Oçerkde türkmen ertekileriniň özboluşlylygy olaryň ideýa gymmaty, mazmun ýaýrawy neşir edilen ýyllary barada pikir ýöredilýär. 1940-njy ýylda K.Osmanow çagalar üçin ertekileri çapa taýýarlaýar we neşir etdirýär. Soň çagalar üçin ertekiler iki awtoryň gatnaşmagynda (G.Ataýew, B.Çaryýarow) 1955-nji ýylda neşir edilýär. 1948, 1953, 1954, 1955-nji ýyllarda türkmen ertekileri çap edilip rus okyjylaryna ýetirilýär.
Ýygyndyda„Şasenem Garyp“ dessany, onuň goşundylary, ideýa mazmuny, obrazlar toplumy hakynda pikir ýöredilýär. Dessany çapa taýýarlan, N.Hojaýew ony 1940-njy ýylda neşir etdirýär. Soň dessan 1958-nji ýylda TDN-da çapdan çykýar. Kitapda„Saýatly-Hemra“, „Hüýrlukga-Hemra“ dessanlary golýazmalar hazynasyndaky nusgalara we 1960-njy ýyldaky şol sanda „Hüýrlukga-Hemra“ dessanynyň 1951-nji ýyldaky neşirine salgylanyp seljerilýär. Olaryň türkmen folkloryndaky orny, ähmiýeti kesgitlenilýär.„Asly-Kerem“ dessany seljerilende,onuň 1943-nji ýyldaky neşirindenpeýdalanylypdyr. bu dessanlar-da doganlyk halklaryň folkloryndan üzňelikde derňelmändir. Dessanlarda wakalaryň haýsy ýurtda geçýändigine, gahrymanlaryna ermenimi ýa azerbaýjandygyna garamazdan, türkmen halkynyň milli häsiýetleri siňen ol eserleri türkmen folkloryna degişli eserler hökmünde baha berlipdir.
Ýygyndyda „Asly-Kerem“ dessanynyň ideýa-mazmuny çekilen keşpleri, türkmen edebiýatynda tutýan orny seljerilýär.„Nejep oglan“ dessanyna türkmen medeniýetini we edebiýatyny işjeň ýaýradyp gelen hakyky türkmen bagşylarynyň durmuşyny öwrenmek üçin bahasyna ýetip bolmajak eser hökmünde dogry baha berilýär. „Türkmenler öz şöhratly rowaýatçylaryna-bagşylaryna guwanyp, olara uly hormat goýýarlar. Türkmenleriň arasynda giň ýaýran „Nejep oglan“ dessanynda hut bagşy-sazanda diýen belent ada eýe bolmak üçin geçilen çylşyrymly ýol beýan edilýär“.
Işde halky dessanlaryň biri-birinden tapawudy barada-da pikir ýöredilýär, türkmen folkloryny baýlaşdyrmakdaky hyzmatlary nygtalýar.
„Nejep oglan“ dessanyna türkmen medeniýetini we edebiýatyny işjeň ýaýradyp gelen hakyky türkmen bagşylarynyň durmuşyny öwrenmek üçin bahasyna ýetip bolmajak eser hökmünde dogry baha berilýär. Bu seljermeler türkmen folkloryny öwrenmekde derwaýysdyr.
Oçerkde „Görogly“ şadessanyna ep-esli orun berlipdir. Eposilkinji gezek arap elipbiýinde Kazanda 1902, Daşkentde 1916-1917-nji ýyllarda neşir edilipdir. Elbetde, olaryň „Göroglynyň“ doly neşiri däldigi aýdylýar. Bolsa-da şadessanyň 1941-nji we 1958-nji ýyllardaky neşirinde olardan peýdalanylandygy bellenilýär. Ýygyndyda„Göroglynyň“ döreýişi kämilleşişi bilen bagly ýerlikli çaklamalar getirilýär. Galyberse-de, ýygyndyda zalym Hüňkar tarapyndan ejir çeken (ol Jygalybegiň ogly Mömüni öldürýär, onuň özüniňgözüni oýdurýar) Jygalybegiň agtyjagy Göroglynyň her taraplaýyn terbiýeleýşine uly üns berlipdir. Hüňkardan, Reýhan arapdan we beýleki duşmandan ar almakda erjelligi, akyl-paýhasy seljerilipdir. Hakykatdan hem Görogly her bir meselede atasynyň pendini tutupdyr:
Tagam berseň-bergin aja,
Daýangyn egri gylyja,
Emma duran gury ajaga,
Nähak gan çalyjy bolma.
Şol pentler hakykatdan hem mert, gaýduwsyz, akyl-paýhasly Göroglyny halk gahrymany derejesine göteripdir. Oçerkde Göroglynyň ýönekeý halk bilen baglanyşygyna, watançylykduýgularyna aýratyn ähmiýet berlipdir. „Görogly“ şadessanyň ilkinji babyndan başlap, tä soňky sahypasynasyna çenli bir esasy meselä okyjynyň ünsüni çekipdirler. Ol hem türkmen halkynyň hiç wagt duşman golunda ýaşamaga razy bolmanlygyndan, öz ýurduny, halkyny tüýs ýürekden söýenliginden, ar-namysa uly üns berenliginden ezilýän-horlanýanlara duýgudaşlyk gözi bilen garap, özge milletler bilen dostlukda ýaşamagyň tarapynda durandygyndan ybaratdyr. Sada bolsa-da „Görogla“ berlen bu kesgitleme göwnemakul. Ýokarda ady agzalan oçerkde şadessan bilen baglanyşykly Ý.E.Bertelsden mysal getirilipdir. „Görogly halk bilen baglanyşyklydyr, ony köpçülikden aýyrmak mümkin däl“. Ýygyndyda „Göroglynyň“ köp bagşylaryň dilinden ýazylyp alnandygy aýdylýar. Şolaryň iň ygtybarlysy Pälwan bagşynyň (Pälwan Ata ogly) dilinden ýazylyp alnandyr. TYA-nyň Milli golýazmalar institutynyň hazynasynda diňe Pälwan bagşynyň dilinden ýazylyp alnan tekstiniň 1237-sahypadan ybaratdygy bellenipdir. Umuman, ýygyndyda „Görogly“ eposynyň esasy gahrymanlarynyň keşpleriseljerilip hersine edýän hereketine, häsiýetine görädogry baha berilýär. Hakykatdan hem türkmen folkloryny „Göroglusyz“ göz öňüne getirmek mümkin däl. Ol beýik daga meňzäp, magallaklap ähli belentlikleriň ýokarsyndan görnüp dur.
Ýygyndyda nakyllardyr atalar sözüne-de bir bölüm bagyşlanylypdyr. Türkmen folklorynyň many-mazmunly, dana pentlere baý, iň kämil, halkyň arasynda juda giň ýaýran, gündelik durmuşda köp ulanylýan bu žanryň kökleri taryhy maglumatlar bilen baglylykda, deňeşdirilip pikir ýöredilipdir. Nakyllardyr atalar sözüniň 1904-nji ýylda S.Agabekowyň „Учебниктуркменскогонaречиясприложениемсборникапословиципоговoроктyркмензакаспийскойобласти“atly kitabynyň ikinji bölüminde rusça hem türkmençe berlen nakyllary hasaba almasaň, elbetde XX asyryň başynda olar özbaşdak ýygyndy görnüşinde neşir edilmändir. XIX asyryň aýagynda, XX asyryň başlarynda okuw kitaplaryna nakyllar girizilipdir.Emma bu žanra degişli eserler soň yzly-yzyna dört gezek neşir edilipdir. 1925-nji ýylda Aşgabatda çap edilipdir,soň 1949-nji,1960-njy ýyllarda „Türkmen nakyllary“ ady bilen(1954),iki gezek neşir edilýär. Soňam nakyllar we atalar sözi tapgyr-tapgyr halka ýetirilipdir. Oçerkde nakyllar tematikala bölünüp öwrenilipdir. Zähmet temasyndan, ekerançylyga, daýhançylyga, çarwaçylyga, il-gün, Watan temasyna, agzybirlige, dost-ýara, goňşuçylyga, baý, garyplyk, bilen baglanyşykly, maşgala, ene-ata, perzende degişli we ş.m. nakyllar. Işiň dowamynda nakyllaryň gurluşy, formasy-ideýa-mazmuny, aýratyn hem, gündelik durmuş bilen bagly olaryň öwredijilik, terbiýeleýjilik gymmaty hakynda dürs pikir ýöredilipdir. Oçerkde nakyllara degişli bölümde bu žanr şeýle jemlenilipdir. „Halkyň durmuşda tejribe baýlygy, akyl-paýhasy, akyl-beriji ukyby parasatlylygy, döredijilik ukybynyň, talantynyň belentligi, jemgyýetiň sosial-syýasy pikirleri folklorda, nakyllarda ýüze çykýar. Şunlukda nakyllary öwrenmegiň medeni, syýasy we terbiýeçilik ähmiýeti bar“.
Nakyllaryň şahyrlaryň döredijiligine gatnaşygyşol sanda, olaryň ertekileriň ideýasyny açmakda täsiri hakda hem göwnejaý pikir ýöredilipdir.
Şu ýygyndy neşir edilýänçä, matallaryň halkyň arasyndan toplanyşy, öwrenilişi, çap edilişi barada matallara degişli bölümi ýazan S.Ataýewa gysgajyk maglumat beripdir. A.N.Samoýlowiçiň „Загадкизакаспийскихтуркменврyсскомпереводе“, A.A.Wolodiniň „Изтуркменскойнароднoйпоэзии“ atly makalalaryny bu žanr boýunça ilkinji edilen işler hökmünde agzapdyr, hem şol döwre çenli nakyllaryň üç gezek neşir edilendigini nygtapdyr.
Işde matallaryň häsiýetli alamatlary hem-de onuň juda gadymylygy, ynsanyň çeper sözleýişinde bilesigelijilik, oýlanmak ukybyny artdyrmakdaky hyzmaty hakynda pikir ýöredilipdir. Has çuňlaşdyrsa hem bolardy. Nakyllaryň durmuşda, türkmen folklorynda tutýan ornuna has anyk çuň kesgitleme berse bolardy. Şu durşuna-da aýdylýan pikirler bolman duranok.
Oçerkde matallara dogry kesgitleme berilýär. Hakykatdan hem, halk döredijiliginiň bu žanryna „tapmaça“ hem diýilýär. Ýaşlaryň, gelin-gyzlaryň arasynda köp aýdylýan, aýdyjylaryň, onuň manysyny açýanlaryň oýlanyş ukybyny ösdürmekde, akyl-paýhasyny synamakda, açmakda uly hyzmaty bar. Manysy boýunça iňňän köp tematikalary öz içine alýan matallary anyklamakda kynçylyk çekilende, olaryň manysyny sorag-jogap arkaly (janlymy-jansyz, öýdeçimi-düzdeçi, iýmelimi-iýmesiz) oýlanylyp pikirlenilip tapmaly.
Işde matal üçin esasy häsiýetiň meňzedilýän zadyň-aňladyljak bolýan zada çalym etmegidir- diýip berilýän kesgitlemedogry.Matallaryň diňe özbaşdak däl, halk döredijiliginiň beýleki žanrlaryna, meselem, ertekilerde, dessanlarda hem şol sanda nusgawy edebiýatda hem gabat gelýändigi-dehakykat. Bu pikirler mysallar arkaly delillendirilipdir.
Bölümde ene söýgüsine, mähre, ýagşy niýetlere, öwüt-ündewlere ýugrulan, juda manyly, ynsanyň ilkinji, terbiýeçisihüwdüler, olaryň özlerine mahsus bolan aýratynlyklar, olaryň ideýa-mazmuny, iň esasy-da öwredijilik häsiýeti, hatda hüwdüleriň goşgy düzlüş aýratynlyklary hakynda pikir ýöredilýär, mysallar arkaly, olaryň many-mazmunlary seljeripdir.
Umumylykda alnanda, kitapda türkmen folklory belli bir döwre çenli döwürleýin seljerilýär. Olar hemdürli-dürli adamlar tarapyndan ýazylansoň, bu ýagdaýda olaryň ideýa-mazmunyndaky özgerişleri seljermek kyn. Ol özgerişlikler folklor eserleri bolsa-da tapylmaly. Sebäbi ol dilden-dile geçip, hemişe timarlanyp, soň halka ýetýär.
1976-nji ýylda „Türkmen folklory „häzirki zamanda“ diýen kitap neşir edilýär. Birinji kitaba K.Seýitmyradowyň „Köneürgenç raýonynda türkmen folklorynyň däpleşen žanrlarynyň sowet döwründäki ýagdaýy“ B.Mämmetýazowyň „Tagta (häzirki „Görogly“) raýonynda türkmen folklorynyň häzirki zaman ýagdaýy“, Ş. Halmuhammedowyň „Mary, Murgap hem Saragt raýonlarynda türkmen folklorynyň häzirki zaman ýagdaýy“, A. Durdyýewanyň „Gazanjyk, Gyzylarbat raýonlarynda türkmen folklorynyň häzirki zaman ýagdaýy” atly makalalary girizilipdir.
Ýygyndyda ýokarda agzalan etraplarda folkloryň ýagdaýy barada gysgajyk maglumat berilýär. Bu kitabyň ähmiýeti hakynda „redaktorlardan“ diýen gysgajyk girişde şeýle ýazylypdyr. „Munuň özi ilkinji nobatda, milli folklorymyzyň ýerli ýagdaýyny-haýsy çäklerde nähili žanrlaryň näderejede meşhurdygyny tassyklamakda, hut şol esasda hem, gelnen netijeleriň umumylaşdyrylmagy bilen, tutuşlygyna türkmen halk döredijiliginiň esasy milli hem territorial aýratynlyklaryny anyklamakda möhüm işdir“ .
K.Seýitmyradow “Köneürgenç etrabynda türkmen folklorynyň däpleşen žanrlarynyň söwet döwründäki ýagdaýy“ atly makalasynda şu etrapda halk mirasynyň 1939-njy ýyldan ýygnalyp başlanandygyna ünsi çekipdir.Alymyň berýän maglumatyna görä, şol ýylda “Nejep oglan” dessanyň nusgalarynyMämmedana bagşydan, Nury bagşydan A. Atamyrat ogly ýazyp alypdyr. Belli ýazyjy Ata Gowşudowa „Görogly“ şadessanynyň „Serwijan” şahasyny aýdyp beripdirler. Ýazyjy ony timarlap „Sowet edebiýaty“ (häzirki „Garagum“) žurnalynda çap etdiripdir.
Makalanyň awtory Köneürgenç etrabynda 1961-1968-nji ýyllar aralygynda saparda bolup, şol etrapdan bagşylaryň, terjime halyna, repertuaryna degişli ençeme maglumatlary toplapdyr. Şol etrapda, esasan, dessanlar ýörgünli bolupdyr. Işde her bagşynyň repertuarynda şol dessanlaryň („Hüýrlukga-Hemra“, „Görogly“, „Nejep oglan“, „Şasenem-Garyp“) aýdylyş aýratynlyklary, möçberi galyberse-de olaryň ideýa-mazmuny terbiýeleýjilik ähmiýeti hakynda pikir ýöredilipdir. Aslynda 1961-1970-nji ýyllaryň aralygynda TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň birnäçe işgäri Köneürgenç etrabynda bolup, dessanlardan başlap halk döredijilik eserleriniň dürli-dürli görnüşlerini toplapdyrlar. Esasanam, bagşylaryň dilinden dessanlary ýazyp alypdyrlar. Meselem, Artyk bagşydan „Nejep oglany“, „Göroglynyň” „Bezirgen“ şahasyny K.Seýitmyradow, „Harmandälini“, K.Berkeliýew bilen K.Seýitmyradow Gurban bagşydan „Bezirgen“ şahasyny B.Mämmetýazow bilen A.Durdyýewa, “Kyrkmüňler“ ýazyp alan ýene Kakabaý Seýitmyradow, „Hüýrlukga-Hemrany“ ýazyp alanlar M.Çaryýew bilen N.Atdaýew, Nury bagşydan „Hüýrlukga-Hemra“, „Saýatly-Hemra“ dessanyny ýazyp alan A.Borjakow, ýene ol Öre Kakajykowdan „Helalaý-Garyp“ dessanyny ýazyp alypdyr. „Arap daňany“ ýazyp alanlar K.Seýitmyradow bilen B.Mämmetýazow, Atajan Aşyrowdan „Şasenem-Garyp“ dessanyny ýazyp alan K. Seýitmyradow.„Şasenem-Garyp“ dessanyny Baýar Baýramow, Öre Kakajykow, Gurban Öwezow „Hüýrlukga-Hemra“ dessanyny bolsa Baýar Baýramow, Sapaly Annaberdiýew toýlarda hersi özüçe ussatlyk bilen ýerine ýetiripdirler. Mirasgär bu dessanlaryň ideýa-mazmunyna, çeperçilik güýjüne okyjylaryň ünsüni çekipdir.
Mirasgäröňem nygtaýşymyz ýaly, bu dessanlary ýerine ýetirmekde bagşylaryň biri-birinden tapawudy hakynda, yzygiderli pikir ýöredipdir. Dessanlar bilen birlikde bu etrabyň bagşylary türkmen nusgawy edebiýatynyň wekilleriniň goşgularyny, şol sanda tirme aýdymlaryny hem ussatlyk bilen ýerine ýetiripdirler. Dessan aýtmakda bu etrapda şägirt-halypalyk ýoly hem ýoň bolupdyr. Ýaş aýdymçylar özünden öňki aýdylýan halky kyssalary, eserleri olardan öwrenip aýdypdyrlar.
K.Seýitmyradow aýdyjylaryň türkmen folkloryny halka ýetirmekde bitiren hyzmatlary we terjimehallary barada-da gysgajyk maglumat beripdir. Şol maglumatlar bagşylaryň türkmen folkloryny halkyň arasynda ýaýradyjy adamlar hökmünde tanalmagy üçin zerurdyr. Meselem, Annaguly bagşy (Anjym kel) takmynan, 1879-njy ýylda häzirki Köneürgenç etrabynyň Baýram Tagan adyndaky kolhozynda eneden doglupdyr. Ol „Zöhre-Tahyr“ dessanyny aýtmak bilen uly şöhrata eýe bolupdyr, bagşy Oktýabr rewolýusiýasynyň öň ýanynda aradan çykypdyr. Agamyrat bagşy Köneürgenç etrabynyň Eýmirlik obasynda ýaşap, 1922-nji ýylda aradan çykypdyr. Agamyrat toý-tomaşalarda „Hüýrlukga-Hemra“, „Şasenem-Garyp“, „Nejep oglan“ dessanlaryny aýdýan eken.
Orazguly bagşy (Dopdar kör) takmynan, 1862-nji ýylda doglup 1922-nji ýylda altmyş ýaşlarynda aradan çykypdyr. Ol ”Görogly” eposyndan „Göroglynyň döreýşi“, „Öwez getiren“, „Öwezi dara çeken“, şahalary, „Şasenem-Garyp“, „Hüýrlukga-Hemra“ ýaly dessanlary aýdypdyr. Arazguly bagşy sesiniň ýakymlylygy, ýerine ýetirjilik ukyby bilen Demirgazyk Türkmenistanda juda hormatlanyp at alypdyr.
Nazar hoja Köneürgenç etrabynyň Hoşa aý diýen ýerinde ýaşap geçipdir. Ol, takmynan, 70 ýaşlarynda 1922-nji ýylda dünýäden ötüpdir. Nazar Hoja il arasynda „Görogly” eposynyň 41 şahasyny aýdypdyr. Bagşylaryň gürrüň bermeklerine görä. Ol türkmen dessanlarynyň ählisini diýen ýaly bilýän ýatkeş, il günüň göwnüni aýlaýan, olary halk hazynasynyň üsti bilen terbiýeleýän akylly, paýhasly adam bolupdyr.
Rejep bagşy Köneürgenç etrabynyň öňki, Maksim Gorkiý adyndaky kolhozynda ýaşap, 1940-njy ýylda dünýäden ötüpdir. Ol „Göroglynyň“ birnäçe şahasyny we „Hüýrlukga-Hemra“ dessanyny we käbir tirme aýdymlary toýlarda aýdar eken. Aşyr Agamämmedow bolsa toýlarda „Hüýrlukga-Hemra“ we „Şasenem-Garyp“ dessanlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetiripdir. Mämmedanna bagşy hem bu etrabyň çäginde 1884-1944 ýyllaryň aralygynda ýaşap geçipdir. Ol Ahal töwereklerinde-de bolup, toýlara gatnaşyp,ol mekanlarda Gara oglan ady bilen tanalareken. Amyderýanyň arka tarapynda Ýomut bagşy belli bolupdyr. 1886-1968-nji ýyllaryň aralygynda Köneürgenç etrabynyň öňki „Kommunizm“ kolhozynda ýaşap geçen Gölli bagşy „Hüýrlukga-Hemra“, „Nejep oglan“ dessanyny we halk aýdymlaryny aýdar eken. Baýram bagşy bolsa (1899-1970) ýokarky dessanlary we „Görogly“ şadessanynyň käbir şahalaryny bilip, toýlarda halka hezil beripdir. Diňleýjileri watançylyk, agzybirlik, ruhunda terbiýelemekde onuň hyzmaty juda uly bolupdyr. 1900-1967-nji ýyllaryň aralygynda ýaşap geçen Nury bagşy (Halykow) dürli-dürli bagşylardan öwrenip köp dessanlary; „Saýatly Hemra“, „Nejep oglan“, „Şasenem-Garyp“, „Ýusup-Ahmet“we „Görogly“eposynyň köp şahalarynyýatdan bilýän eken. Ömrüniň ahyryna çenli olary toýlarda aýdypdyr.
Horlukda, ýetmezçilikde ýaşap, Türkmenistanyň köp künjegini aýlanyp çykan Artyk bagşy „Görogly“şadessanynyň birnäçe şahasyny, „Saýatly-Hemra“, „Nejep oglan“ ýaly dessanlary toýlarda aýdypdyr. Nazar Baganyň şägirdi Baýar Baýramow tirme aýdymlary, „Şasenem Garyp“, „Hüýrlukga-Hemra“ dessanlaryny toýlarda ökdelik bilen aýdyp, halka ýaýradypdyr. Gurban Öwezow Galandar bagşy hem „Şasenem-Garyp“, „Hüýrlukga-Hemra“ we „Görogly“ şadessanynyň „Bezirgen“ şahasyny, Öre Garlyýew(1920-nji ýylda doglan) „Helalaý-Garyp“, Sapaş Ataberdiýew „Hüýrlukga-Hemra“, „Şasenem-Garyp“, „Ýusup-Ahmet“, „Nejep oglan“ dessanlaryny, Maral Aşyrowa, Pirjan Moşyýew dessanlary, halk aýdymlaryny, Mämmet Meredow dessanlardan („Şasenem-Garyp“, „Hüýrlukga-Hemra“) bölekler we tirme aýdymlary aýdýan ekenler.
TYA-nyň Dil-edebiýat institutynyň ylmy işgärleri, ýagny işdeş ýoldaşlary bilen Kakabaý Seýitmyradow bagşylar tarapyndan aýdylýan dessanlary ýazga geçiripdirler we elde hem göçürip institutyň hazynasyna tabşyrypdyrlar. Awtor makalasynda Demirgazyk Türkmenistanda bagşylar tarapyndan biri-birinden tälim alyp dessan aýtmagyň ýörgünlidigini nygtapdyr. Hatda „Göroglynyň“ doly nusgasy 12 şahasy, Pälwan bagşydan ýazylyp alnypdyr.
Ýygyndyda K. Seýitmyradow bu dessanlaryň bagşylar tarapyndan aýdylyş aýratynlyklary, folklory halkyň arasynda ýaýratmakda olaryň hyzmatlary barada yzygiderli pikir ýöredipdir. Ol bu bagşylaryň (Artyk, Öre, Gurban) aýdýan ýokarky şahalaryny („Görogly“ eposyndan birnäçe şaha) diňläniňde, olaryň Nazar Hojadan, Pälwan bagşydan, neşir edilen nusgalaryndan öwrenip aýdýandyklaryny duýmak bolýandygyny nygtaýar. Atajan bagşynyň aýdýan, hem hazyna toplaýjylar tarapyndan ýazylyp alnan dessan nusgalarynda goşgularyň köpdügini nygtap, olaryň ähmiýeti hakynda awtor şeýle ýazypdyr. „Şygyrlaryň sanynyň köp bolmagynyň diňe bir möçber tarapyndan ähmiýeti bolman, eseriň personažlarynyň ýüzüniň has gowy açylmagyna kömek edýär. Dessanyň kyssa bölüşinde Atajan bagşy wakalary örän jikme-jik beýan edýär. Personažlary has doly häsiýetlendirmek üçin çalyşýar .
Dessanlardan başga-da K. Seýitmyradow Köneürgençde erteki aýtmak beýle ýörgünli bolmasa-da, ol ýerde-de ýaşuly adamlaryň dillerinden ençeme ertekileriň ýazylyp alnandygy barada maglumat beripdir. Ol etrapda jadyly ertekileri („Keltejalaý“, „Güljemal peri“, „Akylly gelin“, „Üç ýigit we gyz“, „Porruk şa“) aýtmak ýoň bolupdyr. Awtor makalada ertekileriň ideýa-mazmuny hakynda-da pikiini aýdypdyr. Soň Ependi, Kemine, Myraly we Soltansöýün, Esenpolat, Japbaklar, Keýmir kör bilen baglanyşykly ýurdumyzyň ähli ýerinde ýörgünli bolan şorta sözler, rowaýatlar we halk aýdymlary, läleler barada-da gysgajyk pikirini aýdypdyr. Ownuk žanrlarda iň köp aýdylýan läleleriň ideýa-mazmuna özboluşlylygyna, çeperçiligne, durmuşylygynaünsi çekipdir. Meselem:
Ilerden öten ýigit,
Köýnegi keten ýigit,
Birje gyza mal tapman
Dünýäden öten ýigit.
Ýa-da:
Degirmen daş aýlanar,
Suwy serhoş aýlanar,
Kim ilinden aýrylsa,
Gözünde ýaş aýlanar
ýaly bentler, Mary, Sarahs, Tejen, etraplarynda gabat gelip duranok. Beýleki etraplarda „Öleňler“, „Ýar-ýar“ görnüşinde aýdylýan toý aýdymlarynyň Köneürgençde „Leýran“ görnüşinde gabat gelýändigini, ýöne ol aýdymlaryň öň aýdylan hem bolsa, gürrüňi edilýän döwürde toýlarda, aýdylmaýandygyny awtor belleýär. Aýdylsa, aýdylmasa mirasgär tarapyndan olaryň ençemesi göçürilip alnypdyr. Başga-da K.Seýitmyradow bu makalasynda sanawaçlaryň, ýomaklaryň, atalar sözüdir nakyllardan nusgalar getirip, olaryň häsiýetli aýratynlyklaryny seljeripdir. Makalada bagşylara türkmen folkloryny saklaýjylar we ýaýradyjylar hökmünde baha berilipdir.
Türkmen folklorynyň, aýratyn hem, onuň dessan žanrynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda ýaýraýşyny we olaryň bagşylaryň repertuarynda dürliçe aýdylyşyny, ideýa-çeperçilik aýratynlygynyň saklanyşyny seljerýänligi üçinmakalanyň ähmiýeti uly. Bu ýygyndynyň bir bölümini (“Tagta raýonynda türkmen folklorynyň häzirki zaman ýagdaýy” ) B.Mämmetýazowyň ýazandygyny belläpdik. Mirasgär başda „Ýomut bagşylary”, “Garadaşly bagşylary”, „Çowdur bagşylary” at bilen bagşylary üç topara bölüp, olaryň türkmen folkloryny ýaýratmakda bitiren hyzmatlary barada ýeke-ýeke maglumat beripdir. Ol birinji topara girýän bagşylar: Goç Hoja, Atanazar Hoja, Ata Hoja, Pälwan Hoja, Sapar Süýrentgi, Gylyç Pälwanow, Nazar baga, ikinji topara girýän bagşylar; Magtymguly Garlyýew, Gurban Seýitmämmedow, Yrzaguly Ataýew, Artyk Durdyýew, Ilaman Annaýew, Münewwer Kerimow, Begjan Baýramdurdyýew, Çowdur bagşylary; Allanur bagşy, Gurbandurdy bagşy. Bu bagşylaryň hemmesi yzlarynda birgiden şägirtleri ýetişdiripdirler. Mirasgär – bular barada giňden maglumat beripdir. Alym ýomut, garadaşly bagşylardan tapawutlanyp, çowdur bagşylarynyň repertuarynda, „Görogly“ şadessanyň şahalarynyň, „Saýatly-Hemra“, „Şasenem-Garyp“ dessanlarynyň ýörgünlidigini aýratyn nygtapdyr.
Babyş Mämmetýazow ýygynda girizilen bölüminde Görogly etrabynda halkyň milli mirasyny halka ýaýratmakda at alan bagşylar, olaryň terjimehallary, repertuaryndaky dessanlar, bagşylaryň ol dessanlary ýerine ýetirmekde, biri-birinden tapawudy hakynda pikir ýöredipdir. Hakykatdan hem halkyň mirasyna aýawly garap olary söz bilen saz bilen halka ýetiren bagşylaryň bu ugurdan bitiren hyzmatlary bimöçberdir. “Ata kesbi ogla halal” diýilşi ýaly, Pälwan bagşa ömrüniň ahyryna çenlikakasy halypalyk edipdir. Aýdym aýtmaga, saz çalmaga ökdeleşenden soň, şägirt „Görogly“ eposyny öwrenmäge başlapdyr. Pälwan bagşy atasyndan „Göroglynyň“ 12 şahasyny ýüzlerçe, halk aýdymlaryny miras alyp, ilat arasynda aýdypdyr. Onuň bilýän şahalaryny 1937-nji ýylda Ata Çepow ýazyp alypdyr. Ata Gowşudow Pälwan bagşynyň aýdan nusgasy esasynda 1941-nji ýylda „Görogly“ eposyny çapa taýýarlapdyr. Şuwagta çenli neşir edilen şadessanyň iň irki nusgalarynyň biridir.
Isa bagşynyň ilat arasynda ýörgünli lakamy Isa işan bolupdyr. Ol „Şasenem-Garyp“ dessanyny birnäçe bölege bölüp aýdar eken. „Hüýrlukga-Hemra“ dessanyny-da doly bilipdir. Isa bagşy Öre şyha halypalykedipdir. Öre şyhyň maglumat bermegine görä, ol 20-nji ýyllaryň başynda aradan çykypdyr.Öre Käbäýew (şyh) 1879-1964 ý ýyllaryň aralygynda ýaşap geçipdir. Ol oglan bagşy adyny alyp „Görogly“ şadessanynyň „Öwez getiren“ şahasyny „Şasenem-Garyp“dessanyny, „Nejep oglany“ öwrenýär. Bagşy Öre Seýitmädow „Şasenem-Garyp“, „Hüýrlukga-Hemra“ „Nejep oglan“ dessanlaryny, „Görogly“ eposynyň „Öwez getiren“ şahasyny, köp halk aýdymlaryny ilat arasynda aýdar eken. Ol 1898-nji ýylda eneden bolup, 1971-nji ýylda aradan çykypdyr.
Gylyç Ödäýew, Hekim Gurbanow, Nazar baga, Gylyç Pälwanow ýaly şägirtleriýetişdiren Sapar Süýrentgi „Görogly“ şadessanynyň „Harmandäli“, „Bezirgen“ şahalaryny, „Şasenem-Garyp“, „Hüýrlukga-Hemra“ dessanlaryny aýdyp ýüzlerçe diňleýjileriň alkyşyny alypdyr. Bu eserleriň halkyň arasyna ýaýramagyna hyzmat edipdir. Muhat Gandymow halypasy Pälwan bagşydan „Göroglynyň“ „Bezirgen“ şahasyny, Öre şyhdan hem „Hüýrlukga-Hemra“ dessanynyň bir bölegini öwrenipdir. Ol bu dessanlar bilen birlikde Magtymgulynyň, Keminäniň, Şabendäniň, goşgularyna aýdylýan halk aýdymlaryny aýdar eken.
Kör lakamy bilen tanalan Seýit Mämiýew 1872-nji ýylda eneden doglup, 1946-njy ýylda aradan çykypdyr. Halypasy Gylyçmät bagşydan „Şasenem-Garyp“, „Hüýrlukga-Hemra“ dessanlaryny „Görogly“ şadessanynyň „Öwez getiren“ şahasyny öwrenipdir. Olary halkyň arasynda aýdyp berer eken.1888-nji ýylda doglan Hekim Gurbanow. „Hüýrlukga-Hemra“, „Şasenem-Garyp“ dessanlaryny şirin labzy bilen halka ýetiripdir.Annageldi Mähemow hem 1896-njy ýylda „Şasenem-Garyp“, „Hüýrlukga-Hemra“ dessanlaryny, onlarça halk aýdymlaryny aýdypdyr. Oraz şahyr (Oraz Saryýew 1906-1968ý. ) diňe bir dessançy bagşy hökmünde tanalman, halkyň arasyna ertekileri, rowaýatlary, halk aýdymlaryny ýaýradypdyr. Ynsanperwerlige, watanperwerlige ýugrulan bu dessanlaryň diňleýjiler-deuly täsiriniň boljakdygy öz-özündendüşnükli.
Türkmen halky söz sungatynyň gymmatly baýlygy bolan halk döredijilik eserlerini halkyň arasynda aýdyjylara, ýaýradyjylara uly sarpa goýupdyr. Hatda halkyň millihazyna garaýşy, söz sungatyna, sazyna uly sarpa goýşy daşary ýurtly alymlarynyň-da ünsüni çekipdir. „Türkmen üçin baryp ýatan lezzet-bagşynyň gelmegidir we onuň tamdyra çalyp „Göroglynyň“, ýa elýetmez şaha hasaplanýan Magtymgulynyň aýdymyny aýtmagydyr. Magtymgula öwlüýä ýaly garaýarlar. Magtymgulynyň aýdymlaryny eşiden çaglarymdaky geçen minutlar, mende ýokary derejede we gyzykly hem hiç unudylmajak täsir galdyrdy“ diýip, wenger alymy Arminiý Wamberi geçen asyrlarda ýazsa, ýene bir daşary ýurtly W.N.Garteweld „Bagşysyz oba durmuşyny göz öňüne getirmek mümkin däl“ diýip ýazypdyr. Bu jaýdar pikirleriň aňyrsynda hakykat ýatyr. “Her işiň haýry ýagşydyr, toýuň bezegi bagşydyr“ diýip, halkymyz jaýdar aýtmanmy näme?! Halkyň şu wagta çenli dilden-dile geçip gelen edebi çeper mirasy bagşylar ýaly halkyň arasynda söz, saz bilen ýaýradyjylary tapaýmak kyndyr. Olaryň saz bilen onuň arasy söz bilen joşup-joşup aýdýan halky dessanlarynyň hem täsiri sazdan pes bolmandyr.
Bagşa halkyň ruhy çeşmesi hasaplanýan folklor eserlerini, şahyrlaryň goşgularyny ilat arasynda ýaýradyjy halk jarçysy hökmünde baha berenlerinde folklorçy alymlar mamladyr. Meselem, daşoguzly bagşylar Öwlüýäguly bagşy, Nazar baga yşky liriki „Hüýrlukga-Hemra“, „Saýatly-Hemra“, Şasenem-Garyp“ ýaly dessanlary aýdan bolsalar, yşky-lirikidessanlary,şol sandaGörogly eposynyň şahalaryny, Magtymguly, Garly Jumamyrat Oraz, Palta bagşy, Öre şyh, Musdak bagşy ýerine ýetirýän ekenler. Bagşylar hatda„Göroglyny“ üç gije-gündiz aýdar ekenler. Dessançy bagşylaryň köp ýaýran ýeri Daşoguz we belli derejede Lebap sebitleri hasap edilýär.
Tirmeçi bagşylar hatda käwagt goşgy aýdanlarynda onuň näme bilen baglanyşyklydygyny gürrüň berer ekenler. Bu ýagdaý diňleýjiler üçin has gyzykly bolupdyr. Mollanepesiň „Kiçgine“ goşgusynyň döreýşini ýazypdyk. Mätäjiniň goşgulary Hally bagşynyň kömegi bilen halka ýetipdir. Golýazmasy galmadyk diňe Mätäji däl. Meselem,änewli Durdy bagşy obadaşy Dosmämmediň goşgularyny, ol düzdügi olara mazmunyna görä saz döredip, halka ýetirer eken. Ýa-da Magtymgulynyň goşgularynyň halka ýaýramagynda Garadäli Gökleňiň hyzmaty azmy?Palta bagşynyň aýtmagyna görä, Gammar bagşy Magtymgulynyň goşgularynyň birini iki gezek gaýtalaman, iki gije aýdypdyr. Hakykatdan-da,hazynamyzdaky folklora, nusgawy edebiýata degişli eserleriň, dessanlaryň köpüsi bagşylaryň dillerinden ýazylyp alnan. Meselem, „Hüýrlukga-Hemra“ dessany K. Berkeliýewiň berýän maglumatyna görä, ilkinji gezek 1939-njy ýylda Nazar Baganyň dilinden ýazylyp alnypdyr. Bu nusgada dessançylyk häsiýeti, beýan ediliş usuly, wakalaryň sýužet ugrunyň yzygiderliligi, diliniň çeperçiligi oňat saklanypdyr. Soň şol nusga, 1939-njy ýyldan soňky neşir edilen „Hüýrlukga-Hemra“ dessanyna esas bolup hyzmat edipdir. Şol sanda Pälwan bagşynyň (Ata oglunyň) dilinden ýazylyp alnan 1237 sahypadan ybarat „Görogly“ eposyndanyndan ýazylyp alnan nusga sýužeti taýdan hem, wakalarynyň beýan edilşi, gahrymanlarynyň häsiýetiniň açylşy“ taýdanhem kämildi. Onuň dilinden ýazylyp alnan tekst hem kim tarapyndan neşire taýynlansa-da kämil çykypdyr.
Ýygyndynyň bir bölümini Ş. Halmuhammedow ýazypdyr. Ol Mary, Murgap hem Sarahs etraplarynda türkmen folklorynyň ýagdaýy, ýaýrawy hakynda pikir ýöredipdir. Şu bölüm bilen baglanyşykly işiň Ş. Halmuhammedowa degişli bölüminde gysgajyk pikir ýöredipdik. Şonuň üçin hem bu ýerde gürrüň çäkli bolar.
Ş, Halmuhammedow bölümde turuwbaşdan 1930-njy ýylda N. K. Dmitrewiň ýolbaşçylygynda Mary welaýatynyň Mary etrabynda geçirilen ekspedisiýa we onuň ähmiýeti hakynda söz açypdyr weşeýle ýazypdyr:Ekspedisiýanyň maksady Marynyň „Ilatynyň arasynda aýdylýan halk ertekilerini toplap almakdan ybarat bolupdyr. Ekspedisiýanyň (agzalary S.G.) işi tradisiýa esasynda geçiripdirler bu bolsa ol raýynda ýaşaýanlaryň, has dogrusy, olaryň gürrüňçi wekilleriniň dialekt aýratynlyklaryny ýüze çykarmaga uly ähmiýeti bolupdyr . Kitap „Turkmenskiýe narodnyýe skazki Maryskogo raýona” (M.-L. 1954) at bilen neşir edilipdir.
Awtor bölümde esasan ýokarkyetraplarda türkmen folklorynyň ähli žanrlary boýunça halk döredijilik eserleri ylmy nukdaýnazardan gysgaça derňemegi maksat edinipdir. Şol maksat bilen ol TYA-nyň Dil we edebiýat institutynyň golýazmalar hazynasyndaky maglumatlardan kän peýdalanman, şol etraplarda ençeme gezek ylmy saparda bolupdyr. Türkmen halk döredijiligine degişli täze maglumatlary,nusgalary agtarypdyr, tapypdyr. Awtor halkyň arasynda belli-belli gürrüňçileri, Muhy aga, Sähet bagşy Ata Abdyrahmanow, Ata Salyh we onuň kakasy Salyh Gyşamma, Orazjemal Suhanowa Bapby Nurberdi ogly, Şadurdy Nurlyýew, Täjigözel Berdiýewa bilen duşuşypdyr. Bu sanaw türkmen folkloryny halka ýaýratmakda aýdyjylar bilen tanyşmak, olaryň edýän işleriniň gymmatyny açmak üçin hem peýdaly. Şeýle-de, bu ýerde bir zady has nygtamaly. Aslynda belli, zehinli folklorçy alym (filologiýa ylymlarynyň doktory) hökmünde bu žanra degişli her bir meselä girişende örän jogapkärli çemeleşýär. Ol ýokarda agzan türkmen folkloryny düşünjeli, söýgi, yhlas bilen halkyň arasynda ýaýradan mirasgärleriň bilýän ertekilerini, rowaýatlaryny hekaýatlaryny we ş.m halka ýaýratmakda her birine mahsus bolan aýratynlyklaryna ünsi çekipdir. Meselem ol aýdyjylaryň käbiri hakynda şeýle ýazypdyr. ... Muhy agadyr Aman bagşy dagy dürli-dürli halk aýdymlaryny hem-de sazlaryny ýerine ýetirmekde başga-da olaryň taryhy bilen baglanyşykly rowaýat – legendalalary gürrüň bermäge ussat bolsalar, Mämmetnyýaz Begmyrat ogly ertekiçi goja hökmünde meşhurdyr. Onuň bilýän we aýdýan ertekileri sany babatynda-da, gürrüňçiniň ýerine ýetirşi ussatlygy babatynda hem türkmen folklorynyň beýleki žanrlaryny ýerine ýetirişinden mese-mälim saýlanypdyr“ . Umuman, türkmen folkloryny halka ýetirmekde mirasgär, olar bilen gürrüňdeş bolandan soň, ýeke-ýeke aýyl-saýyl edip, olaryň aýdyş, gürrüň beriş ussatlygyny ýüze çykarypdyr. Bu ýagdaýda aýdymlaryň, ertekileriň, rowaýatdyr hekaýatlaryň nähili täsirli boljakdygy öz-özünden düşnükli. Bu ýagdaý bolsa, adamlaryň durmuşda özlerini alyp barmakda, aň-düşünjesiniň ösmeginde, dünýägaraýşynyň giňemeginde, gelejege göz ýetirmekde nähili uly täsiriniň bolup biljekdigi öz-özünden düşnükli. Bagşylaryň bolsa rowaýatlary ertekileri, dessanlary eli dutarly aýdym bilen saz bilen hem gürrüň bilen halka ýetirmekdäki hyzmatlaryny mirasgär ýeke-ýeke seljeripdir.
Makalanyň awtory Mary, Murgap, Sarahs etraplaryň dessanyň ýörgünli däldigini nygtapdyr. Ol şol döwrüň belli bagşylary Hally, Sary Muhy,Girman, Nursähet bagşynyň repertuaryndaepos, dessan ýaly uly göwrümli eserleri däl-de, olaryň goşgularyny saza goşup aýdyp halka hezil beripdirler. Duýgy bolsa, esasan, goşgularda täsirli açylýar. Ol aýdymlar halky alyslyklara alyp gidýär, göwün guşuny ganatlandyrýar. Halk mirasy ýaýradyjylaryň uly göwrümli eserleri aýtmadyklaryny sebäbini Ş.Halmuhammedow ýazan bölüminde düşündiripdir. Ýöne awtor Gurt Ýakubyň toý-tomaşalarda „Zeýnelarap“, „Babaröwşen“ dessanlarynyaýdandyklarynynygtapdyr.
Ş.Halmuhammedow folkloryň erteki žanrynyň bu etraplarynda ýörgünlidigini nygtamak bilen, oňa juda göwnejaý kesgitleme beripdir. „Halk ertekilerini türkmen folklorynyň san taýdan, iň baý, forma babatynda dürli-dürli sadaja sýužet ýordumlardan çylşyrymly, öwrümli kompozision gurluşlara çenli ösdürilen, hil taýdan bolsa ýokary derejede syntgylanan, esasan, kemsiz timarlanan we ideýa mazmunyna ýiti sosial öwüşginlilik berlen prozaik žanrlardan biri hasaplasak dogry bolar . Dogrudanam ertekiler ähli halklaryň folklor eserleriniň, şahyrana söz sungatynyň arasynda görnükli orny eýeläp, ol zähmetkeşler köpçüliginiň ýokary söz ussatlygynyň, kollektiwleýin döredijilik miwesiniň ajaýyp nusgalaryny özünde jemlän bu žanr bilen bagly belli rus ýazyjysy Maksim Gorkiniň juda manyly sözlerini mysal getirip, pikirini has berkidipdir. „Bu dilden-dile aýdylyp gelinýän söz dokmasy örän gadym eýýamlarda emele gelen. Onuň dürli reňkdäki ýüpek sapaklary haýran galarlyk owadan söz halysy bilen bütin ýer ýüzüni örtüp, onuň bütin ýerine ýaýrady“ . Eýsem, dünýä ýüzüne ýaýran, dürli-dürli halklar tarapyndan aýdylýan, hatda halklaryň arasynda göçüp-gonup ýören ertekileri häsiýetlendirmek üçin, şu sözlerden manyly, täsirli meňzetmelere baý mysaly nireden tapjak. Ertekilere gezek gelende, ony aýtmaýanam az, diňlemeýänem. Halkyň milli mirasy şu ýol bilen ýüzlerçe adamlary yzyna düşürip, dogry ýola salyp, ýagşy niýete ataryp halklary doganlyk-dostluga çagyryp, obama-oba, şäherme-şäher, ýurtma-ýurt aýlanyp ýör. Soň awtor, sözüni dowam etdirip bu žanryň tebigatyna mahsus bolan häsiýet hakynda şeýle ýazypdyr. Şu ýerde bir hakykaty gizlemän aýtmak gerek. Türkmen folklory seljerilende oňa düýpli çemeleşilende, zehinem dury bolanda, ony öz sözleriň bilen aýtman, awtora söz beresiň gelip dur. „Halk ertekileriniň aglabasyna mahsus bolan alamat hökmünde olarda halk fantaziýasyna esasy ornuň degişlidigini bellemek gerek. M.Gorkiniň belleýşi ýaly, olar haýran galarlyk derejedäki kämillik bilen zähmetkeş halkyň süýji hyýallaryny, ajaýyp nusga öwrülen erkin söz oýunlaryny özlerinde jemleýär. Gündogaryň gülläp ösen fantaziýasynyň joşgunly güýjüni ýüze çykarýar .
Hakykatdan hem, halkyň geljege bolan hyýaly garaýşy, hakyky durmuş bilen utgaşdyrylyp mirasgär pikirini „Garybyň çerkeze gidişi“, „Üç doganyň talaban durşy”, „Akpamyk“ atly ertekileri seljerip hem alymlaryň pikirlerine salgylanyp subut edýär. „Diýmek erteki adamzat fantaziýasynyň iň aýdyň aýnasydyr we bu aýna bolsa, ynsany her taraply we iňňän baý suratlandyrýan sungat aýnalaryndan biridir . Soň alym ertekileri üç topara durmuşy, hyýaly we haýwanlar hakyndaky ertekilere bölüp, olaryň käbirini seljerip, toparlaryň hersine mahsus bolan alamatlaryny seljeripdir.
Mirasgäriň şorta sözler bilen baglanyşykly olaryň aktiw häsiýeti, folkloryň baý žanrydygy, aslynda ynsan durmuşy bilen bagly gülküli, täsirli wakanyň ýatandygy, olaryň ýumora ýugrulyp aýdylyşy bilen bagly pikir ýöretmeleri juda göwnemakul.Şorta sözleriňgurluş taýdan ýeňil we ýatda saklamaga oňaýly, mazmuny taýdan bolsa ýiti ýumordan otlukly satira çenli ýugrulan bolup, halkyň gündelik durmuşynda häli-şindi gabat gelip durýar, onuň toý-tomaşalary-da märekäni janlandyryşy, olara bezeg bolşy bilen bagly şorta sözlere mahsus bolan seljermeleri, şorta sözlere berilýän hakyky baha. Şorta sözleriň ikinji bir alamatyny Ş.Halmuhammedow juda dogry kesgitläpdir. “Däbe öwrülen hem gadymdan gelýän, şorta sözleriň agramly bölegi belli-belli taryhy şahsyýetleriň we sap folklor personažlarynyň atlary bilen baglanyşykly bolup, olar aýry-aýry şekillerden ybaratdyr” diýip bu žanry häsiýetlendirende juda mamladyr. Mirasgär Keýmir köri, Ependini, Myraly we Soltansöýüni, Japbaklar, Kemine, Esenpolat bilen bagly halkyň arasynda aýdylýan şorta sözleri mysal getiripdir. Aslynda Ependi, Kemine, Aldar Köse ýaly folklor gahrymanlary bilen baglanyşykly şorta sözleriň köpüsini halkyň özi döredýär. Bölümde Ş.Halmuhammedow, ençeme, aýratyn-da, adam atlary bilen bagly gelýän şorta sözleri seljeripdir. Şol sanda folkloryny seljerýän etraplarynda bu žanryň has ýörgünlidigini kesgitläpdir. Soň işde Murgap, Mary, Sarahs etraplarynda rowaýatlaryň aýdyjylar tarapyndan halkyň arasynda ýaýradylyşy, olaryň ideýa-mazmuny, gahrymanlary, olara mahsus bolan häsiýetler hakynda pikir ýöredipdir. Pikirini ençeme rowaýatlaryň ideýa-mazmunyny açyp berkidipdir. Bu mysallaryň, seljermeleriň aňyrsynda gürrüňi edilýän folklor eserleriniň öwredijilik häsiýeti, türkmen folkloryny baýlaşdyrmakdaky hyzmatlary ýatyr. Soň awtor atlary agzalan etraplarda nakyllaryň, atalar sözleriniň aýdylyşy bu žanryň gündelik durmuşda stil zerurlygyny göz öňünde tutup, folkloryň bu žanrynyň ähli etraplarda, şol sanda gürrüňini edýän etraplarynda-da ýörgünlidigine ünsi çekipdir, awtor bu žanry häsiýetlendirmekden-de sowa geçmändir.
Mirasgär halk döredijiliginiň şygyrýetini seljerende-de, olaryň (monjugatdylar, läleler, hüwdüler) hersine mahsus bolan häsiýetleri hakynda pikir ýöredýär. Şol sanda olaryň, esasan, gelin-gyzlar tarapyndan döredilendigini hem olaryň özboluşly durmuşyny isleg-arzuwlaryny beýan edýändigine ünsi çekipdir. Hakykatdan hem läleleriň tematikasy giň. Olar şol läleleri döredijiniň, joralaryna ýeňňelerine, gyz jigilerine, doganlaryna bagyşlanan:
Gelnejem jan süzüler,
Zülpüne gyran düzüler,
Jan agamy görmese
Ýürekleri üzüler.
Goýun gelýä guzy bilen,
Ala dagyň ýüzi bilen,
Ballar dogan Baýram jan
Döwran sürgün gelniň bilen .
Mysallardan görnüşi kimin.Derňew bölümde hüwdüler, monjugatdylar bilen-de baglanyşykly şu kysymly gidýär.Olaryň türkmen folkloryndaky orny kesgitlenýär. Hersiniň häsiýetli alamatlary, ideýa-mazmuny, çeperçiligiterbiýeleýjilik, öwredijilik, ähmiýeti hakynda pikir ýöredilýär. Ýygyndyda Amangül Durdyýewa „Gyzylarbat we Gazanjyk“ raýonlarynda türkmen folklorynyň häzirki zaman ýagdaýy“ diýen bölümi ýazypdyr. Bu bölüm hakda alymyň türkmen folkloryny toplamakda halka ýetirmekde eden hyzmatlaryna degişli bölümde pikir ýöredipdik.
Dürli-dürli etraplarda, türkmen folklorynyň ýaýrawyny, belli bir döwürdäki ýagdaýyny öz içine alýan bu ýygyndynyň türkmen folkloryny öwrenmekde hyzmaty juda uly.
Şirinjemal GELDIÝEWA.
Halk döredijiligi we rowaýatlar