11:36 Ryfat beý näme üçin gaşanýarka? / satiriki hekaýa | |
RYFAT BEÝ NÄME ÜÇIN GAŞANÝARKA?
Satiriki hekaýalar
- Allo! Alo!.. Ryfat beý, senmiñ? Salam! Dostum, diri ýitdiñ-le, Näçe gündür görneñok! - Kemal beý, senmiñ! Wah, Kemal beý... - Gubernatoryñ ýygnagynda-ha görmämsoñ, gaty howsala düşdüm. Biziñ ýygnanyşygymyzda-ha görneñok. Janyñ beri sagmy? Sen bolmasañ, bir hili, kart oýnunyñam gyzygy ýok... - Sen sorama... - Näne boldy, - Gaty syrkawlapdyryn. - Wah! Wah! Wah! Alla kuwwat berewersin! Keýpimo bozduñ! Näme kesel? - Iteşen. - Näme? - Iteşen. - Iteşen? - Hawwa. Gaşanýaryn, düşýäñmi. Gijilewük alyp barýar! - Şeýlemi! Wah! Wah! Wah! Niräñ gijeýär? - Gijemeýän ýerim ýok!.. - Eý, Alla! Onsoñ şoña iteşen diýilýärmi? - Hawwa, wraçlar şeý diýýär. - Nämedendir öýdýärsiñiz? - Özünem nämedendigini bilemok. Edenim, üwelen hindi towugyny iýdim. Gaty tagamly ekeni, agzymda eräp dur. Saklanyp bilmän, üç-dört bölegini iýäýipdirin. Nämedendir öýdýäñ, şeýle bolup bilermi? - Aýdýanyñ näme? Üç bölek hindi towugyndanam kesellärmiñ? Biz-ä onda bir çak iteşene duçar bolmaly. Bir oturşyma bir hindi towugynam iýýärin. Hiç zadam bolanok. - Gaşanañokmy? - Ýok. - Hindi towugynyñ ýanyndan kakmajam iýdim... - Nähili kakmaç? - Böwrekden. - Böwrekden?! Heý, kakmaç iýip iteşen bolan gördüñmi. Başga bir zat iýen bolaýma. - Bir zad-a iýdim, nämedigi ýadyma düşenok. Ilki işdämi açmak üçin sarymsak garylan hyýarly salat iýdim... - Ýok, sarymsak ukyñy getirýär, ondan hiç ýeriñ gijemez. - Gijilewükden ýaña uky ýadyña düşermi? Desert hökmünde halwa-da bardy. - Öz-ä süýjüdir. - Süýjüligine süýji! Ýöne endam-janym gabarçyk bolup dur. - Wah, janyña döneýin, halwada günä ýok, bar zady halwa ýükläýäñ-aýt. Öten agşam iki jam halwany boşatdym, maña-ha hiç zadam bolanok. Başga bir sebäbi bolmaly. - Nämekä? Agşam naharymyza takgaz balyg-a iýdik. - Haý, balygyñam zyýany bormy. Öz tejribämden bilýän. Jinnek ýalyjagam zyýany ýok. - Ikisini birden iýdim-ä. - Iki däl-de, ýigrimi iki bolaýsyn. Balygyñ zyýany bolmaz! Ölüp barýan-da balyk diýip! - Gaýrat et bakaly, ynha gutulaýyn, Alla ýol berse, hezil edip doýarys!.. - Bahymrak gutul! Diýmek, gijelewügiñ nämedendigini bilip bilmediñ-dä? - Diñle, belkem, gaýmakly zapekankadandyr? - Bir zat diýäýýäñ-aýt! Meniiñ gowy görýän iýmitim. - Dört çanak gäwmüşiñ gaýmagyny iýäýdim-dä... - Heý gaýmakdanam gabarçak çykarmy? - Nämedenkä onda? - Başga-da bir zat iýensiñ. - Zyýanly zat iýmedimmikäm diýýärin... Banan bilen kokos hozy diýäýmeseñ... - Kän iýdiñmi? - O diýen däl. - Kokos hozy - dermandyr, hiç zyýany bolmaz. Gaty peýdaly iýmiş... - Onda nämeden bolup bilerkä? - Wraçlar ýalñyşan bolaýmasyn? Sende iteşen bolmaly däl. - Ýalñyşsalar ýalñyşandyrlaram welin, endamym-a gijeýär. - Haýsy bir gijilewüge iteşen diýjek. - Meniñki nämekä? - Başgarak zat bolmaly! - Hä, ýadyma düşdi, ýatmazymdan öñ az-kem duzly badam bilen gowrulan pisse iýdim... Şol içigar galmyşlaram başyma ýetdi öýdýän... - Baý, gürled-ow! Ýatmankam menem iýmäni kem göremok. - Gaşanañokmy onsoñ? - Ýo-ýo-ýok... Gaýtam güýjüm-kuwwatym zyýat bolýar. - Süýt işimi gören bolaýmasyn? Ukyñ öñ ýanynda bir stakan içäýmäm bardy. Ol gezek welin ikini içipdirin... - Süýt saglygyñ girewidir, Ryfat beý... Näçe içseñem, gijilewük golaýyñ gelmez. - Irden turup iki sany çig ýumurtga içýän... Şondan bolaýmasyn? - Men onda otyz ýyl bäri gaşanyp gezmeli... - Şol günüñ öñüsyrasynda mesge bilen gara ikrajyk, peýnir, şweýsar syryny iýdim. Näçeräkdigi ýadyma düşenok, az-a bolmaly däl... - Näçe iýseñem, ikradan ýamanlyk bolmaz. - Belki, zyýany ýokdur. Iteşen nämedenkä? - Hany, gowy pikirlen, ýene näme iýdiñ? - Ýene, ýene!!! Ýadyma salyp bilemok. Düýn iýen zadym ýadyma düşenok, geçen hepde barada-ha geplemelem däl. Gök önümden-ä däldir? Toklujyk bişiremde, ýanynda gök önümem bardy. - Nähili? - Zeýtun ýagyna garylan badamjan... Saklanyp bilmän alty-ýedi sanagyny iýäýipdirin, eýesiz galan. - Zeýtun ýagyna garylan diýdiñmi? - Hawwa... - Onda hiç-laý. Ol ýeñil gitmeli. Ýene näme? - Soñ kaşar peýniri bilen makaron... Wiý-uksusdan-a däldir-dä? Uksus içäýdiñmi? - Ýok... Salat garylan-la. - Uksus, gaýtam, gowy siñdirýär. - Salata ajy burçam garypdyrlar... Ýöne şoñ yz ýanyndan mineral suw içdim... - Ýeri, onsoñ, ýadyña salyber. - Soñ nämedikä, soñ nämedikä? Soñ hiç zat içmedim, wiskiden başga. Sarym gaýnap başlady. Bir çemçejik soda içdim. Wi-i-iý... ýoldaşym bilen restoranda adam başyna bir kebap iýdik, yz ýanyndanam işlekli... Soñra çişlikli tüwi, bugdaý ýarmasynam iýdik. Üstüne ep-eslije gorçisa-da goýdum. Gorçisaly eti gowy görýärin... Häzir bolup durşumy görsediñ: bir elim bilen-ä trubkany saklaýaryn, beýlekim bilenem gaşanýaryn. Ýogsa-da, gutabam iýipdim, hä-hä, şondan bolaýmasyn? Ýumurtga garylan balyk saladynam iýdim... ondanan zat bolanok... - Olardan däl... - Nohutly çorbadan bolaýmasyn? Arada nohutlt çorba iýesim geldi. Aýalym yssyny bahanalap bişirmejegem boldy. Onda-da bişirtdim. Gaty tagamly boldy. - Köp iýdiñmi? - Ýo-ýo-ýok, iki jam... - A, doktor näme diýýär? - Hemmesini bolşy ýaly aýtdym. Doktor welin: "Bu kesel nahardan däl, başga ýakymsyz zat iýen bolaýmañ..." diýýär. Belki, duz ýygnaýandyr? - O nähili duz? - Her hili... Şol süýji garylan badamjandanmyka-da diýýärin. - Eger badam gijilewüge duçar edýän bolsa, hemme bakgallary ýapardylar. - Näme üçin iteşen ördükä? - Gowuja pikirlen, şu gün näme iýdiñ? - Aý, ullakan iýip baran zadym ýok. Bilýäñmi näme, kän işdämiñem ugry ýok... Ýüz ýyldan bir gezek artygrak iýsemem, yz ýanyndan gatyk iýýärin. Gatyk gowy siñdirýär. - Gadyrdanym, soñky wagtda, heý, çörek iýdiñmi? - Çörek? - Hawwa, çörek... - Nähili çörek? - Tamdyrda bişirilen, ýagny adaty çörek... - Çörek, kyn siñýär. Çörekden, birhili, semreýäñ. Düşdüñmi? Köplenç bir dogram iýýärin, ýekeje dogram, ýa-da bir bölejik fransuz bulkasyny... Dogrudanam men çörek iýdim-ä. Myhman gelipdi, bulka bolsa gutarypdy. Dükana barybam tapmadym. Içiñ ýansyn diýen ýaly, bir gramam galmandyr. Ynda şonda ýönekeý çörek iýmeli boldum. - Indi düşnükli... Gijilewügiñ sebäbem şondan bolmaly. Ýönekeý çörek hemme kişä başartmaýar. Oña endik edinmeli. Çörek iýenini doktora aýtdyñmy? - Ýadymdan çykarypdyryn. Ýatladanyñ gowy bolaýdy. Iteşeniñ nämedendigini indi bildim... Tas hamymy sypyrypdym. Bolşumy gören bolsadyñ! - Bir dogram iýeniñe Hudaýa şükür etmeli, eger bitin çörek iýen bolsañ, at ýaly deperdiñ ýa-da kişñärdiñ... Özüñi bejert-de, bir dikel! Sag-amanja gutul! - Tañryýlkasyn, dostum! - Ýene jañ ederin. Saglykda görşeliñ. - Alla işiñi ugruna etsin, gadyrdanym! Eziz NESIN. Terjime eden: Kemal YKLYMOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |