01:23 Samed Behrengi | |
SAMED BEHRENGI Samed Behrengi, eýranly meşhur azerbaýjan ýazyjysy, mugallym, folklorçy. Samed Behrengi 1939-njy ýylyñ 24-nji iýunynda Töwrizde Yzzat aganyñ we Sara Hanymyñ maşgalasynda dogulýar. Tutuş Eýran boýunça syýahat edip, pars we azerbaýjan edebiýaty hakynda maglumatlar toplaýar we derñeýär. Halkyñ dilinden düşmän gelýän tymsallary, hekaýatlary toplap, olary gaýtadan işleýär we täzeçe eserleri döredýär. Göräýmäge çagalara degişli ýaly bolup görünýän eserlerinde adalat, deñlik ýaly global meseleleri gozgamak bilen birlikde adalatsyzlyga garşy göreşmegiñ ýollaryny salgy berýän kitaplary dünýä edebiýatynyñ hazynasyna giren eserlerden birjigem pesde oturmaýar. Öz döwrüniñ şa režimine döredýän eserleri arkaly garşy gitmekden çekinmändir. Samed Behrengi 1967-nji ýylda 28 ýaşynda şübheli ýagdaýda Araz derýasynda gark bolup ölýär. Ýüzüp barýarka gark bolandygy barada aýdylsa-da, halk asla bu aýdylanlara ynanmaýar. Çünki, Samed Behrengi ýazýan eserleri bilen ýurduñ başyna bela bolup çöken şa režimini aç-açan tankyt edýärdi. Şol sebäpli, onuñ janyna kast edilendigi güman edilýär. ■ Eserleri: 1). "Bir bar eken bir ýok eken"; | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |