* * *
Meniň iň ýakyn ýürekdeşlerim Magtymguly bilen Görogly.
Men her gün olaryň haýsam bolsa biri bilen ýüzbe-ýüz bolýaryn: kitaplaryndan parçalar okaýaryn. Olar bilen beýle ýakynlygym ýoldaşlarymyň käbirine geň görünýär. Olar meniň dünýäme geň galýandyklaryny aýdýarlar, men olara düşünýärin.
Men bu gün ýatmazdan burun «Göroglyny» elime aldym. Oglanlaryň meniň dünýäme gözleriniň gidýändikleri baradaky gürrüňlerini ýatlap, näme üçindir, Görogly barada oýlandym.
Eser bir göräýmäge sada. Emma onuň her bir sahypasynda çuň many bar.
Ýönekeýje bir mysal. Kitapdaky ähli adam atlarynyňam göçme manysy bar.
Adybeg soltanyň iki dogany bar. Biri Genjim beg, adyna üns ber, genç – baýlyk. Genjim beg dünýätalap bolup, Adybeg soltan ölüp ýurt serdarsyz, tagt şasyz galanynda hem tagta geçjek bolýan däldir. Genjim beg şahsy bähbidi il bähbidinden, öz baýlygyny il, ýurt baýlygyndan öňe goýýan adam. Beýle adam ýurda eýe bolup bilmeýär. Adybeg soltanyň beýleki doganyna üns ber: Mömin beg. Mömin diýmek – Allanyň din işleri bilen gümra adam. Ol bagşylaryň düşünmezden ýoýuşy yaly, kellesi işlemeýän, akyly gelip gitmeli ýigit däl. Ol nömin, musulman. Ol din işlerini alyp barýar. Din işlerine meşgul adam ýurda şa hem bolup bilmeýär, halkyň serdary hem. Şa, serdar beg kişilerden çykýar. Şonuň üçin, Göroglynyň kakasynyň – Jygaly begiň ýurdy soran oglunyň ady beg – Adybeg. Ady – adyl diýmekdir. Ýurdy diňe adyl dolandyrsyn. Ine, saňa many ummany.
Magtymguly bolsa uly din ulamasydygyna garamazdan, ýurduň başyna howp abananda jany ýangynly serdara, halkyň söweşjeň ruhuna öwrülýär. Bu Magtymgulynyň watanparazlygyndan, il-halky, dünýäni ýürekden söýýänliginden gelip çykýar...
Külli türkmen bir atanyň, bir enäniň balasy.
Sen arçyn, sen hakyky arçyn boljak bolsaň, tutuş obanyň atasam sensiň, enesem sensiň! Sen tutuş obanyň hyzmatynda gije-gündiz ylgap ýören adam bolmalysyň. Eger sen özüňi obanyň hojaýyny hasap edip, obaň bähbidini öz bähbidiňden ileri tutmaýan bolsaň, seniň ýoluň biziň ýolumyz bilen bir däldir!
Sen etrabyň ýa welaýatyň häkimi bolsaň, etrabyň, welaýatyň ykbaly seniň gerdeniňde bolsun. Sen Magtymguly atamyzyň «Häkim bolsaň, halky Gün kibi çoýgul» diýşi ýaly, halkyňy çoýup bilmeseň, senden häkim bolmaz!
Her söz, her jümle ýürekde kemala gelip, ýürekde bişmese, ol ýürege-de ýetmez, lezzet hem bermez!
Öýden öýe goňşokara aýlansyn, gapydan gapa ýoda aýlansyn, kalpdan kalba hoş sözler myhman bolsun. Göwün göwünden suw içer, adam adama myhmandyr.
«Görogly» eposy türkmeniň milli aýdym-saz sungaty hakyndaky epos...
Goluňyzy ýüregiňiziň üstüne goýup aýdyň, heý bedew at barada sekiz ýüz sahypalyk eser başga nirede bar?
Bu eposda söhbeti edilýän Gyrat ýöne-möne at däl, ýelden ýyndam, adamdan düşbi. Görogly aýtmyşlaýyn, onuň asly-da behiştden!
Gyrat – Göroglynyň ruhy.
Görogly – türkmen halkynyň ruhy.
Agaýunus – eposyň ruhy.
Adatça, gahrymançylyk baradaky eposlarda, dessanlarda baş gahryman gözsüzbatyr, baran ýerini ýykyp-ýumrup ýören, garadangaýtmaz gahryman bolýar. Beýle gahrymanlara taý tapylman döwler bilen, döwlerden-de beter aýylganç jandarlar bilen söweşdirilýär. Kyn pursatda olara Hudaý kömege ýetişýär. Olar hudaýlaşdyrylan gahrymanlar.
«Görogly» dessany ýalkymly watanparazlygyň, taýsyz gahrymançylygyň nusgasydyr.
Ýaşajyk Röwşen taýynyň yzy bilen gidýär, erenlere-pirlere duşup ak pata, sowgat-serpaý alyp gelýär. Jygalybeg ondan pirlerden näme diländigini soraýar. Görogly atasyna nama aýdyp berýär. Jygalybegiň gaty gahary gelip:
– Haý, zaňňar iş bitirip gelipdir-ä! Aýat diýdiler, Gurhan diýdiler, namaz diýdiler. Saňa merez diýdiler, zäher diýdiler, zaňňar, erenleri jem görüp, raýyndan gaýdyp, sopuçylyk patasyny alyp gaýdan kişi diýerler saňa! Sen zaňňaryň iň soňunda-da bitirjek işiň: güpbüräge-de mele don, köne şarkyldama köwüş-mesini geýip, bir ýatak sopbaşy hem başyňa ildirip, daşyna-da bäş-alty gary biz aýlap, eliň kündükli öňüni-ardyny ýuwup, nirede bir sadaka-pata barka diýip aýlanyp ýörjek zaňňar diýerler saňa!
Pikir ediň, Mansur al-Hallajynyň dardan asylyp, Nesiminiň dabanyndan soýlup ýören zamanlaryndan bäri şeýle pikiri aýdyp ýören eser nähili beýik bolmasyn! Çünki Jygalybeg üçin watan derwaýys, onuň ýurdy eýesiz dur, tagty soltansyz! Oňa namaz, Gurhan, molla-müfti gerek däl.
Bütin ömrüni jeňde-gowgada geçiren Jygalybeg erenleriň agtygyna beren ýaragyny sermeşdirip görüp:
– Baý, erenler-ä sahy eken, jomart eken! Mundan ýarag bolmaz, oglum. Munuň bitirjek işini biliňde gurbatyň, goluňda kuwwatyň bolsa, aşpyçagym bitirer!
Jygalybeg Göroglyny kemsiz ýaraglandyryp şeýle diýýär.
Ýalňyz balam, algyn pendim,
Watany terk ediji bolma!
Gargyşyna galyp bendäň,
Nähak gan çalyjy bolma!
Öwüş-hä, Jygaly, öwüş,
Myhman gelse, etgil söwüş.
Döwüşseň, mert bilen döwüş,
Namardy kowujy bolma!
Göroglynyň aýdymy-sazy – syýasaty!
Göroglynyň gyraty, hakykatdan-da, döwleti!
Gyratyň eýeri – tagty!
* * *
Geçen asyrda bir baý aýal uly toý berýär, ýurduň ähli ýerine ýörite çakylykçy baryny ugradyp, bagşylaryň ýaryşyny geçirjekdigini, baýraga bolsa altyndan, göwher-dürden bejerilen alagaýyşlyny, tamam bedew atyň şaý-esbaplaryny goýjakdygyny jar edýär. Örän uly toý bolup, oňa welaýatyň men diýen bagşy-sazandalary barypdyr.
Ýaryşa Heleý bagşy adyny alan bir zenan bagşy hem gatnaşypdyr. Ol hamyla eken. Şeýle-de bolsa, onuň «Könegüzer», «Balsaýat» ýaly ýokary çeküwli aýdymlary döreden, dutarda on üçünji perdäni açan Kör Gojaly bilen – türkmende juda tanymal bagşy bilen ýaryşasy, başartsa ýeňesi gelýär. Ony göwredäki çaganyň kysmaty gyzyklandyranok, şöhrat-şan gyzyklandyrýar.
Kör Gojaly duýgur adam bolupdyr, ol Heleý bagşynyň hereketinden, aýdym aýdyşyndan onuň göwrelidigini bilýär. Ol şöhrat üçin, at üçin bir biçäre çagajygyň ganyna galjak adam däl. Ol Heleý bagşy bilen ýaryşmajak bolup, her hili çykalga gözleýär. Gezek bermän diňe özi aýdyp görýär, «Baýragy Heleý bagşa beriň» diýip görýär. Ýöne halk bu töwellalalary almaýar. Olara kimdir biriniň masgara bolany gerek.
Ahyry Kör Gojaly örän gymmat baýrakdan – at-abraýyndan geçip, çaganyň düşmegine sebäp bolmajak bolup dutaryny göterip zut gaýdyberýär. Mähelle Kör Gojaly ýeňildi diýip hezil edýär. Heleý bagşy, barybir, çagadan jyda düşýär. Men bu barada «On üçünji perde» atly hekaýa ýazdym.
Günäden gaçyp gutulmaly, sogaby kowup tutmaly!
Zyýan görüp, haýyr ediler!
Bu rowaýatyň halkyň arasynda ýaşap ýörmesiniň sebäbi, hikmeti nedir? Hikmeti şeýle: türkmen günä iş edenden, iň eziz görýän at-abraýyndan geçenini eý görýär. Hawa, türkmen şeýleräk halk. Ol duýgur halk. Bilip, bilkastlaýyn günä etmegi türkmen adam öldüren bilen deň saýýar. Hiç kimiň öz adyny garalasy gelip duranok. Ýöne kysmat şeýle bolsa welin, mert äre öwrülýär. Kör Gojalynyň bu merdi-merdanalygy türkmeniň buýsanjyna öwrüldi.
Türkmende Kör Gojaly deýin mert ärler kän.
Şeýle mert ärleriň jeminden türkmen diýen halk döräpdir.
* * *
Isgender şahlynyň iki golunam tabytdan çykaryp, jaýlamaga alyp gidipmişler.
Weli Nostradamus özüni dik durzup jaýlamagy wesýet edýär, ol şindizem ýeriň astynda uçuşa taýyn ýaly durandyr.
Yslam dini Süleýmany patyşalykdan pygamber derejesine göterdi, meger, ol Süleýmanyň pygamberlik paýhasyna sarpa goýandyr.
Çingiz han dünýä inende onuň bir ýumrujagy düwülgi eken. Ony açyp görseler, aýasyna gan öýüp gidipdir. Muny bir dana şeýle ýorupdyr: «Bu çaga serkerde bolar. Dünýäni basyp alar. Munuň öldüren adamlarynyň gany derýa bolup akar». Çingiz ýigit çykyp, ilki bilen, şol danany öldüripdir. Onuň penjesinde sekiz ýüz ýyl bäri Jelaletdiniň körpeje oglunyň ýürejigi alaw ýaly lowlap ýanyp dur. Çingiz han gaflata batyran dünýäsinde ykmandalyk edip ýörşüne, şol ýüregiň ýalkymyna eden etmişlerini görüp, şindizem aýlanyp ýör...
* * *
Ilçilik. Iliň içinde her kysmy adam bolýar.
Her öýünde telefon bar, emma jaň edişere kişisi ýok!
Kaşaň-kaşaň şarňyldap duran köşgi-eýwanlar, görülmedik mebeller, emma ne myhmany bar, ne mediwany.
Gije hem gündiz hallan atyp gazanýar, puly weşeň-weşeň, emma janyny ynanar ýaly kişi beýlede dursun, puluny ynanar ýaly kişisi hem ýok!
Ýüreginde dert kän, hesret kän, gamdyr-gussa kän, bölüşere kişisi ýok!
Gam-gussa, hesret-u-dert şeýle närsedir, bölüşdigiňçe gutarmak bilen!
Ýüreginde söýgi kän. Paýlaşylmadyk söýgi, uzagy bilen zähere öwrülýär! Il içinde oturyp ilden çykmakdan, ýurduňda oturyp ýurtsuz galmakdan Alla saklasyn!
Çopan maly bilen gürleşer, daýhan ýeri bilen gürleşer, mirap suwy bilen gürleşer, sen kim bilen gürleşer sen.
Men gündeligim bilen gürleşýärin. Meniň ýüregim, janym, kalbym gündeliklerimde. Ertekilerde döwleriň janlary äpet bir daşyň aşagynda gizlengi bolýar. Edil şol ertekilerdäki ýaly, meniň içki dünýäm gündeligimde gizlengi. Ýok, gizlengi däl, meniň päk kalbym, dünýäm gündeligimde hiç bir zada dulanman durlar. Gündeligim – meniň syrdaşym. Görogly meniň syrdaşym. Magtymguly meniň syrdaşym. Gorkut dana meniň syrdaşym.
Türkmenistan meniň güýç-kuwwatymyň çeşmesi. Men arkamda, alysda türkmen atly ilimiň bardygyna buýsanyp ýaşaýaryn. Men bu günler gije-gündiz okaýaryn, öwrenýärin. Nesip bolsa, men bu öwrenen zatlarymy halkyma ýetirerin. Edil mekgepatrak paýlan ýaly edip paýlaryn.
Howlugýan!
* * *
Türkmeniň özge halklara meňzemeýän, tüýs türkmen-dä diýdirýän häsiýet-gylyklary bar. Şolaryň diňe käbiri barada ýazmakçy bolýaryn.
Gandaky paýhas – gyndaky gylyç. Ir zaman, ýetginjek wagtlarym bir ýola bazara baranymda bolan şu waka şindizem ýadymda. Jygyllygyň mal saraýynda bir goja süýtli, göze gelüwli sygryny satjak bolýardy. Daşynda mähelle köpdi. Her kim bu tohum maly aljak.
– Ýaşuly, alty ýüz elli manat... Ber maly, bahasy ýetdi – diýip, alyjy halysalla ýalbarýardy. Ýaşuly sygryny bermedi. Yzýany başga bir adam geldi, ol sygryny bazara çykaran gojany tanaýan eken. Salamlaşdylar, hal-ahwal soraşdylar, soňra ol:
– Bä, tohum maly bazara çykaraýan ekeniň-ow... Ene süýdünden halal alty ýüz manadym bar, berseň-ä, sygra eýe çykjak...
Goja sygry berdi. Alty ýüz ellä berilmän duran sygryň alty ýüze berlenine diňe men däl, tutuş mähelle haýran galdy. Ahyry bir kişi:
– A-haw, ýaşuly, alty ýüz ellä bermedik sygryňy zyýana galyp alty ýüze beräýdiň-le, munuň hikmeti nedir? – diýdi. Goja:
– Adamlar, o janawar haýyrly mal boldy, üç-dört ýyl akly-gatykly edip, ýylyna bir göle berdi. Pul zerur bolup satmaly boldum, ýogsa bazara çykarar ýaly mal däl ol... Onsoň elli manat bähbidimden galsam-da, tanaýan, halal adamyma berdim – diýdi...
Türkmen: «Keçäňi satsaňam goňşyňa sat, myhman baraňda bir burçunda ýene özüň oturarsyň» diýendir.
Türkmen: «Itiňi hem kesekä berenden, goňşyňa bergin, seniňem öýüňi gorar» diýendir.
Türkmen mal edinjek bolsa, arzana çapmaz, gymmat hem bolsa eli haýyrly, döwletli adamdan satyn alar.
Türkmen at edinjek bolsa-da, it edinjek bolsa-da ýedi puşduna ýetik bolmasa, almaz!
Türkmen gelin edinjek bolanynda gyzyň ýedi arkasyny, dogan-garyndaşlaryny yzarlar: gana gatyljak gan niçik gan? – Anyklar!
Bir adam jaýyny satjak bolýarmyş. Alyjynyň biri:
– Pylany aga, munuň ýaly jaýlar, pylança berilýär, sen gaty gymmat bahalaýarsyň. Seniň aýdan bahaňa mundan has gowy jaý alyp bolýar ahyry – diýeninde, jaý satjak bolýan:
– Meniň goňşularym gowy adamlar, şonuň üçinem, men jaýyma gymmat baha kesýärin – diýipdir.
Obamyzda Berdi aga diýip biri bardy, ýedi-sekiz ogly bolsa-da, ol entek çagalaryna «haýt, eýt, beýt» diýen adam däldi. Berdi aga:
– Ganynda bardyr, gitjek ýeri bolmaz, hökman ilhalar kişiler bolup ýetişerler – diýerdi...
Berdi aganyň aýdyşy, diýşi ýaly, gany halal ogullar gowy kişiler bolup ýetişdiler.
Ine, dost, türkmen şeýleräk türkmen.
* * *
Her topragyň bitýän öz ekini bolýar.
Tebigat türşegi gaty ajy ýaradypdyr, ýöne ony hasyly köp hem bolsa ekmeýärler, ine, dana daýhan alaga-da onuň çigidini köp wagtlap gawunyň şiresinde ýatyryp ekýär weli, türşek ajylygyny ýitirip süýji bakja öwrülýär, hyýar ýaly ýöne iýip oturmaly! Daýhan paýhasy tebigatyň ajy närsesinden süýji närse ýaradýar!
Tersine, bir atyz bulgar burçunyň içine ýeke düýp gyzyl burçuň tohumy düşse, işi gaýdýar. Tutuş atyzyň bulgar burçy ajy burça öwrülýär.
Ygally, boz toprakly demirgazyk ýurtlarynda mymyk ösümlikler ösýär, emma howasy yssy, gurak Gündogarda ähli ösümlikler diýen ýaly tikenli!
Ygally, boz toprakly Demirgazykda ir-iýmişler turşy, hatda gawuna-da şeker sepip iýmeli, tersine, yssy, gurak Gündogarda ähli miweler bal ýaly.
Ygally, boz toprakly Demirgazykda zäherli janly-jandar gaty seýrek, emma yssy hem gurak Gündogarda awuly jandaryň hetdi-hasaby ýok.
Çölüň çägesine çümüp-çykyp ýaşap ýören gömülgen çakan adamsyny lukmana ýetirmeýär, suwda ýaşap ýören ýylanyň awusyny weli ýyllar, asyrlar suw bilen ýuwup aýryp goýberipdir.
Öý haýwanlaryny urup-sögüp duşman edinip bolýar. Wagşy haýwanlary söýüp, mähir-muhabbet bilen eldeki edip bolýar.
Her ýurduň haýwany-da şol ýurduň diline düşünýär.
Ýagşy söz ýylany hinden çykarsa, ýaman söz gylyjy gyndan çykarýar.
Seniň ýüzüňe hiç kim bakmaýan bolsa, sen hem hiç kimiň ýüzüne bakýan dälsiň.
Seni hiç kim hormatlamaýan bolsa, sen hem hiç kimi hormatlaýan dälsiň.
Saňa hiç kim ýagşylyk etmeýän bolsa, sen hem hiç kime ýagşylyk eden dälsiň.
Saňa hiç kim hoş söz diýmeýän bolsa, sen hem hiç kime hoş söz diýýän dälsiň!
Seni hiç kim özünden beýik görmeýän bolsa, sen hem hiç kimi özüňden beýik gören dälsiň!
Gippokrat şeý diýipdir:
Akylly boljak bolsaň, wagtal-wagtal aýnada öz keşbiňe seredip durmalydyr. Eger bigörk bolsaň, bet işler edip, mundan beter bedroý bolmajak bol, eger görkana bolsaň, ýaramaz iş edip, görk-görmegiňe gara sürtmejek bol!
Ýylgyrýan ýüz Taňrynyň ýüzüdir, ondan nur saçylar!
Berýän el Allatagalanyň goludyr, ondan sahawat saçylar!
Ýagşy söz diýýän dil, Allatagalanyň zybanydyr, ondan dür saçylar!
* * *
– Depeden iniş gowumy ýa çykyş – diýip, düýeden sorapdyrlar, düýe:
– Ikisiniňem ýüzüne köz degsin – diýip jogap beripdir.
Päliňiz pes bolsun, ýöne başyňyz dag ýaly belent gerek!
Göwräňiz zeminde gezsin, ýöne göwnüňiz al-asmanda gerek!
Almazyň töwereginiň gyraňy köp boldugyça, şonça bahasy gymmat.
Adam oglunyň her bir gylyk-häsiýeti onuň bir gyraňydyr, bize diňe almaz bolaýmak galýar.
* * *
Türkmen adyl halk, adalatly halk, türkmeniň zandy şeýle!
Pyragy «Pygamber ornunda oturan kazy» diýýändir. Adalatyň, adyllygyň orny pygamber orny. Ol ornunda oturyp para alyp, ile alagöz bilen seretmek öz mertebeli ornuňa kest etmekdir.
Türkmeniň gözünden bir düşeňsoň, näçe beýik mertebä galyber, näçe baý boluber, ol seni adam hasap etmez!
Türkmene adyllygyň ölçeg birligi gerek bolýar: ol çuň taryhyň gatyndan tapyp, Süleýmany adalatyň terezisi edinýär.
Türkmeniň akyl-paýhasyna görä, Allatagalanyň iki dünýäsi hem terezi. Pany dünýä tereziniň bir okarasy, baky dünýä tereziniň ikinji okarasy. Sen bu dünýäde haýyrly işler edip, sogap gazanan bolsaň, tereziniň sogaply tarapy agyr gelip, jennetde ýaşarsyň. Eger-de sen bu dünýäde günä etseň, o dünýädäki tereziniň günä okarasy agyr gelip, şonça-da jebri-jepa çekmelisiň!
Halala hasap bar, harama azap.
Türkmençe aýdanyňda, sud jenaýatkäriň etmişini terezä salyp, oňa iş kesýär. Suda gatnaşyp oturan ýönekeý adamlar suduň adyllygyna baha kesip otyrlar. Ýokarda Allatagala bolsa üçünji sud bolup, ahyrky netijäni çykarýar.
Adalatly boluň: haýwana, ynsana, mör-möjege, ösümlige...
Gadym zamanda adyl şa birine ölüm permanyny beripdir. Jenaýatkäre:
– Soňky haýyşyňy aýt – diýipdirler. Jenaýatkär:
– Şahym, men şu jenaýaty pylan ýurtda eden bolsam, maňa näme perman bererdiler? – diýipdir. Adyl şa:
– Elbetde, ölüm jezasyny bererdiler – diýen.
Jenaýarkär:
– Onda adyl şa bolup pylan ýurduň zalym şasyndan seniň parhyň näme? – diýipdir.
Magtymguly: «Bege berim, şaga delalat ýagşy» diýýändir.
Her kim öz ykbalynyň şasy. Adyl, adalatly, rehimdar, geçirimli bolup ýaşamaly, çünki, Allatagala adyllygyň, adalatlylygyň, rehimdarlygyň, geçirimliligiň beýik nusgasy ahyry.
* * *
Owadan-owadan, her çeçegi dürli-dürli öwüsýän güljagazlar uçuşyp ýör. Olar şeýle bir owadan, gözüňi aýryp bolanok. Emma ol güllere adamlar näme üçindir kebelek ýa perwana diýýärler.
* * *
Eý, Alla, sen meniň ýüregimi göwrämiň iň ygtybar ýerinde, gursagymda ýerleşdiripsiň. Sen onuň daşyna kapasa edip, ony bendi edipsiň. Meniň gursagymda pynhan kapasada ýerleşen ýüregim höwürtgesinden uçup çykjak bolup perwaz urýar. Ganaty bar, emma uçup bilmeýär!
Eý, Alla, sen meniň ýüregimi şeýle pynhan ýerde bukupsyň, emma... emma nejis kişileriň sözi göni ýüregime çümýär. Diňe maňa çenelip atylan däl, başgalara çenelip atylan ýigrenji sözler hem gelip öňi bilen meniň ýüregimden degýär!
Eý, Alla, meniň ýüregimi şeýle pynhan ýerde ýerleşdiripsiň, emma ol aýdylan hoş söze bägül ýaly bolup çar-para açylýar!
Meniň gursagymda pynhan ýerde ýerleşen ýüregime günüň nury şuglasyny salýar, baharyň çagbasy gerdini ýuwýar, gijeleriň salkyn şemaly onuň akdyran ganly ýaşlaryny süpürýär!
Eý, Alla, sen maňa üýtgeşik bir parasat beripsiň, erk beripsiň, güýç-gaýrat beripsiň, emma hemmesini gursagymda pynhan ýerde ýerleşen ýüregim öz ygtyýarynda saklaýar.
* * *
Gürleşeniňde adamlaryň gözüne bakmagy-da unutmaly däl, eger söhbetdeşiň gözleri boş bolsa, onuň kellesiniň dolulygy gara köpüge-de degýän däldir.
* * *
Çölüstanyň jöwzasy, hupbatly yssy hatda ojaryň şahalaryny hem goçuň şahy ýaly burum-burum edip taşlaýar. Ençe-ençe külpeti gören ojar ýanan çagy onsoň demri-de eredip goýberýär.
* * *
Derýalaryň arzysy çalt akýanynda däl-de, bol suwunda.
* * *
Ýel islendik tarapdan gelip biler, çünki, onuň mesgen-mekany ýok.
* * *
Akmaklyk daşa dyzaýar, pikirler içe. Pikirleri daşyna çykaryp, akmaklygyny gursagynda bukup bilýän adam dana bor.
* * *
Adam hemişe her bir synaga taýyn bolmaly. Pygamberler hem öz döwründe uly synaglara duçar bolupdyrlar.
Hezreti Ýusuby gul edip satypdyrlar.
Hezreti Ýakubyň gözleri kör bolupdyr.
Hezreti Ýunusy balyk ýuwdupdyr.
Hezreti Ybraýyma öz ogluny gurban etmek buýrulypdyr...
* * *
Magtymguly şindi ýaşap ýören çaglary Mekge şäherine Haja barýan bir kerwen onuň öýünde düşläpdir. Aryp gelen kerwençiler birki gün Magtymguly bilen gürleşip oturyp: «Biziň hajymyz gowuşdy, Alla gudratly-keramatly adamy ýolda duşuryp, alysymyzy ýakyn kyldy» diýip, yzyna gaýdypdyr.
Hut şondan soň, Magtymgulynyň ýaşan obasynyň adyny Hajygowşan diýip atlandyryp ugrapdyrlar.
Köneürgenç şäherinde keramatly şyh Nejmeddin Kubranyň kümmediniň ýokarsyna: «Şu adama zyýarat etmek Mekge bilen Medinä zyýarat etmek bilen barabardyr» diýlip ýazylypdyr...
* * *
Men birnäçe gezek Magtymgulyny, Azadyny, Şabendäni tutuşlygyna ýatdan bilýän adamlara duş geldim. Il – baýlyk. Neşirýatda ýoýulyp çykarylan dessanlaryň hakyky nusgalary bilen kiçeňräk, ýaşyrynrak toýlarda tanyşdym. Nähili ajaýyp eserler!
Men şonda bir hakykaty aňladym: şygyr bolsun, dessan bolsun – türkmen edebi mirasyny hökmany suratda owaz hökmünde kabul etmeli. Baryp mekdepdekäm Nurmyrat Saryhanowyň «Kitap» (Guba düýe berlip alnan kitap) hekaýasyny höwes bilen okaýanym ýadyma düşýär. Şonda şeýle bir waka beýan edilýär: Welmyrat argyşdaka kepjesakgal mollanyň kitap okaýşyna gabat gelýär. Soň ol ýatlamagyna görä, «molla» dilini oýnadyp, sözüň labzyny arapçamy ýa başga bir zatçamy üýtgedip aýdypdyr. Men bu labza köne kitaphon kişileriň okaýşyna gabat gelipdim. Ajaýyp zat! Çünki owaz şygryň manysyna şeýle bir şaplaşyp dur! Owaz manyny ýüze çykarýar1
Türkmen dessanlarymyz hem şeýle. Dessan özboluşly bir sungat. Ol ýöne bir edebiýat hem däl. Men hatda Leningrad professorlarynyň içinde-de dessana aşyklara duş geldim. Olar dessana sungatyň iň ýokary başy, dessança bolsa artist diýýärdiler. Bu zatlaryň bary meniň estetiki duýgymy we düşünjämi terbiýeleýär.
Entegem türkmen edebiýatyndan, sungatyndan baş çykarýan adamlar seýrek hem bolsa, gabat gelýär. Men şu ýazgylarymy hem şol duşuşyklaryň biriniň täsiri astynda ýazyp otyryn. Gulagymda entegem agşamky sazyň we aýdymyň ýaňy dur. Jadyly sungat!
* * *
Men ozal hristian ybadathanalaryň birnäçesinde bolup görüpdim. Isa pygamberiň dürli-dürli suratlaryny görüpdim, birneme solgunlaşan hem bolsa, onuň keşbi meniň hakydamdady. Ynha, indi onuň ruhy keşbi hem aňymda kemala gelip, ol bütewi bir gudrata öwrüldi duruberdi. Maňa indi Isanyň suratyny ýaňadan synlamak gerekdi, sebäbi ol indi ýöne suraty pygamber bolman, meniň beýnimde, aňymda janlanan hakyky pygamberdi. Isany durup-durup synladym. Elbetde, biri «haýt» diýäýjek ýaly, men kursdaşym Aleksandr bilen ybadathana gidipdim. Ol Saşa diýeniňden Aleksandr diýeniňi has gowy görýärdi, kämil kişidi, ýaşam bolsa ir ýetişen ýigitdi.
– Aleksandr, Isa pygamber – diýip, pikirimi aýtmakçy bolup ýüzüne seretdim.
– Isa pygamber däl, Isa Hudaý – diýip, ol özüne mahsus bolmadyk halda gödeksi jogap berdi.
Men ýylgyrdym:
– Eger, ol Hudaý bolanynda, ony haça çüýläp bilmezdiler!..
– Näme diýip haça çüýläp bilmezler!.. Çüýlärler, onda-da nähili çüýlärler! Dünýä hudaý gerek däl, millete hudaý gerek däl!.. Adamlara Sokrat gerek däl, şonuň üçin oňa awy içirdiler. Adamlara Bruno gerek däl, şonuň üçin ony oda ýakdylar... Nesimini dabanyndan soýmadylarmy? Mansur Hallajy nätdiler?!
Aleksandr şol bir äheňde ýene ona golaý gurban edilen: atylan, asylan, oda ýakylan adamlary sanaşdyrdy. Men başymy atyp makullaýardym, çünki, bu ýerde jedel artykmaçdy, hristianlar oňa hudaý diýip ynanýarmy – ynanýar! Başga dinli bolup öz diniňe hormat goýsaň, başganyň dinine, ynanjyna hem hormat goýmalydy...
Men ýolboýy Isa pygambere meňzeş keşpli adam görmek üçin alnymdan gelýän ýüňlerçe-müňlerçe adamlara syn edýärdim. Ýok, Isa pygambere çalym edýän adam hem ýok. Meňzeşlik beýlede dursun!
Men Isa pygamberiň ýüzünde nur hem röwşen şugla ýagyp duranyny gördüm, ol keşp meniň gursagyma ýazyldy.
Men Isa pygamberiň janyndan syzdyryp diýýän sözlerini aýan eşitdim, hamana arada ýatan iki müň ýyla golaý zamana ýok ýaly...
Ýok, Isanyň dana pikiri ýaly ylahy pikir hem ýok, Isa çalymdaş adam hem ýok.
Elbetde, ol bolmaly hem däldi. Birden ýadyma bir waka düşüp, men myssa ýylgyrdym.
Beýik Leonardo da Winçi – ussat, hemme taraplaýyn kämil är, ylahy gudrat. Ol «Agşam pynhanlygy» atly suratyny bir ýyldan gowrak wagtlap çekse-de, surat asyl taýyn bolmandyr. Bu suraty çekmegi buýran milan gersogy:
– Suraty başlanyňa ýyl dolup geçdi. Monahlaryň maňa aýtmagyna görä, sen aýlap-hepdeläp ol suratyň töweregine hem barmaýarmyşyň – diýip nägile bolupdyr.
– Siziň aly hezretleriňiz. Ol surat taýýar, diňe hudaý satan Iudanyň kellesini çekäýmesi galdy. Özüňiz bilýäňiz, hudaý satan melgun Iuda deýýuslaryň deýýusy, melgunlaryň melguny, iblisleriň iblisi. Men ençe mahallardan bäri nekgendeleriň jem bolýan ýeri bolan Borgetto gatnaýaryn. Ol ýer tüýsi bozuk nekgendeleriň, melgunlaryň jem bolan ýeri. Emma gynansak-da, men ol melgunlaryň arasyndan Iuda bap geläýjek sypatly iblisi tapyp bilemok. Şol melguny tapan günüm surat taýyn boldy bil – diýip, Leonardo da Winçi jogap beripdir.
Hawa, Ylahy kişi zeminde ýok, diýmek, iblis kişi hem zeminde bolmaly däl.
Arşdan inen gudratly Isanyň ýok zemininde Arşdan kowlan iblis nädip bolsun?!
Biziň aramyzda ýaşap ýören ýagşyzadalar hem, melgunlar hem adamyň mümkinçiligindäki gowy kişiler!..
* * *
«Sowetskaýa kultura» gazetini okap otyrkam, gaty geň zadyň üstünden bardym. Owganystanda bolup gelen sowet žurnalisti owgan durmuşyndan (puştun) gysgajyk makala ýazypdyr. Meni geň galdyran jümle: «Owganystan döwletiniň düýbüni tutan Ahmet şa Dürrany – şahyr, puştunlaryň sylagly şahyry» diýen jümle boldy...
Ynha, indi bar zat düşnükli bolaýýar. Daşary ýurt basybalyjylarynyň derdinden bizar-peteňi çykan Döwletmämmet Azady ogullaryny ýöne ýere Ahmet Dürranynyň huzuryna ibermän eken. Döwletmämmet molla şahyr adam, ol şahyr hökümdar öz ýürek haýyşyna düşüner hem ýardam eder diýip tama edipdir.
Ahmet şa Dürrany – şahyr, özem abdal...
Abdal türkmenleri. 1747-nji ýylda abdal türkmenleri döwlet gurýarlar. Ol döwletiň ady-da Owganystan bolýar.
Türkmenler yslamyň diýýän ýedi yklymynyň dördüsinde şalyk, soltanlyk sürýärler.
Dört yklym Allanyň türkmene peşgeş beren ýerleri.
* * *
Kitap okap-okap gözlerim ýadandan soň dälize çykyp, bir garyş arasy açyk penjireden daşaryk seredip, gözlerime dynç berýärin. Ýaşyl reňk gözüň ýeke-täk melhemi!
Ýaşyl reňk!
Ýaşyl reňk argyn, yzalanyp duran gözüme melhem bolaýdy asyl, görnetin melhem boldy. Göreçlerim kapasadan çykarylyp goýberilen bilbilgöýe ýaly hezil etdi. Şo-da oýlanmagyma, pikir kürümlerine düşmäge ýardam etdi.
– Ýaşyl reňk – ýaşaýşyň reňki!
Ýaşyl reňk – ýaşlygyň reňki!
Ýaşyl reňk – ýazyň reňki!
Türkmeniň pasyrdap duran ýaşyl tugy bolupdyr. Sebäbi ol ýaşaýşyň manysyny berýär, ol halkyň ýazyny gaýtaryp berýär! Türkmene düşünmek üçin aýratyn başarnyk gerek. Çünki türkmeniň her bir zadynyň aňyrsynda çuňňur many bar.
Aňyrsynda çuňňur manysy bolmadyk zat türkmeniňki däldir. Ine, türkmeni tanamagyň ýönekeýje bir ölçegi.
* * *
SSSR-de bir ýylda umumy sany 1,8 milliard bolan 80 müň sany kitap çap edilipdir. 5,2 müňden gowrak žurnal ýylda 3,2 milliard tiraž bilen çykýar. SSSR boýunça sekiz müňden gowrak gazet çykýar, ol gazetleriň bir ýyldaky sany 40 milliard.
Eý, Hudaý, gör, näçe çykdajy!
Aňyýete hiç bir döwlet hem SSSR ýaly köp üns, çykdajy berýän däldir.
Nirede ynam az bolsa, şol ýerde ynandyrmak üçin köp gürlenilýändir diýipdirler. Şeýlemikän?!
* * *
Men çümhörek däl. Naharlanmak üçin näme bar bolsa, şonuň bilen oňňut edinýärin. Käbir adamlaryň men pylan zatlary iýmegi gowy görýärin, pylan-pylan zatlary bolsa iýemok diýip edýän gürrüňlerini halamaýaryn.
* * *
Kursdaşym Kolýa meni bir ýere äkitdi. Ýolda: «Sen sesiňi çykarman diňlegin» diýdi. Biziň syýasatymyza garşy adamlaryň ýygnanyşygy diýdi.
Eý, Hudaý jan, gizlemäýin, gorkdum. «Sowet Soýuzyna, lenine, Staline garşy çykyp bilýän adamlar nähili adamlarkan?!» diýdim. Şol adamlary göresim geldi.
Dekabristleriň, M.W.Petraşewskiçileriň kysmaty göz öňüme geldi. Okuwdan kowulmagyň mümkin. Diňe bir mümkin däl, seni diwara söýäp göni atarlar.
Men ölümden gorkamok, ýöne nähak ölmek hem islämok.
Bilesigelijilik menden rüstem çykdy.
Baran ýerimizde on-on bäş adam bardy. Dördünji gatdady. Bäş otagly jaý. Kolýany tanaýan ekenler. Olar men hakynda ondan soradylar. Kursdaşym, megerem, gowy sözler aýdandyr, meniň bilen köne dostlar ýaly gürleşip ugradylar.
Men gürlemedim. Ýöne gürlän adamlaryň sözlerini welin, gaty ünsli diňledim. Olaryň sözleri meniň aňymda sarsgyn döretdi.
Şol duşuşygyň sarsgynyndan men esli günläp aýňalyp bilmedim. Ine, bu günem şonda diňlän çal saçly peşeneli kişiniň sözlerini gündeligime ýadymda galşyna görä sözme-söz geçirýärin:
– Hemme zada, onda-da islendik aňyýete onuň durmuşda getiren netijesi boýunça baha berilýär. Daragta-da miwesini dadyp, baha kesilýär. Marksizm bize näme berdi? Muňa her kim ilki bilen, öz ykbalyndan misil tutup jogap bermelidir. Kommunizm meniň atamy nähak ýok etdi. Onuň elinden halal mülküni gaňryp aldy. Şeýle kemsidilen, harlanan ykballar müňlerçedir.
Marks, Lenin adamzadyň bir bölegini ýok etmek üçin onuň beýleki böleginiň eline ýarag bermegi dünýäni kämilleşdirmegiň ýeke-täk dogry ýoly hasap edipdirler. Galan ýollara ýarym-ýarçyklyk, ýalançylyk, ikiýüzlülik, aldawçylyk diýipdirler. Meniňçe, kommunizmiň aňyýetinde esasy zat haýsydyr bir pikir, garaýyş däl-de, adama bolan ýigrençdir. Belki, muny kommunizmi esaslandyryjylar aňlan hem däldirler. Ýöne bu indi oňat göze görünýär. Şu tarapdan kommunizmi şeýtanyň okuwyna deňemek juda esaslydyr. Şeýtan hem akylly, juda akylly. Emma onuň akyly Adam ata bolan ýigrenje, Allanyň öňündäki men-menlige hyzmat edýär.
Şeýtan – adamzadyň bikemal wekilleriniň ýüreginde ýer tapan ýigrenç instinkti, ýumurmak, derbi-dagyn etmek instinktidir.
Döwrüm hem ykbalym şeýle boldy: men kommunizmi ýakyndan gördüm, oňat özleşdirdim. Şonuň üçin hem oňa belet hökmünde gürleýärin. Marksizm adamzat taryhyny önümçilik gatnaşyklary we öndüriji güýçleriň özara gatnaşygy arkaly düşündirdim hasaplady. Emma munuň özi jogap däl-de, diňe öz men-menligiňi we içiň ýangyjyny hakykat hökmünde formulirlemekdir. Adamzadyň, adamzat taryhynyň, ruhuň we durmuşyň şeýle çylşyrymlylygynda aslynda hakykaty bir pikiriň, bir formulirowkanyň derejesine getirmegiň özi bir mümkinmikä?! Asyl, şeýle çylşyrymlylyk bir kanun arkaly aňladyp boljak zat däl ahyryn!
Marksizm näme üçin döredi? Marksizm XIX asyryň ortalarynda Ýewropada bolup geçen tozgunçylyga jogap hökmünde döredi. Işçiler juda aýylganç gedaýçylykda galdylar. Onsoň olary, garaz, köşeşdirmek üçin «çykalga» tapmalydy. Diýmek, marksizm ylym däl-de, aňyýetdir. Aňyýet hakykat däl-de, öz göwnüň toslamasy, köňlüň hyýaly we ýürek sowatmadyr.
Soň XX asyryň başynda marksizmi Russiýada alyp göterdiler. Sebäbi aňyýet hökmünde ol hut şu ýerde has zerurdy. Sebäbi ol şu ýerdäki toparlaryň içiniň ýangyjyny we içki ahwalatlaryny has oňat beýän edýärdi.
Eger marksizm bolmadyk bolsa, Lenin bile Stalin başga bir ideologiýa esasynda rewolýusiýa ederdiler.
Marksyň kapitalizm baradaky pikirleri, gelen netijeleri ýalňyş bolup çykdy. Kapitalizm gülläp ösýär.
Lenin bilen Stalin millionlarça adamlaryň ölümine sebäp boldular.
Şonuň üçin hem men olaryň işini dowam etdirýän kommunistik partiýa ynanyp bilmerin. Kompartiýa hiç mahal hem bizi gowulyga eltmez. Şuny aýdyň aňlaýandygym üçin men kommunistik dünýägaraýşyň çäginden çykdym we şol çägiň daşynda pikir ýöredýärin. Şeýle pikir ýöretmäm maňa dünýä, halkyma, durmuşa has oňat düşünmäge mümkinçilik berýär. Bu sistema gitdikçe çüýräp barýar. Şonuň üçin hem bolup biläýjek özgerişlere psihologik, ruhy, aň taýdan taýýar bolmak gerek».
Boýnuma alaýyn, men ol çal saçly peşeneli kişiniň adyny, familiýasyny bilýärin. Ýöne, barybir, gündeligime ýazmaýyn. Men gündeligimi janym-tenim bilen goraryn.
Men bu sözleri gündeligime ýazmaga hem gorkýaryn. Ýöne meniň bu sözlere ynanasym gelýär. Gorkýan hem bolsam, ynanasym gelýär. Sebäbi ol ynandyrýar. Sebäbi ol ýüregini aýdýar.
Ol kişi meniň bilen ykbaldaş. Ol kişide men öz ykbalymy görýärin.
Ol çal saçly peşeneli kişi meniň kalbymda rewolýusiýa turuzdy.
Men rewolýusiýany göterip, ýatakhanama geldim.
Rewolýusiýamy goramak, ezizlemek isleýärin.
Başardarmykan?!
Başaryp bilmezlik ölüm bilen barabar.
Men bu gün atamyň näme sebäbe görä pida bolandygyna has açyk düşünýärin.
Men bu gün kakamyň näme sebäbe görä pida bolandygyna has açyk düşünýärin.
Birini betbagt edip, oňa sen juda bagtly adam diýip ynandyryp bilmek üçin gaty ussat bolmaly!
Biz durmuşda ussatlyk diňe gowy zatlarda gerekdir öýderdik, görüp otursak, ýamanlyk üçinem ussatlyk gerek eken.
Bu mesele barada gürlemän, diňe oýlanmak, pikirlenmek gerek.
* * *
Meniň pikirimçe, adam hamana bank ýaly, näme atsaň şony hem köpeldýär. Adam hamana şüdügär toprak ýaly, näme atsaň, şondanam hasyl berýär. Eger adam öz synasyna hiç bir zat tapyp bermese, ol özüni iýýär...
Men her gün sagat altyda turýaryn, maşk edýärin, buz ýaly kran suwuna düşünýärin. Werziş bolupdyryn, her gün şony etmesem, janyma jaý tapamok, dünýäde özümi amanat ýaly duýýaryn. Emma endik etmedik adamy şol buz ýaly suwa düşürseň kesellär.
Okamak babatda-da şeýle eken. Okamaga endik edip, ylymlar dünýäsiniň bir çetinden gireniňden soň, ol däli derýa ýaly gujagyna dolap alýar. Soňra dünýäniň ähli lezzeti okamakda-bilmekde bolýar.
Adam öz synasyny bir zada werziş etdirmese, synaň başga zatlary talap edip başlaýar: onsoň oňa çilim gerek, arak gerek, aýalbazlyk, hepbesizlik gerek! Eýse, bu özüňi iýmek dälmi näme?
Bir alym rast aýdypdyr: adam tokga daş, biziň her birimiz heýkeltaraş bolup artygymyzy ýonup, sünnäläp, kemimizi dolduryp, bütin ömrümize özümizden adam ýasamaly. Kanagatlanmak – yza gitmek.
Nemesleriň hem gowy nakyly bar: çaga bir bölek hamyr, ondan çörek hem ýasap bolar, ýolbars hem...
* * *
Betbagtçylyk ýeke gelmeýär diýýär türkmen. Uruş turan ýyly ähli halklar bilen türkmen halkynyň hem depesinden betbagtçylyk goşalanyp indi.
Bugdaýdan alynýan önümiň kilesi, agramy az bolýar, jöwenden bolsa kän hasyl alyp bolýar. Elbetde, jöweniň tagamy bugdaýyňkyça ýok. Ýöne jahanda uruş gidip durka adama tagam däl-de, aç ölmezlik gaýgy. Bir mellekden bugdaý ekip on halta bugdaý alýan bolsaň, şol mellegiňe bugdaý däl-de, jöwen ekseň, aljak hasylyň on alty–on sekiz halta bolýar. Şonuň üçin köp obalarda jöwen ekilipdir. Ýöne taryhda birinji gezek şol ýyl gyş gaty ir – sentýabr aýynda gelipdir. Jöwenler bişip ýetişmändir.
Onsoň betbagtlyk ýeke gelmeýär diýen nakyla nädip ynanmajak?!
* * *
Adamlar döwre görä bolýar ekenler. Atamyň gürrüňi häzir ýadyma düşýär: «Uruş ýyllary çasly gülýän adam ýokdur. Obada mal-garadan başga janly-jandaryň sesi eşidilmez. Ähli kişiniň ýüzi salykdyr. Adamlar biri-biri bilen edil ýygnakda gürleşýän dek pyşyrdaşyp gürleşerler. Ynha, indi-indi obalarda adamlaryň sesleri eşidilip ugrady. Kimdir biri güläýse dagy gaty geň görlerdi. Häzir gülýän bar, geňem görlenok. Bu eýýäm gowulygyň alamaty.
Adamlar erkin gürleşýän bolsalar, çasly gürläp bilýän bolsalar, goňşy öýden käte gülki sesi eşidilýän bolsa, onda şol il parahat il, bagtly il.
Maňa käte atamyň gürrüňleri ýetenok.
* * *
Ýaradanyň ajaýyp dünýäsine aşyk bolan çagymyz Hudaý bize golaýlaýar, Ýaradanyň dünýäsine gargap başlan çagymyz, biz Hudaýdan daşlaşýarys.
* * *
Men ähli gam-gussamy, bedibagtlyklarymy zähmet çekip ýeňdim.
* * *
Ajy deriňi burçak-burçak dökmän, durmuşyňy süýjedip bilmersiň.
* * *
Açlygy gören doklugy göterer.
* * *
Kyn günde galsam-da, bende bolmas men,
Bilmedigim bilem, gende bolmas men,
Mazmunym aýan bor, tende ölmes men,
Ärler äri ata-babam medet ber!
* * *
Eger özüňi tanaryn diýseň, öňi bilen, dostuňa seret, dostuň uly adam bolsa, sen hem gaty kiçi kişi dälsiň, ondan soň duşmanyňa seret, duşmanyň ownuk bolsa, sen hem uly adam dälsiň. Men şu pikire meňzeş bir pikire bir ýerde gabat geldim. Nirededigini anyk ýatlap bilemok.
* * *
Alnyňda maksadyň, gerdeniňde borjuň, arkaňda baha kesýän ýurduň bolmalydyr.
* * *
Her kim bu dünýäde özüni özi dogurýar.
* * *
Arzuw-hyýal ganatly bolýar, eger arzuw-hyýalyňa atlanyp özüň-de uçup bilmeseň, kepderi uçuryp, şoňa hoş bolup ýören kepderimansyň.
* * *
Bagta ýeňillik bilen ýeten bolsaň, ýeňillik bilen hem ondan jyda düşersiň.
* * *
Sen aýna seret, eger sen özüňe aşyk bolan bolsaň, işiň gaýdypdyr, eger özüňi ýigrenseň, ýene işiň gaýdypdyr.
* * *
Eger seniň bagtyň özgeleri hem bagtyýar edýän bolsa, diýmek, ol hakyky bagtdyr.
* * *
Ýoldan çykan, ildenem çykar.
* * *
Platona türkmen Eflatun diýýär. Eflatun Platon diýeniňden has owadan ýaňlanyp, akyldaryň adyna has mertebe berýän ýaly. Hawa, Eflatunyň ruhuň ölmez-ýitmezligi baradaky kitabyny okan Kleombrot atly bir ýunan adamy özüni deňze oklap gark edipdir. Şeýdip, ynandyryjy ýazmak üçin gudrat bolmaly, diňe gudrat bolmaly!
* * *
Oglanlaryň biri haýsydyr bir reňkli žurnaldan alnan suraty getirip maňa berdi. Suratda SSSR-iň 4 gezek (1939, 1944, 1945, 1956 ý.) Gahrymany, görnükli goşun serkerdesi Georgiý Konstantinowiç Žukow (1896 ý.) gamyşgulak tez türkmen bedewi bilen Ýeňiş paradyndady.
– Siziň atyňyz, türkmen bedewi!
– Türkmen bedewi barmasa, Ýeňiş bolarmy? – diýip, men surat üçin minnetdarlyk bildirip, uzak wagtlap päkize ahal-teke bedewine syn edip ýatdym.
Žukow ahalteke atlaryny biçak gowy görüpdir. Onuň öýüni gören ýigitler gürrüň berdiler: öýüň içi durşuna ahal-teke atlarynyň her hili owadan suratlaryndan dolumyş.
Serkerde şeýle diýipdir:
– Hudaýdan bir dilegim bar. Şu owadan bedewleri synlap amanadymy tabşyryp bilsem, dünýäde armanym ýok. Belki, şonda o dünýä ahalteke atly girerin...
* * *
Älemiň dört tarapy-da tükeniksiz. Tükeniksiz äleme düşünmek üçin tükeniksiz ömür gerek.
* * *
Isa pygamberiň öldürilmegini hut öz ymmaty talap etdi. Muhammet pygamber bolsa, ölümden gaçyp, eziz şäherini, dogan-garyndaşlaryny terk edip, ýat ilde pygamber boldy.
Ýagşylyga düşünmek üçin hem wagt gerek.
* * *
Asly türkmeniň gaýa urugyndan bolan Masut Gaznalyny asly türkmenleriň kynyk urugyndan bolan seljuk türkmenleri syndyrdy. Seljuk türkmenlerini hem köneürgençli türkmenler agdardy.
Türkmen, seniň özüňden başga hem uly duşmanyň barmy?
* * *
Ýagşylyk et. Ýagşylyk edeniňde nähili lezzet alýandygyňy il bilmese-de, özüň bilýärsiň. Ýagşylyk edeniň bilse bilsin, bilmese bilmesin. Ýagşylyk edeniňde alýan lezzetiň nämä degmeýär!
* * *
Hasraty näçe derejede göterip bilen bolsaň, edil şonçarak hem bagt göterip bilersiň.
* * *
At aljakmyň, öňi bilen, teblehana sal, ot-iýmini taýynla. Bagta garaşýarmyň, öňi bilen, ol durar ýaly mizemez bina gur.
* * *
Ömri gara köpüge durmaýan adamlar ömrüni ýitirmekden – ölmekden elheder alyp gorkýarlar, ömri manydan dok danalar bolsa, ölüme biparh bakýarlar.
* * *
Dünýä ýalan diýýänler ýalan aýdypdyrlar. Dünýäde çyn ýaşasaň, dünýä hem çyn, ýalan ýaşasaň dünýä hem ýalan.
* * *
Gamyş aýdypdyr: ýabyň ýakasynda oturyp hem aga-ýana suwdan ganyp görmedim.
Sözler