SÜRÜJINIŇ SÖZI
Şähere ümsümlik aralaşypdy,
Onkini görkezýär sagadyň dili.
Men bolsa tigirläp äpet ulaga
Ümsümligi bozýan –
Oýarýan ili.
Oýanan adamlar bagyşlar meni,
Hawa, meniň gulluk wezipäm şeýle.
Işçileri öýlerine ýetirip,
Olardanam has soň dolanýan öýme.
Munuň üçin käýinemok birjigem,
Maşgalamam öwrenişdi bireýýäm.
Adamlaryň arasynda bolmagy –
Hem-de wezipämi-kärimi söýýän.
Hanha, awtobusda otyr bir adam
Gijeki ýeriň sada pälwany.
Şäheriň çetine gitmelem bolsa,
Äkiderin ýatlanmany – armany.
Hawa, meniň gulluk wezipäm şeýle,
Bagyşlasyn meni asuda obam.
Bir adammy?
Köp adammy?
Parhy ýok.
Hyzmat edýän, hyzmat edýän säginmän.
■ WEPALYLYK
Umydygär bolup,
Umytdan düşmän,
Geçirdi üstünden çärýek asyry.
Ýaşlygyndan ýadygärlik bir nyşan –
Diwaryndan goşa surat asylgy.
Uruş tamam boldy.
Telim ýyl geçdi.
Könelişdi bedendäki ýaralar.
Gelnejemiň elindäki gapjykda
Şol täze ýara bar –
Täze ýara bar.
“Ýaryň söweşlerde dereksiz ýitdi”.
Diýen söze umyt baglan gelnejem.
Wepaly ýaryna ýüzlenýär her gün,
Diýýär: “iller geldi, geläý-dä senem!”
“Ölen bolsa, ýazardylar anygny,
Köpler anyk jogap aldy, balalam!
Hökman geler, bardyr olam bir ýerde,
“Ölme – de – ýit” diýipdirler babalar”.
Uzak ýyllar garaşyp ýör gelnejem,
Pugta saklap harbylaryň hatyny.
Çärýek asyr täzeleýär, goraýar,
Gyrmyzdonly bukjasynyň gatyny.
Uruş hakda gürrüň bolsa diňleýär,
Kitap okatdyrýar uruş barada.
Ýüzläp-ýüzläp gelin otyr wepaly,
Meniň gelnejem dek söwer ýaryna.
Uruş hakda kino diýip aýtsak,
Soragyn suňşurýar yzly-yzyndan.
Bar ünsüni berýär mawy ekrana,
Ýary çykaýjak dek telewizordan.
Tüpeň atylsa-da, top atylsa-da,
Gözün gyrpman seredip dur ekrana.
Niçikmi esgerleň biri ýykylsa,
Kellesini ýaýkaýar ol her ýana.
Ýurdumyň üstünde parlady Ýeňiş,
Aman galanlaryň başy jem boldy.
Bir wagtky gara saçly gelnejem,
Indi kümüş saçly gelneje boldy.
Köp ýyl bäri ýara umyt baglaýar,
Uruşdan söz açýar,
Sözlese herne.
Her ýyl telim goýny toýa niýetläp,
Garaşýar Ýeňişiň öýne gelerne.
Garaşyp ýör kümüş saçly gelnejem,
Döz getirip kynçylyklaň baryna.
Ýüzläp-ýüzläp gelin otyr wepaly
Meniň gelnejem dek söwer ýaryna.
■ BAGA BARYP
Bu baglyk,
Gür baglyk – söýgüli ýerlem.
Baglara seýil etmek endigim meniň,
Agaçlary pyntyk ýaryp başlandan
Gyşa çenli göwnün götär geleniň.
Agaçlaň bezegi toty-gumrulaň,
Hem-de ýapraklaryň şelaýyn sesi.
Goşulyp ýaýramda –
Bu şirin mukam,
Jennete öwrüler baglaň kölgesi.
Mukam gerek bolsa, çykar notaňy,
Tema gerek bolsa, belle şu ýerden.
Megerem, ýüz öwren bolmasa gerek,
Şu baglykda dörän çeper eserden?!
Jöwzaly tomsuňam,
Altyn güýzüňem,
Geçirdim şu ýerde telim pursatyn.
Synladygyň saýy –
Özgerip keşbin
Dolýar hyjuw bilen kalbyň – gursagyň.
Barabardyr ömrüň ençe aýyna,
Bu baglykdan her ýyl alan paýym meň.
Sapaly goýnuny,
Gül – çemenleri,
Näçe diýseň, wasp etmqge taýyn men.
... Ýene bardym şol baglyga aýlanyp,
Töwerek gum – guklyk,
Bu gezek gyşdy.
Jyza baglan agaçlaryň goýnunda,
Akja tozgalara nazarym düşdi.
Bahar pasly ülpüldeýän agaçlar,
Otyrlar ümüre başlaryn büräp.
Gördüm şahalarda gara gargalar,
Göýä sakçy kimin gezýär sülmüräp.
Her pasyla eçilip dur özüçe –
Tebigatyň dürli-dürli oýny bar.
Şol bir ýerde –
Şol şahalaň üstünde –
Ýazda gumry, gyşda garga oýnaýar.
Görüp gargalary kibtim gysyldy,
Agaçlara haýpym geldi,
Darykdym.
Gargalara kesek zyňyp, uçuryp,
Gygyryp, tas ýüreklerni ýarypdym.
Bu gyşyň kanuny – ähli şahalar,
Jyza baglap – goý, galgasa galgasyn!
Ýöne toty-gumrylaryň mesgeni,
Boş dursa-da gargalara galmasyn!
Begmyrat USSAÝEW.
Goşgular