10:54 Tilki bilen Alaka | |
TILKI BILEN ALAKA
Goşgular
"Hasanaklap nirä barýañ, gudajan?" - Bir alaka sorag etdi tilkiden. - "Paraçy diýp gyraklandym, jorajan, Täze habar, eşden dälsiñ belki sen. Sen bilýänsiñ, men ketekde sudýadym, Agyr işe, kyn zähmete çydýadym, Doýarlyk zat iýmezdim, Gije uky diýmezdim, Eñkim agdy, ýitirdim men saglygym, Ahyrynda ynha alan aklygym. Hemmesi töhmet Hany özüñ pikir et: Eger töhmet bolsa häkim, Özüñ aklap biljekmiş kim? Para alyp dälimi men? Tassyklarsyñ, beletsiñ sen. Pugta oýlan, dostum, men hiç ýol bermen, Beýle işiñ gyrasynda görünmen". "Ýok, daýzajan, görýärdim men her zaman Agzyñy ýagjardyp gezýärdiñ heman". * * * Käbirleri uludan bir dem alar, Iñ soñky manadyn sowýan dek bolar. Dogrudan-da aýalynda, özünde, Hemme bilýär, hiç zat ýok el ýüzünde, Birden görseñ, öz başyna öý salýar Ýa-da bir obany ol satyn alýar. Däldir girdejisi uly. Nirden tapýar munça puly? Sud öñünde subut etjek miltiñ ýok. Emma welin aýtman durup bolanok. Iwan KRYLOW. | |
|
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |