ÖMÜR KEŞDESI
Çeper gaýap oturan keşdesini ýene bir gaýta synlady. Onuň öwrüm-öwrüm gaňyrçaklaryny höwes bilen sypap goýberdi. Simden çekilen ýaly keşdeler onuň göwnüni göterdi. Birsellem olardan gözüni aýryp bilmän oturyşyna ol içini gepletdi: “Muňa näme diýsemkäm? Öwrüm-öwrüm aýlanan keşdeler birhili ömür ýoluna çalymdaş. Belki, men muňa “Ömür ýoly” diýerin.” Inçeden çekilen owadan keşdeleri synlap, öz-özünden, edýän işinden hoşallygyna buýsanyp, usullyk bilen ýerinden turdy.
Çeper arassa howadan dem almak üçin penjiräni açdy-da uzaklara nazar aýlady. Ho-ol aňyrda, şäheriň ileri gyrasyny jähekläp oturan baýyrlar onuň gözüne mährem göründi. Olary synladygyça, süýji ýatlamalar kalbyny heýjana saldy. Şol pursat ol özüni uzakdan görünýän gök baýyrlaryň goýnunda duýdy. Şobada türkmeniň joşup gelýän baharlarynda çym -gyzyl gülälekleriň arasyndan jyklaýan akja kömelekler, başyny adaja şemala ygşyldadyp oturan jümjümelerdir gelinçekler, ter tämiz howa onuň keýpiňi göterdi. Ýaýylyp ýatan gollardaky ajaýyp läläzarlyga perwaz urýan kebeleklerdir balarylar aýratyn gelşik berýärdi. Bu janly gudrat birbada onuň sustuny basdy. Onsoň ol şol gudraty has ýakyndan duýmak üçin onuň yzyny alyp ugrady. Ol şu pursat öz çekýän keşdelerini unudyp, şol duýgynyň yzynda ser-sepil bolup barşyna hiç zady duýanokdy. Töwerek-daşdaky gözelligem, gülleriň bark urýan hoşboý ysy hem onuň ünsüni bölüp bilenokdy. Sebäbi ol kalbynda dörän bu duýga düşünjek bolup heläkdi. Ýöne her näçe çytraşsa-da oňa düşünip bilmedi. Gaýta durşuna syr bolup duran durmuş oňa has çylşyrymly göründi. Öz duýgularyna berlen Çeper birsellem böwrüni diňläp durandan soň, sustuny az salymlyk basan duýgydan daşlaşyp, kalbynda joş alan ak arzuwlary gulaçlap ugrady.
“Durmuşyň nämedigine düşünjek bolup, özümi her näçe gynasamam bary bir men oňa akyl ýetirip bilemok. Ol bagtmykan? Ýa-da ol söz bilen beýan edip bolmaýan duýgynyň beýanymyka? Belki, ol dünýä bendi bolan ýüregiň ýerinden gozganmasydyr? Ýa-da ol ýüregi ýaryp barýan joşgunyň ýüze çykmasymykan? Onuň şatlygyň alamaty bolaýmagy hem ahmal. Näme bolanda-da ol meniň dünýäme nur çaýdy. Men şony bilýän, şoňa üýýan. Indi meniň zenan kalbymda aýratyn bir duýgy möwç alyp ugrady. Ol meniň deňiz ýaly çyrpynyp ýatan zehinimi oýardy. Şonda men inçejik iňňe bilen çekýän keşdelerimiň dutaryň kirişlerinden çykýan ajaýyp owazyň dünýä ýaly eziz hem mähribanlygyny duýdum.
Inçelik bilen çekilen nepis keşdeleriň kalbyňda gozgalaň turuzmagy hem şonuň üçin bolmagy ahmal. Aslynda, zehiniň adama ýokardan berlişi ýaly, keşdelerem tebigatyň türkmen zenanyna bagyşlan ykbaly bolmaly. Ýogsam inçejik iňňe bilen ýüpek sapakdan döreýän keşdeler beýle gudraty özünde jemläp bilmezdiler. Gülälekli meýdanlary, bagy-bosanlygy özüne siňdirip, zenan ýüreginiň ýylysyna ýugrulýan şol keşdelerde arzuwlar jemlenýän bolmaly. Ýogsam ýürekde orun alan kiçijik hyýallaryň hakykata öwrülmegine hemaýat berýän keşdeler şeýle ajaýyp hem nepis bolmazdylar. Keşdelere siňe seredeniňde nirelerdendir bir ýerden bir gudrat çykar-da, seni müň hyýala atarar. Onsoň ykbalyň saňa bagyşlan lezzetini duýdurmak üçin döreýän keşdeleriň hakykatdanam kalbyňdaky joşgunyň soňsuz arzuw bolup ýüze çykmasydygyny, seniň zehiniňden dünýä inýändigini duýarsyň.. Muny men her gezek iňňe sanjanymda-da açyk duýýan. Sebäp iňňe- sapagy elime aldygym, ýüregimiň töründe orun alan süýji hyýallar kalbymdan çogup çykýar-da, keşde bolup, gaýma bolup dünýä dolýar. Onsoň olar meniň süýji hyýallarym ýaly bolup, deň-duşlarymyň ýakasyny bezeýär.
Eýsem biziň inçeden inçe keşdelerimiziň sazandanyň mukamlardan döredýän keşdelerinden parhy barmyka? Aslynda, türkmen zenanyna keşde çekmegi kim öwretdikä?”
Ol dem salymdan öz-özüne garşy çykdy. “ Meniň diýýän zadym näme? Keşde çekmäni, gaýma gaýamany eýsem bize kim öwretmeli. Ol türkmen zenanynyň ýüregindäki arzuwlarynyň, süýji hyýallarynyň kalbyndan gaýnap çykmasy ahyry. Türkmeniň ak baharlarynyň keşbi, Watan ezizligi zenan kalbyna ornanda şeýle gözellik döredip bilýär. Çünki biziň zenan kalbymyzda baky orun alan şol mukaddeslik görülmedik sungat bolup dömýär. Meňem ömür keşdelerim hut şol höwesiň miwesi bolmaly.”
Çeper kalbynda ýaňy pyntyklan pikirlerini jemläp-jemlemänkä gapy ýuwaşlyk bilen açyldy-da onuň oýlaryny derbi-dagyn etdi. Goňşy gelin salam berip, içerik girdi.
-Geper, sag-aman oturanmysyň?
-Şükür, Hudaýa. Özüňiz oňatmy? Gel, geç.
-Geçip oturmaýyn, men işlije geldim. Eliň degse, ýakamy edip beräý diýip geldim. Seniň çekýän keşdeleriňe taý geljek nepislik ýok. Adyňam Çeper, özüňem. Onsoňam seniň keşdeleriň köýnege aýratyn gelşik berýär.
-Goýsana, gyz, senem, bir zadyňy diýäýýäň. Hemmeleriň çekýän keşdesem nepisdir. Sen meni beýdip öwmäniňde-de, ýakaňy boýun alaryn, halan nagşyňy hem ederin. Wiý, ýogsa-da sen şi keşdäni gör. Men ony iklinji gezek öz köýnegime saldym. Hany, seň mataňy bir göreýin, onsoň ýakasyna nähili nagyş salmalydygyny aýdaryn.
Çeper mawy asmany ýatladyp duran atlazy höwes bilen synlady.
- Dürli, bu mataňa ömür keşdesi gowy düşer. Şony salaýaýyn.
Goňşy gelin geňirgendi:
- O nähili keşde, gyz?
- Ynha, gör, nähili owadan hem inçe çekilen. Heniz bu menden başga hiç kimde ýok. Mataňa-da gowy düşer.
Dürli birbada biri-biriniň içinden halkalaýyn geçýän owunjak çyzyklaryň elde çekilen keşdedigine-de ynanmady. Ol ýakany gaýta-gaýta sypandy. Sypadygyça-da, oňa mähri gitdi. Ol ýakany elinden goýup bilmän kän eglendi. Ahyram ol ýüregindäkini diline getirdi:
- A gyz, sen çeper diýsem, meni öwme diýýäň weli, bü keşdäňä hiç zadyňam geni-çaky däl eken. Munuň adam eli bilen döredilenligine-de ynanar ýaly däl.
Çeper ýylgyrjaklady-da, goňşusunyň elinden tutup, penjipäniň ýanyna alyp bardy. Oňa ho-ol beýlede, belent daglaryň eteginde görünýän owadan baýyrlary görkezdi.
-Seret, şol gözelligi biparh synlamak mümkinmi? Heý, olary görüp, ylham joşmazmy? Şahyrlar, suratçylar şol gözelligi wasp edende, biz çetde galmalymy? Şol gözelligiň kalbymda döreden nagşy bü. Dogrusy, meniň keşdeden döreden ömür ýolum bü.
- A gyz, seň-ä diňe eliň däl, diliňem çeper eken. Bu keşdä dakan adyňam tüýs gelşip dur. Dogrudanam, bü türkmen zenanynyň ömür ýoly-ömür keşdesi.
Boýdaşlar öz hyýalynda uzaklarda görünýän aňňat-aňňat baýyrlaryň owadanlygyny boýladylar...
Ogulgerek Ussaýewa.
Hekaýalar