* * *
Kim üçin dilemekden agyr iş ýok, kim üçinem şundan ýeňil iş ýok!
* * *
Ökde syýasatçylaryň usulyny aýdaýynmy: öňünden ýagşylyk edýän ýaly et, soňundan ol seniň sylag etdigiň bolar!
* * *
Hiç kimiň syryny diňleme, öz syryňy-da ile ýaýma! Kime syryňy aýtsaň, şonuň guluna öwrülersiň!
* * *
Kime agraslyk ýetmeýän bolsa, onuň gül ýaly başarnygy sönüp ýitip gidýär.
* * *
Öte akylly hem boljak bolma, iň gowusy – etjek işjagazyňy bil!
* * *
Kän bilseň – gowy zat, ýöne kän bilýändigiňi ile mazamlajak bolmak, gepiňi gögertjek bolmak ýaman zat.
* * *
Näçe köp seljerseň, şonça-da kän jedel döredersiň. Gowusy, iş hakda sagdyn pikir edip, galan boş gürrüňi gyrada goý!
* * *
Ähli zatdan bihabar adam bilen bol. Beýik kişiler hem käte şeýdipdirler.
* * *
Käte akmak bolan bolmak danalykdan hem gowy.
* * *
Gowy görünmegiň iň ygtybarly usuly – iň akmajyk haýwanyň derisine girmek.
* * *
Çyn akmaklyk – Hudaý tarapyn, ýöne akmaklygyň ýasamasy hem bar, ol eýýäm mekirlik bolýar.
* * *
Uly il gülşüp-degşip otyrka gaharlanýan adam – iň ýaramaz adamdyr, ol ýaramazlygyny görkezýändir.
* * *
Kim çetine deglenini gaty görse, ýene-de çetine degilmegine sebäp bolar.
* * *
Beýik işleriň başy degişmeden gaýdýar, degişmäni başarmak her kişiň işi däl. Oňa zehin hem gerek, akyl hem.
* * *
Tanamasaň – degişme!
* * *
Üstüňden gülseler – çyda, emma özüň iliň üstünden gülme!
* * *
Dalaş edýärmiň, dowam hem et. Orta ýolda goýaýma! Käbirleri bir zada bar güýji bilen başlaýarlar, ýöne hiç bir işi soňuna çenli etmeýärler.
* * *
Gowy iş bolsa, näme üçin ony bitirmeli däl? Ýaman iş bolsa, näme üçin oňa başladyň?
* * *
Ýylanyň mekirligi kepderiň ýuwaşlygy bilen utgaşýar. Şeýdip hem ol awyny alýar!
* * *
Goý, mekiriň duzak gurmaga türgen bolşy ýaly, akylly adam hem müňkürlik dürbüsini goldan bermesin!
* * *
Adamlar haýsam bolsa bir adamy ýigrenýän bolsalar, şonuň hökman sebäbini bilmeli. Çünki onuň hökman sebäbi bolmaly.
Adamlar kimdir birini gowy görýän bolsalar, onuň hem hökman sebäbini bilmeli.
Adamlar düýpli bir esas bolmasa aňsat-aňsat birini ýigrenmeýärler, adamlar düýpli bir esas bolmasa, birini şeýlekin gowy görmeýärler.
* * *
Adam – ýoly beýik ýol edip biler, emma ýol adamy belent edip bilmez!
* * *
Ýalňyşlyk goýberip, ony düzetmeseň, şoňa ýalňyşlyk goýbermek diýilýär.
* * *
Paýhasly kişä nyrh kesjek bolaňda, owunjak zatlar bilen baha bermek bolmaz, oňa has uly işleri ynanyp bolar. Pes adama uly işleri ynanyp bolmaz, emma owunjak zatlar boýunça oňa baha bermek bolar.
* * *
Akmagy tanamaýan – akmak! Ony tanap hem ondan gaçmaýan – has akmak!
* * *
Öz güýjüne, pähim-başarnygyna daýanyp, hormat almadyk adam, kişiniň goldawy bilen hiç zat alyp bilmez.
* * *
Samsyk ýa-da biakyl adamlary hem bütinleý hasapdan öçüräýmäň – olaryň hem gerek ýeri bar. Meselem, durmuşa akyl ýetirmek üçin, ýa-da öwüt-ündew bermek üçin olaryň belli bahasy ýok!
* * *
Iliň zady gowy görülýär: «Goňşyň kel towugy gözüňe gözel gaz bolup görner» diýýär türkmen. Ýa uzakdan geleni üçinmi, ýa täzeje, kemsiz-köstsüzje bolup geleni üçinmi, onçasyny biljek däl, çet ülkede iliň halaman ýören adamlarynyň hem ildeşleriniň, hem ýatlaryň hormatyna mynasyp bolup ýörenlerini kän gördüm. Ildeşleri-hä oňa indi uzakdan äňedýärler, ýatlar hem ol bir myhman bolany üçin sylaýar. Çöpüň biten ýerinde gadyry ýok!
* * *
Telekeçililik bilen batyrlyk utgaşsa, işiň bitdigi, – üstünligiň iň kelte ýoly şudur.
* * *
At, abraý – bitiren hyzmatyňdyr, öz ugur bilijiligiňi hem şunuň üstüne goşsaň, bu seniň abraý-hatyraň täjidir.
* * *
Umyt ylham berýär, öte geçmek hem heläk edýär.
* * *
Hiç zady küýsemeseň, bela garaşaýgyn!
* * *
Akmaklaryň akmagy özüni akmak saýman, beýleki adamlaryň hemmesine akmak diýýär.
* * *
Sözüň – edýän işiň şaýadydyr.
* * *
Söz zenanyňky, iş – äriňkidir!
34.
Geplemek aňsat, iş bitirmek kyn!
* * *
Belent işler galýar, kiçelmeýär, ölmeýär, weşeň sözler ýitýär, durmaýar.
* * *
Belent işler – paýhasly tagallanyň miwesi.
* * *
Zamandaşlaryňy bilýärmiň, tanaýarmyň? Oýlanman jogap berme, ýogsam şu hili adamlar hem az däl. Maslahatymy alsaň, şeýle diýýärin: öz zamandaşlaryň iň gowularyny tana, bil! Olar o diýen köpem däldir!
* * *
Beýikler selçeňdir, sebäbi olar aňrybaş kämil kişilerdir.
* * *
Gorkynyň bardygyny bilýän ýigit ägä ýörär.
* * *
Beýik sözi her hili tilsimatlar bilen alanlar hem köp boldy, ýöne, haýp, olardan Zülkarnaýyn hem, Görogly hem çykmady. Beýik bolsaň – iş bitir, özem beýik iş bitir! Ýogsam atdan peýda ýok. Beýik işler bitireniňden soň, atlar beýiklige öwrülýär.
* * *
Ortaça adamy tanamak hem aňsat, oňa baha bermegem kyn däl, ýöne aýt – aýt, beýigi aýt. Olara baha bermek kyn.
* * *
Ýeňiljek işe agyr iş ýaly, agyr işe-de ýeňil iş ýaly ýapyş!
* * *
Beýik başlangyçlary ölçäp-biçip oturmak hem zerur däl, işe başlabermeli, ýogsam kynçylyklary görüp, yza tesersiň!
* * *
Ynamyň arkaýynçylyga geçmezligi üçin, ýeňiljek işe agyr iş ýaly gara, ynamsyzlygyň ýaýdanjaňlyga öwrülmezligi üçin hem agyr işe ýeňil iş ýaly gara!
* * *
Küýseýän zadyňa ýetmegiň iň aňsat usuly – şony äsgermezlik, pisint etmezlik. Gözleseň – tapmarsyň, pikirini etmeseňem – unudarsyň, emma, gör-de duruber – öz-özi eliňe geler.
* * *
Iň gowy haklaşyk – unutmakdyr. Unutmak duşmany öz jesedi bilen guma garýar-da, ömürlik ýere duwlaýar.
* * *
Bir ýaman söz aýdan adam üçin şol söz ýeňil ýalydyr, ýöne degen adam üçin welin, ol sözden agyr urgy ýokdur!
* * *
Akylly-paýhasly kişiler, wah, az oýlanypdyrys diýip, paýhasdan nadyl bolýarlar. Akmaklar beýle däl – olar kän pikirlenipdiris diýip dyzlaryna urýarlar!
* * *
Bu bolýan işlere serediň: birleri gynanyp, arman edip ölýär, başga birem ýaşap ýör, ölenok, sebäbi hiç bir gynanýan, arman edýän zady ýok!
* * *
Akylynyň köplügi sebäpli ölýänlere akmak diýmeli!
* * *
Şindi çyny, hakykaty her kim gowy görýän ýalydyr, gowy görmese-de, abraý aljak bolup gowy görýän kişi bolýandyr. Olary özüňiz tanaň! Emma men size şulary aýtjak: hakykat – gorkuly zat.
Emma ar-namysly adam ony açyk aýtman durup bilmez. Ine, şuňa-da ussatlyk gerek!
Ol ussatlyk nämeden ybarat?! Hakykata süýjülik suwuny garmaly! Sebäbi hakykat gözümizi açanda, onuň ýaly ajy zadyň ýokdugyny gördük! Sypaýyçylyk hem şu ýerde öz emelini işe girizýär – şol bir hakykatdyr welin, birine – ýaraýar, beýlekisinem – sançýar!..
* * *
Adamy tanamagyň ýönekeý bir usuly bar.
Edil häzir, edil şu günüň adamlary bilen gürrüňdeş bolaňda, gadym adamlaryň gürrüňini etgin. Akylly adam derrew ümüňe düşüner, düşünmese – dym-da oturyber!
* * *
Keç ykbala parhsyz bolmak – akylyň işi. Dana kişi hiç zady geň görmez.
* * *
Bilim – çeşme, bilim – bulak. Onuň gurap galmazlygy, ýagşylygyň paýaw bolmazlygy üçin, ussatlygyňy paýlamagy-da ussatlarça başarmak gerek. Şuny başarsaň, şan-şöhratyň hem, hormat-sarpaň hem saklanar.
* * *
Her bir işde el degrilmesizje duran goruň bolsun! Bu ýaşamagyň hem-de ýeňmegiň iň uly ylymlarynyň hataryna girýär, ylaýta-da, uly işlerde!
* * *
Hem-ä töwekgel bolsaň, hemem akylyň dury bolsa, mundan uly baýlyk bolmaz.
* * *
Ýykylany galdyr, ýöne ýykylmanka – kömek et!
* * *
Bir topar adam Taňrynyň her gününi dawa-jenjel bilen geçirýär, olaryň gylygy ýaman, dünýäde göwünleriniň ýetýän zatlary ýok. Şoňa görä, mydama iliň tersine ýöreýärler, şonuň üçin olaryň işleri hemişe şowuna bolmaýar, bu şowsuzlyklary olar özlerinden däl-de, keç ykballaryndan görýärler. Işiň ugruna bolmasa, mydama Allany gönertläp ýörmäň, sebäbi özüňdenem käte gözläýmeli ahyryn. Türkmen diýýär-ä: «özüni bilen – weli».
* * *
Gowy adamlaryň göwnüne degýänler köplenç hiç ile ýagşylyk etmegi bilmän, mydama ula-kiçä dodagyny çöwrüp ýören akmaklardyr.
* * *
Ýaňra däl adam – akyl-paýhaslydyr. Ol diline buýurýar, sebäbi boşatdygy aňsat daňyp bilmejekdigine düşünýär.
Diliňe buýrup bilmek, dyňzap duran sözleri daşyna çykarman saklamagy başarmak gaty uly zat.
* * *
Ilden tapawutlanmak bar, ilden çykmak hem bar. Şuňa düşünmeýänlerem bar.
* * *
Kä kişiň ýüzi-gözi betnyşan, käsiniň hem gylyk-häsiýeti.
* * *
Begeneňde-de, şatlanaňda-da jylawy eliňden sypdyrma, şuny başarmasaň, ähli zada göwnüňi aldadyp ýörensiň ýa-da ähli zada arman edip ýörensiň.
* * *
Döwletiň kanuny bar. Emma seniň öz kanunyň hem bolsun!
* * *
Aýalyň tylyňdyr, tylyňdan arkaýyn bolsaň, almajak galaň bolmaz!
* * *
Özüňe erk etmek diýmek özüň bilen söweş alyp barmak hem ýeňmek diýmekdir.
* * *
Gowy zada ynandyrmak kyn, erbede her kimem ynandyryp biler, erbede bahym ynanýarlar, bütinleý ynanmasyz wakalara-da çyndan beter ynanýarlar.
* * *
Hakykat meniň tarapymda diýip, şoňa kaýyl bolup ýörenlerem az däl, ýöne bu ýeterlik däl, hakykata eliňden gelen kömegi etmeli.
* * *
Gören dessiňe göwnüň gidip, ynanaýmagyn, sebäbi ýalan mydama geçiň öň aýagy ýaly bolup öňe çykýar, şoňa görä-de, hakykat köplenç kösenýär.
* * *
Duýgyny ilkinji täsire, akyl-huşuňy hem birinji habara aldyraýma, bu ýüzleýligiň alamatydyr.
* * *
Eýsem, iliň aýbyny gözläp ýörenler gytmy?! Olar seniň aýbyňy, ýagny kem tarapyňy gyzyl tapan ýaly garbap alyp, ile ýaýýarlar – hiläniň gökdäki dilegi-dä şu – päliýamanlar seniň ynanjaňlygyňy öz reňkine boýamaga gyssanýarlar. Şoňa görä-de pikire ýaňadan seretmäge ýer goýulsyn!
* * *
Ýaman söz aýtsaň, has ýamanyny eşidersiň.
* * *
Iliň erbet ýerini görüp, begenme, has hem beter oňa baha beriji bolma.
* * *
Gybatkeşi ýer ýasalaly bäri ýigrenýärler, ýogsam ketde kişiler käte olara arka-da durýarlar, ýöne muny gybatkeşiň akyly üçin däl-de, eýsem onuň iliň üstünden gülşüni diňlemek üçin edýärler.
* * *
Ömür gysga, şoňa görä-de, ony ýagdaýa görä däl-de, hem peýdaly, hem lezzetlije geçirjek bol.
* * *
Kän zada akylyň ýetse, kän zat bilseň – ömrüňem hezili artýar.
* * *
Iň süýji tagamyň taýýarlanyşyna syn ediň, – işdäň artman, gaýtam işdäň kesiler. Munuň üçinem, türgen ussa, goý, öz eserini düwünçekdekä ile görkezmekden ätiýaç etsin: tebigata eýermeli, ondan öwrenmeli, şeýlelikde, her bir eseri diňe döremeli wagty dünýä indermeli, – irem däl, giç hem däl, edil wagtynda!
* * *
Bitmedik işi ile görkezip ýörme, goý, iş doly tamam bolandan soň, adamlar görüp hezil etsinler.
* * *
Şol oýlanyp – pikir edip hem ýörmeli däl-de, eýsem hereket etmeli. Öte alym kişileri aldamak aňsatdyr, sebäbi olar üýtgeşik zatlary bilýärler-de, adaty zatlary bilmeýärler.
* * *
Ýaşaýşyňa nepi degmese – bilimiňden ne peýda! Biziň zamanamyzda durmuşy bilmeli – hakyky bilimem şu-da!
* * *
Käbiri dilewarlyk edip, ili güýmejek bolýar, ýöne il görgüli bolsa ondan nädip dynjagyny bilenok.
* * *
Bir adamyň gylyk-häsiýetini bilmän, nädip onuň göwnüni tapjak?!
* * *
Adamlaryň arasynda özara söýgi bolmasa, hökman özara ýigrenç döreýär.
* * *
Eger ogul bilen atanyň arasynda özara sylag-hormat bolmasa, onda ata-ene mähri-de, ata-enä goýulmaly hormat hem ýokdur; eger doganlar arasynda özara söýgi bolmasa, onda olaryň arasynda razyçylyk hem ýokdur; eger ýurtda adamlar arasynda sylaşyk bolmasa, hökman güýçli güýçsüzi boýun egdirer, baý garyby äsgermez, atly kişi garamaýaga pitjiň atar, mekir sadany aldar...
* * *
Eger özüň erbet iş eden bolsaň, jan çekmän işlän bolsaň, bagt diläp oturma, ol-a bagt eken, beybagtçylykdan hem gutulyp bilmersiň.
* * *
Gadymyýetiň gowy zatlaryna eýermek gerek, emma şu günüňem gowy zadyny döretmeli. Goý, gowy zatlar hasam köp bolsun! Biz Oguz handan galan gowy däp-dessurlarymyza, terbiýämize, gör, nähili hormat goýýarys! Goý, bizden soňkular hem bizi gowulykda ýatlap, döreden gowy zatlarymyza eýersinler.
* * *
Köne geçmişiň gowy zadyna öýkünmeli. Häsirem gowy zatlar döretmeli, gowy kän bolsun.
* * *
Aýdylýan zatlar adamyň işinde amala aşyrylmalydyr, düzgüne öwrülmelidir, ana, şonda aýdylan pikirler hemişelik bilime öwrülýär; eger aýdylan pikir adamyň işinde durmuşa geçirilmese, onda ol pikiriň boş gürrüň boldugy bolar.
* * *
Hergiz gaharyňa tabyn bolaýma! Gahar – akyl-paýhasyň taýpançak ýeridir. Ahmal bolsaň, diňarkan gaýdarsyň.
* * *
Çala gaharyň, çala joşgunyň seni nirelerden çykarjagyny bilýärmiň? Bil, ýogsam olar maňlaýyňa öçmejek tagma basarlar.
* * *
Durmuş, taryhy kitaplar bir hakykaty öwran-öwran gaýtalaýar: her bir halk öz ykbalyny, bagtyny özi çözmeli. Taýýar lukma – bagt ýok. Uzak bir ýerden bir halky bagtly etmek üçin hiç bir gudratly güýç gelmez. Şu nukdaýnazardan seredeniňde, türkmeni bagtly etjek gudrat özge ýerden gelmez. Halk özüni özi bagtly etmeli. Onuň üçin bolsa, agzybirlik, jebislik, ynam gerek. Halk, ine, şu üç gudraty haýsy hem bolsa bir är oglunyň eline bermeli-de, şeýle diýmeli: «Eý, türkmen gerçegi, biz saňa ynanýarys, ykbalymyzy saňa baglaýarys, sen biziň Ynamymyzy, Gaýduwsyzlygymyzy, Ruhubelentligimizi gämi edinip, bizi bolçulykly, behişdi ýaşaýşa elt».
Arkasynda synmaz Ynamy, Gaýduwsyzlygy, Ruhubelentligi bolan kişiniň, heý, ýetmejek menzili bolarmy?!
Sözler