* * *
Ýylan awusyny owurdynda saklasa, ynsan dilinde saklaýar.
* * *
Atamdan soranym ýadyma düşýär:
– Ata, Hydyr ata kim? Pygambermi? Ýagşyzadamy?
Atam kyn güne galypdy, ol dodagyny müňküldedip pikirlenip durdy. Pygamber diýjegini hem bilmedi, ýagşyzada diýjegini hem.
Men bu sowaly köp aksakallara berip gördüm, emma takyk jogabyny beren bolmady.
Olar Hydyr atanyň keramatly, gudratly adamdygyny bilýärdi, emma derejesini kesgitläp bilmeýärdiler.
Eger olar Hyzyryň – Hydyr atanyň yslamdan, ataşparazlardan has ozal ynanylan Hudaýdygyny bilseler, gynanardylar. Olara ony bilmegiň geregi hem ýok.
Türkmen ynanýar: çöle çykyp suwsuz galsa, hökman Hydyr atanyň halas etjekdigine ynanýar.
Ynam – ynsana güýç berip duran gudrat ahyry!
Muhammet pygamber Hudaýdan başga gudrat ýokdugyny öwran-öwran aýtsa-da, barybir, halk ata-baba ynanyp gelen gudratlaryna ynanýar. Sebäbi ejiz ynsana, dünýäde ýalňyz ynsana ýaşamaga güýç gerek.
Ynanç – güýç!
Adamyň gözýetimiň gutarýan ýerinden Allanyň dünýäsi başlanýar.
Adamyň ynamynyň gutarýan ýerinden Allanyň ynamy başlanýar.
* * *
Urdu dilini türkmen soltany Mahmut Gaznaly öz permany bilen döredipdir.
Ine, şu barada gysgaça aýdaýyn.
Urdu dili – bu häzirki Hindistan Respublikasyndaky ilatyň esasy dilleriniň biri bolup, bu dili ene dili hasaplaýanlaryň sany – hindi, bengali, marathi, tamil we telugu dillerinde gürleýänlerden soň, altynjy ýerde durýar.
Urdu dili 1027-nji ýylda türkmenler tarapyndan döredilip, Hindistanda, soňra Mogol imperiýasy zamanasynda ortak dil hökmünde resmileşdirilipdir. Bu diliň söz baýlygynyň 50 göterim töweregini gadymy sanskrit diliniň sözleri, 25–30 göterimini türkmen, 20–25 göterimini hem arap-pars sözleri tutýar.
Häzirki wagtda Hindistanda dürli dillerde, dürli şiwelerde gürleýän adamlaryň köp bolany üçin, olaryň özara düşünişmeklerinde urdu dili esasy dil bolup hyzmat edýär. Urdu dili Hindistanyň azatlygy ugrunda göreşijiler üçin hem ortak dil bolupdyr. Mysal üçin, «Ýaşasyn rewolýusiýa!» diýen urdu dilindäki şygar bütin Hindistanyň ilatynyň mukaddes şygaryna öwrülipdir.
Mahatma Gandi 1904-nji ýylda günorta Afrikada ýaşaýan hindileriň çagalary üçin urdu dilindäki başlangyç mekdebi açyp, şol mekdepde hem çagalara özi urdu dilinde sapak beripdir. Jawaharlal Neruw bolsa Allahabatdaky, Neýnidäki zyndanlarda oturan döwründe öz ýanyndaky ýoldaşlaryna urdu dilini öwredipdir. Sebäbi urdu dili azatlyk söýüjileriň hem dostlugyň dilidir.
Hindistanyň Milli edebiýat akademiýasy urdu dilinde ajaýyp eser döredýän adamlara her ýyl ýörite baýrak berýär.
Urdu dili Hindistan Respublikasynyň Jammu we Kaşmir ştatlarynda ilkinji resmi döwlet dili hökmünde, Andhra Pradeş, Bihar we Uttar Pradeş ştatlarynda bolsa ikinji resmi dil hökmünde ulanylýar. Hindistanyň 10 ştatynda urdu dili hindi we iňlis dilleri bilen bir wagtda öwredilýär, uniwersitetleriň aglabasynda bolsa urdu diliniň ýörite fakultetleri bar.
Hindistanda neşir edilýän döwürleýin neşirleriň 2003-si (olardan 373-si gazetlerdir) urdu dilinde neşir edilýär, bu bolsa urdu dilinde ilata hödür edilýän neşir önümleriniň hindi dilinden soň, ikinji orny tutýandygyny aňladýar.
Şeýle hem bu ýurtda «Urdu kitabat» ady bilen onlarça Merkezler işläp, ol Merkezlerde kalligrafiýa boýunça hünärmenler taýýarlanýar.
«Urdu» sözi aslyny türkmen dilindäki «orda» sözünden alyp gaýdýar. Türkmen dilinde «orda» sözi «goşun, leşger, harbylaryň mekany» diýen manyny berýär. Mysal üçin, Göroglynyň ordasy we ş.m. Türkmeniň «orda» sözi diňe bir hindi diline däl, eýsem iňlis diline hem geçipdir. Iňlisçe hem bu söz «leşger» diýen manyny berýär.
«Orda» diýen türkmen sözüniň nähili bolup Hindistanda meşhur bolandygy barada aýtsam, haçanda türkmen milletiniň meşhur ogullarynyň biri Soltan Mahmut Gaznaly 1027-nji ýylda Lahory basyp alan pursadyndan başlapdyr.
Sebäbi Soltan Mahmut Gaznalynyň goşunynyň şahsy düzüminde dürli milletlerden esgerler bolup, olar özara düşünişmekde kynçylyk çekipdirler. Hut şonuň üçin hem Soltan Mahmut Gaznaly öz esgerleriniň özara düşünişmekleri üçin ortalyk bir orda, ýagny harby birleşigiň, leşgeriň dilini döretmegi öz alymlaryna perman edipdir.
Ýöne Soltan Mahmut Gaznalynyň döreden bu dili Mogol şalary döwründe has hem gülläp ösüpdir. Sebäbi hut şol döwürde Mogol imperiýasynyň beýik serkerdeleri, türkmeniň beýik ogullary, Hanlaryň hany Baýram han we onuň ogly Abdyrahman han beýleki meşhur şahyrlar: Zauk, Momin we Galib dagy bu dilde ajaýyp şygyr diwanlaryny ýazypdyrlar. Hakykatdan hem şol döwürde urdu (orda) dili halk köpçüliginiň özara gepleşik diline öwrülipdir.
Türkmen milletiniň beýik ogly Soltan Muhammet (Mahmut) Gaznalynyň öz leşgeri, ordasy üçin döreden dili bolan «urdu» diliniň Hindistanda we Päkistanda köpçülikleýin ortalyk gepleşik diline öwrülenine tas 1000 ýyl töweregi bolup barýar.
Dürli welaýatlarynda, dürli dillerde gürleýän bu ýurtlar üçin türkmen Soltanynyň esaslandyran urdu dili şol halklaryň özara düşünişmekleri üçin ortalyk dil bolup häzirki güne çenli hem öz ähmiýetini ýitirmän gelýär.
Türkmenleriň geçmişde bitiren asylly işleri, gör, nähili kän!
Wah, mende ýeke ömür bar, ýogsam bir ömrümi eždatlarymyzyň dünýä medeniýetiniň ösüşine goşan goşantlaryny dünýä ýaýmaga bagyşlardym.
* * *
Çagalykdan her kimiň ýykgyn edýän – gowy görýän ugry bolýar. Ýöne men hiç mahal diňe «sap», eksperimental ugurlara ymtylmadym. Meni köplenç düýpli tapyndylar gyzyklandyrdy. Häzir hem şeýle. Tebigat ylymlarynyň içinde fizika meni aýratyn gyzyklandyrýar. Maks Plankyň, Ernest Rezerforduň, Makswelliň, Nýutonyň, Nils Boruň, Eýnşteýniň beýik açyşlaryny öwrenip, özleşdirip, konspektirläp gijelerimi geçirýärin. Olaryň açyşlary adamyň dünýä baradaky pikirini üýtgedýär. Elbetde, fizikanyň dilini bilmeseň, matematiki pikirlenme ukybyň bolmasa, olara düşünmek aňsat hem däl. Men ylmyň hem, sungatyň hem adamzat köpçüligi üçin däl-de, saýlantgy adamlar üçin ýaradylandygyna düşünýärin. Ýöne bu hakykat açyk aýdylanok. Hamala, arabaçy, çopan ylmyň ähli syrlaryna düşünäýjek ýaly. Wah, olar düşünýän bolsalar, ylym ugrundan çörek iýerdiler. Durmuşda başarnygyňa görä ýaşamaly. Men häzir «döredilen» diýemok-da, ýaradylan diýip aýdýaryn. Bularyň arasynda düýpli parh görýärin. Ýaradylan – bu Ýaradanyň funksiýasy. Allatagalanyň özi hemme zatlary, şol sanda ylmy, sungaty hem ýaradypdyr. Ýöne ol wagt entek bu zatlaryň bary potensial barlyk eken. Soň adamzat öz süňňünde goýlan instinktler we impulslara laýyklykda ylymlary, sungaty döredýär.
Hawa, meni düýpli ylmy garaýyşlar gyzyklandyrýar. Bularam öz gezeginde meni has uly giňişlige – ylmyň pelsepewi meselelerine getirdi. Men pelsepäni gowy görýärin. Sebäbi wakalaryň, hadysalaryň we zatlaryň düýbüne ýetmek isleýärin. Meniň üçin ylmyň haýsy hem bolsa dar, içki, pudaklaýyn aladalaryna gümra bolup ýörmek juda içgysgynç görünýär. Munuň özi öz-özüňi kiçeltmek, çäklendirmek ýaly bolup dur. Belki, şonuň üçindir, adamzat ylmynyň taryhynda iň beýik döwürler diýip ensiklopedik ukyply alymlaryň ýaşan we döreden döwürlerine düşünýärin. Aristotel, Lomonosow, Biruny – başy çykmaýan zatlary ýok. Şeýle-de bolaýmaly hasaplaýaryn. Çünki ylym – hakykaty öwrenýär. Hakykatda bolsa bölek-büçeklik däl-de, tutuşlyk bar. Ähli ylymlaryň düýbi bir. Matematika bilen saz, dil bilen logika, biologiýa bilen taryh – aslyýetinde şol bir daragtyň şahalary ahyryn. Şonuň üçin hem alym näçe beýik bolsa, ol şonça-da bularyň baryndan hem baş çykarýar. Şahalar – ikinji derejeli zat. Düýbünden habarly alym üçin şaha soňky çykan zatdyr. Biler bolsaň, dogan jan, men ylmy açyş etmek, alymlyk derejesini almak üçin okamok. Maňa alymlyk derejesi gerek däl. Ýöne men derejeli adamlar bilen deň derejede, belki-de, artygrak sowatly-ylymly bolmak isleýärin.
Ylmyň esasy ýaragy – akyl. Akyl duýgynyň ýaşyrýan zatlarynyň üstüni açýar. Şonuň üçin hem hakyky ylmyň netijesine açyş diýilýär.
Pelsepesiz sungat bolmaýar. Pelsepesiz ylym hem bolmaýar. Iň uly, iň beýik fizikleriň, matematikleriň, biologlaryň özboluşly pelsepäni esaslandyryjylardygy, ýagny akyldarlardygy möhüm zatdyr. Sebäbi alym öz ugruny düýpli öwrendigiçe, ol tebigatyň hem hakykatyň düýbüne aralaşýar. Şol «düýp» hem pelsepäniň mülküdir. Ylmy açyşyň awtory özboluşly dünýägaraýşyň awtoryna öwrülýär. Çünki, düýpli açyş oňa dünýäni tutuşlygyna täzeden görmäge esas bolup hyzmat edýär. Bu – täze nukdaýnazardyr. Ýöne-möne, kiçi-girim zada däl-de, dünýäniň özüne nukdaýnazardyr.
XX asyryň alymlaryndan maňa iň ýakynlaryň biri W.Wernadskiý (1863–1945 ý.). Onuň «Ylmy pikir planeta hadysasydyr», «Ýeriň biosferasynyň we onuň töwereginiň himiki gurluşy» diýen düýpli işleri maňa gaty güýçli täsir etdi. Ýeriň ýüzündäki ýaşaýşyň «adamlaşmagy» (gominizasiýasy) Zeminiň millionlarça ýyllyk taryhynda täze bir uly döwür. Munuň özi Allatagala tarapyndan göz öňünde tutulan bir zat bolmaly. Wernadskiý adamzady Älemiň taryhyndaky düýpli täzelik hasaplaýar. Çünki adamyň işi Zeminiň geologiki ýaşy bilen ölçäniňde juda ujypsyz wagtyň – 100–150 müň ýylyň içinde planetany düýpgöter özgertdi. Ol täze bir giňişligi «noosferany» – akyl giňişligini döretdi. Adamzat akyl giňişliginiň ýüze çykmagyna sebäp boldy. Allatagalanyň öz elleri bilen ýaradan antroporferasyny – adamzat giňişligini şol adamzat noosfera öwürdi. Munda akyl-paýhasyň, ruhuň adam ýa adamzat göwresinden kem-kemden aýrybaşgalaşyp, özbaşdak bir subýekte öwrülişini görüp bolýar. Akyl bir adamyň teniniň çäginden çykýar, beýleki akyllar birleşýär. Noosferanyň doly kemala gelmegi üçin alym iki şertiň bitmegi gerek diýýär: adamyň tebigatdan doly we gutarnykly saýlanmagy hem-de adamyň öz içinde paýhasyň pes instinktlerden ýokary galmagy. Adamzadyň taryhynda mundan ozal bolmadyk bitewülik noosferanyň emele gelşini çaltlandyrýar. Näme diýsegem, XX asyrdan öň bitewi adamzat ýokdy. Dürli materiklerde, dürli medeniýetlerde ýaşaýan halklar bir-birinden üzňediler. Her bölegiň öz ösüş prosesi we öz ösüş logikasy bardy. Olar bir-birine baglanyşyksyz ösýärdiler. Emma XX asyr munuň soňuna çykdy. Halklary, medeniýetleri bir-birine baglap goýdy. Baglanyşyk ýok ýerinde meňzeşlik, parallellik bolup biler, ýöne hiç mahal tutuşlyk, umumylyk bolmaz.
Beýik Ernest Rezerford (1871–1937 ý.) radioaktiwligi düşündirdi. Onuň düýp manysy sada sözler bilen aýdylanda şuňa syrygýar: radioaktiwligiň energiýasy uranyň içindäki atomlardan gelip çykýar. Rezerforda çenli energiýa daşdan gelýär hasaplanýardy. Meniň pikirimçe, XX asyr adamzadynyň özgerişini düşündirmek isleseň, ýokarky açyşyň logikasyny ulanmalymyka diýýärin. Öňki döwürlerde adamzat energiýany daşyndan alýardy, indi ýaşaýyş üçin zerur energiýanyň çeşmesi adamzadyň öz içinde bolýar. Ol çeşme – akyl-paýhasdyr.
* * *
Adamlaryň arkaýyn dynç alyp bilmeýändikleriniň dört sany sebäbi bar. Birinjisi – uzak ýaşasy gelýär; ikinjisi – şöhrata kowalaşýar; üçünjisi – ýokarrak işe geçmek arzuwy; dördünjisi – baýlyk gazanmak, tütjar baý bolmak islegi.
Şu dört isleg sebäpli adam arwah-jyndan hem, özi ýaly adamlardan hem, jezadan hem gorkup, zagzyldap ýör.
* * *
W.Wernadskiniň bitewi adamzat baradaky ajaýyp pikirleri meni öz halkymyň ykbaly hakynda oýlanmalara iterdi. Adamzat bitewüligine goşulmazdan ozal, biz öz türkmen «menimizi» tapmaly. Ýöne bu gün türkmen özüni tanap bilenok. Türkmen synplara bölündi, şu günki türkmene, geçmişdäki türkmene bölündi. Başga bir güýç gerek.
Meniň pikirimçe, millet milli esaslarda hem taryhy taýdan gurnalyp bilner. W.Wernadskiniň adalgasy bilen aýdanyňda, bize türkmeniň milli «noosferasy» gerek. Munuň özi akyl umumylygy diýmekdir. Men halklaryň, şol sanda türkmen halkynyň öňünde täze taryhy perspektiwalaryň açylýandygyny görýärin.
Men mugallymlar bilen, aýratyn hem gumanitar ugurdan sapak berýän mugallymlar bilen sapaklardan soň uzak wagtlap gürleşip oturýaryn. Olaryň käbiri meniň gyzyklanmamy örän göwünjeň kabul edýär. Onsoň öz bilýän zatlary hakda janygyp-janygyp gürrüň berýärler. Olaryň berýän leksiýalary bir zat, maňa berýän gürrüňleri düýpden başga-başga zatlar. Onsoň olar özlerini aklamak üçin her hili bahana tapýarlar. Şonda olara nebsim-janym agyrýar. Men olara düşünýärin: Amyderýanyň garşysyna näçe wagtlap ýüzüp bilersiň? Akymyň garşysyna ýüzmek akyllylykdan däl. Esasy zat – akymy üýtgetmek. Ine, muňa akyllylyk diýip aýtsa bolar. Ýöne nädip akymy üýtgetjek! Onda-da beýik derýanyň akymyny!
Hakykaty ýaşyrmak kyn. Öz ynanmaýan zadyňy özgelere ynandyrmak has hem kyn. Gumanitar ugurdan, jemgyýetçilik ylymlaryndan okadýan mugallymlaryň öz aýdýan zatlaryna özleriniňem ynanmaýandygy görnüp dur. Olaryň ýalan zatlary aýdýandygynyň ýekeje kriterisi bar: olaryň hiç biri-de öz pikirlerini hakyky durmuş bilen baglanyşdyryp bilenok. Sebäbi durmuşa ýüzlendigiň, ýalan pikirlerden gurlan howaýy binalary dyr-pytrak boljak. Şonuň üçinem, olar şol öz aýdanlaryny özleri tassyklap, leksiýadan başyny galdyrman, wagty geçirýärler. Şo bolşuna-da olaryň Platony, Gegeli tankytlan bolmasy näme diýsene! Hatda şol emelsiz tankydyň aňyrsynda-da tankytlanýanlaryň beýikligi bildirýär. Aslynda meniň idealistik filosofiýany oňat öwrenmegime mugallymlaryň emelsiz tankydy sebäp boldy. Getirilýän sitatalar hem awtorynyň paýhas beýikligine güwä geçýär. Men olarda özümiň gözleýän zadymy, öz doly aňlap bilmeýän, ýöne küýümdäki we küýsegimdäki zatlary görýärin. Şonuň üçin hem men berk ýüregime düwdüm-de, idealistik pelsepäni öwrenmäge basa oturdym. Platon, neoplatonçylar – Prokl, Porfiriý, Ibn Sina, Kant, Fihte, Gegel – men bulary oňat özleşdirenime begenýärin. Sebäbi olaryň pikirleri adamyň akylynyň derejesini we hilini üýtgedýär, kämilleşdirýär. Geljekde, nesip bolsa, häzir neşir edilmeýän akyldarlary hem okamak bagty miýesser eder diýip umyt edýärin.
Uniwersitetimizde akylly we asylly, erkin pikirli intelligent professorlar bar. Men olar bilen höwrügip gitdim. Meniň üçin olar iň ýakyn adamlaryma öwrüldiler. Şeýle ýakynlyk sebäplidir-dä, olar hemme kişä ynanmaýan pikirlerini-de menden gizläp durmaýarlar. Men olardan marksistik dünýägaraýşyň çägine sygmaýan täsin pikirleri, pelsepeleri öwrendim. Bu meniň özboluşly pikir eýesi bolmagyma güýçli täsir etdi. Esasy zat – akylyň çäginden çykmak. Şondan soň sen özge pikirleri, konsepsiýalary kabul etmäge taýýar adam bolýarsyň.
* * *
Biziň ata-babalarymyz intelligent kişilere sahyplar diýipdirler, intelligensiýa sözüne-de sahyplyk diýlipdir. Sahyp diýilse, has düşnükli boljak. Şonuň üçin men gündeligimde ata-babalarymyzyň ýoluna eýerip, intelligensiýa sözüni sahyplyk diýip almak isleýärin.
Indi esasy gürrüňime geçeýin.
Häzirki döwürde milli sahybymyzyň düşen gününe ýüregim awaýar. Bu sahyplyk däl-de, hyzmatkär topar. Rusça bulara psewdointelligensiýa diýilýär.
Sahyplyk – milletiň gaýmagy bolmaly. Sahyplyk milletiň ýüzlerçe ýyllarda toplan akylynyň, ylmynyň we ruhunyň hazynasy bolmaly. Sahyplyk – milletiň beýnisi bolmaly.
Emma biziňkiler nähili?
Meniň aýdýan pikirimiň aşa töwekgel, gödek bolup görünmegi hem mümkin, ýöne jany ýanan içki ýangynjyny daşyna çykarmasa rahatlanyp bilenok ahyryn, meniňkem şeýle. ýüregimdäkini gündeligimde bir aýdaýyn. Ýüregim şu günki intelligensiýamyz hakda şeýle diýýär: bular bir nalajedeýin topar. Göwnüme bolmasa, biziň döwrümizde sähel milli duýgusy bolan, özüni hem halkyny sylaýan türkmen intelligent bolmakdan ýüz öwräýjek ýaly bolup dur. Diňe käbirlerini hasaplaýmasaň, bularyň hiç hili ugur-utgasy, goldanýan prinsipleri, ynançlary ýok. Ol «käbirleriniň» sesi bolsa, sowetlere alkyş aýdýan horuň sesiniň içinde ýitip gidýär.
Ine, türkmen dili meselesi bar. Häzirki döwürde, meniň bilşime görä, türkmen dili ýitmeklige tarap barýar. Bu iň bolmanda, meniň dilimde-de bildirýändir. Türkmeniň gadymy hem agras, şirin hem çuň manyly sözleri biziň gözümiziň alnynda ulanyşdan galyp, ýitip barýar. Milletiň esasy görkezijileriniň biri bolan diliň şeýle ýagdaýa düşmegi howatyrlandyrýar we gynandyrýar.
Dil halkyň ruhy ýagdaýyny hem derejesini görkezýär. Dile seredip, milletiň millilik derejesini kesgitlemek mümkin. Biziň milletimiziň häzirki wagtda pese düşendigini onuň diliniň ýagdaýyndan hem bilip bolýar. Geçmişdäki ýagdaýy bilen deňeşdireniňde, dilimiz, gör, nähili garyplaşypdyr. Garyp düşüpdir. Şeýle bir dar çäkli, ýalpak hem-de standart dil emele gelipdir weli, munda üýtgeşigräk duýgyny, delräk pikiri aňlatmagam juda kyn. Dil hereketdäki her bir zada mahsus janlylygyny ýitirip, galyba öwrülipdir. Şol bir jümleler, şol bir öwrümler. Bu milletiň ruhunyň telperliginden, beýnileriň darlygyndan habar berýär. Biz öz dilimiziň her hili çuňluklary we öwüşginleri aňlatmak ukyby galmansoň, özge diliň jümleleriniň we sözleriniň kömegi bilen pikirimizi aňlatjak bolup çalyşýarys. Bu bolsa milli diliň garyplaşmak, galyplaşmak we janly durmuşdan daşlaşmak hereketini has hem çaltlandyrýar. Şeýle ýagdaýda «Öz arygyn har eden kişi arygyna zar bolar» diýen nakyl ýadyňa düşýär.
Dilimiziň häzirki ýagdaýy türkmen diliniň, umuman, aslynda ikinji derejeli dildiginiň delili bolup bilmez. Bu ýerde iki sany zady berk nygtamak gerek. Birinjiden, hiç haçan aslynda bir dil beýleki bir dilden garyp ýa-da baý bolup bilmez. Allatagalanyň ýaradan ähli dilleri mümkinçilikleri boýunça deňdirler. Dogluşy boýunça gowy ýa-da erbet adamyň bolmaýşy ýaly, asyl ýaradylyş strukturasy taýdan pes ýa-da beýik dil bolup bilmez. Bu ýerde hatda dogluşy boýunça ukyply hem ukypsyz adamlar bolýar diýen parallellik maksadalaýyk däldir. Çünki dil bütin başga bir hadysadyr. Islendik diliň potensial mümkinçiligi ikinji bir diliňkiçe bardyr. Ýöne şol mümkinçilikleriň dolulygy bilen ýüze çykmagyna getirýän taryhy amatlyklar deň däldir. Diliň çuňňurlygy, şirinligi we baýlygy onuň aňladyjylyk prosesinde aýan bolýar. Bu proses bolsa sap dil hadysasy däl-de, eýsem taryhy hadysadyr. Jemgyýetçilik-ruhy hadysadyr. Ine, şu ýerde-de, men «ikinjidene» geçýärin. Türkmen dili barada umumylaşdyryjy hem gutarnykly netije çykarmak üçin, onuň diňe şu günki ýagdaýyndan misil tutmak ýalňyşlyk bolar. Şonuň üçin hem onuň taryhyna ýüzlenmek gerek. Taryhynda bolsa haýran galdyryjy we aňk ediji baýlyklar juda kändir. Iň bolmanda, XVIII – XIX asyrdan galan edebi ýadygärliklerimize ýüzlenip göräýiň. Magtymgulynyň, Şabendäniň, Keminäniň nähili baý hem şireli, ajaýyp dili bar. Biz häzir hatda olaryň diliniň bütin çylşyrymlylygyna – men many aňladyjylyk köpdürlüligini we köpwariantlylygyny göz öňünde tutýaryn – we gözelligine gaty bir ýakyn hem baryp bilemzok. Bu atalarymyz bilen deňeşdireniňde, biziň näderejede garyplaşandygymyzy görkezýär. Nähili many gatbar-gatlygy, nähili duýgy inçelikleri hem öwüşginleri, nähili ruhy giňişligi hem çuňlugy! Adam köňlüniň iň owunjak hereketlerine çenli beýan edip bilipdirler. Bularyň bary ahyrky netijede biziň döwrümizde mümkin däl söz baýlygyny we dil medeniýetini kemala getiripdir. Daşky dünýä, durmuş, tebigat, älem, daşky barlyk nähili täsin! Olar häzir doly unudylan sözler, jümleler bilen aňladylypdyr ahyryn!
Biziň ajaýyp dessanlarymyzyň, ylaýta-da «Göroglynyň» dili! Bularda aňladyp bolmaýan zat ýok. Munda emosiýa-da bar, intellekt hem bar, giňligem bar, çuňlugam. Bu dilde XX asyr Ýewropasynyň islendik estetiki hem intellektual gazananlaryny aňladyp boljak ahyryn.
Biziň klassykamyzy okanyňda, bütinleý başga bir dil ipostasyna geçýärsiň. Biziň häzirki dilimiz olaryňky bilen deňeşdireniňde göm-gök zeň örtmesiniň tylladan tapawutlanyşy ýaly tapawutlanýar.
Hawa, biziň dilimiz XX asyrda köp zady, juda köp zady ýitiripdir. Asyl, biz dilimiziň özüni ýitiren bolsak nätjek! Indi bolsa şol beýik dilden galan harabalyklaryň içinde gezip ýörüs! Munuň özi indiki bugdaý hasylyna çenli gaty-guty çörek bilen oňňut edilişini ýada salýar. Muny daşyndan görüp heşelle kakýanlar hem: «Görüň-ä, siziňki gaty-guty, şonuň üçinem, ony zyňyň-da, ine, biziň baý hem şireli dilimizi alaýyň!» diýýärler.
Elbetde, olar muny şeý diýip, umuman, açyk aýtmaýarlar. Ýöne olaryň öz dilini biziň durmuşymyzyň we ruhumyzyň düşegine şeýle işjeňlik bilen ornaşdyryşynda men şu manyny we şu hili islegi görýärin. Meniň üçin esasy zat hakykatyň durmuşy jikme-jikligi däl-de, olaryň many taýdan umumylaşdyrylmasy we şonuň netijesinde döreýän durmuşyň umumy many keşbidir.
* * *
Dil baradaky ýazgylarymy dowam etdireýin.
Dil aýratyn bir energiýa däl-de, energiýanyň bir görnüşidir. Dil diňe ruhy energiýany formalaşdyrýar. Şu tezisden möhüm bir netije gelip çykýar.
Diliň derejesi, onuň ähli ugurlaryny kesgitleýän energiýa çeşmesi, elbetde, ruhdur. Diýmek, milletiň dilini onuň içki ruhy kesgitleýär. XX asyrda türkmen diliniň garyplaşmagynyň aňyrsynda türkmen ruhunyň pese düşmegi ýatýar. Geçen asyrlarda türkmen ruhy dinamiki häsiýetdedi. Şonuň üçin dil hem hereketdedi. Häzir ruh durnukly hala geçeni üçin, dil hem batareýasy çöken abzal kimin doňdy galaýdy.
Ruh dil energiýasynyň çeşmesidir diýen pikiriň nukdaýnazaryndan seretseň, türkmen milli ruhunyň iň işjeň we ösen döwürleri XVIII asyrdanam has aňyrda bolup çykýar. Orta asyrlarda türkmen milli ruhy özüniň belent nokadyna ýetipdir. Taryhy energiýanyň bu möwç urmasy şol döwürdäki beýik türkmen döwletleriniň döredilmeginde we ösmeginde aýan bolýar. XVIII – XIX asyr hem şol ýerden gözbaş alyp gaýdýar. Sap taryhy işjeňlik nukdaýnazaryndan bu asyrlar türkmeniň üýtgeşik bir belentlige ýeten asyrlary däldir. Döwletsizlik, agzalalyk, gonup-göçme, hatap galasy... Muňa asla-da taryhy ösüş ýa-da progres diýip aýdyp bolmaz. Onda XVIII asyrda ýa-da XIX asyrda ajaýyp eserleriň döremegini, türkmen diliniň baýlygyny we arassalygyny saklap galmagyny näme bilen düşündirmeli?
Marksizm jemgyýetiň ykdysady ösüşi bilen ruhy ösüşiniň arasynda gönüden-göni baglanyşyk bolmaýar diýip öwredýär. Şonuň üçin hem jemgyýetiň maddy, ykdysady, syýasy ösüşiniň pese düşen wagtlarynda hem ruhy taýdan ösüş, galkynyş mümkin. Bu jedelli pikir.
Taryhda energiýanyň özboluşly ýüze çykyşy bolýar. Orta asyrlarda türkmen milli energiýasy şeýle bir belent derejede ýüze çykdy. Ol energiýa, hatda, milletiň pese düşen döwri bolan XVIII – XIX asyrlara-da ýeterlik boldy. Hut şonuň üçin hem şu asyrlaryň medeniýetini, edebiýatyny, dilini şol orta asyr energiýasynyň güýçli täsiri, nyşany hökmünde kabul etmeli.
Emma XX asyra weli ol energiýa ýetmedi. Näme üçin? Gürrüňiň energiýanyň özboluşly görnüşi – ruhy-taryhy energiýa barada gidýändigini unutmaly däl. Ruhy energiýa gaýtadan döräp durmagy üçin bir özboluşly şert – şol energiýany gaýtadan öndüriji halkyň ruhy taýdan azat bolmagy zerur. Ýagny energiýanyň çeşmesiniň ýapylman, kör galmazlygy gerek. Şeýle hem meniň şu ýerde pikirimi mundan aňry ösdürmän goýmagym gerek.
* * *
Soňky döwürde alysda galan türkmen diýarym hakda köp oýlanýaryn. Watan hakdaky oýlanmalar goşgy setirlerine öwrülýärler.
* * *
Allatagala aýdarmyş:
– Bendäm, pyşyrdap aýdanymda eşidäý...
Allatagala aýdarmyş:
– Bendäm, ezizläp söýenimde göräý...
Allatagala aýdarmyş:
– Bendäm, ýör diýenimde ýöräý, meni diňlemän, diňe özüňe ýamanlyk edýärsiň, meniň şoňa ýüregim gyýylýar...
* * *
Üstüne gün dogrup günortana çenli ýatýan adam bidöwletdir. Çagalykdan bihuda kaňkap, gözel çagalygyny ýele sowurýan ýetginjek ýaly bidöwletdir.
* * *
Baýlygyň bolsa mazamlama, göwher nirede bolsa-da, bardygyny bidirýändir!
* * *
Dagyň başyna dyrmaşmagy arzuw etmeýän adam belentligiň söýgüsinden mahrum adamdyr.
* * *
Eneler bar – ogullara gurbandyr.
Atalar bar – Hakdan gelen gurhandyr.
Sözlär sözüm kendirikde urbamdyr...
* * *
Deňizden ösýän şemal kesip barýar, edil ýiti almazyň bar-da!
* * *
Men türkmen diline suwsapdyryn: daşymdan birnäçe sözleri aýdyp görýärin, göwnüme bolmasa, ýat ýurtda türkmen sözleri şöhle saçýar, nur ýagdyrýar. Göwnüme bolmasa, men ol sözleri görüp duranym ýaly...
Sözden tagamly beýik zat ýokdur!
* * *
Gaplaň awuna çykdyňmy – tilki, şagala güýmenme.
* * *
Iým agtarmadyk guş duzaga düşmez.
* * *
Patyşanyňam garyp garyndaşy bardyr.
* * *
Baýlygy götermek kynmy ýa sylagy diýlende akyldar:
– Sylagy götermek kyn – diýip jogap beripdir.
* * *
Deňizden kit balygy çyksa şagallara şam bolar. Pil hem deňze düşse maýdaja balyklara aw bolar.
* * *
Gylyç egri bolsa-da gös-göni çapýandyr.
* * *
... 1881-nji ýylda Patyşa Samoderžawiýesi dünýä jemgyýetçiligine türkmenleri basyp aljak diýmän, «Türkmenler ýabany ýaşaýar, olary medeniýetli ýaşaýşa goşýarys!» diýip, jar çekdi.
* * *
Ençeme asyr öz döwleti bolmadyk türkmen halkynyň taryhynda beýik-beýik işleri bitirse-de, taryh tarapyndan öz mynasyp orny berilmedik şahslar gaty köp. Ynha, şol şahslary biz galdyrmaly, şonda türkmeniň taryhy hem galar, abraýy hem.
Adalatly kazy, adyl soltan Ahmet Burhanetdin Türkmen Siwasly şeýle şahslaryň biridir. Onuň mürzesi Eziz bin Ardaşir Burhanetdin Türkmen barada «Meýlis we söweş» atly ömürbeýan diwanyny ýazypdyr. Burhanetdin Siwasda mesgen tutan salyr türkmenlerinden, aýaly seljuk beginiň gyzy. Ol Siwas, Kaýsaryý, Tokat, Amasýa ýaly ýerlere hökmürowanlyk edip, Osman soltany Baýezit bilen kä dost, kä jet ýagdaýda döwran sürýär. Burhanetdiniň maksady Rumdaky tutuş türkmen begliklerini Garagoýunly hem Akgoýunly türkmen şalaryny birleşdirip, Orta Aziýada düýp tutan Altyn orda hany Togtamyş bilen Demir agsagyň garşysyna uruşmak bolýar. Ynha, onuň türkmen ýüreginden gaýnap çykan setirler:
Iki älemde bir Haka sygynarmen,
Togtamyş nä ola ýa Agsak Demir!
Düşekde ölen ýigit murdar bolar.
Är ýigidiň matlaby ärlik bolar!
Hanan arslan gorkmaz tilkilerden.
Burhaneddiniň garadangaýtmaz batyrlygy, merdanalygy tüýs türkmene bap, emma onuň türkmen halky üçin bitiren iň uly hyzmaty – bize galdyran edebi mirasydyr.
Sekizinji-dokuzynjy asyrlarda yslam dini dünýäniň uly dini hökmünde dünýäniň ençeme yklymlaryna ýaýraýar, dini sowatly adamlaryň hatyrasy beýgelýär, umumy yslam din hadymlarynyň jemgyýetçiligi döreýär. Şahyrlar, alymlar, edebiýatçylar tutuş yslam dünýäsinde meşhur bolmak üçin ýa arap, ýa pars dilinde ýazyp başlaýarlar. Halk üçin edebiýat döretmek ikinji orna geçýär. Emma edebiýatyň öňi bilen öz halkyna – türkmen halkyna zerur gerekdigine düşünen Burhaneddin Türkmen tüýs türkmen dilinde gaty köp eser döredýär. Burhaneddin söweşde öldürileninden soň Osman döwleti has güýjäp, tutuş Ruma ýaýraýar. Belki, Burhaneddiniň edebi mirasyna Osman soltany Baýezidiň duşmanynyň mirasy hökmünde seredilen bolsa gerek, ol tä on dokuzynjy asyrda diwany Ýewropada öwrenilip başlanýança ylmy dolanyşyga girmeýär, öwrenilmeýär.
Burhaneddin Siwaslini döwür, taryh kemsitdi, şahyry kemsiden taryh ony haçan öz mynasyp ýerinde goýarkan?!
* * *
Men şeýle adamlary bilýän: olar men özümi bilelim bäri hallan atyp, gars kakyp, gije-gündizi ylgap ýörler. Mundan on ýyl öňem olar ýetde-gütdedi, häzirem ýetde-gütdeligi.
* * *
Adam zähmet çekýär, hasaplaýar, ölçerýär, kesýär, biçýär, emma rysgal-döwleti berýän Ýokarkydyr.
Ýokarkyň öz hasaby bar. Adamyň hasaby çykanda onda dünýä häzirkisiniň tersine bolardy.
* * *
Türkmen dana halk, ol Taňrynyň togsan dokuz adyny hem ezizläp, ahyry özi hem at dakýar, Biribar! Biri – bar!
Biribar!
Biziň yhlasymyzy, agzymyzy terezä salyp, mynasyp bahasyny berip oturan biri bar!
Dünýä gelen adam işlemeli, ylgamaly, azap etmeli, emma diňe öz güýjüňe baýrynman, beýik Allatagaladan hem hümmet dilemeli!
* * *
Bir köpbilmişiň biri Bugra hanyň ýanyna baryp:
– Şahym, Alla işimizi oňuna edip, men döwlet guşuny tutdum, şony size sowgat edäýsem diýip geldim – diýip, ütük-ýoluk hindi towugyny beripdir. Şa şa bolýar, oňa sylagdan ýüzüni öwürmek bolmaýar.
– Gaty gowy, sylagyňy wezire ber, beýle döwlet guşuny tutan adam har-hor bolmaly däldir, dirikäň jennete düşmelisiň – diýip ony «jennete» ugradypdyr. Ol zyndana atýanlaryny bilip:
– A-haw, men patyşa sowgat getirdim, siz bolsa meni zyndana atýarsyňyz – diýip gykylyk turzupdyr.
Wezir:
– Döwlet guşy Humaý guşdan soradyk, ol meni tutan adamyň oturmaly orny zyndandyr – diýip, jogap berdi diýen.
* * *
Garnyňy açyp ýatsaň keseliň özi geler, emma saglyk üçin göreşmeli. Güýçlüligiň simwoly atdyr, emma ony hem bedew at etmek üçin gije-gündiz seýislemeli ahyry!
Garyplygyň özi geler, baýlyk üçin ylgamaly, zähmet çekmeli, azap etmeli, azap Alla diýip dünýä inen kişi bolmaly!
Gam-gussanyň özi geler, emma ruhuňy galkyndyrmak üçin şahandaz adam bolup, zähmeti, ýaşaýşy söýüp ýaşamaly!
Bedibagtlygyň özi geler, emma bagtyýar bolup, rysgal-döwlet gazanmak üçin gijäňi gündiz edip, maşgalaň bilen agzybirlikde zähmet çekmeli!
Adam hataryndan çykmak örän ýeňildir, emma ulus-iliň ýagşy adamy bolmak üçin köp-köp azap etmelidir!
* * *
Sözüň manysy bolsa, gursaga at, gögerer, bimany hem bolsa ýele oklama. Ýeli hapalamak nämä gerek!
Gowy dost, ikinji sensiň. Eger gowy dostuň senden gowy bolsa, onda sen IKINJI, ol BIRINJI SENSIŇ!
Gowy dost doganyň ornuny tutar, gowy dogan dostuň ornuny tutar. Dostuň doganyň bolsa ýagşy, doganyň dostuň bolsa!
Gorkak adamdan dostam tutunmaň, duşmanam!
Kynçylyk dostlugy taplar!
* * *
Durmuşda adamlaryň ýollary hem, maksatlary hem, rysky hem dürli-dürlüdir.
Bir alamana ugrajak bolýan tentek: «Eý, adamlar, hernä enemiň dilegi bitmän, aýalymyň dilegi bitsin!» diýip gygyrypdyr.
– Ol näme diýdigiň? – diýip ondan sorapdyrlar.
– Enem alamana gitme diýip bilenok, ol alamana gidip, sag-aman ölmän dolansam razy, ine ejemiň pikiri, şu mahal aýalym bolsa, «alamany oňup baý bolup gelsin» diýip dileýändir. Ärim alamandan boş geler ýa öler diýen pikir kellesinde-de ýokdur! – diýipdir.
* * *
Tokaýda aç ýatan gaplaňyň üstünden öküzçe baraýýar zynjyryny süýräp:
– Ahaw, öküzçe batyr, seniň garagyň gapykmy, ýa kelläň ugry ýokmy, neneň öz aýagyň bilen aç ýatan gaplaňyň üstüne geldiň? – diýipdir. Öküzçe hem:
– Meniň eýämde akyl ýok, eger ol bir akylly maldar bolup, ýüpümi bekiräk eden bolsa, rysgalyň üstüňe gelmänjik geçerdi! – diýipdir.
* * *
– Durnalar, siz näme serdar saýlaýarsyňyz? Serdarsyz barjak ýeriňizi tapman durmusyňyz? – diýip durnalardan sorapdyrlar.
– Biziň beýik maksadymyz bar, al-asmandan uçup baran ýerimize pasly bahary alyp barýarys. Beýik maksady bolanlaryň beýik düzgün-nyzamy-da gerekdir! Serdarsyz düzgün-de bolmaz, tertip-de!
Süleýman pygamber gara güni diýip gydyrdanyp ýören garynjalaryň dana durmuşy paýhasyna haýran galypdyr. Garynjalar hem balarylar zähmetsöýerligiň ajaýyp nusgalarydyr.
* * *
Dünýä terezi. Çagajyk dünýä inýär, ony ýuwup-artmalam, iýdirmeli-geýdirmelem, adam sanyna goşmalam ene-ata. Çagajyk ene-ata garaşly.
Adam garraýar, ol ýaňadan çaga ýaly bolýar, golundan gelýän zady ýok, müň bir keseli bar, ynha, indi onuň güni bala-çagasyna galýar.
Çagany dünýä getirip, oňa seretmedik adam bedibagtdyr, emma «çagalykda maňa seretmedi» diýip garran atasyny taşlan adamy Hudaý tutandyr.
Eger ýetim-ýesir çaga köpeliberse, ol ýurtda ýowuz durmuş höküm sürýändir.
Eger seredilmeýän garry-gurtular köpeliberse, ol durmuşyň hem ýüzüne köz degsin!
* * *
Şeýle rowaýat bar:
Allatagala päkize bedew aty ýaradyp, ony jandarlaryň maslahatyna goýupdyr.
– Şeýleräk bir jandar ýaratdyk, munuň üstünligi, kemçiligi, özüňize ýaraýşy barada aýdyp oturyň!
Öňi bilen öküz:
– Heý, Ýaradan, at-a atjan eken, ýöne, hany, munuň şahy?! Ýok-laý, bi şahsyz nädip ýaşasyn! – diýipdir.
Gezegi düýe alýar:
– Dogrudan-da ajaýyp janawer, ýöne ýagy ýaly gyş bardyr, muňa örküç goýaýmasaň, gyşyň ilkinji awy bolar!
Möjek orta çykýar:
– Hudaý jan, ajaýyp janawar, kemi ýok şunuň, walla, kemi ýok, ýöne, toýnagynyň ornuna dyrnakly penje goýsaň gowy bolar! Ýogsam awuny awlap bilmez bu janawar.
Her kim öz kemçiligini özgede görýär, özgäň üstünligini bolsa görüp bilýän az!
Adam babatda-da, dünýä babatda-da pikirler dürli-dürli bolýar, sebäbi Ýaradan ynsanyň beýnisini birmeňzeş edip goýbermeýär. Kemçiligi hemme kişi görse-de, üstünligi diňe üstünlige buýsanyp bilýän adamlar görüp bilýär.
* * *
Türkmen halkynyň milli geçmişi, şu güni hem geljegi, milletiň taryhy mazmuny barada oýlananymda, milli ruhuň halkyň dini ynançlary bilen berk baglydygyna göz ýetirýärin. Milletiň taryhynda diniň ornuna durmuş hakykaty esasynda baha bermeseň, geçmişde ýekeje zat hem düşnükli bolanok. Türkmeniň taryhy hereketleri hem, sungaty, medeniýeti hem, halk pelsepesi hem din bilen aýrylmaz baglanyşykly. Şuny boýun almak gerek.
Meniň käbir taglymlary we pikirleri kabul edip bilmeýänligim, megerem, asyl genlerim hem-de çagalykdaky görüp-eşiden zatlarym bilen baglanyşyklydyr. Türkmene pitjiň atylyberse, ýeňse damarym gatap başlaýar. Meger, ganym-ýüregim şol pikirleriň nädogrudygyny, töhmetdigini syzýandyr. Adam çylşyrymly zat. Adamyň edim-gylymyny, zandyny nämäniň kesgitleýändigini çürt-kesik aýtmak kyn. Belki, meniň ýokarky meselelere gatnaşygyma ata-babalaryň ruhy täsir edýändir. Bilemok. Ýöne bir zady welin aýdyp bilýärin: din taryhy hadysa hökmünde halkyň beýgelmegine güýçli täsir edip bilýär. Has öňküleri aýtmanyňda-da, XVIII – XIX asyr türkmen şahyrlarynyň şahsyýet bolup ýetişmeklerinde diniň oňyn täsiri jedelsizdir. Olar dini jemgyýetde ahlak gatnaşyklaryny sagdynlykda saklamagyň esasy hasaplapdyrlar. Dogrudanam, ynanç bolmasa köpçülik hem, indiwid hem özüni sazlaşykda duýup bilmeýär. Gep ynanjyň aýratyn bir görnüşi – Hudaýa ynanç barada gidýär. Şu ýerde türkmeniň dini gatnaşygynyň köpdürlüligi hem çylşyrymlylygy görünýär. Hudaý – ähli zatdan ýokardaky bir hadysa. Türkmen özüniň häsiýeti boýunça özi ýaly adamlardan has ýokardaky bir gudraty ykrar edýän halk, ol göýä öz deňindäki, aýdaly, özi ýaly adamlary, ýokary bir zat hökmünde görmegi kiçilik bilýän ýaly.
Gudraty ýere düşüriberseň, türkmeniň skeptikasy güýçlenýär. Türkmen hemişe gudratyň juda ýokarda, alysda galmagyny isleýär. Özüniň tebigaty boýunça türkmen– metafizik halk.
Marksizm dine taryhyň önümi hökmünde garaýar. Ol şunuň bilen din – adam aňynyň önümi diýen özünden öňki ateizmden has öňe gidendirin öýtdi. Emma bu bary-ýogy şol ateizmiň dowamy. Biz kommunizmiň esaslaryny öwrenýäris. Bu ýerde esasy meseleleriň biri dine marksistik garaýyş. Diniň ýüze çykyşyny düşündirenlerinde esasan iki sebäbi görkezýärler. Diniň döremeginiň sosial sebäpleri diýip ýokary synplaryň dini öz ezişiniň guraly hökmünde ulanmagyna aýdýarlar. Diniň döremeginiň gnoseologik sebäbi diýip bolsa adam aňynyň tebigatyň hadysalaryna düşünip bilmän, olary tebigatdan daşary bir güýç bilen baglanyşdyrmagyna aýdýarlar.
Elbetde, bu hili düşündiriş özüniň ylmy şowakörlügi bilen mese-mälim öz aýbyny açýar. Din taryhyň önümi däldir, muňa iň bolmanda dini ynançlaryň taryhdan öňki zamanlarda hem ösendigi-de gowy şaýatlyk edýär.
Din adam ruhy bilen baglanyşyklydyr. Adamyň Alla tarapyn başy ölümli ýaradylmagy onuň Hudaýy tanamagyna iň oňat ýardam eden hakykatdyr. Din adam üçin metafizikany açýar, ýagny görnüp duran bu dünýäden aňyrdaky dünýäleriň bardygyny açyp berýär. Adam diňe göze görnüp duran hakykatlary bilen kanagatlanyp bilmeýär. Çünki onuň çylşyrymly ruhy özüniň mazmuny boýunça tebigy barlykdan has tapawutlydyr. Ol tapawut ruhuň ýaşaýşynyň bütinleý awtonomlygynda we ruhuň subýektiwligindedir. Tebigat hiç mahal subýektiw bolup bilmeýär, oňa diňe obýekleýin ýaşaýyş mahsusdyr. Şonuň üçin hem ruh tebigatyň üstünden garap, ony öz ölçegleriniň – parametrleriniň içine salyp bilýär. Özüniň mazmuny boýunça şeýle tapawutlara eýe bolan ruhuň tebigaty pes zat hasaplamagy barypýatan kanunalaýyklykdyr.
Akyl ýetirmek – akyl ýetirýän zadyňdan üstün çykmakdyr. Tebigat diňe biologik manyda janlydyr, emma ol ruhy manyda jansyzdyr. Şonuň üçin hem tebigat ruhy däl-de, ruh tebigaty aňlaýar.
Akyl ýetirmek diňe bir okumyşlygyňa ýa-da ukyplaryňa bagly zat däl. Men marksizmiň klassyklarynyň eserlerini ürç edip öwrendim. Olaryň taglymaty köp hakykatlaryň üstüni açýar. Bu ýerde adamyň çylşyrymlylygyny görkezýän başga bir zat bar. Adamyň haýsydyr bir hakykata akyl ýetirip-ýetirmezligi onuň häsiýetine, ganyna, adamçylygyna bagly. Marks zatlara akyl ýetirmezden owal eýýäm olara bolan gatnaşygyny kesgitleýär: onuň bar maksady entek hakykaty aňly-başly öwrenmänkä, ol hakykatdan öz isleýän zatlaryny tapmak. Ol entek diniň çylşyrymly tebigatyny öwrenmäge-de başlanok, emma eýýäm Hudaý ýok hasap edýär. Onuň pikiri, garaýşy taýýar. Ol pikir, garaýyş zatlary öwrenmek netijesinde kemala gelenok – sebäbi ol entek öwrenmäge başlanogam ahyryn – ol garaýyş onuň naturasyndan, insktinktlerinden, aň aňyrsyndaky stimullaryndan döreýär. Ol soňra diňe şol garaýşa real hakykatdan özüne esas, delil gözleýär. Allatagala-da näme, her kime öz gözleýän zadyny bermän duranok-da. Emma seniň «tapan» zadyňdan aňyrda seniňkini inkär edýän ýüzlerçe, müňlerçe kontrhakykatlar ýatyr ahyryn.
Emma adamyň ol hakykatlara akyly çatmaz, olar onuň dünýäsine sygmaz. Sebäbi adamyň bikemal tebigaty şeýle. Adam gözi diňe gözüň öwrenişen zatlaryny görmäge ukyplydyr.
Men ateistlerden tapawutlylykda Allanyň bardygyny, taryhda-da, tebigatda-da, adamda-da Allanyň emrini görýärin. Men olardan parhlylykda türkmen üçin diniň nähili oňyn orun eýeländigini görýärin. Maňa bu mümkinçiligi türkmen ruhum, türkmen ganym, türkmen süňňüm berýär.
Şonuň üçin hem nämedir bir zady bilmek ýa-da bilmezlik diňe akyla bagly däldir. Akyl näme – akyl adamyň mazmunynyň birnäçe taraplarynyň diňe biri. Akyl öz-özlügindäki zat däldir. Akyl adamyň özge taraplaryna gönüden-göni baglanyşyklydyr. Diňe Allanyň paýhasy garaşsyzdyr we hiç bir zada bagly däldir!
Men pelsepewi söhbeti gowy görýärin. Şonuň üçin hem gündeliklerimiň birini diňe pelsepä bagyşlamak isleýärin. Pelsepe äleminde öz ugrumy, ýolumy döretmek isleýärin. Ol ugruň, ýoluň nämeden ybarat bolmalydygy hakda soňky döwürler köp oýlanýaryn.
Men bu gün şol ýoluň ruhanalyk ýoly boljakdygyny aýdyp bilerin. Bu pelsepewi ýoluň ähli «nurbatlary» hakda entek kän oýlanmaly, kän okamaly boljakdygyny bilýärin. Kynçylykdan gaçmajakdygym-ha hak.
* * *
Duşman gazanyp utan adam ýokdur, uruşdan peýda gelýän bolsa müňlerçe-müňlerçe urşy başyndan geçiren bu dünýä agzy-burny bilen baýlykdan dolardy.
Iki gol birikmese, adam oglunyň bitirip bilen işi bolmaz! Iki aýak bir başa tagzym kylmasa, adam oglunyň gidip bilen ýeri bolmaz!
«Iki goluňyzy bir-birine golaý tutuň, iki goluňyzam ýüregiňize golaý tutuň. Ýüregiňizem Hudaýa golaý tutuň!» diýip pent edipdir beýik Mäne babamyz!
Sagadatly ogul-gyz ene-ata golaý durmaly, ene-atanyň gullugynda durmaly.
Ene-ata perzentleriniň ganatlaryny ýazyp, pel-pelläp uçýança aladasyny etmeli!
Sylag-hormat, mähir-muhabbet bilen birleşen maşgalany, adamlary duşmançylyk bilen bölüp bolmaýar!
* * *
Ýetimi göreňde güler ýüz bergil.
Haçan-da ýetim aglasa Allanyň Arşy Metjidi titrärmiş. Biribardan Jebraýyla perman bolarmyş: «Eý, Jebraýyl, dowzaha bar-da, ýetim agladýan şol adamyň jaýyny giňden tut. Ýetimi wagtyhoş eden, güldüren kişiniň bolsa behiştde jaýyny giňden tutgul».
* * *
Gahar kapyrdyr. Bende gaty gaharjaň bolsa, kapyr bolmak howpy bardyr.
* * *
Çyn dostuň alamaty üçdür: öz nebsini dostuna pida eder, malyny oňa bagyşlar hem syryny gorar.
* * *
Bir patyşa «Dünýäde deňsiz-taýsyz iň datly zady hem iň ajy zady getiriň» diýip perman bereninde, oňa dil eltip beripdirler.
* * *
Bir dana ýagşyzada Allatagala sowal berenmiş:
– Eý, keremli Biribar, Nemrud hetdinden aşyp, saňa ok hem atar boldy, sen näme onuň günäsini geçip geler sen?
– Siz Nemrudyň diňe eden günälerini görýärsiňiz, men onuň sogabyny hem görýärin. Bakyň, ol dünýäde jenneti – Erem bagyny hem bina kyldy ahyry.
* * *
«Üç grasiýa» atly meşhur suraty görmedik, synlap lezzet almadyk kişi az-azdyr. Ajaýyp surat! Hudožnik gözel zenanyň üç tarapdan görnüşini polotno çekipdir. Dogrusy, ol gözellik hakda üç ses bilen aýdylan aýdym!
Gözellige-de, durmuşdaky islendik zada-da her tarapyndan seredip görmeli. Ýaman adamyň ýagşy tarapy hem bar, ýagşy adamyň ýaman tarapy hem bar.
Durmuşdaky her bir zadyň dürli tarapyndan seretmezden baha berseň ol bahaň bir apbasy bolar!
Sözler