TÜRKMEN TEBIGATY
Kosmos gämisinden alnan kinokadrlary synlamadyk ýokdur. Kosmos gämisiniň belentliginden seredeniňde, biziň Ýer atly planetamyz älemiň ýüregi ýaly bolup, gök boşluk içre bulutlary bilen burugsap, deňizdir ummanlary bilen möwç urup ýatyr. Ol bir seretseň mawy, bir seretseň melewşe, bir seretseň ýaşyl öwsüp, gözleriň ýagyny iýip barýar. Serediň, synlaň, bäş million ýyllap zemin üstünde ýaşan adamzada zemine daşyndan syn kylmak diňe ýigriminji asyrda miýesser etdi.
Älemiň ortarasynda kemsiz bişen garaly ýaly planeta. Onuň dumly-duşundan milliardlarça ýyldyzlar şuglasyny saçyp, töwerek-daşyndan astreoidler, meteorlar şuwlaşyp, otluçöp çyzan deý çyzyp, ynsan beýnisinde pikir oýaryp geçişip durlar.
Dolanyp, janly ýaşaýyş möwç urýar.
Aý zeminiň Aýnasy, emma onda Planetamyzyň keşbi däl-de, ýaşaýyşsyz Planetanyň keşbi görünýär.
Ýer planetasynyň hemralary bar, emma ýyzdyzlardan başy çykmaýan adamlar olary hem ýyldyrdyr öýdýärler.
Zemin älemiň mawy boşlugynda ýalňyz aýlanyp dur: iň ýakyn planetalara barmak üçinem millionlap kilomert ýol geçmeli, ýyldyzlara bolsa milliard ýyl, özem ýöne ýyl däl-de, ýagtylyk ýyl uçmaly.
Şahyr aýtmyşlaýyn, mawy boşluk içre başyňy aýlap aýlanyp duran dünýä, çarhypelek, älem – Allatagalanyň fantaziýasy!
Ol dünýä bolsa Adamyň fantaziýasy!
Adam humaý guşuň jüýjesi ýaly bolup ýumurtgany ýaryp daşyna çykdy, emma entek peri ýetip, ganaty bekemändir.
Sowet eýýamynda ýüzlerçe kosmonawtlar kosmosa uçup, Ýer planetasyny daşyndan synladylar. Emma doganlyk baýdak edilen ýurtda ýekeje Türkmene hem ol bagt miýesser etmedi!
Hä diýmän, turistler üçin kosmos ýoly açyljak, jahankeşdeler Aýa çykmaga mümkinçilik tapjaklar. Olardan ilkinji bolup Türkmen uçar!
Älem Allatagalanyň fantaziýasy!
Adamyň kalby hem özbaşyna giden bir dünýä. Adam Allanyň ýaradan dünýäsinde, Allanyň fantaziýasynda ýaşaýar, emma adamyň göwni öz dünýäsinde, Allanyň ýaradan älemi ýaly bimöçber dünýäsinde dolan Aý ýaly gaýyp ýör…
Döwüň janynyň çüýşede saklanyşy ýaly, biziň Zemini göwrämiz Asmany ruhumyzyň mülküdir.
Allatagala äleminde onuň aly hezretleri Adamy ýaradypdyr. Adam hem öz kalbynda köňlüni, göwnüni kemala getiripdir. Köňli giň, owadan, gözel adamlar dünýä ýaly gözel, owadan bolýar.
Adam öz kaddy-kamatyny, göwresini sagdyn saklamak üçin iýmeli, işlemeli, türgenleşmeli bolsa, ruhy dünýäni kämilleşdirmek üçinem gije-gündiz alada etmeli. Ruh öz-özünden kämilleşmeýär. Onuň owadan bolmagy üçin gözelliklerden ganmaly, onuň kämil bolmagy üçin münder kitaplary dörmeli, onuň duýgudar bolmagy üçin Bahyň, Bethoweniň, Mosartyň, Nury Halmämmediň, Çary Nurymyň ajaýyp sazlaryny diňlemeli.
Topragy çeşmedir çaý suwarsa, ynsanyň ruhyny saz bilen mukam, gözel-gözel kartinalar suwarýar, dana-dana diwanlar otarýar.
Adamyň göwresi toprakdan bina bolan bolsa, ruhy asmandandyr, Alladandyr. Ol zeminde ýaşap ýörse-de, ymtylyşy, ümzügi Asmanadyr.
Ruh – Adamyň zemindäki mahluklardan artykmaçlygydyr.
Göwrämiz bu dünýäniň myhmany bolup, dünýä baky gelen biziň ruhumyzdyr.
Biz zeminde owadan dünýäde ýaşap ýörüs, bu ýaşaýyş – Allatagalanyň ýaşaýyş atly beýik hem syrly Kitabynyň birinji sahypasydyr, yzynda näçe sahypa bar – ony diňe Alla biler!
Biz zeminde owadan dünýäde ýaşap ýörüs, ol Allatagalanyň ýaşaýyş atly kinofilminiň birinji seriýasydyr, yzynda näçe seriýasy bar – diňe Alla biler!
Adam zeminiň hasyly, önümi, miwesi.
Örän yssy Afrika, Awstraliýada ýaşaýan adamlar gara reňkli, tersine Günüň şöhlesiniň az ýeri bolan Ýewropada, Aziýada ýaşaýan halklar ak reňklidir, Amerika kontinentinde ýaşaýanlar gyzyl bedenlilerdir.
Adamyň adam bolmagynda ýaşaýan tebigaty ummasyz uly orun tutýar. Synçy adamlar adamy gören dessine – daglymy, çöllümi, sähralymy, çarwamy, çomrumy – tanar oturarlar.
Kämil, intellektual adamy dymşyndanam, garaýşyndanam, gep urşundanam, ýöreýşindenem, durmuşda özüni alyp barşyndanam tanap oturmalydyr.
Müňlerçe-müňlerçe ýyl öz dogduk mekanynda – şindiki Türkmenistanda ýaşan türkmen halkymyzyň halk bolmagynda Oguz handan gaýdan beýik şalaryň-soltanlaryň tagallasyndan başga-da, tebigatyň öz tagallasy hem bardyr. Türkmenistanda ýaşap ýören başga milletleriň wekillerem daşary ýurtlarda duşanyňda gözüňe öz türkmeniň ýaly yp-yssy görünýär. Ol tebigatyň gudraty!
* * *
Eger türkmen halky ýygyndydan ýygnanyp, taryhyň bir öwrüminde pelegiň gerdişi bilen halk bolaýan bolsady, onda ol halkyň tebigatyna akyl ýetirmek çylşyrymly bolardy. Türkmen halky bir atanyň – bir enäniň bagryndan önen perzentligi üçin ony tanamak, tebigatyna akyl ýetirmek beýle bir kyn däl.
Könelerimiz Allatagala Adamy ýaradanda ony dört närseden: toprakdan, otdan, suwdan, duzdan ýaradandyr diýerdiler. Topragy artyk düşen kişiler – agras, irimçik, saldamly, salyhatly, toprak ýaly mähriban bolarmyş. Göwresinde ody artyk düşen kişiler – gaharjaň, suwy artyk düşenler – suwjuk, duzy artyk düşenler dili şerebeli bolarmyş.
Türkmen özi babatda: türkmen bir topragy artyk düşen halkdyr – diýer. Türkmeniň ýaradylyşy şeýle. Türkmeniň ody hem birneme artyk düşüpdir. Oňa howasy yssy tebigatynyň täsir eden bolmagy hem ahmal.
Her bir türkmen suwjuk bolmagy ölümden ýokuş görer. «Pylany suwjuk» diýdigi pylanynyň adam däl diýildigi bilen barabardyr.
Ýaş ýigit ýyllarym aýagym sebäpli keselhana düşdüm. Otagdaşym Möwlam aga diýip, ýaşy elliden geçen daýhan adamdy. Ol her gün lukman aýlananda özüniň gutulandygyny aýdyp janygýardy, keselhanadan çykarmagyny haýyş edýärdi, lukman bolsa entek ýaşulynyň doly gutulyp gitmändigini aýdyp, goýberenokdy. Türkmeniň togsany dolup, ýer jana gelip başlapdy. Men gepiň gerdişine görä aýdaýyn: türkmen gyşy, ýagny türkmeniň togsany on dokuzynjy fewralda dolup, türkmeniň bahary başlaýandyr. Ata-baba çarwalaram, çomrularam şol senäni ýaz bilen gyşyň sepgidi hasaplanýandyr. Men şol güni Nowruz baýramy hökmünde yglan etmekçidim, ýöne doglan günüm bilen gabat gelýäni üçin, gepçileriň gepinden daşrak durmak üçin tutuş sebitdäki Nowruz baýramyny alaýdym. Hakykatda, biziň ýurdumyzda on dokuzynjy fewralda gyş tamam bolup, ýaz gelýär. Ekiş başlanýar!..
... Möwlam aga uzyn gün haladyna dolanyp keselhananyň bagynyň içinde gezerdi. Dymmarak, agras adamdygyna garamazdan: «Ýer jana geldi, dünýä jana geldi, daglar-daşlar jana gelip, tüýs daýhançylygyň başlanýan çagy içiňde janyň bolsa, beýdip ýatmaly däldir» diýerdi. Ahyry bir gün hem rugsatsyz çykyp gidipdir... Agşamlyk bilip galdyk!..
Könelerimiz aýtmyşlaýyn Allatagala adamy toprakdan ýaradyp, onuň kalbyna «ýaradanlygy» salypdyr. Topragyň zandynda hem beýik gudrat – ýaradanlyk gudraty bar. Zandynda zerre adamçylyk bar adam dek oturyp bilmez, gurar, eker, döreder, işlär... Topragyň gursagynda hem ýaradanlyk bar. Ol boşlugy halamaýar. Serediň, bahar geleninde toprak edil hamyla gelin ýaly başga bir topraga öwrülýändir: mähremdir, nuranadyr, ýürege ýakyndyr, özüne dartyjydyr. Ýaz topragam, daglar-daşlaram, gök gyrtyç, ýaşyl maýsa, ot-çöp bolup galar, asmana galar. Tutuş zemin gül açar, hasyl getirmegiň ugruna çykar. Edil şol pursat topraga näme atsaň gögerer. Hiç zat atmasaňam, barybir toprak gögerer, hapa-haşal otlary bilen göteriler. Ýaz gelende elini sowuk suwa urmaýan şäherliniň şäherlisem gapysyna çykar, bagjagaz eker, güljagaz oturdar, ýer deper. Ol topragyň çagyryşyna, emrine tabyn bolar!
Ýadyňyzdadyr, sowet eýýamynda mart aýyny «bag ekmegiň biraýlygy» diýip yglan ederdiler. Tutuş ilaty sürüp, bag ekip, gül ekip, bitirilen işler barada ýokaryk maglumat ýollardylar. Şeýdibem, biraýlyk tamamlanardy. Ekilen baglar, güller tomsuň epgegine ýetmän gurar giderdi... Sebäbi, ol zatlar maglumat üçindi. Aslynda mart aýynda ekilen ekin gijä galan ekin hasaplanýar. Elbetde, giç. Eýýäm kä ýyllar fewralyň aýagynda agaçlar gülläp başlaýar ahyry...
«Biraýlyklar» bilen topragy jennete öwrüp bolmaz. Topraga arly ýyl bagam ekmeli, gülem ekmeli, idegem etmeli. Maglumat üçin däl, toprak üçin, özümiz üçin, watan üçin, ýurt üçin etmeli!
Üns beriň: türkmen kaza bolan adamy jaýlanynda her tarapyna ýanagaç diýip, agaç gömüp, älem daňýar. Ol agaç tal, çynar, derek bolmaly. Sebäbi olaryň üçüsi hem köksüz gögerip bilýän agaçlar. Gördüňizmi, ata-babalarymyz her bir ölen bendäniň hatyrasyna hem iki sany agaç ekip, ony gögerdipdir. Ata-babalarymyzyň ol dessuryny ýöredip, ötenlerimiz üçinem, geljekkiler üçinem, ýaşap ýörenler üçinem iki agaçdan ekmeli! Her bir adam iki agaç ekeninde, ýurt boýunça ýylda on million daragt bolýar ahyry!..
Toprak bizi çagyrýar, ol ýaratmak isleýär, ol gözel bolmak isleýär, ol rysgal-bereket bermek isleýär.
Türkmen bilen tebigat, türkmen bilen ýurt, türkmen bilen bu toprak ruhdur göwre ýaly bütewi!
Bu toprak türkmene keramatly toprak, bu topragyň goýnunda erkin ýaşaýyş, abadan ýurt üçin başyny goýan ärleriň, şirleriň gubury ýatyr. Gudraty bilen külli yslam dünýäsini baglan, paýu-pyýada aýlanyp doga okap, zirk eden Mäne babanyň katra-katra gözýaşy ýatyr bu toprakda. Säher-saba daglar bilen, daşlar bilen şöwür çeken Magtymgulynyň ahy ýatyr bu toprakda! Gyratyny ýüzin salyp barýan Göroglynyň ruhy ýatyr bu toprakda!
Bu toprak kesewini dürtseň pür-pudak ýaýradýar, ýaýyňdan okuňy gaçyrsaň, bu toprak altynbaş bugdaý öndürýär, söz gaçyrsaň, dana pähim bolup galkynýar bu toprak, ýaşasaň rysgal-bereket bolup göterilýär bu toprak!
Hoja Ahmet Ýasawy, Gorkut ata ýaly pirleriň dem salyp, çüflän topragy ýaly keramatly, gudratly bu toprak müň bir derdiň dermany. Toprakdan jyda düşüp, aglap-aglap batyl bolanyň gözlerine sürtseň, bu toprak açyp goýberýär.
Senam sen, seždäm sen, seždegähim sen!
Tylla şuglaly gündüzler bu türkmeniň depesinden garry atasy, düýp babasy Gün han bilen Gök han garap dur!
Kümüş şuglaly gijeleri türkmeniň depesinden garry atasy, düýp babasy Aý han bilen Ýyldyz han garap dur!
Sagyndan türkmene Dag hany, solundan Deňiz hany garap dur!
Alty müň ýyl alyslykdan zeminiň hudaýy ýaly bolup nesilbaşysy Oguz han garap dur türkmene!
Merdana halkymyzyň döwlete suwsaýşy ýaly, bu toprak hem galkynyşa suwsapdyr!
Şeýle gudratly toprakda ýaşaýan türkmeniň başy Köpetdagy ýaly buýsanjaň, ruhy Jeýhun derýasy ýaly möwçli, kalby Sumbar jülgesi ýaly owadan bolmazmy?!
Bu topraga, bu diýara beýik Allatagalanyň nazar salan diýary Türkmenistan, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan diýerler!
Türkmenistan dünýä möçberinde örän uly ýurtdur, giňdir, baýdyr, beýikdir. Daşary ýurtly jahankeşdeler durnalar kibi, gazlar kibi bu topraga myhman bolup, görüp, gözüni söwündirip syýahat edip giderler. Emma siz syýahat ediji bolmaň, siz bu topragyň öz oglusyňyz, öz gyzysyňyz, siz bu topraga zyýarat ediň, çünki bu topragyň her bir ädiminde keramat ýatyr, mukaddeslik ýatyr, ata-babalaryň guburlary ýatyr.
Türkmenistan şeýle uly ýurt bolup, onuň ol çetinde dogan Gün agşama çenli zordan ol çetine barýar, ozalagşam dogan Aý daňdana çenli zordan ol çetine baryp ýaşýar. Külli türkmeniň bereketli rysgaly, bagty, söýgüsi şu toprakdadyr. Alla sizi dertlerden aman saklasyn, derde ýoluksaňyz, ähli dertleriň dermany hem şu toprakdadyr.
Türkmen topragynyň tebigaty – türkmeniň tebigaty!
Türkmen şu topragyň miwesi!
Siz türkmen topragynyň haýsy künjünde ýaşaýan bolsaňyz, haýsy ýerine gadam goýsaňyz, şol topragyň mazmunyna akyl ýetirip, şol topragyň owazyny eşitjek boluň.
Siz eýlesine-beýlesine ýel bolaýmasaň ýetip bolmaýan Haweran düzlügine aýlanyp görüpmidiňiz? Görensiňiz! Gör, nähili ajaýyp düzlükler, ýagmyryň eda bilen ýuwup, ýelleriň ýylman düzleri. Eşidýäňizmi bu mübärek owazy! Ol owaz tamam türkmeniň pirim diýen piri şeýh Aby Sahyt Abyl Haýyryň owazy:
«Adama müň dost az, ýekeje duşman köpdür!»
«Eliňizi eliňize ýakyn, iki eliňizi ýüregiňize ýakyn, ýüregiňizi Hudaýa ýakyn tutup okan dogalaryňyz göwnejaý bolar».
«Sen şu dünýä geleniňde eljagazlaryňy ýüzüňe tutup, aglap geldiň, tutuş il-ulus gülşüp, şady-horram bolup garşy aldylar, sen bu dünýäde hoş bolup git, goý, il-ulsuň matam tutup, ýas baglap, aglaşyp galsyn».
Mäne baba ölüm ýassygynda ýatyrka: «Pirim, ornuňy tutar pirem ýok, biz kime ýykylyp, kimden delalata garaşsakkak?» diýipdirler. Pir:
«Haweran düzünde meniň dabanlarym degmedik el ýaly ýer, gözýaşym degmedik op-çöp, ýagşy dogalarymy, senalarymy eşitmedik ýer galan däldir, siz şu topraga ýykylyň, şu toprak size delalat eýlär» diýipdir.
Gäwers düzlüginden Tejene çenli uzap ýatan Haweran – Kaka düzlügi diňe gözelligi bilen ýürege ýakyn bolman, bu topraga Mäne babanyň ýagşy senalary siňeni üçin, watanlygymyz üçin owadandyr, keramatlydyr!
* * *
Ýetginjek ýyllarym gowy görüşýän dostum meni keremli Garrygala daglaryna alyp gitdi. Awa. Dere bilen aýlanyp ýörkäm ol maňa:
– Hanha, Göroglynyň Ýyldyz dagy – diýip, alysda garalyp, dumanly başyny asmana diräp duran dagy görkezdi. Men awçy ýoldaşlarymdan aýrylyp, ýyldyz dagyna tarap ýöneldim. Kötelden kötele, gerşden gerşe çykyp, ahyry Ýyldyz dagyna bardym.
Men haýran galdym: kötel ýoda bilen kertden kerte galdygyňça, howalaňam, ruhuňam göterilip barýardy.
Gerşden gerşe galdygyňça keýpiňem, hyjuwyňam göterilip barýardy.
Meger, bu daglara Pyragynyň ruhy siňendir, meger, bu daglar Pyragynyň daşdan paýhasydyr, dagdan parasadydyr. Meniň ýüregim joşup zybanyma söz gelip başlady...
Hak bar bolsa daglar Haka golaýdyr,
Hak ýok bolsa, daglar Hudaň bolaýdyr...
Şol mahal dünýäniň käbir alymlarynyň Gimalaý daglary asman bilen aragatnaşyk saklap duran zemin antennasy diýýän ylmy çaklamalaryna ynandym.
Daglarda gudrat bar, ýöne-möne gudrat däl. Kim-de bolsaň duýduryp duran gudrat!
Ýekäniň, ýetimiň, ýesiriň hossary daglar...
Meger, kyrk sekiz ýerinden ýara düşen Görogly şu daglaryň goýnuna gelip, gije asmanda ýyldyzlaryň lowurdap dogmagyna garaşyp ýatandyr.
Eý, Alla, meniň hem jigerim-bagrym besse-besse ýara... gözlerimden ýaş akdyrmasam-da, jigerimden gyrmyzy ganym akyp ýatyr, akyp ýatyr... Ýyldyz dagynyň sergin, seleň şemaly bolsa hamana hamrak jandar ýaly bolup meniň ýüzümi-gözümi ýalap, bedenimi sypalaýar.
Ah, şemal, sergin şemal, ýara içde, ýara jiger içinde!!!
* * *
Biz baky Bitaraplylygy alan çaglarymyz Arkalaşyk döwletleriniň käbiriniň ýolbaşçysy: «Biz bu global krizisden diňe birek-birege arka-döş bolup, tekge berip çykyp bileris. Biz birleşsek, goranmak hem aňsat bolar» diýdiler.
Eýse biz köp bolup, on bäş sany respublika bolup şol äpet krizise sezewar bolmadykmy?
Hawa, men ýurduma Garaşsyzlygy, baky Bitaraplygy alyp, hamana çete çekilýändir öýdenler tapyldy. Ýok, biz baky Bitaraplyk alyp çete çekilmedik, tersine, biz merkeze bardyk. Ähli garaşsyz döwletleriň merkezi bitaraplykdan başlanýar. Ähli progressiw döwletleriň syýasatynda birek-biregiň içki işine gatyşmazlyk, parahatlyk syýasaty ýatyr.
Baky Bitaraplyk bolsa tötänleýin saýlap alan zadym däl. Ol türkmeniň ganyndan, süňňünden, ruhundan, tebigatyndan gelip çykýar:
Türkmen: «Bir garypja çatmam bar, ap-arkaýyn ýatmam bar» diýýändir.
Türkmen: «Nahary gaýyn bilen gelin bişirse, duzy iki düşer» diýýändir.
Türkmen: «Agamda bar, agylymda ýok» diýýändir. «Ol öýüň yşygy ol öýe düşmeýär» diýýändir. Biziň parasat babatda pygamberimiz Pyragy: «Agamy inige mähtäç eýleme!», «Sag gözi sol göze mähtäç eýleme» diýýändir.
Biz sebit integrasiýasynyňam, Ýewropa integrasiýasynyňam, Aziýa integrasiýasynyňam tarapdary, ýöne... Ýöne ilki biz bir döwlet, bir maşgala bolup mizemez birleşmeli, diňe şondan soň birleşip bileris.
Birleşmegiň ýollary gaty köp: baş üstüne, ykdysady birleşikleriň bähbitlisini biz jana-jan kabul edýäris. Biz dünýäniň döwletleriniň tutan dünýä maksatly işlerinden daşda durmaýarys. Bize dünýädäki ähli zatdan parahatlyk zerur. Biz parahatlyk üçin zadymyzy, güýjümizi gaýgyrmaýarys. Owganystanda tutaşdyrylan bimatlap uruş ýatdygy biziň bagtymyzyň galkyndygy. Türkmen gazyny-nebitini ýakyn alyjylara – Päkistana, Hindistana satyp bilýär. Görýäňizmi, başga ýurtdaky uruş tutuş kontinentiň ösüşine zyýan berip dur.
Uruş – adamzadyň çagalyk keseli. Urşuň taryhy dolanuwsyz gitjek döwri daşda däl.
«Çaga ot oýnar – öýüni otlar» diýlendir!
Uruş – tebigata ýat. Uruş türkmeniň tebigatyna ýat! Türkmen öz siňegini gorap bilýän halk.
Türkmen «Saçakly gelseň, gujagyň saçakly gidersiň, pyçakly gelseň, gursagyň pyçakly gidersiň» diýýändir!
Türkmen urşa köp pida berip, köp külpetleri başyndan geçirdi. Türkmen urşa ummasyz köp pida berdi. Soňky türkmen soltany Muhammet Horezm şanyň sorap oturan soltanlygynda dört ýüz sany ullakan şäher bolup, şonuň ýüz töweregi Türkmenistanyň häzirki arazasynyň içinde eken. Hany şol şäherler? Olar haraba bolup, daş-jäç bolup ýatyr. Sekiz asyrlap döwletsizlik zerarly türkmeniň gurany bozuldy, dikeni ýykyldy. Ekeni ýakyldy...
Ýekeje mysal: Köneürgenji tatar-mongollar ýykaýmazynyň öňýanynda bu şäherde bir ýarym million ilat bolupdyr. Ürgenç şäheriniň 444 sany derwezesi, 7700 medresesi (medrese – okuw jaýy) her medresede talyplar ýaşar ýaly ýüz hüjre, 400 hanaka, 5300 jemagat meçjidi bar eken. Her meçjitde azan okalýan minara bolupdyr. Şäheriň merkezinde ýerleşen Meçjidi-kelanyň 40 derwezesi, her derwezäniň bir minarasy bolupdyr. Gije-gündiz Gurhan okalyp oturan 100 karyhana, 500 galandarhana, 500 jahankeşdeler öýi, 500 garyp-gasarlar öýi döwlet hasabyna işläpdir. Şäherde 1000 sany kerwensaraý, 5000 jemgyýetçilik hammamy, 10 müň gassaphana, 10 müň bakgalhana, 7000 demirçi dükany, 44 müň sabyn gaýnadylýan dükan, 4000 degirmen, 1000 serrap (pul çalyşýan), 1000 aýna ýasaýan dükan, 3000 külal, dutar ýasap oturan 1000 dükan bolupdyr...
Bulary ýatlanyňda ýüregiň awaýar.
Türkmen halky urşa diýseň köp pida berdi!..
Türkmeniň galkynyp, ýaňadan zomap döreýän zamanasy geldi. Türkmeniň Altyn asyry başlandy! Sekiz asyrlap çeken ahmyry, hyrujy, arzuw-islegi hasyl bolup başlady. Türkmen dünýä ýaňadan türkmeniň kimligini, türkmen gudratyny görkezer!
Bir dana ýagşyzada Allatagala sowal berenmiş:
– Eý, keremli Biribar, Nemrud hetdinden aşyp, saňa ok hem atar boldy, sen näme onuň günäsini geçip geler sen?
– Siz Nemrudyň diňe eden günälerini görýärsiňiz, men onuň sogabyny hem görýärin. Bakyň, ol dünýäde jenneti – Erem bagyny hem bina kyldy ahyry.
Guruň, gurmak Allaga hoş geler!
Guruň, gurluň, gurmak pygamberlere hoş geler!
Dokuz ýylyň içinde Türkmenistanda müňe golaý zawod-fabrik gurlup, ulanylmaga berildi.
Dokuz ýylyň içinde Tejen–Sarahs–Maşat demir ýoly gurlup, Türkmenistanyň üstünden tranzit ýükler çekilip başlandy. Ýewropadan Pars aýlagyna ýol açyldy.
Türkmenabat–Atamyrat demir ýoly gurlup, ulanmaga berildi.
Tejen – Babadaýhan, Gazanjyk – Gyzyletrek, Türkmenbaşy – Bekdaş, Nebitdag – Çeleken, Köneürgenç – Gyzylgaýa, Atamyrat – Tagtabazar demir ýollary hä diýmän gurlup, tutuş ýurdumyzda iň arzan, iň bähbitli polat ýollar gurşawy bolar!
Aşgabat – Gökdepe, Aşgabat – Pöwrize gara ýollary dünýä standarty boýunça çekildi. Nobatda Aşgabat – Mary, Aşgabat – Daşoguz, Aşgabat – Türkmenbaşy, Aşgabat – Türkmenabat, Türkmenabat – Daşoguz gara ýollary çekilmäge taýynlanýar. Ol ýollar dünýäniň iň rahat ýollary bolar.
Garaşsyzlygyň sanly ýyllary içinde dünýäniň iň ösen ýurtlarynyň paýtagtlaryna howa ýollary guruldy. Ol ýollar dostluk ýollary, ol ýollar siwiilizasiýa ýollary!
Ýurduň ýüreginde belent binalary mermerden bolan Aşgabat gurulýar. Aşgabat sanalgy ýylyň içinde Aziýa kontinentinde iň owadan, iň ähmiýetli şäherleriň biri bolar!
Ýurdumyzyň agrar hojalygy bütinleý täzeden gurulýar!
Ýurdumyzyň maldarçylygy düýbünden täzeden gurulýar!
Ýurdumyzyň ähli ýeri uly gurluşyk meýdanyna aýlandy!
Türkmenistan gurulýar, ol halkymyzyň hem hoşuna gelýär, Hakyň hem hoşuna gelýär!
Biz dünýä TÜRKMEN GUDRATYNY görkezmelidiris. Türkmen topragynda gurulýan her bir ymarat beýik sungat eseri bolmaly. Türkmen şäherlerine, obalaryna aýlanan adam türkmen ýüreginiň, aňynyň, ylhamynyň eserine tomaşa edip bilsin!
Şäherleriň ýol gyralaryna, seýil baglaryna, dynç alynýan baglaryna gezelenç eden adamlar dünýäniň iň gözel daragtlaryna, iň müşk-anbarly owadan gülleriniň arasyna seýran edip bilsin!
Şäherleriň köçelerinde, seýran baglarynda diňe özümiziň däl, dünýä heýkeltaraşlarynyň iň gowy heýkelleri oturdylyp, ilatymyz, myhmanlarymyz dünýäniň ajaýyp sungat eserlerine tomaşa edip bilsin!
Bu biziň golumyzdan gelýär, muňa dünýä şaýat bolar.
Biz türkmen topragyndan bir million ýedi ýüz müň tonna galla, bir ýarym million tonna golaý «ak altyn» ýygnamagy başardyk. Guwandyryjy tarapy – bu hasyl ozal bir million tonna «ak altyn» ýygnalýan meýdandan alyndy. Türkmen daýhany az ýer ekip, köp hasyl almagy öwrenýär. Çünki indi ýer onuň öz mülki. Daýhan öz mülküni diňe suw bilen suwarmaýar, mähri bilen hem suwarýar. Daýhan mülküne diňe dökün bermeýär, gara derini, ýürek söýgüsini hem berýär. Onsoň ol toprakda zer önmezmi?
Biz Türkmen döwletini gurýarys. Biz türkmen ýaşaýşyny gurýarys. Biz türkmen durmuşyny gurýarys. Türkmen sekiz ýüz ýylda duşundan geçiren durmuş bagtlarynyň eýesi bolmaly. Her bir hojalyga mülkünden daşary ýigrimi bäş sotka mellek ýer hem berdik. Dört ogly bolan adamyň mellek ýeri tutuş bir gektar bolýar!
Kottej guruň, willa guruň, köşgi-saraý guruň!
Guruň, guran adam ýaşaýşy söýýändir, ýaşaýşy söýýän adamy Allatagala söýýär!
Guruň! Her bir gurlan bina Parahatlygyň tugy, urşa garşy gala!
Guruň, guran adam Allanyň hoşuna geler! Guruň, guran adam pygamber ýoly bilen barýandyr! Guruň, guran adam guran ýurduny gorar. Şirin janyny orta goýup gorar!
Dünýäde garlawaçdan ýuwaşja guş ýokdur, emma şonuň höwürtgesini bozjak bolup görüň, göni garagyňy çokjak bolup, üstüňe çozar!
Dünýäde garynjadan jepakeş jandar ýokdur, şonuň hinini ýykjak bolup görüň, sürüsi bilen üstüňe çozup, endam-janyňdan çokar!
Guruň, dörediň!
Gurmak, döretmek biziň esasy aýratynlyklarymyzyň biri bolsun. Türkmen halky gurýan, döredýän halk hökmünde dünýä ýaýylsyn!
* * *
Adam akyly danadan alýar, dana akyly tebigatdan alýar, tebigat Hudaýdan.
Tebigata mähir, howandarlyk gerek. Biziň tebigata, ösümlik, haýwanat dünýäsine has çuň aralaşmagymyz zerur. Yhlas netijesiz bolmaýar. Tebigata eden yhlasymyz kalbymyza nur, söýgi bolup çaýylar. Tebigatymyzy, topragymyzy ata-babalarymyza mynasyp söýmelidiris!
Türkmen topragynyň gudraty bar. Ata-babalarymyz dünýäniň gözel-gözel ýerlerini basyp alan-da bolsalar, gözellige ýa-da ymgyr köp lagly-göwhere, baýlyga göz gyzdyryp basyp alan ýerlerinde ýurt tutunaýmandyrlar. Ýogsam dünýäniň iň owadan, iň baý ýerinde mesgen-ýurt tutunjak diýselerem han özleri, soltan özleri bolupdyr ahyryn. Ýöne biziň pederlerimiz niräni basyp alsalaram, basyp alan baýlyklaryny bedewleriniň ganjygasyndan asyp, ýakyp-ýandyryp barýan yssy ýurduna dolanypdyrlar. Bu toprak üçin döş gerip göreşipdirler, gorapdyrlar. Bu toprakda ajy alyn derini saçyp, bol bereket öndüripdirler.
Taryhymyzy çuň öwrenmäge bize Garaşsyzlyk ýyllary mümkinçilik berdi. Diňe bir geçiş taryhymyzy däl, bize indi ekerançylyk taryhymyzy öwrenmäge-de mümkinçilik döredi. Men ekerançylyk taryhymyz bilen gyzyklandym welin, şonda gaty üýtgeşik taryhy faktlaryň üstünden bardym, ata-babalarymyzyň bu topragy jigerine deňemesiniň sebäbine soň düşünip galdym.
Taryhy maglumatlar maňa ak bugdaýyň ilkinji watanynyň Türkmenistanyň territoriýasydygyny düşündirdi. Bäş müň ýyl mundan ozal Änewiň düzlüginde ýetişdirilen ak bugdaýyň tohumy tapylan bolsa, biz «Türkmenistan ak bugdaýyň Watany!» diýip, arkaýyn aýdyp bileris. Ylymda dünýäde ilkinji ekerançylygyň başlanan ýeri Müsür diýlip ýazylanam bolsa, taryhy maglumatlar ekerançylygyň ilki Türkmenistanda başlanandygyny tassyklaýar. Ata-babalarymyz suwy örän tygşytlamak maksady bilen turbalar arkaly suwaryş işlerini geçiripdirler. Mysal üçin, Ahalda Artyk, Gyzgynçaý, Kelteçynar, Ýanbaş, Garasuw, Pöwrize, Altyýap, Sekizýap, Arwaz, Börme ýaly ýigrimiden gowrak derýajyk bolupdyr.
Oguz han döwründe biziň ata-babalarymyz dag eteklerine, Bäherden taraplaryna, Durun taraplaryna ýazlamaga geler ekenler, ol ýerler biziň halkymyzyň oturymly ýerleridir. Dagdaky arçalary çapmak günä hasaplanypdyr. Ýöne geçen asyrda bu ýere demir ýoluny çekjek bolanlarynda sypaly uzak ýerden getirjek bolup durmandyrlar. Käbir ýerli hannaslaryň pul bilen gözlerini güýdüşdirip, dagdan sypallyk agaç getirdipdirler. Şondan soňam Köpetdagyň äpet-äpet arçalary satuwa düşüp, towsa göterilipdir. Tokaýlygyň düýbüne palta urulmagy bilen Ahal derýalary hem guramak bilen bolupdyrlar. Biziň tebigatymyzyň her bir daragty, her bir zady biri-biri bilen berk baglanyşykly.
* * *
Zeminiň öz pikiri bar, asmanyň öz pikiri.
Adam maksat tutýar, Alla wysal eýleýär.
Çagajyk dünýä inýär, dessine çaga bilen bile gelen bardasyny – tuwagyny, aňry-bärisini aýallar äkidip gömýärler. Alymlar şol zatlary köp ýyllap öwrenýärler, asyl görlüp-oturylsa, şol ýere gömülýän zatlar çagajygyň «dokumenti» eken. Şony gowy öwrenip, çagajygyň ene rahmynda nähili dertlere duşandygyny, geljekde nähili keseller bilen kesellejekdigini, çagany nämeden goramagyň zerurdygyny bilip bolýan eken.
Uly howa laýnerleriniň ählisinde «Gara gapyrjak» diýip bir zat bar. Uçaryň iň ygtybar ýerinde goýlan magnitofon dwigateliň, ähli priborlaryň işleýşini, uçarçylaryň gürrüňlerini, hadysa uçraljak wagty uçarçylaryň eden işlerini birme-bir ýazýar. Uçar betbagtlyga uçrasa, hünärmenler «Gara gapyrjagy» tapyp, hadysanyň sebäplerini hikme-jik öwrenýärler...
Adam hem uçar kibi bir zat. Allatagala gara gapyrjagyň ornuna her bir adamyň gursagyna ynsaby-imany salyp goýberipdir. Adam ýogalandan soň ruh bilen ol dünýä iman gidýär. Iman – biziň şu dünýäde eden ýagşy hem ýaman işlerimiz ýazylan dokument! O dünýäde seni diňläp, seniň bu dünýädäki işiňe baha kesilmeýär. Ol ýerde imanyňy «Gara gapyrjak» ýaly okaýarlar.
Ynha, türkmeniň iman baýlygyny dilemesiniň aňyrsy nirede?
* * *
Bir patyşa «Dünýäde deňsiz-taýsyz iň datly zady hem iň ajy zady getiriň» diýip perman bereninde, oňa dil eltip beripdirler.
Başga bir patyşa «Maňa dünýäde deňsiz-taýsyz keramatly zady hem iň nejis zady getirip beriň» diýip perman bereninde, oňa altyn dinary eltip beripdirler.
Ýene bir patyşa «Maňa öwlüýä rowa görüp bolmaýan zady getirip beriň» diýip perman bereninde, oňa bir-ä ilhalar ajaýyp adamy, birem ilden çykan kezzaby eltipdirler.
Atam pahyr: baýlygyň ulusy kanagat diýerdi. Ol gyşyň uzyn gijeleri öz-özi bilen gürleşýän ýaly bolup, maňa gürrüň bererdi.
– Bir baý bardyr, ol baý däldir, maly-puly ýere-göge sygmasa-da, ol baýlygynyň garawulydyr. Onuň ýaly baýyň maly şagala şam bolar!
Gadym zaman bir ýagşy kişi Hydyr ata duşup, baýlyk sorapdyr. Hydyr ata oňa diýen zadyny beripdir. Ol uly baý bolupdyr, emma iýip hem bilmän, içip hem bilmän, atyna gaňňa salyp, ýorganyna saman dykyp, gaty görgä galypmyş. Baýlygyndan çagalaryna-da bermän, aýaly, çagalary bilenem güni bir bolsa, urşy iki bolupdyr. Şeýlelikde, ol ýene Hydyr ata duşaýýar:
– Sen meni nä güne duçar eýlediň. Men baýlyk diýip ýatyp bilmesem, iýip bilmesem näme. Üstesine meni çagalarym bilen duşman etdiň – diýip zeýrenipdir...
– Sen meni günäleme, sen baýlygy alyp, kanagatyny alman gitdiň – diýip, Hydyr ata jogap beripdir.
Bir akyldar aýdypdyr: baýlygy ýigrenýän diýýän adamy meniň ýanyma getiriň, eger ol sözüni subut edip bilmese, ýalançy bolar, subut edip bilse, samsyk!
Baýlyk ýagşy zatdyr. Allanyň beren baýlygy, deriňi döküp jepasyny çekip gazanan baýlygyň ýagşy zatdyr. Baýlyk bedroýy görkana, samsygy akylly, gorkagy batyr, bedibagty bagtyýar edip biler. Dili gysganyň dilini uzaldar, eli gysganyň elini...
Bir kişi aýdypdyr: eger meniň tyllam kän bolsady, men her basjak ýerime tylla oklap, däli deňziň üstünden geçip giderdim!
Başga biri aýdypdyr: meniň kän-kän altynym bolsady, men ýoluma altyny merdiwan edip gökdäki jennete barardym...
Käbir adamlary görenimde, atam pahyryň birmahalky gürrüňi ýadyma düşýär.
– Baýlyk hem iki hili bolýandyr, balam: bir hili baýlyk bolýandyr, ol mahlugy hem adam edip, iliň hataryna goşar, ýene bir hili baýlyk bolýandyr, ol perişde ýaly kişini melguna öwrüp goýbär! Allam saňa baýlyk bersin, ýöne öňi bilen kanagatyny berewersin!
Soňra atam Göroglynyň ýetim galyp, düşen ýagdaýlaryny, pygamberimiz Muhammet aleýhissalamyň ýetimligi zerarly çeken jebri-jepalaryny hut ýanynda duran ýaly edip gürrüň bererdi. Atamyň gürrüňleri şeýle yzaly bolsa-da, men ony dogumlylyk bilen diňlärdim, ejizlemek diýen zady bilmeýän ýaly bolardym.
– Köri gözli ider, balam! Adam ogly gapyldyr, ol batyldyr, ony Allanyň gözli kişileri ider. Gözli ata diýip biri bolandyr. Gözli ata dünýäde ne bolanyny, ne boljagyny biler oturar eken. Ana, Görogly ýaly, Gözli ata ýaly ärlere Hakaýyl diýerler...
Bir ýola Hatam taýdan sorapdyrlar:
– Allatagala saňa gereginden köp baýlyk eçilýär, senem ony pakyr-bendelere paýlaýarsyň. Näme, ol pakyr-bendeleri Allatagala görmän durmy?
– Şeýlekin kişiler bolýar, olar Allatagaladan däl-de, adamdan umydygär, olar beýik keremli Hudaýyň berjegine ynanmaýarlar, şol sebäplem, olara Taňry bendesiniň eli bilen berýär. Balam, gam çekmegin, senden tamam uludyr. Allam saňa beýik adamlaryň çagalygyny beripdir, hernä beýik adamlaryň galan beýikliklerinem beren bolsun-da! – diýeni şindem ýadymda.
Dünýä şeýle dünýä: güýçli bolsaň, hümmetli goluňy ejize uzat!
Dana bolsaň, danalygyňy körsowatlara paýla!
Baý bolsaň, pygamberden misil al, ol tabakdaşy bolmasa, nahar iýmändir, goňşusy aç bolsa, özi dok bolmagy kiçilik bilipdir, durmuşda gözli adamlar öňden ýöremeli, gözli şowalar yzyna düşmeli!
Allatagala bir-ä gowy görenine, birem halamadyk adamyna baýlyk eçilermiş. Şonuň üçinem, durmuşda iki hili baý bolupdyr. Olaryň birine sahy baý, beýlekisine bahyl baý diýerler.
Eziz halkym, baýaň! Emma zähmet çekip, maňlaý deriňizi döküp, halal baýaň! Durmuşda sahy baý boluň! «Hudaý berdim diýip bersin!» diýen söz sahy baýlygy diläp aýdylan sözdür.
Pul, baýlyk ýaşaýşy herekete getirip duran dwigateldir.
Çeňňegi atan badyňa oňa ululy-kiçili balyklar yzly-yzyna düşüp dursa, ol awyň gyzygam bolmaz, balyk çorbasynyň tagamam!
Tüpeňi alyp sähra çykan badyňa keýik, aýrak, käkilik, towşan bary duşsa, ol awyň gyzygam bolmaz, aw etiniň tagamam.
Ýere ekin ekeniňde hasyly bolmajysy bolup, bir ýylda baý bolsaň, ikinji ýyl ýeriňe adam tutarsyň, toprak bilen araňa keseki düşer!
Her bir ýetjek maksadyňa zähmet çekip ýetseň, onuň tagamy aýratyn bolar.
Her bir işe zähmet tagam berýär.
Her bir nazy-nygmata zähmet tagam berýär.
Lezzet-tagam – zähmetdedir.
Zähmet çekýän adamlar bagtly adamlar. Olar diňe bir öz hasylynyň tagamyndan däl, durmuşyň datly tagamyny hem duýup ýaşaýarlar.
Zähmet – adamyň ömrüne many çaýýar.
Zähmet – bereketdir.
Durmuşyň gözellikleri päk zähmetden gözbaş alýar.
Zähmet baýlygyň açarydyr.
Hakyky baýlyk nähili toplanylýar?
Çagalar bagynda, mekdep partasynyň aňyrsynda, ýokary okuw jaýynda gijäňi-gündiz edip, okasaň, kinoteatrlara derek kitaphanalara gatnasaň, hakyky ylmy alyp bolýar, hakyky ylymdan uly baýlyk bolsa ýokdur!
Baýlygam ylym baýlygy ýaly bir zatdyr! Ony deriňi döküp, zähmet çekip gazansaň, ol baýlyk halal bolup, hojalygyňa köküni urar, hasyl berer, uly baý bolarsyň. Emma bir wezipä geçip, eýdip-beýdip ogurlyk etseň, baýabam bolar, ýöne duýlan günüň wezipäňi ýitirersiň, haram baýlygam uzak durmaz!.. Haram baýlygyň hümmeti ýokdur. Hümmet, bereket halal baýlykdadyr.
Çölde azaşyp, suwsap gany gatap gelene birbada köp suw berilmeýär, owurt-owurt suw berilýär, ýogsa ol suwdan aşa doýup heläk bolar!
Aç galyp öler derejesine baran adamyň bokurdagyna hassa berlen ýaly edip, azajyk-azajykdan bulamak guýulýar, ýogsa ol aşa düşüp, öz-özüni heläklär!
Mekgä ýol söküp haja giden adam näçe kyn hupbat çekip, görgi görüp barsa, şonça-da onuň hajy gowy kabul bolýarmyş.
Söýýän aşyga bakyň: ol söýgülisiniň didaryny görse, tutuş gün bagtly bolup, bir ýerde durup bilmeýär. Ol ertesi ýene bir görmek arzuwy bilen ýaşaýar. Eger oňa magşugyny dessine gelin edip alyp berseň, ol öz bagtynyň näçe bölegini ýitirer!
Guýyny gyssanman, her gün azajyk-azajykdan gazýarlar, eger çalt boljak bolup, köpden gaszaň, gumuň aşagynda galyp heläk bolarsyň...
Birden ylym alyp bolmaýşy ýaly, birden baý hem bolup bolmaýar, beýik adamam.
Şu gün düýnküden artyk baýasaň, ertir bu günküden artyk baýasaň, baýlyga merdiwan bilen çykan ýaly çykyp barsaň, ol baýlyk döwletli baýlyk bolar. Baýlygyňyz döwletli bolsun, eziz türkmen halkym!
Dost gözle, duşmanyň özi tapylar.
Dostluk bilen duşmanlyk, duldegşir goňşudyr.
Işden başga ähli zat ýürege düşýändir.
Özi ýuwaş, işi welin dünýä ýaň berýär.
Gara zähmetden ele kir ýokmaz.
Öýe barýan ýol hiç wagt uzak bolmaýar.
Sahylyk köp bereniňde däl, wagtynda bereniňde.
Jedelde gaty gürlän ýeňenok.
Dogansyz ýaşasa bolar, ýöne dostsuz ýaşap bolmaz.
Zerurlyk – oýlap tapyjylygyň açarydyr.
Üçüň bilýänini ýüz biler.
Töwekgele bagt kömek edýär.
Iň gowy zady getirmeli diýseler, garga çagasyny getiripdir.
Kişiniň ganaty bilen ganatly bolup bilmersiň.
Daragt ilki aşak kök urar, soňundan ýokary öser.
Türkmen nirede bolsun, tapawudy ýok, gonamçylyk gabat gelse, atly gelýän bolsa atdan, maşynly gelýän bolsa maşyndan düşer. Oturyp öwlüýäniň hakyna, ýatan bendeleriň hakyna doga okap, olaryň ol dünýäsine abatlyk dilär.
Gonamçylyga baranda gaty gürlemez, gygyrmaz, sygyrmaz, gödek hereket etmez.
Türkmen ölen adam barada ýaramaz söz aýtmaz.
Türkmen öwlüýäni, öwlüýäde ýatan adamlary gudratly, keramatly hasaplaýar.
Zyýan tapan kesellini öwlüýä aýlaýarlar.
Çagasy bolmaýan eneler öwlüýäni düýnäp, ata-babasynyň keramatyna sygynyp maksadyna ýetýärler.
Türkmen dürli-dürli kesellileri öwlüýä aýlap, açyp bilýär.
Haýran galaýmaly: türkmen ýalňyşmandyr!
Häzirki zaman ylmy öwlüýälerde gonambaşy bolup ýatan adamlaryň guburlaryndan, mawzoleýde ýatan beýikleriň türbetlerinden entek ylmyň doly öwrenip bilmedik täsin tolkunynyň çykýandygyny açdy. Ellerinde biologik güýçleri bar adamlar Hoja Ahmet Ýasawynyň, Mäne babanyň, Ärsary babanyň, başga keramatly adamlaryň guburlaryndan syrly tolkunyň çykýandygyny bilýärler. Kesel bejeriji güýjüniň bardygyna güwä geçýärler.
Hany aýdyň, ölüleri keramatly bolan ildeşlerim, biz näme diýip dirikäk keramatly, gudratly bolup bilmeli däl.
* * *
Biziň dünýämiz beýik bir aýlawyň içinde aýlanyp dur: Gün, Aý, Ýer, olaryň hemralary mizemez kadasy esasynda aýlanyp, Gün dogmaly wagtynda dogup, ýaşmaly wagtynda ýaşýar. Aý dogmaly wagtynda dogup, ýaşmaly wagtynda ýaşýar. Şol ikisi ýaşaýşyň gündizini şuglaly, gijesini nurana edip dur. Biz ol beýik aýlawa çarhypelek diýýäris.
Zeminiň dörtden üç bölegini diýen ýaly tutup duran möwçli deňizler, däli ummanlar çyrpynyp, tolkunyp ýagyşly-ýagmyrly bulutlary döredýär, bulutlar aýlanyp zemini suwlaýar, gar bolup gara daglaryň başyna çöküp, çeşmelere, çaýlara, derýalara öwrülip, ýene däli ummanlara gaýdyp barýar.
Ýeller, harasatlar aýlanyp dünýäniň pasyllaryny çalyşýarlar.
Daragtlar üç pasyllap ýaşyl donuny geýip, gyş pasly geldigi ýapraklaryny döküp, köklerine ýapynja hem iýmit edinýär. Daragtlar garrap ýok bolýar, tohumy ýaňadan daragt bolup göterilýär.
Adam ogly dünýä gelip ýaşlygy – dünýäniň ýazyny görýär, tomsuny-güýzüni görüp, hasyllaýar, nesil galdyrýar, gyşyny – garrylygy görüp hem panydan baka gidýär. Biziň ykballarymyz, täleýlerimiz çarhypelek içre pasyllar ýaly aýlanyp dur.
Adam ogly tebigatyň ajaýyp sazlaşygyna laýyklykda ýaşap, nesil galdyryp, ýaşaýşyny dowam edýär. Ýaşaýyş yzynda taryh galdyryp gidip otyr.
Adam şu dünýä gelip näme tapan bolsa irginsiz zähmeti, gözegçiligi, synçylygy, akyl-paýhasy zerarly tapypdyr, ýitirenini bihudalygy zerarly ýitiripdir.
Aristotel zamanyndan hem ozal Adam ogly dünýäniň, älemiň syryny diňe tebigatdan öwrenip, tebigatdan akyl-paýhas alyp ýaşady, emma ýüz elli ýyl bäri şeýtana ýoluny urduryp, «tebigatdan rüstem gelip, tebigaty ýeňmegi» maksat edindi. Tebigaty ýeňip, ol özüni ýeňendigine, tebigata kast edip özüne kast edendigine akyl ýetirdi.
Gadymy danalar aýtmyşlaýyn, zemin bir tylla ýüzük bolsa, adam onuň göwherden gaşy! Emma dünýäde tebigata kast edýän ýekeje janly-jandar-da, ösümlik-de, tebigy hadysa-da ýok. Dünýäniň, tebigatyň ýekeje duşmany bar! Adam!
Adam tutuş dünýäni diňe özi üçin ýaradylandyr, diňe Adam dünýäniň hökmürowan eýesidir diýip düşündi, emma dünýäden ýitip gidýän ýekeje jandaryň hem dünýäniň sazlaşygyna öwezini dolduryp bolmajak urgy urýandygyna ol giç düşündi.
Dünýäde bar bolan ähli keselleriň melhemi – emi zeminde bar bolan ot-çöplerden, janly-jandarlardan tapyp alyp bolýar. Eger bejerip bolmaýan kesel tapylsa, diýmek, şol keseliň melhem çöpi Adam tarapyndan ýok edilen bolmaly.
Tebigaty boýun edip, hökmürowanlyk satyp ýaşap bolmaýandygy barada tebigat ýowuz sapak berdi. Tebigata boýun sunup, oňa gul bolup hem ýaşap bolmaýar, ony hem taryh subut etdi. Ýeke-täk ýol bar, tebigata bal bilen ýag ýaly gatyşyp, garyşyp ýaşamaly!
Tebigatyň beýik sazlaşygyna goşulmak üçin, öňi bilen tebigatyň özi ýaly päk bolmak zerur, parz. Tebigat hapalyga çydap bilmeýär.
On ikinji, on üçünji asyrlarda Ýewropada, Aziýada uly şäherler döräp başlady. Halkyň goranyşyny ygtybarly etmek üçin jaýlar üst-üstüne diýen ýaly salnyp, arassaçylyk göwnejaý berjaý edilmedi. Netijede, mergi, garahassalyk ýaly ýowuz keseller uly-uly şäherleriň başyna häli-şindi kyýamat gopdurdy. Bu adamyň daşky päkligi barada.
Tebigata gatyşyp-garyşmak üçin her bir adamyň içki päkligi – ruhy päkligi ähli zatdan derwaýys. Niýetiň-päliň, pyglyň-zandyň päkize bolmasa, tebigat seni gujagyna goýbermeýär.
Türkmen halky öz ýurdunyň tebigaty bilen örän sazlaşykly ýaşamagy başarypdyr. Onuň tebigy genisine oturyp-oturyp haýranlar galýarsyň. Özüňiz bilýärsiňiz, türkmeniň tomsy gazaply. Jöwzaly tomusda erkek adamlar tüýleri seçelenip duran içi keçe, keçeden soň içlik tutulan haýbatly silkme geýýärler. Türkmen yssy howada hökman donludyr, netijede, endamyň derläp, öz-özünden salkynlap ýörýärsiň. Ýaş çagaly gelinler tä çaga dogurmadan galýança ýaşmagyny aýyrmaýar. Ýaşmagy diniň zyýanly galyndysy diýip tankytlan ýazyjylar hem alymlar bir zady unudypdylar. Ýaşmak çagasyny emdirip ýören gelni dürli mikroplardan, bakteriýalardan goraýar eken.
Türkmen howa gyzyp başlanyndan et-ýag ýaly önümleri iýmäni gaty azaldyp, süýt-gatyga, agarana geçýär. Tomus türkmen çaýy hem köp içýär.
Çaýdyr çal hakynda türkmenleriň arasynda örän rowaýat köp. Ine, täze bir rowaýat: Bir çopan adam kurortda bir rus generaly bilen otagdaş bolupdyr. Gara deňziň ýakasynda hem yssy bolýar. Rus generaly yssa çydaman uzak gün ýahdandaky buz ýaly mineral suw içýärmiş, goja bolsa çaý. Bir gün general:
– Sen köp ýaşanam bolsaň, köp bilýänem bolsaň ýalňyşýarsyň: bu yssyda sowuk suw bilen hem janyňy saklap bolanok – diýip degşipdir.
– Sen generallyk derejesine ýetenem bolsaň, ýönekeý zady hem bilmeýärsiň – diýip, goja-da degşipdir. Ol bir käse gyzgyn çaýy hem bir käse sowuk mineral suwuny eltip günüň astynda goýup gaýdýar. Ýarym sagat geçeninden soň general bilen baryp görýärler. Mineral suw günüň gyzgynyna gan ýaly bolupdyr, tersine, gyzgyn çaý bolsa ýaňy ýahdandan çykan buz ýaly. Goja:
– Görýärmiň, seniň içýän mineral suwuň içiňde dessine gan ýaly bolýar, meniň içen gyzgyn çaýym bolsa, buza öwrülýär...
Bu tebigatyň syrly kanuny.
Türkmen sowugy sowuk bilen, gyzgyny gyzgyn bilen açmaly diýen kada uýýar.
Gyzdyryp ýatan adama gyşyň güni buz ýaly garpyz berip, keselden gutarýarlar.
Biziň ýurdumyzda awuly mör-möjekler, ýylan-içýanlar köp. Haýran galaýmaly ýeri, türkmeniň keçesine, halysyna, palasyna olaryň biri hem münüp bilenok.
Türkmen suwuny uly-uly küýzelerde saklapdyr. Täze küýzeler bolsa çalaja yzgarlap, daşyna syzyp durýar, şol sebäplem mydama buz ýalydyr. Küýzäniň içine bolsa bir bölek kümüş atylýar. Barly bol, garyp bol, küýzesiniň kümüşi bardyr...
Beýle mysallar gaty köp. Biziň maksadymyz olary sanamak däl, ata-babalarymyzyň tebigat bilen äbede-jüýbe bolup ýaşap bilşine akyl ýetirmek.
Uruş döwri, gohly-gowgaly ýyllar oglanjyklar köp dogulýar, abadançylyk döwri gyzjagazlar...
Osman ÖDÄÝEW.
Publisistika