RUHNAMA – TÄZE JEMGYÝETIŇ TÄZE AŇYÝETI
Saparmyrat Türkmenbaşynyň taglymaty onuň Ruhnama kitaplarynda öz gutarnykly hem ulgamlaýyn beýanyny tapdy. Şeýle kitaby ýazmak maksadynyň bardygyny Beýik Serdar 1998-nji ýylyň Gorkut aýynyň 16-17-sinde Türkmenistanyň VIII Halk maslahatynyň Daşoguzda geçirilen mejlisinde ilkinji gezek aýtdy. Daşoguzda geçen halk maslahatyndan soňky üç ýylyň içinde Ruhnama kitaby barada ähli halkyň gatnaşmagynda maslahatlar geçirildi. Adamlar gazetlerde, žurnallarda, radioda, telegepleşiklerde hyjuwly çykyş etdiler we öz isleg-talwaslaryny beýan etdiler. Saparmyrat Türkmenbaşynyň adyna Türkmenistanyň raýatlaryndan 102 müňden gowrak hat gelip gowuşdy, ol hatlarda adamlar Beýik Serdaryň Ruhnama kitabyny döretmek hakdaky pikirini goldaýandyklaryny, şeýle hem ol kitabyň nähili bolmagyny isleýändiklerini, tekliplerini ýazdylar. Ruhnamanyň birinji kitaby 2001-nji ýylda neşir edildi we az wagtyň içinde bütin dünýä ýaýrady. Ruhnama türkmeniň Altyn asyr eyýamynyň dünýägaraýşy we aňyýeti boldy. Soňra 2004-nji ýylda Ruhnamanyň ikinji kitaby okyjylara gowuşdy. Örän kämil, pelsepewi dilde ýazylan, türkmen aňyýetiniň esasy meseleleriniň çözgüdini berýän bu kitaplar XXI asyr türkmeniň ruhy konstitusiýasy boldy. Taryhy nukdaýnazardan alanyňda, Ruhnama milletimiziň ozalky dört ruhy eýýamynyň akyl-paýhas gazananlaryny jemledi, olary häzirki taryhy pursadyň derwaýyslyklary nazaryndan ýerbe-ýerleşdirdi we iň esasy zadam, türkmene hut häzirki eýýamda gerek bolan dünýägaraýyş ölçeglerini hem-de ruhy, akyl, ahlak gymmatlyklaryny kesgitläp berdi. Bu ölçegler we bu gymmatlyklar türkmene millet bolmak üçin, aň we akyl taýdan, ruhy tarapdan garaşsyz millet bolmak üçin jana-jan zerurdyr. Saparmyrat Türkmenbaşy öňdengörüji şahsyýet hökmünde millet bolmaga diňe syýasy hem ykdysady garaşsyzlygyň asla ýeterlik däldigine hemmeden ozal düşündi. Milletiň adamzat maşgalasynda özbaşdak bir orun almagy üçin onuň özboluşly ýaşaýyş dilini edinmelidigine, bu diliň bolsa hut milli ruhy we paýhas gymmatlyklaryna esaslanmalydygyna Beýik Serdar biziň gözümizi açdy. Millet ilkinji nobatda we ahyrky netijede hut ruhy bitewülikdir, beýle bitewüligiň binýadyny bolsa özgelerde duş gelmeýän ruhy gymmatlyklar emele getirýär.
Saparmyrat Türkmenbaşynyñ Ruhnamasy berk dünýägaraýyş-nazary esaslarda, daýançlarda durýar we häzirki ýaşaýşyň tüýs amaly zerurlyklaryna hem talaplaryna gutarnykly jogaplary berýär. Dünýägaraýyş – aňyýet-nazary daýançlar we esaslar diýlende iki möhümligi bellemeli. Birinjiden, Ruhnama türkmeniň türkmen bolaly bäri gazanan akyl-paýhasynyň jemini jemleýär we olary bitewülik, ulgam edip paýhasymyzyň ygtyýaryna hem-de taryhy-durmuşy işjeňligimiziň erkine berýär. Ikinjiden bolsa, onda bütin dünýä pelsepesiniň we parasadynyň bu gün türkmene zerur bolan sapaklary-da jemlenendir. Beýik Serdar adamzat akyl ýetiriş tejribesini özüniň parasat eleginden geçirip, onda hut biziň geregimize ýarajaklaryny hut türkmeniň düşünje diline geçirip, türkmene ýararly, düşnükli, täsirli görnüşlere salyp berdi. Ine, şu iki artykmaçlygyň – ýerli, milli geniniň hem-de tutuş adamzat genisiniň taryhy-durmuş zerurlyklarynyň nazaryndan täsin utgaşygy-da Ruhnamany juda beýik hadysa öwürdi. Indi Beýik Serdaryň ömürboýy işläp düzen we döredip gelen pikir gymmatlyklaryny biz Mukaddes Ruhnamadan tapyp bilýäris. Olar indi biziň paýhasymyzyň gözüne, şamçyragymyza öwrüldi. Bu gün türkmen Ruhnamanyň aň dili bilen gürleýär, onuň paýhas gözleri bilen görýär, onuň pikir görnüşleri arkaly pikir öwürýär. Munuň özi türkmeniň taryhynda öňem şeýle bolupdy. Oguz han eýýamynda türkmen Oguz hanyň taglymaty bilen, Gorkut ataň döwründe Gorkut atanyň, Göroglynyň eýýamynda Görogly begiň, Magtymgulynyňkyda Magtymgulynyň pikirleri bilen pikirlenipdi. Bu gün bolsa akylymyzyň ölçeglerini, derejesini we hilini, tebigatyny Ruhnama kesgitleýär.
Şonuň üçinem Ruhnamanyň paýhas açyşlaryna göz ýetirmek, onuň türkmen aňyna getiren pikir täzeliklerini aýyl-saýyl etmek juda zerur işdir. Kitabyň paýhas gözýetimlerini göz öňüne getirmäge, onuň mazmunyndaky ruh we pelsepe çuňluklaryna aralaşmaga çalyşmagy derwaýys wezipe hasaplaýarys.
Bu işde ilkinji wezipe şundan ybaratdyr: eýsem-de bolsa biz näme üçin Ruhnamany Mukaddes kitap diyip kesgitleýäris? 2001-nji ýylyň Baýdak aýynyň 18-ine Aşgabat şäherinde geçen X Halk maslahatynda Saparmyrat Türkmenbaşynyň Ruhnama kitabyny Mukaddes Ruhnama diýip atlandyrmak biragyzdan karar edildi. Aslynda, «mukaddes» kesgitlemesi kitabyň nähili aýratynlyklaryny göz öňünde tutýar?!
Mukaddes kitap – munun özi mazmunynda ýaşaýşyň ähli esasy meselelerini jemläp, sahypalarynda ähli esasy sowallara jogap tapylýan kitapdyr. Şonuň üçinem, biziň düşünişimizçe, ahlak terzdäki mukaddesligiň esasynda akyl ýetiriş mukaddesligi, ýagny jedelsizligi ýatýar. Şeýle kemala ýetmegi üçin kitabyň özünden ozalky ähli akyl hem pikir belentliklerini we çuňluklaryny özüne sygdyrmaga ukyply bolmagy gerekdir. Emma beýle sypat mukdar sypaty däldir. Diýmek, munda diňe ozalkylary sygdyrmak däl, eýse ozalkylarda bolmadyk jogaplaryň hem, öň gelinmedik netijeleriň hem, öň tapylmadyk uçlaryň hem barlygy ähmiýetlidir. Başgaça aýdylanda, şübhesiz hakykatlaryň hil täzeligi bolmalydyr.
Hut şu mynasybetli-de mukaddes kitap dünýägaraýyş üçin binýat bolujylyk, esas düzüjilik, özen gurujylyk ähmiýeti eýeleýär. Adamzat, millet, ymmat, halk tarapyndan mukaddes diýlip ykrar edilen kitap şol toplumlaryň tutuş akyl-paýhas hem göwün ýaşaýşyny kesgitleýär, şol ýaşaýyş şol kitabyň üstünde gurnalýar.
Mukaddes Ruhnama seýle kitapdyr. Şonuň üçinem Mukaddes Ruhnamanyň dünýägaraýyş aýratynlyklary we pelsepe çuňluklary barasynda giňişleýin gürrüň etmek gerek.
Ilkinji nobatda aýtmaly zadam Mukaddes Ruhnamada dürli pikirlenme şekilleriniň jemlenenligidir. Biz bu şekilleriň içinde dördüsini aýratyn tapawutlandyryp görkezmekçi. Bu dört pikirlenme şekil Saparmyrat Türkmenbaşa ähli esasy meseleleri gutarnykly beýan etmäge, türkmençe aýdylanda, çöp döwen ýaly etmäge mümkinçilik beripdir. Munuň özi maşynyň dört tigiri bilen bütin dünýäni aýlanyp çykan ýalydyr. Ine, şol dört pikirlenme şekili:
1) pelsepewi pikirlenme.
2) ylmy pikirlenme.
3) syýasy pikirlenme.
4) çeper pikirlenme.
Ruhnama soňky iki ýüz elli ýylyň dowamynda kemala gelen täze türkmen pelsepesidir. Magtymguly Pyragydan soň, türkmende özboluşly pelsepe döremändi. Ine şonça ýyldan soň Saparmyrat Türkmenbaşy ilkinji bolup biziň milli pelsepämizi döretdi, milletimiziň ýaşaýyş, dünýä, taryh, halk, adam, adamzat baradaky pelsepewi pikirlerini dörediji we aňladyjy bolup öňe çykdy. Ol Magtymguly Pyragydan soňky taryhy dowamatymyzyň paýhas jemlerini jemledi, ýaşaýşyň pelsepe sypatlaryny bir ýere çugdamlap, olary agramly hem çuňňur pelsepeler görnüşinde milletine hem dünýä bagyş etdi.
Özüniň içine alýan meseleleri we ugurlary boýunça Saparmyrat Türkmenbaşynyň pelsepe döredijiligi köptaraplydyr. Onuň düýpli we özboluşly pikirleri pelsepäniň birnäçe pudaklaryny hem-de ugurlaryny özünde jemleýär. Biz Mukaddes Ruhnamada Beýik Serdaryň pelsepe derejeleri bilen, hut dünýä hem milli pelsepäniň mazmunly, şol bir wagtda-da düşnükli, özboluşly dilinde pikirlenendigini görýäris. Ruhnamany okap, Beýik Serdaryň Günbataryň we Gündogaryň nusgawy pelsepesini-de, täze taryhyň Ýewropa pelsepeçileriniň taglymatlaryny-da, türkmeniň özboluşly pelsepesini-de ýakyndan we düýpli bilendigine magat göz ýetirýäris. Ruhnamanyň pikirleniş derejesi juda ýokary derejedir. Mundan-da beter, bu kitapda entek hiç bir gaýry pelsepeçi tarapyndan öňe sürülmedik, täzelikçiligi bilen haýran galdyrýan pelsepe öwrümlerine köp gabat gelýärsiň. Şu ýagdaý hem Saparmyrat Türkmenbaşy türkmeniň täze taryhyndaky iň ilkinji we beýik pelsepeçi boldy diýmäge bize esas hem itergi berýär. Onuň döreden pelsepe ulgamy özüniň özboluşlylygy, täsinligi, örüsi, beýikligi hem-de taryhy ähmiýetliligi boýunça adaty, nobatdaky pelsepe bolman, eýsem halkara derejesindäki beýik taglymatdyr.
Taglymat – munuň özi giden bir milletiň ýaşaýyş baradaky pelsepe ulgamlarynyň täze bir derejesidir hem-de täze bir hilidir. Bu hili pelsepe ulgamy milletiň ruhy we akyl garaýyşlaryny düýbünden täzeleýär. Iş ýüzünde şondan soň millet öňküsinden başga bir ruhy sypatly topluma öwrülip gidýär. Munda milletiň ruhy gymmatlyklary we akyl ölçegleri täze pelsepe esaslaryna laýyklykda täzeden rejelenilýär, gymmatlyklaryň täze ulgamy kemala gelýär. Gysgaça aýdylanda, milletiň gulluk edýän akyly gaýtadan kemala gelýär.
Saparmyrat Türkmenbaşy özüniň «Mukaddes Ruhnama» atly şygrynda şeýle ýazdy:
Bagtyýarlyk şamçyragy – akyldyr –
Şamçyraglyk nurun saçsyn, Ruhnama.
Türkmeniň geljegi nurdur, ýalkymdyr –
Ýaşaýyşa taglym açsyn, Ruhnama.
Mukaddes Ruhnamanyň pelsepe dünýäsinde uly orun tutýan ugurlaryň biri taryhyň pelsepesidir. Dünýä pelsepesiniň ýaşynyň müňlerçe ýyllar bilen ölçelýändigine seredeniňde, taryhyň pelsepesi diýilýän ugruň ýaşdygyny we bu ugurda özboluşly hem üýtgeşik pelsepäni öňe sürenleriň azdygyny görmek bolýar. Taryh pelsepesiniň bary-ýogy birnäçe ýüz ýyl ýaşy bar. Taryhyň pelsepesi – munuň özi adamzat köplüginiň taryhynyň düýp manysy, kanunlary hem-de täsinlikleri barada pelsepewi pikir ýöretmekdir. Saparmyrat Türkmenbaşynyň özi taryhy şahsyýet we beýik milli öňbaşçydy. Şonuň üçinem ol adaty hünärmen pelsepeçi ýaly aşakda durup ýa-da gapdaldan seredip däl-de, taryhy dowamatyň iň ýokary derejesinde durup, taryhyň akymy we ugry, onuň ýönekeýlikleri we çylşyrymlylygy, adatylygy hem geň-taňlygy barada pelsepe ýöretdi.
Taryhyň pelsepeçisi bolmagy Ruhnamanyň ýazarynyň beýik bir artykmaçlygydyr. Pelsepe onuň elinde milletiniň wagtyň geçmegi bilen garaňkylyga öwrülen geçmişiniň düýp manysyny ýagtyldýan gural hökmünde işleýär. Pelsepäniň geçmişe düşýän ýagtysy garşylyklaýyn hereket edip, geljegi-de şuglalandyrýar.
Meniň düşünişimçe, Saparmyrat Türkmenbaşynyň milli taryhyň pelsepeçisi hökmündäki pikirleriniň möhüm amaly-taryhy derwaýyslygy bar: Beýik Serdar taryhyň düýp manysyny täzeçe düşündirip, biziň aňymyzy öňki aňyýete, hususanam, taryhy, marksistik düşünilişine elgaramalygyndan, garaşlylygyndan, baglylygyndan azat etdi. Taryhyň mantygyny we amalyýetini Beýik Ruhatamyz şeýle aýdyň, şol bir wagtda-da gaty üýtgeşik düşündirdi:
«Taryhy geçmişe ýüzlenenimizde, türkmeniň millet hökmünde dörän wagtynyň düýn ýa şu gün däldigine göz ýetirýäris. Ýöne, bu milletiň taryhy ykballary şeýlebir çylşyrymly bolupdyr, onuň ýaşaýşynda diňe bir ilerlemeler, öňe gitmeler däl-de, eýsem yza gaýtmalar, gaýtgynlar hem köp bolupdyr. Marksizm taryhy gaýtgynsyz, diňe ýokary galyp barýan birtaraplaýyn döwür hökmünde göz öňüne getirýär: taýpa döreýär, taýpadan halk, halkyýetden millet we ş.m.-ler. Emma taryh bütinleý ters hadysalaram – ösüş bilen gaýtgynyň gezekleşip gelýän pursatlarynam biziň gözümize dikýär. Türkmeniň ýaşaýşy-da, onuň milli, millilik taryhy-da şeýle ikitaraplaýynlykdan emele gelýän çylşyrymlylyga örän baýdyr. Türkmeniň bir gezek millet hökmünde döränsoňam, soňraky taryhda milletiň, birhili, dürli sebäplere görä, ýene-de taýpa, tire görnüşlerine geçip giden pursatlary, aýry-aýry taýpalaryň özbaşdak ýaşaýyş görnüşlerine geçen wagtlary, gaýtadan ýene millete öwrülmek mümkinçiliginiň güýçlenip, ýokarky hetdine ýeten mahallary bar. Diýmek, biz öz zamanamyz babatda täze türkmen milleti diýen düşünjäni girizmegimiz zerurlykdyr hem maksadalaýykdyr» (160 sah.). Pelsepe açyşy bolup durýan bu garaýyş taryhy bütinleý täzeçe düşündirmäge akyl esasyny berýär. Şu manyda pelsepe – munuň özi akyl-paýhas açarydyr, bu açar arkaly taryhyň düşnüksizlikleriniň gapylary açylýar. Marksizm bolsa derde ýaramaýan, aýdaly, türkmen taryhynyň aýratynlyklaryny düşündirip bilmeýän öli galyp bolup galýar. Beýik Ruhatamyz taryhyň aýratynlyklaryny haýsydyr bir gury kesgitlemä getirenok-da, tersine, aýratynlyklaryň içine sygdyryp bilýän, olary tebigy hem esasly düşündirip bilýän pelsepe ülňüsini öňe sürdi. Şeýle täze esasynda taryhçylar, pelsepeçiler, jemgyýeti öwrenijiler geçmişi doly we gutarnykly beýan etmäge mümkinçilik alýarlar. Munuň özi ýöne bir pelsepe bolman, eýsem eýýäm aňyýetdir, taglymatdyr.
Beýik Serdaryň taryhy täzeçe düşündirmeginiň esasynda bir zat – taryhyň hereketlendiriji güýji diýip maddylyk däl-de, bütinleý özboluşly tebigaty we kanunlary bolan ruh ykrar edilýär. Ruh taryhda birinjilikdir, maddylyga bolsa ikinjilik degişlidir. Şonuň netijesinde taryhyň özboluşly hereketi – ösüşli-tesişli hereketi kemala gelýär. Milletiň ruhy güýjese, ähli babatlarda öňe gidişlik ýüze çykýar. Tersine bolsa, yza gaýdylýar we öňki geçilen ýollara gaýdylyp barylýar. Ruh taryhy ýaşaýşyň gujur-güýjüniň çeşmesiniň ornuny tutýar. Saparmyrat Türkmenbaşynyň bu pelsepe usuly Ruhnamada şeýle gysby beýan edilýär:
«Ruhnamanyň täze bir dünýägaraýyş babatdaky manysy şundan ybarat: tebigatyňam, jemgyýetiňem, şahsyýetiňem içki herekete getirýän güýji ruhdur. Ruh bolmasa ýaşaýyş ýokdur. Ruh ýaşaýşyň içki maňzydyr... Ruh ýaşaýşyň «bismillasydyr». Hemme ýollar ruhdan başlanýar. Ruhy sazlaşygyň bozulan ýerinde ýaşaýyş weýran bolmak bilen. Dünýä bir göwre bolsa, ruh onuň janydyr» (160-161 sah.).
Bu pähim Saparmyrat Türkmenbaşy taglymatynyň ulgamlaýyn esasydyr. Hut şu esasda Ruhnama pikirleriň, garaýyşlaryň ýöne bir toplumy däl-de, sazlaşykly, ýerbe-ýer ulgamy bolup örboýuna galýar. Ähli pikirler, garaýyşlar, pelsepeler, düşünjeler we düşündirmeler şahalaryň baldakdan ösüp çykyşy ýaly, şu pähimiň içinden ösüp çykýarlar. Ruha berilýän bu kesgitleme ylmydyr, ol nazary kesgitlemedir. Şeýle kesgitlemäniň manysyny göz öňünde tutanyňdan soň, Beýik Serdaryň öz taglymaty eserine Ruhnama adyny goýmagynyňam sebäpleri, onuň Ruhnamany ýazmagynyň sebäpleri baradaky düşündirmeleriniňem manysy düşnükli bolýar duruberýär. Ruhnamany ýazmagynyň sebäbini düşündirende, Saparmyrat Türkmenbaşy pelsepäniň ähmiýetine ünsi çekdi. Özem bu ýerde pelsepe hut onuň öz pelsepe ulgamy – ruhuň ileriligini, ilkinjiligini, esaslygyny ykrar edýän ulgam manysyndadyr. Ähli beýik pelsepeçiler ýaly, Saparmyrat Türkmenbaşy diňe gurak ylmy kesgitlemeler däl-de, eýsem çeper-nazary modeller arkaly pikirlendi. Onuň pikirlenmesinde edebi oýlanma bilen kesgitleme, simwol bilen hikmet janly sazlaşýar. Netijede pikirlenmäniň ne ylma, ne sungata ýetdirmedik şekili – nakyl ýa-da pähim kemala gelýär.
Ýöne hut häzir pähime däl-de, pelsepe ýöretmä üns bereliň. Beýik Serda Ruhnamanyň zerurlygy barada şeýle pelsepewi pikir ýöretdi:
«Kitap geçmişde ýüze çykan türkmene mahsus ruhy aýratynlyklar hakyndadyr... Ruhnama milli paýhasyň täze hilini aňladýar... Ruhnamanyň döwründe göwnüň çeşmesi pelsepedir... Ruhnamany ýazmak bilen baş maksadym – batyl galan buýsanç çeşmesini täzeden arçamakdyr. Pelsepe emi arkaly göwne jan bermekdir, howaýylyga dönen geçmişi türkmen tebigatynda ösüp oturan arçalar kimin janlandyrmakdyr... Ruhnama göwün açyjy (göwün – çeşme manysynda) we paýhasy gandyryjy (paýhas – teşne manysynda) kitapdyr» (62-64 sah.).
Şeýlelikde, Ruhnama taglymatynda häzirki taryhy wezipe milletiň ruhuny galkyndyrmak hasaplanylýar. Şeýle galkynyş düýpli pelsepe işi – millete onuň geçmişini düşündirmek işi arkaly ýerine ýetirilmelidir hasaplanylýar. Hut pelsepe, ýagny düýpli düşündirme milli ruhy galkynyşa getirip biler. Saparmyrat Türkmenbaşynyň pelsepesi bolsa ruhuň ileriligini ykrar edýän pelsepedir.
Ruhnamanyň I kitabynda taryhyň özi-de, ýagny taryhy maglumatlar, seneler, taryhy şahsyýetler, döwletler uly orun tutýar. Munuň sebäbi düşnüklidir. Onlarça ýyllaryň dowamynda türkmen öz taryhyny bilmez ýaly ruhy-akyl ýagdaýynda saklanyldy. Emma hatda baknalyk döwründen öňem, aýdaly, XVIII-XIX asyrlarda-da türkmeniň taryhyny içgin öwrenmek biziň akyl ýaşaýşymyzda uly orun tutmandy ahyry. Munuň üçinem Ruhnamada taryha möhüm orun berilmeginiň ruhy, ahlak galkynyşy üçin jedelsiz uly ähmiýeti bardyr. Öz taryhyny asla bilmedik millete döwlet baştutanynyň özüniň şol taryhyň beýikligini açmagy uly hadysadyr. Emma şol bir wagtda-da taryhyň pelsepe manysyny açmak hasam ähmiýetlidir. Hut şonuň üçinem Beýik Ruhatamyz taryhy onuň pelsepe manysy bilen bilelikde biziň aňymyza ýeterli etdi, ol diňe maglumatlary däl, eýsem olary ruha we paýhasa siňdirmegiň ýollaryny-da salgy berdi. Ruhnamada «hakyda», «geçmiş», «wagt», «millet», «şahsyýet», «dowamat» ýaly adalgalar örän çuňňur pelsepe düzgünleri, ýagny pelsepenamalar hökmünde işlenilip düzülipdir. Beýik Serdaryň «Ruhnama – paýhasyň täze hilini aňladýar» diýen parasady juda düýplüdir. Çünki Ruhnama geçmişi ýüzleýliginde däl-de, çuňlugynda, mukdar taýdan däl-de, hil tarapdan düşündirýär.
Ine, Beýik Serdaryň taryhy wagta beren ylmy-pelsepewi-edebi kesgitlemeleri:
«Geçmiş – taryhyň gaýyba giden, indi gaýtalanmajak wakalarydyr. Hakyda bolsa geçmişiň taryhy bitewülik zerarly entegem dowam edyän we soňam boljak içki özenidir.
Hakyda – adamyň başynyň ölümliligi sebäpli wagt taýdan aýra düşen nesilleri ruhy taýdan baglaşdyryjy, bitewüleşdiriji ruhy endikdir» (63 sah.).
«Geçmiş – geljegiň yşaraty, şu gün geçmişiň netijesi, geljek bolsa – şu gün bilen geçmişiň nikasydyr. Onsoň geljegiň hili-de, onuň nähili boljakdygy, nähili bolmajakdygy içki taýdan biziň geçmişi oňlap bilşimiziň hiline baglydyr. Geljegiň mümkingadarlygy – biziň geçmiş hakykatlarynyň haýsynyň geljekde dowam etmelidigine we haýsynyň kör galmalydygyna akyl etirip bilşimiziň we munuň hötdesinden gelşimiziň mümkinçiligidir. Diýmek, geljegiň hakykylygy – bu biziň paýhasymyzyň we erkimiziň hakykylygydyr (65 sah.).
Görnüşi ýaly, Saparmyrat Türkmenbaşy wagta bitewülik hadysasy hökmünde garady. Bitewülik diýenimde, diňe wagtyň üç böleginiň – geçmişiň, hemizamanyň we geljegiň birligini däl, eýsem Beýik Ruhatamyzyň pelsepe dünýäsinde barlygyň iki jähetiniň – maddanyň we ruhuň bitewüliginiň göz öňünde tutulýandygyny nygtamak isleýärin. Munuň özi wagt hem hakyda, wagt hem akyl-paýhas ýaly pikir ýöretmede görünýär. Beýik Pelsepeçi köp alymlaryň edişi ýaly, adamy durmuşdan, durmuşy bolsa ruhdan aýratyn göz öňüne getirmedi. Şunuň bilenem ol hakykatyň düýbüne ýetip bildi we hakykaty ahyryna çenli aýtdy. Ahyrky netijede onuň esasly manysy we jedelsiz akyl ýetiriş nukdaýnazary örän özboluşly pelsepe ýöretmelerine alyp gelýär. Taryhy wagtyň biri-biri bilen baglanyşykly iki sany jäheti ýüze çykýar: jemgyýetde wagt we adamyň içki hakydasyndaky wagt. Wagt köpleriň göz öňüne getirişi ýaly, adamyň daşyndaky we adama bagly bolmadyk nähilidir bir barlyk däl-de, eýse adam wagtyň, wagt bolsa adamyň içindedir. Hut şu ýerde-de barlygyň pelsepe we maddy bitewüligi mesaňa aýdyň bolýar.
Saparmyrat Türkmenbaşy ruhuň taryhy wagt içindäki anyk hereketini we ýaşaýşyny, ruhuň hereketiniň nähili amaly-durmuşy netijelere getirýändigini Oguz hanyň mysalynda şeýle görkezdi:
«Men türkmen milleti Oguz handan başlanýar diýýärin. Oguz han bolsa ýekehudaýlylykdan başlanýar, ynançdan, ruhdan başlanýar. Onsoň bu ýerde möhüm bir pikiri nygtamalydyryn: türkmeniň Oguz handan başlanýan bäş müň ýyllyk taryhy işjeňligi, ýörişleri, ösüşleri şol owalbaşky ruhy pikiriň, ruhy tapyndynyň amala aşmagydyr. Bütin türkmen üçin ýeke-täk ynanjyň, ýeke-täk gymmatlygyň ýüze çykarylmagy bu halkyň içki barlygynda baslygyp ýatan ähli akyl hem ýürek, beden hem köňül kuwwatynyň peýda bolmagyna getiripdi» (161 s.).
Şeýlelikde, hakykata doly we gutarnykly akyl ýetirmäge Beýik Ruhatamyzyň pelsepäniň dialektika diýilýän guralyny ussatlyk bilen ele almagy mümkinçilik berdi. Dialektika – hakykatyň köptaraplylygyna onuň üýtgäp-özgerip durýan keşbinde göz ýetermekdir we muny pelsepe uslyplary arkaly suratlandyrmakdyr. Beyik Serdar türkmen pelsepesiniň dilini döretdi. Hut onuň dilinde ilkinji gezek «hakykat», «barlyk», «ruh» ýaly onlarça sap pelsepe düşünjeleri özüniň çuňňur manysynda ulanylýar.
Ýöne, hakykatdanam, beýik pelsepe hökmünde onuň taglymaty ýöne howaýy bir hadysa däl-de, amaly durmuşa gönüden-göni ýol salýan janly ruhy-akyl hadysasydyr. Ýokarky we gaýry göräýmäge howaýy ýaly görünýän agyr-agyr pelsepe ýöretmeleri Beýik Serdaryň taglymatynda hemişe amaly netijelilik bilen baglanyşyklylykda teswirlenýär.
Saparmyrat Türkmenbaşy sap amaly, durmuşy derwaýyslygyň hajatlaryndan beýik pelsepeleri döretdi. Haýsydyr bir durmuşy zerurlyk pelsepe taýdan esaslandyrylýar. Soňra ol aňyýet esaslandyrylmasyna eýe bolýar. Ondan soňra ylmy kesgitlemelere geçýär. Dialektiki spiralyň iň ýokary derejesinde ýene amaly gymmatlyk görnüşinde kemala getirilýär. Diýmek, Mukaddes Ruhnamanyň pelsepesi hut amalyýet, durmuş bilenem çuňňur dialektiki arabaglanyşykdadyr. Munuň şeýledigine häzirki türkmen durmuşyny bilýän adam anyk düşünip biler. Galyberse-de, pelsepe we durmuş meselesinde Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň döredijilik uslybyna mahsus bolan bir aýratynlygy belläsim gelýär. Beýik Serdar hemişe öz pelsepewi pikirlerini dürli rowaýatlar, hekaýalar, tymsallar, wakalar arkaly aýdyňlaşdyrmagy gowy görýärdi. Şeýle özboluşlylyk gürrüňi gyzykly, özüne çekiji hem çeper etmäge gönükdirilendi. Bu nazaryýet bilen amalyýetiň özboluşly bir bitewüligidir. Pelsepe – nazaryýet, kyssalar bolsa – amalyýet. Nazaryýet hakykatyň ylmy-pelsepewi umumylaşdyrylmasy, kyssa bolsa hakykatyň amaly janlandyrylmasydyr.
Mukaddes Ruhnama, ilkinji nobatda, Beyik Saparmyrat Türkmenbaşynyň ruhy terjimehalydyr. Onuň her kitabynda, her bölüminde, her sahypasynda we her sözleminde Saparmyrat Türkmenbaşynyň durmuşyndan alnan we ýüreginiň tejribesi bolup durýan pikirleri tapýarys. Ruhnama – Beýik Serdaryň durmuş hakykatlaryna çuňňur pelsepe jogabydy, pelsepe seslenmeleridi. Munuň özi durmuşa ruhy bakylyk tarapyndan gelýän seslenmedir. Şonuň üçinem islendik pelsepe – ruh, wagt, sungat, gözellik bolsun, islendik ahlaky gymmatlyklar – haýyr, hakykat adamkärçilik, edep, sylaşyk bolsun, biz hut Saparmyrat Türkmenbaşynyň durmuş babatda çykaran, öz ömrüniň akyl we ýürek tejribesinden gelip çykan pähimleri eşidýäris. Olar üýtgeşikdir, gaýtalanmazdyr we ömürbaky täzedir. Şunuň bilen baglanyşyklylykda Ruhnamadaky terjimehal sahypalaryna ünsi çekesim gelýär. Muňa Beýik Serdaryň öz ata-babalary hakyndaky ýatlamalary, çagalyk täsinlikleri, durmuşy başdangeçirmeleri we ýene-de gaty köp zatlar girýär. Islendik beýik eser ýaly, Ruhnamada ony döredeniň şahsyýeti möhürlenýär, onuň her setirinde beýik alymyň we pelsepeçiniň, şahyryň we döwlet baştutanynyň ýürek urgusy ýaňlanyp durýar. Munuň özi Ruhnamanyň özüne çekijiliginiň we mähirliliginiň sebäpleriniň biridir. Çünki öňden aýdylyşy ýaly, ýürekden çykan söz ýürege-de ýetýär. Hut ýürekden sözläp bilmek beýikligiň esasy sypatydyr. Ýürekden çykan söz okyjyny maýyl edýär, bendi edýär, netijede Ruhnama ýöne kagyz ýüzünde galman, adamlaryň ýüreginde ýaşap başlaýar. Şonuň üçinem Ruhnamanyň düýpsüz, soňsuz paýhas gorunyň içinde hut ony döredijiniň şahsyýeti, ömri bilen baglanyşyklylary bize hasam ezizdir. Degişli mesele boýunça käbir pikirleri ýatlamak isleýärin:
«Ykbal maňa iki sany müňýyllygyň sepgidinde türkmene baştutan bolmak paýyny berdi. Halkymy ikinji müňýyllygyň soňky asyryndaky şowsuzlyklardan we ters täleýinden üçünji müňýyllygyň belentliklerine alyp çykmak jogapkärçiligi boýnuma düşdi» (18-19 sah.).
«Ruhnamany taýýar etdim hasaplap, ony birsydyrgyn okap çykanymdan soň, onuň mazmunyny ýene bir gezek seljerip çykanymdan soň bir duýgy kalbymy gaplap aldy: görüp otursam, Ruhnamany men ömürboýy ýüregimde göterip gezen ekenim. Görüp otursam, Ruhnamany men ömürboýy eden hyýallarym we işlerim bilen ýazan ekenim (72 sah.).
Ine, şeýle şahsy tejribe, şahsy duýgular çuňlaşdyrylyp, umumylaşdyrylyp, diňe bir adama däl, eýsem tutuş adamzat üçin gerekli we ähmiýetli bolan pelsepelere, pähimlere öwrülip gidýär. Yzyny diňläň:
«Soraşylman berilýän bu paý we islege bakman ýüklenilýän bu jogapkärçilik meni Allanyň özüme beren ähli akyl, ruhy hem beden gujurymy tijemäge, olary milletimi öňe alyp gitjek güýje öwürmäge iterdi. Men diňe bir özüme berlen şeýle gujury däl, eýsem tutuş türkmene bagyş edilen bir milletlik ruhy güýç-kuwwaty özümde jemlemelidigime düşündim» (18-19 sah.).
«Şonuň üçinem Ruhnama meniň diňe bir öz halkyma – türkmenime düşünişim däl, eýsem, özüme-de düşünişimiň usulydyr. Meniň ynanjyma görä, akyl eýesiniň dünýä düşünişi onuň öz-özüne düşünmegi bilen şertlendirilýändir». (72 sah.).
Ýene-de şahsy oýlanmalardan getirilip çykarylýan ähliumumy ähmiýetli netijelere bir mysal:
«Watan bilen ykbaldaşlygym meni indi-indiler bir pelsepe açyşyna iterýär – sebäp diýeniňde, islendik pelsepe açyşynyň deslapky şerti – duýgy açyşydyr.
Adam – Allatagalanyň Wagty syzmak üçin ýasan guralydyr. Beýnisinde akyl bolany üçin, adamyň süňňi-de özge janly-jandarlaryňkydan tapawutlydyr, ýagny Wagty syzmaga ukyplydyr» (73 sah.).
Bular düýpli we özboluşly akyl ýetiriş kanunalaýyklyklarynyň açylyşydyr. Bular hakyky pelsepe açyşlarydyr.
Şeýlelikde, Ruhnamada dialektiki baglanyşyklaryň ýene bir görnüşi – kitap bilen ony döredeniň arasyndaky dialektiki arabaglanyşyk aýan bolýar. Beýik Ruhatamyzyň pelsepe pähimleri, ilkinji nobatda, şu arabaglanyşygyň üstünde gurnalýar. Ruhnamanyň millet, milli gymmatlyklar pelsepesi, ylym pelsepesi, sungat pelsepesi, ahlak pelsepesi we ýene-de onlarça düýpli pelsepeleri şu ýerden gelip çykýar. Geliň, şolaryň käbirine diň salalyň. Özem diňlemäni şahsyýetiň taryhdaky orny pelsepesinden baslalyň:
«Aslynda taryhy dowamatda şahsyýet bilen jemgyýetiň özara täsiriniň kanunalaýyklygy şeýledir: taryhyň bir döwründe jemgyýetde ýygnanan gujur indiki bir döwürde milletiň kemala getiren şahsyýetinde tebigy suratda döremelidir, özem şol ýerde doňup galmak üçin ýa-da ýitip gitmek üçin däl-de, taryhy hereketiň üçünji nokadynda täze hilde milletiň özüne gaýdyp gelmek we ony täze belentliklere galdyrmak üçin döremelidir... Meniň baş taglymatym – Ruhnamadyr. Dünýägaraýşyň ulgamy bolan Ruhnama menin öňe süren ähli syýasy ýörelgelerimiň, ykdysady hem durmuşy, medeni häsiýetli maksatnamalarymyň taglymat esasydyr, onuň jemgyýetiň dürli ugurlarynda amal edilişiniň usulydyr». (19 sah.).
Beýik pelsepeçi hemme zady özüňden düşündirýärdi. Özüňden düşündirmek – özge hiç bir kişiniň elinden gelmejek düşündirişdir. Islendik döredijiligiň gaýtalanmazlygy döredijiniň gaýtalanmazlygyndan gelip çykýar. Döredijiligiň düýpsüzligi döredijiniň şahsyýetiniň düýpsüzliginden kemala gelýär. Şahsyýetinde üýtgeşiklik ýok adamyň döredijiliginde üýtgeşiklik bolup bilmez.
Döredijiniň şahsyýetiniň millet üçin gymmatlygy hem onuň millet pelsepesiniň hakykylygyna, çuňňurlygyna hem-de özboluşlylygyna ýol açýar. Ruhnamadaky millet pelsepesi şeýle bir aýdyň we şeýle bir ýürege ýakyn, şeýle bir aňa düşnükli welin, diňe öz ömür tejribesi we ýürek duýgulary milleti bilen berk baglanyşykly bolan adam şeýle pelsepäni döredip biler diýýärsiň. Ruhnamanyň manysy, pähim-parasatlylyk, ylmylyk derejesi bitewi bir pelsepe hadysasy bolup, munuň aňyrsynda Beýik Serdaryň şahsyýet bitewüligi durýar.
Beýik Serdaryň millet baradaky pelsepeleri özüniň pähim häsiýeti, ýagny her biri özbaşyna nakyl bolup duran manylylyk häsiýeti bilen göwnüňi awlaýar, akylyňy kanagatlandyrýar. Pähim – munuň özi bir pikirde ähli zady aňlatmakdyr. Şonda aýdylanyň mukdar taýdan çäkli, gysgadygyna garamazdan, okyjyda «ähli zady aýdypdyr» diýen täsir döreýär. Pähim – çäklilikde çäksizligi aňlatmakdyr. Saparmyrat Türkmenbaşynyň pelsepe döredijiligi şunuň ýaly beýik artykmaçlyga eýedi.
«Millet – adamlaryň belli-belli ruhy esaslarda bir topluma öwrülmegidir. Diňe şol ruhy binýatlaryna laýyklykda milletiň maddy, daşky bitewüligi kemala gelýär» (160 s.).
Şeýle pähim-kesgitleme özüniň manysynyň güýçlüligi, many çürt-kesikligi bilen goýlan meseläniň gutarnykly çözgüdini berýär. Millet meselesinde pelsepäniň taryhynda dürli pikirler öňe sürlüpdir. Materialistik pelsepe millete diňe maddy-jemgyýetçilik hadysa hökmünde seredeni üçin, ruhy esas hökmünde hasaba almanlygy sebäpli ýalňyş hem ýeterliksiz kesgitlemäniň eýesi boldy. Idealistik pelsepe bolsa, köplenç, milletiň akyl, pikir bilen düşündirip bolmaýan hadysadygyny boýun aldy. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň esasy pelsepe ýörelgesine laýyklykda, ruh milletiň gönezlik esasy hökmünde görkezilýär. Ruh – içki özen, binýat, milletiň gaýry görkezijileri şu özen babatda daşky, ikilenji, netijeleýin hadysalar bolup durýar. Şeýle düşündiriş milletiň nämedigine ylmy taýdan düşünmäge ýol açýar. Hut ruhy esasdan milleti özgelerden tapawutlandyrýan aýratynlyklar – dil, häsiýet, pikirlenme. Milli edim-gylym aýratynlyklary döreýär we olaryň esasynda öz gezeginde daşky – dessur, endik, egin-eşik, jemgyýetçilik, arazawy gaýtalanmazlyklar döreýär.
Hut şu hili kada boýunça Ruhnamanyň beýleki ýerlerinde millete özboluşly kesgitleme berlipdir:
«Adamyň esasy synasy – göwresi, ýüregi hem akylydyr. Milletiňem öz göwresi, ýüregi hem akyly bolýar. Göwresi – maddy medeniýeti; ýüregi – dili, sazy; onuň akyly bolsa – milletiň pelsepesidir hem aňyýetidir» (175 s.).
Bu kesgitleme eýýäm özüniň çeper-pelsepe ýakynlygy bilen tapawutlanýar, çünki munda çeper meňzetme ulanylyar. Munda-da içki hem daşky görkezijileriň bitewüligi, şol bir wagtda-da içkiniň esasylygy, ileriligi tekrarlanýar. Adamyň gymmatlygynyň, ilkinji nobatda, göwresi däl-de, ýüregi hem akyly, ýagny içki görkezijiler arkaly kesgitlenişi ýaly, milletiň daşky barlygyny-da onuň içki barlygyndan gözlemeli. Şol bir wagtda-da Ruhnamada içki hem daşky barlyklaryň kanunalaýyklyklary-da gözden salynmaýar. Onda milletiň gözbaşlarynyň biri hakynda şeýle pähimler bar:
«Türkmen tebigaty – türkmen milletiniň gönezligidir.
Türkmen tebigaty – türkmeniň ruhy dünýäsine düşünmegiň iň ilkinji hem esasy açarydyr.
Türkmen tebigaty – türkmen milletiniň ruhy diliniň harplygydyr» (180 sah.).
Mundaky pikir bilen ozalky pikiriň arasynda many däl-de, dialektiki gapma-garşylyk bar. Dialektiki gapma-garşylyk – hakykatyň iki tarapynam görüp bilmek netijesinde kemala gelýän hadysadyr. Hakykat birsydyrgyn we birtaraplaýyn bolmaýar. Tebigat milletiň daşky barlygy däl-de, onuň kemala geliş aýratynlygy bolup, ruh bilen onuň arasynda dialektiki arabaglanyşyk bar. Tebigat ruha görä, ruh bolsa tebigata görä reňk alýar. Tebigat – düşek; ruh bolsa esasdyr. Ruhuň tebigata täsiri – bakydyr, tebigatyň ruha täsiri şertlidir. Şonuň üçinem tebigat – düşünmek açarydyr.
Ruhnamanyň millet pelsepesi milli döwlet pelsepesine sapyp gidýär.
«Döwlet – milli ruhuň gaýmagydyr» (266 s.).
«Milli döwlet – milletiň öz durmuşyny içki taýdan gurnamagynyň taryhy usulydyr. Hut milli döwletde milletiň ýaşaýyş ukyplary bir ýere jemlenýär. Ol bir ýere jem bolubam, milli durmuşy taryhy taýdan rejeleşdirmek, sazlaşdyrmak işine girişýär. Milli döwleti gurnamak ukyplylygy – halkyň taryhy ýaşaýşa ukyplylygydyr, geljegini amal etmäge ukyplylygydyr.
Döwlet gurmak – milletiň öz-özüni döretmegidir. Syýasy, ykdysady, jemgyýetçilik we ruhy babatlarda öň bolmadyk gymmatlyklar döredilýär». (267 s.).
Şeýle pähim-kesgitlemeler nazary-many esaslylygy bilenem güýçlüdir, şol bir wagtda-da olar taryhy taydan zerurlykdyr. Olar türkmen halkynyň häzirki taryhy pursatdaky aňyýetine düýpli pelsepe daýanjyny berýär. Olar halkymyzyň häzirki taryhy pursatda berk taryhy-syýasy hem aňyýet ýörelgesiniň bardygyna şaýatlyk edýär. Milli döwlet diňe bir taryhy pursadyň mümkinçiligi däl, eýsem gutulgysyz zerurlygydyr. Diňe milli döwlet türkmeniň geljegini kepillendirip bilýär.
* * *
Publisistika