Nuh aleýhyssalam türkmen halkyna iki sany häsiýet – ruhubelentlik bilen gaýduwsyzlyk beripdir.
Nuh aleýhyssalamyň beren ruhubelentligi türkmeniň sag, gaýduwsyzlygy çep ganaty bolup taryhyň her hili synaglarynyň içinden aman-esen alyp çykyp şu günümize getirdi.
Nuh pygamberden pataly türkmen şol iki beýik ahlak sypaty – ganaty arkaly beýik türkmendir. Şeýle beýik iki sypaty – ganaty bolan türkmen hiç wagt ýok bolup gitmez, dünýä dursa, türkmen durar.
Ruhubelentlik, gaýduwsyzlyk – meniň goşa ganatym!
* * *
Uly il bagtly bolsa, şonda senem öz şahsy bagtyňy taparsyň.
* * *
Iň bagtly adam diýip kim gaty kän adama bagt paýlasa, ana, şoňa aýdylýar!
* * *
Allanyň kysmatyny kaýyllyk bilen kabul edip, kynçylyklary ýeňip geçmäge çalyşmak we ýeňip geçmek – ine, durmuşyň hakyky manysy şu. Allatagala seni tanaýar, tanap hem saňa mynasyp ýük urýar. Ýüküm agyr diýmeli däldir. Allatagalanyň synagyna mynasyp bolmak iň beýik bagtdyr.
* * *
Asman bilen ýer – bakydyr. Asman bilen ýeriň bakydygynyň sebäbi – olaryň özleri üçin ýaşamaýandygy. Ine, şoňa görä-de, olar baky bolup bilýärler.
Şoňa görä-de, has kämil dana özünden ili ýokary tutýar, özüni iliň soňunda goýýar, şol sebäplem ol öň hatarda bolup çykýar, ol öz ömrüni aýap goýmaýar, şoňa görä-de, ol ölmeýär. Bu onuň öz şahsy bähbidini äsgermeýändigi üçin däl, ýok, ol öz şahsy bähbidine laýyklykda hereket edýär.
* * *
Bagtyň hem öz hökmany şertleri bar: birinjiden, gowy görýän azat zähmetiň. Ikinjiden, bütin göwräň bilen zähmet çekmek – bu saňa gowy işdä bilen süýjüje uky berýär. Saňa, ýeri, başga näme gerek?!
2.
Pikiriň, taglymatyň durmuşa gabat gelýändigini ýa gelmeýändigini ölçemek üçin ýeke-täk bir ölçeg bar – halk köpçüligi şol pikire, taglymata nähili garaýar? Kabul edýärmi – diýmek, şol dogrudyr.
* * *
Halkyňa, il-günüňe bagt paýlasaň – senden belent, senden bagtly adam ýok – şuňa düşünýän gerçekler dünýä inen bagtyýar gerçeklerdir. Olara öçmez, baky şan-şöhrat garaşýar.
* * *
Hudaýym, ikiýüzlüler gursun! Şol tetelli dostlardan daşda boluň. Olar – ikiýüzli dostlar biziň ýolumyz bilen razydygyny aýtsalar hem ýolumyzyň durmuşa geçjekdigine ikirjiňleýärler, hamala, entek wagty dälmiş, adamlar taýýar dälmiş, taýýar däl bolsa, taýýarlamaga beri gatnaşmaly dälmi? Oňa-da gatnaşmaýan ikiýüzlüler, gaýtam, tersine, şol bişmäge ýetişmedik zatlaryň täleýini paýlaşanlaryny kem görenoklar. Olar gorkunç adamlar.
Men dogrymy aýdaýyn, ikiýüzli adamlardan juda eýmenýärin.
Men bir ýaşuly bilen gürrüňdeş boldum. Şol türkmen ýaşulusy şeýle diýdi.
– Häzir ikiýüzlülik dagy hiç zat, adamyň bary-ýogy iki ýüzi bar bolsa, onda ol adamy ýüzüňe sylmaly. Dogrusyny aýdalyň, iki ýüz bilen bu gün hiç kim hem ýaşap bilmez. Bu gün biziň sowet halkymyz elli-altmyş ýüzli boldular. Her kim bilen bir hili gepleşýärler. Meniň-ä dogrusy, soňky döwürde hakyky öz ýüzüm bilen ýaşaýan günlerim örän seýrek bolýar.
Meni geň galdyran zat: ol ýaşuly diýýän sözlerini uly buýsanç bilen aýdýar.
Näme, türkmen ikiýüzlüligine guwanýarmy? Hudaý saklasyn!
* * *
Seniň bolşuň – seniň aýnaň. Şol aýnada seniň kimdigiňi uly il bilýär.
* * *
Meşhurlyk – bagt, ile peýdaly bolmak – borç.
* * *
Halal bilen haram adamy tanamak üçin, diňe işine däl, olaryň isleglerine-de seredäýmeli. Adamlaryň isleglerinde şeýle bir açyk ýüze çykýar welin, sähel üşügiň bar bolsa keýpine okap, öwrenip oturmaly.
Aýratynam maňa türkmeni islegi boýunça, özüni alyp barşy boýunça tanamak juda aňsat başardýar. Men adamlary islegleri, ýüz-keşpleri boýunça tanamaklyga aýratyn ähmiýet berýärin. Dogrymy aýtsam, bu ugur boýunça meşgullanmagyň diýseň lezzeti bar.
Käte ýalňyşýaryn welin, şonda nirede ät galanymy öwrenmäge başlaýaryn. Ýöne kursdaşlaryma bu pikirlerimi aýtmakdan saklanýaryn.
* * *
Bagt, öňi bilen, jemgyýetçilik ahlagynyň çägindedir, ol şol çyzygyň içindedir. Jemgyýetden daşarda şahsyýetiň bagty bolup bilmez, – edil bir ösümligi köki-söki bilen ýerden goparyp alyp, tozap ýatan çägäň üstüne zyňan ýaly bir zatdyr. Haýsy hem bolsa, bir jemgyýetçilik gurluş şahsyýete öz güýjüni doly açmaga ýa ýazgynçylyk berýär ýa-da bermeýär, her kimde şol dolulygy baýlaşdyrmaga çalyşýar ýa-da onuň öňden barja güýjünem ogurlaýar.
* * *
Hyjuw bolmasa, gapma-garşylyk bolmasa, ýaşaýyş hem ýok, joşgun hem, ruhubelentlik hem. Emma diňe şol hyjuwda, şol gapma-garşylyklarda paýhas, adamkärçilik bolsun, şolaryň netijesem adamy maksadyna ýetirsin!
* * *
Iň ýakymly zat – arzuwyňa ýetmekdir. Arzuwyňa ýeteniňde onuň berýän lezzetini hiç zat berip bilmese gerek. Durmuşyň gurluşy hem arzuw esasynda gurlupdyr. Adam bende arzuw atyna atlanyp, arzuwyna ýetjek bolup ömrüni paýawlaýar. Eger arzuw bolmadyk bolsa, onda ýaşaýşa tükeniksiz güýç-kuwwat berýän çeşme näme bolardykan?! «Adam arzuwsyz bolmaz, guş ganatsyz» diýip türkmen, gör, nähili gowy pähim döredipdir. Ýöne käte bu pähimden türkmen gazet-žurnallaryny okanymda göwnüm geçýär. Gazet-žurnallaryň sahypalaryny açýan welin, köplenç şu nakyla gabat gelýärin. Çopan hakda ýazylan makalada ýa suwçy hakda ýazylan makalada şu nakyly ulanýarlar. Hamala, suwçy ýa-da çopan «Adam arzuwsyz bolmaz, guş ganatsyz» diýlişi ýaly, ýaşlykdan çopan, suwçy bolmagy arzuw edenmiş. «Yhlasa-myrat» diýlişi ýaly, makalanyň gahrymany irginsiz zähmetleri netijesinde özüniň arzuw eden kärine ýetenmiş.
Eý Hudaý, ne gözel nakyllarymyzyň başyna ne günler düşüp ýör!
* * *
Bolmajak, başa barmajak zady arzuw etme.
* * *
Islegleriň ählisine şu sowaly bermek gerek: arzuw edip ýetjek bolýan zatlarym amala aşandan soň, men näderkäm, ýa, eger arzuwym amala aşmasa näderkäm?
* * *
Bir ýigit kemde-kim arzuw edýän maksadyna ýetse, şondan uly bagtlylyk ýokdur diýende, atam ýigidiň egnine kakyp, ondan hem uly bir bagt bar, ol bagt – arzuw etmesiz zady arzuw etmezlikdir diýipdi.
* * *
Danalar däl-de, arzuwyna görä ýaşaýan ýakasy gaýyşly ýalançylar bagtly adamlardyr diýip tassyklasalar, ynanmaň, ýalan bu! Gabahat arzuw – betbagtlygyň çur depesidir. Arzuw etmeli däl jenaýatçylykly arzuwyňa ýetenden arzuwyňa ýetmedik kem däl, muňa kän bir gynanyp hem ýörmäň.
* * *
Adam garyp, gözgyny güzeranyndan çykmagy halys ýürekden arzuw edýän bolsa, şol arzuwyň dereksiz geçmegi mümkin däl. «Yhlas bilen aglasaň, sokur gözden ýaş çykar» diýen pähimiň çuň manysy bar. Gaty çynyň bilen islemek – maksadyň ýarpy ýoly.
* * *
Islemek ýeterlik däl, işe girişmeli.
* * *
Eger bagtyň many-mazmuny göwrämizi, tenimizi hezil etdirmekden ybarat bolan bolsa, dag jülgelerinde agaýana otlaşyp ýören mallara bagtyýar diýerdik.
* * *
Etjek işini, basjak ýerini bilmeýän sergezdana, nadana bagtam kömek etmeýär.
* * *
Bagtyň hiç wagt çägi ýok.
* * *
Almagy bilip, yzyna gaýtarmagy bilmeýän kişi betbagtdyr.
* * *
Bagt kim köp işleýän bolsa, şoňa berilýär.
* * *
Bagt – soň ökünmesiz hezillik, şat bolmak.
* * *
Ynamyň daşyndan göräýmäge zerurlygy hem ýok ýaly, ýöne onuň zerurlyk ýaly güýji bar.
* * *
Ynamyň adamlary özüni gorap sakmalak üçin, janyny gurban etmäge-de mejbur edip biljek güýji bar. Ine, ynanç şu!
* * *
Eger meniň ynanjym gan damarymyzyň urşuna görä, iki-baka yranyp duran bolsa, onda meniň dat günüme!
* * *
Her kimiň öz ynanjyny amala aşyrmaga ýeterlik güýjem bar, kuwwatam.
* * *
Ynanjyň ezizligi, gowulygy – onuň çynlygy. Ynanjy biz özümiziňki bolanlygy sebäpli gowy görýändir öýdäýmäň! Ynançsyz ýaşaýyş ýok. Her halkyň öz ynanç aýratynlyklary bar. Türkmen asyrlarboýy öz ynanjy bilen ýaşady. Ol yslamy hem öz ynançlarynyň esasynda kabul etdi. Her bir halka beýleki halkdan tapawutlandyrýan zada biz däp-dessurlar diýýäris. Türkmeniň Oguz handan bäri ýöredip gelýän öz däp-dessurlary bar. Ol däp-dessurlar halkyň ganyna siňipsir. Ol däp-dessurlar – türkmeniň ynanjy. Türkmen her hili güne düşdi, ýöne ynanjyndan – Oguz handan aýrylmady.
* * *
Her öňýetene gowy görünmek, özüni halatmak üçin, öz garaýşyny üýtgedip ýörenlere biz iň soňky adam, kezzap adam, betbagt adam diýýäris, onda ygrar hem, ynanç hem ýokdur. Gowy görünmegi ýaranjaňlyk bilen, para-peşgeş bilen gazanyp bolanok. Ony diňe mugt – hakyky bolşuň, keşbiň bilen gazanyp bolýar. Ol hakyky bolşy boýunça ýaşaýan adama atam iň bagtly adam diýerdi.
* * *
Käbir düzgünleri bilmezlik – käbir zatlary bilmezligiň ornuny tutýar.
* * *
Lebizsiz edilen işiň ahyry puçdur.
* * *
Dogan dogandyr, ýeri gelende il – dogandyr!
* * *
Ýörejek ýoluny, etjek işini jikme-jik, ilik-düwme bilmeýän adamyň diňe kellesi däl, işi hem bus-bulaşykdyr.
* * *
Dünýä ýeke gezek gelýäris. Şujagaz ömrümizi sagatja, şadyýan, akylly- paýhasly, gül ýaly edip geçiresimiz gelýär. Indiki geljek nesil «Öňküler-ä bir bolgusyz, sansyz adamlar eken» diýmez ýaly, görnükli, özbaşdak, gowy işler bitiresimiz gelýär. Ýogsam geljek nesliň öňünde dilimiz gysga bolar.
3.
Oguz han aýdýar eken: dünýe baýlygyny edinjek boluň, sebäbi dost-ýar hor bolanda kömek etmeli bolar diýip. Bu sözleriň manysyny giňden düşündirip oturmagyň hajaty barmy?!
* * *
Meniň kimdigimi dostum aýtmasa, başga kim aýdar, ýöne özüm hakyndaky hakykaty başgalardan eşitmek – aňrybaş zerurlyk.
Men hemişe özümi özüm barlap durýaryn: «Eý, Osman, özüňi mydama barlap dur» diýýärin. Sözümiň adamlara nähili täsir edýändigini öwrenýärin. Başarsam, adamlara gowy sözleri aýtmaga çalyşýaryn.
* * *
Adamyň artykmaçlygyny gowy görmek üçin hökman dost bolmaly däl, munuň üçin diňe baha bermegi başarmak ýeterlik.
* * *
Özüne ýat gylyk alan adam öz asylky gylyk-häsiýetine gaýdyp gelende, edil ýüzündäki perdäni zyňan ýaly bolýar.
* * *
Her bir adamyň gylyk-häsiýetinde döwüp aýryp bolmaýan bir zat bar: ol gylyk-häsiýetiň süňňi!
* * *
Adamyň häsiýeti hakynda gürrüň açylsa, her kim bir zat diýýär, özem oýlanman-bilmän diýýär. Hakyna seretseň welin, hut şu ýerde örän ägälik gerek. Başga zatda-da gerekse gerekdir welin, bu meselede umumy zady hökman gözden salmaly däl, şol umumy zat hem aslynda adamyň häsiýetini döredýär.
* * *
Pikir bilen gylyk-häsiýet sataşanda, dünýäni asyrlar dowamynda haýrana goýýan hadysalar döreýär.
* * *
Bir işe başlanyňda ony ýerine ýetirmek üçin hökman çynyň bilen ýapyşmaly, munuň üçinem häsiýet gerek, häsiýetli kişi oýlanyşykly, ýedi ölçäp, bir kesýär, onuň öz etsem diýýän maksady bolýar, şol maksadyna ýetmek üçinem, ol eden işini ýüregi bilen berlip edýär.
* * *
Ýürek bilen bir iş edeniňde, Allatagala ýaranyň bolýar. Ýürek bilen iş edýän kişiler Allatagalanyň hoşuna gelermiş.
* * *
Adamyň öz gylyk-häsiýeti bolmasa, ol alasarmyk bolar, etjek işini anyklap bilmez, özüni bir oňa urar, bir muňa urar. Belli bir ýol ugurtgasy bolmaz, käte-de ters ugra gider, şeýder – ýalňyşar ýörer.
* * *
Öz gylyk-häsiýeti bolan adamyň başgalara göwni ýetýär, sebäbi başgalar bu adam bilen iş salyşmagyň bagtdygyna düşünýärler, onuň tutan maksadynyň belentligine göz ýetirýärler. Şoňa görä bu adamyň özem beýik, ol beýlekiler üçin ýol görkezýän Daň ýyldyzy! Eý türkmen, seniň bilen işlemegi adamlar isleýän bolsalar, onda sen bagtlysyň. Seniň bilen işlemezlik üçin, seniň bilen bile uzak bolmazlyk üçin her hili bahana agtaryp ugraýan bolsalar, onda sen öz gylyk-häsiýetiň hakda oýlan, özüňi gowulandyrmaga çalyş!
* * *
Biz zehini ýüze çykan dessine aňýarys. Emma gylyk-häsiýeti welin, şunça wagtlap gatnaşsak-da, synlasak-da, gowy öwrenip bilemzok. Onsoňam, türkmen gylyk-häsiýet hakda bir zat aýtmaly bolsa gaty geleňsiz. Gatnaşýan adamlarynyň gylyk-häsiýetleri hakda dymaýýar. Men türkmende şeýle bir häsiýetiň bolmagyny isleýärin: diýeli, kimdir birinde, ýaramaz, halanmaýan häsiýet göze ilýärmi, şony gönüden-göni aýtmaly. Şol ýaramaz, halamaýan häsiýetiň öňüni almak barada maslahat bermeli, gerek ýerinde kömek bermeli.
Biz deňi-duşlarymyzdaky ýaramaz gylyk-häsiýetleriň öňüni wagtynda almasak, ol ýaramaz gylyk-häsiýetler ertirki gün bize zyýan berýär, üstünliklerimizi bökdeýär, ýokanç kesel hökmünde özümize ýokaşaýmagy hem mümkin.
Türkmen gaty köp zatlaryň garşysyna göreşse-de, ine, şu babatda asgynlyk, geleňsizlik edýändigi barada düýpli oýlanmalydyr.
* * *
Ýeserlik entek akyllylygy subut edenok. Akmaklar bilen dälilerem käte gaty ýeser görünýärler.
* * *
Bagt – öz ruhy we beden güýjüňi jemgyýetde ulanyp bilşiňi duýmak…
* * *
Elbetde, bagt gerek, ýöne nähili bagt? Tötänleýin bagt hem bar, onuň bilen işim ýok. Eden, bitiren hyzmatym hökmünde gelen bagt bolsa, ine, maňa geregi!
* * *
Edýän işimiz – niýetimiziň miwesi. Paýhasly niýetimiz bar bolsa – işimiz-hereketimizem gowy bolar.
* * *
Ýagşy hem ýaman, gowy hem erbet – ähli ýurtlarda şulara nyrh kesilişi bir meňzeş: şu hadysalar jemgyýet üçin peýda getirýärmi ýa-da ýamanlyk getirýärmi?
* * *
Adam haýsy-da bolsa ahlaga bap gelýän bir iş eden bolsa, entek onuň rehimdar boldugy däldir. Oňa şu häsiýet hemişelik berlen bolsa, onda oňa, dogrudan hem, rehim-şepagatly adam diýmek bolar.
* * *
Az aýlyk, az hak alýan diýip zeýrenme, bergimi doly üzüp bilemok diýip zeýren: derýa-da çeşmeden, çeşme-de damjadan döreýär!
* * *
Biz bilmän kän kösenmesek-de, erksizlikden mydama kösenýäris. Adamyň iň uly ýetmezçiligi – erki. Özüne erk edip bilýän islän maksadyna ýeter.
Erk islän menziliňe ýetmegiň basgançagydyr.
* * *
Ykrar edilmedik adalatsyzlyklar ýalany kömege çagyrýar.
4.
Borjuňa düşünip, ony berjaý etmeseň – gorkak adam boldugyň.
* * *
Betbagtçylykda borjuňa ygrarly bolmak – beýik adamdygyňa şaýat!
* * *
Borjuňy berjaý etmek käte agyr bolýar, ýöne ondan hem agyry – şol borjy ýerine ýetirmezlikdir.
* * *
Batyrlyk – rehimdarlyk, şu güýç arkaly adamlar beýik işler bitirýärler.
* * *
Batyrlyk diýmek gorkyny ýigrenmek diýmekdir. Ol üstümize abanýan howpdan-hatardan gorkman, onuň üstüne topulýar-da, çym-pytrak edip taşlaýar.
* * *
Batyrlyk gowy zat, ýöne batyrlyk hem ýerinde ýagşy.
* * *
Batyrlyk seresaplylyga daýanmalydyr, ýogsam ol akylsyzlyk bolar, akylsyzyň görkezen edermençiligi batyrlyk bolman, eýsem ýöne bir şowlulykdyr.
* * *
«Menden hemme zat galsa-da, batyrlyk bir galmasyn» diýip, Togrul beg aýdar eken.
* * *
Watany goramak üçin görkezilen batyrlyk – rehimlilikdir, emma galtamançylykda edilen batyrlyk – hyýanatçylykdyr.
* * *
Ölümden gorkup, sandyraklap oturandan, näme bolsam bolaýyn diýip janyňy orta goýmak, elbetde, has abraýly, emma, şeýle-de bolsa, bu-da bir gowy zat däl, şeýle alaýaňda, onuň bir gymmatlygy-da ýok. Şol batyrlyk diňe gowy zat üçin, gowy maksat bilen edilen bolsa, diňe şonda onuň manysy bolýar.
* * *
Togrul beg şeýle diýipdir:
– Zadyňy ýitirseň – azajyk ýitirdigiň! Namysyňy ýitirseň, kän zat ýitirýäň! Batyrlygyňy – erkekligiňi ýitirdigiň ähli zadyňy ýitirdigiňdir, ondan bu jahana inmedik bolsaň gowy bolardy.
* * *
Gahrymanlaryň ölümi günüň tutulyşyna meňzeş.
* * *
Zehin – özüňe ynanmak, öz güýjüňe ynanmak.
* * *
Batyrlyk – ahyryna çenli düşünilen jogapkärçilik.
* * *
Doga gahrymanlar ýok, gahrymanlar söweşlerde döreýär. Bu hakda dünýäniň gaty köp akyldarlary aýdyp geçipdirler.
* * *
Utanjyny ýitirenler eýýäm adam däldir.
* * *
Utançsyzdan gaça dur.
* * *
– Gyzyň bukjasynda iň gymmat zat näme eken?!
– Päkligi bilen haýasy!
* * *
Garpyşyk barýarka hiç kimiň tarapynda däl adamda namys-ar ýokdur.
* * *
Öz eden günäleriňi unutsaň, utançsyz bolarsyň.
* * *
Şol eden işiňi hiç kim bilmän galsa-da ýa-da ol dünýä jar bolsa-da, hergiz ýaman iş ediji bolma...
* * *
Wyždan – müň şaýatdyr.
* * *
Adam pulundan, öýünden, mal-mülkünden jyda düşýär, elbetde, muňa gynanýarys. Ýöne ol özüniň hakyky zadyny – öz adamçylyk mertebesini ýitirse, şoňa hasam nebsiň agyrýar.
Arman, köplenç biz adamyň puldan, öýden, mal-mülkünden jyda düşen betbagtçylygyny görýäris-de, öz hakyky adamçylyk mertebesini ýitirendigi baradaky betbagtlygyny – özem iň aýylganç betbagtçylygy o diýen görmän galýarys.
* * *
Eý, Türkmen! Öz mertebäňi hemme ýerde saklaweri! Ata-babalarymyzyň mertebesini tug edinendigini hergiz unutma!
* * *
Utanç we namys – häki bir lybasa meňzeş: näçe kän ýyrtyldygyça, şonça-da olara biparh garaýarys.
* * *
Utanç – binamyslykdan gorkmak.
* * *
Päk adamy yzarlap bolýar, emma onuň namysyna degip bilmersiň.
* * *
Mertebäňe düşünmek adamy has hem päli pes edýär, edil şonuň bilen birlikde-de, has durnukly, çydamly edýär.
* * *
Namysyňy satyp, baý bolup bilmersiň! Binamyslyk bilen gazanylan baýlykda bereketiň ýokdugyna düşünmeýänlere nebsim-janym agyrýar.
* * *
Eger halal iş edesiň gelýän bolsa, töweregiňi gurşan adamlara däl-de, eýsem jemgyýetçiligiň bähbidini nazara al, şuňa-da ynan. Şahsy bähbit köplenç ýalňyşdyrýar, azaşdyrýar.
5.
Wyždanyň horlasa, adam ýüregindäki duýgularyň içinde iň erbedidir. Ony utanç döredýär, ol öz eden günäňe akyl ýetirip, geljekde aljak jezaňdan elheder alanyňdan soň döreýär.
* * *
Biziň öz içimizde ýaşaýan kanuna wyždan diýilýär. Wyždan biziň öz hereketimizi şol kanuna görä ulandygymyz diýmek.
* * *
Wyždan ýaly zalym zat ýok.
* * *
Iliň öňünde utanmak – gowy duýgy, ýöne iň gowusy öz-özüňden utanmakdyr.
* * *
Utanç hem bir gaharyň görnüşi, ýöne ol içimizde.
* * *
Gowy adam käte itdenem utanýar.
* * *
Adamyň nämeden utanyp, nämedenem utanmaýandygyna garap, onuň şu wagtky ahlak kämilligine doly göz ýetirmek bolýar.
* * *
Biziň üçin edermenlik, batyrlyk, öz mertebäňe düşünmek, guwanç duýgusy we garaşsyzlyk – mukaddes çörek ýaly bir zatdyr!
* * *
Adamlaryň ýüzüne wyždanyňy depeledip seredenden, ýenjilip sereden müň esse gowy.
6.
Aşygy nähili gözel bolsa, magşugy şonuň ýaly gözel bolmalydyr.
* * *
Çyn söýgiň tekiz ýoly bar diýip ne taryhda, ne-de ertekide okadym.
* * *
Bir dana kişä biri şeýle diýenmiş: eý dana, söýgi, söýüşmek size gelişmeýär, adyňyza laýyk däl diýenmiş. Onda dana loh-loh gülüp: «Häý, ogul, beýle bolsa, meniň bu betbagt perizatlara nebsim agyrýar, sebäbi görgüliler şu akmaklar bilen mydar etmeli boljaklar-ow» diýipdir.
* * *
Söýgi ömürlik gelýär: ol tä adam gabrynda çüýreýänçä ýaşaýar.
* * *
Akylly adam söýgüden däli-jeýhun bolup biler, ýöne hiç wagt akmak bolmaz!
Söýgi bar bolsa, ony sapalak bilen gizläp bilmersiň, ýok bolsa-da – görkezip bilmersiň.
* * *
Süýrenjeňligiň iň az ýeri – söýgüdir.
* * *
Aýralyk owunjak hyjuwlary öçürip, ulusyny üfläp, hasam uly ot berýär, lowlap ýanar ýaly edýär.
* * *
Sen maňa birinji päsgelçilige uçrap, şol dessine dyzyna çöken söýginiň ýekejesinem mysal getirip bilmersiň, men welin saňa näçe päsgelçilikleri geçip bekän, ösen müňlerçe aşyk-magşuklary sanap bererin.
* * *
Kimde-kim gamgyn, tukat hem gabanjaň bolsa, onuňky söýgüde hiç paşmaz.
* * *
Çyn hyjuw bilen söýmedik adam ömrüniň ýaryny, onda-da iň gözel ýaryny haýp geçirýär.
* * *
Söýgä zorluk etmek bolmaýar, ol zorluk etseň – ölýär. Söýginiň özi azatlyk diýmek! Söýgi boýun egmek, gabanmak ýa-da gorky bilen bir ýere sygyşmaýar. Söýgä maýyl bolan kişiler biri-birine ynanyp, biri-birini sylap, biri-biriniň öňünde hiç bir şert goýman ýaşaýan bolsalar, söýgem şonça päk, şonça kämil, şonça çäksiz bolýar.
* * *
Dälilik hetdine ýeten söýgüdenem edil ýigrençden gorkan ýaly gorkmaly. Söýgi berk bolanda, ol mydama pugta hem parahat bolýar.
* * *
Söýgini gizläp bolmaýar..
* * *
Söýgi hyjuwlaryň içinde birinji orunda durýar, sebäbi ol dogryny halaýar, ýalanyňam bilýär. Ýüregimizdäki perdeleriň gopuşyna görä, söýgi güýçlem bolup bilýär, gowşagam.
* * *
Söýgi diýmek, söýýän kişiň ömri bilen ýaşamak diýmegi aňladýar.
* * *
Aşyk diýmek, söýmek däl. Ýigrenibem, aşyk bolup bolýar.
* * *
Söýeňde özünde uly baýlygyň bardygyna göz ýetirýärsiň, oňa haýran galýarsyň: gör, meniň ýüregimde nähili gözellik, nähili gudrat, nähili mähir bar eken! Edil şeýle söýüp bilýänime hatda öz-özümem ynanmajak bolýaryn...
* * *
Gabanjaňlykda söýgüden özüňi söýmek kän.
* * *
Gabanjaňlyk ýetilen, gazanylan zatdan bir özüň lezzet almak, şony saklamak ugrundaky aladadan başga hiç zadam däl.
* * *
Çendenaşa gabanjaňlyk açgözlikdenem, şöhratparazlykdanam kän jenaýat edýär.
* * *
Hudaý sizi, hernä, gabanjaňlyk belasyndan gorasyn! Onuň zäherli ýylgyrmasynyň aňyrsynda zalym nägehan ýatandyr, şol oňa hörek berýär...
* * *
Gabanjaňa ähli zat aýdyň, ýöne delil ýok!
* * *
Zürýatsyz öten ömre haýpym gelýär. Şol ömre göz gyzdyran adam – maňa dost däl. Elhalja güzeran bilen sagja çagalar bolsa – meniň üçin uly bagt!
* * *
Kime gowy giýew duşan bolsa, ol ogul tapdy! Kime akmak giýew duşan bolsa, ol gyzyny ýitirdi!
* * *
Her bir nikada ýeke-täk bir düzgüne eýerilse gowy boljak – nika baglaşylanda, diňe özüňki däl, eýsem ýurduň bähbidinem nazara almaly.
* * *
Danadan «Garyp ýigidi giýew edineniňi gowy görýämiň ýa-da zatlyja, o diýen abraýy ýok adamy köreken edinesiň gelýärmi?» diýip soranlarynda, o: «Men adamsyz adamdan pulsuz adamy gowy görýän» diýip jogap beripdir.
* * *
Zorluksyz edilen ýagşylyk – rehimdarlykdyr, kim gorkusyna wepadar bolsa, ol biwepadyr...
* * *
Eger nikalaşmagyň maksady maşgala gurmak bolsa, onda kim kän är ýa-da kän aýal edinesi gelýän bolsa, ähtimal, köpräjik hezillik göräýmegem ahmal, emma hijem maşgala edinip bilmez.
* * *
Bir jan, bir ten bolmaly diýýärler. Wah, oňa ýetesi näme bar! Emma aňsatmy näme? Jan etmeli, yhlas etmeli. Şeýtseň, sylagyňam ýeter, aňryýany bilen! Özem şuňa ýetmegiň ýekeje usuly bar: är-aýallyk söýgüsi zerarly adam adamy söýýändigiňizi göz ýumup-açar salym hem unudaýmaň. Är-aýallyk gatnaşyklary bolsun, emma bularyň barynyň hamyrmaýasy ýat adama, ýakyn görýän adamyňa edilýän gatnaşyk ýaly gatnaşyk bolsun, – şu gatnaşyklar esasydyr. Nika gatnaşyklarynyň baş sütüni şudur!
* * *
Her bir hili nikanyň bozulmagy maşgalanyň bozuldygydyr.
* * *
Söýşüp öýlenmek hezil: görmegeýligi sebäpli bir gyza öýlenseň, bazardan bir gerek däl zadyňy diňe owadanlygy üçin alanyň ýalyrak bolýar. Maşgala durmuşynda iň esasy nurbat – söýgi! Jynsy gatnaşyklary, bir jan, bir tenlik diýilýänler, garaz, beýleki ähli zatlar ýürege düşýär, olara bil baglap bolmaz, ýogsam biz şolara ynanypdyk. Diýmek, gep owadan gyzda däl-de, eýsem söýgüli gyzyňda! Görşüňiz ýaly, bu zatlar hakda uzak kelle döwüp oturmagam boljak eken-ä...
7.
Demri pos, bahylam kalby iýýär.
* * *
Gulagyňa çawuş çakyp, iliň gybatyny edýän adamy çaltrak öýüňden kow!
* * *
Ýaranjaňlyk edil suratdaky ýaraga meňzeş: görüp, keýpden çykýaň, ýöne hiç peýdasy ýok!
* * *
Hadaýam, bendesem iş etmän, ýeke çöpüň başyny bogman, mydama şady-horramlykdaky adamlary ýigrenýär. Olar mugthor ene ary ýaly, iliň zähmetini ýatyp iýýärler.
* * *
Öwünjeňlerem edil niline altyn çaýylan tüpeň ýaly, içi daşyna gabat gelmeýär.
* * *
Serhoşlyk – däliremek üçin edilýän taýýarlykdyr.
* * *
Hiç kimiň ne naharda, ne içgide çäkden çykmaga haky ýokdur.
* * *
Öýüňde birinji bada saglyk üçin içilýär, ikinjisi – keýp üçin, üçünjisi – haýasyzlyk üçin, iň soňkusy hem – akyldan azaşmak üçin içilýär.
* * *
Mynasyp bir kişini göreňde, oňa meňzemegiň pikirini et, mynasyp däli göreňde, özüňçe geziber, şonuňky ýaly nogsanlyklardan Allaň özi gorasyn welin, özümem goranjak bolaýyn diý!
* * *
Ajy hakykaty hernäçe ýuwmarlaber, barybir, ýallaklanyň galar, hakykaty gizläp bilmersiň.
* * *
Gopbam adama onuň özünden özge hiç kim üns bermeýär.
* * *
Özüne belet adamlaryň ýanynda magtanýan adam – öz üstünden halalja güldürýär.
* * *
Töhmet ýaly ýaman zat ýokdur. Töhmetçiler biziň ýakyn adamlarymyzyň hormat-sylagyny ogurlaýarlar. Adamyň degnasyna degmek, göwnüni ýykmak – bu-da ýaman gylyk, emma töhmetden kem däl, sebäbi ol aç-açan hereket edýär.
* * *
Öň telim gezek deger-degmeze satylan bir dana gürrüňçilikden sesini-üýnüni çykarman gaçypdyr welin, onuň yzyna düşüp barýan: «Ýeri, nirä gaçýarsyň?» diýip sorapdyr. Onda dana yzyna gaňrylyp: «Gybat etmek seniň işiň, gybat eşitmezligem meniň işim!» diýip jogap beripdir.
8.
Iş etmän alnan dynjyň – hezili bolmaz.
* * *
Işde altyn dek lowurdaýar, işsiz gussa batyp otyrka-da üstüni pos basan ýaly! Hakyky adam şol!
* * *
Bahyl adam edil duşmany ýaly, ilki özüne zelel edýär.
* * *
Töhmetde iki günäkär, birem göwnüne deglen bar: töhmetçiniň günäsi – ol ýok adama töhmet atdy; aňyrsyna göz ýetirmän, töhmetçä gulak asan hem günäkär. Şol ýerde ýok adam iki gezek kösenýär: birinden-ä töhmet eşitdi, ikinjisem ony ýaman adam diýip hasap etdi.
* * *
Kerk diýen bir haýwan bar, ony taýak bilen awlaýarlar, pili – çukur, aýyny aýna, ýolbarsy – gapan, adamy hem – ýaranjaňlyk bilen awlaýarlar.
* * *
Serhoşlyk nogsanlyklary döredýändir öýdäýmäň, ol nogsanlyklary ýüze çykarýar.
* * *
Müşki-anbar dek kükeýän ýagy porsadyp, zyňybermeli etmek üçin dört-bäş sany öli siňek ýeterlik. Azajyk akmaklygam hormatly adamyň akyl-paýhasyna, şan-şöhratyna zelel ýetirip biler.
* * *
Kimde-kim ýaranjaňlary we kezzaplary halaýan bolsa, ol soň gaty öküner.
* * *
Şöhratparazlyk hormat däl-de, utanç getirer.
* * *
Öwünjeňlik hakykatda ýok zady öz adyňa geçirmekdir.
* * *
Töhmet bilen gybatdan ägä boluň! Ikisem edil bägüle düşen zäherli gurçuk ýaly, ýukajyk perdäň aňyrsynda bukulyp ýatandyr.
* * *
Gybat – ähli zada ters ýüzünden gelip baha bermekdir. Gybatkeş märekede oturandyr. Biri turup giderem welin, şonuň gürrüňini eder, onsoň kellesi gyzyp, öz garyndaşlarynyň daşyna geçer. Ol ölülerem parahat ýatyrmaz, dostlarydyr tanyşlarynyň hasam köp gybatyny eder.
Gybatdan hem gybatkeşden, eziz türkmen, daşda bol!
* * *
Ýaltaçylyk ähli erbetligiň gözbaşydyr, adam başarýan zadyny ýatdan çykarar, başarmaýan zadyny hem öwrenmez.
* * *
Akmaklar diňe iliň ýalňyşyny görýärler, olaryň gowy tarapyna welin ünsem bermeýärler. Olar hem siňekler ýaly – göwräň ýaralanan ýerine gonýarlar.
* * *
Arak içýänler hakda ors halkynda şeýle gürrüň bar:
Başda adam tawusa çalym edýär – gomalýar, donuna sygmajak bolýar, onuň hereketi birsydyrgyn, gözüň gider ýaly. Soň ol maýmynyň häsiýetini alýar-da, töweregindäkilere degşip-gülşüp ugraýar. Soňra ýolbarsa meňzeýär, hondanbärsi bolup, tumşugyny al-asmana göterýär, öz ýanyndan özi iň güýçli kişä öwrülýär. Emma iň soňunda doňza öwrülip, doňuz ýaly, hapaçylykda sürrelip ýatýar.
* * *
Akyl üçin bahyllyk – göze düşen agyrydyr. Bahyllyk paýhasyň gözüni gapýar, köri gözünden aýyrýar.
* * *
Kezzap ne özüni, ne ili sylaýar.
* * *
Bahyllyk baýdagynyň astynda ýigrenç, töhmet, dönüklik, dildüwşikler gadam urýar.
* * *
Ýaltalar mydama bir işler etmek üçin ýygnanyşýarlar.
* * *
Bikärçilik ähli nogsanlyklardan beter batyrlygy gowşadýar.
* * *
Şöhratparazlyk bilen ynanmazçylyk ikisini men mydama bir ýerde gördüm.
* * *
Akmaga hem öwünjeňe hemme kişi – akmak, öwünjeň diýýär, ýöne hiç kim muny özüne aýtmaýar, şonuň üçin ol özi hakda uly iliň bilýän zadyny bilmänem ölüp gidýär.
* * *
Haýyn ýaranjaň bilen ikiýüzli adamdan göni gelen duşman ýagşy.
* * *
Birinji sapar günä ýöňkelende – zyňyp goýberýäris, ikinjisi – göwnüňe degýär, üçünjisi – ýaralaýar, dördünjisi welin – öldürýär.
* * *
Özümizde ýok häsiýetler taryplansa, ýaranjaňlygy mydama-da halaýarys. Meselem, akmaga sen gaty akylly adam ekeniň, kezzaba-da sen dünýäde iň halal adam diýiň-de göräýiň, olar şol bada sizi gujaklarlar, ogşarlar hem.
* * *
Ýalançy adamyň dilinde bal, ýüreginde zäher bar.
* * *
Zähmet adamy haldan düşürýär, ýaltalyk welin, edil pos ýaly, bahym seni iýip gutarýar.
* * *
Ýaltaçylyk ähli işi agyr edýär, zähmeti gowy görseň welin – agyr iş ýok.
* * *
Gybatyň kellesini kesseňem, dili galýar.
* * *
Iň görnükli zehinler hem bikärlikden ölüp, ýok bolup gidýärler.
* * *
Iň geň azaşmalaryň birem – adamyň bagtynyň hiç bir iş etmezlikden ybaratdygy hakdaky ýalňyş pikirdir.
* * *
Ýalta adam mydama kezzap hem ikiýüzli bolar.
* * *
Bikärlik hiç wagtam arassa bolup bilmez.
* * *
Kimden gorkýan bolsalar, şoňa ýalym-ýulum edýärler.
* * *
Arak – ak, ýöne burnuňy gyzardyp, abraýyňy garaldýar.
* * *
Düzedilmeýän ýalňyşlara hakyky ýalňyşlar diýilýär.
* * *
Kim maňa ýalşyňymy görkezýän bolsa, ol meniň mugallymym; kim meniň dogry edýän işimi aýtsa, ol meniň dostum, kim maňa gülüm-ýalym edýän bolsa – ol meniň duşmanym.
* * *
Owunjak-owunjak ýalňyşlyklar soňy bilen uly betbagtlyga getirýär.
* * *
Adam ýalňyşman bilmez, ýöne akmak welin ýalňyşlygy satyn alýar.
* * *
Ýalňyşdan gorkup, hakykaty gözlemegi goýaýmaň.
* * *
Sözler