10:59 Oýundan soñky çyn / satiriki hekaýa | |
OÝUNDAN SOÑKY ÇYN
Satiriki hekaýalar
Arada, agşamlyk, telewizor görüp otyrkam goñşym geldi ýanyma. Gadyrly görüşdik-de, gök çaýyñ başynda ondan-mundan gürrüñ etdik, köp zadyñ başyny agyrtdyk. Ol gapdalda ýatan per ýassyga tirsegini berdi-de: - Häli, günortan işde otyrkam bir hili irkiläýipdirin. Walla, edil şol ikarada-da düýş görüpdirin - diýip, ýylgyrdy. - Aýdyber, goñşy, ýormasy özümiz bilen. Ol bir azrak öñe omzady, aýtjak bolýan zadyny hamala okajak ýaly, elindäki äýnegini dakyndy. - Aýtsam näme, düýşümde kişñäp duran gyt ata münüpdirin-de, özümem göni "Köpetdag" stadionyna tarap... - O-ho-how! Düşnükli - diýip, men onuñ sözüni böldüm. - Düýşüñde gyr ata münüp, özünem stadion sary süren bolsañ hökman maşyn utarsyñ. Git, ertir "Köpetdag" komandasy bir ýer bilen-ä duşuşýaram. Goñşym ekezlendi. Ol maşyny eýýäm beýlesine geçirene döndi. - Beýle bolsa bile gideli-le, goñşy. Sen her zadam bolsa prawañ bar, getirmäge kömekleşersiñ. - Aý ýok, men-ä gidip biljek däl. - Wiý, o näme üçin? - Bilýäñmi, goñşy, ÝUNESKO-nyñ berýän habaryna görä 1946-njy ýyldan bäri stadionlardaky bolýan çaknyşyklardyr basa-baslyklar zerarly dünýä boýunça 900 adam amanadyny tabşyrypdyr, ýaralananlaryñ-a sany-sajagy ýok. - Ýýak, goñşy, muşakgat ýagdyrýañ-aý, ýa näme meni gorkuzjak bolýañmy? Göripçilik edýäñmi, hä? Goñşy bilen bolan çekeleşik ahyry onuñ peýdasyna gutardy. Ertesi irgözinden baryp, amatlyrajyk bir ýerde joñkardyk. Oýun başlandy. Bir topuñ daşynda näçe adam sölpüldedip başagaýdy. Ýöne futbol janköýerleriniñ öz gürrüñleri özlerine ýetik bolarly. - Eý, öñki gezek kim utdy? - Gökdepeli bir mollum. - "Köpetdag" häzir haýsy komanda bilen oýnaýar? - Aý, nire bilen oýnanda näme, biz-ä şo yzyndaky oýnaljak maşyn üçin geldik. Goñşym gözüni alardyp, ses gelen tarapa seretdi. Düşnükli, her kim şol maşynyñ hyrydary. Ine, birdenem stadionyñ gowry artdy. "Köpetdagyñ" oýunçylaryndan kimdir biri topy garşydaşynyñ derwezesine tarap depdi. - Aý, aý, top derwezäniñ bary-ýogy on bäş metr tekebazar tarapyndan geçdi - diýip, kommentatoryñ sesi eşidildi. Her ýerden-her ýerden jany ýangynly gygyryşýan tomaşaçylaryñ gowry asmana göterildi. - Beýle oýunçyny ýok etmeli! - Iýen çöregiñi öde ho-ow! Men oturan ýerimden içimi gepletdim. Işde goýberilýän her bir säwlige, ýetmezçilige garşy köpçülik bolup, ine, şeýle gygyryşsak, agzybir göreşsek, onda biz bu derejä ýetmesek hem ýetmezdik. Aý, hawa-da, düýe-de öz boýnunyñ egridigini bilenok ahyryn. Her ýerde ugur tapyjy adamlar bar-how. Hemişeler stadiona tomaşaçy barmazdy, indi bilet tapylanok. Belki, soña baka adamlary ýygnaklara-da şeýdip çagyryp başlarys, hä? Goñşym böwrüme hürsekledi. - Oýun gutardy? - Kimiñ peýdasyna? - Aý, men näbileýin. Oýundan soñky başlan oýun has gyzykly eken. Her kim ör turup boýnuny ýolaýjak bolýar. Sandyraýan ellerdäki lotoreýa biletleriniñ haýsydyr biri häzir "Žigulä" öwrülmelidi. Ine, birdenem garşy tarapymyzdan iki elini ýokary galdyryp, gygyryp gaýdan bir oglan gök gyrtyçly meýdanyñ üstünden ylgap däl-de, uçup gelýärdi. Goñşymym gygy ajady. Pyşyrdap gargynjyrady. Özümi müýnli ýaly duýdum. Goñşymyñ göwnüni awlajak bolup degişdim. - Maşyn utmanymam gowy boldy. Asyl bi, prawamy öýde galdyryp gaýdyberen bolsam nätjek... Goñşymyñ gara çyny eken. Ol gözüniñ agyny köpeldip maña hyrsyz seretdi. Täçmämmet JÜRDEKOW, Türkmenistanyñ halk ýazyjysy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |