OGUZ HAN JEMGYÝETI
Adamzadyň hem, jemgyýetiň wekili hökmündäki adamyň hem döreýşi dilden başlanýar. Gadymy dini kitaplardaky adamyň ýaradylyşy barada gürrüň berýän rowaýatlary ýatlap göreliň. Adam özge jandarlardan nähili, haýsy artykmaçlygy bilen tapawutlanýar? Elbetde, daş-töweregi gurşap alýan zatlara at dakmak ukyby bilen tapawutlanýar. Dil – ruhuň göze görnerlik ýüze çykmasydyr. Diýmek, dil ruhuň bardygynyň äşgär subutnamasydyr. Zatlara at dakmak bolsa, öz dünýäňi döretmek ukybydyr. Dil arkaly zatlary atlandyrmak bilen adam özüne amatly ýaşaýyş sredasyny döredýär. Dünýäniň içinde täze bir dünýä döreýär. Şeýdip, adam baş-başdaklygy kanunalaýyklyga, nämälimligi mälimlige öwürýär. Dil, at dakmak adamzat ýaşaýşynyň birinji şertidir. Dil adamzat jemgyýetiniň birinji ontologik esasydyr. Dil diňe bir adamlaryň özara gatnaşygynyň däl, eýsem adamzadyň daşky dünýä bilen hem gatnaşygynyň usulydyr. Şonuň üçinem, dil ýöne bir jemgyýetçilik hadysasy bolman, eýsem jemgyýet bilen tebigatyň özara täsiriniň hadysasydyr.
Her bir adamyň adam bolmagyndaky kesgitleýji hadysa hem oňa dil çykmagydyr. Adam çagasy dil çykmanka tebigatyň, dil çykansoň bolsa jemgyýetiň wekilidir.
Diýmek, dil adamzat jemgyýetiniň birinji esasy şerti diýýänimiz adamzat taryhynyňam, adam ömrüniňem nukdaýnazaryndan doly hakykatdyr.
Men bu zatlary näme üçin agzaýaryn? Men bu zatlary türkmen milletiniň asly bolan Oguz hanyň türkmen jemgyýetini döretmekdäki hyzmatlarynda diliň aýratyn ähmiýetiniň bolandygyny nygtamak üçin aýdýaryn. Oguz hanyň harby-döwlet işleri oguz-türkmen jemgyýetiniň maddy esaslandyrmasy bolupdyr. Emma ol türkmen milletini we jemgyýetini dil arkaly amal edipdir. Şu babatda şu günlere çenli saklanyp galan «Oguznamalaryň» berýän maglumaty diýseň gyzyklydyr. Oguz han diňe harby serkerde, harby-syýasy birleşikler bolan döwletleri esaslandyran şahsyýet bolanlygynda, ol, megerem, milleti dörediji beýik şahsyýet derejesine ýetip bilmezdi. Onuň esasy beýikligi – at dakmak, adamlara, taýpalara, hadysalara we millete at bermek ukybydyr. Çünki at bermek – dünýäni ruhlandyrmak, ýeke-täkligi ählumumylyga öwürmekdir, dünýäni döretmek we ol dünýä ömür bermek ukybydyr. Bu bolsa eýýäm ýöne bir serkerdäniň ýa-da syýasatçynyň däl-de, eýsem pygamberiň ruhy işidir.
Oguz hanyň öz döwri üçin täze bolan türkmen jemgyýetini döretmekdäki göreşleri hupbatly hem kynçylykly bolupdyr. Gyzykly ýeri, beýik atamyzyň özi dünýä öz ady bilen gelýär: Köp «Oguznamalarda» ýaňy dünýä inen çaga özüni Oguz diýip atlandyrmagy talap edýär. Munuň çuňňur simwoliki manysy bar. Munuň özi Oguzyň dünýä kämil adam bolup, öz täze sözüni aýtmaga gelendigini aňladýar. Oguz doglandan türkmen jemgyýetiniň wekili bolup dogulýar. Bu bolsa ol türkmen hakydasynyň, türkmen ruhunyň wekili bolup dogulýar diýmekdir.
Oguz hanyň taryhy hyzmatlary aşakdaky ýalydyr:
Ol ýekehudaýlylyk dinini öňe sürüp, köphudaýlylyga uýan kakasyny we kowumdaşlaryny ýeňip, bitewi türkmen milletiniň ruhy esasyny goýdy.
Ol ýaragynyň güýji we aty bilen dürli ýurtlary basyp alyp, ummasyz köp baýlyk toplap, täze jemgyýetiň hojalyk-ykdysady esasyny goýdy. Emma onuň esasy taryhy döredijilik işine bular bary-ýogy maddy esasdyr, düşekdir. Oguz hanyň baş taryhy işi türkmen dünýäsini döredenligindedir. Bu işi bolsa ol, esasan, at bermek diýilýän ruhy-ontologik hereket arkaly amala aşyrypdyr.
Oguz hanyň öz ogullaryna Gün, Aý, Dag, Deňiz, Gök, Ýyldyz diýip at bermegi dünýäniň türkmençeleşdirilmegidir. Şeýdip, dünýäde täze aň – türkmen aňy, täze ruh – türkmen ruhy döredi.
Oguz hanyň dürli türkmen kowumlaryna uýgur, gaňly, halaç, gypjak, garlyk diýip at bermegi türkmeniň etniki hem jemgyýetçilik gatlaklary taýdan formalaşdyrylmagydyr. Jemgyýet dürli gatlaklardan, döwlet hem raýatlardan ybarat bolýar. Jemgyýet dürli synalardan ybarat bolan janly hem bitewi organizmdir. Onuň synalarynyň, agzalarynyň hersiniň öz hyzmaty, funksiýasy bar. Oguz hanyň ýarym harby jemgyýetine girýän ýokarky taýpalar, köplenç, goşuny tyl hem maddy taýdan üpjün edýän toparlar bolupdyr. Ol uýgurlara Oguzyň ata watanyny goramagy tabşyrýar, gaňlylar goşuny tehniki taýdan üpjün etseler, beýlekiler, köplenç, goşunyň yzynda – tylda hereket edýärler.
Şu hili harby gurluşda esasy orun hanyň öz ogullaryna degişlidir. Olar hereket edýän goşunyň öň hatarynda.
Oguz hanyň at bermek işi agtyklarynda tamamlanýar. Munuň özi ilkinji türkmen jemgyýetiniň gutarnykly kemala gelendigini aňladýar. Oguz han ýigrimi dört agtygyny iki uly topara bölüp, bir bölegine bozuklar, beýlekisine bolsa üçoklar diýip at berýär. Bu jemgyýeti dolandyryjy güýçleriň özara hyzmatdaşlyk üçin iki topara bölünmegidi: syýasy gurluşyň jemgyýeti dolandyryş hem jemgyýete serenjam beriş toparlaryna bölünmegidi. Oguz hanyň öz aýdyşy ýaly, ýaý – patyşalar, ok bolda ilçilerdir. Patyşa – häkimlik guralyny, ilçi hökümet guralyny aňladýar.
Şeýlelikde, Oguz han türkmen jemgyýetiniň harby, syýasy, ruhy esaslaryny goýan şahsyýetdir. Şu ýerde Oguz hanyň guran türkmen jemgyýeti we onuň häzirki zaman jemgyýetimize gatnaşygy babatda üç sany belligi aýdyp geçmegi zeryr hasaplaýaryn.
Birinjiden, ähli «Oguznamalarda» görnüşi ýaly, degişli jemgyýet ýeke-täk şahsyýet tarapyndan gutarnykly amal edilen jemgyýetdir. Ägirt uly imperiýalara mahsus bolşy ýaly, ol jemgyýet azatlyk mümkinçilikleri däl-de, döwlet-syýasy zerurlygy esasynda kemala gelýär.
Ikinjiden, biziň häzirki wagtda adam wezipä bellenilende, üç arkasyna seretmeli diýen ýörelgämiz özüniň taryhy esasyny şol döwürden alyp gaýdýar. Görnüşi ýaly, oguz-türkmen döwleti üç nesliň durmuşynda – Oguz hanyň, ogullarynyň we agtyklarynyň durmuşynda gutarnykly emele gelipdir. Adamyň şahsyýetine soňky üç nesli güýçli täsir edýär.
Üçünjiden, Oguz han jemgyýeti esaslandyrýar, emma ony dolandyrmak onuň ogly Gün hanyň ömründe başlanýar. Şu döwürde jemgyýetçilik durmuşyna täze şahsyýet – Erkil hoja aýgytly suratda goşulýar. Bu degişli jemgyýetiň strukturasyna düşünmekde möhüm hadysadyr. Umuman, «oguznamalardaky» hojalar, ýa-da häzirki dilde, gojalar – bular taryhy hakydanyň eýeleridir. Biziň başda adamzat jemgyýeti hakyda arkaly dolandyrylýar diýen pikirimiz şol fakty göz öňüne tutýar. Türkmen jemgyýetçilik gurluşynda ýaşulularyň ähmiýeti-de şondan gelip çykýar. Ýaşuly – milletiň, jemgyýetiň hakydasydyr. «Oguznama» hakyda kitabydyr. Şonuň üçinem, onuň bölümleri – «zikr» diýlip atlandyrylýar. Zikr – ýatlama, taryh, hakyda diýmekdir.
Publisistika