19:07 Ýandepderçedäki ýazgylardan | |
ÝANDEPDERÇEDÄKI ÝAZGYLARDAN Adamlar göýä ýüz görülýän aýnadaky şekiliň kysmydyr: gaharlansaň — gaharlanarlar, dodak çöwürseň — dodak çöwrerler, ýylgyryp baksaň welin, olaram saňa ýylgyryp bakarlar. *** Men işden gorkamok, iş bolmakdan gorkýan. *** Meni saňa satyp bilýän adamyň, seni maňa satmajagyna ynanýarmyň?! *** Meniň wagtym — meniň bagtym. Çünki Allatagala: «Ýaşa, işle, hözirini gör!» diýip ömür beren bolsa, onuň her minuty bagt ahyryn! *** Nämedir bir zadyň ogurlansa tapyljagyna umyt etse bolar, emma wagtyňy ogurlasalar welin, tapyljagyna umyt edip oturma. *** Adamyň bideregi wagtyňy ogurlar, wagt bolsa bagtdyr! *** Perzendi gowy görmegiňem öz çägi bar, şol çäkden çykylsa soňundan ökünmeli bolarsyň. *** Perzende yssy mähiriňi ber, ýöne yssylyk öte bolanda süýdüň kesilýändigini-de unutma. *** «Çagaňa diňe pul berip ýörmän, terbiýe-de ber» diýseň, käbir adam perwaýsyzlyk bilen: «Aý, terbiýäni wagty gelende durmuşyň özi berer» diýýär. Şeýdip, ol çagany bolmaz derejä ýetirýär. Durmuş bolsa diňe boljak çagany adam edýär, bolmajaga durmuşyňam çäresi ýok. *** Çagaňy depäňe çykarsaň, ulalansoňam ol ýerden düşesi gelmez. Ýöne kiçijikkä agramyny duýmadygam bolsaň, ulalansoň ony götermek juda kyn bolar. *** Gyz ýetişse ejesiniň elinden işini alar, ogul ýetişse kakasynyň elinden maşynyny alar. *** «Ulag alysyňy ýakyn edýär» diýip gaza münüberme, has alysyň ýakyn bolmagy ahmal. *** Okumyşlygyň miwesi — hiç zat bilmeýändigiňe göz ýetirmek. *** Bir ýol bilen redaktoryň kürsüsini eýeläp bolar, emma redaktor bolup bolmaz. *** Agzybir boluň, sebäbi goh-galmagally ýerden, ol-a döwlet guşy eken, beýleki guşlaram ürküp uçýandyr. *** *** Halal aýlyk + haram baýlyk = ahy-waýlyk. *** Iman + güman = duman. *** Bir aýalyň bar ýerinde iş gider, iki aýalyň duşan ýerinde gybat başlanar, üç aýalyň üýşen ýerinde — sene-mene. *** Aýalyň ärsizinden gork, erkegiň kärsizinden. Gybatdan gaçasyň gelse, aýallardan gaç! Adatça, biriniň adyny agzaman-a gürrüň edip bolanok, onda ähli gürrüň gybat bolýar-da?! *** Gybatdan daş durmagyň iň gowy ýoly — dymmak. Ýöne olam hemişe başardyp durmy näme?! *** Ýylgyran ýüz owadan diýip ähli ýylgyryşlara maýyl bolma, çünki käbir ýylgyryşlar seni özüne maýyl edip, soňundanam Ezraýyl kimin janyňy alýar. *** Käbir ýollarda ýerasty geçelge edip, soňundanam ondan adamlaryň geçesleriniň gelmeýändigini aýdýarlar. Şeýle bolsa, geçelgäni ýoluň ýokarsyndan etmek gerek. Sebäbi hiç kimiň (hatda ýoldan geçmek üçinem) ýeriň astyna giresi gelenok. Galyberse-de, adamlar aşak düşeninden, ýokary galanyny kem görenoklar ahyryn. *** Adamlaryň, onda-da özüni erkek saýýan kişileriň öýkeleginiň ýüzüne köz degsin! *** Wezipe kimi terbiýeleýär, kimi bolsa sandan çykarýar. *** Kim bolaňda-da özüňi Hudaý saýmak Hudaýsyzlykdan nyşandyr. Hudaýsyzlyk bolsa ynsanlyk sypatyňy ýitirmekdir. *** Biriniň säwligini ýa-da ýalňyşlygyny bagyşlap bilmedik kişi iň pes kişidir. *** Bagyşlap bilmek, geçirimlilik mertlikdendir. *** Gursagynda «men-menlik» dörän kişiden gaçyň, çünki ol öz «meninden» başgany adam hasabyna alýan däldir. *** Biriniň ýörän ýeri ýoda bolar, köpüň ýörän ýeri — ýol. *** Ýolbars ölse, mör-möjekler toý eder. *** Aýal başa çyksa, erkek daşa çykar. *** Gamşyň nähili boljakdygy kimiň eline düşenligine baglydyr: bir adamyň eline düşen gamyş ajaýyp owaz bilen ynsanlaryň göwnüni göterer, ýene bir adamyň eline düşen gamyş bolsa aýak astynda guma garylyp, ýitip ýok bolup gider. Döwran AGALYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |