OL MYNASYPMY
Näme, hormat bilen bakýaňyz oňa?
Käbirleriň seredişem ýaranjaň.
Eýsem bu hormata ol mynasypmy?
Men bir zat aýtjak elin göremsoň.
Mäş, bürünç getirip,
Haýdap bişirşip,
Ýaranjaňlar ýüz-gözünden sypaýar.
Adalatdan gorkýan sylanok ony,
Adamdan gorkýanlar ony sylaýar.
Şoň üçin-de käte sizem aldanyp,
Galp hormat-hezzete goşant goşýaňyz.
Saklanyň birsellem!
Düşünşiň anyk!
Bolmasa, adamlar, siz ýalňyşýaňyz.
Onuň dulundaky elwan halynam,
Görüpdim öňüräk başga birinde.
Ýadygärlik berdimikä?
Nämäkä?
Baryň siz, görüň siz,
Öýne giriň-de!
Munam dogry bilýän, ýokdyr galady,
Köçeden gaýtarýar eli boşlary.
... Olar nädip girdilerkä içeri?
Halka gurap otyr obadaşlary.
Gök çaýa-da çagyranok özgäni,
Oň durmuşy ine, şeýle gözgyny.
Başyndaky telpegine şekim bar.
Ol suri bagana gören baganam.
Pul berip aldymy?
Elbetde, almaz.
Däl oň bilen garyndaşam, doganam.
Dogry, ony ogurlabam alanok,
Dilelenem däldir, belki, hiç mahal.
Hyrydaryn gözläp,
Öýme – öý gezip,
Giriş synagynda gelen sowgat ol.
Ine, şulap bir bölegi sözmüň-ä.
Ýeri, nädip hormat goýjak siz oňa?!
Begmyrat USSAÝEW.
Goşgular