00:06 Şeýtel | |
ŞEÝTEL
Goşgular
Özgelere berşi ýaly kürümläp, Pany bermese-de bagtdan paýym. Aldap-ogşap, Awlap garyp göwnümi Görsün diýip öz najatyn, hara:ýyn Gysymyma dinar gysdyran ýaly Hernä, seni maña beripdir aklyk. Ýogsa, meniñ duzy göge göterlip, Ýyl geldikçe gurap barýan Araly Ýada salyp duran gury hanama Mähriñ guýulmazdy Jeýhun mysaly. Eýse, meniñ kyrk ýamaly synama Töweregmi gurşap duran ýeterlik gyz-gelinleñ haýsy bolardy dowa? Ýap-ýañy gursakda boý alan Wysal Abşarylyp atasynyñ dulunda Är üçin etse-de dynuwsyz doga, Negözel ner ýigitlere at dakyp, Garrap galşy ýaly bir ulugyzyñ, Çüýräp galmalymy şo-ol öñki ýerde... Beýtsek göýdülmezmi pelekde, ýerde goýman seni apalaýan duýgulam... Öýdülmezmi näme, illeñ göwnüne Ýumruklap dünýämiñ penjiresini Gapysyny depeleýän gaýgylañ Atuw permanyny eşidip gara kysmatyna nälet okap oturan Bendini südürläp güllä düzensoñ, Läşin çaýkellere şam edilen deý... Anyk bu! Oýlanyp tapylan zat däl, Öñ ýaşan bolsamam seni tanaman Häzir ýoklugyñda oñup bilmen teý. Çünki sen kalbymda dikilen heýkel. Tagzym, saña tagzym soñky deme çen Eý, garyp göwnüme berilen şeýtel!.. Has TÜRKMEN. Surat: Salwador Dali. | |
|
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
√ Pikir / Goşgular - 28.10.2024 |
√ Dünýa hakda / Goşgular - 29.06.2024 |
√ Päliýamanlar / Goşgular - 20.05.2024 |
√ Gutarylmadyk goşgy / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Garyşmaz / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Daglar we adamlar / Goşgular - 10.12.2024 |
√ Gözden akan ýaşlaryma / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Bolupdy döwür / Goşgular - 17.11.2024 |
√ Suw perisi / Goşgular - 09.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |