TÜRKMENIŇ BÄŞ EÝÝAMYNYŇ JEMGYÝETLERI
Her bir müňýyllyyň başynda Allatagala türkmen halkyna täze jemgyýet, täze döwlet gurmaga mümkinçilik berýär. Üçünji müňýyllyga geçilýän döwürde-de täze döwlet, täze jemgyýet kemala geldi. Munuň özi türkmeniň baky döwleti, baky jemgyýeti bolar. Çünki biziň guran döwletimiz hil taýdan täze, kämil döwletdir we täse kämil jemgyýetdir.
Biziň zamanamyzyň esasy aýratynlyklarynyň biri şu zamanda türkmen milletiniň taryhy döredijilik ukyplarynyň iň ýokary derejede ýüze çykanlygyndan ybaratdyr. Millet öz ýurduna, öz ykbalyna eýe boldy. Millet öz-özüni döretmäge bolan mümkinçiligi aldy. Şu zamana çenli durmuş, taryh milleti amal edýärdi, indi millet durmuşy, taryhy amal edýär.
Biziň taryhy-döredijilik taglymatymyzyň esasy ugurlarynyň biri täze jemgyýeti döretmek baradaky pikirlerdir.
Döwlet gurmak entek işiň ýarysy. Onuň kanunlaryny ýazsaň, döwlet gurup bolýar. Ýöne jemgyýet gurmak iňňän kyn mesele. Sebäbi jemgyýetiň esasy – adamlardyr. Jemgyýetiň pikiri – köpçüligiň pikiridir, jemgyýetiň işi – köpçüligiň, halkyň işidir.
Döwlet bilen jemgyýet arabaglanyşyklydyr. Döwletsiz jemgyýet bolmaýar. Ilkidurmuş obşina gurluşy gaýyba gideli bäri hiç bir jemgyýet döwletsiz ýa döwletiň elementleri bolmasa, ýaşap bilmeýär. Biziň, hatda türkmeniň näçe ýüz ýyllyk döwletsiz ýaşan asyrlary diýen pikirimizem şonça wagtyň dowamynda türkmende döwlet elementleriniň – jemgyýeti dolandyryşyň gurallarynyň bolmandygyny asla aňlatmaýar. Bu ýerde gep diňe türkmeniň milli taýdan ýokary galmagyny üpjün etjek syýasy-jemgyýetçilik bitewüligiň bolmandygy barada barýandyr.
Daragta kök gerek,
Köke suw, toprak gerek,
Gül bile miwä-de daragt gerek.
Edil şonuň ýaly, jemgyýete döwlet gerek.
Döwlete-de jemgyýet gerek.
Çünki daragt bolmasa, köküň ne manysy bar, kök bolmasa, daragtyň ne manysy bar?!
XIX asyryň türkmen şahyry Kätibiniň goşgusynda şeýle setir bar:
Haka – ilat gerek, ile – ser gerek.
Döwlet jemgyýete serenjam berýär hem onuň ýaşaýşyny dolandyrýar. Emma bu hakykat diňe sözüň doly manysyndaky döwlete degişlidir. Aýratyn hem biziň guran döwletimize degişlidir.
Biziň guran döwletimiziň öňkülerden näme tapawudy bar?!
Bu sowalyň sada jogaby bar: döwlet gurmak hem ony edara etmek, bu arkaly bolsa jemgyýeti amal etmek işi sungat derejesine ýetirildi! Ine, biziň guran döwletimiziň öňki gurlan döwletlerden esasy aýratynlyklarynyň biri.
Her bir sada jobabyň özüne ýetiksi çylşyrymlylygy bolýar. Ýokarky jogabyň manysy nämäni aňladýar?!
Sungat diýmek gürrüňini edýän meselämiz bilen baglanyşyklylykda iki sany many jähetini göz öňünde tutýar.
Birinjiden, sungat degişli işde tertipliligi, sazlaşygy, nyzamlylygy hem deň ölçegliligi aňladýar. Döwleti edara etmeklige sungat hökmünde seretmek syýasy tilsimliligi, inçeligi hem parasatlylygy göz öňünde tutýar.
Ikinjiden bolsa – özem bu biziň häzirki gürrüňimizde esasy zatdyr – sungat diýmek, döretmek, işe döredijilikli çemeleşmek diýmekdir.
Emma döwlet işi arkaly näme döredilýär?
Şu sowalyň iki hili jogabynda-da oňyn döwlet bilen tersin döwletiň arasyndaky çäk görünýär. Tersin döwlet öz-özüne hyzmat etmek, diňe öz bähbitlerini döretmek işine gümra bolýar. Oňyn döwlet işi arkaly jemgyýet, ýurt, millet döredilýär. Tersin döwlet ilat, jemgyýet üçin ýapykdyr, ol soňkulardan göwnüni aýry tutýar, jemgyýetdäki öz syrlaryny ýaşyrýar.
Gadymy jöhit patyşalarynyň biri bolan Süleýmanyň ady hemmelere belli bolsa gerek. Süleýman biziň eýýamymyzdan 962 ýyl owal aradan çykypdyr. Süleýman barada täsin hem gyzykly taryhy-edebi maglumatlar hem-de rowaýatlar saklanyp galypdyr. Şol rowaýatlaryň biri şeýle:
Süleýman patyşanyň aýaly göwrelimiş. Aý-gün geçip, ol hatynyň çaga dogurmaly pursaty gelip ýetýär. Emma – Alla saklasyn! – onuň dograny çaga däl-de, el-aýaksyz hem kellesiz bir bölek et – göwremiş. Süleýman bu wakada bir alamatyň bardygyna bada-bat düşünýär hem Hudaýa mynajat edip ugraýar. Ahyrda Alladan bir owaz gelýär. Biribar şeýle diýýär:
– Seniň döwletiňi edara edýän üç adam – Sen, seniň weziriň Asyf hem-de aýalyň, emma şu üçüňiziň diňe bir ilatdan däl, eýse biri-biriňizdenem gizlin saklaýan syryňyz bar. Bir ýere jemleniň hem biri-biriňize syryňyzy aýdyşyň, şonda bar iş aýan bolar.
Süleýman patyşa Allanyň aýdyşy ýaly, wezirini hem aýalyny ýanyna çagyrýar we birek-birekden gizlenilýän syry aýdyşmaly edýär. Ilki onuň özi başlaýar:
– Men – Süleýman patyşa, üstesine-de pygamber. Meniň elimde diňe bir raýatlaryň däl, eýsem külli janly-jandaryň erk-ygtyýary (Süleýman gurt-guşuň dilini bilipdir, onuň bir ýüzügi bolup, şol ýüzük arkaly ol ähli janly-jandary özüne tabyn edipdir. Elbetde, ýüzük manysy – döwletdir) bar. Ýöne, şonda-da, meniň göwnüm häkimlikden, gözüm baýlykdan doýmaýar. Haçan-da meniň arzhanama raýatlaryň biri geläýse, «Bu gelen maňa nämejik getirdikä?» diýip, gözüm ilki onuň ellerine bakýar. Onsoň men getirilen zatlary Sizden – wezirimden hem, aýalymdanam ýaşyryp, gizlin bir ýerde goýýaryn. Ine, meniň bar syrym.
Patyşa şeý diýeninden, şol çaganyň gudrat bile kellesi bitipmiş.
Soňra Asyf wezir syryny açmaga durýar:
– Men dünýäde iň beýik patyşa Süleýmanyň weziri. Men –Ýer ýüzünde ikinji adam, meniň hiç bir zatdan kemim ýok. Emma şonda-da men mahal-mahal oturyp, «Süleýman ölse, menem onuň ýerine tagta çykyp, patyşa bolsam» diýip göwün ýüwürdýän.
Weziriň syry açylandan, täze dogan çaganyň iki eli-de bitenmiş.
Gezek patyşanyň aýalyna ýetýär.
– Men – Süleýman patyşanyň, pygamberiň aýaly. Patyşanyň şan-şöhratyna, baýlygyna, häkimligine, pygamberiň akyl-paýhasyna, owadanlygyna külli älem aşyk. Şonda-da men kämahal owadan ýigide gabat gelsem, «Wah, meniň adamym hem şeýle görmegeý ýigit bolsady, meni bagryna bassady» diýip hyýala münýärin.
Aýalyň syry aýan bolansoň, çaganyň aýaklary-da bitip, on iki synasy ýerbe-ýer adama öwrülenmiş...
Rowaýatyň manysyny aňlansyňyz. Döwletiň, gürrüňsiz, ýaşyryn syrlary bardyr hem bolmalydyr. Emma olar jemgyýetiň sazlaşygy hem howpsuzlygy bilen baglanyşykly syrlar bolmalydyr. Galan zatlarda bolsa döwlet öz raýatlary hem jemgyýet üçin açykdyr. Şeýle açyklyk jemgyýeti edara etmäge hem dolandyrmaga ýol açýar, adalatlylygy döredýär. Onsoň döwlet jemgyýeti döretmäge puryja alýar.
Biziň Garaşsyz hem baky Bitarap döwletimiz gurlan gününden jemgyýetiň aladalary bilen meşgul boldy. Netijede bolsa, taryhy taýdan juda gysga wagtyň içinde täze türkmen jemgyýeti kemala getirildi.
Täze türkmen jemgyýeti – türkmeniň sosial hem ruhy bitewüligidir. Jemgyýet, jemagat düşünjeleri jem diýen sözden emele gelýär, jem diýmek bolsa bitewülik, birlik hem-de agzybirlik diýmekdir. Bitewülik, agzybirlik bolsa, Oguz han atamyzyň ýoludyr. Jemgyýet bitewi bir janly göwredir, jemgyýet diýmek milleti sosial bitewülik nukdaýnazaryndan göz öňüne getirmekdir.
Jemgyýetçilik durmuşy milletiň maddy-güzeran, eýeçilik jähetidir, onuň göwresidir, jemgyýetiň pikiri bolsa jemgyýetçilik aňynyň formalary diýilýänidir, ýagny, milletiň ruhudyr.
Türkmenistan döwleti garaşsyz bolandan soň, täze türkmen jemgyýetiniň maddy hem eýeçilik esaslary gysga wagtyň içinde tutuldy, täze türkmen döwletiniň gurulmagy türkmen jemgyýetiniň syýasy taýdan kemala getirilmesi boldy. Sözüň hakyky manysynda Täze türkmen milletiniň esasy goýuldy, dünýäniň içinde Täze türkmen döwleti döredi, onuň bitewüligi binýatlarynyň berkligi mynasybetli mizemezdir.
Türkmenistanda täze ykdysady infrastruktura döredildi.
Jemgyýetiň täze sosial-eýeçilik gurluşy kemala getirildi, onuň esasynda hususy eýeçiligiň döwlet eýeçiligi bilen utgaşygy ýatýar, özem şunda esasy agram hususy eýeçilige berilýär. Netijede, täze jemgyýetçilik gatlak – täze türkmen baýlary döredi. Döwletiň sosial daýanjy bolan täze gatlak sany boýunça örän köpdür.
Garaşsyzlygyň başky üç ýylynda jemgyýetiň syýasy esaslary gutarnykly suratda goýuldy – ýurtda Prezident dolandyryşy girizildi, Ministrler Kabineti, Mejlis, Halk Maslahaty, häkimiýetiň ýerli organlary – häkimlikler döredildi. Ýurduň hukuk goraýyş ulgamy, Milli Goşun, Serhet gullugy döredildi, biziň syýasy-döwlet döredijilik işimiziň aýratyn möhüm bir bölegi – milli walýutanyň işe girizilmegi amal edildi. Bu Türkmenistan döwletiniň maliýe-ykdysady garaşsyzlygy ugrundaky örän möhüm ädimi boldy.
Bir million ýedi ýüz müň tonna dänäniň taýýar edilmegi Türkmenistanyň doly azyk garaşsyzlygyny üpjün etdi.
Şeýlelikde, türkmen jemgyýetiniň göwresi amal edildi. Jemgyýetiň aň formalary döwletiň irginsiz aladalary bilen kemala getirildi. Şu ýerde jemgyýetçilik aňynyň görnüşlerini ýatladyp geçäýeýin. Olar şu aşakdakylardyr:
– ahlak;
– sungat;
– filosofiýa;
– din;
– ylym;
– syýasy aň;
– jemgyýetçilik psihologiýasy.
Geçen garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistanda jemgyýetçilik aňyň milli mazmunly görnüşleri tebigy suratda kemala geldi. Döwlet tarapyndan yglan edilen dürli syýasatlar, täze türkmen elipbiýiniň girizilmegi, dürli täze milli baýramçylyklar adamlarda täze jemgyýetçilik aňynyň barha çalt döremegine ýardam edýärler. Türkmen gitdikçe bir ruhy-maddy bitewülige öwrülip barýar.
Türkmen barha türkmenleşýär.
Her bir şahsyýet özüniň bir uly bitewüligiň bir bölejigidigine düşünip ugraýar. Munuň özi örän beýik hadysadyr, bu sözüň hakyky manysynda türkmeniň gaýtadan döreýändigini, täze Türkmen milletiniň esaslarynyň goýlandygyny görkezýär.
Türkmen dili – türkmen dünýäsiniň ýaşaýyş ebeteýi bolan dil döwlet derejesine çykaryldy. Many gatbarlaryňa, duýgy öwüşginleriňe, pikir ýokundylaryňa döneýin, türkmen dilim!
Türkmen dilinde, türkmeniň dilinde şeýle bir çuňňur durmuşy hem adamkärçilik manyly söz bar: Adam sanyna goşulmak. Nähili çuň many!
Biz millet sanyna goşuldyk.
Biz dünýäleriň içinde Täze bir dünýä – Türkmenistan diýen dünýäni döretdik. Şol dünýäniň ylalaşykdan hem asudalykdan ybarat bolan altyn sosial guşagy bolsa täze türkmen jemgyýetidir. Şeýle jemgyýeti döretmek üçin men gujur-gaýratymy gaýgyrman, gije ýatman, gündiz oturman, türkmeni Türkmen etmek üçin ymgyr uly zähmet çekdim.
■ Milli Galkynyş hereketi näme?
Bu Garaşsyz Türkmenistany ýakyn on ýylda dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykarmak, onuň halkynyň eşretli, bagtly ýaşamagy ugrundaky ählihalk göreşidir. Bu göreş – parahatçylygy, agzybirligi, jebisligi, tutanýerli zähmeti baýdak edinen halkyň öz bagtyna ýetmek ugrundaky mukaddes göreşidir. Bu göreş ata Watanda – Türkmenistanda ösen ykdysadyýeti, ylmy, medeniýeti, ajaýyp ýaşaýyş we durmuş şertlerini döretmek ugrundaky göreşdir. Bu göreş türkmen halkynyň at-abraýyny, mertebesini arşa götermek üçin alnyp barylýan göreşdir.
Milli Galkynyş hereketiniň yglan edileli bäri geçen döwrüň içinde on ýyla niýetlenen maksatnamalaryň tas hemmesiniň bitirilendigini görýärsiň. Sözümiň gury bolmazlygy üçin, käbir anyk gürrüňe ýüz öwreýin.
Täze türkmen jemgyýetini gurmagyň iki sany esasy pursady bar. Şol pursatlaryň birinjisi bir jemgyýetden başga bir jemgyýete geçmekde tapgyrlylygy, altyn geçişi üpjün etmekdir.
Jemgyýeti özgertmek, ykdysady modeli, sosial psihologiýany özgertmek üçin belli bir tapgyrlary geçmek zerurdyr.
10 ýyl – munuň özi hil taýdan jemgyýetiň bir ýagdaýdan başga ýagdaýa geçmeli döwrüdir. Ol kem-kemden, sarsgynsyz we zorluksyz geçmelidir.
On ýyl abadançylyk – munuň özi biziň jemgyýeti ýuwaş-ýuwaşdan, sosial ýitgisiz we sarsgynsyz, bir ýagdaýdan beýleki ýagdaýa geçirmegi göz öňünde tutýan strategik ýolumyzdyr.
Sabyrlylyk türkmeniň iň gowy görýän sypatlarynyň biri. Bu ýöne ýere däl. Döwlet gurluşymyzda-da, beýleki ähli tutumlarymyzda-da her bir işe sabyrlylyk bilen çemeleşdik. Üstünligimiziň girewiniň sabyrlylygymyzdadygyna men bu gün gaty gowy düşünýärin. Her bir işde, onda-da ýokarkylar ýaly tutumly işlerde, oýlanyşykly, ölçäp-döküp hereket etmek türkmeniň milli psihologiýasyna mahsus zatdyr.
Hiç bir ýurt zähmetsiz baý bolýan däldir. Biz öz bagtymyzy halal zähmetimiz hem akylymyz bilen gazanýarys. Ony gorap saklamak bilen gazanýarys.
Biz nähili işleri ýerine ýetirýän hem bolsak – okasak-da, işlesek-de, öz zähmetimiziň halk üçin berýän netijeleri barada oýlanmalydyrys.
Adalatly jemgyýeti gurmagy ýüregimize düwdük. Bu gün men türkmen halkynyň ýüzünde buýsanç alamatlaryny görüp, bu belent maksadymyza ýetjekdigimize we Garaşsyz döwletimiziň parlak geljegine, ertirki gününe ynamymyzyň berkeýändigine göz ýetirdim.
* * *
Garaşsyzlyk adam şahsyýetiniň açylmagy hem ösmegi üçin çäksiz uly mümkinçilikleri açdy. Ýetmiş ýyllap höküm süren sowet jemgyýetçilik ulgamy şahsyýetiň ukyplarynyň ýüze çykmagyna päsgelçilik baryny döredýärdi. Şu ýerde ýekeje fakty – hususy eýeçiligiň düýbünden gadagan edilenligini ýatlamak ýeterlikdir. Şeýle gurluşdan düýpli ruhy hem ahlak netijeleri gelip çykýardy. Ol jemgyýet totalitar diýilýän jemgyýetiň hilindendi. Munuň özi şahsyýeti aşykça görmeýän, ony bar güýji bilen basýan äpet döwlet maşynydy. Şundan gelip çykýan döwlet ideologoýasy bolsa şahsyýeti ikinji derejede goýup, äpet býurokratik manyny dabaralandyrmaga, atsyz-sorsuz kollektiwiň kultuny mahabatlandyrmaga gönükdirilendi. Şeýle ýagdaýda adam şahsyýeti gury sana, adam özboluşly sypatlardan mahrum bolan «nurbata» öwrülýärdi. Ol jemgyýetiň uzaga gitmänliginiň esasy sebäpleriniň biri-de şoldy.
Öňki jemgyýet, bu, obrazly aýdanyňda, ähli durmuş şertleri umumy bolan umumy ýaşaýyş jaýydyr. Garaşsyzlyk bolsa, adamyň şahsyýetini gysyp-gowurýan şol umumylygam, ähli adamlary biraýakdan sürmekligem inkär edýär.
Biz sosial-ykdysady babatda hususy eýeçiligi ösdürmäge aýratyn üns berýäris. Çünki hususy eýeçilik – adam şahsyýetiniň ösmegi üçin, adam şahsyýetiniň gadyryny bilýän jemgyýetiň döremegi üçin esasy maddy-ykdysady şertdir. Hut şu ýerden şahsyýetiň maddy esaslary başlanýar. Şonuň üçinem, türkmeniň ykdysady özgertmeleriniň esasy aýratynlyklary hökmünde, kiçi hem orta telekeçiligi ösdürmek, telekeçiler synpyny, türkmen baýlaryny döretmek maksat edinildi. Beýle diýmek – ýüzmüňlerçe täze kemally, ösen şahsyýetleri döretmeli diýmekdir.
Sosial psihologiýa düýpli özgerer: sosialistik ideologiýanyň döreden elgaramalyk endiginiň ýerine täze hakykat adamlarda işeňňirligi, başarjaňlygy, çözgütleri kabul etmäge we şol çözgütler üçin doly jogapkärçilik çekmäge taýýarlygy oýarmalydyr.
Türkmenistanda şahsyýet azatlygy hemme zatdan ileridir. Biz ýöne bu hakda çem gelen ýerde aýdyp ýöremzok, sebäbi biz şu azatlygyň hatyrasyna iş bilen meşgul.
Milli Galkynyş hereketiniň ruhy sütüni ynsan mertebesini belende galdyrmakdan ybaratdyr.
Şahsyýet azatlygy. Ynsan mertebesi.
Şahsyýetiň azatlygy onuň nähili jemgyýetde ýaşaýanlygyna baglydyr. Biziň guran täze türkmen jemgyýetimiz erkin jemgyýetdir. Erkin jemgyýet şahsyýet azatlygyny üpjün edýär. Ynsan mertebesi hem şahsyýet azatlygy üçin jemgyýete bagly şertler, ýagny daşky şertler erkin jemgyýetde döredilendir. Bular üçin zerur bolan içki şertler bolsa her bir şahsyýetiň özüne, içki ukyplaryna, aňly-düşünjeliligine hem-de ahlak sypatlaryna baglydyr.
Adam öz ykbalyny ilkinji nobatda özi kesgitleýär. Zehini, gylyk-häsiýeti, işe ukyplylygy, psihologik ýasawy ýaly birnäçe görkezijiler adamyň şahsyýetini kesgitleýär. Şol emele gelen şahsyýet tipiniň özboluşlylygyna-da onuň azatlygynyň derejesi baglydyr. Biz, elbetde, bu ýerde şahsyýet azatlygynyň sosial-ahlak tarapyna agram berýäris. Adam jemgyýet öňündäki borçlaryna nähili düşünýän hem olary ýerine ýetirýän bolsa, şonça-da onuň azatlyk duýgusy kemala gelýär. Şahsyýetiň ýuridiki azatlygyny, erkinligini jemgyýet kesgitleýär, emma onuň ahlak azatlygyny ynsap kämilligi kesgitleýändir. Adam öz ynsabynyň öňünde özüni erkin duýmasa, oňa berilýän ýuridiki azatlygyň manysy ýokdur. Emma adam öz wyždanynyň öňünde özüni päk duýsa, onda elbetde, ol jemgyýet tarapyndan berilýän hukuklaryny we azatlyklaryny iň ýokary derejede peýdalanmaga mümkinçilik alýar. Diýmek, ahlak azatlygy şahsyýetiň hut özüne bagly bolup, ol döwlet tarapyn şertlendirilýän ýuridiki azatlygyň esasy sütünidir.
Hakykat ýolundan ýöreýän adamlar ynsanlaryň buýsanjydyr. Eger halkyň şeýle ogullary näçe köp bolsa, ol halk şonça-da beýikdir we ol Watan, ol döwlet şonça-da kuwwatlydyr.
Indiden beýläk her bir adama onuň Watanyna edýän hyzmaty boýunça baha berler.
Diňe öz eden işiňden lezzet alyp, onuň halka bähbitlidigini bileniňde, bütin durkuň bilen oňa guwananyňda, diňe şonda ýurdumyz abat bolar.
Bu gün Türkmenistanyň her bir ýaşaýjysy öz köňlünde ata-babalaryna, olaryň gurmak islän döwletine, özüňden soň ogul-gyzynyň ýaşajak ýurduna wepa sütünini galdyrmalydyr.
Her kim öz işi bilen meşgul bolmaly. Ädikçi ädigini tikmeli, daýhan meýdanynda ekin ekmeli. Ädikçi daýhana ekini nähili ekmelidigini öwretse, ýa-da daýhan ädikçä ädigi nähili tikmelidigini öwretjek bolsa, onda bulaşyklyk ýüze çykar.
Her kim öz işini ussatlarça ýerine ýetirip, halkyna hyzmat etmeli.
– Hakykat ýolundan ýöremek;
– Watana hyzmat etmek;
– Öz işiňden lezzet almak;
– Öz köňlüňde Watana wepa sütünini galdyrmak;
– Öz işiňe ussat bolmak;
– Halallyk.
Ine, Altyn asyrda türkmen şahsyýetine mahsus bolmaly sypatlaryň birnäçesi şulardan ybaratdyr. Munuň özi biziň altyn taglymatymyzda türkmen ruhunda ozal bolan taglymatlaryň tebigy suratda jemlenýändigini görkezýär. Türkmen şahsyýetine Oguz hanyň gaýduwsyzlygy, Gorkut atanyň watançylygy, Göroglynyň hyjuwlylygy, işinden lezzet alşy, Magtymgulynyň halallygy, hakykatçyllygy mahsus bolmalydyr. Ol terkidünýä bolmazdan, jemgyýetiň, Watanyň ähli döreden şertlerinden peýdalanmaga hukuklydyr, şol bir wagtda-da ol Magtymgulynyň Hudaýyň öňündäki borçlaryna yhlas edişi ýaly, Watanynyň öňündäki borçlaryny mydama berjaý edip gezmelidir.
* * *
Ýadymda galan käbir pähimler. Iň ýakyn adamlary, şeýle hem goňşusy, dosty gowy adam diýýän bolsa, ol hakykatdan hem gowy adamdyr.
Iň uly dert her näçe isleseň-de, gatnaşygyňy dürli sebäplere görä kesip bilmeýän ýoldaşyňdyr.
Sähel zady göwnüne alyp, öýkeleýän dostuňdan hiç zada garaşma.
Hil zadyň adyndan öň geler.
Wagtyň gymmatyny işli kişi biler.
Adam gijä galyp biler, ýöne wagt gijä galmaz.
Mätäç däl zadyňy näçä alsaň hem gymmatdyr.
Ýalňyş ýol bilen gaçmagyň peýdasy ýokdur.
Puly gazanmagy başarandan, saklamagy başarmak kyn.
Allatagala her kişiniň gerdenine göterip biljek ýüküni urýar. Ýöne adam hemişe özüne urlan ýüki ýowuz hasaplaýar. Allatagala adamyň ýüküne görä ýardam hem edýändir.
Işsiz şeýtan iş tapar.
Gözellik seredýän adamyň gözüniň içindedir.
Her gün oýananyňda: «Men şu gün nähili işleri etsem gowy bolar, nähili işleri edemde il-günüme peýdaly bolar» diýip oýlangyn, her gün ýatjak wagtyň «Men şu günümi manyly, il-günüme bähbitli geçirip bildimmi?» diýip, öz-özüňden soramagy endik etmelidir.
Ýönekeýlik – adamçylyk mertebäňi bilmekdir.
Ömrüň juda gysgadygyny unutman ýaşamak gerek.
Adalatly bol, şonda bagtyň özi geler.
Özüňi ýitirmekden agyr ýitgi ýokdur.
Garyp ilden är çykar,
Beg ilden – bikär.
Gylyç gyndan çykmasa, mömin dinden çykmaz.
Ýigit döwşer, gurt olar,
Öli dünýäň – ýurt!
Balykçynyň aty suwsuz öler.
Halkdan aňyrda Hak bar!
Agzy bally arynyň, ardy neşterli bolar.
Päli pägiň ýoly päk.
Atyn salyp oguz geler,
Ýurdy bozup dowul geler.
Kişi öz ýalňyşyna büdürär, il patyşasynyň.
* * *
Adamzat jemgyýetiniň düýp manysyna, onuň tebigatyň goýnundaky özboluşly bir bitewülikdigine akyl ýetirmek çylşyrymly mesele. Meseläni çylşyrymlaşdyrýan zat hem adamzadyň ruhdugyndan, ruha eýediginden ybaratdyr. Her bir zat we ähli zatlar deňeşdirmede aýan bolýar, zatlaryň hem hadysalaryň gaýtalanmaz özboluşlylygyny diňe we diňe olary başga zatlar hem hadysalar bilen deňeşdirmek arkaly açyp bolar. Adamzat jemgyýetiniň, şol sanda müňýyllyklardan gaýdýan türkmen jemgyýetiniň hem çylşyrymly özboluşlylygyna göz ýetirmek islesek, ýönekeýje deňeşdirmä ýüzlenip bileris. Emma deňeşdirmäniň öz zerur şerti, wajyp kanunalaýyklygy bardyr: biz bir zada akyl ýetirmekden ötri şol zady islendik, göwnümize gelen islendik haýsydyr bir başga zat bilen däl-de, eýsem onuň bilen, garaz, birhili düýp umumylygy bolan, düýp tebigaty bir bolan zat bilen deňeşdirmelidiris. Meselem, haýsydyr bir guşuň aýratynlygyny anyklamak üçin ony başga bir görnüşdäki guş bilen deňeşdirmek bolar.
Adamzatda tebigat kanunalaýyklyklaryny üýtgedýän, olardan özge kanunlaryň döremegine sebäp bolýan akyl, ruh bar. Ol akyl arkaly tebigat kanunlarynyň üstünden garamaga hem-de olary üýtgetmäge mümkinçilik alypdyr.
Adam haýwandan erkliligi bilen tapawutlanýar. Erkiň esasynda ruh ýatýar. Ruh erk hökmünde ýüze çykýar.
Şeýlelikde, haýwan toplumy – erksizlige esaslanýan gatnaşyklaryň jemidir.
Adamzat jemgyýeti bolsa erke esaslanýan gatnaşyklaryň jemidir.
Islendik jemgyýet, toplum ýaşaýyş tejribesi esasynda kemala gelýär. Haýwanlarda ýaşaýyş tejribesi daşky tebigy şertlere we kanunalaýyklyklara uýgunlaşmagyň netijesi bolan tebigy instinktiw ukyplar görnüşinde, adamzatda bolsa şol şertlere alternatiwa bolan taryhy ruhy hakyda görnüşinde formalaşýar. Hut erkiň hem hakydanyň netijesinde adamzat jemgyýeti tebigatdan bölünip aýrylýar we dünýäde täze bir giňişlik hökmünde amala aşyrylýar.
Jemgyýet – adamyň tebigat kanunlarynyň çäginden çykyp, öz kanunlaryny döredýän we olary berjaý edýän giňişligidir.
Adam, elbetde, ýaradyjy däldir.
Emma ol özüni hem öz ýaşaýan jemgyýetini döredijidir.
Adamyň jemgyýetçilik döredijilik erkiniň aşakdaky görnüşlerini tapawutlandyryp görkezip bolar.
1. Syýasat.
2. Ahlak.
3. Sungat.
4. Ylym.
5. Dil.
6. Hukuk.
Islendik jemgyýetiň hojalyk-ykdysady işiniň manysy, jemgyýetçilik gatnaşyklaryň hyzmatdaşlygynyň hem özara bäsleşiginiň manysy ýokarky alty zady amal etmekden ybaratdyr.
Publisistika