04:59 Wysal bolmadyk söýgi | |
WYSAL BOLMADYK SÖÝGI
● Taýly şahyryñ ömür ýoly we döredijiligi Taýly şahyr 1886-njy yýlda Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň Sokuly obasynda çarwa maşgalasynda eneden dogulýar. Onuň ejesiniň ady Dursundyr, dädesi Täçmämmet yomutlaryň ak atabaý urugynyň şirmämmetli tiresindendir. Täçmämmet bilen Dursunyň Taýly, Egje atly ogullary, Aman, Gözel, Aýna, Nurbike atly gyzlary bolupdyr. Dädesi aradan çykansoň maşgalanyň oňşugy Taýlynyň başyna düşüpdir. Ol inisi Egje bilen baý çarwalaryň mallaryny bakyp maşgalanyň güzeranyny dolandyrmaly bolupdyr. Balkan welaýatynda Taýlynyň ýaşlyk döwri bilen baglanyşykly bir waka şeýle beýan edilýär. ... Günleriň birinde Taýly dag etegindäki örüdebir baýyň malyny bakyp ýörkä doly gelýär. Ol ýagyşda ezilmejek bolup dagyň gowagyna girýär. Owlak-guzulary otlaga çykaran baý gyzy Aýsary hem ýagyşdan gaçyp şu ýere gelen eken. Şonda Taýly ol gyza: - Siz gidiberiň, owlak-guzulara özüm eýelik ederin - diýende baý gyzy oňa näz-kereşme edýär. Näzik gollaryny ýaş ýigidiň boýnuna orap ony ýykýar. Ýöne ýaş ýigit aý meňizli gyzyň oýnuna düşünmeýär. Baý gyzynyň maksady myrat bolmaýar. Soň-soňlar Taýly bu gyza aşyk bolup dag gowagynda eden düzedip bolmajak ýalňyşlygyna puşman edýär. Ýöne biraz wagt geçensoň şahyr göýberen ýalnyşyna düşünýär we ony düzetmek üçin Aýsary bilen duşuşýar. Aşyk-magşuklar durmuş gurmak barada birek-birege wada edýärler. Basym wagtda Taýlynyň öýleriniň Barsly ýaýlasyna, Aýsarynyň öýleriniň Gürgene göçmegi bilen söýgülileriň arasynda aýralyk başlanýar. Aýsary sözünde tapylmak üçin Taýla sargyt iberýär. Şonda Taýly ýol harjy, aýak ulagy bolmasa-da kerwene guşulyp Gürgene ýola düşýär. Ol ýerde baý malyny bakýar we toý-tomaşada söýgülisini görmegiň arzuwynda bolýar. Obada bolan bir toýda aşyk-magşuklar duşuşýarlar. Garyplyk, ýeter-ýetmezlik olaryň durmuş gurmagyna böwet bolýar Şonda Taýly söýgülisini alyp gaçmak isleýär. - Hossarlarym namys agtynda galjak nesillerden däl, bu pikriňi unut, ikimizi hem gana boýarlar–diýip, Aýsary bu töwekgel işe baş goşmagy ret edýär. Şol duşuşykdan soňra söýgülilere sataşmak nesip etmeýär. Aýsary bir baýyň oglunyň gelni bolýar. Taýly şowsuzlyga uçrasadauzak ýyllaryň dowamynda ilkinji söýgülisinden ýüz öwürmeýär. Taýly aýdym aýdyp, saz çalyp bilmese-de 18-20 ýaşlarynda goşgy düzmegi, hiňlenmegi başarýar eken. Günleriň birinde olaryň obasynda argyş kerweni bir günlik dem-dynç almak üçin goş ýazdyrýar. Bezirgenler bilen bolan otyrylyşykda ol “Aýlansam” atly goşgusyny heňe salyp aýdypdyr. Onuň goşgy aýdanda özüne çekijigi, şirin owazy zyýapata ýygnananlara ýarapdyr. Şonda bezirgenleriň biri şahyra şol goşgusyny täzeden aýdyp bermegi haýyş edipdir. Diňlänsoň ýaş şahyry özi bilen alyp gitmekçi bolupdyr.Ýöne Taýly bu teklibi göwnemändir. Şonda aýdym-sazdan, şygryýetden gowy baş çykarýan şol bezirgen oňuň tebigy talantyna ýokary baha berip şahyraýigrimi sany kümüş teňňäni peşgeş beripdir. Şol döwürde şonça pula bir düýe we on sany goýun satyn alyp bolýan eken. Taýly şahyryň başdaş aýalynyň ady Bikedir, olaryň Kakabaý atly ogly, Soltan, Ogjan, Ogulbagt, Dursun atly gyzlary bolupdyr. Şahyr keýwanysy bilen 25 ýyllap dowran sürensoň, ol keselläp aradan çykýar. Şonda ol cagalarynyň alnyndan direjek zenany tapmagyň ugruna çykýar. Bekibent diýen ýerde ýaşaýan Aýsülük atly dul aýala söz aýtýar. Ýöne Aýsülüdiň hossarlary onuň Taýla durmuşa çykarylmagyna garşy bolýarlar. Ahyrsoňunda keç ykbally Taýly şahyr öz tiresinden bolan Arazbagta öýlenýär.Ondan Sähet atly ogly we Aýsona atly gyzy dünýä inýär. Geçen asyryň otuzynjy ýyllarynda ol çarwa obalarynyň birleşdirilip kopçülikleýin hojalyga (kolhoza) öwrülmegine gatnaşýar. Ol okuwly-bilimli bolmasa-da mähelle ony hojalygyň başlyklygyna saýýar. Şahyr halk bilen agzybirlikde işleýär. Hojalygyň binýadynyň bekemegi üçin köp azap çekýär. Ýöne muňa garamazdan 1943-nji ýylyň ýanwar aýynda ol daşary ýurt içalysy hökmünde jenaýata çekilip, sekiz ýyl tussaglyga höküm edilýär. Ilki Türkmenbaşy, soňra Balkanabat şäherlerindäki türmede tussaglykda saklanýar. 1945-nji ýylyň maý aýynda ol Balkanabat türmesinde agyr hassalyga sezewar bolup aradan çykýar. Taýly Täçmämmet ogly baradaky jenaýat işi ýigrimi ýyldan soňra, has takygy, 1965-nji ýylda ýatyrylyp ol doly aklanylýar. Taýly şahyr hakyndaky maglumatlar we onuň goşgularynyň bir topary Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky golýazmalar institutynda saklanýar. Akademik A.N.Samoýlowiçiň 1929-njy ýylda Leningradda çap edilen “ Очерки по истории туркменской литературы” atly kitabynda şahyr barasynda gysgajyk maglumat bar. Mundan başga-da onuň goşgularynyň käbiri dürli ýyllarda çap edilen “Şamçyrag” we”Arzuw” atly kitaplara girizildi. Şahyryň goşgulary balkanly bagşylar Türkmenistanyň halk bagşysy Saryhan Sapaýew, Wary Aýjanow tarapyndan saza goşulyp aýdyldy. Şahyryň söýgi, döwür, yşky-liriki,durmuş bilen bagly goşgularyna döredilen aýdymlar halk bagşylarynyň, çeper höwesjeňleriň ýerine ýetirmeginde häzirki günlerde hem toý-dabalalarda belentden-belent ýaňlanýar. Şahymerdan Sary OGLY. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |