* * *
Kelläme täze nakyl geldi: «Bagtyň ýatyp, Hudaý gaplaňa duşurjak bolsa, gurdy alnyňdan sowar!». Men bu nakyly nireden okandygymy hem bilemok, kimdir birinden eşidenimi hem bilemok, özüm tapanymy hem bilemok. Hatda bu nakylmy, dälmi, oňam takyk bilemok...
* * *
Dostum Allamyrat Rozyýew geldi. Allamyrat bir ýyl akademiki dynç rugsadyny alypdy, böwreginiň agyrysyndan ejir çekip, keselhanada aý ýarym ýatypdy. Lukmanlar oňa «Günüň nurunyň bol ýerinde bejerişi dowam etdir» diýipdirler. Geçen ýyl ol Baýramaly şypahanasynda bolup, keselini bejerdip, ymykly gutulypdy.
Allamyrat:
– Altynjy gün sagat altyda ýazyjy, taryhçy Ýan – Ýançewskiý diýip biri bilen duşuşyk bar. Türkmenler hakynda roman hem ýazypdyr diýýärler. Senem könäni dörüp ýöreňsoň, eşitdireýin diýip geldim – diýdi.
– Eýse, sen Ýanyň kitaplaryny okap görmediňmi?
Allamyrat meniň sowal berşimi birhili gördi öýdýän:
– Olar şeýle gowy kitapmy?
– Şeýle gowy kitap däl, emma ol kitaplar türkmeniň ata-babalaryna bolan söýgüden möwç urýar! Düşünýärmiň, başga milletli ýazyjy türkmen halkynyň batyrlygyna, garadangaýtmazlygyna aşyk!
Men Allamyrady gujakladym, çünki ol başga adamdy. Allamyradyň adamkärçiligi beýikdi. Ynha, men onuň ähli ýetmezini bagyşlap bagryma basýanym hem şonuň üçindi. Adam bolsa ýetmezi bolýar ahyry!
* * *
Agşam Allamyrat bilen teatra gitdim. Ol birnäçe teklip etdi, «pylanynyň ýanyna gidip piweleşeli» diýip gördi, «pylany obasyna gidip gelipdir, garrygyz gawun iýmäge çagyrdy» diýip gördi, men tekepbirlik bilen iki sany arzyly bilediň köýýändigini, meniň spektakly hökman göräýmelidigimi aýdyp, ony yrdym.
Allamyradyň garaşýan gyzykly oýny bolmady, arakesmede biz bufede baryp adama iki çüýşe piwe içdik.
– Teatr-teatr diýip diliňden goýmaýardyň weli, teatryň gyzykly ýeri hem bar ekeni – diýip, Allamyrat gülýärdi.
Biz «Sokrat» spektaklyny görüp, garderobdan paltodyr gulakçynymyzy alyp ýola düşdük. Allamyrat geplemeýärdi, meger, ol spektaklyň täsirinden çykyp bilmeýärdi.
– Osman, soragym bar, näme diýip beýle akyldara süýt edip, ölüm jezasyny berýärler. Ony süýt edýänlerem galaba alymlar ahyry?
– Sebäbi ýok. Sokrat ýaşaýan jemgyýetine täze pikir getirdi. Täze pikiri getirýän kim? Aýagy çepekli içegen, yşkbaz, jemgyýetiň kada-kanunlaryna sygmaýan garyp!
– Aý, onuň içip, heleý görse, yzynda ylgap ýörmesem birhili-läý?
– Sebäbi ol Sokrat, ol – täze pikir, ol jemgyýete sygman, ähli kada-kanundan çykmalaryna garşy protest bildirýär.
– Şägirtleriniň aýdanyny edip gaçaýmaly ahyry. Onuň ölümine gaty gynanaýdym. Gaçmalydy, akyllam bolsa oňarmady. Heý, öz meýliňe awy içip bolarmy?
– Ol öz meýline awy içýär, çünki adamlaryň arasynda ýaşamak onuň üçin ähmiýetini ýitirýär. Jemgyýet çüýrän jemgyýet, ol täze pikirini subut etmek üçin ölmeýär, ýok, ol özüniň ýaşaýyş missiýasyny tamamlady: ol dünýäniň gujagyna täze pikirini ekdi, Sokrat ölmedi, Sokrat bakylyga gitdi!..
Oýun Allamyrada gaty täsir eden bolarly. Soňky şenbede ol «Jordano Bruno» oýnuna iki bilet alyp ýetip geldi. Garasaý, Allamyrat gadymy Rimiň, Ýunanystanyň durmuşyndan goýlan oýunlaryň ählisini gördi. Käbirini meniň bilen, käbirini başga ýoldaşlary bilen.
Sungatyň, edebiýatyň öz dünýäsi, öz abyköwser çeşmesi bar, bir gezek eňegiňi basyp içip göreniňden soň, gursagyňda ynsanperwerligi oýaryp, ol seni özüne dolap alyp, başga bir adama öwrüp goýberýär...
* * *
Taryhçy hem ýazyjy Wasiliý Ýan özüne gelşip duran çalaran murtly, başy gaýmaly mahmal tahýaly, gadymy rus aristokratlary ýaly hasaly, pessaý sesli adam eken. Uniwersitetiň taryh fakultetiniň dekany Ýançeweskiniň soýuza belli uly adamdygyny, beýik ýazyjydygyny aýdyp, onuň eserleriniň adyny sanap, ahyry oňa söz berdi.
Ýaş birçene baranyndan soň haşamly hasa adama gelişýär, onda-da alym adama. Ýançeweskiý münbere çykyp, gürrüňe Kiýew Rusunyň taryhyndan başlasa-da, dessine Isgender Zülkarnaýyna geçdi.
Men el ýaly kagyza ýazyp iki sorag iberdim, elden-ele geçen sowalym dessine oňa bardy. Peşeneli ýazyjy owadan hem nurana ýylgyryp:
– Araňyzda türkmenler bolaýmaly. Bagyşlaň – diýip, ol zaldan ötünç sorady – Haýyş edýän, araňyzda türkmen bar bolsa, ornuňyzdan turaýsaňyz...
Allamyrat ikimiz turduk, öňden çypar bir rus ýigidi hem turdy. Ýançeweskiý ony mähir bilen synlap:
– O-ho, gök türkýutlardan hem türkmende galan bar eken – diýip ýylgyrdy.
– Men türkmen-ä däl, ýöne eýýäm üç arka türkmen içinde ýaşap ýörüs, türkmenler hakynda hoş söz aýdylsa, buýsanýaryn, ýaramaz söz aýdylsa, türkmençe jogabyny berýärin – diýip, ol rus ýigidi örän pert-pert jogap berdi.
– Türkmeniň beýik taryhy bar. Men size maslahat berýän, ýigitler, siz hökman öz taryhyňyzy öwreniň. Öz halkyňyza hem bilýänleriňizi ýetiriň!
Ýazyjy taryh hakda, eser döredişi hakda köp zatlary gürrüň berdi. Bir sözi welin, maňa aýratyn täsir etdi:
– Ruhubelentligiň, gaýduwsyzlygyň nusgalaryny görmek, ruhuňyzy götermek, hakyky merdana, är kişiler hakda söhbet eşitmek isleseňiz, onda türkmen taryhyny öwreniň. Men döredijilige elli ýaşymdan hem soň baş goşdum. Men elli ýaşdan soň hem elime galam almasam almazdym, ýöne meniň elime galam berip, kalbymy heýjana salyp, joşa getirip, uly-uly eserler döretmegime güýç-kuwwat beren zat – türkmen taryhy. Men beýik ata-babalary, parasatly aňy, şöhratly taryhy, Nuh pygamber tarapyndan ruhubelentlik we gaýduwsyzlyk pataly beýik türkmen halkynyň öňünde baş egýärin.
Goja ýazyjy geldi-de, iki türkmeniň öňünde baş egdi.
Eý, Hudaý jan, ýazyjynyň şu bolşuny türkmenler bir görsedi!
* * *
Men ýazyjy Ýançeweskiniň «Çingiz han», «Jelaleddin», «Batyý», «Soňky deňze çenli» atly eserlerini entek mekdepdekäm okapdym, dogrusy, onçakly halamandym, ýöne göwnümi awlan ýeri ýazyjy türkmenlere aşykdy. Biz entegem dik durduk, ol zala mähirli nazaryny aýlap:
– Serediň, synlaň, dünýä taryhynda, aýratynam Aziýa, Ýewropa, Demirgazyk Afrika yklymynda bolup geçen beýik taryhyň gahrymanlarynyň nebereleri. Eger-de men romanlarymda, «Jelaleddin» powestimde türkmen barada ýürejigimdäki hakykatyň, taryhy hakykatyň ýaryny aýdyp bilenimde hem men dünýä meşhur ýazyjy bolaýmalydym, emma belli sebäplere görä, taryhyň içinden at daýradyp geçen türkmenler hakynda diňe agzap oňmaly boldum.
Fakultetiň dekany:
– Wasiliý Grigorýewiç, siziň eserleriňizde türkmenler barada gimn ýaňlanýar, onam az görseňiz... – diýdi.
– Walerian Iwanowiç, taryh ylmy adamzat döräli bäri ýöredilip gelýär, emma dünýä boýunça hakyky taryh ýaňy ýazylyp başlady. Dogry, häzir türkmenler azalyp, kiçi halk bolup galypdyr, garrapdyr, emma ýurtlaryň taryhy ýazylsa, türkmenlersiz ýazyp bolmaýar. Türkmenleriň Ýewropa üç beýik ýörişi bar. Biz, ruslar entek öz taryhymyzy hakyky bolşy ýaly ýazjak bolsak, türkmenleriň taryhynyň bir parçasyny ýazmaly bolarys!.. Yslam dini taryhyny ýazjak bolsa-da, türkmenleriň taryhyny ýazmaly bolar. Dört ýola edilen uly haçly ýörişlerde hem gaýduwsyzlyk bilen musulman dinini goran halk – türkmenler. Çingiz hanyň öňünden gylyç gemrip çykan hem türkmenler!..
Zaldan kimdir biri gygyrdy:
– Hormatly ýazyjy, türkmenleriň Köneürgenç soltanlygy ýeňeni sebäpli, tatar-mongollar güýçlendi ahyry. Tas ýarym million goşuny bolan türkmen şasy tatarlardan-mongollardan ýer gutarýança gaçyp, baryp adada ölýär ahyry. Onsoň türkmenler nädip gaýduwsyz bolýar? Dogry, Jelaleddin türkmeniň söweşleri hakyky gerçek ýigidiň, beýik serkerdäniň söweşi! Eger-de, Köneürgenç soltanlygy tatar-mongollary kül-peýekun edip bileninde, Rossiýa mongol hüjüminden halas bolaýmalydy – diýip ýerinde oturdy.
– Eý, Hudaý, ol bize taryhy beýikligimizi hem rowa görmeýärmikä ýa paýhasynyň ýeten derejesi şolmuka? – diýip, nädip ornumdan turanymy hem bilmän galdym.
– Ýoldaş talyp, tatarlardyr mongollaryň hüjümini Rumustanda serpikdiren kimler? Seljuk türkmenleri dälmi? Ýa siz Marka Polonyň Rumustany «Türkmenistan» ady bilen atlandyryp, karta girizenini hasaba almaýarsyňyzmy?
Ýançeweskiý emaý bilen sag goluny galdyryp, meniň sözümi kesdi:
– Jedel gaty gowy zat! Taryhy hakykat diňe jedellerde döreýär, emma men entek sözümi aýdaýyn, ýaşuly taryhçy hökmünde, belkem, size-de öwrenerlik zat bolar.
Ondan soň dekan hormatly ýazyjynyň wagtynyň çäklidigini, diňe talyplaryň hormatyna gelendigini, ýene iki sagatdan otla bilediniň bardygyny ýatladyp, jedeli togtatdy.
Hakykatdan-da ýazyjynyň wagty çäkli eken. Ol şeýle gyzykly duşuşygy bir ýarym sagatda tamam etmeli bolandygy üçin köp ötünç sorady. Men baryp onuň bilen salamlaşdym. Ol hamana hut taryhy gahrymany bagryna basýan ýaly gujaklady:
– Aýlanyp duran dünýädir. Size taryhy belentligiňize galmak miýesser edäýedi-dä. Emma taryhyňyzy öwreniň. Iller ýok taryhynyň toýnaklaryna gyzyl nal kakyp ýörkä, siz tylla, altyn taryhyňyzy öwrenip, dikläp bilmeseňiz aýyp bor.
Adama bagtyýar bolmak üçin köp zat gerek däl! Men iki sagat bagtyýar boldum. Adamoglunyň berip bilmejek bagtyny aldym, ruhum asmana galkyp, göwräm howada uçdy. Men eginlerimiň ýyldyzlara, başymyň arşa dirändigini duýýardym. Öýe uçup gaýtdym.
Ynha bagt! Ummasyz uly bagt! Ýurduňdan bäş müň kilometr uzaklykda seniň ata-babalaryň waspy edilýär, seniň milletiňiň, türkmeniň beýikligi hakynda joşup-joşup soýuza belli ýazyjy, taryhçy gürrüň edýär!
Maňa hazyna berip hem beýle bagtyýar edip bolmazdy!
Maňa patyşalyk tagtyny berip hem beýle bagtyýar edip bolmazdy!
Idris pygamber ýaly dirikäm Allanyň behişdine goýberip hem beýle bagtyýar edip bolmazdy!
Kim aýdypdyr adam uçmaýar, adamda ganat ýok diýip! Ynha men uçýaryn!..
* * *
Häzir Magtymguly Pyragynyň ýubileý ýygyndysy – çykyşlar, makalalar bilen tanşyp otyryn. Näme diýip, näme aýtjak! Sen-ä şahyryň döredijiliginiň syrly taraplary barada edebiýatçylar näme diýdilerkä diýip, kitaba ýapyşýarsyň, bu ýerde bolsa – masgaraçylykdan we nalajedeýinlikden başga hiç zat ýok.
Ýubileý makalalaryny okap, suw gysymlan ýaly boldum. Makalalarda, maňa ynan, dost, Magtymguly ýok. Magtymgulyny şu günüň aňyýetiniň nukdaýnazaryndan düşündirmek mümkin däl. Her kim oňa öz göwnüniň talaby bilen çemeleşýär. Magtymguly bolsa bir göwne syganok. Magtymguly bir döwre-de syganok.
Beýik şahyr XVIII asyrda ýaşap hem döredip geçdi. Bu bolsa türkmeniň taryhy energiýasynyň paýawlan asyrydy. XVII asyrdan başlap türkmen millet hökmünde pese düşüp ugrapdy. Orta asyrlaryň şöhratly döwürleri yzda galdy. Özge ýurtlara düşen garyndaşlar bilen gatnaşyklar kesilip ugrady, soňam bütinleý ýatdy. Şäherler boşap galdy. Milletiň ruhy, intellektual derejesi pese düşdi, milli duýgusy telperleşdi. Alaman uly bela öwrüldi. Goňşular bilen gatnaşygyň baş usuly alamana öwrüler-de, millet galarmy! Türkmen milleti tapdan düşdi, kiçeldi.
Ýöne hak şahyr, heý, milletiniň kiçeleni bilen ylalaşyp bilermi? Ine, onsoň ol wulkan ýaly bolup atylyp çykdy. Şahyr sözüň hakyky manysynda ýandy... Ol türkmeniň geçmiş beýikligini görüpdi ahyryn! Ol özüniň söz garaýyşlaryny, ähli energiýasyny halkyna bagyş etdi. Şonuň üçin hem ondan nesil galmandyr-da! Sebäbi nesle geçirmeli genetiki energiýasy taryhy-ruhy energiýa bolup türkmen milletine siňipdir. Şeýdip, milletiň ömri uzapdyr.
Men Magtymgulynyň döredijiligine türkmen energiýasynyň partlamasy hökmünde seredýärin.
Magtymguly – orta asyr türkmen hanedanlarynyň soňky taryhy ýaňydyr. Onuň taryhy hyzmatlaryna dogry baha berilmeýändigine gynanýaryn.
Men bir zady aýdyň duýýaryn: meniň türkmen taryhyna pelsepewi garaýyşlarymyň şineligine Magtymgulynyň şahsyýeti we taryhy orny baradaky oýlanmalarym güýçli täsir etdi. Taryhy-filosofiki pikirlenme paýhasyň özboluşly bir görnüşi hökmünde Magtymguly bilen baglanyşykly döreýär.
Munuň sebäbi beýik şahyryň özi bilen baglydyr. Ol beýik akyldar. Ýöne onuň pelsepewi pikirlenmesi anyk taryhy görnüşe eýe däl. Ol anyk taryhy görnüşe eýe bolup hem bilmez. Baryp institutda öwrenişim ýaly, akylyň anyk taryhylygy Ýewropada-da diňe XIX asyrda doly ykrar bolupdy.
Magtymguly – milli akyldar. Ol milli taryhyň akyldary. Bu onuň pikirleriniň taryhy mazmuny barada dogry. Magtymguly – ahlak akyldary. Baryp beýik Platon görnüş nähili bolsa, mazmun hem şol hilidir diýen pikire eýeripdi. Görnüş mazmunyň daşky eşigi däl, forma – mazmunyň ýaşaýyş usuly. Usul bolmasa, ýaşaýyş hakykata öwrülip bilmez. Diýmek, görnüş mazmunyň guly däl-de, onuň şertidir.
Magtymguly türkmen ruhy-ahlagyny ilik-düwme beýan edýär. Onuň türkmen milliligi barada aýtmadyk, anyk taryhy hadysa hökmündäki bu milliligiň Magtymguly tarapyndan suratlandyrylmadyk ýekeje-de tarapy ýokdur. Hatda mahal-mahal Magtymguly hem türkmen – bu ikisi şol bir zat ýaly bolup görünýär. Ilki-ilkiler men hem şeýle hasaplardym.
Emma ýuwaş-ýuwaşdan bu kesgitlemäniň türkmen taryhynyň diňe bir döwri üçin dogrudygyna akyl ýetirdim. Hususan hem, Magtymguly türkmen taryhynyň soňky – XVIII – XIX asyr döwri üçin milletiň ruhy aňladyjysy, ruhy lideri boldy. Çünki ol şol döwrüň iň möhüm alamatlaryny özüne siňdirdi we olary oňat beýan etdi. Ol Türkmenistanyň çäginde galan türkmenleriň täze bir taryhy bitewülik hökmünde kemala gelmegini ruhy taýdan taýýarlady. Bu täze bitewülige ruhy daýançlary we taryhy umytlary berdi.
Emma tutuş türkmen taryhy bile Magtymguly bir zatdyr diýmek birtaraplaýyn bolardy. Türkmeniň has şöhratly taryhy ondan aňyrda ahyryn.
Türkmeniň taryhy hakydasy bilgeşleýin gysgaldylýar, taryhçylar oguzy türkmenden başga, seljugy-da türkmenden başga bir halk edip görkezmäge synanyşýarlar. Ýöne taryhy çeşmeleri nätjek? Olar türkmeniň Oguz bilen bir zatdygyny, seljuklaryňam türkmeniň bir taýpasydygyny gözüňe basyp durlar ahyryn. Hut çeşmeleri okanyňda, häzirki taryhçylaryň bar aýby açylýar. Taryhçylar çeşmeler babatda eden-etdiligi amala aşyrýarlar.
Türkmen taryhyny okadygyňsaýy, türkmeniň beýik taryhynyň bardygy açylyp gidip otyr. Ýöne häzir taryhy çeşmeler – bir ýaňa, «Türkmenistan SSR-niň taryhy» – bir ýaňa. Türkmen halkynyň beýik ösüşleri başdan geçiren döwürleri ýöne gep ugruna agzalyp goýlaýypdyr. Onuň deregine milletiň pese düşen taryhy döwürleri hezil edip uzak gürrüňiň esasy edilipdir.
Galyberse-de, biziň şu günki türkmen taryhy ylmy özüniň juda gowşak taglymy hem usuly binýady bilen tapawutlanýar. Men türkmen taryhçylarynyň ýazan taryhyny okap, türkmen milleti näme, haçan we nähililik bilen döräpdir diýen baş sowallara jogap tapyp bilmedim. Olar özleriniň ýarym-ýalta beýan edýän maglumatlarynyň we wakalarynyň empirikasynyň derejesinden ýokary galyp bilenoklar. Nädip galsynlar diýsene! Bitewi taryhy döretmek üçin hakyky ylmy taglymat hem usulyýet gerek ahyryn.
Beýleki tarapdan bolsa hakyky taglymy ugur üçin ähli maglumatlaryň tutuşlygyna alynmagy gerek. Ýarym-ýalta, ýarysy aýrylan maglumatlar, ýagny ýarty hakykatyň üstünde taglymy ugry gurup bolmaýar.
Arman, bu zatlaryň barynyň netijesinde türkmeniň geçmişi zyýan çekýär. Onuň geljegine göze görünmeýän howp düşýär.
* * *
Soň bir öwrümde Aşyrdan ornundan türkmen bolup turan rus ýigidi barada soradym.
Aşyr:
– Gaty gowy ýagşy ýigit, gaty gowy – diýdi.
– Sen ony içgin tanaýarmyň? – diýip, men Aşyryň ýüzüne bakdym.
– Tanaýan, ýöne duşuşykdan soň seni haýrana goýaýjakdym-da. Wolodýa, türkmençäni suwara bilýär – diýip, Aşyr hamana bir ters gorkuly zady aýdýan ýaly gulagyma pyşyrdady. – Özem sünnet edilen.
– O nähili sünnet edilen? Ýa meni haýran etjek bolýarmyň? Ýa kakasy türkmenmi?
– Ýok, kakasam türkmen däl. Ýöne olar obada ýaşaýar, goňşusy ogullaryna sünnet etdireninde ol hem aglap goýmandyr. Goňşusam onuň ejesine aýdypdyr. Ejesi hem:
– Etdiräýiň, men garşy däl, barybir, Hudaý ýeke ahyry – diýipdir. – Wessalam!
Aşyryň başga bir sözi meni ýene haýrana goýdy:
– Ynansaň, men käbir ýerlerde özümiň türkmendigime namys edýädim, utanýadym, meniň rus ýigidi bolasym gelýärdi. Ýan gelip gidensoň, men, ynanaý, türkmendigime utanamok, gaýtam guwanýaryn. Komnatdaşlarymyň ýanynda türkmendigim bilen öwünýärin. Şol ýazyjy bilen duşuşykdan soň talyplaryň maňa bolan gaarýyşlaram, gatnaşyklaram gowulaşdy – diýip, Aşyr maňa galkyjaklap-galkyjaklap gürrüň berdi.
* * *
Türkmen ertekilerinde transsendent alyslyk görünýän bolsa, türkmen dessanlarynda taryhy alyslyk açylýar.
* * *
Sungatyň hem pelsepäniň, şeýle-de diniň esasynda şol alyslyk gözlegi ýatýar. Ylmyňky bolsa bularyň tersinedir: ylym alyslygy däl-de, anyk ýakynlygy gözlemeklige meşgul. Pelsepe şol arzyly alyslygy pikiriň yzyna düşüp, sungat duýgynyň kömegi bilen, din bilen ruhy impulslar arkaly gözleýärler. Islendik gözleg bolsa hormat goýulmaga mynasypdyr. Çünki adamzadyň özge jandarlardan artykmaçlygy onuň gözläp we tapyp bilýänlidindedir. Adamzat – gözleýji we tapyjy jandardyr.
* * *
Ýewropa sungaty bilen kän gyzyklanýaryn. Ýewropanyň gadymyýeti bolsa, mälim bolşy ýaly, Ýunandyr. Ýunan – Ýewropanyň säheri. Hut şonuň üçin hem ýunanlaryň edebiýaty we sungaty, pelsepewi we ylmy daň säherlar, saba ýeli ýaly mylaýym hem owadan, tämiz we köňle şypaly. Ylaýta-da, meni ýunanlaryň mifologik ulgamy özüne çekýär. Umuman, Ýunan – mifleriň dünýäsi. Bu ýerde ylym hem, pelsepe hem, sungat hem mifologiýanyň çeşmesinden gözbaş alýar. Şonuň üçin hem mifleri özleşdirmezden, bu ýerde hiç bir zada düşünmek mümkin däl.
Ýöne, göwnüme bolmasa, ýunan dünýäsi aşa zemini dünýä. Mundan teniň, maddanyň tutýan orny juda uly, aşa uly. Gomeriň poemalary hem, Aristoteliň işleri hem tenleriň beýany. Megerem, şonuň üçin hem gadymy Gresiýada matematika we saz uly ösüşe eýe bolupdyr. Soňky neoplatonizmi hasap etmeseň, bu ýerde pelsepe hem ten pelsepesidir. Şu sebäpli iň ösen sungat – skulptura we arhitektura, şu sebäpli gözellik diýip antik estetikasynda hut teniň gözelligine düşünýärler. Bu ýerde hakykat ölçegi – ten ölçegidir.
Sözüň hakyky manysynda Gresiýada din bolmandyr. Ýunanlar dine däl, miflere ynanypdyrlar. Mifler bolsa şu dünýäniň, ten dünýäsiniň transsendensiýa öwrülmegidir. Pikir edip görseňiz, dünýäniň ähli halklarynda ruhy ösüşiň dowamynda mifologiýa ilki, din bolsa soňra dörändir. Din ruhy transsendensiýa öwürýär. Mifologiýada bu mümkin däldir. Mifologiýa alyslyk diýip diňe fiziki giňişlikdäki aralygy kabul edip bilýär. Gadymy Gresiýada sportuň ösmegi-de grekleriň dünýäsiniň belli bir derejede gaýdyp gelmegimikä?!
* * *
Isanyň dünýä inmegi bilen hut Gündogar adamzadyň merkezine öwrülip başlady. Emma bu proses soňuna çenli dowam etmedi. Ýewropa Isanyň şahsyýetini özüçe özgertdi we hristiançylyk dini döredi. Isa adamzada ýeke-täk Hudaýyň bardygyny aýtmaga gelipdi. Emma tene aşa maýyl Ýewropa oňa hakyky manyda düşünip bir biljekmidi?
Hristiançylyk – Ýewropanyň Isa düşünişidir. Isa teni ret etmäge gelipdi. Aslynda ýunan dünýägaraýşy ýatan Ýewropa onuň sözüne teni bütinleý ret etmek däl-de, teni ruhlandyrmak manysynda düşündi. Ýunan hemişe Hudaýlar bilen oppozisiýadady. Olaryň iň uly gahrymany hudaýlardan ody ogurlan Prometeý dälmi näme? Şeýdip Isanyň pikir edişi ýaly, ten ýerini Ruh tutmady-da, ten ruhlaşdyryldy. Ondan ozal Ýewropada adam edil beýlekiler ýaly teniň bir görnüşidi. Sistemanyň bir deň hatardaky elementidi. Ýewropa Isany adam – hudaý – ruhly ten diýip kabul etdi. Isa bolsa pygamberdi. Şeýdip Ýewropa özüniň asyl-başky matlabyna, zandyna eýerip, onuň şahsyýetini we ideýasyny ýoýdy we özüne laýyk etdi.
Adamyň mazmunynda teniň azalyp, ruhuň köpelmegi aňyrsoňunda adamzadyň tebigatdan bir gez ýokary galmagyna getirdi. Ýokary galan zat bolsa özünden pesdäki zady ekspluatirlemäge maýyldyr. Ýewropa hristiançylygy tebigaty ekspluatirlemäge ilgezik boldy. Şeýdip tehnika döredi. Tehnika diňe Ýewropada, özem hristian Ýewropasynda mümkin zatdyr. Ol ýunan Ýewropasynda döräp biljek däldi, çünki ol wagt adam tebigatdan ýokardaky däl-de, tebigatyň içindäki zatdy. Tehnika Gündogarda hem döräp biljek däldi, çünki Gündogarda adam ruh bolsa-da, onuň ýokarsynda Allanyň özi dur. Gündogar adamy Allanyň funksiýasyna aralaşyp, barlykda täze bir sferany – tehnosferany döretmäge milt edip biljek däldi.
* * *
Adamzada kapitalizmi Hristos getirdi. Hristos – Isanyň Ýewropaça ipostasydyr.
Yslam dünýäsiniň kapitalizmi ýek ýigrenýändigi ýewropalylaryň Isany ýoýandyklary bilen baglanyşyklydyr. Muhammediň süýthorlugy iň uly günäleriň biri diýip yglan etmegi yslamyň ýewropa Hristosy bilen hiç mahal hem ylalaşyga gelmejekdiginiň subutnamasy. Bazar ykdysadyýeti bilen demokratiýa hem Hristosdan başlanan ösüşiň logiki netijesidir.
* * *
Halallyk türkmeniň ganynda bardyr.
* * *
Maksatly adam maksadyna ýeter, bimaksatlar ömrüni pida eder.
* * *
Erk – sarç bedew. Biziň kimdigimiz şol sarç bedewe näderejede seýislik edip bilşimize baglydyr.
* * *
Herki zadyň öz wagty bolýar. Guşuňy awuny aljak wagty goýber! Wagty gelende, ýeňip biljegiňe gözüň ýeten mahalynda, güýjüň ýetjekdigini duýanyňda gylyjyňy salmaly. Güýji asgynka diňe akmak adam gylyç salar.
* * *
Özüne erk edip bilýän adam bagtlydyr.
* * *
Iň uly duşman gahar-gazapdyr! Ony Jemşit şanyň jyny jürdege salyp deňze oklaýyşy ýaly gursagyň çuňlugyna atmaly. Gahar-gazabyny ýeňip bilen adam är kişidir, beýle kişiler il ogly bolar!
* * *
Bagtyň altyn açary halallykdyr.
* * *
Magtymgulam, «Gorkut atanyň kitabam», Göroglam, ýene-ýene onlarça şahyrlaryň eserleri hem buržuaz-dini edebiýat hökmünde ýazgarylyp, gadagan edilipdi. Muňa kommunistik partiýany günertlemek bolmaýar. Ýigriminji, otuzynjy ýyllar ýurdy edara edip başlan adamlar aglaba proletariatdy, sowatsyz adamlardy. Olar ors nakylynda aýdylyşy ýaly, kir suw bilen bäbejigi hem serpip goýberen adamlardy.
«Görogly» gadagan edilipdi. «Görogly» gerek däldi, «Görogludan» gorkulýardy!
Türkmende diri Görogly ýokdy, kitaba girip galan Görogludan hem gorkulýardy! Diýmek, Görogly zor gerçek, är gerçek, şir gerçek! Ençeme asyr soň ruhy bilen gorkuzyp bilmegem beýiklik ahyry!..
Ellinji ýyllaryň başynda başym şypyrmaly, aýagym çokaýly, gapdalym çörek haltaly, egnim taýaklyja çekene goýnumyzyň yzynda selpänimde Görogly meniň halasgärim, howandarym boldy, doganym, gardaşym, arkadagym boldy. Görogly dostum boldy, men gyssag halatlarym Görogla sala salardym.
Bu ýöne epos däl. Bu genji-hazyna! Halkyň genisi! Türkmen halkynyň genisi! Entek wagt geler! Ylma-bilime höwesek ýurdumyz muny dünýäniň ähli dillerine terjime eder. Moskwada, Leningradda, haýsydyr bir ady-sory bilinmeýän halkyň ertekisini, rowaýatlaryny, bolgusyz ýöntem ýazyjylaryň eserlerini rusça terjime edip, ýüz müňläp tiraž bilen çap edýän döwlet bu ajaýyp dessany hem dünýä ýaýar! Şonda eposda lowurdap duran gerçek Göroglynyň röwşen, nurana, batyr obrazy dünýäniň söýgüli obrazyna öwrüler. Şonda dünýä halklary türkmenleriň Don-Kihodyny – Göroglusyny öz söýgüli gahrymany hasaplarlar. Emma entek oňa köp wagt gerek! Görýärmiň, müňlerçe kitaplary okan örän ylymdar ýoldaşlarym hem bu kitabyň kitaplaryň içinde baş kitapdygyna ynanmaýarlar. «Osmanyň Gurhany» diýip ýarym ýaňsylaýarlar.
Görogly, gardaşym, sen onýança meniň bilen boluber! Sen maňa hemdem bol, men saňa hemdem bolaýyn! Sen hem atadan ýeke, men hem atadan ýeke! Sen mydama «Ýekäniň ýary huda!» diýýärsiň. Men hem «Ýekäniň ýary huda, ýekäniň ýary Görogly» diýýärin!.. Ýör, Görogly, atlan bedew atyňa, Düldülden zyýada Gyratyňa atlan! Nätjek, takdyrymyz şeýle! Gyraty dünýä beren, päkize ahalteke atlaryny dünýä beren, Görogly ýaly müňlerçe ärleri dünýä beren Türkmeni dünýä tanamaýar!.. Garaş, garaş, wagtyň geler!..
Ýör, Görogly, Derbende tarap gideli. Ol ýerde seniň ataň Adybeg soltandan galan kyrk ýigidiň garaşýar! Dana hem wäşi Köse, Handan batyr, Taýmaz beg garaşýar.
Adama bagtyýar bolmak üçin köp zat gerek däl.
Men dünýäni unudyp, kä ýerinde ýylgyryp, kä ýerinde gaharlanyp tanyş ýodalarym ýaly setirleri külterläp barýaryn. Ýol Derbende barýar, hä diýmän Görogly, ýalňyz Görogly kyrk ýigidine duşýar... Daşarda gar ýagýanynam unudýaryn, ençe günden bäri günüň nuruna zar bolandygymam unudýaryn, sebäbi men türkmen topragynda Görogly bilen Derbende barýaryn...
Esasy zat – gowy bolmak, Göwher köçede ýatmaýar. Göwhere hyrydarlar köp.
Türkmeniň genji-hazynalary hem häzir tozana garylyp, dünýä jemgyýetçiliginiň gözüne ilenok.
Türkmeniň genji-hazynalarynyň dünýä jemgyýetçiliginiň gözüne iljekdigine men açykdan-açyk ynanýaryn.
Türkmen har-zar bolmaz, ol genji-hazynanyň eýesi!
* * *
Gadymy poeziýamyzda Eýran bilen Turanyň ady mydama bile tutulýar. Goňşy ýurtlar. Ataşparazlaryň dini kitaby «Awestada» («Wesýetler kitabynda») «turlar – ýelden ýyndam bedenli kuwwatly turlar» diýlip atlandyrylýar. Nyzamylmülk «Syýasatnamada» seljuk soltanlarynyň türkmendigine garamazdan, öz aslyny rowaýatda şa Afressiýabdan alyp gaýdýandygyny ýazýar. Afressiýabyň paýtagty häzirki Samarkanda golaý Afressiýap atly ýerde ýerleşýär. Ol Sogtylaryň mesgeni. Türkmen taýpalarynyň içinde sugty uruglarynyň bardygyny ýatlaýaryn. Sugty obasy, ýokarky Sugty, Sugtyýap, aşaky Sugty obalary hem bar.
Turlar pars çeşmelerinde «kuwwatly adamlar» diýlip atlandyrylyp, ok-ýaý atmaga, at seýislemäge örän türgendigi, aýallarynyň söweşde erkekler bilen deň hatarda söweşýändigi hakynda gürrüň berilýär.
Turlary ýunanlar skif diýip atlandyrýar.
Saklaryň esasy mesgeni Garagum. Kartasyny gördüm.
Ülkäňden alysda ýurduň barada bir zat okamak miýesser etse, ýurduňa baryp gelençe bolýarsyň! Gadymyýetden galan çeşmelerde türkmenlere dahylly bir zat tapsaň, ata-babaň bilen duşuşan ýaly bolýarsyň!
Hudaýa şükür, dünýä taryhyny okap otyrkaň türkmenler bilen baglanyşykly wakalar zompa öňüňden çykýar. Ol wakalaryň biri üçin hem ýüzüň gyzaranok, gaýtam ol wakalar sende guwanç duýgusyny döredýär.
Türkmendigiňe buýsanýarsyň.
* * *
Ykbalyň ediberşini görüň-ä! Şol türkmen maşgalasy bilen duşuşanymdan üç-dört gün soň, ýene iki sany türkmen bilen duşuşdym.
Meni görüp olar hem begendi.
Olary görüp men hem begendim.
Edil ençe ýylyň aýralygyndan soň duşuşýan süňk garyndaşlar deýin biri-birimiz bilen edil ýitirip tapan dek bolup salamlaşdyk. Olaryň meni görüp begenendikleri ýüz-gözlerinden bildiripjik dur.
Men haýranlar galýaryn. Türkmenler öz ilinden aýry düşüp, özge watanda duşuşsalar, edil häzirki deýin ýitirip-tapan dek juda gadyrly salamlaşýarlar, birek-birege abyrsyz uly gadyr-hormat goýýarlar.
Eý Hudaý jan, bu iki kişi maňa Türkmenistanyň çäginde duşuşan bolsalar, häzirkisi ýaly gadyrly salamlaşarmydylar, hal-ahwal soraşarmydylar. Ýok, asyl salamlaşmag-a beýlede dursun, birek-biregiň ýüzüne hem seretmezdiler.
Türkmen öz ýurdundan çykansoň, türkmeni görse, edil doganyny gören dek begenýär.
Türkmeniň biri-birini gowy görmegi üçin olary özge ýurtda ýaşadyp bolmaz ahyryn.
Men bir zady açyk bilýärin: türkmenler Türkmenistanyň çäginden alyslardaky şäherlerde duşuşanlarynda biri-birine goýýan mähir-hormatyny haçanda Türkmenistanda goýup başlasalar, onda türkmen halky dünýäde iň tanymal, iň göreldeli, iň beýik halk bolar.
* * *
Ýagşydan ýagşy bar. Ýagşydan ýagşyny saýlap almaly, ýagşydan ýagşy bolmaga ymtylmaly.
Ýamanyň ýamany bar. Ýamanyňam ýagşysyny saýla. Ykbalyňa düşse, alajyň bolmasa, ýamanyňam ýagşysyny saýla.
Göwnüňde ýagşylyk etmek islegi möwç urýar, emma mümkinçiligiň ýok. Mümkinçiligiň ýeten ýagşylygyny edibermeli.
Ýagşyzada bolmak Alla tarapyn, emma ýagşy bolmak her kimiň öz ygtyýarynda.
* * *
Goşgy ýazasym gelýär.
Gursagymda duýgularym köwsar ursa, beýnimde dürli pikirler at çapýar, emma, «şygra ynanylýan döwürden oba göçdi, bu gün seniň goşgyň kime derkar» diýen bir ýeser pikir öňümde böwet-gala bolup dur...
* * *
Sekiz sagat okadyk. Biri-birinden kyn, çylşyrymly dersler, talabediji mugallymlar. Ýadadym. Ýüregimiň tirsildisi maňlaýymdan depäme uzaýan damarda janyma yza berýär. Kelläm agyrýar. Bir käse çaý içip, bir bölek çörek iýip, «Wokrug sweta» žurnalyny alyp, ýerime süýnýärin.
Ýadawlygyňy, argynlygyňy, olar zerarly dörän kelle agyryny aýyrmagyň iň ajaýyp usuly, başga bir iş bilen meşgullanyp derdiňi unutmaly. Ähli derdi-aladaňy unutmak üçin başga bir iş bilen meşgullanmaly.
«Zeminiň göbegi» atly makalany okap gaty tolgundym. Tutuş Amerika kontinentinde ink galkynyş eýýamyny dünýä beren inkler imperiýasy bäş ýüz ýyllap ynsan balasynyň çägindäki adalatly döwleti gurup ýaşapdyrlar. Imperiýanyň ilaty otuz bäş – kyrk million çemesi eken. Her obanyň öz kethudasy bolup şol kethudanyň raýatyndaky adamlaryň kimdir biri açlyk çekäýse, horlanyp, ogurlyk etmäge mejbur bolaýsa, kethudany sud edip türmä atypdyrlar. Şäherlerde, obalarda balary düzgüninde işlenipdir, ýaşalypdyr. Emma Hristofor Kolumbyň ýalňyşyp, Hindistana derek täze kontinenti açmasy iki kontitentiň hem başyna kyýamat gopdurýar. Häzir iki ýüz elli müň ilaty bar bolan Kusko şol döwürde dünýäniň iň uly şäheri bolupdyr. Inkler ispan konkistadorlaryny elli müň goşun bilen garşy alýar. Basybalyjylaryň, talaňçylaryň sany bolsa bary-ýogy 177 adam eken. Olar ok atýan tüpeňli, toply-tophanaly bolupdyr. Emma elli müň goşun gaty köp goşun ahyry.
Ink döwleti ummasyz uly hem bolsa, entek tigir diýilýän zady dünýäde ilkinji bolup Kaňly diýen türkmen ýigidiniň araba oýlap tapanyny, asla tigiriň, arabanyň dünýäniň köp ýerine ýaýrap ugrandygynam bilmändir. Towuk, at ýaly haýwanlary görmändirler. Gepiň gysgasy, dünýäden üzňe, siwilizasiýa dünýäsiniň ösüşinden hem üzňe bolupdyr. Basybalyjylaryň bary-ýogy ýigrimi iki aty bar eken. Inkler atly adamy haýsydyr bir üýtgeşik jandar hökmünde kabul edipdirler. Haçan-da atly basybalyjynyň biri atdan ýykylyp ýene söweşip başlanynda inkler bulary täsin bir gudrat öýdüp jyrraýlap gaçyp başlaýarlar.
Adam pakyr dünýäden gudraty agtarýar, özem gudratdan gorkýar.
Adam pakyr dünýäden mydama gorkýan zadyny agtarýar. Gorkubam, maksadyna ýetýär. Göýä adamyň bar maksady gorkmak ýaly. Göýä gorkmakda tükeniksiz many, tükeniksiz lezzet bar ýaly. Şu ýerde üýtgeşik bir taglymat bar. Bu hakda düýpli oýlanmak gerek.
... Şeýlelikde, ýüz ýetmiş ýedi adam tutuş goşuny ýesir alyp, ink patyşasyny zyndana atýar.
Inkler Güne sežde edýän ekenler. Olaryň ybadathanalary tutuş altyn plastinalardan bezelipdir. Içinde edilen emeli agaçlar altyndan, emeli haýwanlar altyndan bolup gözleri gaty gymmatbaha daşdan goýlupdyr. Basybalyjylar ybadathanalary talaýar, patyşa üçin inklere üç tonna gyzyl, on üç tonna kümüş salgyt salýarlar. Inkler salgydy doly tölese-de, talaňçylar patyşany öldürýärler.
Haýsydyr bir gurrumsak Mansio de Legasimo atly talaňçy örän äpet tylla güni olja alýar, agşam şol oljany daňdana çenli humarda utdurýar. «Talaňçy Gün dogýança güni utdurdy» atly nakyl şondan galýar.
Basybalyjylaryň içinde ekabyry, ýeseri Ispaniýada doňuz çopan eken. Şol nekgende doňuz çopanyna Peru döwletiniň paýtagty Limada edil Petr birinjä goýlan atly heýkel ýaly heýkel goýlupdyr. Elhenç ýeri, şol heýkel ýadygärlik şindizem Limanyň baş meýdançasynda dur.
Bu nähili adalatsyzlyk!
Emma dört-bäş asyr belentlikden seretseň, bu adalatsyzlygyň köküne düşünip bolýar.
Dünýäniň hasabyna akyl ýetirip bolýar.
Dünýäniň ýurtlarynyň deňeçer gitmegi üçin köp pida gerek...
Umuman, ynsan ösüşi pida talap edýär.
Gynansak-da, uruşlar döwri ösdürýär...
Emma düşünip bolmaýan zatlaram bar. Kuskoda – Ýeriň göbegi atly şäherde äpet-äpet dag harsaňlaryndan salnan ullakan gala bar, oňa uçardan seretseň gala gaplaň şekilinde. Daşlarynyň harsaňlarynyň käbiri 350 tonna, palçyksyz bir-biriniň üstüne örülip salnan galanyň daşlarynyň arasyna sakgal syrýan ýuka päkini girdirmek mümkin däl. Gala deňiz derejesinden üç ýarym müň metr belentlikde ýerleşýär, daşlary hem ençe kilometr daşlykdan, dagyň eteginden getirilipdir.
Ýigriminji asyryň ösen tehnikasy bilen häzir şol galanyň daşlaryny şindiki beýikligine eltmek mümkin däl.
Duran bir mistika.
Ýa käbir alymlaryň aýdyşy ýaly, inkler bu galany dagyň daşyny ýumşadyp, palçyk hala getirip, ýaňadan doňdurmagy başaraýdylarmyka?
Alla bilsin!
Emma Kuskodaky ol gala dünýäniň baş gudratlarynyň, pynhanlyklarynyň biri!
Dünýäniň gyzykly ýeri – dünýäde adam akylyndan daşgary pynhanlyklar köp. Dünýä diňe fizikanyň kanunlary bilen düşünip bolýan bolsa, onda ondan dünýä hem bolmaz, beýle dünýä ýaşanyňa hem degmez!
Ýaşasyn pynhan gudratlar!
Makalany otagdaşlarymyň ählisi okady, jedelleşdik, ahyry hem «syrly dünýä million ýyl syryny bukup gelipdir, oňa ýeke günde, ýeke ýylda, ýeke asyrda akyl ýetirip bolmaýar» diýşip, jedeli tamamladyk.
Esasy zat, kelle agyrymam, argynlygymam aýrylypdyr, bu akyldan daşgary gudrat bolsa, kalbymyň bir ýerinde başga bir dünýä, pynhan dünýä bolan yşy giňeltdi. Dünýäm has giňedi...
* * *
Mende şahyr bolmak pikiri ýok. Emma mahal-mahal goşgy ýazsam, ruhum galkynyp dünýäm giňäp gidýär. Men Omar Haýýamyň ylymdan boş wagtlary şygyr bilen meşgullanandygyny okan günümden başlap, hökman şygyr ýazmaly diýen netijä geldim, rast, şygyr gelýärmi – ýazyp depderiňe geçirmeli. Çykartmak, çap etdirmek on dokuzynjy derejeli zat...
Adam joşgunyny egsip durmaly, ýogsam joşgun içiňde döme-döme kesel etmegi mümkin. Joşgunyňy egismegiň bolsa iki sany ýoly bar.
Birinji ýol: saz çalyp joşgunyňy egsip bolýar.
Ikinji ýol: joşguny kagyza geçirip egsip bolýar.
Beýik Taňry maňa iki ýoly-da eçilipdir.
* * *
Ynanyp bilemok. Materialistler müň keren materialistlik pelsepäni hakyky ylym hasaplabersinler. Barybir, ynanyp bilemok.
Aýyň-günüň wagtly-wagtynda dogup-ýaşyp, aýlanyp durşy, gijeler gögüň goýnunda müň milliard ýyldyzlaryň gözlerini gyrpyp durşy, gündiz bulutlaryň dag kibi gabarasyny ýeňil göterip göç çekip, kerwen tutup barşy – akyla sygmaýar!
Heý, şeýle ajaýyp dünýä-de tozandan döräp bilermi?
Ýok, bu dünýäniň eýesi bardyr! Hökman eýesi bardyr!
Ýöne ol kim? Ýöne ol eýe nirede? Ol eýe nähili pikirde? Näme diýip ol bu owadan, ajaýyp, nazy-nygmaty bol dünýäsini eýesiz goýup, ogullarynyň har bolmagyna dözüp bilýär?
Dünýä akyl ýetirmegiň iň ajaýyp nusgasy dünýä barada pikir etmezlikdir!
Emma dünýä adam bolan adamy pikir ummanyna gark edýär. Pikir ummany bar, kenary weli ýok.
Ýaşaýşyň bir kenary dogulmak, beýleki kenary gabrystan.
Eger bary-ýogy adam ölmek üçin dünýä getirilýän bolsa, onda dünýä manysyz bolup çykýar. Dünýäniň manysy onuň manysyzlygynda diýen pelsepe taglymaty barada soňky günler köp oýlanýaryn. Bu taglymaty XVIII asyrda Magtymguly esaslanyryp gidipdir. Ýewropada bolsa bu täze taglymat hökmünde öwrenilýär.
Eger o dünýä bar bolup, onda hem bu dünýäde eden ýagşy işleriň üçin ýalkanyp jennete, ýaman işleriň üçin gazaba sezewar bolup dowzahda ýanmaly bolsaň, bu dünýä yzy sud bilen gutarýan ýöntem hindi kinosy ýaly bolýar.
Dünýä sowal ber, çarhypelege garga – barybir, sowalyňa jogap ýok.
Hudaýlaryň – daş hudaýlaryň, lat-menat hudaýlaryň, ýeke-täk biribaryň beýikligi sowallaryňy jogapsyz goýýar. Sowal ber, jogabyny hem agtar.
Bu dünýä gözlegler, agtaryşlar dünýäsi! Bolany!
* * *
Kämillige ýeten adama özünden gaýry gürrüňdeş, söhbetdeş ýok.
* * *
Bagyşla!
Adamyň hatasyny geç!
Geçirimli bol!
Türkmen: «Ganly bolsa, geç ganyndan» diýýändir! Ar almagy mahluklaryň ählisi başarýar. Geçirimli bolmagy bolsa ynsanlaryň beýigi başarýandyr.
Bagyşlamak pygamberlere mahsusdyr.
* * *
Uly şäheriň jümmüşinde ýaşaýan adam Günüň dogşuny görmekden, günüň ýaşyşyny synlamakdan mahrum bolýar.
Günüň dogşunda ajaýyp bir dabara bar. Dünýäniň owadan bir güni başlanýar, ýaşaýyş başlanýar, arzuw-hyýal başlanýar. Güni hudaý edinen eždatlarymyz geçmişde her gün säher jem bolup, Güni garşy alýan ekenler, maňlaýyna sylýan ekenler, arzuw-telwaslaryny, dileglerini aýdýan ekenler. Dogup gelýän Güni maňlaýyňa sylmak gowulykdan.
Günüň batyşynda bolsa düşündirip bolmaýan gussadyr gam bar: onda ýaşaýşyň soňlanmagynyň alamaty bar. Hiç bolmanda saňa berlen bir Gün tamam bolýar.
Sanalgy günleriň biri geçmişe gidip, hasapdan çykýar.
* * *
Sosializm bilen kommunizm hristosçylygyň dowamydyr. Sosialistler Hristosyň deňlik talabyny ähli baýlyklaryň ortalygy manysynda düşündiler. Ähli zatlaryň – eýeçiligiň ortak bolmagy olar üçin ähli kynçylyklaryň we jemgyýetçilik meseleleriniň çözgüdi bolup görnüpdir.
K.Marks şeýle ortalygy baýlaryň elinden häkimligi we maddy nygmatlary zorluk – rewolýusiýa ýoly bilen almak arkaly gazanmak mümkindir diýdi.
Lenin muny amala aşyrmaga başlady.
Stalin bolsa soňuna çenli dowam etdirdi.
SSSR-de eýeçiik millileşdirildi, ýagny döwletiň eýeçiligine geçirildi. Emma bu ýerde döwlet bilen jemgyýetiň şol bir zatlar däldigi aýan boldy. Döwletiň özi hem eýeçilik formasy ahyryn. Döwlet şol döwlete ýolbaşçylyk edýänleriň, ony edara etmäge gatnaşýanlaryň eýeçiligindäki zat bolup çykdy.
Diýmek, hususy eýeçilik düýbünden ýok edilmedi-de, diňe onuň formasy üýtgedildi. Indi döwlet bir toparyň elinden täze dörän başga bir topara geçdi. Şol topar hem ony öz hajatlaryna we bähbitlerine hyzmat etdirip ugrady.
Şeýlelikde, deňlik hem adalat diýilýän düşünjeleri zorluk ýoly bilen, gan dökmek arkaly gazanyp bolmaýandygy aýan boldy. Eýeçiligiň görnüşiniň mehaniki suratda üýtgedilmegi öz-özünden adamlary bagtly etmeýär. Häzir hem «gün güýçlüniňki – gowurga dişliniňki».
Kim eýeçiligiň sakasynda oturan bolsa, şol artykmaç baýlyklardan we hukuklardan peýdalanýar. Garamaýak köpçülik bolsa hukuksyz ýagdaýda ýaşaýar. Jemgyýetdäki şeýle gapma-garşylyk ahyrky netijede jemgyýetiň tozmagyna, ýurduň dargamagyna getirip biler. Sebäbi hökümetiň dilindäki owadan sözlere, kommunizm, ýetilen belentlikler baradaky sözlere garamazdan, halkyň sosial hem maddy ýagdaýy örän pes derejede galýar. Köpçülige iň zerur zatlar ýetenok.
Şonuň üçin hem adalata başgaça düşüniş zerur. Döwlet adamlara ölmez-ödi çörek bermegiň hasabyna olaryň işjeňligini, hereketliligini elinden alýar. Döwlet ähli zatlary – eýeçiligi öz eline alyp, jemgyýetiň ösüş hereketini togtadýar.
Adalat – deňlik däl-de, haýsydyr bir manyda deňsizlikdir hem. Diňe tebigatyň kanunlaryny dowam etdirýän jemgyýet adalatly bolup biler. Ýagny adamlaryň ukybyna, işjeňligine, başarnygyna we beýleki görkezijilerine laýyklykda olara dürlüçe çemeleşýän, olaryň hususy eýeçilige, şahsy pikire bolan hukugyny kepillendirýän döwlet adalatly jemgyýeti gurup biler.
* * *
Adamlara pikir hem hereket erkinligini bermeli. N.Hruşýow şuňa düşündi. Emma ol bir mizemez hakykata düşünmedi: sowet jemgyýetini diňe ykdysady reformalar arkaly kämilleşdirmek mümkin däldir. Aslynda bikemal gurlan zady kämilleşdirip bolmaýar. Şonuň üçin hem onuň işleri halkyň ýagdaýynyň öňküden hem pese düşmegine getirdi.
Reformalary syýasy sferadan başlamalydy.
Syýasat – ykdysady durmuşyň gönezligidir.
Emma syýasy reforma geçirmek diýmek nämäni aňladar? Munuň özi sowetleri syýasy ulgam hökmünde aradan aýyrmaly bolar diýmegi aňladýar. Muňa hiç kime, hatda partiýanyň Birinji sekretary N.S.Hruşýowa-da ýol bermezler.
* * *
Bäş sany başlangyç bar: birinji başlangyç – suw, ikinji – ot (ýalyn), üçünji – agaç (daragt), dördünji – demir, bäşinji – ýer (toprak).
Suwuň mydamalyk bolşy – öl bolmaly, özem aşak akmaly.
Oduň mydamalyk bolşy – ýanmaly we ýokaryk göterilmeli.
Demriň mydamalyk bolşy – daşardan edilýän güýje tabynlyk we durkuny üýtgetmek.
Ýeriň hemişelik bolşy – ýer tohum kabul edip, hasyl berýär.
Öl bolup, aşak akýan zat duzly zat döredýär; meselem, derýalar deňze, köle guýýarlar, kölde, deňizde şor suw köp, olardaky ot-çöp hem, jandarlar hem duz, şor bilen baglanyşykly.
Ýanyp, ýokary galýan zat – ajy zat döredýär.
Boýun bolýan we üýtgeýän zat – ýiti zat döredýär.
Sepilen tohumy kabul edýän we hasyl berýän zat – süýji zat döredýär.
Sözler