* * *
Duşmanyň güldügi – syryňy bildigi.
* * *
Ýörgür atym – gamçysyz gider.
* * *
Ary bolsun – baly bolsun!
* * *
Bir ýyl tut ekseň, ýüz ýyl altyn alarsyň.
* * *
Owal işe başlama, başladyňmy – taşlama.
* * *
Akylyň özem käte öz-özüniň diýenini etmeýär – käte bolmalysyndan pesde dur, käte-de ýokarda.
* * *
Gowy işiň erbet günde bitmegem ahmal.
* * *
Sowukganly adam aňsat akyl-paýhasyny ýitirmez, ol gahara özüni aldyrmaz.
* * *
Keçeňeklik etmek, eselmek öz-özüňi aldamakdyr.
* * *
Alňasama, özüňi girdaba meýletin taşlama: bolýar diýmegi bilmeýän, mydama «ýok!» diýýänlerden hakyky maksadyňy gizlegin, ylaýta-da, olar seniň şu maksadyňy ýigrenýän bolsalar, şeýtgin!
* * *
Agyrýan ýeriňi aýtma, ýogsam şoňa deperler. Duşmanyň bar gözleýäni şoldur.
* * *
Maslahatdan ýüz öwürýän, maslahatsyz oňup bilýän ýekeje adam hem ýok. Akyl almaýan adam – tüýs gutaran akmakdyr. Akylyň öýjügem bolsaň, barybir, dost maslahatyny diňläýmelisiň, ýokary wezipedäki adamlara-da ilden öwrenmek zelel etmeýär. Köplenç düzedip bolmaýan adamlar – tekepbirdir ýa-da tüýs nadan adamlardyr. Olary gurruga gaçyrmajak bolup, özüňiz gurruga gaçaýmaň!
* * *
Ägä adam üçin tötänleýin zat ýok. Ätiýaçly adam üçinem gara gün ýok.
* * *
Suw seňrige gelýänçä garaşyp oturma-da, öňünden gaç, ajy şarpygyň öňüni akyl-paýhas bilen al!
* * *
Oýlanyp, öňüňi görüp, geljegiňi bilip ýaşa!
* * *
Käbiri ilki bir iş edýär, soň hem oýlanýar, başga biri öňem, soňam pikir etmeýär. Bolmalysy – ömrüň paýaw bolýança pikir etmeli, ýogsam dogry ýoldan bahym çykarsyň!
* * *
Aý ýyldyzlaryň arasynda ýalňyzka patyşalyk sürýär, emma Gün dogansoň welin, ol ýa gizlinýär, ýa-da öçýär! Durmuşda-da şeýle bolmaly, ýöne Aýyň Günüň üstünden hökmürowanlyk edýän ýerlerini, oňa göwnüýetmezçilik edýän ýerlerini kän gördüm. Hawa-da, bu durmuşda nämeleri göreňok, nämeleri eşideňok. Ýöne barybir, Gün Gündür, Aý hem Aýdyr. Güni hernäçe kiçeltjek bolsaň hem ol kiçelmez, Aýdan bolsa hernäçe yhlas etseň hem Gün ýasap bilmersiň.
* * *
Öňüňi beklän adamlara gysmyljyrama-da, öz ýanyňda bileje ýalkym saçýan adamlaryňa ýakyn dur.
* * *
Eý, patyşahy älem, öz kimdigiňi raýatlaryňa bildirgin, sebäbi perizatlar hem öz kenizlerine özüniň kimdigini bildirýär.
* * *
Işiň rowaç almagyny isleýän bolsaň, meşhur kişiler bilen hemdem bol. Rowaç aldyňmy – orta gürpdäkiler bilen boluber.
* * *
Ýalançylyk öňem öwreniilen zat. Ynam welin, üýtgeşik bolsun ahyryn!
* * *
Kezzapçylygyň iki sany betbagtçylygy bar – oňa-da ynanmaýarlar, ol hem ile ynanmaýar.
* * *
Kimem bolsa birine gulak asyp otyrkaň, öz gelen netijäňi aýtmaga howlukma. Bir ýazyjy şeýle diýýär: «Bir bakyşda aşyk-magşuk bolmak hem akyl iş däl!» Şoňa görä-de, diňe söz bilen däl, iş bilenem aldaýandyklaryny unutma. Iň ýamany hem şu ýalan!
* * *
Erbet gaharyň gelende, özüňi rahat alyp baryp, edil wagtynda saklanmagy oňar – aldygyna çapyp barýan aty saklaýmak gaty kyndyr. Akyl-paýhasyň hakyky synagy, gahardan ýaňa porhan bolaýaňda-da, akylyňy ýitirmezlikdir. Gahar köp bolsa, – ýoldan sowýar – şuny bilseň, adalaty hiç wagt bozmarsyň, paýhas serhedinden çykmarsyň.
30.
Hakyky dostluk bar, ýalan dostluk bar: biri keýp çekmek üçin, ikinjisi döwletli işler etmek üçin. Şahsyýetiň dosty az bolýar, zadyň dosty kän bolýar.
* * *
Dostlaryňy ýitiresiň gelmeýän bolsa, olara gaty uly üstünlik arzuw etme!
* * *
Kellesi düzüw adam arman çekip ýörmez, akmak welin, şol armana özi kellesini sokar!
* * *
Iň gorkuly, iň köp gabat gelýän ýalňyşlaryň biri adamlarda ýalňyşýanlygymyzdyr. Harytda utulanyňdan bahada utulanyň ýagşy ahyryn! Emma, arman, adamy gören dessiňe tanap bolýarmy näme!
* * *
Adamlary hem edil kitap ýaly öwrenmek gerek.
* * *
Käbir dost uzakdan, käbirem ýakyndan ýagşy. Kimiň kimligi ýakyndan däl-de, uzakdan açyk görünýär.
* * *
Hemişelik dost tutunjak bol: goý, ilki täze bolsun, özüňe göwünlik ber, wagt geçer, köne doňtuňa öwrüler.
* * *
Dostluk eşretiňe eşret goşup, gaýgy-aladaňy kemisýär. Göwün hoşuň tenekary, keç ykbalyň ýalňyz däri-dermany ahyryn ol!
* * *
Dostlaryňdan diňe bir lezzet alman, peýda-da görgün!
* * *
Dostlugyň üç sany hakykaty bar – hem-ä ýeke-täk bolmaly, hem gowy, hemem hakyky bolmaly. Şu üçüsini-de dost özünde birleşdirmeli.
* * *
Ýagşylyga ýarap duran dost az-azdyr, emma geregini alyp bilmeýän dost ondan hem az.
* * *
Ýaşaýşyň iň uly ýörelgesi takatly bolmak, ol danalygyň laýyk ýarydyr. Ähli akmaklara çydap gezjek bolsaň, gaty kän takat gerek ahyryn!
* * *
Bäsdeşiňden ätiýaç edip – ägä bol, başgalar bilen hem sypaýyçylyk üçin ägä bol!
* * *
Aýdylmadyk zatda üýtgeşik bir syr bolýar. Şol syry näçe köp saklasaň, abraýyň artar, ýöne kemelmez.
* * *
Ownuk zatjagazlary höwes etme, şeýtseň, mertebäň belent bolar.
* * *
Asgyn ýeriňi uly il görüp durandyr: kimler seni gowy işiň üçin başyna täç etmäge taýýardyr, ýöne, çalaja asgyn tarapyňy görse, lal-jim açyp, diňe aýbyňy ýaýmaga başlar, şeýlelik bilenem mertebäňe dil ýetirer!
* * *
Eý, mertleriň merdi! Seniň her saparky begenjiň bahyllaryň boýnuna salnan syrtmakdyr! Seniň behişdiň – bahyl üçin dowzahdyr!
* * *
Bahyl adam iliň miwesinden özüne zäher ýasanýar.
* * *
Bahyl bir sapar ölmän, bäsdeşi näçe öwülýän bolsa, şonça-da ölýär!
* * *
Haýyş edeňde, söýgüde, häkimlik süreňde ägä bolan ýagşy.
* * *
Dönüklik bilen ýetilýän zadyň hemmesi adyňa ysnat getirýär.
* * *
Sarpasy belent adamlar pesligiň ýüzüne tüýkürýärler.
* * *
Ol seniň dostuňmy ýa-da seniň wezipäň dostumy? Bilseň – gowy.
* * *
Işde ýaman bolman, sözde ýaman bolsa, – erbet. Ýöne sözde ýaman däl-de, işde ýaman bolsa, ol has erbedi.
* * *
Çüýrük agaç miwe bermez.
* * *
Kimden peýda, kimdenem diňe ala kölege geljegini özüň bil!
* * *
Mertlik ykbalyň şarpygyny aňsat geçirýär, täleýe ten berdigiň – işiň gaýtdygy.
* * *
Kynçylyga çydagyn, ýogsam ony hasam agraldarsyň.
* * *
Kim özüni bilýän bolsa, güýjüniň ýetmejek zadyny hem, oýlanyşyp biler-de, öz-özüne kömek eder. Akyl-paýhasly adam ýazgytdan hem zor çykar.
* * *
Akyl-paýhas ýok ýerinde, öwüt-ündewe gulak asylmaýar.
* * *
Gün ýalpyldap durka, hiç kim oňa dogry seredip bilmez. Emma öňüni bulut tutdugy, uly iliň gözi şondadyr.
* * *
Ýönekeýje goýberen hataňy düzetmek üçin, ähli şow işleriňem ýetmez. Şoňa görä, aldanaýma, bahyllar diňe ýamanyňy görüp, gowyňy gizleýändirler.
* * *
Ätiýaçly bolgun, ätiýaçlylyk üstünligiň girewidir: ähli zadyňy orta goýma, güýjüňi aýap sakla, bärkisi, bilim-sowadyňy aýa, gymmady artar.
* * *
Ýagşy dost – ýagşy iş üçin döredilendir. Olaryň beýik sylag-hormatyny gara şaýa çalşaýmagyn. Mukaddes bedewi iň howply ýere münmek üçin saklagyn.
* * *
Uruş-sögüş nadanyň işi, ondan gaça dur! Oňa baş goşsaň, gaty köp erbetligiň üstünden bararsyň, onsoň ýeňdiň näme, ýeňmediň näme?!
* * *
Ýagşy at aldyňmy – ony aýap sakla, onuň bahasyna ýetme ýokdur, şoňa görä, hiç bir ýitirjek zady bolmadyk adam bilen gatnaşyk etme, ylaýta-da, jedel etme, sebäbi ol şu çaka çenli utanjyny-haýasyny hem, dost-ýaryny hem, dogan-garyndaşyny hem ýitirdi. Şonuň üçinem, ol guduz açan ýaly topular...
* * *
Türkmen bedewi – türkmeniň kalby.
Türkmen halysy– türkmeniň kalby.
Türkmeni bedewinden, halysyndan tanapdyrlar.
Beýle owadan haly türkmene Alla tarapyn berlendir.
Türkmen bedewi, halysy çeper eserlerinde uçýandyr. Bu türkmen kalbynyň uçmasydyr.
* * *
Herki zadyň öz wagty – möwriti bar, hemmesinem gören ýagşy.
Käbirleri üçin ömür ýoly çakdanaşa uzyn, çünki bagt ýoly öte gysga: begenç-şatlygy ir elden giderip, ondan ganyp görmediler, soň hem ony gaýtaryp getirjek boldular, ýöne begenjem, şatlygam olardan has alyslara gidipdi. Bu dünýäde olar gaty gyssanýarlar, wagtyň tizliginem az görüp, oňa öz alňasaklygyny-da goşýarlar, tä ömrüniň ahyryna çenli ýetjek zady bir günde ýuwutmaga taýýar olar! Gözleri zatdan doýmaýar, indiki ýylyň rysgalyny şu ýyl lak-luk atýarlar, şol hasanaklaşyp ýörler, ähli zady şeýdip külterläp ýörler. Men bu zatlary näme üçin aýdýaryn?!
Dünýä edebiýatyny, aýratyn hem türkmen edebiýatyny men durmuşdaky üýtgeşik adamlaryň nurana keşpleriniň çeper eserlerde bolmagyny isläp okaýaryn. Dünýä edebiýatynda gaty gowy ruhubelent adamlaryň çeper keşpleri döredilýär, şonda men kanagatlanma bilen dem alýaryn, täsin-täsin adamlaryň çeper keşpleriniň köp bolmagyny isleýärin. Goý, okyjy elinden kitabyny goýup bilmesin.
Men türkmen edebiýatymyzda hem çeper obrazlaryň köp bolmagyny isleýärin. Ýöne ýatda galýan göze doly gahrymanlar barmak büküp sanaýmaly. Bir tankytçy «Döwrüň keşbi – edebiýatyň keşbi» diýip ýazypdyr. Dogry pikir. Edebiýatda-da, durmuşda-da ownukçyl, maýda gepli, içi kitüwli adamlar azlyk edenok. Türkmen edebiýatynda basan ýerinden ot çykarýan, dogumly, batyr, merdana, Görogly pisint ärleriň çeper keşpleriniň ýokdugy barada oýlanýaryn. Şeýle ärleriň çeper nurana keşpleriniň döremegine garaşýaryn.
Eý, Hudaý jan, türkmen halkyna öz nurana nazaryňy sal! Türkmen halky galkynsyn!
* * *
Bize keýpi-sapa garanda, ömür köpräk berlendir, howlukman-gyssanman ömrüň hözirini gör. Emma haýal-ýagal hem ýapyşma, işiňi bitirdiňmi – gaty gowy zat, şatlygyň gutardymy – işiň gaýtdygy!
* * *
Uly orunda oturyp, işiňi oýlanyşykly etmeýän bolsaň, bar bela şondadyr, samanhananyň ýakyndadygyna ynanaýgyn.
* * *
Eziz dostum!
Adamdyr öýdýän adamlaryň bary adam däldir; adama meňzeş alamatdaky mahluklaram bar, olar bolar-bolgusyz zatlary samahyllaşyp, ham-hyýal guzlaşyp ýörendirler; ýene şolara meňzeşler, şolary goldaýanlaram bar; olar haram, ýöne – bolja girdejini halaýarlar, özem muny çyna berimsiz ýalan söz bilen hakykatyň lybasynda getirip berilmegini ýaman görenoklar. Ahyrsoňy hem barysy wes-weýran bolýar, sebäbi ähli zat egri ýol bilen gazanylypdy ahyryn. Diňe hakykat çyn şöhrat getirýär, diňe hamyrmaýaň berkligi – nep getirýär. Bir ýalan öz yzyna beýleki ýalanlary eýerdýär, ýöne şeýdip gurlan binalaryň ählisi hem ham-hyýaldyr, olaryň gönezligi boş howa bolup, hökman pagyş-para bolaýmalydyr. Bolgusyzlyk garraman öläýmelidir; boş-boş wadalar bahym müňkür edýär, subutnamalaryň bollugy hem iňkise goýýar.
* * *
Ilki-hä özüň bilen ýagşy, ýogsamam bilýänlere gulak asan ýagşy. Ýa öz akyl-paýhasyň, ýa iliňki bolsun, ýöne şonsuz-a ýaşap bilmeýän; emma köp adamlar hiç zat bilmeýändiklerini bilenoklar, başgalary hem bilmeselerem bilýärmikäk öýdýärler. Akmaklyk keselini bejerip bolmaýandygynyň sebäbi akmaklaryň özlerini tanaman, özlerine gerek zady gözlemeýändikleri üçin. Başga birleri bolsa, eger şeýle bolaýandyrys diýip pikir etmeýän bolsalar, alym bolmaly; olar hondanbärsiräp, paýhas münejjimleriniň gaty seýrekdigini bilýänem bolsalar, danalar lybasyna girip, hiç kime gulak hem asmaýarlar. Maslahat soramak aýp däl ahyryn, çekinme-de soraber, beýikligiňden kiçelesiň ýok, akylyňa-da zeleli degmez: maslahaty diňlemegi başarmak hem akylyň bardygyna güwä geçýär. Diňe ähli delilleri ölçerip-döküp, paýhasly hereket edip bilersiň.
* * *
Ýuwnuksyz bolma. Ony eýtdim, muny beýtdim diýip, döşüňe kakmagyn, şuny etmäge dostuňa-da ýol bermegin. Ýuwnuksyz bolmak edepli-ekramly ýigide asyl gelişýän zat däl, ol seniň at-abraýyňa-da zelel ýetirýär.
* * *
Günem bizden daşda ahyryn, ýöne onuň güneşiniň nur saçyşyna äňed-ä!
Allanyň nazar salan nepis zadyna merhemetli garalmalydyr, häki bir ortaçarak zada adamzat gadyr goýmaýar: näçe ýygjam gördüklerisaýyn şonça-da az sylaýarlar; ýakyn gatnaşykda bolsaň, öň pugta gizlengi ýatan kemiňi şonça äşgär görýärler. Hiç kes bilen gaty golaý gatnaşyk etme: ýokarda duran ketdeler bilen-ä şeýtmek gorkuly, aşakdakylar bilenem gelşiksiz, ylaýta-da garamaýaklar bilen şeýtme, olarda edep bolmaz. Sen-ä sypaýyçylyk edýänsiň, ol hem muny sen hökman edäýmelimikäň öýder. Çakdanaşa sada bolsaň hem akmakdyr hasap ederler.
* * *
Ýüregiňe ynan – hasam beter tejribeli ýürege ynan! Onuň bilen jedel ediji bolaýma, möhüm işlerde ol hakykaty salgy berer, ol diňe seniň üçin gije-gündiz işläp oturan münejjimdir. Köp adamlar öz ätiýaç edýän zadyndan heläk boldy – beladan gutulmaga jan etmedik bolsaň, ätiýaç seni başyna ýapsynmy? Duýgur ýürekler bolýar, tebigatyň aýratyn eçileni, ol ýürek mydama boljak işi öňünden duýduryp dur, haýhatly ýylda teblini kakýar, başyňy gutar diýip howlukdyrýar, belaň üstüne sadyklarça barmak bolmaz, ýok, onuň bilen başa-baş söweşe girmeli, şeýdibem, ony ýeňmeli.
* * *
Sabyr-takatly bol, ol akylyň alamaty. Göwnaçyk adam açyk kitap mysalydyr, okap oturmalydyr. Çuňlukda çuň syrlar saklanýar, çünki ol ýerde uly-uly aýlaglar bar, ähli gymmatly zatlar şolara çökýär. Az sözli adam özüne gaty berk erk edip bilýän adamdyr, öz joşgunyňdan üstün çykmagyň özem kiçi-girim ýeňiş däl. Kime ýüregiňi açýan bolsaň, şoňa-da jan başyna salgyt töleýänsiň. Kalbyň içre birsydyrgyn bolmak paýhas üçin dermandyr. Erjellik ýaşyrynlygyň garşysyna aýaga galýar; şoňa görä-de seniň garşyňa gidýärler – diýmesiz sözi aýdaýar öýdüp gorkýarlar; naýzalaryny çeneýärler, çünki iň geplemezegem şoňa çydamaz öýdýärler. Näme etmelidigi hakda sesiňi çykarmaly däldir; gürrüňini etmeli zady hem etmeli däldir.
* * *
Paýhassyz adam hiç wagt akylly adamyň çak eden işini etmez, – sebäbi akmak nähili hereket etmelidigini nä bilsin! Üşükli adamam başgaça hereket eder – sebäbi akylly adamyň garaşýan, ägä bolýan zadynyň daşyndan öwrüljek bolar. Ine, şonuň üçinem, her bir işi çar tarapdan maslahatly etmeli, özüň üçinem, garşydaşyň üçinem çözüp goýmaly, iki nukdaýnazardan äňetmeli. Adamlaryň gelýän netijesi başga-başga bolýar. Ylahym bolmaly hem-de bolup biläýjek bela-beterlerden sowulmak üçin seniň halallygyň eserdeň bolup durgaý!
* * *
Ýalan sözleme, ýöne ähli hakykaty-da aýtma. Hakykat ýaly gaty ägä çemeleşmeli zat ýok – hakykat ýüregimiziň gan damaryndan gaýdýar. Hakykaty aýtmak üçin hem, ony gizlemek üçinem ukyp-başarnyk gerek. Bir gezek ýalan sözleseň, päk ýürek adam diýen abraýyň gaçdygy biläý. Aldanan adama sada, aldana-da deýýus diýýärler, deýýuslyk has erbet dälmi näme? Ähli hakykaty ýaýyp bolmaz: birini öz abraýyň üçin aýtma, beýlekisini hem dostuň hatyrasyna gizle.
31.
Bilmezlik gödeklige çolanmasyn, rehim-şepagat hem ýygralyk lybasyny geýmesin!
* * *
Eger sada adamlara özlerine ynanmagyň delalaty degýän bolsa, munuň özi iş bitirýän kişilere hasam kän kömek eder.
* * *
Bir depen ýeriňi depip durma! Ähli akmaklar kejeňek bolýar, ähli kejeňeklerem –akmak.
* * *
Jedelde erjellik etseň, ýeňip gazanjak zadyňdan-da has kän zat ýitirersiň, sebäbi sen hakykaty goraman, öz edepsizligiňi goradyň!
* * *
Mis maňlaý adamlar bolýar, olary hiç haçan pikirinden dänderip bilmersiň. Eger-de kejeňeklik keçjallyk bilen utgaşaýdygy, bu ýere hökman samsyklyk hem goşular.
* * *
Sylag-hormatsyz oňup bilmeýän kişilerem bar – olar belent ýagşyzadalardyr, uly iliň arkadagy gerçeklerdir.
* * *
Hiç haçan aşa sypaýyçylyk etmäň, sypaýyçylyk aýalyp saklanmalydyr.
* * *
Kim owunjak zatlary duýgur bolsa, onuň ýüregem şony küýseýändir.
* * *
Aýbyň üstüni örtse bolar, emma ol hiç kime peýda getirmez.
* * *
Beýikler bagyşlanýar, peslerem ýürek bulaýar.
* * *
Bir gezek, ylaýta-da, ilkinji sapar ýalňyşmak kyn däl: mydama şowuna-da düşüp baranok, her zadyň wagty-möwriti bar, her miwäniň öz bişýän wagy bar. Şoňa görä-de, birinji synanyşyga ýene birini goşaý, eger şol ugruna bolsa, birinjiň ikinji synanyşygyň tölegi boldugy bolar!
* * *
Mydama gowa çalyş, kän iş etjek bol. Her bir iş gaty kän zat bilen bagly: üstünlik seýrek bagtdyr!
* * *
Aýyp zada altyn täç geýdirip, daşyna parça çolasaň hem, barybir, il gözünden gizläp bilmersiň.
* * *
Gowy görýän işiňi özüň et, ýüregiň almaýan işem iliň üsti bilen et: birinjisi saňa abraý-sylag getirer, ikinjisem seni ýigrençden sowar.
* * *
Mertebeli adamlar ýagşylygy kabul edenlerinden ýagşylyk edenlerini gowy görýärler.
* * *
Wasp etmäge mynasyp ärleri taryplamaly.
* * *
Ylahym ýagşylyk aç-açan edilip, ýamanlyk bilniksiz edilsin-dä! Şonda närazylygyň gahar-gazap hem-de sögünç oky üçin gowuja nyşana bolmagy gaty ahmal.
* * *
Belaň körügi ýaragda däl, belaň körügi gahar-gazabyň nireden dörändigi öwredilmedik adamlarda! Wah, ýeser ýeri, olar hem datmaly şarpygyny datmaly bolýar-da.
* * *
Ýüregiňe düweniňi etjek bolsaň, her haçan saňa zar bolsunlar!
* * *
Ýagşylygyň bar ýerinde, ýamanlyk hem bar, akmagyň göwün hoşy – işiniň biteni, şonuň üçinem: «Akmagyň bagty – göwnüniň hoşy!» diýýärler.
* * *
Säginseň kän ýaşaýaň. Moýly käse – hiç döwülmez, seretseňem, ýüregiňi bular.
* * *
Görýän welin, ykbal-täleýiň özi beýik kişilere bahylçylyk edýän ýaly bolup dur: ýogsam peslere-hä bakylyk eçilip, beýiklere-de jyzlanyň ömri dek ömür bermezdi ahyryn. Ile-güne gerekli adamlar tiz gidýärler, gara şaýa degmeýänlerem ýüz ýyllap süýrenişip ýörler, ýa, bu meniň göwnümemi, ýogsam hem hakykatdan-da şeýle-dä!
Bagt hem, ajal hem ony unudan bolaýmasyn?!
* * *
Öte sypaýyçylyga-da, öte hoşamaýlyga-da ynanma, sebäbi olar ýalançylygyň bir görnüşi.
* * *
Bir topar adamlar, dagdan agajy bolmasa-da, gözüňe tüsse gapdyryp bilýärler. Olar telpeklerini ýekeje gezek galgadanlarynda, akmaklaryň, gopbamlaryň, tekepbirleriň başyny-gözüni aýlaýarlar.
* * *
Bolsa, ne ýagşy, bolmasa-da – zeleli ýok, wadalar – agzyny açyp ýörenler üçin gurulýanja duzak!
* * *
Hakyky sypaýyçylyk – borç; ýasama, has-da beter, çendenaşa sypaýyçylyk – gedemlik. Ol edebiň aladasy bilen edilmän, eýsem öz artyk tarapyny mazamlamak üçin edilýär.
* * *
Ýalynjaň adam saňa däl-de, öz täleýine ýalynjaňlyk edýär, seniň rüstem, artykmaç tarapyňy wasp edip, ol, öňi bilen, öz görjek peýdasynyň gamyny edýär.
* * *
Ýaşajakmy – il bilen oňşupjyk ýaşa! Uruş-jenjeli halamaýan adamlar ýöne bir ýaşaman, eýsem olar şady-horram ýaşaýar.
* * *
Ähli zady görmeli, ähli zady eşitmeli, soň hem – dymmaly. Dawa-jenjelsiz geçen gün – süýjüje bagt! Hem-ä uzak ýaşamak, hemem hezil edip ömür sürmek – iki adama derek ýaşan ýalydyr. Bu bir erem bagynyň miwesi ahyryn.
* * *
Näme-nämeleriň ediljek bolýandygyna düşünmeseň, kimdir bir kesekä kömek etmek üçin öz eliňi oda urmaly bolarsyň.
* * *
Özüňe dahylly däl zadyň aladasyny etmeseň, durmuşyň lezzetini alarsyň!
* * *
Mekir kän bilýändir, ýöne sen iki esse akylly bol. Üşük – mekirligiň owsarydyr, çala çekseň, mekir toba geler.
* * *
Il bähbidine ylgan kişi bolup, öz işini araýan adamlar hem kän. Olardan ägä bolan ýagşy.
* * *
Hergiz peşeden pil ýasajak bolma, bu iň bolgusyz işdir.
* * *
Umydygär adam maksadyna ýetmek üçin göwnüne gelen zady wada berýär, ýöne ýaşaýyş hiç zady ýerine ýetirmeýär. Şeýlelik bilen, tekepbiriň hökman durmuşda maksadyna ýetmek hakdaky hyýaly hupbata öwrülýär.
* * *
Akmaklygyň ähli görnüşi üçin iň gowy derman dury akyldyr.
* * *
Her kim öz başarjak işini anyklamaly, şeýtse, ol özi hakdaky pikiri bilen hakykat ikisini bileje çatar.
32.
Türgen awçy nyşana alanda, azajyk ýokardan alar, emma pys geçmez, sebäbi ol okuň barha pessaýlajakdygyny bilýär.
* * *
Tejribäň ýok ýerine öz-özüňe aşa baha berseň, gowulygyň üstünden eltmez!
* * *
Dana kişi uly ile gadyr goýýar, sebäbi her adamyň gowy tarapyny görýär, sebäbi ol gowyny ýasamak ýaly kyn zadyň ýokdugyny bilýär.
* * *
Akyl-paýhasa ten bermeýän adam hiç kimiň gadyryny bilmeýär, sebäbi ol gowyny görmeýär, onuň gözi diňe erbet zady gözleýär.
* * *
Ile-güne gadyr-gymmat goý, yzyna-da şony alarsyň!
* * *
Suwa, oda düşüp, wepat bolanlary gördüm. Emma adamlaryň ynsanperwerlige eýerip, wepat bolanlaryny görmedim.
* * *
Dürli ýörelgelere eýerýän adamlar ähli kişiler bilen umumy dil tapyp bilmezler.
* * *
Dört hili dostluk peýda getirýär, dört hili dostluk hem zyýan ýetirýär.
Gönümel adam bilen dost bolsaň;
arassa adam bilen dost bolsaň;
ruhubelent adam bilen dost bolsaň;
ýiti akylly adam bilen dost bolsaň; – bular saňa peýda getirýär.
Ýürekdeş däl adam bilen;
sypjyk adam bilen;
müňkür adam bilen;
diliniň hözürini görýän ýaňra adam bilen dost bolsaň – zyýan taparsyň.
* * *
Şatlygyň dört görnüşi peýda getirýär, üç görnüşem zelel getirýär.
Däp-dessur we aýdym-saz bilen aýakdaş gidip, begeneniňde;
ruhuň belent bolanda;
adamlaryň gowy işi hakda gürrüň edende;
dana kişi bilen dost bolanda begenende – bulardan saňa peýda gelýär.
Sowur-ha-sowurlyga;
bikärçilige;
azgynlyga;
toý-meýlislere aňyňy aldyranyňda döreýän şatlyk – bu saňa zelel getirýär.
* * *
Paýhasly kişi üç zatdan gaçýar;
entek süňňi bekemedik ýaş oglanka, ol aşyk-magşuklyk keýpi-sapasyndan gaçýar;
güýç-kuwwat gelip, kämillik ýaşyna ýetende, ol uruş-sögüşden gaçýar;
süňňi gowşap garrylyk çagyna ýetende, ol ruhy çökgünlikden gaçýar.
* * *
Paýhasly kişi dört sany zatdan gorkýar: ol Taňrydan; ata-enesiniň nägileliginden; beýik adamlardan we akylyň öýjügi danalaryň sözünden gorkýar. Pes adam welin, Taňryň emrini bilmeýär, şoňa görä, ondan gorkmaýar hem, ol indi ata-enesiniň sözüne, nägileligine gulak gabartmaýar, çünki ol indi ata-enesine mätäç däl, öz gününi görüp bilýär; ýokarda oturan adamlary ýigrenýär; dana kişiniň sözüne gulak asmalydyr hem öýtmeýär.
* * *
Doga zehinli, doga bilimli adamlar hemmelerden ýokarda durýarlar. Olaryň yzynda okap, bilim alanlar durýar. Soň kynçylyga uçran, okamaga girişenler dur. Kynçylyga uçran hem okap başlamadyklar hemmelerden aşakda durlar.
* * *
Paýhasly türkmen dokuz zat hakda pikir etmelidir:
ruhubelentlik hakda;
aýdyň görmek hakda;
öz ýüz-keşpleriniň nurana bolmagy hakda;
öz işiniň sylagly-hormatly bolmagy hakda;
öz sözüniň ýürekden çykmagy hakda;
öz hereketiniň ägä bolmagy hakda;
öz gaharynyň soňky netijelerini unutmazlygyň zerurdygy hakda;
şübhe ýüze çykanda ilden soramagyň zerurdygy hakda;
peýda görmek mümkinçiligi bar bolan ýagdaýda adalatlylygy ýatdan çykarmazlygyň hökmandygy hakda.
* * *
Öz asly gelip çykyşy jähetden adamlar biri-birine meňzeş, öz endikleri taýdan hem bütinleý başga-başga.
* * *
Bir-ä iň akyllylar, birem iň akmaklar üýtgemeýärler.
* * *
Ynsanperwer kişiniň ýa-da adamy gowy görýän adamyň alty sypaty bar: sypaýylyk, ruhanalyk, mylaýymlyk, dogruçyllyk, üşüklilik, hoşgylawlyk. Eger adam sypaýyçylykly bolsa, ony hiç kim ýigrenmeýär. Eger adam ruhana bolsa, onda ol gatnaşyk edýän adamlarynyň hem göwünlerini götermegi başarýar. Eger adam mylaýym bolsa, ony goldaýarlar. Eger adam dogruçyl bolsa, oňa ynanýarlar. Eger adam üşükli bolsa, onuň işi ugruna. Eger adam hoşgylaw bolsa, ol beýleki adamlary hem öz işi üçin peýdalanyp bilýär.
* * *
Türkmen okamazlygyň ýedi sany nogsanlygyň üstünden eltip biljekdigini unutmaly däldir, ondan ägä bolmalydyr. Ol alty nogsanlygy maňa atam pahyr aýdyp beripdi: ynsanperwerligi gowy görüp-de, okamagy halamazlyk. Muňa nogsan diýilmeginiň sebäbi, ol bitewilige eltýär. Danalygy gowy görüp, şondan soň hem okamazlyk. Nogsanlygynyň sebäbi – bu adamyň asyl deregini dargadýar. Dogruçyllygy gowy görüp, şondan soň hem okamazlyk nogsanlygynyň sebäbi bu öz-özüňe kast etmek bolýar. Ruhubelentligi gowy görüp okamazlyk. Nogsanlygynyň sebäbi, bu göwnüçökgünlige eltýär. Dogruçyllygy gowy görüp hem okamazlyk. Munuň nogsanlygynyň sebäbi – bu gödeklige eltýär. Mertligi gowy görüp hem okamazlyk. Nogsanlygynyň sebäbi – bu bulagaýlyga eltýär. Tutanýerliligi halansa-da, ýene okamazlyk. Muňa nogsanlyk diýmegimiziň sebäbi, ol – kelesaňlyga alyp barýar.
* * *
Ýolda eşidenini gaýtalap ýörenden gaçarak duruň.
* * *
Rehim-şepagatly kişiniň hem halys ýek görýän adamy barmy? Hawa, bar. Ol başga adamlaryň gybatyny edýänleri şeýle erbet ýigrenýär. Ol ýene – aşakda oturan ýerinden ýokardakylara töhmet ýagdyrýanlary ýek ýigrenýär. Ol şonuň ýaly hem batyrlygy ýok dälem bolsa, däp-dessury berjaý etmeýän adamlary halamaýar. Ol gaýduwsyz adam hem bolsa, oýlanman işe başlaýanlary halamaýar.
* * *
Alladan bidin paýhas hem, akyl hem bolmaz. Däp-dessury bilmeýän kişi ile goşulyp bilmez. Iliň näme diýýänini bilmän, ili tanap bolmaz. Her bir halkyň özboluşlylygy, aýratynlygy bar. Türkmen halkynyň nähili özboluşlyklary, aýratynlyklary bar?! Ol aýratynlyklar, özboluşlylyklar halkyň däp-dessurlaryna bolan gatnaşyklarynda ýüze çykýar. Haýsy halky öwrenjek bolsaň, ilki bilen, şol halkyň däp-dessurlaryny öwrenmelidigini durmuş maňa kän gezekler nygtady.
* * *
Ýagşylyk edýäni wasp edip, ýamanlyk edýäni hem jezalandyrmak zerur.
* * *
Bir obadaşymyz atamyň ýanynda içini dökdi: «Meniň iki sany oglum bar. Olaryň biri okamagy halaýar, beýlekisem meniň baýlyklarymy ile sowgat etmegi gowy görýär. Olaryň haýsy birini özüme mirasdüşer saýlasamkam?»
Şonda atam şeýle diýdi: «Bu sowala göni bir zat aýdaýmak kyn, sebäbi okasy gelýäniňem, baýlyk paýlamagy gowy görýäniňem sowgat-serpaý, şöhrat hantama bolup şeýle edýän bolmaklary ahmal. Siz iki ogluňyzyň päli-niýetini, edýän işleriniň netijesini mazaly öwreniň, ana şondan soň belli bir netijä geliň» diýdi. Obadaşymyz atamyň ýüzüne kän seredip oturdy. Onuň näme pikir edendigini, soňundan nähili netijä gelendigini bilemok. Ýöne şu waka ýadyma düşse, obadaşymyzyň soňundan näme edendigini welin bilesim gelýär. Obadan çykyp gaýdyp, obadaşymyzyň nähili netijä gelendigini bilmän galdym. Obadaşlaryma duşanymda ol ýaşuly hakda hiç zat aýtmandylar.
* * *
Her bir ýere baraňyzda her haçan öz wezipäňizi aýdyňlaşdyryň, şol esasda-da hereket ediň. Edilmeli işiň aýdyň bolanda işiň tiz bitýär.
Aýdyň maksat, aýdyň wezipe – işiň ýarysy.
Ýolbaşçy işgärlerine anyk wezipe goýanda, onuň işi mydama şowuna bolar.
33.
Gizlin oturanyň salyhaty ýiti akyllynyň görgür gözi bilen başa-baş söweşe girýär: gör, bak, ýiti göz alarmyka ýa-da paýhas! Näme küýsegiň bardygyny, goý, hiç kim bilmesin, ýogsam gaty zyýan etmekleri ahmal: kim-ä gös-göni garşy çykyp ýamanlyk eder, kim hem ýaramsaklygy bilen ýamanlyk eder!
* * *
Bu aldawçy dünýäde keýp kän, sapa ondan-da kän, ol keýpi-sapalar başyňy-gözüňi aýlaýarlar! Köpüsi hem, öýüňden, maşgalaňdan geçirýän keýpler! Ahmal bolsaň, azaşdyrjaklar! Ýoldan çykarjaklar! Şu daşy jäjek, içi möjek keýpi-sapalara özüni aldyrmaýan adam – paýhasly adamdyr, ol dünýewi danadyr. Üns ber: hut şeýle bolmaly, emma şo hili görünmeli däl! Esasan hem şeýle bilen bolmaly däl. Adam mydama özüne şeýle sowal bermelidir! Men özüne imrindirýän keýpi-sapalardan gaça durmagy, özüme erk etmegi başarýanmy?! Eger başarýan bolsaň, onda saňa durmuşda gorky-zowal ýok.
* * *
Türkmen «Öňüm gelenden soňum gelsin» diýýär. Bu pähim göräýmäge ýönekeý bir pikir ýaly. Ýöne näçe oýlandygyňça, bu pähimiň öwüşginleri artyp gidip oturandyr.
Her bir türkmeniň soňy gelsin!
Mähriban ildeşim!
Ömrüň soňuny hem uly bir dabara öwürmegiň hötdesinden gel. Günüň özi hem dünýä nur saçyp durka, ýaşyp barýanyny görmesinler diýip buludyň aňyrsynda gizlenýär. Bize diňe Gün ýaşdymyka ýa-da ýaşmadymyka diýip çak urmak galýar. Tebigat – mugallymdyr. Bize ondan görüm-görelde, terbiýe almak galýar.
* * *
Ýeser ýigit, akyly jöwher ýigit ähli boljak işleri öňünden aňyp, ýüwrük atynyň jylawyny has ir goýberýär.
Göçgünlilikden ägä bolmak gerek!
* * *
Adamyň näçä durýandygyny özi däl, başgalar kesgitleýär, olaryň diýjek sözleri bolsa, ýüregiň üsti bilen gelýär.
* * *
Dostuň dosta ýagşy hyzmaty ýaly gymmat zat dünýäde ýok. Dostuňa wepaly bolmagyň iň gowy ýoly – dostlugyňy görkezmek, dostlarça gatnaşyk etmek.
Türkmeniň taryhynda dosty üçin öz şirin janyndan geçen merdana ýigitler kändir. Dosta wepalylyk – ine, türkmeniň esasy aýratynlyklarynyň biri.
* * *
Baýlygymyzyň iň gowy, iň uly bölegi – başgalara bagly, biz dostlarymyzyň we duşmanlarymyzyň içinde ýaşaýarys, şoňa görä-de, ýakyn dost tutunmak kyndyr-la welin, her gün ýagşy dost tutunmaga çalyş! Wagt geçer, zaman eglenmez – olaryň içinden ygrarly syrdaşyň çykaýmagy-da ahmal.
* * *
Duýgynyň üsti bilen söýgi ynama aralaşýar. Käbirleri öz abraýyna bil baglap, söýgi gazanjak hem bolýarlar. Emma bişowlyk ara düşse, ýagşy at alaýmagyň hupbat baryny ýuwutdyrýandygyny paýhas bize ýatladýar.
* * *
Ýaramaz adam bilen ylalaşyga gelip bilmersiň, sebäbi onuň belli bir ýörelgesi ýok.
* * *
Biderek zadyň gürrüňini edip wagt geçirenden, has möhüm zadyň pikirini et!
* * *
Aýdylmadyk zatda üýtgeşik gudrat, özüne çekijilik bar!
* * *
Sözde bir hili, işde bir hili adamlar köp. Olary aýyl-saýyllan ýagşy, sebäbi ol seniň öz dostuňmy ýa-da ol seniň wezipäň dostymy? Bilen ýagşy.
* * *
Başyňa iş düşende, mert ýürekden gowy ýoldaş ýok! Emma mert ýürek hem haýallasa, goý, başyň kömege ýetişsin.
* * *
Mertlik ykbalyň şarpygyny aňsat geçirýär, täleýe ten berdigiň – işiň gaýtdygy! Kynçylyga çydamasaň, ony has hem agraldarsyň.
* * *
Paýhasly kişi ýazgytdan üstün çykýandyr, sebäbi ol güýjüniň ýetmejek zadyny oýlanyşyp biler-de, öz-özüne kömek eder.
* * *
Käbirleri gaty bahym çat açýar, sebäbi boş göwre! Özüni-hä öýkeden, ilem gahardan doýurýar. Olara oýundan-çyndan lak ataýmaň, bir ýatan çöpjagaz hem onuň ýagty gününi garaňky edýär. Olar işiniň isleýşi ýaly bolmaýandygyny, bişowlygyny kimden görjegini bilmän ýören adamlardyr.
* * *
Merdi mert edýän – sözi bilen işidir. Onuň işi mydama şow bolgaý!
* * *
Paýhasyňa eýerseň – ýeňersiň, gylygyňa eýerseň – galarsyň!
* * *
Dostlugyň hem, duşmanlygyň hem möwriti bar, ömürlikdir öýdäýmegin. Şu günki dostlaryň ertir duşman bolaýmagy gaty ahmal, şonuň üçin öňünden biljek bol...
* * *
Sypaýyçylyga döneýin, oňa hiç zat taý gelmez.
* * *
Ýürekdeşligi uly-kiçi halaýar, emma ýürekdeş bolýan az. «Boýum ýaly boý tapdym, ýöne göwnüm ýaly göwün tapmadym» diýýändir türkmen. Göwnüň isleýän ýürekdeşiňi tapmak gaty kyndyr. Şeýle-de bolsa ýürekdeş dostly bolmaga çalşyň!
* * *
Mekir, hilegär diýdirenden ägä diýdirgin!
* * *
Päk ýüreklini – halaýarlar, ýöne – aldaýarlar.
* * *
Şonsuz indi ýaşap hem bolanok welin, onda-da mekir adam eken-ow diýdirmejek bol!
* * *
Ýolbars lybasyna girip bilmeseň, tilkiňki bilen geziber.
* * *
Wagtynda eglişik etdigiň – ýeňdigiň!
* * *
Maksadyna ýeten adam ýazgarylmaýar.
* * *
Aýal temençesini ýitirdi. Tapsa, – dünýä düzelýär, tapmasa-da dünýä ýykylýar!
* * *
Gedaýa hiç zat, garyba – azajyk, baýa-da kän zat berildi. Haýran galýaryn – üçüsem närazy! Üçüsine-de ýetenok!
* * *
Jennediň üstünde oturyp, çöregiňi däl, soganyňy tapmasaň hem, hergiz Hudaýdan görmegin!
* * *
Sözler