14:54 Orhan Gazy | |
ORHAN GAZY
Taryhy şahslar
Osman türkmenleriniň döwletiniň ikinji soltany, Osman begiň ogly, Ärtogrul gazynyň agtygy Orhan gazynyň doglan wagty taryhy çeşmelerde dürlüçe görkezilýär (1274 ý., 1279 ý., 1281 ý., 1287 ý.). Orhanyň Osmanyň körpe ogludygyny hem-de Osman nesilşalygynda iň uzak ýaşan (ol 80 ýaşyndan geçip aradan çykypdyr) soltandygyny nazara alsak, onuň 1281-nji ýylda doglandygy hakdaky maglumat hakykata laýykdyr. Ýaşlygynda Garahysaryň sanjakbegi bolupdyr. Kakasynyň ýanynda gaza ýörişlerine gatnaşypdyr. Kakasy aradan çykansoň, takmynan, 43 ýaşynda Orhan 1324-nji ýylda onuň miras galdyran begliginiň başyna geçipdir. Orhan 40 ýyl töweregi dowam eden soltanlygynda Anadolyda öz häkimligini berkiden mongollaryň Ilhanly döwletine boýun egmek, ikinji tarapdan bolsa, Wizantiýanyň hasabyna döwletiň çäklerini giňeltmek syýasatyny ýöredipdir. Batyr, alp ýigitlerini täze ýerleri eýelemäge ýollapdyr. Goňur Alp Gara deňziniň günbatar kenarýakasyny, Akja Goja Izmiti, Abdyrahman Gazy Ýalowany (Stambulyň golaýy) eýeläpdirler. Orhan beg Bursany eýelän türkmendir. Kakasy Osman begiň döwründe musulmançylygy kabul eden wizantiýaly serkerde Köse Mihail begiň diplomatik başarnygy bilen Bursa türkmenleriň eline söweşsiz geçipdir. Gala häkimi Ewrenos hem Orhan gazynyň tarapyna geçip, musulman bolupdyr. Bursadan soň Orhan beg ünsüni Iznik (Nikeýa) şäherine gönükdiripdir. Sebäbi Iznik Wizantiýanyň iň uly şäheri bolup, 1204 — 1261-nji ýyllar aralygynda imperiýanyň paýtagty hem bolupdy. Orhan beg bu möhüm şäheri 1329-njy ýylyň maýynda eýeläpdir. Imperator Andronik III Paleologosyň Iznigi türkmenleriň elinden yzyna almak synanyşygy şowsuz bolupdyr. 1337-nji ýylyň başynda Izmit eýelenipdir. Türkmenleriň Garasyogullary begliginiň çäklerini özüne birikdirmek bilen, Osman türkmenleriniň döwleti Dardanell (Çanakgala) bogazyna çykalga edinipdir. Şeýlelikde, Wizantiýa Aziýadaky eýeçiliklerinden Ýewropa (Trakýa) çekilmeli boldy. Orhan beg gündogarda Ankarany hem Ilhanlaryň elinden alyp, döwletiniň çäklerine goşupdyr (1354 ý.). Orhan gazynyň döwründe türkmenleriň Ýewropa (Rumili) geçmegi başlanypdyr. Katolik dünýäsi tarapyndan gysylýan Wizantiýa (prawoslaw mezhebine uýýar) duşmanlaryna garşy söweşlerde türkmenlerden kömek sorapdyr. Hatda imperator Ioann VI Kantakuzen gyzy Teodorany Orhana durmuşa çykaryp, kuwwatly türkmen nesilşalygy bilen garyndaşlyk gatnaşygyny açypdyr (1346 ý.). Ýeri gelende bellesek, goňşy döwletler bilen hoşniýetli gatnaşyklary berkitmek maksady bilen, Orhan nika diplomatiýasynyň inçe tilsimlerini ulanypdyr. Ýarhisar tekfurynyň gyzy Nilufer hatyna, Wizantiýa imperatory Andronika III-niň gyzy Asporça hatyna, serb koroly Stefana Uroş IV Duşanyň gyzy Teodora hatyna öýlenipdir. Rumili ýörişlerine Orhanyň mirasdar ogly Süleýman paşşa serkerdelik edipdir. Türk alymy Ýylmaz Öztunanyň maglumatlaryna görä, 1347-nji ýylyň 3-nji fewralynda türkmenleriň 6 müň atlysy Wizantiýanyň ýarany hökmünde onuň paýtagty Konstantinopola ilkinji sapar giripdir. Wizantiýanyň duşmany bolan Serbiýa korolyna garşy söweşler edipdirler. Türkmenleriň deňiz güýçleri Mermer deňzindäki adalary hem ele geçiripdir (1352 ý.). Süleýman paşşa 20 müň adamlyk goşuny bilen Wizantiýa şazadasy Mateosa Salonikini serblerden goramaga kömek edipdir (1349 ý.). Meriç derýasynyň deňze guýýan ýerine ýakyn Dimetoka diýen ýerde bolan söweşde birleşen serb-bolgar goşuny derbi-dagyn edilipdir, serb koroly Stefan Duşan ýeňlipdir (1352 ý.). Süleýman paşşanyň Gelibolu ýarymadasyny eýelemegi (1354 ý.) türkmenleriň Ýewropada ornaşmagy üçin uly başlangyjyň biridi. Süleýman paşşa wepat bolansoň (1357 ý.), Rumili hereketini Orhan gazynyň beýleki ogly Myrat (geljekki soltan) dowam etdiripdir. Orhan gazy Osman türkmenleriniň döwletiniň döwlet dolandyryş ulgamynyň esaslaryny goýan soltandyr. Soltanlygynyň soňky ýyllarynda döwletiniň çäkleri (95 müň inedördül km.) Wizantiýanyňkydan (85 müň inedördül km.) geçipdir. Arap syýahatçysy Ibn Battuta Iznige gelende Orhan, onuň ogullary we aýallary bilen duşuşypdyr. Ol: «Orhan türkmen mälikleriniň (hökümdar) beýigidir» diýip belläpdir. Ýylmaz Öztuna: «Orhan gazy kakasyndan miras galan döwleti 38 ýylda (1324 — 1362 ý.) alty esse ulaltdy» diýip belleýär. Orhan gazy Osman türkmenleriniň döwletiniň goşunyny düzgün-nyzama salan soltandyr. Möwritnamaçy (hronologiýa boýunça alym) Aşyk Paşşa oglunyň ýazmagyna görä, ol goşunda ak telpek geýmegi ýola goýupdyr. Arap alymy Ibn Fazlallah Omarynyň maglumatlaryna görä, 1332-nji ýylda, ýagny Bursanyň eýelenmeginden 6 ýyl soňra Osman türkmenleriniň begliginiň 40 müň atly, 50 müň pyýada goşuny bolupdyr. Bu döwletiň güýçli harby kuwwata eýedigini görkezýär. Orhan 1331-nji ýylda Iznikde Osman döwletiniň ilkinji medresesini açdyrypdyr. Türkiýede Iznik kölüniň kenarynda Orhangazy şäheri bar. Bursada 2011-nji ýylda Orhangazy uniwersiteti açyldy. Jumamyrat GURBANGELDIÝEW. | |
|