15:10 Sumbaryñ şiri | |
SUMBARYÑ ŞIRI
Hekaýalar
- Günler geçdi. Andriýewskiý barha eýemsiräp, bütin Sumbaryñ boýundaky ilata hökmüni ýaýradyp başlady. Emma "Iki goçuñ kellesi bir gazanda gaýnamaz" diýlişi ýaly, onuñ bilen mäşimiz bişişmedi. Elbetde, Andriýewskiý ak es-erleriñ ol ýerdäki hökümdary. Şolaryñ hyzmatynda bolansoñ, olaryñ bähbidini gözleýär. Ak es-erleriñ syýasatyny ýöretjek bolýar. Biziñ boýun egmezek halkymyz bilen hem şonuñ üstünde dalaş edýär. Ol biziñ halkymyzdan mal aljak, adam aljak. Ol ýerlerde ýerli ilatyñ hem meniñ agzyma garap duranyny bilýär. Şonuñ üçin ol öñi bilen meni yrmagyñ ugrunda aladalanýar. Bir gün meniñ üstüme atly iberip, raýona çagyrtdy. Barsam, ýüz-gözüni kürşerden bolup, maña alarylyp seretdi. - Sen aklaryñ garşyna iş alyp barýarsyñ, seni tussag ederin! - diýdi. - Kim aýdýar? Boýnuma goýsunlar - diýdim. Ol has batly gepledi. - Men seniñ hatyñy tutdum. Tussag edip, Gyzylarbada ibärin. Ol ýerde bolaa dar agajy taýýardyr, ony özüñ hem bilýänsiñ! - diýdi. Meniñ hem ganym gyzyp başlady. Emma entek beek deprenip bilemok. Nädip-de bolsa topar otrýadymyzyñ hem bardygyny bildirmän, yza çekilen bolşewikleriñ gaýdyp gelerine garaşýaryn. Telpegimi çykaragadan ýere atdym. Stulda aşak oturdym-da: "Meniñ nähili hatymy tutan bolsañ, çykar-da, şu stoluñ üstünde goý!" diýdim. Stoluñ depesinden hem ýekedaban ýaly agyr ýumrugymy goýberdim. Çagşyk stol tas ýumrulypdy. Andiýewskiý gözlerini petredip towsup turdy. - Goý şu stoluñ üstünde - diýdim. Bilimdäki ak sapla-da ýapyşdym. Andriýewskiý şol ýeriñ özünde menden eýmenmedik bolsa, adam çagyryp, meni atyñ öñüne salardy hem "Eltiñ-de Gyzylarbatdaky dar agaçdan asyñ" diýerdi. Ol gorkusyndan ýuwdunjyrap aşak oturdy, ellerini owkalaşdyryp, özüni ýitirdi, näme diýerini bilmedi. Men onuñ bilen deñ bolup durmadym. Onuñ gowşanyny bilip: "Siziñ ýaly garry adama ýalan sözlemek gabahat bolmazmy?" diýdim. Geplemän, esli wagt ýere garap oturdy. Turdum-da, çykdym ötägitdim. Yzymdan atly iberip, öýe ýetmäkäm tutdurarmykan öýdüpdim. Emma ol ony edip bilmedi, ýöne menden el hem çekmedi. Men oba arçyny bolamsoñ, ol hat iberip, maña: "Üç günüñ içinde gerkezlerden on sekiz baş düýe ýygnap getir!" diýip buýruk edipdir. Ol Garrygalanyñ uçastok komissarydy. Gyzylarbada gidip, onuñ üstünden wolostnoýa arz edeýin diýsem bolsa, ol ýerde oturanlar hen aklar. Özümiz hem Şagadamyñ garamagyndamyşyk... - Hawa, hawa - diýip, Stepanow bilen Andreý Andreýewiç ikisi birden gepledi. - Indi siz Gyzylarbada garaşly, emma basym siziñ Garrygalañyz hem wolost bolýar. Ýylyñ aýagyna bolsa hemme wolostnoýlaryñ raýona öwrülmek gürrüñi hem bar - diýip, Stepanow oña düşündirdi. - Mahlasy, men näderimi bilmän, ýene ýuwaşjadan garañkyny düşürip, şol rus Gemrä, Sergeý Şerbakowyñ ýanyna gitdim. Ol maña gös-göni: "Şu aklara merkem bermegiñ, basym bolşewikler gelýär, eýt-beýt, birazajyk güýme" diýdi. Men dogrusy, onuñ: "Bir aýdan gelerler" diýenine ynanmadym, çünki bolşewikler ýañy Baýramalynyñ ýakynyna gelipmiş diýip eşidipdim. Ol bir hat çykaryp görkezdi-de: "Ine göräý" diýdi. Elbetde, men onuñ nirden gelip, kimiñ ýazanyny bilmedim. Ýöne gyssanýardym. Bolsa-da oba ili - rus, türkmen Şerbakowlary sylaýardy, öz ýerinde abraýy uludy. Ynandym. - Iki aý hem bolsa, Andriýewskini süýrenjeñlige salyp eglärin - diýdim. - Gaýdyp geldim-de, oba jemagatyna ýuwaşjadan: "Hemmäñiz malyñyzy daga kowuñ" diýdim. Onsoñ raýona gitdim. Andriýewskimiñ ýanyna bardym. Jögülige salan bolup: - Düýe diýen ekeniñiz welin, gerkezlerde ýeke düýe-de galmandyr. Ýogsam-a hatyñyzyñ barany öñräkdi - diýip, onuñ bilen ikiçäk oturyp, hakyt mylakatly gürrüñ etdik. Emma ol ýene el çekmedi. - Gerkezde bolmasa, gökleñde bardyr, tapawudy näme, ikisi hem seniñ diýeniñ bilen ýöreýär - diýdi. Yzyndan hem gülen bolup: - Düýe bolmasa, her düýäñ ýerine iki ýaby beräýiñ - diýdi. Men birden nämä gyzanymy hem bilmedim, oña: - Saña bizden ýaby däl, eşek hem ýok - diýip, gapyny şarkyldadyp ýapdym-da çykyp ugradym. Ol towsup çykdy. Öz sakçy soldatlaryna el bulap: - Ony tutuñ-da, gabawa sokuñ - diýip gygyrdy. Men ony eşidip, özüm yzyma gaýdyberdim. Meni tussag oturan kamera eltip saldylar. Arkaýyn otyryn. Emma onuñ meni gazamatda uzak oturtmaga bogusy ysmady. Derrew adam iberip, öz ýanyna çagyrdy. Ol: - Meniñ saña haýpym gelýär. Seni gös-göni hökümetiñ buýrugyna boýun egmeýän diýip atarlar, beýtme, on sekiz baş düýe ber-de, başyñy gutar, bar. Ýöne indi süýrenjeñlige salma, meni hem gyssaýarlar, düşün ahyry - diýip ýalbardy. Men ýene oba baryp, ýaşululara geñeşdim. Sergeý Şerbakow dagynyñ ýanyna gidip geldim. Ol ýerde maña: "Gyzyllar heniz hem Gyzylarbada gelip ýetenok" diýdiler. Ahyrynda öñli-soñly gökleñ-gerkezden Andiýewskä öz bahasy bilen on sekiz sany düýe berdik. Ine yz ýanyndan welin: "Gyzyllar Kakany alyp, Aşgabada ýetip gelýärmiş!" diýen habar ýaýrady. Ýüregimiz suwlandy. Men ondan soñ işim bolsa-da, Garrygala gidip, polkownik Andiýewskiniñ ýanyna barmagymy kesdim. Aşaklykdan ähli atly otrýadyma: "Taýýar bolup duruñ, obadan kän daşlaşmañ" diýip tabşyrdym. - Oñarypsyñ - diýip, Stepanow ýene çilim otlandy. Andreý Andreýewiç bolsa ol wagt gapydan: - Heniz hem ýatañzokmy? - diýip, ähli işini gutaryp gelip aýalyna: - Annuşka, biz, ponimaýeş, bolmanda bu gije ýatjakmy? Onuñ gürrüñini diñleseñ bilerdiñ... - diýip, ol Alymuhammetden tarapa bir garady-da, çanaga elini uzatdy. - Şujagazy bir gyzdyryp berseñ, ondan soñ ýatyber. Bize-de bu dünýäde açyk gepleşip oturmaga döwür geldi - diýdi. Stepanow ýuwaşjadan başyny atyp hümüni berdi. Alymuhammet bolsa bir ýylgyrdy-da: - Dañ hem atyp barýandyr, indi ýatasymyz ýok-la. Men hem ine basym gutararyn-la - diýip, eli gaply eýwana çykyp giden Anna Aleksandrownanyñ yzyndan garap galdy. Soñra Andreý Andreýewiçe garap: - Anna Aleksandrowna ýadandyr... - diýdi. - Ýadasa, ana boş krowat, boş diwan, ýatsyn, ponimaýeş, ine nahary getirsin, biziñ onsoñ özümiz bir zat ederis - diýip, ýene bulgurlary bir ýere üýşürdi. Iñ soñky galam aragy bölüşdirip guýdy. Stepanow onuñ aragy ýene üç bölenini görüp, Alymuhammediñ ýüzüne seredip ýylgyrdy: - He, aýdyber, ondan soñ Andriýewskiniñ ýanyna barmadyñ. Dogry edipsiñ - diýdi. Andreý: - Dogry bolsa, al şunam içsin. Başga ýogam. Ine nahar gelýänçä balyk. Ertirem iş ýok - diýip, Alymuhammediñ bulguryny oña uzatdy. - Özi hem ýerde goýmasyz. Onsoñ belli zat, ponimaýeş, Andriýewskini hem ýok edensiñiz... - diýip güldi. - Al, şonuñ saglygyna - diýdi. Goýman hemmelere içirdi. Salpu murtlaryny süpürişdirip otyrka, Anna Aleksandrowna eli tabakly girdi. Oña äri Andreý Andreýewiç: - Köp sag bol, Annuşka, indi sen, ana, meniñ ýerimdejik gyşaraý - diýdi. Ol geplemän, baryp gyşardy. Alymuhammet: - Ýok, Andreý Andreýewiç, ol gaýdyp ondan soñ hem bizi heläk etdi. Biz bilsegem, onuñ bolşewikleriñ ýetip gelýäninden habary ýok ekeni. Ol, baý öz hökümimi berkitmäge dyzad-a - diýdi. - Şeýlemi? - Şeýle. Bolşewikleriñ ýetip gelýänine ynanýan däldir öýdüp, Şerbakow meniñ ýanyma Bousow bilen Lýamini, ýanlarynda ýene bir özbek ýigidi hem bardy, iberipdir. Men olara: "Menden arkaýyn boluñ, ähli otrýadym bilen taýýar" diýdim. Hawa, hawa, şeý diýdim. Olat Nikolsk posýologyndan geldiler. Garrygala bolsa günbatarda. Biz iki ortada ýoluñ üstünde ýaşaýarys. Emma Andriýewskiý eýýäm meniñ ýanyma ol üç atlynyñ gelip gidenini eşidipdir. Ertesi Garrygaladan iki sany soldat bilen bir ofiser geldi. Olar gelip, at üstünden özleriniñ rus mylakatlylyklary bilen: "Bizi polkownik Andriýewskiý iberdi!" diýip, gysgajyk habar berdiler. Içimden: "Şu Andriýewskiý mensiz mydar edip biljek däl öýdýän" diýdim-de, ýerimden turdum. Ofiseri öýe çagyrdym. Iki atly daşarda: "Öýde näme goparka?" diýen ýaly içerini diñirgenişip, gara öýüñ gapdalynda atdan düşmän durdular. Ofiser maña: Onuñ alyhezretleri Andriýewskiý siziñkä bolşewikler gelip gitdi diýip eşidipdir. Özüniñ şondan örän biynjalyklyga düşenini size habar bermäge iberdi" diýdi. Ol hakykaty aýdýardy. Şugulçynyñ oña örän wepadardygy bellidi. Bolsa-da men olary mylakatlylyk bilen ugratmaga niýetlendim. Ýerimden turdum-da, öýden başymu çykaryp, atlylara: "Atdan düşüñ, näme otyrsyñyz? Nähili daş ýerden geldiñiz. Howa bolsa yssy, türkmen öýüne gelene gök çaý içmän gitse bolmaz, atyñyzy dañyñ-da geliberiñ" diýdim. Soñra gaýdyp ýerimde oturdym, ofisere şeý diýdim: - Jenap Andriýewskä: "Ol habar düýbünden ýalan, ol-da maña nähak edilýän töhmetleriñ biridir" diýip aýtdy diýip diýdim. Ondan soñ hem bolşewikler Aşgabatdan kän añyrda, Kakadan hem añyrdamyş. Olaryñ bärsinde ak es-erler bar. Ýeri, onsoñ bolşewikler üç-dört ýüz kilometrlik ýola, meniñ üstüme nädip hem näme üçin adam ibersinler? Şu habar düýbünden töhmetdir. Onuñ alyhezretlerine aýdyñ, menden ýaña öýünde örän arkaýyn ýatsyn - diýdim. Olary iýdirip-içirip, örän hoş edip goýberdim. Alymuhammediñ bu gürrüñine Stepanow bilen Andreý Andreýewiç ikisi öñden-de keýpi göterilen başlaryny ýaýkap, jak-jal edip gülüşdi. Anna Aleksandrowna-da gözüni açyp bir seretdi-de, añyrsyna döndi. Içki otagda çolaşyp ýatan täze çatynjalar Ýusup bilen Walýa oýanyp, hümürdeşip başlan ýaly boldy. Alymuhammet olaryñ gülkülerine has göterildi, özi-de ýylgyryp, pişge murtlaryna syntgy berdi, mahorka haltasyna goluny uzatdy. Andreý Andreýewiç oña gözi düşenden, mahorka haltasyny bölek gazet ýyrtygy bilen öñüne süýşürdi. Alymuhammet mahorkany ýogyndan dolap, dili bilen taraşlady, eglip, ony Stepanowyñ çekip oturan çiliminden otlady, bir çañydyp goýberdi-de dowam etdi. Ýañy uka giden Anna Aleksandrowna içerde tüteýän ajy mahorkanyñ ysyna uklap bilmän, tiz-tizden towlanýardy. - Hawa, onsoñ - diýip, Alymuhammet ýene Andriýewskili gürrüñe başlady. - Ine ol günüñ ertesi Andriýewskiý ýene iki sany atlyny çapar iberipdir. Olar men ýokkam öýüme gelipdirler-de: "Ertir Garrygalada at çapyşygy bolýar. Şoña Alymuhammet han hökman gelmeli, komissar çagyrýar, barsyn" diýipdirler. Hernä özümi gözläp ýörmän, derrew gidipdirler. Ertesi men baraýan bolsam, özüme nähili at çapyşygy, nähili "skaçka" görkezjegini bilipdim... Onuñ bu sözüne Andreý bilen Stepanow ýene gülüşdi. Alymuhammediñ özi olardan hem beter güldi-de: - Men ondan soñ aklaryñ bu sypaýyçylykly, emma başyndan köp zady geçiren gartañ polkownikleriniñ bir zatlar duýup gysylýandygyny bildim. Hemmeden beter menden heder edýänini-de añdym. Ol özünjñ Garrygaladaky ömrüni gysgaldaýanyny duýup başladymyka diýýärin. Elbetde, onuñ-da gyzyllaryñ Aşgabatda dagam durman, öz okgunyna denikinçi es-erleri götin sürüp gelýänini eşitmän durmandygyny bilýärin, çünki Garrygala uçastogynyñ bu komissary bar telefon-telegrafa erk edip otyrka, Gyzylarbatdaky, Şagadam hem Aşgabatdaky öz kelle kesenleri bilen gatnaşyk etmän durmajagy bellidi. Ol wagt bütin Sumbaryñ boýuna erk edip oturan şu komissardy ahyryn. Onuñ maña indiki gysmyljyramasynyñ sebäbi, meniñçe; eger gyzyllar gelip Garrygalany eýeläýseler, biziñ öñümizde özüni hiç bir garyby ynjytmadyk bolşewik dosty bolup görünjek bolýarmydyka diýýärin. Stepanow stoldan tirsegini aýryp: - Elbetde... şeýledir - diýdi. - Ol zatlar belli-le, ponimaýeş - diýip, Andreý-de başyny atdy. Alymuhammet dowam etdi: Men gerkezden iki sany atlyny iberdim-de: "Alymuhammet hanyñ-a skaçka geler ýaly ýarawlygy ýok, ýöne çakylygyna tañyr ýalkasyn aýdyp gaýdyñ" diýdim. Sorasa-da, galman ýatyr diýip, ýüzüñizi salyñ-da duruñ diýdim. Bardy-geldi, ile etmeýän ýagşylygyny etjek bolup, Garrygaladaky ýeke doktory hem meniñ üstüme iberäýjek bolsa, biriñiz at salyp gaýdyñ-da, maña habat ediñ, sebäp men bu wagt sizi Garrygala ugradyp, özüm Nikolskä, rus ýoldaşlarymyzyñ ýanyna gitjek - diýdim. Ýene olara: "Birden ýalançy bolup, wagtyndan öñ syrymyzy bildiräýmäliñ, bolşewikler kem-kem ýakyn gelýärmişler. Munça atly otrýad bolup, keserişip ýatmaly däl, biz hem basym atlanmaly bolarys. Emma agzyñyzdan söz sypaýmasyn" diýdim. Olar Garrygala, men bolsam iki atlyny alyp, Şerbakow dagynyñ ýanyna eñdim. Baryp, uzyn gije geñeş etdik. Meniñ basyrynyp ýatan ýüz ýigrimi atlym dagy bar. Olar hem elli atly dagy bereli diýdiler. Sergeý orunbasarym bolmaly, men bolsam türkmen-rus atly partizan otrýadynyñ komandiri bolmaly... Bolşewikleriñ ýakynlaşany eşidildigi hem, derrew olar bilen öñki ýaly aragatnaşygy dikeltmeli. Olar, elbetde, habar etdikleri, bu daglaryñ ýeñsesinde atlarynyñ irişmesinden tutup atlanmaga taýýar bolup duran biziñ otrýadymyzyñ bardygyny bilýärdiler. Hawa, mahlasy, biz uzyn gije geñeş gurap, ýañky karara geldik. Ertesi yzymyza gaýtjak bolup durduk. Birden howpurgap, obamyzdan iki sany atly geldi. Olar gyssanjyrap: "Alymuhammet aga, seni gözläp, Garrygaladan bir ofiser bilen on sany atly-ýaragly soldat geldi. Biz olara: "Alymuhammet eşekli oduna gitdi" diýdik. Emma olar: "Onda tä gelýänçä, biz onuñ öýünde garaşjak oturjak" diýip ýatyrlar. Iki sanysy bolsa sen baraýsañ, öñúrti tutjak bolup, bärki obañ ýakynynda ýoly garawullaşyp ýör. Emma ýaşulular olara şol ýerde nahar hödürlän bolup, öýe saldylar. Seslerini çykartman, şol ýeriñ özünde ikisini hem basa düşüp, ellerini arkalaryna dañdyk, sesleri çykmaz ýaly, agyzlaryna-da ýaglyk dykdyk. Añyrkylaryñ olardan habarlary ýok. "Nätmeli?" diýdiler. Şonda biz onuñ Andriýewskiniñ işidigini bilip, şeýle diýdik. - Onda indi siz iki bolup gitmäñ. Bilinmez ýaly, sen ýeke git-de, öýümize bar. Ýaşuly-ýaşkiçileri çagyryp, derrew janly soýup, olara hezzet edip başlañ. Ýaraglaryny ýygnap, şol ýapydaky çynara söýäñ. Olar göwünlerine zat almaz ýaly tabak çekeñizde, uzyn hatar edip goýuñ. Nahara kelleleri gyzaram welin, iki sanyñyz ýaraglaryna topulyp, galanlaryñyz bolsa her soldata iki adam bolup, basa düşüñ-de dañyñ. Biz barýançak saklañ! - diýdim. - Molodes siz! - diýip, Andreý onuñ egnine kakdy. Stepanow hem: - Bu Sumbaryñ şiri ahyry - diýip, çyny bilen gepledi hem öz sözüni özi tassyklap, "Hawa, hawa, ýoldaş Poddubnyý, bu hut şeýle" diýip, ol bu ýerde Andreý Andreýewiçiñ familiýasyny birinji gezek tutup gepletdi. Alymuhammet Stepanowiçiñ öwgüsini eşitmezlige saldy. - Ine biz ol ýigide şeýle tabşyryk bilen ugradanymyzdan soñ, aradan üç-dört sagady geçirip, geñeş-maslahat bilen bir topar atly-ýaragly bolup gaýtdyk. Sagat dörtlerde geldik. Öñümizde nähili waka sataşjagymyzy bilemzokdyk. Emma birgeñsilik... Diýşimiz ýaly edipdirler. Kileñ elleri arkalaryna dañylgy ýatyrlar. Ofiser meni görüp, dişi bilen dañysyny çözjek bolup dyzady. Bolmady. Ol öz eginlerindäki pogonlara agzyny ýetirjek bolup, iki egninden agyz salýar, özüñize belli, aklaryñ pogonlary hem örän neşeli ýaldyrawukdy. Ol oñarman: "Gyzyllar geldigi, meniñ pogonymdan tanap, hökman atarlar, egnimdäki pogonlary goparyñ zyñyñ" diýip ýalbardy. Sorag etdik. Soñra topary bilen at öñüne salup, Nikolsk posýologyna tarap alyp gitdik. Gyzyllara habar ýetirdik. Ertesi iñ soñky gezek Andriýewskiý bilen hasaplaşmak hem Garrygalany aklardan saplamak üçin zarba urduk. Barsak, aklar eýýäm öñürdipdirler. Dyr-pytrak bolup, gaçyp gidipdirler. Andriýewskiniñ edarasynyñ agzy hem açyk, hañkaryp ýatyr. Meniñ Andriýewskiý bilen dartgynly gatnaşygym ine şu ýagdaýda tamam boldy.* Öz Ýuwangala obamyza geldik. Biz Garrygaladan diñe on sany bolup gaýdypdyk. Derýañ boýundaky Owaza gädiginde görsek, bir pulomýotçy gaçgak aýal bilen alty sany hem ofiser dur, güpbasdy etdik. Eýrana gaçmaz ýaly, tutup ýaragsyzlandyrdyk. Emma biziñ Garrygalada galan otrýadymyz ýene agşam yzymyzdan gelip: - Biz-ä bolşewikleriñ niredediklerini henizem bilemzok. Garrygalany ýene aklar eýeledi - diýşip keýpsizlendiler. Dogry, gyzyllar ol wagt ýañy Gökdepeden bärik geçipdiler. Gyzylarbada, diýmek şol hatarda Garygala-da uruş bilen ýetmäge entek telim ýüz kilometr bardy. Emma olaryñ tiz geljekdiklerine hem ondan soñ ýeñşiñ gutarnykly boljagyna berk ynanýardy. Biz hem daglaryñ arasynda herekete başladyk. "Bolşewikler gelýär" diýen sözden gorkup, Eýran tarapa gaçýanlary tutup ugradyk. Ýañky tutanlarymyzy hem Nikolsk posýologyna sürdük. Ýolda aklaryñ Bendesen obasyndaky türkmen aýal-gyzlarynyñ gyzyl-kümüş şaýlaryny talap gaçanlaryny eşitdik. Otrýadym bilen atlandym. Olar bize Köşeguçanda, derýanyñ öwrüminde sataşdylar. Gabadyk, atyşyp başladyk. Otuz atly ak esgeriñ diñe sekizisi diri galansoñ boýun egdiler. Sowet topragyndan çykarylyp alnyp gidiljek bolnan şeýle gyzyl-kümüş şaýlary alyp galdyk. Gyzyllar Gyzylarbadyñ ýakynyna gelende, Bamy stansiýasynda Zakaspiý frontunyñ komanduýuşisi Timoşkowa eden işlerimizi habar berdik. Ýanymda iki ýüzden gowrak otrýad çlenlerimden başga orunbasarym Sergeý Şerbakow we Wasiliý Babenko bardy. Bize "Bu ýerden gidip, Teleşiñ otrýadyna goşulmaly, Garrygala Ýokary Sumbar tarapdan duýdansyz gelip zarba urmaly" diýdiler. Şonda näçe günler belent daglara dyrmaşyp, ýol gözläp horluk çekdik. Emma añyrdan gelip, Garrygaladaky aklara şeýle bir zarba urduk. Garrygalanyñ dolanyp duşmana ýüzi düşmez ýaly päkledik. Ol söweşiñ ýek-ýarym ýerini öñ hem size bölek-büçek gürrüñ beripdim. Soñky gezek bolsa nirede aýrylyşyp, ine-de frontdan ýeñiş bilen gelip, ilki tapyşyp oturyşymyzdygyny özüñiz bilýärsiñiz. Indiki wezipeler, näme etmeli, näme ýumuş barlygyny, hemişeki ýaly, sizden eşidermikäk diýýän. Çyranyñ ýagy gutaryp, ol kem-kemden söndi. Oturan-oturan ýerinde tama arkalaryny berip, uklap galdylar. Salymyny bermän, dañ salgymy äleme çaýylyp başlady. ________________________________________ * Bu bölüm Alymuhammediñ prototipi Allaýar Gurbanowyñ öz ýatlamasyndan alyndy. # Berdi Soltannyýazowyñ "Sumbar akýar" romanyndan bölek, 3-nji kitap, 12-nji bap, 68-75-nji sah., "Türkmenistan" neşirýaty, Aşgabat-1982 ý. | |
|
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
√ Arap hekaýatlary - 15.10.2024 |
√ Kaşgarly sözlügi ýa-da iki sürtük / nowella (18+) - 12.02.2024 |
√ Nälerkerde / ajy hekaýat - 14.09.2024 |
√ Şem / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Halasgär barsyň hamy / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Zenan bagty / hekaýa - 06.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |