Çagalara çagalaryň içinde ulalmaga mümkinçilik beriň!
* * *
Çagalygy eý görüň! Çagalar hezil edip oýnar ýaly, hezil edip ylgar ýaly ýagdaý dörediň! Goý, olar ýaýnasyn, çagalygynyň hözirini görsün. Onuň aňşyruwsyz islegini ösdürip, oňa goldaw beriň. Çagalyk döwrüniň geçenine ökünmeýän adam tapyň-da, hany?! Adamyň çagalyk döwri onuň iň eziz, iň gözel döwrüdir.
Türkmeniň çagalygy hasam gözel bolsun!
* * *
Çagalara okadylýan dersler hökman olaryň ýaşyna gabat gelmelidir, ýogsam gorkunç zadyň üstünden bararsyňyz. Çagalarda akyllysyramak, äsgermezlik, şöhratparazlyk, görenine öýkünmek... duýgulary kök uraýsa, dat gününe! Nuh pygamberiň türkmene ruhubelentligi, gaýduwsyzlygy sypat aýratynlygy edip bilendigini her bir mugallym, terbiýeçi, her bir ata-ene hergiz unutmaly däldir. Nuh pygamberiň peşgeş beren bu sypat aýratynlygyny her bir çaganyň kalbyna guýmak gerek.
* * *
Tebigatyň gaňryşyna gaýdyjy bolaýmaň. Ol çagalaryň uly adam bolýançalar çaga bolanlaryny isleýär. Eger biz şu düzgüni bozsak, onda tiz bişer miwe alarys – onsoň olarda ne kämillik, ne tagam bolar, ol hem derrew zaýalanmak bilen bolar! Şeýlelikde, bizde ýaş tebipler, garry çagalar köpeler. Çagalar özüçe görýärler, özüçe pikirlenýärler. Özüçe-de duýýarlar, şoňa görä-de, olary özümiziňki bilen çalşyrjak bolmak ýaly akmaklyk ýokdur.
Her bir çaganyň kalbynda şahyr otyr. Çagalaryň baý, şahyrana dünýäsini maksatly ösdürmek biziň jana-jan wezipämizdir. Çagalar her bir zatdan täze bir zady görmegi, duýmagy başarýarlar. Her bir çaganyň kalbynda şahyr otyr diýýäris, ýöne her bir şahyryň kalbynda welin şahyrlyk ýok. Biziň çagalardan öwrenmeli zatlarymyz hem bar.
* * *
Çagalar uzak wagtlap oýnan ýa-da ulanan zatlaryny çym-pytrak edip söküşdirenlerinde, muňa uly adamlar köplenç birehimlik, zalymlyk diýýärler. Emma bu çaganyň şol zady öwrenesiniň gelýändigine şaýatlyk edýär. Ol şol oýunjagy sökmän, nädip onuň iç gurluşyny öwrensin. Ol bu meselede ähli zadyny apalap-sypalap ýören ata-enensinden kän akylly!
* * *
Çaga näçe kiçi, körpe boldugyça, oňa berilýän ahlak terbiýesi hem şonça ýürekden bolmaly, sada bolmaly, ýagny oňa öwretmeli däl-de, gowy duýgy-düşünjelere endik etdirmeli, hawa, hawa, gowy duýgy-düşünjelere endik etdirmeli. Bu terbiýede iň esasy zat. Bize bu ýerde howlukmak, alňasamak bolmaz.
* * *
Göwnüne az deglen çaga ulalanda, öz mertebesine has çuň göz ýetirýän ar-namysly adam bolýar.
* * *
... Öz çagamyz – öz garrylygymyz. Dogry terbiýe – biziň bagtly garrylygymyz. Erbet terbiýe – biziň geljekki gynanjymyz, gözýaşymyz, biziň beýleki adamlaryň öňündäki, ýurdumyzyň öňündäki günämiz.
23.
Dannaman, gaty kän iýýän adam sag bolýarmy ýa-da iň bir zerur zady iýýän adam sag bolýarmy? Edil şu pisintdä – ähli kitaplary birýan çetinden okaýan hakyky alym däl-de, eýsem özi üçin gerekli, zerur, peýdaly kitaplary okaýan çyn alym.
* * *
Gowy kitaby birinji sapar okamyzda täze bir dost tutunanymyzdaky ýaly duýgyny başdan geçirýäris. Öňki okan kitabymyzy ýene gaýtadan okamyzda bolsa, köne dostumyza täze duşan ýaly bolýarys.
* * *
Ýazyjynyň ýazan eserlerinden diňe okar ýalysyny çap etmeli. Şu parasatly ýörelgä eýerilse, kitaplaryň azalyp, okyjynyň düşünjesiniň artmagyna getirer.
* * *
Dadyp görmeli kitaplar bar, durşuna ýuwutmaly kitaplar bar, hemem gowy çeýnäp-çeýnäp, ýagşyja özleşdirmeli kitaplar bar.
* * *
Adamlar arasynda bolşy ýaly, kitaplaryň arasynda-da, gowy jemgyýetem, ýaramaz jemgyýetem bar.
* * *
Her bir gowy kitabyň hökman bir alamaty bolýar, adamyň ýaşy gitdigiçe, şol kitap has köp göwnünden turýar.
* * *
Kitap – bir nesliň beýleki nesle ruhy wesýeti, ölüm ýassygynda ýatan gojanyň ýaňy ýaşamaga başlan ýaş ýigide maslahaty, dynja çykýan garawulyň öz ornunda durjak garawula berýän buýrugy.
* * *
Okalýan eseriň şu güni bar, gaýtalanyp okalýan eseriň geljegi bar. Iň gowy kitaplar pikirlenmäge iýmit berýär, özem dürli-dürli meseleler barada oýlanmaga iýmit berýär.
* * *
Zäher ajy bolýar, ýöne akyl zäheri, kitap görnüşinde alaňda, birhili, süýjüje-de görünýär.
* * *
Kitap üç hili okalýar: birinjisi, okap, düşünmezlik; ikinjisi, okap, düşünmek; üçünjisi, okap, ýazylmadyk zada-da düşünmek. Okanyňda ýazylmadyk zada düşünmegiňe sebäp bolýan kitaplar iň arzyly kitaplardyr.
* * *
Tebigat, megerem, adamzadyň akmaklygynyň nesilden-nesle geçip durmagy hakynda örän parasatly alada edipdir, kitaplar hem şol akmaklyklary ölmez-ýitmez edýärler. Akmak adam öz döwürdeşleriniň ýüregine düşeni bilen oňaýmaly ýaly welin, beýle däl, ol geljek nesliňem keýpine sogan dogramagy niýetine düwüpdir, ol öz akmaklygynyň unudylman, eýsem mydama dabaralanmagyny isleýär, ol geljekki nesilleriň şu ýagty jahanda şeýle bir akmagyň ýaşap geçendigini bilmeklerini isleýär, şeýlelik bilen, ol geljek nesliň asyrlarboýy öz akmaklygyny unutmazlygyny arzuw edýär.
* * *
Kitap okap otyrkak dogruçyl duýgymyz bize: «Ýalan aýdýar!» diýip, kiçijik bir nädogrulygy görende aýdýar. Eger şu duýgy tiz-tizden şuny diňe maňa däl, hemmelere aýtsa, onda şol kitabyň hiç hili gymmatlygynyň ýokdugyny, bolup hem bilmejekdigini aňladýar. Bütindünýä baky üstünligiň syry dogruçyllykda.
* * *
Ajaýyp nusgalyk eserleriň unudylany ýok! Ýalançylyk, ýaranjaňlyk bilen çyrşalan kitaplaryň ömrüniň uzak bolmaga hiç haky ýok.
* * *
Ýazyjy kitap ýazýar: jemgyýet ony ýa kabul edýär, ýa-da kabul etmeýär. Kitap ýazýan – ýazyjy, kitabyň ykbalyny kesgitleýänem – jemgyýet.
24.
Duşmanlaryňdan-da özüňe peýdaly zatlary almagy başar. Herki zady başaryp ele almaly. Meselem, gylyjyň ýüzünden tutsaň, eliňi keser, sapyndan tutsaň hem goranarsyň!
* * *
Bäsdeşiň bilen, görip bilen ýanaşyk oturan bolsaň, gaty ägä bolgun!
* * *
Dana kişi gaharyny hem öz ýüz görülýän aýnasyna öwürýär. Bu aýna, öňki öwrenişen aýnasyna garanda, has wepaly bolýar: ýa masgaraçylygyň öňüni alýar, ýa-da kemçiligiňi düzedýär.
* * *
Gözelligiň ýeke-täk sypalgasy bar: ol hem-ä çenini-çakyny bilmeli, hemem ömürboýy ýalpyldysyny ýitirmeli däl.
* * *
Ot näçe güýçli ýansa, şonça-da tiz sönýär. At-abraý hem şeýle.
* * *
Çendenaşa gaty gitmeseň, ile-güne gulak assaň, hasam uly hormat-sylaga mynasyp bolarsyň.
* * *
Il – känlik, ýaman gözem, zäherli dilem ýeterlik. Ýekeje erbet myş-myş iň gowy adamy masgara edip bilýär. Masgara lakam dakarlar-da, şan-şöhratyňy küle sowrarlar.
* * *
Her bir ýalňyşy düzetjek bolup ýörenden onuň öňüni alan ýagşy.
* * *
Gybatkeşden – gork hem gaç! Çünki onuň abraýly adamy masgara etmek, biabraý etmek meselesinde edýän işi gözsüz batyryň aç-açan söweşde bitirýän işindenem uly.
* * *
Medeniýet şahsyýeti kemala getirýär. Näçe artyk medeniýetli boldugyça, şahsyýet şonça-da görnükli bolýar.
* * *
Şeýle bir adamlar bolýar – olar bu görýän adamlarymyzdan ýokarda durýarlar, şahsyýet derejesine galan adamlar! Olar eneden doganda daşky we içki taýdan gözel bolup dogýarlar. Olaryň gepi-sözem, bedenem, duýgy-düşünjesem ýerli-ýerinde, edil gudratly miwäň bar-da.
* * *
Şänigi daşynda, maňzy hem içinde.
* * *
Pikir gözelligi entek ýeterlik däl, arzuw-islegiňem gözel bolmaly, ylaýta-da, sözüň gözel bolmaly. Şirin söz köp babatda adamy bagtly, işi rowaç edýär.
* * *
Il üçin peýdaly giň dünýägaraýşyň bolsa, ol edebiň gönezligidir.
* * *
Öz kimdigiňi bil, sebäbi özüňi bilmeseň, özüňe erk edip bilmersiň.
* * *
Öz daş sypatyňy unudyp bolar, ýöne içki keşbiňi hem hergiz unutmagyn, şeýtseň, ony hasam gowy edip bilersiň, hasam kämil edip bilersiň. Paýhasa gezek gelende öz tutanýerlidigiňi, üýtgewsizdigiňi, işe gezek gelende nä derejede ukyplydygyňy barlagyn; öz yhlas-höwesiňi synagdan geçir, köňül islegiň çuňlugyny ölçe, ukyp-başarnygyňy mizana sal.
* * *
Iki zat adamyň bahym başyna ýetýär: bir-ä samsyklyk, ýene birem başynagidenlik. Bir topar bendeler ömürlerini näumyt geçirdiler, sebäbi şol ömri saklamagy başarmadylar, başga bir topary şol ömri saklamak islemedi. Edil haýyr-sahawatçy mysaly öz edenine özi begendi, ilem oňa gargyş okady. Kimde-kim hor-zar bolup ýaşamaga howlugýan bolsa, onuňky iki tarapdanam ölüm; kimde-kim ile ýagşylyk edip ýaşamagy küýseýän bolsa, oňa hiç haçan ölüm ýokdur. Köňül saglygy tene-de geçýär.
* * *
Birem ikirjeňlemeýän wagtyň hereket etmeli.
* * *
Kim synçynyň, ylaýta-da, bäsdeşiň, «Aý, şunuňka şowsuz bolar» diýen sözüne ynanman hereket etse, şonuň işi rowaç alar. Eger gyzza-gyzza gelip, paýhas ynam etmese, hyjuw-yhlasyň sönjeginiň ujy iki däldir, onda ol seniň bu eden işiňi barypýatan samsyklyk diýip hasap eder. Edýän işiň paýhasa laýyk däldigine ikirjeňlenýän bolsaň, gorkgun, iň gowusy, şol işi etmekden saklanaý. Paýhas ynamsyz işe baş goşmaga ýol bermeýär.
* * *
Edýän işiňi hemmeler gollamasa-da, ynamly gadam ur, dürs ýöre – akylly-başly iş edip, özüňi ile tanatmak iň uly abraýdyr. Akylly adamlar işiňi oňlasa bolar, olaryň sözi – seniň edýän işiň dogrudygynyň ölçegidir.
* * *
Köp taraplylyk kämillik bilen belentdir – ömrüň baly şudur! Gowy zatlary näçe kän özleşdirseň, şonça gözýetimiň giňär, heý, munuň ýaly-da belent sungat bolarmy!
* * *
Işde-de, söz sözläňde-de paýhasa ten bergin, şeýtseň, mydam işiň şow bolar.
* * *
Dini nadanlyk doly samsyklyga alyp barýar.
* * *
Nadanlara howandarlyk edýänler adamzadyň iň zalym duşmanlarydyr.
* * *
Halkymyzyň başyna düşen betbagtçylyklarynyň taryhyny öwrenýän her bir adam gaty kän işigaýdançylyga nadanlygyň sebäp bolandygyna göz ýetirip biler.
* * *
Beýik üşük – serdarlara degişli. Üşük akyl-paýhasyň täji-tagty, danalygyň hamyrmaýasy. Kimde üşük bar bolsa, onuňky mydam şowunadyr. Bu Allanyň beren iň arzyly sowgadydyr, çünki ondan esasy, ondan gymmatly hiç zat ýokdur.
* * *
Nadanlykdan henize çenli peýda tapan adam ýok.
* * *
Nadana hiç bir halatda bil baglap bolmaz, sebäbi ol baryp ýatan kezzabyň elinde mydama gowy ýarag bolup hyzmat edip biler.
25.
Bilmeseň – toslap başlaýarsyň.
* * *
Gowy at al, şol adyňy-da sakla!
* * *
Her bir zada baha berenlerinde, nyrh kesenlerinde, şol zadyň hakyky bolşuna däl-de, eýsem köplenç daş görnüşine garap baha berýärler. Düýp özenine seredýän az-azdyr, her kim görer göze nähilidigine seredýär, oňaýýar.
* * *
Gorkamyzda hemem üstümize howp abananda, gudrata ynanjymyz artýar.
* * *
Adamlar dünýä inenlerinde arassaja bolup inýärler. Diňe soň olary ata-eneleri musulman, ýehudy, hristian ýa-da butparaz edýärler.
* * *
Yrymy döredýänem, saklaýanam, goldaýan hem – gorky.
* * *
Gudratly diýilýän zat – nadanlygyň zürýady, şol hadysa näçe geň bolsa, näçe uly bolsa, şonça-da ägirt gudrat döreýär.
* * *
Hristianiniň dowzahdan gorkmasyny aýyrsaňyz, ony dinden hem aýrarsyňyz.
* * *
Adamyň yrymçyllygy – gorkaklygyndan! Onuň gorkaklygynyň sebäbem – nadanlygyndan.
* * *
Eý, yrymçyl bende! Tebigata dolan, ol seni köşeşdirer, kalbyňdaky ähli gorky-ürkini ýok eder!
* * *
Akyldarlar ruhanylar hakda köp ýaman zatlar aýdýarlar, ruhanylar hem akyldarlar hakynda öwgüli söz aýtmaýarlar. Emma akyldarlar hiç haçan ruhanylary öldürmediler, ruhanylar welin kän akyldarlaryň kellesini aldylar.
* * *
Geň zatlara entek gudratly zatlar diýmek bolmaz.
* * *
Yrymlar adamy gowşadýar, ker edýär...
* * *
Sungatsyz hakyky ýaşaýyş ýok!
* * *
Pelsepe okaýan adamlar, görýän-eşidýän bolsaňyz, kän bir halanyp hem barlanok, ýogsam pikir edip bilýän adamlar şonsuz oňup hem bilenoklar, bu olaryň esasy işi.
* * *
Kimem bolsa biriniň göwnünden turmanlygy sebäpli kämil zat egsilmez – kim gowkyny söýer, kim gaýkyny diýleni ýaly.
* * *
Her awyň öz awçysy bar: birine bir zat ýaramady diýip gynanma, oňa gadyr goýýan hem tapylar.
* * *
Beýik adamlar gaty kän zady içine sygdyryp bilýärler, özem her eder, hesip ederler – dargursaklyk etmezler, muny ile peçan etmezler.
26.
Kän oýlanylyp, haýal ýazylan eser üýtgeşik kämil bolýar. Ol akylyň, ruhuň miwesi.
* * *
Sungat diňe bir ahlak serişdeleriniň üsti bilen ahlak täsirini ýetirmän, eýsem sungatyň berýän lezzetiniň özi ahlaklylygyň üsti bilen bolýar.
* * *
Durmuşdan üzňe sungatyň ýaşamaga haky ýok.
* * *
Hiç bir esere ilki alan täsiriň bilen baha berme. Ilkibaşda saňa ýaran zadyň mydama iň gowy bolmagyna kim kepil geçer?!
* * *
Sungat adamlary agzybir etmegiň serişdeleriniň biridir.
* * *
Sungatdan lezzet aljak bolsaň, çeperçilik taýdan sowatly bolmagyň gerek.
* * *
Çeper eser hökman bir uly pikiri aýdaýmaly. Diňe çynlakaý zat gözel bolup biler.
* * *
Eserde belli bir aýdyň pikir bolmaly. Siz özüňiziň näme üçin galama ýapyşandygyňyzy bilmeli, ýogsam bu owadan ýoldan bimaksat ýöräp gidip otursaňyz, hökman azaşarsyňyz, şeýdip, zehiniňiz sizi heläk eder.
* * *
Baýlaryň ýanynda elgarama adamlary bolýar, ilki bilen, sungatam şonuň ýaly, hökman olaryň ýanynda-da keseki bir göwre bolaýmaly.
* * *
Hakyky ýazyjy batyrdyr, ýogsam talant akyla sygjak zat däl.
* * *
Sungaty çyndan gowy görýän söz ussady hiç wagt özünden razy bolup oturyp bilmez, ol barha öňe gider.
* * *
Diňe kämil ussat kämil eser döredip biler.
* * *
Çeper usuly çeper pikirden aýryp bolmaýşy ýaly, çeper ussady-da danadan aýryp bolmaýar.
* * *
Ýazyjynyň esasy borjy eserleri bilen halkyň ruhuny götermeli. Ýaşaýşa, zähmete, agzybirlige, watansöýüjilige, beýik ahlaklylyga ruhlandyrmaýan eser hakyky eser däldir.
* * *
Men elime kitaby köplenç ýadawlygymy aýyrmak, lezzet almak üçin alýaryn. Ýadawlygymy aýryp, göwnümi galkyndyrýan eserlere aýratyn gadyr-hormat goýýaryn.
* * *
Men kitaby durmuşyň dogruçyl beýanyny görmek üçin okamaýaryn. Durmuşdaky görüp ýören zatlarymy kitapdan okamagyň näme zerurlygy bar. Durmuş – çeper eser. Maňa durmuşyň hakykaty ýeterlik. Men çeper eserden ýazyjynyň durmuşa çeper garaýşyny görmek isleýärin. Men eserde ýazyjynyň joşgunyndan, hyýalyndan dörän durmuşy garaýyşlary görmek isleýärin. Ýazyjynyň arzuw-hyýallarynyň meniň kalbymy heýjana salmagyny isleýärin.
Çeper eserde ýeke bir ýol – ol ýol hem ruhanalyk ýoly bolmaly.
* * *
Ýazyjynyň şahsy bähbidi sungat eserini öldürýär.
* * *
Sungat ussady hem taryhçy, hem şahyr, hem pelsepeçi, hem synçy bolmaly. Bu hut şeýle hem – ähli sungat ussatlary alym adamlardyr.
* * *
Her bir halkyň ýaşaýşy özüne, diňe şol halka mahsus bolan görnüşde ýüze çykýar, şoňa görä-de, dogry beýan edilen bolsa, şol eser hem halkydyr.
* * *
Sungatyň güýjüne äňediň: göräýmäge, hiç bir üýtgeşik taryhy bolmadyk zat sungatyň üsti bilen umumy ähmiýete eýe bolýar, ol indi hemmeler üçin gyzykly. Adam barada-da şeýle – şu çaka çenli özüne üns bermedik adam özüne täze ömür peşgeş beren nakgaşyň çotgajygy arkaly indi dünýä belli boldy.
* * *
Hakyky nakgaş asyrlardan gelýän ýalňyş düşünjelerden gorkman, öz pikir-duýgusyny beýan edýär.
* * *
Güljagazyň içinde gizlenip ýatan süýjüje lezzeti diňe balary bilýär. Çeper ussat hem herki zatdan gözelligiň yzyny tapýar.
* * *
Ýazyjy diňe gözlän halatynda okyjy hem onuň bilen bile gözlege çykýar.
* * *
Her bir çeper eser özüni döredijiniň ýüz görülýän aýnasydyr, ol özüni näçe tanatmajak hem bolsa, muny başarmaz.
* * *
Gaýtalamak – okuwyň enesidir diýen pähimi soňky döwürde örän köp gaýtalaýarlar, bu pikir bu gün has ýörgünli, ýöne gaýtalamak döredijiligiň zalym duşmanydyr.
27.
Ýeser ýigit öňünden aňyp, ýüwrük atyň jylawyny boşadyp goýberer – bedew-ä orta ýolda ölüp galmasyn, ýigidem ile gülki bolmasyn!
* * *
Perizat akyl edip, ýüz görülýän aýnasyny wagtyndajyk döwüp taşlasyn, ýogsam aýnaň ajy hakykaty aýdyp, onuň jigerine ot basaýmagy ahmal!
* * *
Hyýalbentlik, göz öňüne getirmegi başarmak – Allanyň beren uly bagty. Ol adamzadyň ösmegine kän hemaýat etdi.
* * *
Arzuw-ukyp alymyň ýa-da nakgaşyň öz rahatlygyny, öz gül ýaly gününi öz borjy üçin pida etmäge taýýar bolan wagty belli bolar we tassyklanar.
* * *
Şatlyk, döredijilik şatlygy – şu günki, häzirki we geljekki ähli zatlara şöhle saçýan güneşdir, döredijilik Hudaý tarapyn berlen şatlykdyr. Ýaşaýşyň ähli şatlygy döredijilikde. Söýgi, zähmet – bularyň hemmesi ýalňyz ýalyndan dörän güýjüň ýalny.
* * *
Ýazyjynyň diňe bir mugallymy bar – ol hem okyjylar.
* * *
Edebiýat halkyň aňy, onuň ruhy ýaşaýşynyň gül-gunçasy, miwesi.
* * *
Her bir ýazyjy öz eserlerinde belli bir derejede özüni beýan edýär, özem muny öz erkine-de etmeýär.
Edebiýat äleminde ýazana tölenmän, ýazmadyga tölenjek wagtam geler.
* * *
Ýazmak – lezzet, neşir etmek – jogapkärçilik.
* * *
Özüň üçin aýdyp, iller üçin düşnüksiz, büs-bütin täze, şeýle möhüm mazmunly zady duýup, şony hökman halka ýetireýin diýen wagtyň, şu saňa rahatlyk bermeýän wagty, diňe şonda ýazmaga girişmeli.
* * *
Sadalyk, ýönekeýlik – gözelligiň zerur şerti. Ýönekeý, sada zat gowy bolman biler, ýöne ýönekeý däl, ýasama zat hiç wagt bolup bilmez.
* * *
Ýazyjy kän ýazmalydyr, emma gyssanmaly däldir.
* * *
Men lukman bolsam, maňa keselli adamlar bilen keselhana gerek; eger men edebiýatçy bolsam, onda maňa halkyň arasynda ýaşamak gerek.
* * *
Hakyky ýazyjy – şol gadymky pygamberlere meňzeýär: ol beýleki adamlardan has aýdyň görýär. Eger görüp bilmeýän bolsa, ol, iň gowusy, metdi-masgara bolmanka pişesini täzelesin.
* * *
Ýazmaga başlamanka her bir ýazyjy özüne, ine, şu üç sowaly bermelidir: näme ýazjak bolýan, nähili ýazjak bolýan hemem näme üçin ýazjak bolýan, bu ýazan eserim adamlaryň ruhlaryny göterermi, olary galkyndyrarmy?!
* * *
Adamyň gözüniň ýitiligine azajyk-da bolsa, goşant goşmadyk ýazyjydan ýazyjy bolmaz.
* * *
Her niçik ajy hem bolsa, ýazyjy okyja hakykaty aýtmalydyr. Şoňa görä-de, her bir esere baha berlende, öňi bilen, dogruçyllygyndan we ynandyryjylygyndan ugur alynmalydyr.
* * *
Beýik şahyrlaryň eserleri pikire baý, häzirki şahyrlarymyzyň käbiriniň eserleri bolsa – boş, pak. Olaryň hem aýdym aýdasy gelýär, bogazlary hem gowy, emma sowatsyzlyklary sebäpli, boş sanawaç sanaýarlar.
* * *
Goşgy ýazmagy başarmak – entek şahyr boldugyň däl: kitap tekjelerinde baslygyşyp ýatan tomluklar şu hakykata şaýatlyk edýär. Men üç-dört depder goşgy ýazdym. Ýöne olary çap etdirmek üçin ylgamadym. Men muny iki setir çyrşap, ol redaksiýadan ol redaksiýa ylgap ýörenlere nebsim-janym agyrýanlygy üçin aýdýaryn. Göwher ýerde ýatmaýar. Ýazan zadyň gowy bolsa, ony bir gün gelip haýyş edip çap ederler. Eger goşgularyňy özüň ýalbaryp, özelenip gazetde çap etdirýän bolsaň, onda seniň goşgularyň çeperçilik derejesi ýabygorly bolmaly. Dogrymy aýtsam, talypkam meniň hem goşgularymy kitap bolup çykan görnüşde göresim gelýärdi. Ýöne içimdäki «menim» «Howlukma, döwri gelende çykar» diýýärdi. Onsoň men döwri gelen däldir-dä diýip özümi ynandyrýaryn.
Goşgy – içki goşgynyň beýany. Meni heýjana getiren pikirleri goşgy setirlerine geçirmänkäm, hiç bir rahatlanyp bilmeýärdim. Goşgularymy ýazyp boldum welin, joşgunym, möwjüm kiparlady, rahatlandym.
Şahyrlyk – joşgunyňy egismek eken. Adam özüniň dyňzap gelen joşgunyny haýsydyr bir ýol bilen egismeli. Eger men goşgy goşmagy başarmadyk bolsam, onda men hökman sazanda bolardym. Men dutar çalmagy belli bir derejede häzir hem başarýaryn. Dutar adamyň joşgunyna rahatlyk, giňlik berýär. Goşgularymy adamlara buýsanç bilen görkezip bilerin, ýöne eli dutarly iliň öňüne-hä çykyp biljek däl. Bu meniň tebigatymda ýok. Tebigatyňda ýok zady hem etmedikden gowusy ýok.
* * *
Aktýora adamkärçiligi öwretmän, ne terbiýeläp bolar, ne-de okadyp.
28.
Dostluk – adamyň ikinji ömri. Her bir dost öz dosty üçin gowy, akylly dostlar arasynda gowulyga çözülmejek zat bolmaz.
* * *
Biziň baýlygymyzyň iň uly, iň gowy bölegi ile bagly. Nätjek-dä, dostlarymyzyň hem-de duşmanlarymyzyň arasynda ýaşamaly bolýarys. Şoňa görä-de, goý, ýakyn bolmasa-da, her gün ýagşy niýetli dost tutunmaga çalyşsaň, kem bolmaz. Wagt durmaýar, synagdan geçip, dostlaryň içinde wepaly syrdaşyň çykaýmagy-da ähtimal.
* * *
Wepaly söýgi näçe derdiň bolsa, şony hem ýeňilleşdirýär, kalbyňa ganat bekleýär.
* * *
Ruhy umumylyk üçin belent-belent zatlar zerur. Olara zehin, hökmanylyk, at-abraý, edermenlik, iş bitirmek girýär. Iň kyn ýeri-de şu ygrarlylygy öz şahsy yhlasyň bilen gazanmaly. Bulary, elbetde, saklamak hem ýeňil däl. Emma saklap bolar. Ýöne saklasaň-da, peýdalanmak kyn düşýär. Mesele şony pugtaja öwrenmeli!
* * *
Ätiýaçly dostuň hem bolsun, ätiýaçly algylyň hem: şeýle bir gün geler welin, şu gün gadyryny bilmeýän zatlaryň gyzyla döner. Şoňa görä-de, işiň rowaçka, gara günlere taýýarlyk gör!
* * *
Deýýuslykda dost bolmaz, ol işi rowaçka – dosty tanamaz, işi gaýdan günem olar dostuny tapmaz.
* * *
Gorkmaly zadymyz çendenaşa köp, emma birinji gorkmaly adamymyz – bihaýalykdyr. Bihaýanyň ýaragy töhmetdir, töhmet bilenem özgäni masgaralamakdyr. Ol zalym masgaraçylyk ýaragyny şeýle bir bulaýlaýar welin, bir çak ýatdan çykan günäleriň tozany dik asmana galýar.
* * *
Binamysdan üstün çykandan ygrarly adam bilen darkaşa giren gowudyr.
* * *
Deýýus adam bilen ylalaşyga gelip bilmersiň, sebäbi onuň belli ýörelgesi ýok!
* * *
Sylaglyny sylagyn!
* * *
Köp adamlar näme üçin, näme sebäbe ýigrenýändiklerinem bilmän, adamlary peýwagtyna ýigrenip ýörler. Men bir zada gynanýaryn. Kimdir biri bir gowy adam hakda ýaramaz pikir aýdýar welin, onsoň bu ýaramaz pikiriň hakykata laýyk gelýändigine, gelmeýändigine akyl ýetirjek hem bolup durman güp ynanýarlar. Beýle häsiýet türkmende öň-ä ýok eken. Adamlary düýpli tanajak bolmaýarys. Kimdir biriniň nädogry pikiri esasynda halanman ýören negözel ýigitler az däl.
Eý, türkmen doganym, kimdir biriniň gepine gidip hiç kimi söýme, hiç kimi ýigrenme. Her bir adam barada seniň öz şahsy pikiriň bolsun. Diňe bir dostluk babatda däl, ähli zatlar babatda öz şahsy pikiriň bolsun. Ýogsam durmuşda kän ýalňyşarsyň. Men bu sözleri ýöne ýere ýazamok. Meni durmuşda kän aldadylar. Kimdir biri barada ýaramaz pikir aýdýan bolsa, diýmek, şol ýaramaz pikiri aýdýan adamyň nämedir bir zat babatda öz şahsy bähbidi biten däldir, etmişi ýüzüne basylandyr ýa-da bu aralykda bassaşlyk, ýa-da göriplik bardyr. Men durmuşda şeýle ýagdaýlara kän gabat geldim.
Mähriban dogan, adam hakda ýaramaz söz aýtmajak bol. Aýtsaň, adamyň diňe gowy taraplaryny aýt. Duşmanyň hem gowy taraplaryny görmäge çalyş!
Ýaşaýyş – gowulykdyr. Gowulykdan diňe gowulygy gözle!
* * *
Gahar – gapandyr, oňa özüňi aldyrsaň, aňsat sypyp bilmersiň.
* * *
Şuny bilip goý: synçy adamlardan ätiýaç et, gybatkeşi halama, tekepbirden daşrak bol, dili şerebeliden gork, mynasyp adama azar berme!
* * *
Hormat et, senem hormatlarlar, rahat ýaşasyň gelýäni çynyň bolsa, eýläk-beýläk gyşarma-da, dogry ýöre!
* * *
Ar-namys – halallyk tagty!
* * *
Oňarsaň, özüň hakda gürleme! Ahmal bolsaň, iliň ýüregine düşersiň.
* * *
Oňarsaň, sypaýyçylyk etjek bol, emma hemme kişi bilen sypaýy bolmagyn, beýtmek adalatsyzlyk bolar. Diňe sylaglyny syla.
* * *
Zamanaň bilen jedele gitme, bu akymyň garşysyna ýüzmek bolar, akym seni islemeýän ýeriňden çykarar, soň yzyňy hem tapyp bilmersiň, şonuň üçin hem il bilen gadam ur!
* * *
Ýyllar geçýär, döwür üýtgeýär, oý-pikirlerem, ýörelgelerem şoňa göräräk üýtgäp barýar. Şoňa görä köneçe pikir etme. Göwün küýsegiňem şoňa görä bolsun. Milletiň göwün islegi mydama ýokarydyr, şoňa eýermeli, şony saklamaga çalyş!
* * *
Geçen günleriň nähili mähriban, nähili ýakymly, ýatlap aňyrsyna çykyp bileňok. Onda-da süňňüň şu güne öwrenişsin, şonda süňňüň hem päkize bolar, kalbyňam.
Her bolar-bolgusyz zatdan many çykarjak bolup ýörme, bu akmagyň işi!
* * *
Bela-beterden başda dynmak aňsat, soň kyn bolýar.
* * *
Ata-babalarymyz şeýle maslahat berýär – başyňdan aýlap zyňmaly zada janyňy ýakyp ýörme – bu öz-özüňi keseklän ýalydyr.
* * *
Iş etmän, iş edýän kişi bolma.
* * *
Adam ýüregini bendi edip bilmek ýaly beýik ýeňiş bolup bilmez. Bu ýeňşe diňe hoşniýetli ynam arkaly ýetip bilersiň. Ol ynamyň gözbaşy ahlak bilen mertebeden gaýdýar, şoňa-da daýanýar.
* * *
Kim ähli zady oýna ýazdyrýar, kimem bar zady işe ýazdyrýar.
* * *
Işiň näçe oňdugyça, şonça az gürle, şeýtseň, kämillige bütinleý halal ýol bilen barandygyňa ynanarlar.
* * *
Adamyň gowy tarapy näçe kän bolsa, şonça-da onuň päli pesdir, göwni kiçidir. Gomparmak pesligiň alamatydyr. Dogrusy, onuňkam aňsat däl – ol gomparjak bolup azar-ýamanyny görýär.
* * *
Akylyň öýjügi adam öz mertebesiniň uludygyny bilse-de, bilmedik bolar, muny hiç kime bildirmez. Şu-da mertebe-dä!
* * *
Tutuş kämilligi utgaşdyryp, olaryň hiç biri hakda dil ýazdyrman gezip bilýän adam beýlekilerden iki esse artykdyr. Ol ulyň ykrar etmegine başgarak ýol bilen geler.
* * *
Akylly adamlaryň alkyşyny almagyň özem bagtlylyk!
* * *
Iliň aýbyny görme-de, ilki özüňkini gör! Iliň gybatyny etmek, ile ýalan zatlar ýöňkemek öz işigaýdanlygyň alamatydyr.
* * *
Seniň at-abraýyň köp derejede özüňi alyp barşyňa däl-de, eýsem seniň dymyp gezşiňe baglydyr.
* * *
Öz höwes-hyjuwyňy gizlin sakla, ylaýta-da, gowşak tarapyňy hiç kes bilmesin!
* * *
Ýalňyşmaýan adam barmy näme?! Emma olaryň tapawudy bar – mekir kişiler ýalňyşyny boýun almaýar, akmaklar bolsa, etmedik işini etdim diýip öwünýärler.
* * *
Köpräk unutjak bol, ylaýta-da ýalňyşlyklaryňy.
29.
Atamyň pendi:
– Eý, balam, saňa berjek pendim: özüňi mydama erkin alyp barjak bol – erkinlik mertebäňi ýokary göterer, görküňe görk goşar. Bu seniň uly derejäňdir. Galan ähli derejeler daşyň bezegidir! Ylaýta-da, pikir alşaňda erkin bolgun.
* * *
Belent ruh – geçirimliligiň, rehimdarlygyň, ähli gahrymançylykly işleriň ykrar edilen çeşmesidir. Ylaýym, ruhuň mydam belent bolsun! Merdiň sypaty şu bolmalydyr. Türkmen merdi-merdana bolmalydyr, ruhubelent bolmalydyr.
* * *
Mert bolsaň, zeýreniji bolma. Ondan saňa zelelden başga peýda ýok. Zeýrenç ýaman zat – ol duýgularyňy gyjyklap, gynanç hem duýgudaşlyk oduny tutaşdyrýar, başga bir öýke-kinä ýol açýar.
* * *
Seresaply ýigit öýkesinem, goýberen ýalňyşynam aýtmaz, emma edilen ýagşylygy welin unutmaz, şeýlelik bilen hem dost-ýaryny gorap saklar, duşmanlaryna-da niýetlerini amala aşyrmaga ýol bermez.
* * *
Öz-özüňi synamaly! Biriniň eden ýamanlygyny ýuwdup, günäsini geçip bilýäňmi?! Bilýän bolsaň, onda sen erbet adam dälsiň.
* * *
Iş etmeli, ile-de görkezmeli.
* * *
Ähli zada daş görnüşine garap baha berýärler, köp zatlar welin, asla seniň göwnüňe getirişiň ýaly däl. Ýagşy sypat – içki gözelligiň iň gowy mizany.
* * *
Adam kalbynyň öz gözelligi bar, köňül nagmasy bar. Her bir işe gözellik hemra bolsun, ol kalbymyza kän süýji lezzet berýär.
* * *
Edep-terbiýe alan kişi hiç haçan şeýle ýeňiş gazandym, ony eýtdim, muny beýtdim diýip öwünmeýär, döşüne kakmaýar, sebäbi oňa bu zatlar ýat! Edep-terbiýeli adam ähli ýeňişleri öz şahsy hyzmaty bilen gazandy, olaryň ählisinem öz pälipesligi bilen gizleýär.
* * *
Işe girişmänkäň töweregiňi synlasaň, kem bolmaz. Hasam beteri işiň rowaç aljakdygyna känbir ynamyň ýok wagty şeýle etgin. Ýüregiňe düwen işiň peýdasyna işleýän deliller kelläňe gelýänça, wagtyňy yza çekiber – şol işe başlamalymy ýa dälmi, özüň bilersiň. Onsoňam wagt iň gowy akyldardyr. Türkmen aýdýar ahyryn: «Sabyrly gul dura-bara şat bolar» diýip. Sabyrlylyk türkmene mahsus häsiýet. Sabyrlylyk iň gowy maslahatçy. Sabyrlylyk – bagtyň açary.
* * *
Kim howlukdyrsa, ony ýumşatmak gerek, şeýle edilse, ol adamyň garaşmak duýgusy ýuwaşar barar.
* * *
Uly il akylyndan azaşsa, hiç kim hem ýazgarmaz. Emma dananyň bir özi akylyň tersine gitse, oňa hökman üýtgäpdir diýerler.
* * *
Käte şeýtseňiz kem bolmaz: ýa bilme, ýa-da bilmediksirän, görmediksirän bol!
* * *
Atam şeýle diýipdi:
– Wah, balam, keç ykbaly düzetmäge öňden ýygnalan gurp gerek, bu-da köpde ýok: möhüm ýaşaýyş ýörelgesini hergiz unutma – rysgaldyr eşretiň hökman iniş çeşmesi bolmalydyr. Allatagalanyň biziň göwrämiziň iň gerekli, iň näzik agzalaryny goşa-goşadan – jübüt-jübütden ýaradyşy ýaly, akylly adam öz howandary bilen, hut şu hili gatnaşyk saklamalydyr.
* * *
Akmaklaryň hiç bir zadyň anygyna ýetjek gümanlary ýok, bir zadyň daşyndan ýüz sapar dagy aýlanýarlar. Özlerem halys bolýarlar, ilem halys edýärler, emma meniňki bolsun diýen işiň ýakasyndan tutmaýarlar, sebäbem, kelleleri güwläp dur, akyllary buýr-bulaşyk. Şonuň üçinem dogry ýola düşüp bilmän, sergezdan bolup ýörler.
* * *
Akmak wagtyny hem, sabyr-takadyny hem bihuda geçirýär.
* * *
Akylly özüne, nadan guýrugyna buýrar.
* * *
Döwlet ýa-da maşgala ummanynda ägirt tolkunlar döräp, olaryň çyrpynyp, biri-birine topulýan wagty hiç wagt gatyşyjy bolaýma.
Adamlar arasynda-da şol zeýilli tüweleýler, şol hili gahar-gazaplar häli-şindi bolup dur. Şol wagt ygtybarly ýerde gizlenen ýagşy. Apy-tupan sowulýança oturyber.
Hiç wagt apy-tupan uzaga çekýän däldir.
* * *
Güýçli adam diýip kime aýdyp bolar? Güýçli adam diýip kim özüniň erbet endigini ýeňip bilse, şoňa aýdyp bolar.
* * *
Namart betbagtlygy diläp alýan adamdyr. Ol adamzadyň zibiline girýär.
* * *
Hem okaman, hem ýazman, hem hiç kime gulak asmaýan adama näme diýmeli? Oňa başa düşen towky diýmeli!
* * *
Agaç egildi – döwüldi, ýigit utandy – öldi!
* * *
Adyl öler, adalat – ölmez.
* * *
«Aman!» diýene pyçak çekme.
* * *
Arryk ata eýer hem ýük.
* * *
Atyň ady uly, düýäniň – dabany.
* * *
Gurt ýok diýme – mal kastynda, duşman ýok diýme – ýer astynda!
* * *
Dosta aýtdym sözümi – duşman bildi syrymy.
* * *
Dost naharyny duşman ýaly iý, duşman naharyndan asla datma.
* * *
Duşman syryňy ogurlar, dost hataňy dogrular.
Sözler