OGULBAŞY
Ogulbaşynyň toý sähedi ýakynlaşdygyça, göz öňümde şol birmahalky waka has aýyl-saýyl janlanýardy…
Men henize çenli beýdip ejizlänini görmämsoň, Nurlynyň bir gysym bolup otudyşyna nebsim-janym agyrypdy. Nurly kim, beýdip ejizlemek kim? Durmuşyň agyr labyry sustyny baňsan bolarly. Ol sessiz-ünsüz gam laýyna gark bolup otyr. Ol şeýdip kän oturdy. Men ony nämä ýorjagymam, ondan näme netije çykarjagymam bilmedim. Ýöne onuň ýüzüne seredip, aňk bolup galaýdym. Hatda ony şeýle hala düşüren ýagdaýy anyklamaga-da rowgatym galmandy. Esli salymdan soň, ol zordan dillendi.
--Men-ä bir haýyş bilen geldim. Bitirerin diýseňiz-ä…
Men ony mähetdel etmedim.
-- Bizden biter ýaly bolsa, ýaýdanma-da aýdyber.
-- Näme diýjegimem, nämeden başlajagymam bilemok. Birhili birhili boldy öz-ä. Beýdip gara güne galaryn öýdemokdym.
-- Näme boldy?
-- Eşitmedik bolmagyňyz hem ahmal. Aýsona ýurduny täzeledi.
Maňa wäh diýlen ýaly boldy.
--Näme?
--Hawa, hawa, Aýsona gitdi. Menem uly alada goýup gitdi.
- Ýaş başyňa ýanýoldaşdan galmak gaty agyrdyr.
-- Men çydap bilemok, Nurjahan, Aýly gardaş, ynansaňyz, ýüregim ýarylyp barýar. Meň ýetim ösenim azmydy, indi gyzjagazymyzam doglan güni ýetim galdy. Kelebimiň ujuny ýitirip, siziň ýanyňyza geldim. Kömek ediň maňa doganjyklam.
…Birmahallar heniz ýokary okuw mekdebinde okaýarkak, gyzlaryýň arzuwyna öwrülen Nurly haçandyr birwagt biziň ýanymyzda şeýdip müzzerip oturar öýdüp, ýadyma-oýumyza-da gelenokdy. Döwletliler köşgüniň iň göreldeli okuwçysy Nurly giriş synagsyz ýokary okuwa kabul edilen talypdy. Onuň giň düşünjesi, okuwa, durmuşa garaşyşy hemmelere göreldedi. Talyplaryň haýsy biri okuwdan sähel bökdençlik çekdigi, kömege taýýardy. Onuň görki-görmegem gyzlary aňk edýärdi. Menem şeýle görmegeý ýigit bilen ykbal birikdirmäni az arzuwlamandym. Gyzlyk buýsanjym söýgi hakda ilki dil ýarmaga ejaza bermese-de Nurlynyň keşbi köňül çyragymy röwşenlendirýärdi. Şonda öz bagtymyň çüwjekdigina ynamym meni aldar öýdemokdym. Gizlin umyt bilen ogryn=ogryn bakyşlara garaşýardym. Ýöne Nurly gyzlara-da, olaryň öz daşynda kökenek bolşuna-da üns berenokdy. Oň kitap bilen, okuw bilen bagry badaşan ýalydy.
Okuwymyzy tamamlamaly ýylymyz ol ähli gyzlary haýran galdyryp, Aýsona bilen toý tutdy oturyberdi. Bu waka gyzlaryň baryny atdan gaýdan ýaly etdi. Sebäbi aramyzda Aýsonadan owadan, Aýsonadan akyllylaram kändi. Bagt işi-dä. ýürege diýen etdirip bolanok ahyry.
Okuwymyzy tamamlap, herimiz bir ýere dargadyk. Aýsona bilen Nurly obany saýladylar. Ynha, indem Nurly garşymyzda boýnuny sallap otyr.
-- Aýsona ýurduny täzeleýänçä, durmuşyň beýle-beýle kynçylygyna duşaryn öýdemokdym. Asla, ol hakda pikirlenjegem bolmandyryn. Bagtyýarlyk mydama dulumyzy saklar öýdýärdim. Görüp otursam, durmuş durşuna syr hem garaşylmadyk wakadan doly eken. Ynha, indi onuň salan derdini çekmäge ejiz gelýän. Belki, bu meniň ýakyn garyndaşymyň, janköýerimiň ýoklugyndandyr? Belki-de, ykbal meni şeýdip synaga salýandyr? Indi meni başga bir mesele başagaý edýär. Gyzjagazymyň ykbaly meni otdan alyp, suwa salýar. Gyzjagazmy Aýsonanyň hossarlary äkitseler, oňa-da çydap biljek däl. Çagalar öýüne bermäge-de ýüregim edenok. Men näme etsemkäm? Belki, maslahat berersiňiz. Sen Aýsonanyň iň ýakyn jorasydyň ahyry.
Ol sözlemini jemläp bilmän ýuwdundy. Men henizem Nurlynyň näme isleýändigine düşünip bilemokdym. Ýöne elimden gelen ýagşylygymy gaýgyrmajagym hakykatdy. Sebäp, başaryp bilseň adama ýagşylyk etmek çagalykdan enem pahyryň gulagyma guýan zadydy. Nurly elini owkalap oturyşyna eşidiler-eşidilmez mydyrdady.
--Meniň sizden etjek haýyşym gyzjagazmyzy siz gyzlyga alaýsaňyz diýýän…
Bu tomsuň güni ýyldyrym çakan ýaly boldy.
--O nähili?
--Aýsona ýok, menem erkek adam… ýaňky aýdyşym ýaly gyzjagazymdanam aýra düşesim gelenok. Keselhana –da ertire çenli bellisini et diýip gyssaýar. Özüm aýatdakam,ösemsoň, gyzymy çagalar öýüne beresim gelenok.Siziň adamkärçiligiňiz, mähir-mylakatyňyz, Aýsona, maňa garaýşyňyz meni siziň gapyňyzdan getirdi. Indi meň ykbalymam, gyzjagazymyň gelejegem size bagly. Elbetde, siz maňa ýok diýibem bilersiňiz…
Men birbada näme diýjegimi bilmedim. Nurlynyň bu haýyşy ýöne-möne zat däldi. Ol adam ykbalyny boýnuňa almakdy. Özem bir adamyň däl-de, tutuş maşgalanyň ykbalyna garyşmakdy. Bize Hurlynyň bu haýyşyny ýerine ýetirmek gaty bir kynam düşjek däl ýalydy. Biziň Aýly bilen toý tutanymyza esli ýyl geçenem bolsa, henize çenli perzende ýüzümiz düşmändi. Aýly ikimiz bir çagajyk edinmegiň höwesindedik. Belki, Nurlyny biziň gapymyza geirenem şu hakykatdyr.
Men ýaýdana-ýaýdana zordan:
-- Bilmedim-dä, Nurly,hany Aýly näme diýýä—diýip, sowaly Aýla geçirdim.
-- Aýlam garşy çykyp durmaz-la, şeýle dälmi, Aýly gardaş. Meň bir ýerde oturybam kararym ýetenok.Ýöne siz bir meniň raýymy ýykmaň. Siz meniň iň ýakyn syrdaşym. Iň bolmanda birki ýyljyk bir gaýrat etseňiz. Oňa çenlem…
Nurlynyň bir gysym bolup oturyşyna dözmedimde, ony köşeşdirmäge synanyşdym.
-- Nurly, bir alajyny ederis, beýdip kösenmesene.
--Wah, sen ony diýme, dünýä sygamok men. ýaňy birek-birege daýanyp, çagalarymyza guwanmaly çagymyz çyragym söndi. Indi bar umydym Aýly ikiňizde. Gyzjagazymy siz alsaňyz, arkaýyn boljak.
----O diýeniň dogry weli, soňy kyn bolaýmasa.
-- O nähili?
--Özüni bilip başlandan sen kakaňdyryn diýip gelseň, çaga iki oduň arasynda galar. Bize-de ýeňil düşmez.
-- O tarapam bardyr-ow, oň.
--Hawa-da.
Aýly Hurlynyň teklibine näme diýjegini bilmän, esli oturdy. Soňam maňa näderis diýen manyda köpmanyly seretdi. Menem birbada belli jogap berip bilmedim. Dymyşlygy Nurlynyň özi bozdy.
-- Men näme etsemkäm?
Aýly oňa dözmedi öýdýän:
-- Dogrusy, biz bir çagajyk edinmegiň arzuwynda. Ýöne… -- diýip, ol dymdy.
-- Ana, menem şony eşidip geldim-dä.
Aýly çynyrgatdy:
-- Nurly, sen bize dogry düşün. Biz seň gyzyňy uly höwes bilen aljak. Ony mähir bilen ulaldarysam. Ol biziň özüni gyzlyga alandygymyzy hiç haçan bilmezem. Ýöne Nurjahanyň aýdyşy ýaly, bir gapdalynda sen bolsaň, çaga kösener. Şonuň üçinem Hurjahan razy bolsa,birküç ýaşaýança, kömek edip bileris. Soň bakaja berersiň, mekdebe gatnap başlar, garaz, soň saňa gaty kyn düşmez. Bir gapdalyňda bolarys. Ýöne munuň üçin häzir Nurjahan işden galyp, gyzjagazyňa seretmäge razy bolmaly.
Men uly iňkise gitdim. Eger-de ýaňyja dünýä inen bäbejige mährimi siňdirsem, aýaga galansoň, ondan nädip aýrylyp bilerin. Oňa ýüregim çydarmyka? Birdenem alasarmyk duýgy gursagymy gaplap aldy. Şonda men onuň nämedigini seljerjek boldum, Söz bilen beýan edip bolmaýan duýgynyň gürsüldisi gulagymda ýaňlandy. Bu nämekä? Ýüregiň ýerinden gozganmasymy ýa-da gursagyňy ýaryp barýan duýgynyň joşmasymy? Şol dem Nurlynyň näme üçin bize ýüz tutanlygyna düşündim. Onsoň heniz Aýsona bilen Nurlynyň mährinden dünýä gelen perzende gözüm düşmänkä, kalbymda dörän duýgynyň ene mähridigini seljerdim.
Hyýalynda deňiz dek möwç urup başlan duýgy bilen ojagaz gyzjagazyň kinniwanja göwresini guçdum. Ene mähri, perzent söýgüsi meni müň hyýala atardy. Bu dünýäniň lezzetinden ganmak üçin ynsan balasyna köp zat gerek däl eken. Şol pursat meniň kalbymda täze bir dünýä, täze bir köşki- eýwan emele geldi. Onuň soltany ýaňy dünýä gelende käbesinden jyda düşen gyzjagazdy. Hiç bir zada seretmezden, şol dem Aýsonanyň gyzjagazynyň mähri meniň tutuş ömrüme şugla saçyp, ykbalymy ýagtylandyrdy. Şol ýagtylygyň şuglasyndan keşde çekip, bogazymy ýyrtyp barýan bagtyýarlygy dünýä ýaýasym geldi. Meniň düşünişime görä, ene bolup, şol mähre ýylynmak, onuň çoguna çoýunyp ýaşamak bagtdy. Men ol mähirden ýüz dönderip bilmedim. Biz ony bäbekhanadan alyp gaýdanymyzda yrym edip, gyzjagazyň adyna Ogulbaşy dakdyk. Dogrudanam Ogulbaşy bize bagt getirdi. Ol iki ýaşap-ýaşamanka, biziň perzende ýüzümiz düşdi. Şondan soň Aýly ikimiziň Nurla minnedarlygymyzyň çägi bolmady.
…Ynha, indi görüp otursam ondan bari çärýek asyr geçipdir. Gözümziň ilkinji göreni Ogulbaşynyň durmuş toýy. Toý şatlygy bilen başagaý Nurlynyň şatlygynyň çägi ýokdy. Onuň soňky alan maşgalasy Ogulbaşyny öz perzendi ýaly eý gördi. Iki maşgalanyň läligi Ogulbaşy Aýyň bölegi ýaly gyz bolup ýetişipdi. Onuň asyllylygyna, görk-görmegine hemmeler aşykdy. Toý güni biz Ogulbaşa dört bolup ak pata berdik. Dört bolup, ak ýola ugratdyk. Şol pursat ho-ol, alysda öz balasyny jorasyna goýup, onuň kalbynda üýtgreşik dünýäni döreden Aýsona maňa el bulaýan ýaly göründi… Şonda çärýek asyr mundan öň Aýly ikimiziň Nurlynyň raýyny ýykman, dogry iş edendigimize ýene bir gaýta göz ýetirdik. Şol pursat bagryndan önen balasyny munda goýup giden Aýsonanyň mähri kalbyma gaýtadan dolan ýaly boldy…
Ogulgerek USSAÝEWA.
Hekaýalar