08:48 Şahyra ýazylan hatlardan | |
ŞAHYRA ÝAZYLAN HATLARDAN
Ýatlamalar
Ýakynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy, şahyr Gurbannazar Ezizowyň agtygy Aýtäç Orazowa okyjylardan dürli ýyllarda babasyna gelen hatlary getirdi. Hat ýazanlar dürli kärdäki adamlar. Olar hatlar arkaly şahyr bilen pikirini paýlaşýarlar, ondan maslahat soraýarlar, käbir ýagdaýlar barada öz garaýyşlaryny mälim edýärler. Biz şahyra ýazylan hatlaryň gysgaldylan görnüşiniň birnäçesini okyjylara ýetirmegi makul bildik. * * * "Gurbannazar, men öň hiç bir ýerde aýdylmadyk sözi ýazasym gelýär. Ýöne ol maňa teý başardanok. Almagül, Köneürgenç şäheri, 1972-nji ýyl." * * * "Gurbannazar, ýüregimiň golaýjygynda, özi-de düşnüksiz bolan müňküldi ýaşaýar. Onsoň men küti-küti kitaplary ýazan adamlaram eline ilki galam alanlarynda, şeýle ýagdaýa düşendirler diýip galama ýapyşýaryn. Ýöne kalbym pürepür bolup duranam bolsa, ak kagyzyň ýüzüne seretsem, bar zat zym uçan ýaly bolýar. Bu nämekä? Hekimberdi, Gökdepe etraby, 1970-nji ýyl." * * * Gurbannazar, men seniň söýgi hakdaky: Gyz öňünde artyk söze daýanma, Söýgä söz gerek däl, gerekdirynam diýen setirleriňi okap, gyzlaryň belent söýgi hem-de ynam bilen söýülmegini isledim. Gyz ýüregi hemişe ynama beslenen söýgä, onda-da uly söýgä mätäç bolup ýaşaýar. Ejegül, Ýolöten şäheri, 1971-nji ýyl. Aýtäç ORAZOWA, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |