* * *
Tagtabazar topragyna baryp görensiňiz. Görmedik bolsaňyz, baryň, aýlanyň, göwün açyň, türkmen topragynyň behişdi künjüne zyýarat ediň.
Tagtabazar şäherçesiniň ilersindäki baýyrlyga çykyp seretseň, Murgap derýasy eliň aýasynda ýaly görnüp dur. Hanha, baýyrlygyň içi bilen birzaman çekilip başlanan, soňam taşlanan Tagtabazar–Atamyrat şaýoly görünýär. Nesip bolsa, bu ýol ýaňadan çekiler, gapdaly bilen bolsa şowlap ýatan demirýol. Serhetabat bilen Sarahs arasy ilkidurmuş gözellikler mesgeni. Türkmenistanyň iň ilkinji goraghanasy. Bu ýerde dünýäde iň gyt jandar bolan gulanlar süri-süri bolup köpelýär.
Atamyrat – Tagtabazar – Serhetabat – Sarahs arasyndaky giňişliklerde ot-iým bol, on million çemesi maýda hem iri mal ýetişdirip boljak. Şol giden giňiş meýdanda Guşgy hem Sarahs pisse tokaýçylygyny ýetişdirmek gerek. Pisse tokaýlygy Sarahsdan tä Bäherden etrabyna çenli aralykda ýatan dag baýyrlyklarynda gowy gögerip, hasyl berip bilýär. Muny Kakadaky pisseçilik hojalygy subut etdi. Şu giden meýdanda tebigy çigildem gülleri gögerýär: Gara, gyzyl, sary çigildem gülleri. Ol güllere kömege ýetişmeli. Segseninji ýyllarda ol güllerden ýüz müňlerçesi köki bilen goparylyp, soýuzyň uly şäherlerinde satyldy. Köki bilen äkidilmeginiň öz sebäbi bardy – güller köp wagtlap solman, terligini saklaýardy, ýöne deregine gülleriň biten topragynda tebigatyň ol owadan gudratlary azalyp barýardy...
Rawylar rowaýat kylarlar, günlerde bir gün Nowşirwan adyl atyna atlanyp, awa-şikäre ugrapdyr. Görse, obadan uzak bolmadyk ekin meýdanynda, togsan ýaşly goja hoz agajyny ekip ýörmüş. Nowşirwan gojanyň ýanyna baryp, ýylgyryp şeýle diýipdir:
– Goja, sen bu daragtyň miwesini iýmek üçin ýene näçe ýyl sabyr etmeli boljakdygyny bir bilýärmiň?
Goja:
– Bizden burunkylar ekipdir, biz iýdik, biz ekeris, bizden soňkular iýer.
Patyşa goja «berekella» beripdir. Patyşanyň bir hazynaçysy dessine goja daýhana müň dirhem beripdir, çünki Nowşirwanyň her berekellasynyň bahasy müň dirhem eken. Goja müň dirheme minnetdar bolup:
– Gördüňmi şahym, men ekip oturan hozumyň miwesini ekip otyrkam iýdim – diýipdir. – Eger Allatagala seniň ýoluňy meniň üstümden salmadyk bolanda, menem öýde ýatanymda, maňa kim müň dirhemi bererdi? Şahym, bagt meniň üstümden ýol saldy.
Parasatly daýhanyň sözleri hoşuna gelen patyşa iki ýola «berekella!» diýip gygyranyny duýman galypdyr. Ýene iki müň dirhemi alan daýhan:
– Gördüňizmi, kyblaýy älem, men yhlasymy ýere berdim, ýeriň-ýurduň eýesi sen hem maňa berdiň – diýen.
* * *
Eý, gurbanyň bolaýyn pirim Baba Gambar, sen niçik pir ýetişip, niçik taryhyň gatynda ölmez-ýitmez bolup galdyň, galyp bildiň?
– Söýdüm, türkmen bedewini söýdüm, mährim bilen seýisläp, sazym bilen bedewlere ganat bitirdim. Meniň ölmez-ýitmezligim, at-abraýym türkmen bedewiniň tylla eýerinde çapyp barýandyr.
Eý, gurbany boldugym Babadaýhan, sen niçik ölmeýen galyp, ulus-iliň söýgüsine mynasyp bolduň?
– Söýdüm, ata-baba topragymy söýdüm, yhlasymy tohum edip topragyň gursagyna atyp, gara derim bilen suwardym, dünýäde toprak diýen gudrat ölmese, meniň adym parlap ähli ýerden gögerip çykar.
Men pikirlerime gark bolup ekinzarlygyň gyrasy bilen gidip barýaryn. Gözýetime çenli tolkun atyp ýatan sümmül bugdaý deňiz bolup möwç urup, göwnümi göterýär.
Hatara ekilen miweli baglar hellewleşip, şahalaryndaky miwelerini güjeňläp ýaşaýşyň ýaşyl tugy ýaly pasyrdaýar...
Türkmen topragynyň bary-ýogy iki million gektarynda jennet joşa gelip, behişti nygmatlaryny eçilýär.
Iki million tonna jowur ak altyn!
Iki million tonna zeriň zireleri ýaly ak bugdaý!
Bu türkmen topragynyň başlangyjy, bu türkmen topragynyň elkyssasy, bu türkmen tipragynyň ilkinji bissimillasy!
Şeýdip, Türkmen Gudraty başlanýar!
* * *
Gorkut atamyz aýdar: o zamanlar oguzyň aýdany bolardy, diýeni gelerdi.
Gorkut atamyz aýdar: o zaman oguzyň gargyşy hem, alkyşy hem ýerde ýatmazdy.
Gorkut atanyň özem oguzyň tamam biligçisi bolup, dünýäniň geljegindenem, geçmişindenem habarlydy.
Magtymguly aýdar: Nirde derwüş görseň, baryp alkyş al. Derwüşden ýeg hiç kim ýokdur Hudaýa.
Magtymguly aýdar: Gargyşym daşlarny mum deý eridir, Pür-pudak ýaýradyr alkyş kylanym.
Magtymguly şindi ýaşap ýören çaglary Mekge şäherine haja barýan bir kerwen onuň öýünde düşläpdir. Aryp gelen kerwençiler birki gün Magtymguly bilen gürleşip oturyp: «Biziň hajymyz gowuşdy, Alla gudratly-keramatly adamy ýolda duşuryp, alysymyzy ýakyn kyldy» diýip, yzyna gaýdypdyr.
Köneürgenç şäherinde keramatly şyh Nejmeddin Kubranyň kümmediniň ýokarsyna: «Şu adama zyýarat etmek Mekge bilen Medinä zyýarat etmek bilen barabardyr» diýlip ýazylan eken...
Beýle mysallary «Görogly» we beýleki dessanlardan, geçmiş şahyrlarymyzdan näçe diýseň getirse bolar.
Gadymy oguz hanlary dört ýüz, bäş ýüz ýaşapdyrlar...
Eýse bular mifmi. Hyýaly zatmy? Ýok!
Geçmişde, entek dünýä beýle hapalanmadyk zamanynda biziň ata-babalarymyz kalbyny namazlygy ýaly arassa saklamagy zerur, parz iş hökmünde görüpdirler, olaryň işlerem, päli-niýetem, kalbam hut tebigatyň özi ýaly arassa bolup, olar tebigat bilen, tebigaty ýaradan beýik Kosmos Aňy bilen birleşip bilipdirler. Netijede, olar halatly, ýoldaşly, weli, öňden görýän adamlar bolupdyrlar...
Unutmaň, biz tebigatdan daşlaşyp, beýik Kosmos Aňyndan, Alladan daşlaşdyk.
Adam diýen mukaddes ada mynasyp bolmak üçin biz ýaňadan tebigatyň sazlaşygyna goşulyp, Asman Aňy bilen birleşip bilmegimiz hökman. Diňe şonda biziň her birimiz beýik maksadymyza ýetip, hakyky adam bolarys.
* * *
Million ýyllap gudrat agtaryp asmana bakan adam ogly, gündiz nurly Güne, gijeler kümüş şuglaly Aýa, milliard-milliard ýyldyzlara aşyk bolup, ýaşaýşyň syryny agtaran adam ogly, gelip-gelip şol syryň açaryny ýerden tapýar.
Ýaşaýyş Anteý deý zeminden güýç alýar.
Tükeniksiz arşyň beýik syry-da, biziň Alla diýip sygynýan, alymlaryň Kosmos Aňy diýýän beýik güýjem hut zeminden başlanýar.
Toprak, Adam, Alla!
Toprakdan bina bolan adam toprakdan gaçýar: adam aýagyna aýakgap geýýär, aşagyna galyňdan galyň düşek düşenýär, düşegiň üstünde ýatmagy hem peslik bilip çarpaýa ýasanyp, gat-gat jaýlar salyp, ýerden ýokarda ýaşaýar.
Emma garradygysaýy, ýaşy köneldigisaýy, kämil çykdygysaýy ony toprak dartýar.
Ishak Nýutonyň almasyny dartyşy ýaly dartýar. Nýuton almasy bilen Ýeriň dartyş güýjüni kesgitläpdir, emma million ýyl ýaşasa-da, ol ýeriň adamy dartyş güýjüni kesgitläp bilmez.
Kämil daýhan toprak bilen gürleşip, topragyň diline düşünýär.
Kämil şahyr toprak bilen gürleşip topragyň, janly-jandaryň, ösümlikler dünýäsiniň, asmanyň diline düşünýär.
Süleýman pygamber otuň-çöpüň, janly-jandaryň, guşuň-gumursynyň diline düşünipdir, şol sebäpli hem onuň tagtyny ýel çekip, Süleýman pygamber bolup arşda oturmagy başarypdyr. Elbetde, ol taryhda edil beýle-de däl, emma Süleýman şa Asman bilen Zemini birleşdirmegiň, zemindäki ähli närseler bilen dil tapyşyp, bütewileşmegiň simwoly ahyry.
Hak aşyk janly-jandaryň, ösümlikler dünýäsiniň diline düşünip, mejnun bolup çölde-beýewanda sabry-karar tapýar. Hakyky yşk-söýgi – Allanyň açyp bolmajak beýik pynhan gudratydyr. Ol gudraty diňe bagtyýar aşyk bilen magşuk görüp, duýup, söýüp, dünýäni unudyp bilýär.
Diňe hak aşyk ýa hakdan içen şahyr däl, topragy bilen bagryny badaşdyran daýhan, maljanly maldar, öz asylly borjuna düşünýän mugallym, alym, lukman... watanyna aşyk watanparazlar Taňrynyň beýik yşkyna duçar bolup bilýär.
Beýik Magtymguly Allatagaladan nyşan agtarýar:
Sen-sen araýşy jahan hem jan senden bihabar,
Sen jahana doly Sen, jahan Senden bihabar.
Zemin-asman, garbu-şark bir tüýünde gerdandyr,
Zamanaga sergerdan, zaman senden bihabar.
Asman diýrler zeminde, zemin diýrler asmanda,
Bir-birege gümanda, güman senden bihabar.
Ýadyma düşýär, sowet eýýamynda haýsydyr bir kosmonawt arşa uçup geleninden soň, oňa ateist žurnalist sorag berýär:
– Siz asmanda Hudaýy gördüňizmi?
Kosmonawt buýsanç bilen «ýok» diýip jogap berýär.
Gülküden, hatda nadanlykdan aňyrdaky sowal-jogap.
Magtymguly arşyň-kürsüň, garbu-şarkyň beýik syryny agtarýar hem «Sen jahana doly Sen, jahan Senden bihabar» diýen netijä gelýär. Asman Allatagala zemindedir, zemin bolsa Asmandadyr öýdüp güman edýär, emma «Menzil Hakdan mustagrak, mekan ondan bihabar».
Adam jahanda döräp, gowaklardan çykyp, beýnisini işledip ugran pursatyndan bäri asmanyň gudratyny agtarýar. Adam ony otdur, harasatdyr, aýdyr, gündür, ýyldyrymdyr öýdüpdi.
Marksizmiň klassyklarynyň «Gorky hudaýlary döretdi» diýen pikirine köp ýyllar uýup geldik, gorkyny ýok edip, Hudaýy ret edip, pygamberleri inkär edip, özümizi älemiň ýeke-täk eýesidir öýdüp, tebigatdan rüstemligimize buýsanyp ýaşadyk... Ýalňyşyp, ýalňyş ýol bilen ummadan çykyp, indi hem yzymyza dolanmak isleýäris.
Jahan doly, sen gapyl sen ýaryňdan
Ýa mestmi sen, ýa şeýdamyň, näme sen?
Allatagala kim, näme, nirede – ol adam ogluna bildirjek syr däl.
Ýa yklym eýesi, Ahmet Ýasawy,
Meniň sahypjemalymny gördüňmi?
Ýa ady Jebraýyl, hakyň emini,
Meniň sahypjemalymny gördüňmi?
Ýa bir merde duş et, ýa-da Hudaýa
Bende işi baş tutmady, art oldy...
Sazandanyň dutaryň perdelerinden kem-kem aşak düşüp, adamyň göwnüniň jümmüşine barşy ýaly, gijeler zary-girýan bolup, bagryny paralap, didesini ýaşlap hak aşygyň magşugyna tarap barşy ýaly, Allatagala diňe tebigatyň üsti bilen baryp bolýan bolsa gerek.
Köňül aýdar, halkdan galyp,
Gezsem daglar, daşlar bile.
Ýazygymy ýada salyp,
Ýüzüm ýuwsam ýaşlar bile.
Doga kylyp säher wagty,
Nalyş kylsam guşlar bile.
Otursam agaçlar bile.
Magtymguly, towpyk alsam,
Bir är tapsam, gulluk kylsam,
Ýürek aýdar, ýoldaş bolsam
Dem çeken derwüşler bile.
* * *
Oguz han atamyz: «Köşkleriň içinde ynsanyň köňül köşgünden ýagşysy ýokdur» diýdi.
Gorkut atamyz hümmet hasasyny süýräp gelşine oguz ýigidi Begrek begiň serdary Salyr Gazana ölümiň öňünde wepasyny hekaýat eder:
Gazan maňa saçak ýazyp, aş berdi,
Bilmesem, zäherim bolsun!
Gazan maňa serpaý bile don berdi.
Bilmesem, kepenim bolsun!
Ak otaglaryna köp girdim,
Bilmesem, maňa zyndan bolsun!
Men Gazandan dönmez men,
Belli bilgil!
Hüňkar şa tarapyndan iki gözem oýulan Jygalybeg hasasyny tyrkyldadyp, göz ýaş ornuna dana-dana pähimlerini seçeläp barar:
«Kowjak bolsaň atyň bolsun, gaçjak bolsaň atyň bolsun, aty ýogy ajal alsyn!»
«Atyň bar, ýaragyň bar, syrtyňdaky ýamagyň näme?»
«At edin, tarhanhat edin!»
«Aty baryň ady bar!»
«Bedewli ýigit – beg ýigit,
Edenli ýigit ýeg ýigit»,
«Halatly atam bar,
Ganatly atym bar».
Türkmen «Atyň bolup, ýaragyň bolup hor bolsaň, kör bol!» diýýär.
Beýik seljuk soltany Mälik şa: «Ýigitler, türkmeniň ýurduna daşdan gelip tokunyp bilen kişi bolmaz, içinden habardar bolaweriň» diýip, pent edýär.
Ýene bir beýik seljuk soltany Soltan Sanjar: «Dönügiň haky ölümdir, tä kyýamat ahyra dönüge lagnat daşyny atyň!» diýer.
Görogly beg:
Külli türkmen balasyny,
Men söýer men ili bilen!
– diýer.
* * *
Kitaplardan öwrenip bilen adam alym bolar, tebigatdan öwrenen adam akyldar. Dünýäniň ähli syrlary tebigatda ýatyr. Serediň, syn ediň, Allatagalanyň ýaradan gudratyna syn ediň! Nusga alyň: Gördüňizmi, hol howalanyp duran gara daglary, olar size buýsanç berip, albaý bulap köňül guşuňyzy çagyryp dur ahyry! Görýäňizmi, ses-selemsiz ýatan düňle Garagum çölüni. Siz onuň çaran ýollary bilen ýöräberiň, gidiberiň, bir zamandan soň siz düňle Garagum çöli bilen sessiz gürleşip barýandygyňyzy duýup galarsyňyz. Syn ediň, mawy asmana: Onuň düýbüne gözüň ýetjek gümanasy ýokdur, ol size asman ýaly giň bolmagy, asman ýaly päk bolmagy nesihat edip dur ahyry. Şaglap-şaglap gelýän bahar çagbasyna tomaşa ediň. Siz saýawanyň astynda dursaňyz duruberiň, dünýäni ýaňlandyryp ýagyp duran çagba eýýäm siziň kalbyňyzy ýuwup geçip gidendir. Serediň, ýaşyl çüwdürim bolup asmana atylyp duran serwi agajyna, siziň göwnüňiz onuň depesinde pelpelläp durandyr. Bakyň, gyzyl, sary, mämişi, melewşe reňkli güllere, olar penje-penje açylyp ýürekden çykan joşgunly gülki bolup göwnüňizi göterýändir. Synlaň, dagdan şuwlap gelýän dälije şemala, ol näzli gyz ýaly göwnüňizi tapjak bolup näzdir kereşme edýändir!..
Görýäňizmi, beýik Allatagala ajaýyp tebigaty bile ýaşaýşy joşduryp, siziň göwnüňizi göterip, siziň kalbyňyza şatlyk berjek bolýar ahyry!
Görýäňizmi, beýik Allatagala jennetden çykan ýaly süýji-süýji ter miweler, datly nazy-nygmatlar bilen siziň labzyňyzy süýjetjek bolýar ahyry!
Siz bolsa, hanha ýoldan göni gelýän tanşyňyzy hem görmedikden bolup geçip barýarsyňyz. Eger onuň bilen ýylgyryp salamlaşyp, hal-ahwalyny sorap, göwnüni göteren bolsaňyz, ony ýol ugra bagtly edip biljekdiňiz ahyry!
Beýik Eýnşteýniň bir ajaýyp pikiri bar: «Ikimiz jan ýaly dost. Sende bir alma bar, mende bir alma bar. Sen meni özüňden gowy görüp almaňy maňa berýärsiň. Men hem seni özümden atyk hormatlap, almamy saňa berýärin. Gördüňizmi, ýene biziň herimizde bir alma bar... Emma sende bir täze pikir bar, mende bir täze pikir bar. Sen şol pikiriňi maňa berýärsiň, men hem pikirimi saňa berýärin. Gördüňizmi, indi biziň her birimiziň iki sany täze pikirimiz bar!»
Siz bilýäniňizi öwrediň, pikirini ile berip garyp galan ýokdur!
Siz şatlygyňyzy özge bilen paýlaşyň, şatlygy bereniň bilen gursagyň boşap galman, tersine ol hem şatlanar, siz hem şatlanarsyňyz!
Siz alnyňyzdan gelýän bilen ýylgyryp salamlaşyň, hal-ahwalyny soraň, ol hem öz gezeginde siziň hal-ahwalyňyzy sorar. Netijede, täze tanyşly bolarsyňyz. Ikinji gezek duşuşanyňyzda siz eýýäm täze dostlar ýaly birek-birek bilen hökman ýylgyryp salamlaşarsyňyz!
Baýlygyň ulusy tanyşdyr, dost-ýardyr, hossardyr.
Biz türkmen halky bir dogan diýip gygyryp doganlaşyp bilmeris. Biz ýat bilen tanşyp, tanyş bilen dostlaşyp, dost bilen doganlaşyp, bir dogan halk bolup bileris.
Adam adama myhmandyr.
Göwün göwünden suw içer.
Adamyň mahluklardan artykmaç tarapy, ýylgyryp, sözleşip, derdinişip bilýänligidir.
Ýollaryň dogrusy bagta, hakykata, Haka elter.
Biz ýollaryň rastyny saýlap aldyk. Hä diýmän Türkmenistanyň goýnunda ähli şäherler, obalar mermerden bolar. Sagatda dört ýüz – bäş ýüz kilometr tizlik bilen gatnaýan otlular alysymyzy ýakyn eder. Türkmenistanda öndürilýän senagat harytlary, oba hojalyk önümleri dünýä bazarlarynda geçgel haryda öwrüler. Türkmen alymlary dünýäniň iri ylmy merkezleri bilen gatnaşykda bolup, biz ýaňadan ylmyň kerwenbaşysyna öwrüleris.
Türkmenistan baý bolar!
Türkmen halky baý bolar!
Türkmen halky ruhy taýdan baý, kämil halk bolar.
Meniň baş maksadym şulardan ybarat. Men entek öňümde maksat goýup, ýetmedik ýerim ýokdur!
Eger biz şu mukaddes wezipeleri başarmasak, dünýäni baglan beýik atalarymyza mynasyp ogul bolup bilmeris.
Adam gadym eýýamlarda ýyldyrymdan ot alyp, mahluklar dünýäsinden çykdy.
Adam kitaby oýlap tapyp, Kitabyň mertebesini göterip nadanlyk dünýäsinden çykdy.
Adam özüne akyl ýetirip, weli bolar.
Adam halkyna akyl ýetirip, nebi bolar.
Adam tebigatyň diline düşünip,kämil ganat edindi.
Ildeşlerim, biz basgançakdan basgançaga galyp, ýollaryň rasty bilen barýarys. Ynanaýyň, Alla alysda däldir!
Sözler