Çagry begiň käbir pikirleri
Mälik şanyň goşunynda gaty köp halkyň wekilleri bolupdyr. Mälik şa gulluga gelenleriň hiç biriniň kemsidilmezligine aýratyn ähmiýet beripdir. Ol şeýle diýipdir. «Ol eger ýüreginden borjuna düşünmäge golaý gelen bolsa, onda şol adamyň sözüne ynansa bolar. Eger adam däbimize-dessurymyza golaý bolsa, onda şol adamy masgaralamak bolmaz. Eger ol garyndaşlyk duýgusyny ýitirmedik bolsa, onda oňa ynansa bolýar».
* * *
Eger adam gereginden artyk kän iýmän, gowy jaýda, diňe bolçulykda ýaşamaga ýykgyn etmän, işinde çakgan, sözünde gysga bolsa, özüni kämilleşdirmäge ymtylýan bolsa, adamlar bilen dost-syrdaş bolmaga çalyşsa, dogry ýörelge bilen gitse, oňa okamagy, bilmegi gowy görýän gowy adam diýmek bolar.
* * *
Sen adamlar meni tanamaýarlar diýip alada galma, «men adamlary tanamok» diýip biynjalyk bol!
* * *
Eger halka rehim-şepagatly ýolbaşçylyk etseň, däp-dessura daýanyp, düzgün-tertibi ýola goýsaň, halk utanç-haýany biler, düzeler gider.
15.
Ataň-eneň dirikä, däp-dessura daýanyp, olara hyzmat et. Olar dünýeden ötenden soň, däp-dessurymyzy berjaý edip, olary jaýla we däp-dessurymyza laýyk edip, aýdan-diýeniňi ber, aýat-töwir et.
* * *
Ata-ene öz balasy kesellese, mydama gama batýar.
* * *
Şu gün men onuň bilen uzak gün gürrüňdeş boldum, ol hem, akmak ýaly, ýekeje gezegem maňa söz gaýtarmady. Gidenden soň oýlanyp, onuň asla akmak däldigine göz ýetirdim...
* * *
Adamyň eden işine garap, şol işleriň sebäbine äňet, olar bu adamy biynjalyk edýärmi – ýok, anykla. Onsoň ýaňky adam özüniň kimdigine gizläp biljekmi?
* * *
Könäni gaýtalap, täzäni bilýän bolsa, ol adam halypa bolup biler.
* * *
Pähimli kişi ähli adama birmeňzeş garaýar, ol ýüz görmez. Pes adam tarapgöýdür, hemmä deň göz bilen garamaz.
* * *
Okap, oýlanmazlyk – biderek wagt geçirmek, pikir edip, okamazlyk – işigaýdanlyk.
* * *
Nädogry garaýyşlary öwrenmek zeleldir.
* * *
Halky tabyn etmek üçin näme iş etmeli! Eger adalatly adamlary ýokary çekip, adalatsyz adamlary hem işden aýyrsaň, halk tabyn bolar. Eger-de, adalatsyz adamlary ýokary çekip, adalatly adamlary hem işden kowsaň, halk boýun egmez.
Halk görmeýändir, bilmeýändir öýtme, halk ýeriň aşagynda ýylan gäwüşese-de bilýändir.
* * *
Halky nädip edep-sylagly, wepaly hem yhlasly edip bolar? Eger siz halk bilen gatnaşyk açan wagtyňyz, ýagny gürrüňdeş bolan wagtyňyz berk bolsaňyz, halk edepli bolar. Eger siz öz ata-eneňize ogullyk sylag-hormatyny edip, halka-da rehimdar bolsaňyz, onda halk size wepaly bolar. Eger siz rehim-şepagatly adamlary ýokary wezipelere çekip, rehimdar bolup bilmejek adamlary-da öwüt-nesihat berseňiz, onda halk size jan çeker!
* * *
Çyn sözi ýok adama men-ä düşünýän däldirin. Olar kän zady ýetmeýän araba meňzeýär. Ol arabalara, heý-de, janyňy ynanyp bolarmy?!
* * *
Öz hökmany edäýmeli borjuňy görüp-durup hem, şony etmeseň – bu ärlikden däl, namartlykdan nyşan bolýar.
* * *
Paýhasly kişi peýkam atyşmakda bäsleşäýmese, hiç kim bilen bäsleşmez.
* * *
Gurbanlyga gatnaşmasam, özüm gurbanlyk etmeýän ýaly bolýan.
* * *
Allany tanamaýan adam Alladan kömek, delalat soramasyn.
16.
Ynsanperwerligiň höküm sürýän ýurdy ýaly gözel ýurt bolmaz!..
* * *
Ynsanperwer däl adam garyplykda kän ýaşap bilmez, ýöne ol şadyýanlykda-da uzak ýaşap bilmez. Ynsanperwerlik ynsanperwer adama rahatlyk eçilýär. Ynsanperwerlik parasatly adama peýda getirýär.
* * *
Adamlary çyny bilen gowy görýän adam hiç wagt ile zulum etmez.
* * *
Adamlaryň baý bolasy, atly-abraýly bolaslary gelýär. Eger dogry ýola eýermeseň, şularyň birem nesip etmez. Adamlar garyplyk bilen baýlygy hem ýigrenýärler. Eger dogry düzgünlerden ugur almasaň, olardan gutulmanjyk geçersiň. Eger paýhasly adam ynsanperwerligini ýitirse, onda oňa paýhasly adam diýip bolmaz? Paýhasly adam nahar iýip otyrka-da, paýhasly bolmalydyr. Gaty işlikä-de, ol paýhasy elden bermeli däldir. Ol bişowlyga uçranda-da, paýhasa eýermelidir.
* * *
Ýalňyşlyk şony goýberen adama bagly. Diňe ýalňyşyna seredip, şol adamda ynsanperwerligiň bardygyna-ýokdugyna göz ýetirip bolýar.
* * *
Irden dogry ýola düşeniňi bilip, agşam öläýseňem bolýar.
* * *
Kim dogry ýola akyl ýeirmäge çalşyp, özem eleşan eşigi bilen iýýän duzundan utanýan bolsa, ol gürrüňdeş bolmaga mynasyp däldir.
17.
Paýhasly adam iş dannamaz, ol öz borjuna görä hereket eder.
* * *
Paýhasly adam ahlak hakda pikir edýär. Pes adam gowrajyk ýere işe ýerleşmegiň aladasyndadyr. Paýhasly adam kanuny bozmajak bolýar, pes adam peýdasyny gözleýär.
* * *
Diňe öz bähbidini arap ýörenleri asla göresiň gelmeýär. Olar halanýan adamlar däldir.
* * *
Adam uly wezipäni ýok diýip gama batman, ahlagymy ýiritäýmäýin diýip alada etmelidir. Adam il meni tanamaýar diýip gama batmaly däldir, olar öz ahlagyny berkirmäge başlan pursatyndan beýläk uly il ony tanar.
* * *
Mugallymyň esasy borjy – döwlet baştutanyna wepalylyk we adamlar hakda alada etmek, bolany şol!
* * *
Paýhasly kişi diňe borjuny bilýär, pes adam diňe peýdasyny bilýär.
* * *
Dana kişini göreniňde, şoňa meňzejek bol. Dana däli kişini göreňde, öz bolşuňy mizana sal!
18.
Ata-eneňe hyzmat et, olaryň göwnüni tap. Eger olar närazy bolsalar, ýene-de edepli bol, olaryň tersine gitme. Ýadyňda sakla, olaryň göwnüne degiji bolaýmagyn!
* * *
Ataň-eneň dirikä uzaga gidiji bolma, uzaga gidäýseňem bellije ýerde ýaşa.
* * *
Ataň aradan çykandan soň üç ýyllap, onuň yzyny ýöretseň, bu seniň oňa goýan ogullyk hatyraň bolar.
19.
Ata-babalarymyz gaty ägä gürlär ekenler, sebäbi diýenimi edip bilmesem nähili bolar diýip alada edipdirler.
* * *
Ägä kişi gaty seýrek ýalňyşýar.
* * *
Paýhasly kişi sözde haýal, işde çakgan gopýar.
* * *
Rehimdar adam hiç wagt hem ýeke galmaýar, hökman oňa ýakyn adamlar duşýar.
* * *
Patyşa gulluk edeňde, ýürege düşseň masgara bolýarsyň. Dost arasynda ýüregedüşgünç bolsaň, dostlaryň senden gaçar.
* * *
Öňler men adamlaryň sözüne gulak asyp, olaryň işine ynanypdym, indi welin, olaryň sözüni diňläp, işlerine äňedýärin. Köp adamlaryň edýän işleri bilen sözleýän sözleri deň gelenok. Sözlänlerinde gülala-güllük, ýöne edýän işleri welin weýrançylyk. Aýdýan sözi bilen, edýän işi deň gelýän adam gaty gowy adam diýip netijä geldim.
* * *
Ol göwnüne gelenini edip ýör. Onsoň ol göwni üçin mydama ýüzüni gyzdyrmaly bolýar. Adamyň göwni gaty köp zat isleýär, her islänini etjek bolup ýörseň, ol seniň çamalagyňy çaşyrjak. Şonuň üçin käte göwnüň islegine garşy gitmegi-de başarmaly. Şony başaryp bilýärmiň, diýmek, sen maksadyňa ýetersiň, iliň ýanynda ýüzüň gyzmaz, abraýyň artar. Adam göwnüniň däl, göwün adamyň guly bolmaly.
* * *
Atam pahyryň bir arzuwy ýadymdan teý çykanok: garrylar rahat ýaşamaly, dostlar ýalan sözlemeli däl, ýaşy kiçiler ulular hakda alada etmeli.
* * *
Öz ýalňyşyny görüp, özüne ýürekden gargap oturan adamy men şu çaka çenli görmedim. Ilki bilen-ä öz ýalňyşyňy görüp bilmegiň özi uly zat. Öz ýalňyşyňy göreniňden soň özüňe ýowuz darap, şol ýalňyşyňy sapak edinmegi başarmak gaty beýik zat. Biz özümizi goraýarys, özümize käýemezlik üçin gapdalymyzdakylara käýeýäris. Esasy günäkär özümiz hem bolsak, müň bir bahana tapyp, şowsuzlygyň sebäbini başga bir zatda diýip özümizi ynandyrmaga çalyşýarys. Älhepus, biziň özümizi gowy göräýşimizi! Gürlänimizde welin, öz-özüňi söýmeli däl, özüňe gazaply daraşmaly diýip gürleýäris.
Ähli nogsanlyklaryň her kimiň özünden başlanýandygyny türkmen halkyma ynandyrasym gelýär.
* * *
Terbiýelilik bilen tebigylyk ikisi deňme-deň gelende, şonda ol adam paýhasly adam bolýar.
* * *
Bir zatlar bilýän bir zatlary söýýäne eglişik edýär, bir zatlary söýýän hem bir zatlardan lezzet alýana eglişik edýär.
* * *
Orta gürpden ýokarrakdakylar bilen belent zatlar hakda söhbet etmek bolar; orta gürpden pesdäkiler bilen beýik zatlar hakda gürrüň etmek bolmaz.
* * *
Parasatly kişi öz halkyna mynasyp hyzmat etmelidir, ruhlara hormat goýup, şulardan daşrakda bolmalydyr – parasatlylygyň düýp manysy şundan ybarat.
* * *
Dana suwy, ynsanperwer dagy halaýar. Dana hereketde, ynsanperwer rahatda. Dana şat, ynsanperwer uzakçyl.
* * *
Ahlak kämilleşdirilmese, okalan zat gaýtalanyp okalmasa, borç hakda eşidip, borç berjaý edilmese, ýaramaz hereketlerini düzedesleri gelmese, men gaty gynanýaryn.
* * *
Bir çetini görüp, beýleki üç çeti görenindenem gowy görmese, ony okadyp hem oturmaly däl. Öz pikirini sözde beýan etmekde kynçylyk çekmeýän adama kömek gerek däl.
* * *
Süýji-süýji iýip, kelläň aşagynda eliňi goýup ýatmak – bular hem hezilligiň bir görnüşi. Haram ýollar bilen gazanylan baýlyk, meşhurlyk – asmanda gaýyp ýören buluda meňzeýär.
* * *
Enemiň pendi:
– Dört zady berjaý et: kitaba düşün, ahlakly bol, patyşaga ygrarly bol, ýalan sözleme.
* * *
Hiç zat bilmän, pikirlenmän hereket edýän adamlar hem bar. Men beýle däl. Kän zat eşidýärin, iň gowusyny saýlap alýaryn, soňundan şoňa görä işe girişýärin. Kän zady synlap, şolaryň ählisinem huşuma ýazýaryn – ine, bilim almagyň bir usuly diýip şuňa düşünýärin.
* * *
Atamyň şu sözi ýadymda galdy;
– Türkmen köpüg-ä pul hasap edenok, manadam oňa hiç kim şeýlekin berenok...
* * *
Men ili söýsem, ilem meni halar.
* * *
Men özüme nöker tutunsam, gaplaňa boş eli bilen topulýany golaýyma getirmezdim, suwdan geçmeli bolanda gaýyga münmegi unudýany hem ýanyma alman! Maňa her işe ägä çemeleşýän, ähli zady jikme-hik hasaplap görüp, üstünlik gazanýan ýigitler gerek.
20.
Okaňyzda, hamala, bilim almaga soň ýagdaýyňyz bolmajak ýaly okaň, şol alan bilimiňizi göýä ýitirmekden gorkýan ýaly bolup okaň!
* * *
Atam dört zatdan daş durdy: boş oýa batmady, çürt-kesik netijä gelmedi, hötjetlik etmedi we öz şahsy bähbidi barada pikir etmedi.
* * *
Dana şübhe bilmez, ynsanperwer – gussa, batyr hem gorky.
* * *
Senuber bilen arça ikisiniň iň soňy bolup öz lybaslaryny çalşandygyny görenimizden soň, gyşyň düşenini bilip galýarys.
* * *
Hytaý akyldary Konfusiý şeýle diýipdir:
– Döwleti edara etmegiň hökmany, derwaýys şertleri şular: döwletiň ýeterlik azygy bolmaly; döwletiň ýeterlik ýaragy bolmaly, halk özüniň hökümdaryna ynanmaly.
Şu üçüň içinden, başa iş düşäýse, ilkinji haýsysyny pida etmeli bolar?
Birinji, ýaragdan geçmeli bolar.
Ikinji, azykdan geçmeli bolar.
* * *
Döwleti edara etjek bolsaň mydama biliň guşakly bolmaly, arkaýyn oturmaga wagtyň bolmaly däl, ähli işleri ýokarda oturanlara wepaly bolup berjaý etmeli.
* * *
Döwleti dolandyrmak diýmek – dogry işlemek diýmegi aňladýar. Eger ýurdy dogry dolandyrsaň, kim nädogry hereket edip biler?
* * *
Paýhasly kişiniň ahlagy ýele çalym edýär; pes adamyň ahlagy çöpe meňzeýär – ýel-şemal nireden öwüsse, çöpem şol tarapa gyşarýar.
* * *
Atam şeýle bir tymsal gürrüň beripdi. Irki döwürde iki obanyň adamy özara gürleşýärmiş:
«Biziň obamyzda bir dogruçyl adam bar. Kakasy biriniň goýnuny ogurlapdyr welin, ol kakasynyň ýüzüne durdy, kakasynyň eli egriligine şaýat boldy» diýip, birinji gürläpdi.
Şonda ikinji şeýle diýipdir:
«Häý, dogan, biziň dogruçyl adamlarymyz siziňkä asla meňzemeýär. Biziň dogruçymyz oglunyň ýalňyşyny basyrýar, ogullary hem kakalarynyň ýalňyşyny örtýärler, ine, şuňa dogruçyllyk diýilýär».
Atam «Hany Osman jan, balam, aýt, olaryň seniňçe haýsysy dogry?» Meniň bu sowaly bu gün ýene gaýtalasym geldi.
* * *
Ynsanperwer boljak bolsaň, mydama sypaýyçylykly bol! Bir iş edeňde, sylag-hormatyňy görkez. Il bilen gatnaşyk açaňda, wepaly bol. Wagşy adamlaryň arasyna gideňde, şu düzgün-tertibe eýer!
* * *
Özüni alyp barşynda orta gürpdäki adamy tapmagyň aňsat däldigi üçin, sabyrsyz ýa-da ägä adamlar bilen iş salyşmaly bolýan wagtymyz az bolanok. Sabyrsyzlar bar işe birden topulýarlar, ägä adamlar hem halamadyk işlerinden gaçýarlar.
* * *
Oturymly ýerinden mahrum bolan adam ne gözbagçy, ne-de tebip bolup biler. Eger ahlak üýtgäp dursa, onuň soňy utanja elter. Bu hili adam hiç zady öňünden aýdyp bilmez!
* * *
Konfusiniň pikiri:
– Eger men döwleti edara etmeli bolsam, onda ilki bilen atlary üýtgetmekden başlardym. Atlar nädogry bolsa, onda sözde derek galmaýar. Eger sözde derek galmasa, onda hiç bir işem amala aşyryp bolmaz. Eger işleri amala aşyryp bolmasa, däp-dessur hem, aýdym-saz hem ösmez, güllemez. Eger däp-dessur we aýdym-saz güllemese, ösmese, jeza çäreleri bolmalysy ýaly berilmeýär. Eger jeza bolmalysy ýaly berilmese, onda halk özüni nähili alyp barmalydygyny bilmeýär. Şoňa görä-de, paýhasly kişi, at dakandan soň, şolary dogry aýtmagy başarmaly, diýlen zady hem dürs ýerine ýetirmeli. Paýhasly kişiniň sözünde hiç bir nädogry zat bolmaly däl.
* * *
Paýhasly kişiler beýleki adamlar bilen razyçylykda ýaşaýarlar, ýöne olara eýermeýärler, pes adamlar beýleki adamlaryň yzyna düşýärler, ýöne olar bilen razyçylykda ýaşamaýarlar.
* * *
Paýhasly kişä hyzmat etmek aňsat, ýöne ony begendirmek kyn. Eger ony bolmalysy ýaly begendirmeseň, ol şatlanmaz. Emma ol adamlary öz ukyplaryna görä peýdalanýar.
Pes adama ýaranmak kyn, emma ony şatlandyrmak aňsat. Eger ony bolmalysy ýaly şatlandyrmasaň hem, ol, barybir, şatlanýar. Ol adamlary peýdalananda, olaryň hemme işe ýaramly bolmagyny isleýär.
* * *
Paýhasly kişi özüni han-beg ýaly örän parahat alyp baryp, hiç wagt men-menlik etmeýär. Pes adam derrew tumşugyny dim-dik tutup, özüni parahat alyp barmaýar.
* * *
Eger ol ýeke sözli bolsa, tutanýerli, sada, az gepli bolsa, ol ynsanperwerlige ýakyn baran adam bolýar.
* * *
Gowy türgenleşik geçmedik adamlary urşa ugratmak – olar bilen hoşlaşmakdyr.
* * *
Döwletde ähli düzgünler, ýörelgeler dogry berjaý edilýän bolsa, ony göni aýdyp, göni hem hereket etseň bolýar. Emma döwletde düzgünler, ýörelgeler dogry durmuşa geçirilmeýän bolsa, onda göni hereket etmek mümkin, emma gepläňde, ägä bolmaly.
* * *
Kimiň ahlagy bar bolsa, ol hökman gowy gürläp bilýändir; emma gowy gepläp bilýän üçin ahlagyň hökmanylygy geregem däl. Ynsanperweriň batyrlygyna şek ýok, ýöne batyryň entek ynsanperwer boldugy däl.
* * *
Ynsanperwer däl paýhasly adamlar hem bar, emma ynsanperwer pes adamlar ýok.
* * *
Paýhasly kişi ýokaryk dyrmaşar, pes adam aşak dyrmaşar.
* * *
Öňküler özüni kämilleşdirmek üçin okapdyrlar, şindikiler adamlaryň arasynda özüni okaýandan, bilýänden bolup görkezmek üçin, şeýdibem magtanmak, meşhurlyk gazanmak üçin okaýarlar.
* * *
Paýhasly kişi sözi bilen işi aýry çyksa, utanýar.
* * *
Paýhasly kişiniň üç sany ahlak ýörelgesi bolýar.
Ol ynsanperwer sypatyna eýe bolup hiç gama batmaýar.
Ol dana bolup, hiç şübhelenmeýär.
Ol batyr bolup, hiç zatdan gorkmaýar.
* * *
«Ýamanlyga ýamanlyk her kişiniň işidir, ýamanlyga ýagşylyk är kişiniň işidir» diýip, türkmen wesýet edýär. Türkmen ýamanlyk edene-de ýagşylyk etmelidigine halysalla ynanýar. Meniň pikirimçe, ýamanlyga adalatlylyk bilen jogap bermeli. Ýagşylyga, ine, ýagşylyk bilen jogap bermeli, ol dogry.
* * *
Özüňi kämilleşdirip, özüň sylagly-hatyraly bol!
Özüňi kämilleşdirip, beýleki adamlara rahatlyk getir!
Özüňi kämilleşdirip, halkyňa rahatlyk getir!
* * *
Paýhasly kişi her hili çykgynsyz, agyr güne düşende, ony mert durup geçirýär. Pes adam bolsa, hor güne düşüp, özüni goýberýär. Agyr günler – Allatagalanyň synagy. Ol bendesini synap görýär. Allatagala öz synagyndan geçen bendesini arşa çykarýar.
* * *
Gürrüň edip boljak adam bilen gürrüň etmeseň, onda adam tanamadygyň. Eger gürrüň etmeli däl adam bilen gürrüň edýän bolsaň, sözleriňi ýele sowurdygyň we wagtyňy boş geçirdigiň. Dana adam adamlarda ýalňyşmaýar, sözünem ýele bermeýär.
* * *
Paýhasly kişi özünden talap eder, pes adam ilden.
* * *
Paýhasly kişi özüni pugta alyp barýar, il bilen jedele gitmeýär, uly il bilen razyçylykda ýaşap bilýär, emma hiç kim bilen dildüwşige gitmeýär.
* * *
Ömürbaky bir sözden ugur alyp ýaşap bolýar. Ol söze ýagşylyga – ýagşylyk diýilýär. Öz islemeýän zadyňy ile dileme!
* * *
Mugallym – ýer ýüzüniň hudaýy. Çagalyk ýyllarym ýadyma düşýär. Meniň göwnüme, mugallymlar ýönekeý adamlar däldi, olar mukaddesdi. Olar ýol bilen ýöräp barýan bolsa, çagalar gyra çykyp, olara ýol bererdi, geçip gidýänçä garaşardy. Ýaşuly adamlar hem mugallymlara aýratyn hormat-sarpa goýardy. Mugallymlara goýulýan hormat-sylag hemişe beýik bolmaly. Mugallym – nesliň nähili ýol bilen gitjekdigini görkezip oturan adamlardyr. Beýle adamlara onsoň nädip hormat-gadyr goýmarsyň!
* * *
Beýik adamlara beýikler ýaraşýar. Olar öz aralarynda duşuşsa ýagşy. Bu täsin sypat tebigatyň gudratlarynyň biri.
* * *
Hormatyň başy – sylag, soňy hem söýgä ýazýar, soň hem bagryň badaşýar.
* * *
Söýgi sözsüz ynandyrýar, iş görkezmänem geregini alýar.
* * *
Hasaplyja ýöre, emma öte geçäýme.
Niýetiňi äşgär etmegin, ony hiç kim bilmese ýagşy. Etjek işiňi ýaşyran gowy, ýogsam ili üşerdersiň, ylaýta-da, inçe niýet şeýle, ony halamaýarlar. Özüňi doly açma. Syrly, entek bilinmeýän zatlaryň köp boldugyça saňa bolan gyzyklanma artar. Adam gyzykly kitaby derrew okap çykmak isleýär. Sen adamlar üçin entek doly okalmadyk kitap bol. Şonda adamlaryň bar ünsi sende bolar. Dumly-duşuň ýalançylyk, şoňa görä mydama taýýar bolup dur, ýöne ynanmaýanlygyňy görkezme, ýogsam saňa müňkür bolarlar. Müňkür bolsalar – gork, sebäbi duşmançylyk dörär. Soň hem bu ar almaga iteklär...
* * *
Oýlanyp görmegiň özi iň gowy kömekçidir. Her bir işde kämilligiň çür depesine şol işe belli-külli ynananyňdan soň ýetip bilersiň. Ýogsam – ýok.
* * *
Ýigrenjiňi, gaharyňy agyzdyryklamagy başarsaň, hormatyň artar. Bu, elbetde, kyn iş. Aňsat zady ähli kişi başarýar. Sen iň kynyny başar. Şonda ýaşaýşyň kyn bolmaz, aňsat bolar.
* * *
Batyra – hatyra ýagşy. Batyr kişileri ýigrenmek barypýatan masgaraçylykdyr.
* * *
Meniň şu ýazgylarymy okajak kişilere berjek bir maslahatym – wada beriji bolmaň! Men muny durmuşda ençeme gezek çürkelenimden, oňaýsyz ýagdaýa düşenimden soň aýdýaryn. Ýöne soň görüp otursam, danalaryň hem ilki pendi şu eken.
Beýik edermen kişiler öz öňlerinde beýik, uzak möhletli maksatlar goýýarlar. Şol maksatlara ýetmek üçin uzak-uzak ýollar aşmaly bolýar. Şoňa görä-de, adamlar köplenç orta ýolda azaşýarlar, esasy zada gaty giç ýapyşýarlar. Wadadan boýun gaçyrmak – aňsat, ýöne ondan abraýly çykmak kyn. Wada akyl-paýhasyň başyny aýlaýar – bu ýerde ýeňjek bolandan, iň gowusy – çetderäk duranyň müň esse gowy. Bir wada berseň, soňuna gutarma ýok, şol sepleşip gidip otyr, özem barha ulalýar. Şeýdibem, bütinleý kerebe çolaşýarsyň. Aslynda, bir töwra adamlar bolýar. Olaryň özem gyzma, ganam. Şol töwra adamlar aňsat wada berýärler. Ýoluny paýhas şuglasy ýagtyldýan kişileriň agraslygyna gözüň gidýär, beýle adamlar hiç bir zada öz başyny aýlatmaz. Eýýäm bir akmagyň düşen batgasyna batmak onuň ne görgüsine!
* * *
Başlanyp, taşlanan ymaraty görüpmidiňiz? Edil şol jaý pisint adamlar hem bolýar: daşy köşge, içem külbä çalymdaş! Bu ýerde eglenip bilmersiň. Olar bilen nädip iç döküşjek – saglyk-amanlykdan soň, ähli gürrüňi tamam bolýar. Şaglap inip duran pikir çeşmesi bolmasa, söz bahym gurap galýar. Suwy gurap galan ýapdan suw hantama bolunýan däldir.
* * *
Oýlanyşykly, synçy kişi ýagdaýa baş egmän, ýagdaýa erk edýär. Bada-bat çuňluga, özem has çuňluga aralaşyp, edil ýüregine aralaşýar. Seretdigi – aldygy, şol bada agramyny ölçeýär. Onuň mukyt synçy nazaryndan hiç zat sypmaz, iň pynhan syryny-da elek elän ýaly eder. Ol görgürem, duýguram, bilgirem, pikirem sagdyn. Türkmende şeýle ýigitleriň has köp bolmagyny isleýärin.
* * *
Öz hatyraňy özüň belent tutgun! Ýeke özüň otyrkaň-da öz-özüň bilen jedelleşgin. Wyždanyň seniň halallygyň mizan terezisi bolsun, seniň gelen kararyň iliňkiden has saldamly bolsun! Öz-özüňden gorkmany öwren, şonda saňa hiç bir howaýy halypa gerek bolmaz.
* * *
Ýadyňda sakla: hiç wagt gahara ýol berme, özüňe buýur. Her haçan özüňe erk edip bilseň, ýüregiň atyň kellesi ýaly boldugydyr – ony aňsat-aňsat ýerinden gozgap bilmersiň.
Hyjuw – janyň adam ruhunyň zemzem suwudyr. Hyjuw agdyk bolsa, akyla zeper ýetirýär. Şoňa görä, özüňe buýur! Bagtly günüňem, bagtyň ýatan günem şuny oňargyn – ýogsam il gürrüňiňi eder, ahmal bolma!
* * *
Alňasamaklyk – akmaklaryň pişesi. Zowal görmeseler, ol zaňňarlar, yzyny saýman hereket edýärler. Akylly kişiler welin, tersine, köplenç haýal-ýagallykdan kösenýär, sebäbi kän zady görýän adamyň gozganmasy kyn. Köpe çekse, gül işiňem reýgan bolmagy ahmal. Işi ertä goýma, şeýtseň, kän iş bitirersiň. Diňe türkmen halkynda däl, başga-da köp sanly halklarda şeýle bir mukaddes ýörelge bar – howlukma-da, gyssan!
* * *
Akylly awçy yzyna düşýän awyna hergiz gereginden artyk şuňkar guş uçurmaz. Özüňde bar zadyň ählisini ile seräýme – ertesi hiç kimi geň galdyryp bilmersiň. Ýene täzeden ýalpyldap, iliň öňüne çykmak üçin, her haçan bilniksiz goruň bolsun.
* * *
Yhlasyň güýji teniň güýjünden mydama zyýatdyr. Ýanyňda gylyç saklan ýaly, akyl-paýhasyň mydam gynyndajyk häzir bolup dursun. Akyl-paýhas şahsyýetiň galkanydyr!
* * *
Hiç wagt howlukma-da, gaharlanma-da, diňe özüňe buýurmagy öwren, ine, şonda ile buýrup bilersiň.
* * *
Gowy ýagdaýa ýetmek üçin gaty kän ýol sökmeli bolarsyň. Sen paýhasdan ugur alyp, haýaljak gadam urýarkaň, içiňdäki etsem-petsemleriň bişişdi, kämilleşdi.
* * *
Töwekgel kişilere berekella! Olar Taňrynyň gudraty bilen ähli ýere ýetişýärler – akyllaram ýiti, işlerem oňuna.
* * *
Diňe kämil zatlar haýran galdyrýar, diňe ýerine düşen zat ömürlik galýar. Çuň akyl asyrlary boýun egdirýär. Ähli gymmatbaha zatlar gymmat hem düşýär – metallar içinde iň gymmady – iň eretmesi kynydyr, iň agyry hem şoldur.
* * *
Läliklikde ulalan çagalaryň ykbaly başda şady-horramlyk, ahyry hem işigaýdanlyk bolýar.
* * *
Şindi görseňiz, bagt gidýän adama kän bir gülüp bakýan däldir: bagt gülüp garşylap, biparh hem ugradýar.
* * *
Gireňde, märekäniň çapak çarpanyna begenme, epeý-epeý basyp gelmegi her kimem başarýar, esasy zat seniň gidýändigiňe gynansynlar: arzylanan, gowy görlen ýagşy.
* * *
Kim-ä begenç derwezesinden ykbal köşgüne girip, matam derwezesindenem çykyp gidýär, başga birem, tersine. Şoňa görä, herki zadyň nähili gutarjakdygy hakda pikir et! Haýbatly girmäniň däl-de, abraýly çykmagyň gamyny iý! «Öňüm gelenden soňum gelsin» diýen pähimi türkmeniň näme üçin döredendigi barada pikir et. Şonda köp zatlara akyl ýetirip ugrarsyň. Aslynda türkmeniň öňem gelsin, soňam! Ýöne Hudaýyň şol peşgeşini göterinip bilmekde iş bar. Köp kişi mesligi, Alla janyň sahylygyny göterinip bilenok. Muňa türkmen işigaýdanlyk diýýär.
* * *
Diňe belent işde ilden saýlanyp bilseň, öňe çykyp bilersiň. Bu seniň köp adamdan zordugyňdyr.
* * *
Aňsat bitirilen işiň abraýy kiçi bolýar.
* * *
Özi gyrada durup, saňa maslahat berýän adamyň göwni üçin hiç haçan öz bähbidiňe garşy gidiji bolaýmagyn! Goý, saňa derek maslahat beriji gynansyn, ýogsam ol puşmanyň aňsat-aňsat yzyndan ýetip bilmersiň.
* * *
Kimiň nähili çuň düşünjesiniň bardygyny biljek bolsaň, onuň haýsy belent zada ymtylýandygyna seredäýgin.
* * *
Göwün islegi gowy adamlar bilen bile bolmagam – bagt.
* * *
Hudaýyň täsin gözelliklerden doly täze bir dünýä döretmegini küýsäp ýörenlerem birlän-ikilän tapylýar. Olar ähli zady öz hyýallaryna gelşi ýaly etjek bolýarlar. Garagumuň odun-çöplerine syn eden bolsaňyz görensiňiz: çölde güne gargan diýen bir janawerjik bar. Ol ir ertirden çöpüň başyna çykýar-da, Günüň dogşuna janyny ýakýar. Ol Günüň dogmazlygyny isleýär. Öz islegi bitmänsoňam, tä Gün ýaşýança çöpüň başynda Günüň dogandygy üçin gargaýar. Durmuşda-da güne gargana meňzeş adamlar bar. Dünýäniň gurluşy olaryň göwünlerine makul däl. Dünýä eýle bolmaly däl-de, beýle bolmaly diýip, gahar-gazap bilen jibrinýärler. Dünýäni düzetmelimiş! Olaryň akyly boýunça dünýä hereket etmelimiş. Allatagalanyň ýüki hem ýeňil däl. Ol özüne akyl öwredip duranlaryňam göwünlerini tapmaly.
Beýik Allatagala bendesini ajaýyp dünýäde ýaşadýar. Bendesi bu dünýäniň ajaýyplygyny duýup ýaşamasa, bu onuň betbagtlygy.
Ýaşamak – bagt.
* * *
Hajymelik açýana kyrk gazan aş beren bilen inçeden yzarlaýan kişä ýekeje nepis zat beren des-deň. Beren zadyň gadyry-gymmaty bilinmese, jomartlygyňdan ne peýda!
* * *
Akmaklar maksadyna ýetmegiň gamyny etmän, şol öňki ýörelgelerinden dänmejek bolup azara galyşyp ýörler.
* * *
Ýeňijiniň bahana nämesine gerek? Şowly gutaran işe altyn nury çaýylýar, ýogsam oňa ýetmek üçin ulanylan serişdeleriň içinde bedroý zatlar hem bar.
* * *
Gämiçä ýel gerek, ýogsam gämiň ýelkenine ýel düşmeýär, şonuň üçin gämi hem ýöremeýär. Edil şuňa meňzeş – başarnyga-da taryp, öwgi zerur.
* * *
Bir käri uly il hormatlaýar, başga bir käri il o diýen hormatlamaýar, sebäbi birinjisi uly iliň gözüniň öňünde, hemmeler oňa haýran galýarlar.
Ikinjisi seýrek hünär, özem nepis iş! Ýöne tümlügiň içinde gizlenip otyr, muňa hormat goýýarlar-da, asmana götermeýärler, sebäbi oňa düşünýän seýrek.
* * *
Beýik adamlar şöhratly işe baş goşýarlar, sebäbi olar uly ile ýagşylyk etmegi küýlerine düwüp, hemmeleriň öz ýaryny bolmagyny isleýärler – halkyň, milletiň alkyşy olara bakylyk eçilýär.
* * *
Adamlaryň ätmeli ädimlerini ätmeýändikleriniň sebäbi ony şeýle ätmelidigini bilmeýänligidir. Şu ýagdaýda olara dost maslahaty gerek.
* * *
Akylyň iň gymmatly sypaty haýsy zadyň möhümdigini aýny wagtynda aňýandygydyr.
* * *
Keýpiniň ugruna gitmedik kişä beýik adam diýmeli. Danalar öz-özüň hakda oýlanmagy maslahat berýärler – edil şu wagtky bolşuňa akyl ýetir, ony düzedişdir, eger gerekdir diýip hasaplasaň – häzirki bolşuňy tersine-de çöwrüp gör. Şeýtseň, hakyky ýagdaý bilen ýasama ýagdaýyň aralygyndaky altyn aralygy taparsyň.
Özüňi bilmeseň, belli ugur bilen ýöräp bilmersiň...
* * *
Ähli kişä ähli ýerde eglişik etmek akmagyň işidir. Eglişik edilmeli däl ýerini bilmek eglişik edençeräk bardyr.
* * *
Goý, umyt uçgunjygy öçmesin, şol hem göwne teselli berýär. Elbetde, sypaýyçylk hormat-sylagyň ýyrtygyny örtmeýär, emma hoş söz welin ýok işiň ýerini tutýar. «Ýok», «bolýar» sözlerini eglenmän aýdyp bolýar, ýöne öňinçä gowuja oýlanmak ýagşy.
* * *
Şemal ýaly üýtgäp durma, men-menlikdenem gaça dur. Şu seniň asyl bolşuň bolsa – uly il sylar!
* * *
Kimsäniň «ýok» sözi, başga biriniň «bolýar» diýeninden gowudyr, süýjüje «ýok», göwünli-göwünsiz «bolýardan» has ýakymlydyr.
* * *
Akyl-paýhasly adam özüni mydama belent saklar, bu parasatlylygyň girewidir.
* * *
Käbirleri edil alabaharyň şemaly ýaly, zol-zol üýtgäp durlar, olaryň akyl-huşy hem şeýleräk, arzuw-islegem, keýp-ahwalam şonuň ýaly. Olar bahym ynamdan, at-abraýdan gaçýar. Emma, arman, olaryň uly ile-de kössi degýär.
* * *
Akar suw hergiz porsamaýar, ýata suw porsaýar. Kä adam iteklemeseň, ýeke ädimem ätlänok, özem bu akylynyň kütekliginden däl-de, eýsem akylynyň ýaltalygyndan.
Kynçylygy görmek üçin akyl gerek, ýöne kynçylykdan çykmagyň ýoluny tapjak bolsaň, hasam kän akyl zerur.
* * *
Her bir adam öz işinde öňdäkilere seretsin, muny şolaryň yzyna eýermek üçin däl-de, eýsem olardan ozmak üçin etsin!
* * *
Şatlanmaly wagtyň şatlan-da, galan wagtyňy işe ber!
* * *
Çeniňi bil, sebäbi ol kemçilik däl-de – üstünlik: mertebäňi ýitirmersiň, kiselmersiň!
* * *
Öwülýärkäň – gaty bek bolgun, ýazgarylýarkaň hasam beter! Oýlanyşykly bol, goý, oýlanyşyk seni bela-beterden, howpdan-hatardan goraýan galkan bolsun!
* * *
Ykbalyň lezzeti – zyýada bolmak diýmek, şol lezzeti almaga çalyş.
* * *
Adam mydama özüni ruhy taýdan baýlaşdyryp ýaşamalydyr, ýogsam durmuşyň ýata suwa meňzeýär. Diňe endik bilen ýaşamak– döredijiliksiz ýaşaýyşdyr. Endik haýran galmak ukybyňy hem peseldýär, onsoň täze ýüze çykan ortaça zat könelen meşhur zadyň üstüne kölegesini atýar-da, onuň öňüni bekleýär. Şonuň üçinem, täzeden dogul – batyrlykda-da, zehiniňde-de, ýeňişleriňde-de – ähli zatda täzeden dogul! Täze lybasa gir, Gün kibi ýalpyldap, çogup çyk, özem her sapar täzeçe öwüşgin atgyn, münberiňem üýtgedip dur, sebäbi bir ýerde görünmediň welin, şol ýerde arzyly bolduň, başga bir ýerde bolsa, täzelik uly ili haýran etdi!
* * *
Kä kişileriň çogup duran egsilmez akyly bar. Olar beýik işler üçin dogan ärler.
Olar her bir zada, her bir waka dogry düşünýärler, dogry düşünip hem eglenmän işe başlaýarlar, çalt hem üstünlik gazanýarlar. Olaryňky öz-özünden bolup barýar, sebäbi olar ýüregi bire baglap, her bir işe batyrgaýlyk, ynam bilen topulýarlar. Şu häsiýet türkmeniň esasy häsiýet aýratynlygy hasaplanýar.
* * *
Aç-açan boýun gaçyrmazlygyň iň sypaýy usuly – gürrüňi başga ýana sowmak, käte bolsa, sowulmagyň iň amatly ýoly – aýdylýan zada düşünmediksirän bolmakdyr. Bu-da durmuş sapagynyň özleşdiriläýmelijeleriniň biridir!
* * *
Paýhas – öz çägiňi bilmekdir. Çenden çykmak çyny hem ýalan edýär, görgür gözem kör edýär. Hüwiniň gözüne äňediň: ol çendenaşa ýiti bolansoň, gündiz hiç zadam görmeýär. Baýguş hem şeýle – gije görýär. Gysganç kişem şeýle – ol baýlygyny özüne dözmeýär, onsoň ol baýlygy dözýän bende gelýär-de, äkidäýýär!.. Äh, dogan jan, durmuş bir durmuşa hazyna, hum. Ondan gerek baýlygyňy, paýhasyňy susup alyp oturmalydyr. Eger ol hazyna hum bendesiniňki bolanlygynda – gutarardy. Ýöne ol hazyna, hum beýik Biribaryňky. Onuň hazynasynyň, humunyň bereketi egsilmeýär. Gaýtam aldygyňça bereketi artýar.
Türkmeniň şu hazyna çümmegini isleýärin.
* * *
Bahyldan gaçgyn! Bahyl iň kämil zada hut gül ýalydygy sebäpli at dakýar, ýöne hiç bir şikes tapman, baryny biraýakdan ýazgarýar. Bahyl hem ýamanyň bir görnüşi, ol belent mertebäni aňsat opuryp bilýär, şoňa görä, ony derrew ýuwaşatmaly, ýogsam, onuň awudan bogaz bolup, darka ýarylyp öläýmegi gaty ahmal.
Sözler