* * *
Mahal-mahal şäher howasyndan, iş-aladadan ýadap argynlygyňy aýyrmak isleýänsiň: Onuň ýalňyz melhemi – tebigata çykmak!
Birnäçe adam daglara çykmagy müwessa bilse, birnäçe kişi deňze gider, ýene bir topar adam çöle ýa derýanyň ýakasyna gider. Bu ýöne ýere däl. Bu tebigatyň talaby! Kim oňa akyl ýetirip tebigata çykýar, kim ýöne başyny alyp, gidere ýer tapman gidýär...
Adam tigriň içinde aýlanyp duran belkajyk ýaly öz aýlaw halkasyndan ýadap, argynlygyny aýyrmak isleýär. Diýmek, adam öz aslyna dolanmak isleýär. Adamyň asly tebigat! Ol diňe tebigatyň gujagynda öz hakyky bolşuna gaýdyp gelip bilýär.
Eziz ildeşlerim, men size «Geliň, hakyky türkmen bolmalyň!» diýýärin. Hakyky türkmen bolmak üçinem, öňi bilen öz asyl tebigatyňa golaýlaşmaly.
Dünýäde güýçlüden güýçli, beýikden beýik lukmanlar köp, emma tebigat lukmanlarbaşydyr!
Ýigriminji asyrda näme diýip kesel köpeldi, keselçilik köpeldi, sebäbi bu asyr adamlaryň baş şygary «tebigatdan üstün çykyp, ýeriň ýeke-täk hökmürowanyna öwrülmek» boldy. Ýigriminji asyrda tebigata kast edilişi ýaly, bütin taryhyň dowamynda kast edilen däldir. Ahyry hem Adam akyl ýetirdi: ol tebigata kast edip – özüne kast edýän eken!
Tebigat bilen bir jan, bir ten, bir ruh bolup bilen adam kämillik mülküne aralaşar. Tebigatyň ýaýlalary bilen pajarlamak, daglary bilen paýhaslanmak, deňizleri bilen galkynmak siziň her biriňize miýesser etsin!
Dost dostuň aýnasy, il-iliň aýnasy, toprak, Watan halkyň aýnasy. Kämil myhmanlar türkmeniň tebigatynda görer. Kalbymyzyň, katdymyzyň, ruhumyzyň gözel bolmagy üçin topragy gözel etmek parzdyr.
Bu toprak şeýle toprak, munda kesewini dürtseňem gögerýär.
Bu toprak şeýle toprak, nakyl gaçyrsaň, dessan bolup parlap çykýar.
Bu toprak şeýle toprak, islendik miwesi balarylaryň gülden-güle gonup toplan balyndan datly.
Bu toprak hazyna toprak, nesip bolsa, biz bu topragyň baýlygy bilen özüni bezäris. Köse daglary türk daglary ýaly ümürsin tokaýly daglar bolar. Hazar deňzinden Sues kanaly ýaly kanal gazyp okean bilen birleşeris. Garagum çöli ümürsin bagly-bakjaly jennet bolar, çünki biz bu topragyň hakyky aşygy!
* * *
Sowet eýýamynda tutuş Orta Aziýanyň suwaryş meýdanlaryndan çykýan zeý suwlary ýaňadan Amyderýa akdyrylýardy. Orta Aziýanyň halklarynyň janyna kast edilýärdi. Biz Garaşsyzlygyň ilkinji ýylyndan Jeýhun, Murgap, Tejen derýalaryna akdyrylýan zeýkeşleriň suwuny çölüstana akdyrmagy dogry tapdyk.
«Taýak gelýänçä – ýumruk» diýýändir türkmen.
Asyryň aýagynda bolsa şol suwlaryň ählisini jemläp, gadymy Uzboýdan başlap, Garagumuň ortasyna çenli uzaýan täze emeli Türkmen deňzini döretmäge başladyk. Ol deňziň ini segsen, boýy ýüz ýigrimi kilometr bolar.
Beýle äpet deňiz Garagum çölüni harap eýläýmezmi?
Elbetde, harap eýlär... eger şol emeli deňzi peýdalanmagy başarmasak!
... Segseninji ýyllarda Aşgabatdaky Gün önümçilik birleşiginde Garagum çägesini eredip, ondan emeli süýüm, emeli mata, emeli armaturalar alyndy.
Çäge kän, eretmek üçin gazymyz, neibitimiz kän. Nesip bolsa, ýakyn ýyllarda çägeden alnan materiallardan ýasalan turbalar tutuş Garagumy eriş-argaç geçer... Süýjüdilen suw bilen bolsa bütin Garagumy tokaý edip çykarys...
Çägeden alynýan süýüm ylymda täzelik däl, beýle süýümler ozal bazalt daşyndan alynýardy. Ýöne bazalt daşy bol däl, emma çäge köp, gaty köp. Çägeden alynýan süýüm bazalt daşyndan alynýan süýümden köp artykmaç. Ondan dokalan mata otda ýanmaýar, gyzgyny, sowugy geçirmeýär, syçan, sarygarynja iýip bilmeýär...
Häzir ylym üçin ajy, şor, zeý suwuny süýjütmek kyn mesele däl. Ençeme ýyllar Gyzyletrek etraby hut deňziň suwundan agregat arkaly süýjüdilen suwy içip gezdi. Biz, nesip bolsa, Garagumda jemlenen zeý suwlardan bolan deňzi süýjüdip, ondan çölüstanymyzy suwararys...
* * *
Adamyň synasyndan haýsy biri agyrsa, adamyň jany hem şol ýerindedir. Adamyň ýüregi hut şol ýerde lorsuldap-lorsuldap agraýar.
Duýan duýýandyr, duýmadyklar duýar barar, Türkmenistanyň niresidir bir ýeri ynjasa, şol ýeriniň yzasy meniň ýüregimde lorsuldaýar. Türkmenistanyň niresidir bir ýerinde aýratyn şatlykly waka bolsa, meniň ýüregim şol ýere atygsap dur.
Maňa daşary ýurtlarda saparda bolanymda bir syýasatçy alym: «Halky näçe agzybir etdim diýip pikir edýän bolsaň, şonçarak ýalňyşýansyň. Halkyň halk bolmagy üçin köp-köp uruşlar gerek, aýratynam graždanlyk urşy gerek!» diýipdi. Hormatly alym bilen, goý, alym kişiler jedelleşsin, sebäbi biz onuň halk diýip göz öňünde tutýan kategoriýasyna giremzok. Biz ýygyndydan ýygnanan, indem bir säw bilen halk boljak bolýan halk däl. Biz bir atanyň, bir enäniň perzendi! Bir halk bolup ençe müň ýyly arka atan halk. Uruşlaryň, ýowlaryň, külpetli günleriň gujagynda bir jan, bir ten bolan halk.
* * *
Ölüm ýaşaýşyň çöwre ýüzi.
O dünýä – bu dünýäniň, pany dünýä – baky dünýäniň çöwre ýüzi.
Kalp – bedeniň çöwre ýüzi.
Adam kalbyndan başlanýar. Pikir kylyň, mawy asmanda jowur ak bulutlar ýüzüp ýör, depesi ak garly daglardan çasly çeşmeler şaglaşyp, ýap-ýaşyl maýsalary tolkun atyp ýatan derelere, zawlara akyp ýatyr, hol baýyrlaryň eteginde süri keýikler otlaşyp, tawus guşlar daranyşyp otyr, emma zeminde adam ýok. Alla Adamy ýaratmandyr. Heý, şol durmuşda, dünýäde many bolarmy? Garly daglara, tawus guşlara, keýiklere Allatagala gerekmi? Diýmek, aňly-paýhasly adam ýaşamasa, Allatagalada hem many bolmaýar.
Pikir ediň, ateistleriň aýdyşy ýaly, ol dünýä ýok diýeliň, heý, onsoň şu dünýäde many galýarmy?
Adamyň kalby, ruhy dünýäsi hem edil Allatagalanyň ýaradan owadan dünýäsi ýaly gözel bolmasa, eger adamda şol ruhy dünýä bolmasa, onda ol adam bolmazdy, mahluk bolardy.
Bu dünýäniň mazmuny – Adam!
Adam Allatagalanyň ýaradan owadan dünýäsinde ýaşaýar, Allatagala bolsa, Adamyň kalbynda ýaradan dünýäsinde ýaşaýar.
Häzirki Amerika ynsanyň akylyna sygmaýan açyşlary edýär, emma entek Afrikada ilkidurmuş jemgyýetinde ýaşap ýören taýpa hem bar ahyry. Taňrynyň ýaradan dünýäsi şeýle, onuň bir tarapy asmana barýar, ýene bir tarapy göwresini ýerden hem göterip bilmeýär.
Çöregiň bir tarapy bişdi, beýleki tarapy çig.
* * *
Ýatyp iýmek, iýip ýatmak türkmene mahsus däldir!
Eger Alla biziň ýatyp iýmegimizi islän bolsady, onda atamyz Adamy jennetden kowmazdy! Eger iş, gözleg, ýaratmak höwesi bolmadyk bolsa, Adam behiştde-de ýaşap bilmezdi, zeminde-de!
Dünýäde Gerostartam bar, ol ýakyp at goýýar!
Dünýäde Neron hem bar, ol ýykyp at goýýar!
Dünýäde Çingiz han hem bar, ol abat zady tozduryp at goýýar!
Dünýäde Gitler hem bar, ol öldürip at goýýar!
Allatagala bizi ýokdan bar etdi, neronlar bary ýok edýär!
Biziň arkamyzda Allatagala bardyr, olaryň arkasynda Melgun!
Gündizi nurly Günli, gijesi ýyldyzdan doly ümmülmez dünýäni ýaradan Hudaý ony Adam ogluna bagyş etdi.
Ol adam ogluna öz kesbini – ýaradanlygy hem bagyş etdi: ýarat, döret, gur, gözle, agtar, bina eýle – diýip, gursaklara ylham guýdy.
Allatagala Älemi, Ýeri hem Adamy ýaradyjy! Adam zemindäki ýaşaýşy ýaradyjy!
Şahyra serediň, ol uzyn gije ukudan galyp, ejir baryny çekip oýnam setir döredip, beýleki adamlara ýat bolan beýik lezzeti alýar!
Daýhan topragy sürüp, malalap oňa öz maksadyny ýazýar!
Toprak dünýädäki iň jomart amanat kassa, ol atan ýeke tohumyňy müň edip gaýtaryp berýär.
Işçi zawod-fabriklerde durmuşa derwaýys gerek harytlary öndürýär!
Alym agtarýar, gözleýär, oýlap tapýar.
Adam – ýaradyjy! Adam – zemin möçberli hudaý! Adam – zemin möçberli gudrat!
* * *
Ýol – türkmeniň keramatlarynyň biri.
Ýoda aýlanyp ýola barar, ýol aýlanyp ile barar!
Çeşmeler birleşip çaý bolar, çaýlar birleşip, derýa bolar!
Ýadymda, güpläp agyr gar düşse, atam pahyr adatdakydan ir turardy, menem turardym, turup bilmesem hem turuzardy. Ol garda bir hoşluk görerdi, agyr gar ýaganynda çaga ýaly begenerdi. Saba-säher bilen atam ikimiz ilki tamdyra, soňra goňşulara, guýymyza, mal ýatagyna ýol arçardyk...
Ýol türkmende keramatly: türkmen ýola gidýäne «Ýoluň ak bolsun!» diýýändir.
Üns berip görüň: ýaýlalarda, tekiz düzlerde, takyrlarda şowlap ýatan göni ýol gurulýar!
Daglara barýan ýol weli başgaça, daglara barýan ýol hamana keremli daglaryň başyndan aýlanýan ýaly öwrüm-öwrüm bolup, aýlanyp-aýlanyp gider.
Çölüstanyň ýoly hem şeýledir: ürgün çäge duşdumy, ýol sowlar, näçe sowulmalam bolsa ýaltanmaz, sowlup, sagdyn ýeri saýlap ýol salar.
Derýalarda, deňizlerde hem saý ýerden sowlup, akgyn ýerden aýlanyp ýol gurulýar! Hatda asman ýollary hem şeýle!
Her ýeriň ýagdaýyna görä ýol salynýar!
Doganyň, dolananyň, ilen-çalanyň, goňşy-golamyň, obadaşlaryň bilen hem arada şeýle ýol gurulýar. Öz islegiňe görä, ýol saljak bolsaň bolmaz! Sen gyssanýan-da bolsaň, daga çykanyňda köteline görä aýlanmaly. Eger sen dogan-garyndaşyň bilen süýjüje ýaşaşjak bolsaň – diňe dogan-garyndaşlyk ýeterlik däldir, süýji gatnaşykly ýol hem gurmalysyň! Goňşy-golamyň bilen hem gowuja gatnaşjak bolsaň, gatnaşygy öz göwnüňe görä gurjak bolsaň bolmaz! Ynsan kadalaryna laýyklykda gatnaşyk açmaly bolarsyň! Goňşyň gaharjaňmy – sen giň bolmasaň goňşuçylyk uzaga gitmez! «Goňşyň kör bolsa, gözüň gyparak!» diýýändir türkmen!
Ýodalar ýola birleşip, ýol bolýar, oba ýollary şähere, şäher ýollary ulus-illere äkidýär.
Ýollar – ynsan ömri!
Öz göwnüňi görüp, öz göwnüňiň hyzmatynda ýaşasaň, özüňden gaýry dostuň bolmaz! Özüňde özüňi ýeňip bilmeseň, özgäniň göwnüni alyp bilmersiň! Seniň öz göwnüň bir dünýä, özgeleriň her biriniň göwni hem bir dünýä! Sen näçe köp dünýäde ýaşap görseň, şonça hezil etmezmiň! Tomsuň gara gijeleri her bir ýyldyza baryp görmegi arzuw etmeýän barmy? Töweregiňdäki adamlar şol ýyldyzlardyr, olaryň hersi bir dünýä, olaryň hersi üýtgeşik sapaly dünýä.
Size müňde bir syrly ýüreklerde, dünýälerde ýaşap, lezzet almak miýesser etsin!
Gara daglaryň aşagyndan iň arassa, iň dury, iň şerbetli çeşmäniň çykyşy ýaly, adamyň iň päkize duýgusy ýüreginde döreýär, şineleýär, ösýär.
Biziň uly döwletimiz bäş million halkyň her biriniň ýüreginde kemala gelen döwlet bolmaly!
Her bir adamyň päkligi, ylahy mazmuny ýüreginiň töründe dürler hazynasy ýaly bolup ýatyr. Döwlet biziň her birimiziň kalbymyzda dürler hazynasy bolmaly!
Men ata-baba asylly däplerimiziň ençemesiniň şineläp ugrandygyny duýýaryn. Sylaşyk, agzybirlik biziň baky ýaranymyz boldy.
XXI asyr birek-biregi sylamagyň, adam hormatyny belende götermegiň asyry bolar.
Birek-birege hormat goýup gatnaşyk etseň, özüň üçinem gowy, sylanylýan adam üçin hem gowy.
Allatagala nirede agzybirlik bar bolsa, men şol ýerdedirin diýipdir.
Türkmen halky Allanyň nazar salan halkydyr.
Birek-biregi sylamak durmuşyň manysyny artdyrýar, göwnüň göterilýär, ýaşaýşa höwesiň artýar.
Siz adamlar bilen mylakatly, güler ýüzli gürleşiň. Şonda niredendir bir ýerden özüňize çäksiz gujur-gaýratyň gelendigini duýarsyňyz.
* * *
Owgan halkynyň Hoşhal han Hatak atly ajaýyp şahyry bar. Ol owgan edebiýatynyň klassygy, düýbüni tutujysy. Ol bir goşgusynda kimleriň samsykdygyny aýdýar: duşmanyň wadasyna ynanýan kişi, ýylany-içýany oýnadýan kişi, aýalyna ýumruk salýan kişi, gyzlayň arasynda hantama bolup göz güldürýän goja kişi samsykdyr, akmakdyr diýip, akmaklary sanaşdyryp, soňunda: «Hoşhal, tur, gaç, daşyňy akmaklaryň sürüsi alypdyr» diýip goşgusyny jemleýär.
Bagtdan sorapdyrlar:
– Niräk barýaň?
– Gujagyny açyp garaşyp oturanyň ýanyna.
Begbatglykdan sorapdyrlar:
– Niräk barýaň?
– Gujak açyp garaşyp oturanyň ýanyna!..
Hudaýa şükür, niýetimiz düzüw, ýolumyz dürs, pygamberlere, Hudaýa hoş ýakjak işleri edýäris.
* * *
Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda Saglygy saklaýyş ministrliginiň adynyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi diýlip üýtgedilmegi ýöne ýerden däldi. Şol sözüň üýtgemegi bilen tutuş döwletde medisina işgärleriniň iş usuly, medisinanyň mazmuny üýtgedilip guruldy.
Beýik Magtymgulynyň «Saglygyň gadryny bilgil, hassa bolmazdan burun» diýşi ýaly, türkmen lukmanlary halkymyzyň saglygyny goramalydyr.
Ýangyny öçürmekden, ýangynyň öňüni almak akyllylykdandyr!
Keseli bejerenden, keseliň öňüni almak akyllylykdandyr!
Muhammet pygamberimiz «Görk hem agyzdan girer, dert hem agyzdan girer» diýip, örän dana sözi bize ýadygärlik galdyrypdyr.
Saglygyň goragçysy witaminler. Biziň topragymyz bolsa witaminler hazynasy.
Biziň döwletimizde öndürilen miweleri, bakja ekinleriniň hasylyny arly ýyl saklamaga mümkinçilik berýän doňduryjy enjamlarymyz bar.
Türkmen halky arly ýyl witaminlere baý miweleri iýmelidir.
Türkmen halky sagat, görmegeý halk bolmalydyr.
Nesip bolsa, biziň döwletimizdäki gospitallarda dünýäniň iň ösen medisina tehnikasy, apparatlary, gurallary, däri-dermanlary bolar!
Türkmen topragy zor toprak, gün nuruna baý toprak, şol sebäplem bizde ösýän ot-çöpleriň, dermanlyk ekinleriň dermanlyk serişdesi örän güýçli. Şonuň üçinem, ýurdumyzda birnäçe derman öndürýän farmaseftiki fabrikler açdyk, öz derdimize öz dermanymyzy peýdalanarys...
Maşgala lukmanlarynyň işiniň ýola goýulmagy her bir adamyň saglygyny mydama goragda saklamaga mümkinçilik berip başlady.
Bir akyldar aýdypdyr: adam pakyr ylgap ömrüniň ýaryny baýlyk toplamaga sarp edýär, soňam şol baýlyklaryny saglygyny dikeltmäge sarp edýär.
Pars patyşasy Artaşir özüni ýylana çakdyryp, soňam özüni bejerip bilmeýän lukmany köşgünde saklamaz eken.
Gadymy ýunanlar kesellän lukmanlaryň aýlygyny kesipdirler, eger dessine ol özüni bejermegi başarmasa, köşk lukmanlygyndan boşadypdyrlar.
Bir lukman aýdypdyr: her bir derman hassa garadylyp atylan okdur, ol hassanyň derdine degse, derdi ýok eder. Ýok, lukman körzehin bolup, başga sagdyn synadan degse, sagdyn synany weýran eder!
Türkmen halkynyň saglygy döwletiň baýlygy! Döwlet baýlygyna kembaha garaýan lukman bilen ýolumyz bir däldir!
Güýçli seýisler bedew atlary nähili seýisleýän bolsa, bize-de özümizi şonuň ýaly seýislemek gerek.
Türkmen aşa doýanyndan açrak gezen saglyga bähbit diýýändir.
Pygamberimiziň aýdyşy ýaly, dert agyzdan girýändir, agza sak bolmaly! Biz gadym türkmenlerdiris, jahankeşdeleriň, taryhçylaryň wasp eden türkmenleridiris, biz görmegeý, sagat, sagdyn, ot ýaly bolmalydyrys!..
Bir lukman:
– Men kesellileriň ýüzden togsanysyny söz bilen bejerdim: lukmanyň sözi hassa üçin doga ýaly, keramat ýaly, tenekar ýaly, Gurhanyň gudratly süresi ýaly bolmalydyr, şony başarmasa, ol gassaphana işe gitsin – diýipdir.
Başga bir lukman:
– Men hassanyň derdini, keselini özüme geçirýärin, onuň keselini özümde duýanymdan soň, men dessine ony bejerip bilýärin – diýipdir.
Türkmen lukmanlary, işe, şeýle lukmanlar bolmaly!
Bir ýolagçy öňünden çykan mergi keselinden nirä barýandygyny sorapdyr.
– Bagdada barýan. Men bäş müň adamyň janyny almaly – diýip, mergi jogap beripdir.
Birnäçe günden soň ýolagçy ýene-de mergi bilen duşuşýar.
– Sen Bagdada bäş müň adamyň janyny almaga barýan diýipdiň, ýöne sen näme üçin elli müň adamy gyrdyň? – diýip, igenipdir.
– Ýok, men sözümde durdum, aýdyşym ýaly, bäş müň adamyň janyny aldym. Galanlary gorkusyndan öldi – diýip, mergi jogap beripdir.
Saglygymyz biziň rowaçlygymyzdyr.
Saglygymyz üstünligimiziň açarydyr!
Türkmen halky XXI altyn asyra ruhubelent gadam basmalydyr.
Türkmen halky XXI altyn asyra iň asylly ahlak sypatlar bilen gadam basmalydyr.
XXI asyr türkmen üçin neşesiz asyr bolmalydyr.
XXI asyr – türkmen halky üçin gözellik, saglyk, söýgi asyry bolar.
Söýgi – ganatdyr.
Söýgi – saglykdyr.
Söýgi adamlary owadanlaşdyrýar, salykatlylaşdyrýar.
Birek-birege mähirli, mylakatly bolalyň.
Birek-birege ünsli bolalyň.
Birek-birege hoş sözüňizi gysganmaň. Adama agyr günde-de, gowy günde-de hoş söz edil howa ýaly gerekdir.
Hoş söz ganatdyr. Diýmek, biz birek-biregimize ganat bereliň. Bu dünýäde adamdan gowy at, gowy söz galýandyr.
Geliň, özümizden gowy at, gowy söz galdyrmaga çalşalyň!
Kim ýaşlykda hakyky söýgä, yşka uçrasa, onuň kalbynyň birentek perde tutusy syrylyp, hakyky adamlyga tarap gapy açylar!
Kim başky söýgüsinden jyda düşüp ganlar aglasa, onuň kalbynyň ýene birnäçe perdeleri syrylyp, talanta tarap derweze açylar!
Kim maddy dünýä bilen ýaşap, şonuň çygrynda haýwan ýaly oňup ýörse, ol adamyň kalby öli doglar, ölüp hem gider.
Owadan mawy gümmeziň içinde burugsap aýlanyp duran dünýä Allatagalanyň kalbydyr!
Seniň gursagyňda dumanlap duran owadan dünýä seniň kalbyňdyr, ol köňlüňiň höwürtgesidir!
Magellan deňizlerde, däli möwçli ummanlarda ýüzüp bütin dünýäni aýlanyp, yzyna geldi. Sen Magellan bolup on ýyl, ýüz ýyl ýüzüber, ibn Batuta bolup paý-pyýada ýüz müň menzil ýol geçiber, barybir, kalbyň aňry çäklerine barjak gümanyň ýokdur. Älemiň çäginiň bolmaýşy ýaly, kalbyň çäkleri-de ýokdur.
Bimöçber, biserhet ynsan kalbynda Allanyň ruhy, Adamyň köňli ýaşaýar.
* * *
Men ýeke çagym, köplenç, eziz käbämi ýatlaýaryn.
Mähriban ejemiň ýylgyryşlary gözlerimiň öňünde. Men ol ýylgyryşy gözlerimi ýumubam görüp bilýärin, gijäniň tümünde hem.
Men agyr hupbatlar başyma düşeninde, çykalga tapmadyk halatlarym ejem janyň ýylgyryşyny ýatlaýaryn, şol pursat onuň mähriban ýylgyryşy kalbyma, dünýäme çaýylyp, dünýä ezizlenip gidýär, ýadawlygym edil el bilen aýrylan ýaly bolýar. Men, ertekilerdäki goja kişi ýaly, ähli keselimden gutulýaryn. Men, ertekidäki garry ýaly, şol ýylgyryşyň güýji bilen altmyş ýaşymdan ýedi-sekiz ýaşly oglanjyga öwrülýärin. Meniň ruhum algyr guş ýaly, al-asmana pel-pelläp uçýar, men şol pursat, adamlar-a beýlede dursun, guşlaryňam, janly-jandarlaryňam, ösümlikleriňem diline düşünýärin. Ejem janyň gözlerindäki ylahy yşyk meniň kalbyma şuglasyny saçýar, meniň ömrüm, ýaşaýşym ene ýylgyryşyndan süýjeýär. Ol ýylgyryş maňa ylahy gudraty berýär!
Ejemden galan ol ýylgyryşlar meniň hazynam, meniň baýlygym, ol ýylgyryş ýaly eziz zady men dünýäden zer döküp satyn alyp bilmerin, haýyş edip alyp bilmerin, agtaryp tapyp bilmerin!
Eýse, her kimiň ömründe şeýle ýylgyryş ýokmy? Käbäň eneňden, kyblaň ataňdan galan gudratly ýylgyryş! Bardyr, köpdür, şol ýylgyryşlar bizi ýaşadyp ýörendir. Ýöne, belki, dürli sebäplere görä, ol ýylgyryşlara ähmiýet berip, baha kesip gören däldiris…
Adam ýylgyran çagy diýseň owadanlaşýandyr. «Ýylgyran ýüze ýygyrt düşmez» diýlen nakylyň manysy, ýylgyrýan adamlar garramaýar diýildigidir.
Uly ummanlar, däli deňizler tupan turup, şemal bolup, tolkunmasa, umman möwç urmasa, ummanlar görkünden aýrylar, üstesine-de suwy sadyr atar!
Ýeriň ýüzünde mylaýym ýeller sergezdanlyk edip gezip ýörmese, kim ynsanyň ýüzüni sypalar, kim dünýäniň howasyny sypalar, täzelär!
Däli ummanlaryň möwçleri, zeminiň mylaýym ýelleri – olaryň ýylgyryşydyr.
Ýylgyryň, ýylgyryş – ynsan dünýäsiniň gapysy.
Gözleriňiz ýylgyrsyn – gözleriň ýylgyrşy ruhy dünýäniň derwezesi.
Ýusup pygamberden: «Seniň deňsiz-taýsyz gözelligiň syry nämede?» diýip sorapdyrlar. Ol:
– Men bütin ömrümde özgeleriň hoşuna geljek, özgelere peýda getirýän, özgeleriň göwnünden turýan işi etdim, şol hem maňa ummatymyň görk-görmeginiň nuruny berdi – diýipdir.
Geýne «Sözüň gutaran ýerinden saz başlanýar» diýipdir. Meger, sazyň gutaran ýerinden ýylgyryş başlanýandyr. Jadyly, gudratly, ylahy ýylgyryş! Ýylgyryşda Ylahy kerem, Ylahy gudrat, Ylahy güýç bar:
Aşyk söýgüli gyzynyň ýalňyz ýylgyryşy üçin janyny bermäge taýyn!
Şahyrlar müňlerçe ýyl bäri magşuk gyzyň ýylgyryşynyň waspyny edip, aňyrsyna çykyp bilenok!
Ylahy gudratlara diňe ýylgyryş bilen baryp bolýar!
Men öz pikirlerime gümra bolup oturşyma, birden ejemiň, käbämiň ýylgyryp duran keşbi aňymda janlanýar, onuň çeşme ýaly dury gözlerinde ýyldyrymdan bir zerre bar. Ýylgyrýar, argyn, ýadaw ýüzüne ýylgyryş çaýylan ene dünýäniň ähli gözelliginden gözel, ähli gudratyndan keremli, ähli jadysyndan melhemli. Ejem ýylgyrýar… Ýer mizan terezisidir. Ol kimiň kimdigini ýüz görmän, mesaňa edip berer.
Ýeriň hyzmatynda, Günüň jokramasynda ýüzi gyzaran adamyň hiç haçan, hiç ýerde ýüzi gyzarmaz.
Men Amyderýanyň kenarynda durup, derýanyň towlanyp-towlanyp akyşyna, şeýle hem sähra – bahar paslynyň jadylaýjy demine burugsap ýatan türkmen topragyna syn edýärin, namazlyk ýaly päkize türkmen topragy, saçyna ak sepen mähriban enäniň saçagy ýaly mukaddes türkmen topragy, ejäniň goýny ýaly keramatly türkmen topragy, paýhasly atanyň ýüzi ýaly nurana türkmen topragy! Göwnüme bolmasa, hol beýik dagyň garly bir gerşinde hezreti ulug atamyz Oguz han her daşa bir aýagyny basyp, talapkär nazaryny alyslara aýlap, işi şowlap başlan täze türkmen döwletine ak pata berýän ýaly bolup dur. Zawlardan göterilýän ýeňiljek ümeziň içinde onuň nurana keşbi hem görünýän ýaly.
Meger, Oguz han atamyz hoş bolýan bolsa gerek, çünki onuň isledigi agzybirlik bu ýurduň baş ýörelgesi!
Oguz han atamyzyň isledigi parahatlyk bu topragyň üstüne humaý guşy bolup kölegesini salyp ýör!
Oguz han atamyzyň isledigi her kim çöregini zähmetden, halal işden agtarýar!
Oguz han atamyz hoş bolsa gerek, çünki onuň isledigi dostluk, doganlyk türkmen topragynda gol-gola berip geljege barýar!
Oguz han atamyz hoş bolsa gerek, çünki onuň agtyk-çowluklary arassa zähmet bilen, halal baýlyk bilen, ýürekleriň päk arzuw-hyýallary, joşgunly hyruçlary bilen Oguz han döwletiniň dowamyny gurýarlar!
Oguz han atamyz hoş bolsa gerek, çünki onuň ýaşan ýurdunda Berkarar döwletiň ýaşyl Tugy parlaýar!!!
Oguz han atamyzyň ak pata berip, mährem nazaryny siňdirip duran eziz topragy has hem ezizlenip barýar…
* * *
Adamzat dogup-döräp ähli baýlygy, hazynany, gudraty gara ýeriň göwsünden, gara daglaryň goýnundan, ummanlaryň gujagyndan tapmany öwrenip, Allatagalanyň beýik keremlerine haýranlar galýar. Emma Adam özünde, öz kalbynda gara ýeriň astyndaky-üstündäkiden, ummanlaryň goýnundaky daglaryň gujagyndakydan uly bimöçber hazynanyň ýygşyrylyp ýatandygyndan bihabar.
Geniler – adatdan daşary adamlar däl, ýok, olar diňe ynsanyň beýnisinde, kalbynda pynhan ýatan şol hazynanyň, baýlygyň çeşmesini tapan ägirtler.
Türkmen rowaýatyny ýatlaň: ogulsyz-gyzsyz goja dünýä söýgüsini ýitirip, başyny alyp, Ajalyň öňünden gidýär. Üç gün ýöreýär, bäş gün ýöreýär, ajygýar, suwsaýar, ahyry emedekläp bir çeşmä ýetýär. Onuň bal ýaly suwundan ganyp, uklap galýar, oýanýar weli görse, ol düýbünden başga adam, keselem, derdem ýok ýaş ýigit!
Türkmen ertekisini ýatlaň: ýetim oglanjyk talap agtaryp dünýä çykýar, emma öz obaňda, öz şäheriňde ýok talap kesekiniň şäher-kendinde-de üýşüp ýatanok. Ol mejalsyz halda bir çeşmäniň başyna barýar. Onuň suwundan içýär weli, daragtlardaky guşlar jüýpüldeşip «gürleşip» başlaýar. Oglanjyk olaryň guş diline düşünýär. Ýapraklar şybyrdaşyp «gürleşip» başlaýar, oglanjyk ýapraklaryň, ot-çöpleriň, haýwanlaryň, janly-jandarlaryň diline düşünýär…
Görogly bege serediň, ýetmiş iki dile düşünýändir! (Görogly zamany dünýäde ýetmiş iki millet bar diýip ynanypdyrlar). Görogly näme diýip ýetmiş iki dile düşünip bilýär? Sebäbi Görogly Adam dilini bilýär. Adam dilini bilen Adama dil serhedi ýok.
Görogly Gyratynyň diline-de, Ýyldyz dagynyň diline-de düşünýändir. Gorkut atanyň oguzlary agaç bilen, suw bilen, gurt bilen gürleşip bilýändir.
Tebigaty söýen adam tebigatyň diline hem düşünip bilýär.
Emma… Köpbilmişlik zerarlymy, tekepbirlik zerarlymy – adam ogly tebigatyň diline düşünmegi unudypdyr.
Uzyn güni gara güzerany üçin gydyrdanyp ýören garynjalar basym çagba ýagyp, däli siliň geljegini öňünden bilýär.
Guşlaryň içinde ady gara, özem gara gargalar bir gün öňünden agyr gar ýagjakdygyny bilýärler.
Balyklar, atlar, sygyrlar, başga-da köp haýwanlar ýer titrejegini öňünden bilip, özüni hatyrjem ýere atýarlar. Emma adam gapyl!
Adam gapyl! Adam öz akyl-paýhasyna daýanyp, tebigatyň syrly dilini unudypdyr.
...Hawa, gardaşlarym, bize ýaňadan tebigat bilen bir jan, bir ten bolup, bagyr badaşdyrmak gerek. Tebigatyň diline düşünmezden tebigata düşünip hem bolmaz, lezzet hem alyp bolmaz!
Tebigaty gözelligi üçin söýýän adam gyzy gözelligi üçin söýýän adam bilen barabardyr.
* * *
Topragym, türkmen topragym, men seni terslin-oňlyn paýu-pyýada aýlanyp, dabanlarym bilen tikeniňi çöpläp, ata-babalarymyň ekip giden paýhaslarynyň miwesini tapdym.
Suwsap ýatan topragym, sölläp ýatan topragym, seniň asmanyňda gara-gara bulutlar owsunyp, tolkunyp buga kimin süsüşip, ýer-gögi elendirip gök gümmürdeýär, ýyldyrym çakýar, seret, seret oňa, ol asmany çat açdyryp çakan ýyldyrym däl. Ol asmandaky derýa ýa derýanyň asmandaky düýşi!
Filosoflar oturyp kelle döwüp dünýäniň manysyna akyl ýetirjek bolýarlar, emma ýaşaber, ýaşaber, dünýäniň manysy hut öz aýagy bilen gapyňdan gelýär…
Belki-de, namazlygyndan düşmän doga okap oturan dindardan, halysyndan düşmän darak kakyp oturan halyçy gelin Hudaýa ýakyndyr…
Bu toprak ýöne toprak däldir, ata-babalarymyzyň ruhudyr, bu ýurt ýöne ýurt däldir, ata-babalarymyzyň köňülleriniň mesgenidir, bu Watan ýöne watan däldir. Ata-babalarymyzyň ýalkymly şöhrat-şanydyr.
Hakykat pyýada, ýalan atly.
Ajaýyp pikir mydama hüýr gyzlar ýaly (ganatly) uçup gelýär.
Bahar geleninde hatda gök hem gürlär!
Beýik kişileri peseltjek boldugyňça beýgeler, pes kişileri beýgeltjek boldugyňça, özüň peselersiň.
Watana söýgi zähmet bilen beýan ediler.
Haýyr hemişe goranýar. Şer hemişe göreşýär.
* * *
Biz ýurdumyzy, halkymyzy, döwletimizi söýýäris, söýgi söýdügiňçe güýjeýär. Odun atdygyňça ot güýçlenýär! Dogany gaýtaladygyňça, keramaty artýar!
Türkmen bir işe başlamazdan ozal, böwrüne diň salýar, böwrüne geňeşýär, ynsanyň böwründe bolsa Allatagala otyr. Böwrüňize diň salyň!
Dünýäde päk ýaşamak kyndyr. Dumly-duşa şugla salyp, çarýana ýylysyny berip duran ot hem degen zadyny garaldýar. Ägä boluň, peýda etjek bolup, zelel edäýmäň!
Aýdylýan sözler meňzeş hem bolsa, hasyl bolşy üýtgeşik. Atylýan oklar meňzeş hem bolsa, diňe käbiri nyşana degýär.
It üýrende eýesi daş çykyp mülküne esewan etmeli.
Diňle, diňle, haýwan-da diňläp bilýär, sen Ynsan, sen ýüregiňdäki gulaklaryň bilen diňle!
Aý, ýyl tiz geçýär diýýäris, ýok, aý, ýyl haýal geçýär, ömür çalt geçýär.
* * *
Ýalan kasam içmegin, ol seniň ömrüňi kemelder.
Lukman hekim çagalaryna şeýle wesýet eden: dört zady zynhar biliň, ýöne olaryň ikisini derrew unudyň, beýleki ikisini bolsa hiç wagt ýatdan çykarmaň: ölümiň barlygyny hem kişiniň eden ýagşylygyny unutmaň. Ile eden ýagşylygyňy hem-de iliň saňa eden ýamanlygyny ýatdan çykaryň.
Ýalançyda wepa bolmaz, bahylda mürewwet bolmaz, ýaman halkda gaýrat bolmaz.
Ýetimi göreňde güler ýüz bergil.
Haçan-da ýetim aglasa, Allanyň Arşy Metjidi titrärmiş. Biribardan Jebraýyla perman bolarmyş: «Eý, Jebraýyl, dowzaha bar-da, ýetim agladýan şol adamyň jaýyny giňden tut. Ýetimi wagtyhoş eden, güldüren kişiniň bolsa behiştde jaýyny giňden tutgul».
Allatagala açyk ýüzlini dost tutar. Gabarylmagyn, ýüzüňi turşutmagyn. Allaga ýüzüňi çytmagyn.
Gahar kapyrdyr. Bende gaty gaharjaň bolsa, kapyr bolmak howpy bardyr.
Çyn dostuň alamaty üçdür: öz nebsini dostuna pida eder, malyny oňa bagyşlar hem syryny gorar.
Adam hemişe her bir synaga taýyn bolmaly. Pygamberler hem öz döwründe uly synaglara duçar bolupdyrlar:
Hezreti Ýusuby gul edip satypdyrlar.
Hezreti Ýakubyň gözleri kör bolupdyr.
Hezreti Ýunusy balyk ýuwdupdyr.
Hezreti Ybraýyma öz ogluny gurban etmek buýrulypdyr…
* * *
Bir tilki her gün öz güjüjegine seredip:
– Tüýs gaplaň-da!.. Pahaý, sen gün geçdigiçe gaplaňa meňzäp barýarsyň – diýip buýsanýarmyş. Bir gaplaň bolsa öz süreninde:
– Haý, mysalaň gursun! Bolşuň şu boljak bolsa, senden gaplaň çykmaz. Görjegiň peslik, iýjegiň maslyk bor – diýip, öz çagasyna käýinýärmiş.
Tebigatyň öz kadasy-kanuny bar. Tilki güjüginden tilki döreýär, gaplaň çagasyndan gaplaň.
Bir asyrlap tilkilenip gezmäge mejbur bolan türkmen ganyna çeker, aslyna çeker, at üstünde erkana söweşen, erkana ýaşan merdi-merdana türkmen bolar. Men muňa halys ýürekden ynanýaryn.
Bir eşek otluk meýdanyň gowusyndan gowusyny agtaryp alys tokaýa aralaşyp, ahyry bir ýolbarsyň üstünden barýar. Awy üstüne gelen ýolbars mes bolup henek edip başlaýar:
– Ýeri Hargulak, öz aýagyň bilen ajalyň üstüne geläýdiňmi? Hany seniň akylyň nirede? Hany seniň iki garagyň nirede?
– Wah, eýäm bir akylly-başly adam bolanynda ýüpümi berkiräk daňardy, men açragam bolsam, başym dynç bolardy – diýip, eşek jogap beripdir.
Magtymguly bilen döwürdeş bir şahyr:
Ilde ne jürüm (günä) bolsa, ança meniň günähim bardyr.
Il ýalňyş ýol bilen gitse, günä ilde däldir, günä serdardadyr, dana şahyrlardadyr, akyldar alymlardadyr. Günä birinji nobatda halkyň öňüne düşen adamlardadyr.
Adam göwreden, ruhdan, beýniden ybarat.
Älem älem tebigatyndan, Adamdan, Alladan ybarat.
Ýüpek ýoly dünýäniň ençeme ýurtlaryny dür monjugy ýaly birleşdirip, dünýä diňe ýüpek däl, ýüpek ýaly abadançylyk hem paýlady.
Şeýle döwür geler, men ony görüp durun: türkmenler dokuz aý işläp, üç aý jahankeşde durnalar ýaly dünýä seýil-seýran ederler.
* * *
Milletimi öwüp aýtdygym däl. Şeýle bir türkmenler bar, edil adamyň jany ýalydyr: şirin sözli, güler ýüzli, ýüzünden nur, gözlerinden mähir ýagyp durandyr. Beýle adamlar bilen dem salym oturyp-turuşsaň göwräň-gursagyň tutuş bir aýlyk, bir ýyllyk güýç-kuwwat alýar.
Şeýle bir türkmenler bardyr, gara ýer ýaly agrasdyr, gara ýer ýaly mähribandyr, beýle adamlar bilen oturyp-turuşsaň, hut ýagşyzada bilen oturan ýaly bolýarsyň.
Şeýle bir türkmenler bardyr, ýanyp duran otdur, sarç bedewdir, towsup-towsup barýan çeşmedir. Beýle adamlar bilen oturyp-turuşsaň, özüňem ot ýaly bolar gidersiň.
Türkmen «Bugdaý nanyň bolmasa, bugdaý sözüň bir bolsun!» diýýändir. Bugdaý sözden kalbyň dokunar, ruhuň ganatlanar, göwnüň güllär.
Güler ýüzden, hoş sözden, mähirden beýik zat bar diýseler men ynanman!
Adam oglunyň ýüregi höwürtgedir: hoş söz, yssy mähir höwürtgäňde mesgen tutmasa, dünýäniň giňligindenem, owadanlygyndanam, baýlygyndanam peýda bolmaz.
Hakyky aşyk ynsan gözelligini görüp akylyndan-huşundan jyda düşýär. Her bir adam gözeldir, emma diňe aşyk şol gözelligi hakyky bolşunda görüp bilýär.
Hakyky aşyk-magşuk seradamdyr.
Adamyň teşneligini mähir gandyrar, röwşen sözler, ýürekden çykan gyzgyn sözler adamy ganatlandyrar.
Bir baý bir garyba ýarpasyna goýun bakdyrar eken. Iki goýna deň ot berip, deň suw berse-de, baýyň goýny garybyňkydan mesaňa hor eken. Bir gün baý:
– Näme öz goýnuna garanda garyp oty-iými saňa az berýärmi? – diýip, goýnundan sorapdyr. Baýyň goýny:
– Ýok, deňje berýär, emma her gezek ot berende ony öz goýnum diýip sypap-sypap gidýär – diýenmiş…
Bir ýetim oglanjyk öweý ejesiniň elinde galypmyş. Öweý ejesi buz üstünden tozan turzup, bahana bolsa-bolmasa urar eken. Şonda ýetim oglanjyk: «Wah, ursa-da ejem eli ursady» diýip aglarmyş. Günleriň bir güni ol adamsyna şol oglanjygyň ejesiniň gabryny açdyryp goluny kesdirip getirdipdir. Öweý eje ýetim oglanjygy şol el bilen urup başlapdyr weli, oglanjyk ers-mers bolup, ösüp ýigit çykyp gidiberenmiş…
Türkmeniň zandynda asylzadalyk, begzadalyk, hoşgylawlylyk, mähir-mylakat, dostanalyk, ynsanperwerlik, hoşmeýillilik, pygly päklik, niýeti düzüwlik, nepesi dürslük bar. Sen türkmen bilen bir gezek duşsaň dost bolarsyň, iki gezek görüşseň dogan! Ol dostluk, ol doganlyk dilden däldir, ýürekdendir. Ynha, biziň milli ideologiýamyzyň aňyrsynda açylan saçak ýaly türkmen ýüregi, açylan hazyna ýaly türkmen kalby bar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň milli ideologiýasy toslanyp tapylan, stoluň başynda oturylyp döredilen ideologiýa däl-de, halkyň kalbyndan gözbaş alýan milli ideologiýadyr!
Men bir zada göz ýetirdim: alty müň ýyllap halk bolup, millet bolup ýaşan türkmen halky Adamy keramat derejesine göterip, Adama ynanypdyr.
Geçmişe aýlanyň, ýedi yklymy geziň, her hili gudratlara duşarsyňyz, emma Adamdan beýik gudrat ýokdur!
Gudratly Allatagala asmandadyr diýip ynanan halkym ýerdäki gudraty Adam diýip ynanypdyr.
Akyldarlar, adalatly şalar, weliler, geniler, nebiler, pygamberler Adam ahyry! Adamyň beýikliginiň aňry çägi ýok.
Dürli halklar öz taryhynda ýüzlerçe-ýüzlerçe taryhy şahslary keramatlaşdyryp, olary mukaddes ynam edinip şu asyra gelipdir. Dürli halklar geçmişiniň beýik kişileriniň guburyna hem sežde edýär. Adamyň ölüsi, dirisi beýikdir!
Goja zeminde ýekesireýän Adam ogly ýyldyzlara seredip özüne garyndaş agtarýar, emma biziň ýakyn garyndaşymyz hem, daş garyndaşymyz hem zemindedir. Adamyň beýikligi hem zeminde, pesligi hem zeminde!
Biz alty müň ýyl mundan ozal ýaşan Oguz han atamyzdan misil alalyň. Oguz hanyň ady Asman hem Zemini aňladýar. Ogullary – Gün han, Aý han, Ýyldyz han, Gök han, Dag han, Deňiz han. Oguz hanyň maşgalasy – Asman hem Zemin. Diýmek, tutuş Adamzadyň maşgalasy Asman hem Zemindir.
Bziiň atamyz Asmandyr.
Biziň enemiz Zemindir.
Belki, Adam zemindäki hudaýdyr?
* * *
Eziz ildeşim!
Seniň gapyňda eken daragtyň tokaýyň başlangyjy, seniň mellegiňde eken miweli daragtyň – jennetiň başlangyjy.
Seniň şarňyldap duran köşgi-eýwanly jaýyň täze Türkmenistanyň başlangyjy!
Eziz eldeşlerim, biz rast ýoly saýlap aldyk, ony dostam bilýär, duşmanam, ýakynam bilýär, ýadam.
Şahyr şygryna janyndan jan, ganyndan gan, ruhundan ruh berýär, diňe şonda şahyryň şygry ganat baglap ýyllardan ýyllara, asyrlardan asyrlara uçýar.
Kompozitor aýdymyna janyndan jan, ganyndan gan, ruhundan ganat berip uçuryp goýberýär. Onuň ýüregine sygman çeşme kimin atylyp çykan aýdymy baran ýüregine, gonan iline şatlyk hem joşgun bagyş edýär.
Biz edil şahyr ýaly, aýdymçy ýaly eken ekinimizi, guran binalarymyzy ýüregimiziň joşgunyndan, yhlasymyzyň hyrujyndan bina etmelidiris. Biziň obalarymyz, şäherlerimiz söýginiň, yhlasyň önümi bolup, müň ýyllyklara ýadygär galmalydyr.
Ateistik zamanada bir şahyr «meger, tebigat özüne akyl ýetirmek üçin adamy ýaradypdyr» diýen pikiri aýdypdy. Jedelleşmek meýlim ýok, ýöne adam özüne akyl ýetirmek üçin tebigatdan başlamaly.
Tebigat: daglar, çöller, deňiz-derýalar, otlar-çöpler, janly-jandarlar, güller... Bular tebigatyň diňe daşy. Mazmun aňyrda!
Tebigatyň daşy – adama adam bolmak üçin basgançaklar. Tebigatyň mazmunyna akyl ýetirmekden bolsa Arşyň ýoly başlanýar. HAKYKAT başlanýar.
Adam durmuşy şerigatyň, kowahadyň, tarykatyň aýlawynda. Şol halkadan çykyp «pylany-pylany Hakykata ýetipdir» diýip buýsanýarys... Emma näme diýip oňa sen, men, ol, biz ýetmeli däl!
Tebigatyň kämilliginden aňyrda hikmetli hakykat ýatyr...
Arşyň, Allanyň hakykaty ýatyr.
Ylmy dilde aýdanyňda, kosmos, älem aňy ýatyr.
* * *
Biz sowet eýýamynda sosializm atly umumy ýatakhanada ýaşap, asyl ýolumyzy, asylly gylyk-häsiýetlerimizi ýitirmäge mejbur bolduk.
Esasy zat – watan üstünde ýaşap, Watandan jyda düşdük.
Bir tanşym: – Daşary ýurtly garyndaşlarymdan halys göwnüm geçäýdi. Olaryň bähbidinden gaýry garyndaşy, puldan gaýry ölçegi ýok – diýdi.
Ol şeýle hem bolaýmaly. Watandan jyda düşen adam ençeme mukaddes ruhy gençlerden aýrylýar. Watandan jyda mysapyr adamyň puldan başga daýanara zady ýok. Ony diňe pul maksadyna ýetirip bilýär. Pul hem onuň baş maksady!
Sowet eýýamynda biz esasy zady – ynamy, söýgini ýitirdik!
Hudaýy azajyk söýdük, kompartiýany azajyk söýdük, ýurdy azajyk söýdük!
Biz Hudaýa azajyk ynandyk, kompartiýa azajyk ynandyk, geljegimize azajyk ynandyk!
Emma söýgi ýa bolýar, ýa-da bolmaýar. Azajyk söýgi ýok! Azajyk ynam ýok!
Netijede, biz inkubator jüýjeleri ýaly başga bir halk bolduk.
* * *
Şahyr Gurbanaly Magrupy bagşy hem bolupdyr. Ol bir söweşde ýaralanyp, duşmana ýesir düşýär. Ony hanyň ýanyna eltýärler, Gurbanaly Magrupy şeýle bir görmegeý ýigit eken, hatda han:
– Köpeý oglunyň gözlerini aparyň. Bu gözleri gören gyzlar ýeldirgär, bu gözleri gören gelinler hamyladar bolar – diýenmiş...
Şahyr bütin ömrüni at üstünde geçiripdir. Bir gezek Magrupa oba hany:
– Bagşy, Mekgä kerwen guralýar. Gidäýseň näder – diýipdir.
– Eý, hanym, sežde edip şu topraga maňlaýy goýduk, gerek bolsa, kellänem goýarys, ana, şol biziň hajymyz bolar! – diýipdir.
Isa pygamber şägirtlerini ynamy azlykda ýazgarýar. Isa pygamber ynam bilen suwuň üstünden ýöräp gidiberýär, şägirtleri gorkýar, gark bolaryn öýdýär, şonuň üçinem, suwuň ýüzünden ýöräp bilmeýärler!
Adam, oýlan, sen Hudaýa azajyk ynanýarsyň! Sen özüňe-de azajyk ynanýarsyň! Sen Hudaýa azajyk ynananyň üçin, Hudaý hem saňa azajyk ynanýar!
Musulman dinini örän belent derejelere göteren sopylar (sufistler) Hudaýa ynanmagy musulmançylyk ýolunda birinji basgançak hasap edýärler.
Sen Hudaýa ynanýarsyň! Hudaý hem saňa ynanýar!
Sen Hudaýy söýýärsiň, Hudaý hem seni söýýar!
Eýýäm bu başga basgançak. Sen Hudaýy söýeniňden soň, ähli ýagşy işleriňi, maksadyňy, oý-pikirleriňi söýgiňe görä gönükdirýärsiň!
Aşyk ýigit özüniň magşuk gyzy üçin daglary ýaryp, deňizleri guradyp, beýik gahrymançylyk görkezip, söýgüsi üçin ölüp-de bilýär! Söýmeýän kişi ony başarmaýar.
Hudaýy söýýän, halysalla Hudaýa aşyk adam melgunyň melalyna aýlanyp ogurlyk, ýamanlyk etmez, ýaramaz, bolgusyz ýerde-de görünmez.
Sopy şahyrlar Hudaýa aşyk bolupdyrlar:
Eý, ýaranlar, bir ýüzi gül, aýa aşyk bolmuşam...
Özi gaýyp, zülpleri ýeldaýa aşyk bolmuşam.
Dost howaýy waslyny men munça çendan isterem...
Bir garyp aşyk menem, ýar, seni senden isterem!
Ýa bolmasa:
Ýedi Ýerde, dokuz pelek üstünde
Ýa reb, habar bilerinmi ýar senden!
Adam Ýaradany agtarýar. Ýaradana akyl ýetirmek isleýär. Ýaradany söýýär, ol zeminiň pes işlerinden beýikde, ol zeminiň pes baýlyklaryndan beýik...
Gardaşym, sen adamy söý, adam seni söýer, sen ýurduňy söý, ýurduň seni söýer, sen Allatagalany söý, Allatagala hem seni söýer. Dünýe – söýgüniň dünýäsidir. Türkmenistan – söýginiň mesgenidir!
Sözler