01:31 Şotlandiýadan Kiçi Aziýa çenli uzalan 12 müñ ýyllyk ýerasty geçelge | |
ŞOTLANDIÝADAN KIÇI AZIÝA ÇENLI UZALAN 12 MÜÑ ÝYLLYK ÝERASTY GEÇELGE
Geň-taňsy wakalar
Nemes arheology Genrih Kuş daş eýýamyndan galan ýerasty geçelgeleriñ bütin Ýewropany gurşap alandygyny aýdýar. Genrih Kuş "Gadymy dünýä tarap açylan ýerasty gapynyñ syry" (“Secrets Of The Underground Door To An Ancient World”) atly kitabynda Ýewropa yklymynyñ her künjeginde diýen ýaly neolitik zamanlaryñ oturumly ýerleriniñ astynda ýerasty geçelgeleriñ bardygyny aýdyp, bu geçelge ulgamynyñ Şotlandiýadan tä häzirki Türkiýäniñ çäklerine çenli uzaýandygyny ýazýar. On iki müñ mundan öñ gurlan ýerasty geçelgeleriñ käbir bölekleriniñ edil öz döwründäki ýaly abatdygyny aýdýan Genrih Kuş Germaniýanyñ Bawariýa welaýatynda tapylan 700 metrlik ýerasty geçelge bilen Awstriýanyñ Styriýa welaýatyndan tapylan 350 metrlik ýerasty geçelgäniñ hut şol ýerasty geçelgeler ulgamynyñ bir parçasydygyny öñe sürýär. Nemes arheologynyñ pikirine görä ini ýetmiş santimetrlik bolan we soguljan deşiklerini ýatladýan bu geçelgeleriñ käbir nokatlarynda ýörite oturylýan ýerler, azyk saklanylýan ammarlar, dynç alynýan otaglar bolupdyr. Genrih Kuş Anadoly ýarym adasyna çenli uzalan we häzirki döwrüñ gara ýollaryny ýatladýan ýerasty geçelgeleriñ ýyrtyjy haýwanlardan we ýaramaz howa şertlerinden goranmak üçin gurlandygyny çak edýär. Alym başga bir çaklamasynda bolsa adamlaryñ uruşlardan, goh-galmagallardan ýa-da howa şertlerinden täsirlenmän syýahat edilmegi üçin bu ýerasty ýollaryñ gurlandygyny öñe sürýär. Biziñ gadymy sardobalarymyzy ýatladyp duran kapellalar Kuşyñ pikirine görä, ýerasty geçelgeleriñ girelgelerinde bina edilipdir. Sebäp diýseñ buthanalar ýerasty geçelgeleriñ dinsizleriñ mirasyna wekilçilik etmeginden çekinýärdi. Şonuñ üçinem buthana bu geçelgeleriñ halkdan gizlin saklanmagyny makul bilipdir. Ýerasty geçelgeleriñ diwaryna ýazylan käbir gadymy ýazgylar bolsa bu ýerasty geçelgeleri dowzaha alyp barýan gapy hasaplaýar. # Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |