Oguz handan soňky käbir pikirler
Eger köşgüň altyndan-kümüşden doly bolsa, hiç kim bu hazynany ömürlik saklap bilmez. Eger baýlar, begler döşüne kakyp, ile pitjiň atsalar, onda olaryň özi öz aýaklaryna palta urýarlar.
Iş tamam – adam hem tamam – ol işden gidäýmeli. Dünýäniň bolşy şeýle.
* * *
Akyl-paýhasyň bolmasa, iliňi, ýurduňy halal edara edip bilermisiň?
Bar zady döretmeli, terbiýelemeli. Ýok zady döredip hem bolmaz, terbiýeläp hem. Döredeňde, öň döredilen zada eýe bolma. Herekete getirip, şoňa tagalla etme. Ýolbaşçylyk edip – men patyşa boldum diýme – ine, dünýäniň çuň kanunlary şular.
* * *
At çapsaň, awa gitseň – ýüregiň tolgunýar. Gymmatbaha zatlar – jenaýata eltýär. Şoňa görä-de, kämil kişiler dok ýaşamaga çalşyp, owadan zada kowalaşmandyrlar.
* * *
Adamlara ynsanperwer, yhlasly hyzmat edip, olaryň arasynda ýaşap bolar.
* * *
Gadym zamanda alymlyga ukyply kişiler iň kiçi, iň nepis zatlary bilipdirler. Emma başga adamlar olaryň ýeten çuňlugyndan bihabar bolupdyrlar. Çünki şol çuňluk görer göze görünmändir, men olary özümçe beýan etjek: şol çuňluklar gyş suwy ýaly ýuwaş bolupdyr: öz goňşularyndan çekinýän ýaly ýaýdanjaň bolupdyrlar, myhman ýaly ulumsy, ereýän buzuň üstünden ýöreýän ýaly ägä, gyrdalmadyk agaç ýaly ýönekeý, jülge ýaly giň, nan suwy kimin bulançak bolupdyr. Olar hapany arassalap bilýän kişiler bolupdyr. Olar bu hemişe aýlanyp, hemişe hereket edip duran dünýäni ýaşaýşa hyzmat etdirmegiň hötdesinden gelipdirler. Olar öte geçmändirler, kän zat hem arzuw etmändirler. Kän zat küýsemänsoňlar, şu gezip ýörüşlerinden kaýyl bolupdyrlar, şoňa görä täze zat hem döretmändirler.
* * *
Dünýäde zat kän, hemmesem dürli-dürli, emma olaryň ählisi öz başlangyjyna dolanýar. Başlangyjyňa dolanyp gelmegiň özüne rahatlyk diýilýär, rahatlyga bolsa, düýp özenine dolanyp barmak diýilýär. Düýp özenine dolanyp barmaga hemişelik ýa-da bakylyk diýilýär. Bakylyga düşünmeklige aýdyňlyga ýetmek diýilýär. Bakylygy bilmezlik bulaşyklyga, aňyrsyny-da zorluga alyp barýar.
Bakylygy bilýän kämil adam bolýar. Kim kämillige ýetse, ol adyl bolýar. Kim adyl bolsa, ol patyşa bolýar. Kim patyşa bolsa, Alla ynanýar, kim Alla ynanýan bolsa, ol bu jahanyň nämedigine göz ýetirýän adam bolýar. Ol kişä ömrüniň ahyryna çenli azar berilmez.
* * *
Akyllysyramak, alymsyramak aradan aýrylsa, halk ýüz esse gowy ýaşar; ýalandan ynsanperwerlik, «adyllyk» edýänler bolmasa, halk şol öňküsi ýaly ýene sylag-hormata dolanar; mekirlik bilen açgözlük ýok edilse, ogry hem bolmaz, galtaman hem. Şu üç zat düşünjesizlikden gelip çykýar. Şoňa görä-de, adamlara sada bolmagy, pälipesligi, öz şahsy isleglerini azaltmagy, biderek hyjuwlardan saplanmagy öwretmek gerek.
* * *
Ýurtda bidüzgünçilikler höküm sürýän bolsa, şonda «wepaly hyzmatkärlerem» ýüze çykýar.
* * *
«Kynçylykdan, zyýandan gaçmadyk yhlasly kişi kämil bolýar, egri – dogry, boş – doly, ýyrtyk – täze bolýar; aza ýetjek bolsaň, käne uçrarsyň diýer eken ata-babalarymyz.
Şoňa görä-de, akylly adam akylla eýerýär. Kämil kişi diňe öz görýän zadyndan ugur almaýar, şoňa görä-de, ol aýdyň görüp bilýär. Ol diňe özüniňkini hak hasaplaýar, sebäbi ol hakykata göz ýetirdi. Ol özüni şöhrata bezemeýär, şoňa görä, onuň mynasyp şöhraty bar. Ol özüni beýige-de götermeýär, şoňa görä, ol beýlekileriň baştutany. Ol hiç zada garşy hem gitmeýär, şoňa görä, onuň işi mydama rüstem çykýar.
Az geple-de, öz asyl bolşuňa eýer. Güýçli ýel daňa çenli gitmez, çabga-da uzynly gün dowam etmez.
Bularyň hemmesini edýän kim? Asman bilen ýer. Asman bilen ýerem adam ýaly bir zady uzak möhletli edip bilmez, sebäbi ol Taňra gulluk edýär, şoňa-da meňzeýär.
* * *
Artykmaç arzuwyň hem, peýdasyz gylyk-häsiýetiňem ýüzüne köz degsin. Bulary ýigrenmeýän kişi ýok. Şoňa görä-de, Taňra ten berýän adam bu zatlary etmez.
Ökjäňe galyp, kän durup bilmersiň, giňden ädimläp, uzak gidip bilmersiň. Kim-de kim özüni mazamlasa, ol ýalpyldamaz. Kimde-kim özüni taryplasa, ol şöhrata ýetmez. Kim topulsa, ol ýeňler. Kim özüni arşa göterse, beýlekileriň içinde baş bolup bilmez. Bulara artykmaç arzuw-isleg diýilýär.
* * *
Ýöremegi başarýan yz galdyrmaz. Geplemegi oňarýan – ýalňyşmaz. Hasaplaşmany oňarýana hasaplaýjy guralyň derkary ýok! Kim gapyny ýapyp bilýän bolsa, oňa tutawaç hem, gulp hem gerek däl, şeýle bir gapyny berk ýapar welin, birem açyp bilmersiň! Örklemäge ökdelerem şeýle – bir gaty daňsa, asyl hem çözüp bolmaýar. Şoňa görä-de, kämil adam hemişe ili bela-beterden goraýar, ilden aýrylmaýar. Şuňa çuň parasatlylyk diýýärler. Şeýlelikde, rehimdar birehimleriň mugallymydyr, rehimsizlerem – onuň diregi. Eger doňýürekler özleriniň mugallymynyň gadyryny bilmeýän bolsalar we rehimdar hem öz diregini halamaýan bolsa, onda bularyň hem özlerini paýhasly hasap edýändiklerine garamazdan, garaklarynyň kör boldugy.
* * *
Kim öz batyrdygyny bilse-de, kiçigöwünliligini saklasa, ol misli dag çeşmesi kibi ýurduň baştutany bolar.
Kim ýurtda esasy adam bolmaga ýetişse, ol Allany unutmaýar hemem onuň eziz balasyna öwrülýär. Kim-de kim baýramçylygy bilip-de, özüni adaty günlerdäki ýaly alyp barsa, ol özgeler üçin görelde bolýar. Kim özgelere görelde bolsa, ol hiç wagt Alladan daş düşmeýär hem-de asyl bolşuna dolanýar.
* * *
Haýran galmaly: birleri ýöräp gidip barýar, beýlekilerem onuň yzyna düşüp barýar. Bir zatlar gül açýar, başgalary gurap barýar, biri berkeýär, beýlekisi haldan gaçýar, birini döredýärler, beýlekilerini ýumurýarlar. Şoňa görä-de, paýhasyň öýjügi kişiler artykmaç zatdan boýun gaçyrýarlar, olara baýlyk hem, tarhandökerligem gerek däl.
* * *
Kim Taňra bil baglap, halk baştutanyna hyzmat edýän bolsa, özge ýurtlara göz gyzdyrmaýan bolsa, üstünlik oňa hemra bolar. Uruş bolan ýerde demirtiken bilen gyzgan gögär. Uly uruşdan soň hökman uly açlyk gelýär. 1941-nji ýylda ekinleri sentýabr aýynda sowuk urmasy ýöne ýere däl, bu Alla tarapyn betbagtlyk.
* * *
Eşretli ýaşaýyş, parahat durmuş sylag-hormat bilen gazanylýar, betbagtlyk bolsa, sütem-zorlukdan gelip çykýar.
* * *
Ili bilýän paýhaslydyr. Özüni bilýän bilimlidir. Adamlary ýeňýän – güýçli. Özüni ýeňip bilýän – kuwwatly. Rysgal-döwleti bilýän – baýdyr.
* * *
Kim bilimli-sowatly bolup, şony hem gizläp-göternip bilýän bolsa, şol hemmelerden belentdir. Kimiň bilimi-sowady bolman, bilýän kişi bolýan bolsa, ol keseldir.
* * *
Hem batyr, hem gylyjyny gemrip duran uruşparaz bolsa, ol – heläk bolýar, kim batyr bolup, uruşparaz bolmasa, ol ýaşaýar. Bu ikisinden şeýle many çykýar: biri peýdaly, ikinjisem – ýamanlyk. Ýeri, Taňry näme üçin uruşparazy ýigrenýär? Muny danalar hem düşündirip bilmez.
Taňry göreşmeýär, emma ýeňýär. Ol geplänok, ýöne jogabyny berýär...
* * *
Dünýäde suw kimin ýumşak, suw kimin gowşak zat ýok, emma gaty, pugta zatlary ýeňip geçmekde oňa taý geljek zadam dünýäde ýok.
Gowşaklar, güýçsüzler güýçlüni ýeňýär, ondan üstün çykýar, ýumşak zat hem gaty zatdan ökde gelýär. Munuň şeýledigini hemmeler bilýär, ýöne adamlar şeýtmegi başarmaýarlar.
* * *
Kim tutanýerli hereket edýän bolsa, onuň erki-başarnygy bardyr. Kim öz asyl bolşuny ýitirmeýän bolsa, ol kän ýaşar. Kim ölüp, unudylmadyk bolsa, ol bakydyr.
* * *
Bir närsäni gysmak üçin, öňinçä ony giňeltmek gerek. Bir zady gowşatmak üçin, ony öňinçä pugtalamak gerek. Bir zady ýok etmek üçin, öňünden ony gülletmek gerek. Kimem bolsa biriniň zadyny elinden almak üçin, öňinçä oňa bermek gerek. Şuňa, ine, çuň hakykat diýilýär. Ýumşajyk, gowşajyk zat gaty hem güýçli zady ýeňýär. Edil balygyň çuňlukdan çykyp bilmeýşi ýaly, döwletem öz edara ediş usulyny ile ýaýyp oturmaly däldir.
Näme üçindir adamlar «ýalňyz, «çig», «betbagt» diýen atlary halamaýarlar. Emma han-begler özlerine şeýle diýipdirler ahyryn, sebäbi herki zat kemsidilse, göwnüne degilse ýokary galýar, ýokary göterilse-de, peselýär.
* * *
Haýsy golaý – şöhratmy ýa-da ömür? Haýsy biri eziz – ömürmi ýa baýlyk? Haýsyna çydan ýagşy – edinen zadyňamy ýa-da ýitireniňe? Kim kän zady aýap saklaýan bolsa, ol gaty kän zadyny ýitirer. Kim kän ýygnasa, kän hem zyýan çeker. Kim çägini bilýän bolsa, ol bişowluga uçramaz. Kim çyzykdan çykmasa, oňa howp ýokdur.
* * *
Juda kämil zat kämil dällige meňzeýär, onda-da kämil zadyň güýji gaçmaz, onuň bolşuny bozan, üýtgeden adam bolmaz. Gaty dolulyk hem – boşluga çalymdaş, emma onuň hereketlerine tükenme bolmaz. Beýik dogruçyllyk – egrä meňzeş, beýik ýiti akyllylyk hem kem akyllylyga çalym edýär, beýik suhangöý sakawa meňzeş.
Ýöreseň, sowugy ýeňersiň, ýatsaňam – yssyny. Parahatlyk dünýäde düzgün-tertibi üpjün edýär.
* * *
Iň aýylganç betbagtçylyk öz hyjuwyňa bäs gelip bilmezlikdir, iň uly howp hem baýlyga dyzamakdyr. Şoňa görä-de, mydama kaýym adam – durmuşdan mydama razydyr.
* * *
Haýatdan aşman dünýä düşünip bolar. Äpişgeden seretmänem, Alla ynanyp bolar. Näze uzak ýol ýöreseň, şonça-da az bilersiň. Şoňa görä-de, kämil kişi ylgap-selpäp ýörmän, kän-kän zatlara göz ýetirýär. Ol zatlary, wakalary görmeýär-de, olaryň maňzyna aralaşýar. Ol ýöriş edenok, ýöne, tutan maksadyna ýetýär.
* * *
Bu bolýan işlere düşünme kyn, ýöne akylly kişi şu dünýäde parahat ýaşaýar, ol öz kalbynda halkyň pikir-hyýalyny jemleýär. Paýhasly adam halka, il-güne öz perzendi dek garaýar.
* * *
Ýaradýar, iýdirip-içirýär, ösdürýär, terbiýeleýär, kämilleşdirýär, kämil edýär, äňedýär, goldaýar – bulary Alla edýär!
Döredýär, döretdim diýmeýär, kemala getirýär, kemala getirdim diýmeýär, uly boldy, hökümzorluk etmedi – ine, Allanyň bolşy!
* * *
Ähli zat – Allanyň işi: öňem, soňam!
Enesiniň kimdigini bilseň, çagalaryny hem taparys. Çagalaryny tapanymyzdan soň, olaryň enesini-de ýatlarys. Şu jähtden seredemizde, adam ömrüniň ahyryna çenli arkaýyn ýaşap biler. Eger adam öz isleg-arzuwyny bir gyra taşlap, hyjuw-takatyndan azada bolsa, onda ol ömri paýaw bolýança ýadamaz.
Eger ol hyjuw-takatyna erk edip bilmän, jylaw goýberse, onda onuň işi harap!
Iň owunjak zatlary görýän adama ýiti gözli diýýärler. Taňryň röwşenine eýermek, onuň çuň manysyna akyl ýetirmek, ile-güne betbagtlyk getirmezlik – ine, şulara bir durkuňy saklamak diýilýär, eýläk-beýläk agyp-dönüp durmazlyk diýilýär.
* * *
Kim aýagynda berk duran bolsa, onda diň arkan ýykyp bilmersiň. Kim direnip-daýanyp bilýän bolsa, ony ýere ýazyp bilmersiň! Ogullar, agtyklar ýaşasyn: olar ata-enäniň diregleridir.
* * *
Kim Alla ýüreginden ynanýan bolsa, onuň rehimdarlygy ýürekdendir. Kim maşgalada şeýle bolsa, maşgalanyň rehimdarlygy artýar...
Özüňe äňedip hem ili bilip bolýar, bir maşgalany görüp, beýlekilerem tanaýarsyň. Bir oba baryp, şol obanyň hem, beýleki obalaryň hem ýagdaýyna belet bolup bolýar...
* * *
Sazlaşyk bolmasa, dünýä ýok. Sazlaşyk – bakylyk. Bakylygy bilmeklige parasatlylyk diýilýär, durmuşy baýlaşdyrmaklyga bagt diýilýär, duýgularyňa erk edip, olary öz islegiňe görä dolandyrmaga tutanýerlilik diýilýär...
Kim köp bilýän bolsa, köp gepleýän däldir. Kim köp gepleýän bolsa, köp bilýän däldir.
* * *
Ýurt adalatlylyk bilen dolandyrylýar, uruş mekirlik bilen alnyp barylýar.
* * *
Parahat zady saklamak aňsat. Entek özüniň näme alamatynyň bardygyny görkezmedik zady – belli bir ýana ugrukdyrmak aňsat. Gowşak zady bölüşdirmek aňsat. Ownuk zady pytratmak ýeňil. Herekete entek ýok zatdan başlamak gowy. Düzgün-tertibi entek bulaşyklyk başlamanka ýola salmaly, sebäbi uly agaçlar hem kiçijik nahaldan ösüp ýetişýär, belent-belent ymaratlar bir gysym palçykdan başlanýar, uzak-uzak syýahatlar ilkinji ädimden başlanýar.
Kim bilniksiz işe başlan bolsa, şonuň işi hökman ýerine düşer, rowaç alar. Şoňa görä-de, öňkülere eýerip, aýagyňy seresap basmak gerek.
* * *
Derýadyr deňizler tekiz meýdanlara diýenini etdirýär, sebäbi olar ýokardan aşak inip gelýärler.
Paýhasly kişiniň halkyň baştutany bolmak küýünde bar bolsa, özüni beýlekilerden pesde goýmalydyr. Eger ol ilden öňde bolmak islese, onda iliň soňunda durmagy oňarsyn. Şoňa görä-de, ol halkyň üstünde duran hem bolsa, halk ony egninde götermäge razy. Ol hatda öňde duran hem bolsa, halk oňa ýamanlyk islemeýär. Şoňa görä-de, halk ony öňe sürýär, ondan ýüz sowmaýar...
* * *
Maňa aýdýarlar: seniň ynanjyň beýik, özem asla kiçelmeýär diýýärler. Eger şol ynamym azalan, kiçelen bolsa, onda ol uzak wagtyň geçmegi bilen – kiçelerdi. Kiçelmeýänliginiň sebäbi – ol beýik!
Meniň üç sany hazynam bar, olar meniň guwanjym:
birinji hazynam – men adamlary gowy görýärin;
ikinjisi – hiç bir zady isrip edemok; aýawlylyk;
üçünji hazynam – ömür iliň öňünde durmazlyk!
Adamlary gowy görýärin, şonuň üçinem men – batyr!
Hiç zady isrip etmeýärin – şoňa görä-de men jomart,
Iliň öňünde durup hiç kime päsgel bermeýärin, şoňa görä-de akylly ýolbaşçy bolup bilýärin!
Adam adamy halaman batyrlyk satýan bolsa, zadyny aýaman, sahylyk edýän bolsa, özünden yzdakylaryň ýüzüni alýan bolsa – onuňky ölüm...
* * *
Duşmanyňa bahany kem bermekden erbet betbagtçylyk ýok. Ol Allanyň garşysyna giden bilen des-deň.
13.
Soltan Sanjaryň pikiri:
– Meniň diýýänlerime düşünmegem aňsat, ýerine ýetirmegem! Emma adamlar düşünmeýärlermi, berjaý hem etmeýärler. Sözüň başlangyjy, işiňem netijesi bolýar. Adamlar olary bilmeýärler, şoňa görä, maňa-da näbelet. Az tanaýarkalar – men eziz. Şoňa görä-de, dana kişi hapyl-supul lybasa girip, ýanyndajyk hem göwher saklaýar.
* * *
Çyn söz owadan bolmaýar. Owadan söze ynanasyň gelmeýär. Gowy adam owadan gepläp bilmeýär. Owadan sözläp bilýän adam gowy adam bolup bilmeýär. Bilýän adam subut etmeýär, subut etjek bolýan adam – bilmeýär.
* * *
Är kişi, paýhasly kişi aslyna akyl ýetirjek bolar. Aslyna, düýp özenine düşünenden soň, onuň öňünde dogry ýol açylýar. Ata-enä hormat-sylag, agalaryna hatyra – ine, ynsanperwerlik diýip şuňa aýdylýar.
* * *
Owadan gürläp, gözüni-gaşyny kakyp oturan adamyň ynsanperwerligine men-ä kän ynanmaýaryn.
* * *
Her gün men özümi üç tarapdan barlaýaryn. Birinji – ile wepaly hyzmat edýärinmi? Ikinji – dostlarym bilen edýän gatnaşyklarym ýürekdenmi ýa dälmi? Üçünji – ata-babalarymyň sargydyny ýerine ýetirýärinmi?
* * *
Ýaşlar öz öýlerinde ata-enä hormat-sylag etmelidirler, öýlerinden daşarda – ýaşululara hatyra goýmalydyrlar, tabşyrylan işe çyny bilen ýapyşyp, halal işlemelidirler, halky, il-güni çyn ýürekden gowy görüp, ynsanperwer adamlara ýakyn durjak bolmalydyrlar. Eger şulary berjaý edeniňizden soň hem güýjüňiz galsa, şol güýjüňizi kitap okamaga sarp ediň!
* * *
Eger kimde bolsa biri gözelligi söýmegiň deregine parasatly kişilere hormat goýsa, ähli güýjüni ata-enäni sylamaga sarp etse, öz ýurdunyň baştutanyna janyny gaýgyrmasa, dostlary bilen aç-açan bolup, hiç ýerde ýalançylyk etmese, onda men, şol adamda alymlyk ýok hem diýseler, oňa hökman alym adam diýerin.
* * *
Wepaly we ýürekdeş bolmaga çalyş. Ahlak taýdan özüňçe ýok adamlary dost tutunma! Ýalňyşan bolsaň, ony düzetmekden gorkma.
* * *
Eger ataň-eneň jaýlananda ähli edilmeli zatlary edip, olary hatyralasaň, şonda halkyň ahlagy barha berkär, pugtalanar.
* * *
Atabeg başga bir ýurtda bolan wagty şol ýurduň edara edilişini hökman öwrenipdir. Ýöne nädip? Ony atabegiň özi soradymyka ýa-da oňa gürrüň berdilermikä? Soň görüp otursam, oňa hiç kim hiç zat gürrüň bermändir, onuň özem hiç kimden hiç zat soramandyr. Ýöne atabeg ýumşak, päli pes, ýagdaý bilýän, her sözüni saldarlap görýän, eglişige gelýän adam, şoňa görä-de, ýurduň dolandyrylyşyny bilipdir. Ol muny iliň bilşi ýaly däl-de, özüçe bilipdir. Adamlaryň ýaşaýyşlaryny, biri-birine edýän sylag-hormat gatnaşyklaryny synlap bilipdir. Ine, ussatlyk. Wah, şu başarnyk her bir türkmende bolsady!
* * *
Eger ataň diri gezip ýörkä, onuň diýeninden çykmadyk bolsaň, dünýeden ötenden soň hem onuň bolşuna eýeren bolsaň we üç ýyllap ataň ýola salan, ýöreden düzgün-tertibini bozmadyk bolsaň, onda şoňa ogluň ata goýan hatyrasy diýse bolar.
* * *
Oguz han atamyzyň bize miras goýup giden däp-dessurlarynyň gymmatly ýeri, olaryň adamlary ylalaşdyrýanlygydyr. Gadymky han-begler dogry edipdirler, olaryň ýoly dogry, ajaýyp! Olar kiçi işlerinem, uly işlerinem Oguz han atamyzyň däp-dessuryna laýyk getirip bitiripdirler, etmesiz işi etmek, özem ylalaşmagyň hatyrasyna şoňa ymtylyp, şu hereketi çäklendirmek üçin däp-dessura ýüzlenmezligiň özi – nädogrudyr, beýle etmek bolmaz. Oguz han atamyzyň ýolundan – miras goýan däp-dessuryndan çykmak – türkmen diýen beýik adyňa ysnat ýetirmekdir.
Sözler