22:18 Suw - ýaşaýyş / kinossenariý | |
SUW — ÝAŞAÝYŞ / dokumental filmiň edebi ssenarisi
Publisistika
Ýer togalagy öz maýdalyna aýlanyp dur… Ýuwaş-ýuwaşdan oňa golaýlaşdygymyzça köp zat aýan bolýar — Zeminiň aglaba bölegi suw! Köp bölegem çölüstanlyk! Takyk ylmy maglumatlara görä, ýer ýüzünde «çöl» adyny alan 150 ýeriň bardygy aýan bolýar. Aziýa yklymynyň 13 ýurdy, Afrika yklymynyň 19 ýurdy, Günorta Amerikanyň 2 ýurdy Aziýa zolagy diýilýän çöllük ýa-da ýarym çöllük ýerde ýerleşýär… Tolkun atýan ummanlar… Deňizler… Gum içinde her ýerde-her ýerde saýlanyp duran köller. Akar suwlar, çeşmeler… Suw içýän adamlar, çagalar… Alymlaryň maglumatlaryna görä, dünýä suwunyň jemi mukdary 1,4 milliard kub kilometre barabar bolsa-da, onuň 97,5 göterimi ummanlaryň we deňizleriň duzly hem dürli derejede minerallaşan suwlarydyr. Umumy suwuň diňe 2,5 göterimi süýji suwdur. Şol süýji suwuň hem 68,9 göterimi müdimilik doňup ýatan buz, gaz hem-de gar halyndadyr, 30,8 göterimi bolsa toprakda yzgar we ýerasty suw görnüşindedir. Onsoň, süýji suwuň diňe 0,3 göterimi derýalarda we köllerde ýerleşip, adamzada elýeter haldaky suwlar bolup durýar. ■ SUWUŇ TARYHYNDAN Gadymy Änew ýadygärlikleri… Seýitjemaleddin ýadygärligi… Belli amerikan alymy Pampelliniň Änewde geçiren gazuw-agtaryş işlerinden pursatlar, şol döwrüň fotosuratlary Änewde geçirilen ylmy barlaglaryň uly ähmiýete eýe bolandygyny aňladýar. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň taryhy muzeýi. Bu ýerde Änewiň gadymy ýadygärlikleri bilen baglanyşykly eksponatlar bar. Ýer sürülýän gurallar, orak, maňňal, içi ak bugdaýly küýzeler, Pampelliniň ekspedisiýasy bilen baglanyşykly fotosuratlar, ýazgylar, kartalar ýerleşdirilipdir. Häzirki Änewiň galla meýdany, bu ýerde bugdaý orlup ýör, gadymyýetde başlanan ekerançylyk häzirki Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dowam edýär… Dag etegindäki gadymdan galan çeşme-bulaklar, kärizler. Olardan häzirem suw akyp dur… Ekin meýdanlary suwarylýar… Taryhy maglumatlaryň tassyklaýşy ýaly, iň ilkinji adamlaryň kem-kemden paýhasly ýaşaýşa geçip ugramaklary-da, has soňrakky gadymy medeniýetiň ösüşi-de suw swilizasiýasyna esaslanýar. Bäş müň ýyl mundan ozal eždatlarymyz suwarymly ekerançylyk bilen meşgullanyp, Änewde däne ekipdirler. Oguz hem Üňüz derýalarynyň kenarlarynda irki oguz medeniýeti emele gelip ugrapdyr. Dünýä taryhy ilkinjileriň hatarynda suwa erk edip ugran adamlaryň biziň ata-babalarymyzdygyna, ekerançylygyň ilkinji mesgenleriniň biriniň biziň topragymyzdygyna, ýagny bugdaý ösdürip ýetişdirmegiň ilkinjileriň biri bolup türkmen topragynda başlanandygyna şaýatlyk edýär. Bu hakykat milli duýgyňa hyruç berýär. Ak bugdaýyň watanynyň Änewdigine neneň guwanmajak?! Mundan sekiz müň ýyl ozalky Jeýtun medeniýeti bilen tanşanyňda, eždatlarymyzyň suw nagymlaryndan ussatlyk bilen peýdalanandyklaryny bilýärsiň, şol döwrüň suw nagymlarynyň yzlary bolsa biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr. Soňky döwürde «kanalizasiýa» diýlip atlandyrylan suw nagymlaryndan dünýäde ilkinjileriň hatarynda biziň ata-babalarymyzyň peýdalanyp başlandygy, heý-de buýsandyrmazmy?! Suwy öz haýryna tabyn etmegi başaran eždatlarymyzyň bagy-bossana bürenip oturan ülkesini gören daşary ýurtlular haýran galyp, bu ýerleriniň halkyny «Bagtly ilat» diýip atlandyrypdyrlar. Aleksandr Makedonskiý «Bagtly ilata» gelip, öz nesliniň şu ýerlerde ösüp-örňemeklerini isläpdir. Görenleri aňk edýän keramatly topragyň diňe bir Änew sebitlerinde on sekiz çeşme, ýigrimi bir käriz soňrakky ýüzýyllyklara çenli saklanyp galan eken. Ýeterlik suw türkmen sährasynda jenneti bagy-bossanlyk döredipdir. Suw bol bolanda türkmen topragynda Allatagalanyň alty müň görnüşli ösümlikleriniň ählisiniň ösýändigini biz bilýäris ahyryn! Köpetdagyň etegindäki çeşme-bulaklar. Türkmeni gadymdan suw bilen üpjün edip gelýän meşhur çeşmeler: Gyzgynçaý, Kelteçaý, Ýanbaş, Altyýap, Sekizýap… Bu çeşmeleriň akabasynda duran Altyndepe, Owadandepe, Pessejikdepe ýadygärlikleri… Hakykatdanam, müňlerçe ýyl mundan öň Köpetdagyň eteklerinde birnäçe kiçijik derýajyklar bolupdyr. Olar ekerançylyk üçin örän amatly ekeni. Derýajyklaryň hersi bir ugurrakdan inýänem bolsa, häsiýetleri meňzeş bolupdyr. Olar beýle çuň bolmandyrlar. Gyralary kert gaýaly dälligi üçin, ekerançylyga peýdalanmaga güýçýeterli bolupdyr. Derýajyklaryň suwy mydama bir tapda akypdyr hem-de olar giden Ahal sebitlerini suwlulandyrypdyr. Ahalyň suwy, baryp, Ýegenlibaşa ýetýän ekeni. Ine, şol derýalaryň käbiriniň atlary: Mäneçaý, Perisuw, Igdeliksuw, Laýlysuw, Gyzgynçaý, Kelteçaý, Ýanbaş, Garasuw, Aksuw, Altyýap, Sekizýap, Barslyçaý... Ol derýalaryň akabalarynyň ugrundaky Ýegenlibaş, Altyndepe, Owadandepe, Pessejikdepe ýadygärlikleri iň gadym eýýamyň medeniýetinden bize galan alamatlardyr. Türkmenistanyň gadymy döwrüni suratlandyrýan taryhy karta. Onda öňki döwürde Amyderýanyň Hazar deňzine çenli Uzboýuň üsti bilen uzalyp gidýän şahasynyň şekili. Derýanyň kenaryndaky şol wagtky oturymly ýerler ünsüňi çekýär. Gadymy Köneürgenjiň kartasy… Amyderýanyň şol wagtky şekili gadymy Köneürgenjiň ýadygärlikleri… Kutlug Temiriň ýadygärligi… Nejimeddin Kubranyň ýadygärligi… Soltan Tekeşiň aramgähi. Häzirki döwrüň Amyderýasy… Iki tarapy tokaýlyklar bilen örtülen bu derýa häzirem ilatly ýerleri suw bilen üpjün edýär, giden bir ekinzarlyklary suwarýar… Bir mahallar Amyderýanyň Uzboýuň üsti bilen Hazar deňzine guýandygyny biz bilýäris. Onda-da, ýeri gelende, käbir taryhçylaryň bu maglumaty tassyklaýan ýazgylaryna ünsi çekeliň. Abulgazy bu hakda şeýle diýýär: «Ürgençden tä Balkana çenli bütin ýurt gür ilatly we haýran galdyryjy derejede hasylly bolupdyr. Tä deňze guýýan ýerine çenli derýanyň iki kenary hem üzümçilige, işläp bejerilen ekerançylyk meýdanlaryna we miweli baglara bürenip otyrdy. 1575-nji ýylda Amyderýanyň suwy Arala sowlupdyr. Ürgençden günbatardaky bütin ýerler çöllüge öwrüldi». Ine, şeýle bolansoň, Uzboýuň suwunyň kesilmegi bilen, diňe bir derýanyň başky we orta akymlarynda mesgen tutan eždatlarymyz däl, eýsem aşaky akymlarynda, ýagny Balkan daglarynda, Tüwer sebitlerinde ýaşan pederlerimizem Uzboýuň ters yzyny çalyp, suwly ýerlere süýşüpdirler. Alymlar esasy bölegi türkmen topragynyň içinden akyp geçýän Amyderýanyň iki kenarynda bir mahallar ýüzlerçe şäheriň ýerleşendigi, Uzboýuň ugrunda bolsa ajaýyp şäherleriň sanynyň ýigrimiden geçendigi barada ýazýarlar. Özem şol şäher-kentlerde bolçulyk, abadançylyk höküm sürüpdir. Köneürgenç şalygynyň dünýäde deňi-taýy ýok şalyk diýlip atlandyrylmagy, Ürgenjiň şol döwrüň taryhçylarydyr jahankeşdelerini aňk etmegi ýöne ýerden däl. Ine, şu maglumatlaram eždatlarymyzyň nirede suw bol bolsa, şol ýerde ýaşandyklaryna, uly-uly şalyklary döredendiklerine güwä geçýär. Gündogaryň meşhur alymlarynyň biri Mahmyt Kaşgarlynyň suraty, onuň döreden eserleri, kitaplary peýda bolýar. Türkmenistanyň Milli golýazmalar institutynda saklanylýan bu eserlerde suw hakynda hem gymmatly maglumatlar bar. Baryp, XII asyrda ýaşap geçen meşhur alym Mahmyt Kaşgarly ýöne ýere: «Ak buludyň her damjasy altyndyr, ýagsa ýagyş, ezse meni — bagtymdyr» diýmändir. Alymyň bu jümlesinde gurak howa şertlerinde ýaşan ata-babalarymyz üçin suwuň, hatda her damja ýagşyň gadyr-gymmatynyň näderejede ýokary bolandygy hakdaky pelsepewi many bar. Mundan başga-da, eždatlarymyzdan galan suw bilen baglanyşykly yrymlardyr nakyllaram, nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiliginde onuň şöhlelenişem öňki türkmen durmuşynda suwuň nähili uly orun alandygyndan habar berýär. Tebigatyň gurak gelen ýyllary adamlaryň «Ýagmyr ýagdyr, soltanym!» diýip, Allatagaladan ygal dilemekleri bolsa, ata-babalarymyzyň suw jebrini az çekmändiginiň subutnamasydyr. Türkmenistanyň Milli golýazmalar institutynda saklanylýan gadymy oguz dessanlary… «Oguznama», «Dünýäniň ýaradylyşy» kitaplary… Olaryň sahypalaryny agdaryşdyryp, kitapda suw hakynda ýazylan maglumatlar bilen tanyş bolýarys. Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň golýazma nusgalarynda hem suw bilen baglanyşykly setirler bar. Olar Magtymgulynyň suratlarynyň we goşgularynyň üsti bilen beýan edilýär. Gadymy kitaplaryň ýene biri — Nasyreddin Rabguzynyň meşhur «Kysasyl enbiýa» kitaby. Dünýäniň döreýşi bilen baglanyşykly maglumatlary berýän bu kitapda hem suw hakda gymmatly maglumatlar bar. «Dünýäniň ýaradylyşy» atly gadymy oguz dessany: «Ähli zatdan owal ýönekeýje bir suw bar ekeni» diýen jümle bilen başlanýar. Ilki suwuň, soňra suwdan ýeriň hasyl bolandygyny beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly hem özüniň «Näler boldy» atly şygrynda şeýle beýan edýär: Gudratdan bir derýa boldy, Haýbat bile nazar saldy, Gök suwundan asman galdy, Köpüginden ýerler boldy. Älemiň ýaradylyşy hakda söhbet açýan kitaplarda aglaba: «Beýik Taňry Älemi ýaratjak bolanda, ilki bir dür ýasaýar. Dürden suw, suwdan Älemi, Ýeri ýaradýar» diýlip, suwuň döreýişdäki ornuna uly baha berilýär. Magtymguly Pyragynyň: «Kitaplar içinde bir kitap gördüm, // «Kysasyl enbiýa» atly, ýaranlar» diýip waspyny ýetiren Nasyreddin Rabguzynyň kitabynda bolsa döreýiş hakynda şeýle diýilýär: «Sözüň tamamy, bu dünýäniň we o dünýäniň asly suwdandyr». Görşümiz ýaly, suw — gözbaş, suw — başlangyç. Onsoň, ähli janly-jandaryň, ösümligiň jana gelşiniň sakasynda duran gudrat suw diýip arkaýyn aýtmak mümkin! Öz meýline akyp duran çeşmeler. Bol suwly, doly tolkunlary kenara urýan derýalar… Dürli derýalary, deňizleri, olardan gatnaýan gämileri görkezýän fotosuratlar, el bilen çekilen suratlar her bir ýurduň, halkyň derýalary, olaryň kartadaky bellikleri… Amyderýa, Murgap, Tejen, Etrek, Sumbar, Çendir derýalary… Suwuň ýoly — adamzadyň ýoly. Adamyň ýoly deňizdir derýalaryň kenarlaryndan yklymyň jümmüşine tarap ugrugýar. Ýewropada-da, Aziýada-da derýalar adamlar üçin esasy ýol bolupdyr. Ýüzlerçe nesiller derýalaryň boýunda ýaşap, kenar ýakalary bilen göç edip, dünýäniň dört künjegine ýaýrapdyrlar. Şol ilkinji ýaýraýşyň bir ujy biziň topragymyzyň çäklerine hem gelip ýetýär. Özem Türkmenistanyň çäkleri tutuş Aziýa boýunça adamzadyň iň irki mesgen tutan ýerleri hasaplanylýar. Muňa Günbatar Köpetdagyň Etrek, Sumbar, Çendir derýalarynyň jülgelerinden tapylan ilkinji zähmet gurallary-da şaýatlyk edýär. Çünki arheologlar şol tapyndylary Nuh eýýamynyň irki döwrüne degişli hasaplap, olaryň, takmynan, million ýyl mundan ozalky döwre degişlidigini ýazýarlar... Derýalaryň üstünden geçýän köprüler. Olar iki kenary birikdirýär. Olar adamlar üçin geçelge. Ýewropa, Aziýa ýurtlarynyň meşhur derýalary adamzat gatnaşyklary üçin özüniň ajaýyp täsirini ýetiren suw desgalary bolupdyr. Hut derýalaryň üsti bilen halklar özara gatnaşygy saklap gelipdirler, söwda edipdirler. Özünde örän köp syrlary saklaýan suw, dürli halklaryň däp-dessurlaryny-da gorap saklaýar. Diýmek, suw, oňa bolan garaýyşlar belli bir derejede halklaryň medeni derejesiniň hem ölçeg birligi bolup durýar. Çeşmeleriň arassalygy hakda edilýän alada, suwy milli baýlyk hökmünde aýawly saklamak adamlaryň medeniýetiniň aýrylmaz bölegi ahyryn! ■ KAK Giden çölüstanlyk. Beýikli-pesli gum depeleri. Takyrlyk. Garagumuň jümmüşinde ýerleşýän suw desgalary — kaklar. Ondan süri-süri mallaram, guş-gumursylaram suwsuzlyklaryny gandyrýarlar. Kak suwunda ýetişdirilen gök-önümler, gawun-garpyz, hyýar, kartoşka. Ýaz aýlary galyň toýun gatlagy bilen örtülen düz meýdana ýagan ýagyş takyrlaryň pes ýerine ýygnanyp, kiçeňräk köljagazlary emele getirýär. Ýagyş-ýagmyrdan döreýän şeýle köljagazlary ata-babalarymyz «kak» diýip atlandyrypdyrlar. Kaklar tebigy we emeli usulda bolupdyr. Tebigy kaklar ýagyş-ýagmyr suwlarynyň takyrlaryň oý ýerlerine toplanmagy netijesinde dörese, emeli kaklary çarwalar takyrlaryň eňňit tarapynda howuz şekilli çukurlary gazmak arkaly döredipdirler. Özem, ynsan zähmeti siňen şeýle kaklaryň suwy tebigy kaklara seredeniňde uzak mahallap saklanypdyr. Kähalatlarda emeli kakyň suwunyň çalt bugarmazlygy üçin, çarwalar onuň üstüni örtüp, şol suwdan arly tomus peýdalanyp bilipdirler. Emeli edilýän käbir kaklaryň bolsa suwunyň ýere siňmezligi hem-de arassa saklanmagy üçin, howzunyň aşagyna kerpiç düşäp, daşyna daşdan haýat aýlapdyrlar. Juda seýrek duş gelýän beýle kaklar, köplenç, ýerli ilat tarapyndan Daşkak diýlip atlandyrylypdyr. Kak suwundan kündüge suw alan çopan öz goşunda ýanyp duran ojar oduna çaý goýýar. Onuň kak suwundan gaýnadan çaýyndan uly höwes we teşnelik bilen içýän çaýy özüniň täsirini ýetirýär. Kak suwundan süri-süri mallar suw içýärler… Kak suwlary tutuş ýylboýy saklanmasa-da, çarwalar ony agyz suwy hökmünde birnäçe mahallap peýdalanypdyrlar, mallaryny suwarypdyrlar. Şoňa görä-de, kak suwuna aýratyn ähmiýet berip, tutuş tiräniň ýa-da obanyň adamlary üýşüp emeli kaklary gazypdyrlar. Gumuň jümmüşinde ýaşaýan çarwa pederlerimiziň kak suwy bilen mazaly yzgarlanan, ekin üçin ýaramly toprakly ýerlere düme gawun-garpyz, mäş, künji, hatda bugdaý ekip hasyl alýan halatlary-da bolupdyr. ■ SARDABA Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynyň çäklerinde gadymdan galan ýadygärlik hökmünde biziň günlerimize ýeten sardabalaryň dürli görnüşleri biziň gözümiziň öňünde janlanýar. Suw toplaýjy we saklaýjy bu suw desgasy geçmişde adamlara uly peýda beripdir. Olar suwy zaýalaman, arassa we sowuk ýagdaýynda uzak wagtlap saklap bilipdirler. Bu suw desgasynyň dürli taryhy kitaplardaky görnüşleri görkezilýär. Olaryň häzirki döwürde-de giňden peýdalanylýandygy beýan edilýär. Geçmişde teşneligiň zaryny az çekmedik ata-babalarymyz her damja suwy gyzylyň gyryndysyna deňäp, isrip etmezlige çalşypdyrlar. Munuň üçin olar, öz mümkinçiliklerine görä, Allatagalanyň berýän ýagyş-ýagmyr suwlaryny-da toplapdyrlar. Şol suwlary mümkingadar uzak mahallap arassa saklamak hem-de peýdalanmak üçin suw toplaýjy we saklaýjy dürli desgalary gurupdyrlar. Şolaryň biri-de sardabadyr. Sardabalar, esasan, tegelek görnüşli gurulýan hem bolsa, kähalatda olaryň inedördül görnüşleriniň duş gelýändigi baradaky maglumatlara-da gabat gelinýär. Ýagyş suwlaryny özünde jemleýän sardabalar geçmişde adamlary bolelin suw bilen üpjün edipdirler. Häzirlerem sardabalaryň suwundan peýdalanýan adamlar onuň buz ýaly suwundan ine-gana içip, hezil edýärler. Sardabalar, adatça, ýagyş-ýagmyr suwlaryny toplamak hem-de saklamak üçin niýetlenen hem bolsalar, gurluşy taýdan kaklardan düýpli tapawutlanýarlar. Kaklar tebigy hem emeli görnüşde bolup, olaryň ikisinde-de suw uzak mahallap saklanmaýar. Has takygy, ýaz aýlary ýagýan ygal suwlary kaka toplansa-da, ol tomsa ýetip-ýetmän ýere siňip we bugaryp gidýär. Emma öz döwrüniň düýpli suw desgasy hasaplanýan sardabalaryň suwy hem-ä arly ýyllap, hem-de jöwzaly günlerde-de sowujaklygyna saklanypdyr. Sardaba üsti ýapyk suw desgasy bolup, ol uzaklardan edil äpet tamdyr ýaly bolup görünýär. ■ BUZHANA Gadymyýet barada gürrüň berýän taryhy kitaplar... Olaryň sahypalarynda öňki döwürlerde halk arasynda iň meşhur suw desgalarynyň biri bolan buzhanalar hakynda gürrüň edilýär. Kitaplarda buzhanalaryň dürli şekilleri hem berlipdir. Olaryň daş görnüşleri, ölçegleri, saklanyş usullary berlipdir... Ata-babalarymyzyň paýhasy bilen döredilen hem-de uzak mahallap halkymyza hyzmat eden zatlara häzirki kosmos eýýamynyň nazary bilen däl-de, öz döwrüniň gözi bilen seredip baha bereniňde, olaryň ähmiýeti has-da artýar. Buzhana hem diýseň täsin we özüne çekiji desgadyr. Dogrusy, buzhanany parasatly pederlerimiziň öz döwründäki uly açyşlarynyň biri hasaplamak hem mümkin. Çünki elektrik togunyň ýok mahaly arly tomus gar tokgalarydyr buz saklap bilýän bu täsin desgany döreden halkyň Hudaýtarapyn zehini, ondan müňlerçe ýyl soňra sowadyjyny oýlap tapan alymyň zehininden peslärli däldir. Buzhanalar Ahal, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda giňden peýdalanylypdyr. Boýy 15-20 metre ýetýän buzhanalar öz döwründe ýörgünli bolupdyr. Arly tomus adamlar buzhanalardaky buzlardan giňden peýdalanypdyrlar. Taryhy maglumatlar biziň döwletimiziň çäklerinde buzhanalaryň örän irki döwürlerde peýda bolandygyna şaýatlyk edýärler. Elbetde, her bir zadyň döremegi üçin ilkinji şert — zerurlyk bolup durýar. Zerurlyk islegi döredýär, isleg bolsa adamy oýlanmaga, pikirlenmäge mejbur edýär. Biziň ata-babalarymyz üçinem jöwzaly tomus günleri buz ýaly suwa, çala bolan islegiň örän ýokary bolandygy düşnükli zat. Onsoň, eždatlarymyz gyşyna ýagan garyň dag gerişleriniň, belent baýyrlaryň güzaý tarapynda uzak mahallap ýatýandygyna üns beripdirler. Bu bolsa olarda gary tomsy bilen saklamak pikirini şineledipdir. Şeýlelikde, mundan müňlerçe ýyl ozal pederlerimiziň parasadyndan tokga-tokga gar böleklerini, buzlary tomus günleri-de eretmän saklap bilýän buzhanalar döräpdir. Buzhanany gurmak üçin ata-babalarymyz, ilki bilen, gerek möçberdäki ýeri tegeläp çyzypdyrlar hem-de şol çyzylan ýeri iki-üç metr gazypdyrlar. Çukuryň içine öküzdir düýe salyp, ýer tä zynç bolýança depeledipdirler. Yzyndanam, mazaly gatan ýere gamyş düşäpdirler. Soňra çukuryň daşyna ujy çürelip gidýän gümmez galdyrypdyrlar. Ýöne gümmezi bişen kerpiçdir daşdan edäýmän, çig kerpiçden ýa-da pagsadan edipdirler. Munuňam sebäbi, gümmeziň diwary çig kerpiçden ýa pagsadan edilende, buzhananyň içi salkyn bolýar. Minara çalym edilip, boýy 15-20 metre, kähalatlarda ondan-da belentliklere ýetirilip bina ýedilýän buzhananyň ýokarsy deşik bolýar. Onuň girelgeleriniň depesi aýlawly (arka) görnüşinde bejerilip, köplenç, demirgazyk-gündogar ýa-da günorta-günbatar tarapa bakdyrylyp gurlupdyr. ■ KÄRIZ Köpetdagy etekläp oturan giden sähraýy meýdan. Tebigatyň bu jenneti gözel ýerinde mal sürüleri bakylyp ýör. Ynha, olar öz teşneligini gandyrmak üçin käriz suwundan içýärler. Nusaý ýadygärlikleriniň töwerekleri. Bu ýerde öňki döwürden galan kärizleriň yzlary bar. Änewiň gadymy topragynda-da geçen döwürlerden galan kärizler bar. Baharly etrabyna bolsa, kärizleriň mekany diýseňem boljak. Taryhy kitaplara göz aýlaýarys. Olarda kärizleriň suratlary ýerleşdirilipdir. Kärizleriň görnüşleri, ölçegleri öz beýanyny tapypdyr. Bir mahallar dagetek etraplarda ýaşan ata-babalarymyz kärizlere aýratyn üns berip, olaryň suwuna ýaşaýşyň çeşmesi hökmünde bil baglapdyrlar. Bal ýaly käriz suwlary diňe bir içimlik hökmünde ulanylman, ondan giden ekin meýdanlaryny suwaryp, bol hasyl alypdyrlar. Özi-de, ilkinji ýerasty emeli suwaryş desgasy hasaplanylýan käriz ýakyn geçmişiň önümi bolman, paýhasly eždatlarymyzyň müňýyllyklaryň synagyndan geçiren, örän arassa suwly hem juda ähmiýetli suwaryş desgasydyr. Halkymyzyň käriz gazyp, ekin meýdanlaryny suwlulandyryp başlanyndan bäri gaty köp ýyllar geçipdir. Alymlaryň käbir maglumatlarynda kärizleriň Köpetdag eteklerinde, ýagny Nusaýyň we Änewiň töwereklerinde biziň eýýamymyzdan ozalky V-VII asyrlarda peýda bolandygy aýdylýar. Emma, arheologlaryň sekiz müň ýyl taryhy bolan Jeýtun ekerançylygyny ilkinji ekerançylyk medeniýetiniň ýüze çykan ýerleriniň biri hasaplaýandyklaryny nazara alyp, kärizleriň hem sekiz müň ýyldan bäri ulanylýandygyny çaklamak mümkin. Çünki Jeýtunda ýerasty suw nagymlarynyň tapylandygy şeýle netijä gelmäge esas berýär. Baharly, Ruhabat, Gökdepe, Kaka etraplarynyň çäklerinde ýerleşýän kärizler. Olaryň arasynda häzirki döwürde-de halkymyza bol suwuny berip ýörenleri bar. Özboluşly ýerasty suw geçiriji desga bolan kärizi gazmak juda ussatlygy talap ýedýär. Onsoň, kärizgenleriň arasynda-da belli-belli ussatlar bolupdyr. Olaryň atlarynyň gazan kärizlerine dakylyp, biziň günlerimize çenli iliň dilinden düşmän gelýäni-de bar. Kähalatda bolsa, kärize ony gazdyran adamyň ady-da dakylar eken. Ýer-ýurt atlary bilen, kümüş ýaly buldurap duran dury suwunyň hili bilen baglanyşykly atlary göteren kärizler-de bolupdyr. Köpetdagyň eteklerinde, Möne-Çäçe düzlüginden Balkana çenli aralykda gadym döwürlerde kärizleriň juda köp bolandygyny taryhy çeşmeler, arheologiki gazuw-agtaryş işleriniň netijeleri subut edýär. Käbir maglumatlara görä, Baharly etrabynyň çäklerinde 19, Gökdepe etrabynyň çäklerinde 7, Ruhabat etrabynyň çäklerinde 5, Serdar etrabynyň çäklerinde 5, Kaka etrabynyň çäklerinde 5, Bereket etrabynyň çäklerinde 2, Ak bugdaý, Sarahs, Magtymguly etraplarynyň, şeýle hem Aşgabat we Balkanabat şäherleriniň hersinde 1 käriziň bolandygy, olaryň käbirleriniň häli-häzirlerem ulanylýandygy aýdylýar. ■ GUÝULAR Aýal maşgala guýudan suw çekýär. Ol içi suwly meşikden bedrä suw guýýar. Çopan guýudan suw çekýär. Ol meşigi suwdan dolduryp, ony nowa guýup, mallara suw berýär. Guýularyň dürli görnüşleri… Dag etegindäki obalardaky guýular. Çuňlugy 300-400 metre ýetýän guýular. Gaty bir çuň bolmadyk içi suwly guýular. Geçmişde dag eteklerinde ýaşan türkmenler üçin kärizler uly ähmiýete eýe bolan bolsa, ýyldyzboýly guýular gumlularyň ýaşaýyş çeşmesi bolupdyr. Şonuň üçin asyrlaryň dowamynda merdana halkymyz dag eteklerinde kärizleriň giden ulgamyny döredişi ýaly, aňňat-aňňat gum depeleriniň arasynda-da guýularyň müňlerçesini gazypdyrlar. Barybir, türkmen üçin o döwürlerde başga bir zada seredeniňde suwuň zerurlygy has ýiti duýlupdyr. Emma, umumy çäginiň segsen göterimine golaýyny Garagum çöli tutýan Watanymyzda ýaşan pederlerimiz suwuň zaryny az çekmedigem bolsalar, aňsadyna bakyp, suwlurak başga bir ýerlerden mesgen gözläýmändirler. Olar Garagumuň gyzgyn çägesine ýüreklerini ýyladyp, örküni ebedilik şu topraga baglapdyrlar. Ryskyny, şol sanda suwuny-da akyp ýatan ürgün çägäniň üstünden hem astyndan gözläpdirler. Üstünde mal bakar ýaly oty-çöpi bolan mele çägäniň astynda-da mal ýakar ýaly, içimlik hökmünde ulanar ýaly suwuň bardygyna ynanypdyrlar. Şeýdibem, gumly pederlerimiz çöl göwsüni gazyp, özleriniň juda agyr zähmetleri bilen örän çuň guýulary döredipdirler. Özi-de zähmet bary siňdirilip gazylan şol guýularyň ählisinde ussanyň azaby ýerine düşüp durmandyr. Olaryň biriniň suwy süýji çyksa, beýlekisiniň suwy ýogyn ýa-da talh çykypdyr. Ýöne, barybir, bu şowsuzlyklar çarwalary ruhdan düşürip bilmändir, olar ýogyn suwly guýyny mallaryny ýakmak üçin peýdalanyp, agyz suwy üçin başga bir ýerden ýene-de guýy gazypdyrlar. Çopan bizi çölde ýerleşýän guýy bilen tanyş edýär. Onuň ilkinji görkezýäni içi suwsuz guýy. Onuň diwarlaryna gamyş örülipdir. Ine-de, içi suwly guýy. Ol çuň. Onuň çuňlugyny barlamak üçin guýynyň içine daşjagaz oklaýarys. Oklanan daş ep-esli wagtdan soň jülpüldäp ses berýär. Guýularyň çuňlugy olaryň geografik ýerleşişine görä dürli-dürli bolýar. Meselem, Merkezi Garagumda käte 25-30 metre ýetýän guýularyň gabat gelýändigine garamazdan, olaryň köpüsiniň çuňlugy 15-20 metrdir. Emma Günbatarda ýerleşýän Balkan welaýatynyň örülerindäki guýularyň ortaça çuňlugy 40-50 metre barabardyr. Bu töwerekde käbir guýularyň çuňlugynyň 70-80 metre ýetýändigini hem aýtmak gerek. Ýaş ýigit guýudan suw alyp, ekini suwarýar. Gawun-garpyz, gök önüm ekinleri. Ol mallary suwa ýakýar... Häzirki zaman guýulary. Ondan suw alyp, bedrä guýup, öýlere äkidilýär. Çaý gaýnadylýar, nahar edilýär. Iň çuň guýular Garabilde hem-de Günorta-Gündogar Garagumda duş gelýär. «Ýyldyzboýly guýular» adyny alan bu ýerdäki guýularyň ortaça çuňlugy 70-80 metrden 150-200 metre ýetýär. Käbir guýularyň çuňlugy bolsa 285-300 metre deňdir. Elbetde, kärizleriňki ýaly iňňän howply hem güzaply iş bolan guýy gazmaklyk asla ýeňil bolmandyr. Şonuň üçin guýy ussalary gadym döwürlerden bäri iliň iň sylagly, mertebeli adamlary hasaplanýar. Hatda «Bir köpri guran bilen bir guýy gazan — jenneti» diýen pähimi döreden ata-babalarymyz guýy ussalarynyň o dünýäsiniň abatdygyna-da örän pugta ynanypdyrlar. ■ DERÝALAR Umumy uzynlygynyň müň kilometri Diýarymyzyň çäginden akyp geçýän Amyderýa. Onuň suwy joşgunly akýar. Derýanyň kenarlary gamyşdyr jeňňel tokaýlyklary bilen örtülipdir. Gaýykda ýüzüp barýanlar bar. Balyk tutýanlar bar. Türkmenistanyň gadymy taryhy kartasy görkezilip, Amyderýanyň ondaky şekilini synlaýarys. Ol gündogardan akyp, Garagum çölüniň içi bilen geçip, Hazar deňzine guýýar. Soňky kartalarda Amyderýanyň ugrunyň üýtgeýänini görýäris. Türkmenistanyň iň uly derýasy bolan Amyderýa barada taryhy çeşmelerde-de ençeme maglumatlar duş gelýär. Gadymy awtorlaryň birnäçesi ony jenneti derýa hasaplasa, ýene birleri onuň ululygyna haýran galýar. 1334-nji ýylda Tunisde dünýä inen taryhçy we syýasaty öwreniji Wliýeddin Abu Zeýd Abdyrahman ibn Haldun (Ibn Haldun) bolsa, Ýer ýüzündäki derýalardyr deňizler barada söhbet açýan «Mukaddime» («Ýörelgeler») atly eserinde Amyderýanyň dünýädäki dört sany uly derýanyň biridigini aýdyp, «Dört sany uly derýa bar. Olar Nil, Fyrat (Ýewfrat), Dijle (Tigr) we Jeýhun (Amyderýa) derýalarydyr» diýip ýazýar. Amyderýa diňe bir ululygy bilen tapawutlanman, eýsem, ýaşy babatda-da juda gadymydyr. Ol Oguz han atamyzyň eýýamyndanam has irki döwürlerden bäri öz ýakasynda mesgen tutan ilata bol mele suwuny eçilip gelýär. Amyderýanyň häzirki görnüşleri. Onuň suwy Garagum derýasyna birigip gidýär. Derýanyň kenar ýakalarynda giden bagçylyk ýetişdirilipdir. Ekinzarlyklarda dürli gök we bakja önümlerini ýetişdiripdirler. Daşoguz, Lebap, Mary, Ahal welaýatlarynyň çäklerinde hem Amyderýanyň suwunyň täsiri bilen ekinzarlyklar özleşdirilýär. Amyderýa öz suwundan peýdalanýan döwletleriň ekerançylygy üçin esasy suw çeşmesi bolup hyzmat ýedýär. Onuň suwunyň her ýylky möçberiniň orta hasap bilen ýetmiş göterime golaýy oba hojalyk ekinlerini suwarmak üçin peýdalanylýar. Biziň döwletimiziň suw serişdeleriniň hem esasy bölegini, ýagny 95 göterimini Amyderýanyň mele suwy üpjün edýär. Munuň özi Watanymyzyň oba hojalygyny, senagatyny ösdürmekde, ýurdumyzyň azyk garaşsyzlygyny üpjün etmekde bu derýanyň ähmiýetiniň bimöçberdigini ýene bir gezek tassyklaýar. Biziň döwletimizde ynsan gollary bilen bina ýedilen iki sany uly emeli derýa — Garagum derýasy bilen Türkmenderýa hem gojaman Jeýhundan gözbaş alyp gaýdýar. Mundan başga-da, Lebap, Daşoguz welaýatlarynyň ýüzlerçe gektar meýdanyny suw bilen üpjün ýedýän uly kanallaryň birnäçesi Amyderýadan ýa-da onuň suwundan suwlulanýan emeli derýalardan, howdanlardan gözbaş alýar. Amyderýanyň üstünden geçirilen demirýol we awtomobil köprüsi gözüňi dokundyrýar. Häzirki döwürde Amyderýa Türkmenistanyň halk hojalygyny ösdürmekde özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Ýeri gelende, Garaşsyzlyk ýyllarynda Amyderýanyň üstünden demirýol we awtomobil köprüleriniň gurlandygyny aýtmak hem diýseň ýakymlydyr. Halk hojalyk we durmuş ähmiýetli bu köprüler Atamyrat — Kerkiçi aralygynda gurlup, ulanylmaga berildi. Ýanaşyk duran köprüleriň her biriniň uzynlygy 1,5 kilometre golaýdyr. Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän Murgap derýasy. Asuda akyp duran bu derýa indi asyrlarboýy türkmen topragyny suw bilen üpjün edýär. Agyz suwy üçinem, ekin üçinem onuň suwy ýaramly. Döwletimiziň esasy suwaryş ulgamlarynyň biri bolan Murgap derýasy Mary welaýatynyň çäklerinden akyp geçýär. Ol özüniň tenekar suwy bilen bu welaýatyň ýüzlerçe müň gektar ekerançylyk ýerlerini, öri meýdanlaryny suwlulandyrýar. Murgap derýasy öz gözbaşyny Owganystandaky Parapamiz daglaryndan, umman derejesinden 2600 metr belentlikden alyp gaýdýar. Onuň jemi uzynlygy 978 kilometr bolup, şonuň 530 kilometri Türkmenistanyň çäklerinden akyp geçýär. Murgap derýasynyň bol suwundan diňe bir ekinzarlyklar däl, eýsem, kenar ýakasynda ýerleşýän dürli kärhanalardyr edaralar hem giňden peýdalanýarlar. Ýyllaryň dowamynda halkymyzyň idi-yssuwady, janaýamazakly zähmeti netijesinde bu günki gün Murgap bol suwly derýa öwrüldi. Ýurdumyzyň oba hojalygyny, halk hojalygyny, senagatyny ösdürmekde bu derýanyň mynasyp paýy bar. Onuň mele suwy diriliş melhemi bolup, giden ekerançylyk meýdanlaryny ýaşyl dona büreýär, öz ugrunda ýerleşen ençeme senagat kärhanalaryny herekete getirip, bereket bulagy bolup çogýar... Gadymy Tejen derýasy. Ol indi näçe asyrlardyr akyp durşuna, adamlary suw bilen üpjün edýär. Taryhy kartalarda Tejen derýasynyň wagtyň geçmegi bilen üýtgeýşi suratlandyrylýar. Tejen derýasynyň kenarynda ýerleşýän oba hojalyk toplumlary, daýhan birleşikleri bu derýanyň bol suwy bilen üpjün edilýär. Garaşsyz Türkmen döwletiniň suw ulgamynda Tejen derýasy-da esasy orunlaryň birini eýeleýär. Ululygy hem-de suwunyň möçberi boýunça Amyderýadan hem-de Murgap derýasyndan soň üçünji orunda durýan bu derýa öz gözbaşyny Owganystandaky Parapamiz daglarynyň 3000 metre golaý belentliklerinden alyp gaýdýar. Owganystanyň çäklerinde Saryjeňňel, Eýranyň çäklerinde Gerirud atlaryny göterýän bu suw akymy biziň döwletimiziň çägine girensoň, Tejen derýasy diýlip atlandyrylýar. Derýanyň umumy uzynlygy 1124 kilometr bolup, şonuň 324 kilometri hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň içinden akyp geçýär. «Dostluk» suw howdanyndan Tejen derýasyna akýan suw bu derýanyň suwunyň hasam bol bolmagyna özüniň täsirini ýetirýär. Tejen derýasy bütin Ahal welaýatynyň çäklerindäki hojalyklary suw bilen üpjün edýär. Tejen derýasynyň suwuny mümkingadar netijeli peýdalanmak, kadalaşdyrmak maksady bilen uzak we ýakyn geçmişde birnäçe işleriň edilendigini aýtmak gerek. 1-nji we 2-nji Tejen suw howdanlary, Tejen şäherinden aşakda ýerleşýän Garrybent gatlasy hut şeýle maksat bilen bina edilen suw desgalarydyr. Emma, tä «Dostluk» suw howdany gurlup işe girizilýänçä, bu derýany hemişelik bol suwly derýa öwürmek hiç kime başartmady. Ol diňe bu günki gün — Garaşsyzlyk döwrümizde mümkin boldy. Balkan welaýatynyň çäklerinden akyp geçýän Etrek derýasy, kenarlary ir-iýmişli agaçlar, tokaýlyklar bilen örtülen derýa öz maýdalyna akyp dur. Onuň çeşmä ýakyn arassa suwy dürli agaçlary, ösümlikleri suwarmak bilen çäklenmän, dürli hojalyklary hem arassa agyz suwy bilen üpjün edýär. Suwunyň möçberi boýunça juda uly bolmadyk Etrek derýasy hem ýagyş-ýagmyr, gar suwlaryndan suw toplansoň, esasan, möwsümleýin akýan tebigy akyn hasaplanylýar. Garaşsyz Watanymyzyň günorta-günbatarsyndan akyp geçýän bu derýa ýaz aýlarynda ygal köp düşende Hazar deňzine aralaşýanam bolsa, tomus döwürleri onuň suwy, ekerançylyga doly alynýanlygy sebäpli, Hazara ýetmän gurap galýar. Öz gözbaşyny Eýrandaky Türkmen-Horasan daglaryndan alyp gaýdýan Etrek derýasynyň jemi uzynlygy 635 kilometrdir. Onuň suwy örän bulançak bolup, gyrmançanyň mukdary her metr kub suwda 70-100 kilograma ýetýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde Etrek derýasynyň suwuny mümkingadar doly we isripsiz ulanmak üçin uly işler edilýär. Muňa derýanyň bol suwly döwürleri onuň artykmaç suwlaryny ýygnamak we soňra ekerançylykda peýdalanmak maksady bilen özbaşdaklyk ýyllary içinde gurlan birnäçe ownuk suw howdanlary-da aýdyň mysaldyr. Joşup sil gelende hanasyna sygman akýan derýa suwuny toplap, suw gory hökmünde ulanmakda bu howdanlaryň bahasyna ýetip bolmajak ähmiýeti bar. Sumbar derýasy, esasan, Magtymguly etrabynyň çäklerinden akyp geçýär. Ol Türkmenistanda iň bir gysga derýalaryň biridir. Ol Etrek derýasyna goşulyp, öz hanasyny hasam giňeldýär. Sumbar derýasy meşhur «Sumbaryň narlaryna», gök öwsüp oturan tokaýlyklaryna özüniň täsirini ýetirýär. Sumbar derýasy-da az suwly derýa hasaplanylýar. Ol, esasan, Gulangalasy hem-de Daýnasuw derýajyklarynyň birikmeginden emele gelýär. Soňra oňa Aýydere we Çendir derýajyklary-da goşulýar. Sumbar derýasy az suwly bolşy ýaly, uzynlygy-da beýleki derýalardan has gysgadyr, ýagny onuň uzynlygy bary-ýogy 247 kilometre deňdir. Sumbar derýasy-da, oňa gelip goşulýan beýleki derýajyklar-da öz suwuny ýagyş-ýagmyr suwlaryndan toplansoň, ygally döwürlerde joşup, tomus günleri az suwly ýa-da asla suwsuz bolýar. Sumbar derýasy soňra Etrek derýasyna goşulyp, ömrüni uzaldýar. Ol Etrek derýasynyň biziň döwletimizdäki iň uly goşandydyr. Sumbar derýasy az suwly hem juda gysga bolsa-da, onuň ýakasynda ýaşaýan ilat derýa suwy bilen dürli ekinleri ösdürip ýetişdirýär, ajaýyp miweli baglary kemala getirýär. Şonuň üçinem Magtymguly etrabynda we onuň ýakasynda mesgen tutan beýleki ilatly nokatlarda Sumbaryň suwy dirilik çeşmesi, ýaşaýyş gözbaşy hökmünde görülýär. XX asyryň 60-njy ýyllarynda gurlup tamamlanan Garagum derýasynyň umumy görnüşi. Ony asmandanam synlap, bu derýanyň Garagum çölüniň janly arteriýasy ýaly bolup hyzmat edýändigine göz ýetirýärsiň. Garagum derýasynyň kenar ýakalarynda döredilen daýhan birleşikleri, balyk hojalyklary, kärhanadyr edaralar bu derýanyň bol suwundan peýdalanýarlar. Bu ýerde akaba arassalaýjy tehnikalaryň işläp ýörmekleri derýanyň uly alada bilen gurşalandygyny aňladýar. Ymgyr çölden Garagum derýasynyň çekilmegi diňe bir ýeke damja suwa tebsirän ösümliklerdir çöl haýwanlary üçin däl, tutuş halkymyz üçinem hakyky bagt bulagy boldy. Uly suwly bu derýanyň çöl göwsüni dilip geçmegi bilen türkmen halkynyň durmuşynda düýpli özgerişlikler başlandy. Garagum derýasy ýurdumyzyň ykbalynda öz ähmiýeti boýunça diýseň uly orny eýeleýär. «Uly suw» adyny alan bu derýanyň taryhy hakda kelam agyz aýdyp geçsek, artykmaçlyk etmese gerek. Çünki bu gün Garagum derýasynyň boýunda ýaşap, dürli önümler öndürip, onuň süýji suwunyň lezzetini görüp ýören üç milliondan gowrak ildeşlerimiz üçinem, tutuş halkymyz üçinem uly suwly bu derýanyň taryhy diýseň gyzykly bolsa gerek. Özem bu derýanyň gurluşygy geçen asyryň ortasynda başlananam bolsa, çöl içinden şeýle derýany döretmek arzuwynyň ata-babalarymyzyň kalbynda has ir şineländigini, turuwbaşdan, belläsimiz gelýär. Garagum derýasyndan gämi ýüzüp barýar. Onuň maksady derýanyň kenarynda ýerleşen dürli hojalyklara gerekli bolan ýükleri getirmek, zerur bolan hyzmatlary amala aşyrmak. Türkmenistanyň XV Halk maslahatynda «Suw hakyndaky» bütewi Kanunyň kabul edilmegi bilen, suwy aýap saklamaga, netijeli ulanmaga giň ýol açyldy. Häzirki wagtda Garagum derýasynyň ugrunda daşary ýurt ýer gazyjy tehnikalarynyň ýüzlerçesi we işine ussat suw işgärleriniň uly topary gije-gündiz işleýärler. Bu bolsa Garagum derýasynyň halkymyz üçin mydama bagt bulagy bolup dolup-daşyp akjakdygyndan alamatdyr. Suwuň sarpasyny görlüp-eşidilmedik derejede belende göteren milli döwletimizde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllaryndan bu emeli akynyň ähmiýetine uly baha berlip, ýörite Perman bilen ol «Garagum derýasy» diýlip atlandyryldy. Derýanyň ady onuň esasy böleginiň Garagum çölüniň içinden akyp geçýändigi bilen baglanyşyklydyr. Türkmenderýa iň ýaş derýalaryň biri. Ol Garaşsyzlyk ýyllary döredilen derýa. Onuň çägi hem çäklendirilen. Ol, esasan, Daşoguz welaýatynyň halkyna, daýhan hojalyklaryna hyzmat edýär, daýhan birleşiklerini bol suw bilen üpjün edýär. Garaşsyz döwletimiziň suw syýasatynyň üstünlikli amala aşmagynda möhüm orny eýeleýän emeli akabalaryň biri-de Türkmenderýadyr. Döwletimiziň demirgazyk künjeginde ýerleşýän gadymy Daşoguz topragynyň ekerançylyk meýdanlaryny suwlulandyrmakda, täze tarp we boz ýerleri özleşdirmekde bu emeli derýanyň ähmiýetiniň juda uludygyny, turuwbaşdan, bellemek gerek. Gözbaşyny Amyderýadan alyp gaýdýan bol suwly Türkmenderýa mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde gurlan möhüm suwaryş desgasydyr. 1999-njy ýyldan bäri daşoguzly daýhanlara bol mele suwuny eçilip gelýän bu emeli derýa welaýatyň oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga, adamlaryň şahsy mellek ýerleriniň suw üpjünçiligini düýpli gowulandyrmaga diýseň uly ýardam etdi. Derýanyň ulanylyşa girizilmegi bilen, welaýatyň köp ýerlerinde suw gytçylygy düýpli aradan aýryldy. Türkmenderýanyň ilkinji tapgyry gurlup ulanylmaga berlende, onuň uzynlygy 180 kilometre barabar bolup, suw geçirijiligi her sekuntda 120 kub metre deňdi. Emma soňky ýyllarda möhüm ähmiýetli bu suwaryş desgasyny uzaltmak we onuň suw akdyryş mümkinçiligini artdyrmak üçin uly işler durmuşa geçirildi. Netijede, häzirki döwürde bu emeli derýanyň uzynlygy 220 kilometrden-de geçdi. Onuň öz hanasyndan suw geçirijilik mümkinçiligi bolsa, sekuntda 250 kub metrden-de ýokarydyr. Garaşsyzlyk ýyllarynda ynsan eli bilen gurlan Türkmenderýany ýene-de uzaltmak hem-de onuň ulanylyşa berlen ýerlerini abat saklamak üçin ýylboýy uly işler alnyp barylýar. Derýanyň hanasyny çuňaltmak we giňeltmek, onuň kenarlaryny berkitmek, ondaky suw geçiriji desgalaryň abatlygyny saklap, netijeli işlemegini gazanmak welaýatyň suw hojalyk işgärleriniň esasy aladalary bolup durýar. Türkmenderýanyň hanasyny giňeltmeklik, onuň ýaýraw çäklerini artdyrmaklyk gelejekde göz öňünde tutulýar. Özbaşdaklyk ýyllary içinde gurlup, bol suwy bilen halkymyza hyzmat edýän derýanyň ady-da milletimiziň ady bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. ■ AGYZ SUWUM — ASAL SUWUM! GARAŞSYZLYK WE SUW SYÝASATY Suw bilen baglanyşykly wideoşekiller. Dag etegindäki çeşme-bulaklar, derýalar, deňizler, gum içindäki onlarça köller… Suw howdanlary… Krantlardan akýan arassa agyz suwy. Her hojalykda agyz suwundan peýdalanýarlar. Agyz suwuny daşaýan awtoulaglar. «Arçabil» agyz suw zawody. Onuň önümleri… Ýörite gaplara salnan «Arçabil» zawodynyň suwy dükanlaryň tekjelerini bezeýär. «Arçabil» suwuny hojalyklara, ilata paýlaýan ýörite ulaglar ilatyň ýaşaýyş ýerlerine aýlanyp, ýörite suw gaplarynda suw paýlaýarlar. Çüwdürimler, serhowuzlar… Eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygyna eýe bolanyndan soň, ýurdumyzyň agyz suw meselesi-de mese-mälim gowulandy. Sagdyn nesli kemala getirmek baradaky aladany ähli zatdan belentde goýýan döwletimiz özbaşdaklygymyzyň ilkinji günlerinden ynsan saglygyna düýpli täsirini ýetirýän agyz suwy meselesine ünsi çekip, durmuşyň bu «wawwaly» ýerini belli-külli düzetmegi baş wezipeleriň birine öwürdi. Indi halkymyz diňe bir arassa agyz suwuny ulanman, eýsem, ony edil gaz, tok, duz ýaly mugt peýdalanýar. Munuň özi dünýäniň iň bir baý döwletlerinde-de görlen zat däldir. Ol diňe raýatlarynyň durmuş taýdan goraglylygyny, bazar şertlerine geçilýän döwürde hiç bir babatda kynçylyk çekmezliklerini üpjün etmek üçin milli döwletimiziň eden beýik işidir. Galyberse-de, bu çäre ynsanlaryň sagdyn durmuşy, bagtyýar ýaşaýşy baradaky aladanyň biziň döwletimizde, hakykatdan-da, iň ilkinji orunlarda durýanlygyndan aýdyň nyşandyr. Aşgabatda ýerleşýän ýöriteleşdirilen agyz suwy howdany. Ol häzirki zaman tehniki enjamlary bilen özleşdirilipdir. Bu tehnikalary işe girizip, olardan peýdalanýan hünärmenler arasyny üzmän gije-gündiz işläp, agyz suwuny paýtagtyň ilatyna ýetirmekde alada edýärler. Agyz suwy meselesiniň dünýä boýunça alanyňda-da juda ýiti mesele bolup durýandygyny birjik-de unutmak bolmaz. Eger-de geçen asyrda Zeminiň ilat sanynyň 2 esse, suw sarp edilişiniň bolsa 6 esse köpelendigini ýatlasak, onda dünýä boýunça ilatyň agyz suw üpjünçiliginiň geljekde has ýitileşjekdigi öz-özünden düşnüklidir. Biz muny sapak edinip, özümiziň ähli süýji suw gorumyzy juda aýawly saklamalydyrys. Başgaça aýdanyňda, akar suwuň her damjasy eşrepi ýaly görülmelidir. Türkmenistanyň «Suw hakynda» bütewi Kanunynyň ýazgylaryna üns berýäris. Bu Kanunda agyz suwundan tygşytly peýdalanmak hakynda aýdylypdyr. Muňa Kanunyň 39-njy maddasyndaky: «Ilatyň agyz suwy babatdaky we durmuş üpjünçiligi üçin, şeýle hem beýleki hajatlary üçin suwunyň hili bellenilen döwlet standartlaryna, suwdan peýdalanmagyň ekologik howpsuzlygynyň ölçeglerine, şeýle hem arassaçylyk talaplaryna laýyk gelýän suw desgalary berilýär» we 42-nji maddasyndaky: «Içimlik hilli ýerasty suwlar ilkinji nobatda ilatyň agyz suwy we durmuş hajatly suw üpjünçiliginiň, şeýle hem azyk senagatynyň hajatlaryny kanagatlandyrmak üçin peýdalanylmaly» diýen bölümleri okan her bir adam anyk göz ýetirer. Wideoşekiller we fotosuratlar arkaly deňeşdirmeler. Ýer togalagynyň kartasynyň ýüzünde beýan bolan şekiller: onuň köp bölegi suw: ummanlar, deňizler, derýalar, köller… Dürli çözgütler, taslamalar arkaly süýji suw bilen baglanyşykly maglumatlar berilýär. Şonuň ýaly-da, Zeminiň umumy suwunyň 97,5 göterimini tutýan ajy (duzly) suw bilen baglanyşykly maglumatlar. Suwy zaýalamazlyk, aýawly peýdalanmaklyk hakda aýdan mahalymyz, süýji suw hakda-da gysgaça durup geçmegi möhüm hasaplaýarys. Çünki gürrüň süýji suwa syryganda, mesele has-da ýitileşýär. Süýji suw öz ýurdumyz boýunça alanyňda-da, dünýä boýunça alanyňda-da juda aýawly garalmagyna, goralmagyna mätäçdir. Sebäbi dünýä suwunyň jemi mukdary 1,4 milliard kilometr kuba barabar bolsa-da, onuň 97,5 göterimi ummanlaryň we deňizleriň şor suwlarydyr. Umumy suwuň diňe 2,5 göterimi süýji suwdur. Şol süýji suwuň hem 68,9 göterimi müdimilik doňup ýatan buz, gaz hem-de gar halyndadyr, 30,8 göterimi bolsa toprakda yzgar we ýerasty suw görnüşindedir. Onsoň, süýji suwuň diňe 0,3 göterimi derýalarda we köllerde ýerleşip, adamzada eleter haldaky suwlar bolup durýar. Galyberse-de, bu goja Zeminiň ähli ýerine süýji suwuň deň-derman bölünmänligini-de aýtmak gerek. Şoňa görä, Ýer togalagynyň käbir ýerlerinde süýji suw meselesi iň ýiti problemalaryň biri bolup örboýuna galýar. «Suw damjasy — altyn dänesi» baýramçylygy. Ony ähli türkmenistanlylar uly dabara bilen belleýärler. Bu baýramçylykda ýörite çykyşlar guralýar. Suw bilen baglanyşykly kitaplar satylýar. Aýdym-sazly çykyşlar gurnalýar. Uzak asyrlaryň dowamynda yssy, gurak howa şertli ýurtda ýaşap suwuň gymmadyna, ýaşaýyş zerurlygyna juda oňat göz ýetiren türkmen aga Garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden onuň sarpasyny heniz görlüp-eşidilmedik derejede belende göterdi. Suw bolçulygyny döretmek ugrunda maksatnamalaýyn tutumly işleri alyp barýan döwletimizem, geçen birnäçe asyryň dowamynda teşneligiň derdini az çekmedik halkymyzam bu günki gün suwa uly gadyr goýup, ony türkmeniň ýedi hazynasynyň biri diýip ykrar etdi. 2009-njy ýylyň 15-nji iýuly. «Altyn asyr» Türkmen kölüniň birinji tapgyrynyň işine Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan ak pata berilýär. Akabalar boýunça şor suwlar Türkmen kölüne tarap akyp başlaýar. 2009-njy ýylyň 15-nji iýulynda hormatly Prezidentimiziň «Altyn asyr» Türkmen kölüniň birinji tapgyrynyň işine ak pata bermegi, ýurdumyzyň suw ulgamynyň durmuşynda uly hadysa boldy. Indi ähli welaýatlaryň şor suwlary Garaşor çöketligine akyp başlady. Geljekde bu ýerde, ýagny Garagumuň jümmüşinde tolkun atjak äpet köl döwletimiz we halkymyz üçin ählitaraplaýyn ähmiýetli bolar. Türkmenistanyň Prezidentiniň şol dabaradaky taryhy çykyşy… Milli Liderimiz «Altyn asyr» Türkmen kölüniň dünýä boýunça ähmiýeti barada dabara gatnaşýan daşary ýurtly myhmanlara gürrüň berýär. Prezidentiň çykyşy şowhunly el çarpyşmalar bilen garşy alynýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň başga-da suw desgalarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşýan pursatlary görkezilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň: «Geçmişde biziň ata-babalarymyz suwuň her damjasyny altyna deňäp, oňa Allatagalanyň beren iň gymmatly baýlygy hökmünde togap edip, keramat hökmünde garapdyrlar» diýşi ýaly, halkymyz suwuň gadyryny juda gowy bilipdir. Muny pederlerimiziň «Essalawmaleýkim, suw aga!» diýip, suwa salam bermek däbinden hem görse bolýar. Çünki salam uly hormatdan, sarpadan nyşan! 2009-njy ýylda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň birinji tapgyrynyň tamamlanyp, hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen oňa suw akdyrylyp başlanylmagy, sebit möçberinde alanyňda-da uly waka boldy. Uzynlygy 103, ini 18,6 kilometre, çuňlugy ortaça 69 metre barabar boljak dünýäde deňi-taýy bolmadyk bu emeli kölüň peýdasy juda köptaraplydyr. Çölüň ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmakda, sebitiň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmakda, maldarçylygy, guşçulygy, balykçylygy ösdürmekde bu kölüň hyzmaty aýdyp-diýerden ýokarydyr. Bular barada 2010-njy ýylyň 24-25-nji martynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitiň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmakdaky ähmiýeti» atly halkara ylmy maslahatynda dünýäniň ençeme döwletiniň alymlarynyň gatnaşmagynda, ylmy delillere daýanylyp, düýpli gürrüňler edildi. Görşümiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda suw bolçulygyny döretmekde uly işler bitirilýär. Ol işler türkmen halkynyň indi hiç mahal suw gytçylygyny görmejekdiginiň kepili bolup durýar. Ýöne, suw hernäçe bol bolanda-da, tygşytly ulanylmaly, sarpalanyp saklanylmaly baýlykdyr. Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly: «Biz galkynyşlara beslenen ajaýyp zamanamyzda ýaşaýşyň gözbaşy, berekediň çeşmesi, bolçulygyň girewi hasaplanýan suwuň sarpasyny, gadyr-gymmatyny has-da belende götermelidiris». Hudaýa şükür, mukaddes Garaşsyzlygymyza eýe bolalymyz bäri teşnelik derdi dep eýlenip, halkymyz bol suwuň hözirini görüp başlady. Sebäbi suw bolçulygyny döretmek, bar bolan suw gorlarymyzy aýawly saklamak, turuwbaşdan, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Suwa we suw hojalyk işgärleriniň zähmetine ýokary sarpa goýlup, 1994-nji ýylyň 26-njy dekabrynda «Suw damjasy — altyn dänesi» baýramy döredildi. Häzirki döwürde bolsa bu baýramyň ähmiýeti has-da artdy. Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, indi bu baýram diňe bir ählihalk dabarasy hökmünde bellenilmän, eýsem, onda altyn dänesine deňelýän suwuň her damjasyny tygşytly ulanmagyň dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze usullaryny durmuşa ornaşdyrmagyň ýollary barada çynlakaý maslahat edilýär. Türkmenistanyň ýerüsti suwlarynyň jemi möçberi 25 milliard kub metre barabardyr. Onuň aglaba bölegi Amyderýanyň paýyna düşýär. Şoňa görä-de, bu derýanyň suwunyň rejeli peýdalanylmagyna döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär. Soňky ýyllarda diňe bir öňden bar bolan akabalaryň suw geçirijiligi artdyrylman, eýsem, täze suw ýollarynyň hem ençemesi çekildi. Bu günki gün olar ýurdumyzda özleşdirilýän ekin meýdanlaryny, şol sanda tarp ýerlerde döredilen Ruhubelent, Döwletli, Altyn sähra etraplarynyň ekin meýdanlaryny suwlulandyrýarlar. Döwletimiziň suw serişdesini tygşytly peýdalanmakda howdanlar aýratyn ähmiýete eýedir. Şonuň üçin, özbaşdaklyk ýyllary içinde öňden bar bolan howdanlaryň köpüsinde düýpli abatlaýyş işleri geçirilip, olaryň suw sygymy artdyryldy. Häzirki döwürde «Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy» suw howdanynda alnyp barylýan ägirt işler bu howdanyň suw sygymyny 1,5 milliard kub metre ýetirmäge mümkinçilik berer. Emma bu-da iň soňky çäk däldir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent ruhy bilen dem alýan suwçular geljekde bu suw desgasynyň göwrümini 3,3 milliard kub metre ýetirmegi göz öňünde tutýarlar. Hormatly Prezidentimiziň ýakyndan ýardam bermegi bilen, şeýle uly işler Hanhowuz, Saryýazy we beýleki howdanlaryň hem birnäçesinde alnyp barylýar. Garaşsyzlyk ýyllary ululy-kiçili täze howdanlaryň hem ençemesi guruldy. özem öňki howdanlar diňe derýa ýakalarynda gurlan bolsa, bu howdanlar ýagyş-ýagmyr suwlarynyň köp düşýän ýerlerinde, sil akabalarynyň ugurlarynda bina edildi. Munuň özi suw bolçulygyny döretmek üçin döwletimiziň ýagyş suwlaryny-da yrýa etmezlige çalyşýanlygyndan nyşandyr. Etrekdir Esenguly etraplaryna degişli Mämmetköl howdanlar toplumyny, Esenguly etrabynda gurlup ulanylmaga berlen Ýüňtabaga suw howdanyny aýtmanymyzda-da, goňşy Eýran döwleti bilen bilelikde bina edilen «Dostluk» suw howdanynyň ýurdumyzyň suw üpjünçiligini gowulandyrmakda uly ähmiýeti boldy. Çünki bu äpet howdanyň suw sygymy 1 milliard 250 million kub metre barabar bolup, onuň işläp başlamagy bilen ekerançylar 25 müň gektar ýeri özleşdirip, ekin ekmäge mümkinçilik tapdylar. «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurluşyklary amala aşyrylýar. «Dostluk» suw howdanynyň ekin meýdanlaryny suwarymly ýerlere öwürmek üçin edýän täsiri. «Arçabil» zawodynyň agyz suwuny öndürmekde amala aşyrýan işleri. Dürli suw howdanlarynyň işe girizilişi. Aşgabadyň etegindäki kölleriň täzeden özleşdirilişi. Arassa agyz suwunyň bolelinliginiň döredilişi. Bularyň hemmesi Garaşsyzlygyň gazananlary, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ajaýyp miweleri. Suw arassalaýjy desgalar. Olar ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda işleýär. Krantlarda aýna ýaly arassa suw akýar. Agyz suwlary ýörite gaplarda dükanlarda satylýar. Şeýle suwlar öýlere-de paýlanylýar. Suwa hakyky eýeçilikli garaýyş, uly sarpa mukaddes Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan soň, döwlet derejesinde suw taglymatynyň işlenilip düzülmegi we onuň üstünlikli amala aşyrylyp başlanmagy bilen kemala geldi. Garaşsyzlygyň geçen gysga döwründe halkymyzyň agyz suwy, ekerançylyk suwy meselesinde nähili ägirt işleriň edilendigini we edilýändigini bolsa, indi her birimiz görüp-bilip ýörüs. Özbaşdak Türkmen döwletinde, turuwbaşdan, suwuň türkmen halky üçin mukaddeslikdigi yglan ýedilip, ilatyň agyz suwy meselesiniň ahyr netijede häzirki we geljekki nesillerimiziň saglygyna, ruhuna uly täsir edýändigi delillendirildi hem-de şoňa görä-de, içimlik suwuň arassalygyny üpjün etmek baş mesele edilip orta çykaryldy. Özem ol, ozalkylar ýaly diňe kagyz ýüzünde galdyrylman, bada-bat iş ýüzünde durmuşa geçirilip ugraldy. Häzirki döwre çenli paýtagtymyzdyr welaýat merkezleriniň ählisinde, etrap merkezleriniň, obalaryň birnäçesinde, şeýle hem «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda suw arassalaýjy desgalaryň gurlup, ulanylmaga berilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Türkmenistanyň «Ýer hakynda», «Suw hakynda» bitewi Kanunlary, olarda ýerden, suwdan peýdalanmak hakynda ýörite bölümler bar. Biz olaryň käbiriniň üstünde durup geçýäris. Türkmenistanyň XV Halk maslahatynda «Ýer hakynda» hem-de «Suw hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunlarynyň kabul edilmegi döwletimiziň oba hojalygyny galkyndyrmakda möhüm ähmiýetli waka hökmünde Garaşsyz Diýarymyzyň taryhyna ebedilik ýazyldy. Çünki bu iki Kanun biri-biri bilen aýrylmasyz baglanyşykly bolup, ýerden, suwdan has netijeli peýdalanmaga getirjek, ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmegiň milli maksatnamasynda oba hojalygy we suw ulgamy boýunça bellenilen belent sepgitlere ýetirjek örän ähmiýetli möhüm badalgadyr. Türkmenistanyň çäklerinde oba hojalygynda ekin suwunyň peýdalanyş usullary görkezilýär. Damja usuly bilen suwarmaklyk iň bir ýörgünli usullaryň biri. Biz welaýatlardaky daýhan birleşikleriniň ekin meýdanlarynda damja usuly bilen suwarylyşyna syn edýäris. Soňky döwürde oba hojalygyna häzirki döwrüň ösen tehnologiýasynyň ornaşdyrylmagy netijesinde, birnäçe ýerlerde ekinleri damja usuly bilen suwarmaklyk ýola goýlup başlandy. Bu işi oba hojalygyna has giň ornaşdyryp bolsa, geljekde suwuň tygşytlanmagyna-da, ýerleriň zeý basyp şorlaşmazlygyna-da juda uly nepi degerdi. Bizde indi suw gyt däl, döwletiň her ýyldaky suw baýlygy 25 milliard kub metrden geçýär. Amyderýadan 22,15 milliard, Murgap derýasyndan 1,55 milliard, Tejen derýasyndan 0,77 milliard, Etrek derýasyndan 0,17 milliard, dag etegindäki derýajyklardan, çeşmelerden 0,15 milliard, ýerasty suwlardan hem 0,47 milliard kub metr suw alynýar. Ak mermer jaýlara beslenen Aşgabadyň gözel görnüşleri. Şäheri aýratyn gözellik derejesine getirýän ajaýyp görnüşler — serhowuzly suw çüwdürimleri, emeli şarlawuklar kalbyňy heýjana getirýär. Suwuň öz döwrüniň ruhuny bada-bat duýup hem-de özüne siňdirip bilşine haýranlar galýarsyň. Muňa has oňat göz ýetirmek üçin, durgunlyk ýyllarynda suwuň zeýleşme derdiniň artandygyny ýatlamanyňda-da, mukaddes Garaşsyzlygymyza eýe bolanymyzdan soň, asmana azm urýan suw çüwdürimlerini synlamagam ýeterlikdir. Eýsem, bu erkinligi, özbaşdaklyk döwrüniň ruhubelentligini alamatlandyrmaýarmy näme?! Elbetde alamatlandyrýar, suw bagtyýar halkymyzyň içki ruhy ahwalatynyň ýüze çykmasy bolup göge göterilýär. Şonuň ýaly-da, döwletimizde milli öwüşginli binagärlik işini giňden ýaýbaňlandyran mahalymyz, suwuň ýene-de bir aýratynlygynyň — adatdan daşary gözellik döredip bilijilik ukybynyň ýüze çykandygyny-da aýtmak gerek. Bu ýerde men, ilki bilen, Garaşsyzlyk ýyllary etrap, welaýat merkezlerinde, ýurdumyzyň şäherlerinde we şäherçelerinde, mermer paýtagtymyzda dünýä ülňülerine laýyk gurlan owadan serhowuzly suw çüwdürimlerini, emeli şarlawuklary göz öňünde tutýaryn. Aşgabadyň suw çüwdürimleri. «Ylham» seýilgähindäki üýtgeşik owadan çüwdürimler. Kinokonsert merkezleriniň, teatrlaryň, medeni ojaklaryň töweregindäki ajaýyp çüwdürimler. Olar diýseň köp hem diýseň gözel… Adatça, suw çüwdürimleri barada gürrüň açylanda, bada-bat olaryň gözelligini ýatlaýarlar. Bu dogry. Asmana atygsaýan çüwdürimleriň gözelligine, aýratynam gijelerine älemgoşar ýaly bolup dürli reňke beslenýän özüne maýyl ediji ajaýyplygyna söz ýok. Ýöne olaryň ýene-de bir möhüm aýratynlygy bar. Olam suw çüwdürimleriniň rahatlandyryjy, sagaldyjy gudratydyr. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy. Bu ýeri durşuna çüwdürimler bilen bezelen. Hazar deňziniň kenar ýakasynda döredilen üýtgeşik çüwdürimler toplumy. Oňa dürli öwüşginli çüwdürimlerden döredilen amfiteatr diýilýär. Aýdym-sazly çykyşlarda bu çüwdürimler toplumy töwerege üýtgeşik gözellik çaýýar. Her bir ynsanyň kalbyny heýjana getirip, ruhuna ruh goşýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzda ynsanlaryň keýpini çaglaýan suw çüwdürimleriniň gözelden-gözel görnüşleri guruldy. Bu günki gün olar diňe bir öz halkymyzyň ruhuny galkyndyrman, Diýarymyza gelýän daşary ýurtly myhmanlaryň-da ünsüni özünde egleýär. Aşgabadyň Halkara howa menziliniň golaýyndaky Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabyna giren suw çüwdürimler toplumy, Ruhyýet köşgüniň öňündäki, «Ylham» we beýleki seýilgählerdäki hem-de ikitaraplaýyn gatnawly köçeleriň ortasyndaky suw çüwdürimler has-da özüne çekijidir. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda deňziň kenaryndan 185 metr uzaklykda ýerleşip, beýikligi 24 metre, ini 60 metre deň bolan ägirt ekrany döredýän uly deňiz suw çüwdürimi we kenar ýakasyndaky dürli öwüşginli suw çüwdürimler toplumy bolsa dünýä boýunça alanyňda-da juda haýran galdyryjydyr. Diňe bir deňiz ýakasynda gurlan çüwdürimleriň däl, eýsem, paýtagtymyzdyr welaýatlarymyzdaky suw çüwdürimleriniň näzikligi, olaryň birnäçesiniň bolsa saza goşup tans oýnaýşy hemmeleriň göwün guşuny ganatlandyrýar. Dünýäde-de seýrek duş gelýän şeýle suw çüwdürimleriniň mylaýym ýaňlanýan heňe goşup tans oýnaýşyny ýarym sagatjyk synlan adamyň ýadaw bolsa ýadawlygyny, hassa bolsa hassalygyny unutjakdygyna şübhe ýok. Diýmek, gözel Watanymyza we mermer paýtagtymyza täze öwüşgin berip, barha köpelip barýan ajaýyp suw çüwdürimleridir şaglap inýän şarlawuklar ynsanlarda diňe bir ruhy gözellikleri döretmän, olaryň ruhy sagdynlygyny-da berkidýär. Döwran AGALY. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |