4. Keseden gelen basybalyjylara
gaýtawul bermek. Massagetleriň uruşlary
Miladydan öňki 558-nji ýylda Eýranyň günorta-günbatar taýpalaryna Ahemenlerden bolan Kuruş patyşa (ýunança – Kir) baştutanlyk etdi. Miladydan öňki 553-nji ýylda Kuruş II hökmünde tanalýan bu hökümdar Kawkazdaky Midiýa patyşalygyna garşy goşun çekdi. Az wagtyň içinde ol Wawilony, Lidiýa patyşalygyny we beýleki ýurtlary basyp aldy.
Miladydan öňki 539-nji ýylda ol türkmenleriň turanly massagetler diýlip tanalýan ata-babalarynyň topraklaryna leşger sürdi. Parslardan, midiýalylardan, şamlylardan we ermenilerden ybarat bolan uly orda Girkaniýa (häzirki Gürgen) topraklaryna süsňäp girdi. Soňra Kuruş II gündogara tarap öwrüldi we Murgap ýaýlasynda massagetleriň amirgiler taýpasynyň goşunlaryndan ýeňlişe sezewar boldy.
Miladydan öňki 530-njy ýylda Kuruş «ýeňilen uruşdan doýmaz» diýlenini edip, has-da köp sanly goşunyň başyny jemläp, ýarag-esbaplaryny üpjünläp, Uzboýyň kenarlaryna tarap ýöriş guraýar. Ol şol ýerde türkmenleriň edil ýüreginden zarba urmakçydy. Derýanyň ýanyna barandan soň parslaryň goşuny köprüleri gurnamak bilen meşgul boldy. Emma şol wagt Kuruş II-ä massagetleriň zenan patyşasy Tumardan (ýunança – Tumiris) nama gowşupdyr, şol namada ol derýadan geçmezligi Kuruşdan haýyş edýärdi, sebäbi ol ähli zady pahatçylykly çözmegi isleýärdi, turanlar uruş islemeýärdi ahyryn diýip ýazýardy. Muňa garamazdan, basybalyjylaryň goşuny Uzboýdan geçdi. Ýunan taryhçysy Gerodot (miladydan öňki V asyr) ahemenleriň harby düşelgesini azyklar we çakyrlar bilen bilelikde bilgeşleýin taşlap gidendigi hakynda ýazýar. Tumaryň oglunyň baştutanlygynda turan goşun bölümleriniň biri goýlan oljanyň guralan duzukdygyna düşünmän, ony alypdyr we şol ýerde meýlis gurapdyr. Emma Kuruş-II-iň ýolbaşçylygyndaky goşun şol wagt olaryň üstüne dökülipdir we hemmesini ýesir alypdyr. Tumar Kuruşa ýene-de hat ýollapdyr we özüniň ýeke-täk ogluny we beýleki esgerleri azat etmegi haýyş edipdir. Özi-de Kuruş-II şeýle etmese, onda ony gana gark etjekdigini we turan esgerleriniň gazabyny görkezjekdigini aýdyp haýbat atypdyr.
Miladydan öňki 530-njy ýylda Uzboý derýasynyň kenarynda bolan gazaply söweşde ahemenleriň goşuny derbi-dagyn edildi. Kuruşyň özi-de öldürildi. Rowaýata görä, Tumar patyşa, goý, gandan kemsiz doýsun diýen ýaly, Kuruşyň kellesini gandan doldurylan meşige saldyrypdyr.
Şondan 11 ýyl geçenden soň Kuruşyň daşgyn garyndaşy Dariý I ýene-de turan taýpalaryny boýun egdirmekçi bolupdyr. Günorta Türkmenistandan barýarka öňünden çykyp garşylyk görkezenleri öldürip we ýesir alyp, ol Amyderýanyň kenaryna gelipdir. Saklaryň «tigrahauda» (ýagny, çüri telpekliler) taýpasyny ýeňenden soň dişinde et galan Dariý olaryň garyndaşlary bolan massagetlere garşy goşun çekmegi ýüregine düwüpdir. Turlar harby geňeşe ýygnanypdyr. Dahlar taýpasyna bize öňden tanyş bolan Tumaryň baştutanlyk edendigi, amirgiýleriň patyşasynyň Omarg bolandygy, massagetleriň üçünji taýpasyna bolsa patyşa Sakesfaryň baş bolandygy mälim.
Miladydan öňki 515-nji ýylda Dariý Uzboýdan goşunyny geçirýär, ýöne güýçleriň deň däldigi sebäpli massagetler duşmany öz pirimlerine düşürmegi ýüreklerine düwýär. Olar duşman bilen söweşe başlamaly däl, olary al salyp, çölüň jümmüşine äkitmeli, özi-de guýulary gömmeli, atlaryna iým hökmünde ulanylmagy mümkin bolan ot-çöpleri bolsa ýakmaly diýen karara geldi. Içmek üçin suwdan we atlaryna bermek üçin ot-çöpden mahrum bolan ahemenleriň ägirt uly leşgeri massagetleriň ýyndam atly esgerleriniň yzyndan ýetip bilmeýärdi. On bäş günüň dowamynda çölüň içinde halys surnugyp güýçden gaçan ahemenler ruhdan düşdi, aljyrady.
Şonda Dariý massagetleriň ýanyna bir çapary hat bilen iberdi. Şol hatynda ol: «Eger siz özüňizi meniň bilen dikleşip söweşmäge ukyply hasap edýän bolsaňyz, onda depeden-depä gizlenip ýörmäňde, döwüşe çykyň. Eger özüňizi juda ejiz hasaplaýan bolsaňyz, gaçyp ýörmegiňizi bes ediň we ýerleriňizi hem-de suwlaryňyzy öz hökümdaryňyza peşgeş berip, gepleşiklere başlalyň» diýip ýazypdy.
Muňa jogap hökmünde massagatleriň patyşalarynyň biri şeýle jogap beripdir: «Menden habar alar bolsaň, meniň ýagdaýym şeýle. Men öň hem kimdir birinden gorkup gaçan adam däl we häzir hem men senden gaçmaýaryn. Men häzir hem özümi parahat döwürdäki ýaly alyp barýaryn. Meniň seniň bilen dessine söweşe girmändigimi hem häzir düşündirerin. Saňa mälim bolşy ýaly, bizde şäherler-de, işlenilip bejerilen ekin meýdanlary-da ýok. Biz olaryň weýran bolmagyndan we çölzarlyga öwrülmeginden howatyr etmeýäris, hut şonuň üçin-de seniň bilen dessine döwüş guramadyk. Eger-de siziň ýüregiňizde biziň bilen söweşmek islegi bar bolsa, onda biziň ata-babalarymyzyň guburlary bardyr. Olary tapyň we weýran etmäge synanyşyň. Ine, şonda siz biziň şol guburlar üçin söweşjekdigimizi ýa-da däldigimizi bilersiňiz. Ýöne tä biziň özümizde meýil döreýänçä, biz siziň bilen söweş guramarys. Meniň bu aýdanlarym söweşe degişli. Hökümdarlar diýip bolsa men diňe Zewsi we skifleriň patyşasy Gestiýany (ylahy) ykrar edýärin. Saňa bolsa serpaý sowgatlaryň – suwuň we topragyň ýerine – başga peşgeşleri ibererin, sen olara mynasypsyň. Özüňi meniň hökümdarym diýip atlandyranyň üçin bolsa sen entek köp puşmanlar etmeli bolarsyň».
Massagetleriň atly esgerleri duşmanyň hereket edýän ýolunyň ähli dowamynda kiçiräk toparlara bölünip, Dariniň goşunlaryna zarbalary urupdyr. Olar hatda gijelerine ahemenleriň düşelgelerine çozuşlary amala aşyrypdyr.
Ahemenleriň goşuny çölüň içinde iki aýa golaý wagtyň dowamynda ters aýlanypdyr, suwuň we azygyň ýetmezçiliginden örän köp ejirler çekipdir. Ahyr soňy massagetler söweş guramagy karar edipdir. Olar goşunlaryny söweş nyzamyna düzüp taýýarlanypdyr. Birden ýüze çykan waka ahemenleri örän aljyraňňy ýagdaýa salypdyr. Massaget esgerleriniň hatarlarynyň arasyndan bir towşan ylgap çykypdyr. Garşysynda döwüşmäge häzir bolan ahemen goşunlarynyň durandygyna garamazdan, turanlar söweş hatarlaryny bozup, şol towşany tutmak üçin okdurylypdyr. Bu bolýanlary gören Dariý, eýmenç tisginipdir. Ol diňe: «Bu adamlar bizi asla äsgermeýärler!» diýmegi başarypdyr. Onuň ýanynda duran serkerdeleriniň biri Gobduir şeýle jogap beripdir: «Patyşahym! Men bu taýpalaryň hiç kime baş bermeýändigini bireýýäm eşidipdim. Häzir bolsa men olaryň bizi bir oýnatgy hasap edýändigini görüp, muňa has-da göz ýetirdim».
Dariý goşunlary bilen yza çekilip başlapdyr, güýçden düşenleri we ýaralylary söweş meýdanynda taşlapdyr. Massagetler duşmanlaryň bir ýanyndan gazaply girip, olary gylyçlardan, naýzalardan geçirip başlapdyr. Dariý bilen ýörişe ugran leşgerden diňe az sanly söweşijiler aman galmagy başarypdyr.
Bütin Gündogary eýmendirýän ahemen patyşalary Kuruş II-iniň we Dariý I-iň baştutanlygynda guralan bu örän tutumly ýörişleriniň soňy masgaraçylykly boldy we Türkmenistanyň sähralyklarynda doly ýeňliş bilen tamamlandy. Türkmenleriň merdana ata-babalary bolan massagetleri boýun egdirmekçi bolan ahemenleriň bu uly şowsuzlygy şol döwürlerde ýene ýüzlerçe ýyllap goşun çekip söweş guramagy sungat derejesine ýetiren şöhratly ejdatlarymyzyň at-owazasynyň äleme dolmagyna ýardam berdi.
Taryhy makalalar