OGUZ HAN EÝÝAMY
(miladydan öňki V müňýyllyk – miladynyň
650-nji ýyly)
1. Ezeli eýýamda ilkinji ýarag guraly
Türkmenistanyň çäklerinde baryp mundan 800 müň ýyl öň ilkidurmuş adamy emele geldi. Biziň taryhymyzyň bu döwri heniz ýeterlik derejede oňat öwrenilmedi, ýöne adam pikirlenmek ukybyna eýe bolansoň onuň ilkinji zähmet gurallary we ýabany haýwanlardan goranmagyň ýaraglary bolan taýagy we daşy eline alandygy barada şübhelenmäge esas ýok.
Ynsan jemgyýetiniň ösüp kämilleşmegi bilen, adam daşy işläp bejermegi öwrenýär. Günbatar Türkmenistanyň çäklerinde (Hazarýaka sebitlerde) adamyň dürli zatlary ýasamagynyň Orta Aziýada iň gadymy subutnamalary tapyldy. Türkmenbaşy şäherinden 40 kilometr gündogarda tapylan daşdan ýasalan ýaragdyr-gurallaryň ýasalanyna azyndan 300 müň ýyl bolupdyr! Hazar deňzi şu uzak döwrüň dowamynda adamlaryň gadymy mekanyny özüniň güýçli tolkunlary bilen ýykyp ýok edipdir, ýöne haýwanlaryň saklanyp galan käbir galyndylary boýunça biziň ýurdumyzyň gadymy ýaşaýjylarynyň äpet gaplaňlardan, pillerden, arslanlardan we beýleki haýwanlardan goranmaly bolandygyny we dürli haýwanlary, şol sanda keýikleri awlandygyny görmek bolýar. Olar ýabany haýwanlaryň arasynda özüni aman saklamagy öwrenipdir. Ýöne olar tebigy apatlara doly bagly bolmagy islemändir we özlerine artykmaçlyk berýän ýarag gurallaryny ýasap başlapdyr. Ýarag ýasamakda agajyň şahasy, haýwanlaryň şahy, ýonulyp bejerilen daşlar ýaly serişdeleri ulanyp, adamlar haýwanlary awlap, ýaşamagyň çöplemek usulyndan awlamak tärine geçip başlapdyr. Olar daşlary işläp bejermekde aýratyn kämillige ýetipdir. Munuň üçin dürli ululykda çagyl daşy we çakmak daşy ulanylypdyr. Hazar deňziniň ýakasynda tapylan iri ýarag el çapgysyna meňzeş görnüşde bolupdyr. Onuň tutuş we ýogyn bolan bir tarapy ýaragyň tutawajy, beýleki ýiti tarapy bolsa ýaragyň ujy bolupdyr. Şeýle kämil guraly çapmak, kesmek, gazmak, taýaklaryň ujuny ýiteltmek üçin ulanmak bolýardy. Berdaşly ellerde bu gural iş bitiren söweşjeň ýaraga hem öwrülýärdi.
Mundan takmynan 200 müň ýyl öň adamlar Türkmenistanda barha giňiş ýerlere ýaýramak bilen, buzlaryň çekilmegine görä, günbatardan gündogara kem-kemden ilerleýär. Dag eteklerinde we düzlüklerde ýekegapanlar, jerenler, ýabany gylýallar, öküzler, piller ýaly haýwanlar köp bolupdyr. Şu sebitlerde ýaşaýan ilkidurmuş adamlary şolary we olara görä ownuk haýwanlary awlapdyr. Aw işi oňa gatnaşýanlaryň kastyna çykylan jandaryň häsiýetini, şonuň ýaly-da erjel, yhlasly we sazlaşykly hereket etmegini talap edýär. Şol uzak döwürlerde söweşijiler ýa esgerler beýleki ilkidurmuş adamlaryndan aýratyn topar görnüşinde heniz saýlanyp çykmandyr, ýöne awçylaryň öz zamanasynyň ýaraglaryny ezberlik bilen ulanmagy başarýan ilkinji ussatlar bolandygy hiç hili şübhe döretmeýär. Adamlar naýza hökmünde diňe bir ujy ýiteldilen taýagy ulanmagy öwrenmek bilen çäklenmän, şol ýaragyň zarbalyk güýjüni has artdyrýan ýiti daşlary uçluk hökmünde peýdalanyp başlady.
Mundan takmynan 50 müň ýyl öň Hazaryň ýakasynda tebigat örän üýtgeýär, emma adamlar agyr täze döwrüň howa şertlerine uýgunlaşýar. Gepiň gerdişine görä, hut şol sebitde çakmak daşy we çagyl daşlary işlenilip bejerilýän tutuş ussahanalaryň tapylandygyny aýtmak gerek. Adamlaryň bir bölegi daşlary ululygyna we görnüşine görä saýlap toplaýardy, özleri has üşükli we elleri has ussat bolan beýleki adamlar bolsa şol daşlary işläp bejerýärdi – bölýärdi, ýonýardy, ýiteldýärdi. Dürli işler üçin niýetlenilip daşdan ýasalan enaýy gurallar hem gabat gelýär, şol döwrüň adamlary olary agaç ýa-da süňk kesmek we ýonmak, derini deşmek, tikmek we şuňa meňzeş hajatlar üçin ulanypdyr.
Peýkamlaryň tapylan üçburçluk görnüşindäki uçluklary hem hut şol döwre degişlidir. Gatlar görnüşinde parçalanan çakmak daşlaryndan şekiliniň dürslügi haýran galdyrýan uçluklar ýasalýardy, olaryň kä biriniň gapdallarynda ýiti dişleri bardy. Peýkamlaryň uçluklary haýwanlaryň süňklerinden hem ýasalypdyr. Ýaýyň we peýkamlaryň oýlap tapylmagy gadymy dünýäde düýpli üzül-kesil öwrülişige eltdi. Ýaýdan çykan ýiti uçlukly peýkam ilkidurmuş zamanasynyň awçylarynyň we söweşijileriniň iň haýbatly we has netijeli ýaragy boldy.
Ýaýyň we peýkamyň adamlara elýeter bolmagy ynsanyň zähmet tejribesini we gündelik durmuşda bilimleri kem-kemden hem-de uzak döwrüň dowamynda toplamagynyň miwesidi. Daşlar ýonulyp ýasalýan gödeksi ýaraglardan şu aw we söweş gurallaryna geçilmegi we olaryň ulanylmagy netijesinde iňňän möhüm taryhy özgermeler ýüze çykdy: adamlar ýaşamagyň awçylyk usulyndan haýwanlary eldeki etmegiň we maldarçylygyň döremeginiň uzak ýoluny külterlemegi dowam edýärdi.
Mundan sekiz-alty müň ýyl ozal çakmak daşyny işläp bejermek usullary has-da kämilleşýär. Şol döwrüň ýadygärlikleri Günbatar Türkmenistanda – Jebel köweginde, Günorta Türkmenistanda – Jeýtun şähristanlygynda tapylýar. Ýaragyň kysmy-görnüşi täzelenýär. Uçluklar eýýäm inçeden uzyn we ýaprak görnüşinde edilip, nepisden gözel ýasalýar. Çakmak daşyndan ýasalan uzyn pyçaklar peýda bolýar. Adamlar naýzalary, ýaýdyr peýkamlary, pyçaklary ýasamak bilen çäklenmän, eýýäm sapanlary ýasamagy-da öwrenýär. Ony aw awlanyňda hem, söweşde hem ulanmak bolýardy.
Elbetde, şol döwürlerde adamlaryň milletlere bölünendigi hakynda gürrüň etmek mümkin däl, emma şol wagt jemagatyň tirelere bölünmeginiň şineleri döreýär, şeýle toparlar biri-birine ýakynlygyny duýup-syzyp başlaýar. Türkmenistanyň çäkleri heniz ýeterlik derejede özleşdirilmändi, adamlaryň birleşen toparlary biri-birinden ep-ýesli uzakda ýaşaýardy. Şonuň üçin şol döwürde uruş adamlaryň durmuşyna uly bir täsirini ýetirmeýärdi. Ýöne daş eýýamynyň ahyrky pursatlary ýakynlaşýardy we demir guraldyr ýaraglaryň ulanyljak zamanasyna – üzül-kesil özgerişlikleri getirjek täze eýýamyň başlanmagyna diňe bir ädim galypdy.
2. Miladydan öňki V müňýyllygyň
ahyrynda – II müňýyllygyň başynda
harby sungatyň kämilleşmegi
Miladydan öň takmynan V müňýyllygyň ahyrynda adam metal eretmegi öwrenýär. Türkmenistanyň günbatarynda ýaşaýan adamlar öňküsi ýaly daşdan ýasalan guraldyr ýaraglary ulanmagy dowam edýän mahaly Günorta Türkmenistanyň ýaşaýjylary metaldan dürli zatlary ýasamagy öwrenip, ösüşde uly ilerleme gazandy. Şol önümleriň ilkinjileri misden ýasalýardy, sebäbi ony eretmek üçin juda ýokary gyzgynlyk talap edilmeýärdi. Elbetde, mis demir ýaly berk bolmaýar, ýöne misden ýasalan ýarag daş ýonulyp ýasalan ýaragdan köp esse kämil bolýar, bu bolsa düýpli özgerişligiň ýüze çykanlygyndan habar berýär. Günorta Türkmenistanyň ýaşaýjylary gündogara tarap giňden ýaýraýar, Köpetdagyň etegindäki sebitleri mekan tutunýar. Änewde, Namazgadepede ilkinji oturymly ýerler peýda bolýar. Miladydan öňki III müňýyllygyň başyna çenli bolsa Türkmenistanyň demirgazygynda çarwalaryň we çomrularyň jemagatlary emele gelip başlaýar.
Ilki başda misden hem-de misiň we sinkiň garnuwy bolan latundan ýasalan zatlar daşdan ýonulyp ýasalanlaryň ornuny tutup bilmedi. Çakmak daşyndan we ýanardag aýnasyndan ýasalan uçluklar, pyçaklar, çapgylar, paltalar öňküsi ýaly ulanylýardy.
Misi eredip, dürli zatlary ýasamagyň usullary öwrenilenden soň çig mal tapmak zerurlygy ýüze çykdy, sebäbi Türkmenistanyň çäklerinde gerekli magdanyň känleri ýokdy. Mis Eýranyň goňşy sebitlerinden getirilýärdi, bu bolsa harytlaryň alşylmagyna itergi berýärdi.
Adatça, misiň galaýy bilen garylmagyndan emele gelýän bürünjiň oýlap tapylmagy netijesinde metallurgiýa önümçiliginiň aýrybaşgalanmagy ýüze çykýar. Bu barada köp gezek ulanmak üçin niýetlenilen mis eredilýän küreleriň, magdany owratmak üçin daşdan ýasalan gurallaryň hem-de metal önümlerini ýençmek üçin çekiçleriň köp sanlysynyň tapylmagy şaýatlyk edýär.
Miladydan öňki II müňýyllykda Türkmenistanyň çäklerinde iň gadymky şäherler döräp başlaýar, olarda dürli hünärler bilen meşgullanýan örän köp sanly ilat jemlenýär. Biz olaryň şol döwürlerde nähili atlandyrylandygyny bilmeýäris, ýöne gadymyýeti öwrenijiler häzirki wagtda şol şäherlere olaryň ýerleşen ýerinde emele gelen depeleriň ady boýunça at berýär, olar Änew, Namazgadepe, Mary welaýatyndaky Goňurdepe. Mänäniň golaýyndaky Altyndepe. Aslynda bolsa bu Oguz hanyň döreden şalygynyň paýtagty Ýaňykent bolmaly. 1960-njy ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçen alymlar bu ýerden köp mukdarda altyn tapandyklary üçin Altyndepe diýip atlandyrypdyrlar. Geçmişden miras galan ol depeler tüýs senetkärleriň merkezleridi. Şol ýerde gap-çanak, zähmet gurallary ýasaldy, dokma önümleri dokaldy, peýkamlar we naýzalar üçin uçluklar galyplarda guýuldy, demir bölekleri ýenjilip pyçaklar we gylyçlar, bürünç paltalar, gündelik durmuşda ulanylýan beýleki her dürli zatlar ýasaldy.
Ilkinji şäherleriň oňat berkidilen galalara öwrülendigini, diýmek, berkitmeleri gurmak sungatynyň döräp başlandygyny bellemek gerek.
Türkmenistanyň günorta-gündogarynda biraz gijräk bolsa-da, bürünçden ýasalýan zatlar öndürilip başlanýar. Mysal üçin, Sumbar jülgesindäki guburhanalarda halyçylaryň bürünçden ýasalan köp sanly keserleri, peýkamlar üçin örän dürli görnüşdäki uçluklar, naýzalar we kelte naýzalar, pyçaklar we hanjarlar tapyldy.
Demirgazyk Türkmenistanda hem bürünçden dürli zatlar öndürilip başlanýar. Ähli ýerlerde ekerançylyk we maldarçylyk ösýär. Öň aw awlamak bilen we ýer bejermek bilen gününi gören adamlar maldarlar (çarwalar) hem-de ekerançylar (çomrular) hökmünde takyk aýrybaşgalanyp başlady. Olaryň biri oturymly ýerlerinde ýaşamagy dowam etse, beýlekileri ot-çöpüň bol ýerlerine – sähralyklara göçüp başlady. Biri goranmak sungatynda ezberläp, berkidilen ilatly ýerleri gurup başlasa, beýlekiler hüjüm etmegiň usullaryny kämilleşdirýärdi, sebäbi hemişelik ýaşaýyş jaýlarynyň bolmazlygynda munuň özi tebigy zatdy.
Emma bu toparlaryň ikisi-de bürünçden dürli zatlary ýasamakda ökdelemegi ýokary depginde dowam edýärdi. Indi misden ýasalan zatlaryň ýerine bürünçden ýasalanlar ulanylýardy, daş ýonulyp ýasalýan guraldyr ýaraglar bolsa ulanyşdan galdy.
Miladydan öňki II müňýyllykda ýaragyň örän köp dürli görnüşleri ýasalýardy we ulanylýardy. Peýkamlaryň uçluklary ýaprak, üçgyraň ýa-da gülle görnüşinde ýasalýardy. Paltalar hem iki görnüşde ýasalýardy – olaryň diňe söweşde ulanmak üçin ýasalýanlary-da, anyk hojalyk işleri üçin niýetlenilenleri-de bardy. Naýzalaryň uçluklary-da dürli görnüşlerde ýasalýardy, daşdan we bürünçden bolan gürzüler hem peýda boldy.
Hut şol döwürde ilkinji atşynaslar öz sungatyny kämilleşdirmek ýoluna düşdi. Dünýä özüniň iň esasy açyşynyň – demir ulanmak zamanasynyň bosagasyndady.
Taryhy makalalar