekip, kimleriň özün. Kimler ak ekinden haraza geçdi — Ak bugdaýlaň sünbül saçlary örüm. Obanyň içinden araba geçdi, Çagajyklar ylgaşdylar yzyndan. Bir nowbahar garaw-garawa geçdi, Diýdiler: «Uslyp däl oba gyzyndan». Obanyň içinden araba geçdi, Diýişdiler: «Ýeke ýigit Mömmi ol». Käte çölden derýa tarapa geçdi, Diýdi bir gyz: «Oglanlardan kemmi ol?». Mydam ýolda. Arabalar durmaýar, Onuň barýan ýolun saklajak güýç ýok. Gökden oňa zaryn bakdy durnalar, Arabaçyň giden ýolundan uç ýok. ...Mömmi hakda unudyldy bireýýäm, Araba-da daşda galdy şakyrdap. ...Honha, ýiten arabanyň deregne, Otly çykyp gelýär geçen asyrdan. ■ GARRY TUT Ýoluň gyrasynda, tuduň astynda Hally daýza garaşýardy ulaga. Guşlar bolsa bir zatlaryň waspynda Saýraşýardy, şahalary yralap. Her geçen ulaga golun galdyryp, Hally daýza ýollara kän bakardy. Mellekde gül açylardy bark urup, Ýöne onuň halaýany şäherdi. Ýaşap gelerdi ol aýlap, hepdeläp Şäherdäki Nabat gyzynyňkyda. Şäher köçelerne barha ökdeläp, Azaşmazdy. Gitmezdi hiç iňkise. Hally daýza köp gatnady şu ýoldan, Kän oturyp garry tutuň astynda. Kän ýaşady ençe garry aýaldan, ...Ýöne, nätjek, başlady ol asgynlap. Bir gün Hally daýza gitdi bakyýa, Ulaglar şu deňden säginip geçdi. Ösdi mundan ençe öwser-badyýa, Kimler gürläp, kimler kä dymyp geçdi. Kime ykbal. Gör, kimlere arman tut, Juda egbar düşen ýaly, gör, indi. Honha, golun göge serip garran tut, Hally daýza bolup göze göründi... ■ MÄHIR KÜÝSÄŇDE Başymda papagym, elde goşhaltam, Iki sany döwet galam kisämde. Köne duýgularmy gözläp gyşlardan, Ýola çykýan göwnüm ak gar küýsände. Gyşyň ýeli ýüzün tutup garaňka, Çykardy baglaryň elem-tasyny. Hol, uzakda baş yraýar garantga, Göýä, birniň berýän ýaly «häsini». Gidip barýan. Nirädigim belli däl Ähli kişi maňa bakýar ýadyrgap. Ýaşymam, gör, indi kyrk däl, elli däl, Gör, kimleriň çykyp gitdim ýadyndan?! Ynha, başym aşak salyp birsalym, Dynjym aldym, düşläp köne töňňede. Yşky duýgulardan dolup gursagym, Göýä, göwün guşum uçýar jennete. Dünýä bakdym, ýene başym galdyryp, Yraň atdy agaçlaryň şahasy. Ak gar örtdi baglaň açyk baldyryn, Gör, nirde ölçenýär yşkyň bahasy?! Näme ýazjak?! Döwet galam kisämde, Gidip barýan, haraý gözläp gyşlardan. Şeýle bolýar eken, mähir küýsäňde, Başymda papagym, elde goşhaltam. ■ GYŞKY EŞIKLER Gör, indi diňleýän näçe gün bäri, Gagyldysyn asmandaky gargalaň. Sähel wagtdan äk gar örter dünýäni, Hem çalmaryn örter çölde çarwalaň. Birçak taýýarladym gyşky eşigim, Ençe sapar geýip gördüm possunym. Iç-daşyn süpürdim köne pejimiň, Aýryp turbasyndan gurum-posuny. Aýagma geýerin ýarym ädigim, Ony birçak getiripdim Londondan. Gyşa taýýarladym ähli zadymy, Taýýar indi: suwlar doňsa, ýol doňsa. Honha, ýene gagyldady gargalar, Bulut içre Günüň ýaşar-ýaşary. Honha, öýe howlukdylar garrylar, Çyplaň geýnip çykanlary daşary. Honha, biri geýip barýar gulakçyn, Sowuk bolaryndan edip howatyr. Kimler göge bakýar, göýä, müneçjim, Çagalara bolsa bar zat teatr. Honha, ýene gagyldady gargalar, Ömrüň geçip barýanyny ýatladyp. Ak gar düşdi bugdaý ýokly harmana, Kimiň göwnün, kimiň gözün ýaşladyp. ■ HANY KÖNE TANYŞLAR? Mahal-mahal oba gitmek endigim Yşka uçrap, tas unudan ekenim... Altmyş ýyldan belli boldy kimdigim, Obam eken iň ullakan eserim. Çagalykda çykyp gaýdan obamdan, Aýlandym, öwrüldim. Görsem, ýary ýok. Başyn salladylar kimi soramda, Noşşy aga, Rozy gök, Rahym Sary... ýok. Ynha, garran wagtym oba dolandym, Kän ýitirip oba gelmek endigim. Hem-de açaryny aldym agamdan, Enemiň goşlary salnan sandygyň. Tapdym bir hat elim sokan ýerimden, Hem enemiň gülüp duran suraty. Müň aýralyk geçip gitdi serimden, Kalbym içre gara ýeller şuwlady. ■ ENEMIŇ UGRATMADYK HATY «Neçün oba dolanmadyň kän mahal, Ýa-ha işli bolduň, ýa-da geleňsiz?! Deňden ötdi ençe tomus, kän bahar, Kän gülledi sähra-düzler, seleňler. Bolup onda özüň bilen başagaý, Neçün gelip, menden habar tutmadyň. Geçdi günler kä gamgyn, kä hoşamaý, Ýaşadym täleýiň tapman hikmetin. Belki, birmahallar ýatdan çykardyň, Mähir küýsäp, oba gelmek endigiň. Haçan gaçyp gitdiň Rahym çypardan, Kyrk ýyldan soň kim tanar seň kimdigiň?! Käte ygyp-tozup oba düşeňde, Ýeller deýin ýüwrüp gitdiň gyssagly. Öýke tapyp, sähel-salym içinde, Kimden ýüzüň öwrüp gitdiň gyssagly? Her ötegçä egbar bakyp eneň-de, Kän habar ýollady, galgap köçede. Senem oba geläý il-gün deňinde, Obaň ýary bakylyga göç eden: Gitdi Rozy babaň, gaýtdy Aý mamaň, Hem gaýraky Jepbar agaň haly teň. Täze guşlar gondy köne aýnaňa, Düýn älemden gaýtdy Begli sary hem. Ýa-ha sen bir zatdan öýkelediňmi, Neçün öz obaňdan juda daşlaşdyň? Kän ýagyşlar ýagyp, sensiz kän diňdi, Bilmen, oglum, ne söwdaga baş goşduň?! Ýa-da aklyň aldymy bir «garasaç», Niçik halda gezip ýörsüň o ýerde? Hol, goňşy gyz saňa kän-kän garaşa, Özge kişä göwün berdi. Toý erte. Ogşat mama çawuş çakdy gulagma, «Seň ogluňda göwni bar — diýp —Akgülüň». Hotjy baba diýdi saklap ulagny: «Basym toýuňyz bar... Beriň aklygym!» Giden ýollaryňa gözüm dikildi, Sen gelmeseň, gör, obada gürrüň kän. Gör, yzyndan ylgap-ylgap ýykyldym, Ho-ol, ýokardan uçar geçse gürrüldäp. Dolan, oglum! Ýogsam küren obada Sen hakynda gürrüň köpelip barýar. Seniň toýuň üçin durup nobata, Mata alýan. Gözlem kütelip barýar. Soň eşitdim. Senden ýüzün öwrensoň, Şirin üçin gideniňi öýkeden. Eşitdim men ho-ol aşaky öwrümde Kowalagyň gyzy Jumabikeden. Wah, nädeýin! Sada bolup meýdanda, Kän aldandyň «garasaçlara», oglum. Oba gel! Soň peýda bolmaz öýkäňden, Jigerbendiň oda taşlama, oglum!» ■ KIMLERIŇ GÖZLEGINDE Oba hakda eşitsem-de uzakda, Neçün oňa etmändirin pitiwa. Käte oda oklap, kä suwa oklap, Bu gün özüm diredim men petige. Birmahalky ýitgilermi agtaryp, Indi oba basym-basym gatnadym. Galypdyryn onda kime aňkaryp, Oba gelip, gör, kimleri tapmadym?! Hany, Muhy baba eli tüýdükli, Hany, ol gojalar çuw-ak sakgally? Nirede ol günler Anna keýtikli, Hany çagalygym, Seýtek bakgally? Hany, arabasy Eýýam goturyň, Hany, Röwşen çemçe? Hany, letdeçi?.. Tapmadym obanyň ýarty hataryn, Hany, nirde jeňňeliň gür petdesi?». Galyp munda müň bir jepa, müň görgä, Biraz çykyp aýralygyň çäginden. Ýyllar içre ýiten bagtymy yzlap, Altmyş ýaşda oba gelip sägindim. Töwerekden salam berdi çagalar: «Salam, daýy!». «Salam» diýýäs, ýaşuly?!». Sakgal ýok bolsa-da, saçlam çalaran, Bildim aňryk gidenini ýaşymyň... Kimler garşy aldy çykyp bu ýola, Müň bir tanyş gördüm her bir bakyşdan, Çagalygmy gözläp gelip bu oba, Obaň topar çagalarna sataşdym. ■ HOŞLAŞYK Indi ýakynlaşdy gitmeli wagtym, Çünki bar yhlasym şäherde galdy. Yşkyň bossanynda ýetmedik bagtym Sizde ýaşalmadyk baharda galdy. Gidip barýan size elim galgadyp, Sähra gülleriniň müşkünden doýman. Aýralyk ýolunda kalbym agladyp, Barýan, soňlanmadyk yşkymdan doýman. Dolanaryn ýa baharda, ýa gyşda, Çümre geýip başymda ak papagy... Gitmeli men, Maňa şäher garaşýar, Hoş gal, obam! Ömrüň baky sapary. Döwletgeldi ANNAMYRADOW, Türkmenistanyñ halk ýazyjysy. | |
|
√ Nesliň göterer / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Toba / Goşgular - 10.10.2024 |
√ Derdi-halym hezretiňde, Rebbena... / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Aýşy-eşret çagynda / Goşgular - 20.08.2024 |
√ Men ýene / Goşgular - 29.08.2024 |
√ Eşraget min felekil-behjeti şemsun we biha... / Goşgular - 26.08.2024 |
√ Ajymdan öldüm / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Ikatýok bilen horaz / basnýa / Goşgular - 22.06.2024 |
√ Eý, kerim-u lem-ýezel... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Öýke / Goşgular - 24.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |