* * *
Men ylymdar tanyşlarymyň tagallasy bilen ýurtda gadagan bolan Gorkut atanyň kitabynyň Drezden hem Watikan nusgalarynyň ikisi bilen hem tanyşdym. Öwran-öwran okadym. Gowy görşen bir ýaşulym – Meret agadan Gorkut ata barada soradym, gyzyklandym. Sebäbi ondan ozal Gorkut ata barada eşitsem-de, ol kitaby çap edenleriň basylandygyny bilsem-de, halkyň arasynda rowaýat eşitmändim. Gorkut ata ýaly legendar şahsyýet barada halkyň hakydasynda hem köp zat bolaýmalydy. Täzeden-köneden çuňňur sowatly Meret aga uludan dem alyp esli dymdy, soňra:
– Otuzynjy ýyllarda Görogly gadaganka, Magtymguly buržuaz şahyry diýlip tankytlanýarka Gorkut atanyň rowaýatlaryny kim ýygnajak? Ýygnady – Mäti Köse dagy. Olaram hökümet ýygnady. Il içinde köp aýdylyp Gorkut atanyň rowaýaty diýlip ýören rowaýatlaryň hem birnäçesi ertekilere, halk döredijiligi diýip ertekilere goşulyp goýberildi.
Şondan soň Meret aga maňa bir täsin rowaýaty gürrüň berdi.
Hanlar hany Baýandyr han Gorkut atany synajak bolup:
– Atam, Gorkut, weliligiňe şekim ýok, geljege, geçmişe gözüňi ýetirip oturandygyňa-da şekim ýok, ýöne biz ýaly Hudanyň başy ölümli bendesine-de öz görýän gudratyň bir bölegini görkezip bilmezmiň? – diýipdir.
– Hanlar hany Baýandyr han, näme görmek isleýärsiň?
– Halkymyzyň ýagşy zamanyndan bir parça, ýaman zamanyndan bir parça görsek – diýip, Baýandyr han aýdypdyr. Gorkut ata köp ýagşy diýip atyny sürüberýär, hamana halkyň ýagşy hem ýaman zamanasy hol öwrümden aňyrda ýatan ýaly.
Olar at ýanaşdyryp sürüp, bir baýyrdan aşýaram weli, ynha Baýandyr hanyň düýbünden görmedik kendi – obasy. Jaýlaram başga-başga, ýodalaram. Olar obanyň çetinden girýärler. Görseler, bir jaýyň öňünde bir päkize kazylyk aty zynjyra daňylgy durmuş, aşagynyň haçan arassalanany belli däl. Janawaryň gapyrgalaryndan torba asybermeli hor. Nädip hor bolmasyn janawar, öňüne gülli körpe däl, arpa däl, eti iýlen omaça, çakyr kelle atylypdyr. Baýandyr hanyň gözi çykara gelýär, emma Gorkut atanyň göwni bir ýaly geçiberýär. Ikinji jaýyň öňünde bir äpet ganjyk daňlypdyr, janawar atdan-da hormuş, öňünde bolsa gülli körpe, arpa durmuş. Baýandyr han geň galýar, bir ýerden bäş-alty sany çaga güjüjek ýabşynyp-ýabşynyp üýrýärmiş. Töwerege bakýar, hiç gara-çyra ýok. Baýandyr han ýakasyny tutýar; güjükler daňylgy hor ganjygyň garnynda ýatan ýerinden – entek dünýä inmänkäler üýrüşip ýatyrlar!
Bular ýöräberýärler. Üçünji öýde dalbaryň aşagynda bir süri gelin-gyz, garry-gurty aýallar meý süzüp aýdym-saz edip otyrmyş. Bir garyş salpy murtly kepjesakgal är kişi bolsa kersende kir ýuwup otyrmyş. Ol kiri ýuwup hapa suwuny bolsa edil Gorkut ata bilen Baýandyr hanyň geçip gitjek ýoluna serpip goýberýär. Salam-da ýok, helik-de!
Baýandyr han at başyny çekip, Gorkut ata gaýdaly diýjek bolýarmyş, emma hiç sesi çykmaýarmyş. Gorkut ata weli kişi, gözli dana, kir suwa ýetmän atyň başyny yza dolaýar. Şondan soň Baýandyr hanyň aty hem yzyna öwrülenmiş. Olar birsalymdan sürüp giden ýerine gelýärler. Baýandyr han haşlap dem alyp:
– Atam, sen maňa ahyrzamany görkezäýdiň öýdýän – diýipdir.
– Ýok, bi gaty daş däl – diýip, ol jogap berýär.
– Hany, indi maňa ýagşy zamany hem görkez, atam.
Bular ýene atyny sürüp gidiberýärler. Şol baýra ýetip, olumdan inýärler weli, Baýandyr hanyň alnynda bir ak şäher ýatyrmyş günüň şuglasyny yzyna gaýtaryp, gözliniň gözüni gamaşdyryp...
Edil dessanlardakydan hem owadanmyş!
Bular tirkeşip şäheriň bir çetinden girýärler. Olaryň öňünden bir ýigit çykýar, ýüzünden-gözünden nur ýagyp duran. Baýandyr han ondan gözüni aýryp bilmän:
– Ýigit, bi niçik şäherdir? – diýip soraýar.
Ýigit:
– Şäher entek daşyrakdyr. Bi Ilabat kendi bolar, agam – diýip jogap berip, myhmançylyga çagyrýar.
Baýandyr han atyndan düşüp barýarmyş, herhal köpi gören Gorkut ata:
– Alla ýalkasyn, ýigit, biziň gyssag barmaly ýerimiz bar – diýip ýola düşýär, birsalym ýöräp, bagzarlygyň daşyndan aýlanyp, yza bakan atyna gamçy basýar.
Baýandyr han myhman düşülmänligi üçin öýkeleýär, Gorkut ata bolsa:
– Sebäbini soň bilersiň! – diýipdir. Sebäbini Baýandyr han soň bilýär. Olar birsalymyň içinde ýagşy zamanany hem ýaman zamanany görýärler, öýe gelse, Baýandyr han öýden çykyp gidenine laýyk alty aý bolandygyna haýran galypdyr. Hekaýada aýdylyşyna görä, Baýandyr han üç aýlap nahar hem iýip bilmändir, çaý hem içip. Ol:
– Meni ýagşy zamanada duşan ýigidiň nury doýurdy, indi ajygyp bilemok – diýýärmiş...
Ynha, Osman jan, şular ýaly rowaýat köp. Emma kim ony ýygnaýar? Mäti aga ýaly basylmajak bolup alymlar erteki tosladylar, rowaýat tosladylar, halk döredjiligi diýip kitap etdiler, alym boldular...
Hakyky halk döredijiligi bolsa, halkyň içinde galyberdi...
* * *
Bir gezek halk döredijiliginden läleler, hüwdüler, monjugatdylar özbaşyna kitap edip çykarylmaga taýynlanýar. Alymlar kitapçany taýynlap TKP MK tabşyrýarlar. Birki aý ol ýerde golýazma ýatýar.
Günleriň bir güni şol mahal Magaryf ministri professor Nagym Aşyrowy, Mäti Kösäýewi, Pygam Azymowy Merkezi Komitetine çagyrýarlar.
MK-nyň bölüm müdiri:
– Bi nähili beýle bolýar? Bu kitapdaky läleleriň, hüwdüleriň barysy Beýik Oktýabr rewolýusiýasyndan ozalky zatlar. Näme ondan soň eneler çagasyny hüwdülänokmy?! – diýip, nagarasyny döwüp başlaýar. N.Aşyrow läledir hüwdüleriň köp ýyllaryň dowamynda döreýändigini düşündirjek bolýar, emma gözi gorkan Mäti aga:
– Bar, rewolýusiýadan soňky läleleri, hüwdüleri özbaşyna kitap edäýjekdik – diýýär.
– Ýok, olaram şu kitaba goşup getiriň.
Olar MK-dan daşaryk çykýarlar. Nagym Aşyrow:
– Mäti, seniň akylyň ýerindemi? Rewolýusiýadan soňky läleleri nireden tapjak? – diýip, garader bolanmyş.
– Pygam bilen iki gije otursak, bir kitaplyk läle bilen hüwdi ýazarys, sen galagop bolma! – diýýär. – Basylyp giderin diýseňem, şu durşuna çykar kitaby!..
Şeýdibem, rewolýusiýadan soňky läleler, hüwdüler, umuman halk döredijiligi döredilýär...
Alym neýlesin, depäňde Damoklyň gylyjy sallanyp durka!
* * *
Hristian dinine uýýanlar Isa pygambere halasgär diýýärler.
Adam jahandan howandar, hossar, halasgär agtarýar.
Durmuş agyr, ýaşaýyş kyn, adam ýalňyzlykdan horlanýar.
Men kitap bilen höwürdeş boldum, kitap bilen dost boldum. Kitap meniň halypam!
Kitap meniň söhbetdeşim, syrdaşym, dostum.
Kim-de kim ýekelik derdinden ýanýan bolsa, kitap okasyn! Kimiň içi gysyp gidere ýer tapmaýan bolsa, kitap okasyn! Kim jahanda umydyny ýitirip ýelkensiz gämi ýaly durmuş ummanynda galan bolsa kitap okasyn!
Eger-de adam ogly jahanda Hudaýyň bardygyna ynanyp, Hudaýy tapmadyk bolsady, onda ol Kitaby hudaý diýip yglan ederdi!
Muhammet pygamber adatdan daşary beýik paýhasyň eýesi! Ol diňe Gurhanyň däl, beýleki üç diniň baş kitabynyň hem asmandan inendigini yglan edipdir!
Meniň özüme, özgelere berjek ýalňyz pendim şu: kitap okamaly! Ömrüň manysy, durmuşyň manysy, iki dünýäniň manysy kitapda. Kitap – dünýäniň seýilgähidir, kitap ynsan kalbynyň, ynsan beýnisiniň ajaýyp seýilgähidir!
Otagdaşlarymyň biri gündeligime näme ýazýandygymy biljek bolup halys ýüregime-bagryma düşdi. Men oňa ýokardaky sözlemleriň käbirini terjime edip berýärin. Ol gözüni mölerdip:
– Akyldar!.. Kitap okamaga-da bolan höwesiň öldi-dä, şonda näme? – diýdi.
– Onda başyňy alyp gitmeli, hiç bolmandan, şäherden çykyp... adamzat dünýäsinden çykyp... soňra Hudaýyň kitabyny okamaly! Hudaýyň!
– Düşünmedim!
– Dostum, tebigata çykmaly! Tebigat Allanyň kitaby! Dünýäniň baş kitaby! Ol kitaby okap Aristotel Aristotel boldy! Dünýäniň ähli kitaplary – Hudaýyň baş kitabyndan – tebigatdan başlanýar!
... Durmuşdan ýadap, aryp hut özüni öldürmek isleýän kişini hem tebigata alyp çyksaň, ol bir salkynyň içinde başga adama öwrülip, ýaşaýşa bolan söýgüden dolup gelýär!
Adam tebigatdan daşlaşyp özüni ýitirýär! Durmuşa bolan söýgüsini ýitirýär! Adam tebigat bilen ikiçäk galanyndan soň päklenýär, güýçlenýär, hyruçlanýar, akyl-paýhasa ulaşýar, şeýdibem, ol ýaňadan Kitaba gaýdyp gelýär. Kitap! Kitap! Sen bolmadyk bolsaň, men hakykatdan-da ýetim bolardym! Kitap, sen meniň atamsyň, sen meniň enemsiň, kitap!!! Men özüm hakda şuny aýdyp biljek: Osman kitapdan başlanýar. Meniň iň ýakynym kitap, çünki, men ömrümiň galaba bölegini kitaba nazarymy dikip, okap geçirdim. Kitap maňa hossar çykdy, maňa edep berdi, terbiýe berdi, sowat berdi, ylym berdi.
* * *
«Mugtuň gadyry bolmaz, arzanyň arzysy» diýip türkmeniň nakyly bar. Adam oglunyň mugtuna berlen zatlaryň içinde ýaşaýyşdan ezizi, gymmady, arzylysy ýokdur. Emma durmuş bi... Bir gün ýaz durmuş, ýeneki gün gyş durmuş... Käte ynsan özündenem hoş, maşgalasyndanam, dünýäsindenem. Ýene bir gün bolsa ol çarhypelege gargap, Alladan nadyl... Ýöne, ýöne dünýäniň dälije ýeli eziz... Kyrk ýyl düşekde ýatan hassa-da, hiç zatsyz, tüwmaýak görgüli-de ýaşajak. Ýaşajak!
Bir pukara kişi arkasy bilen odun daşap bazarda satyp hor-homsy güzeran görýär eken. Ne öý bar, ne maşgala! Ne garny doýýar, ne egni bitýär. Günlerde bir gün agyr odunyny göterip gelýärkä, bir ýerde ýadap-aryp gonýar. Soňam Alladan nadyl bolup, durmuşyna gargap başlaýar:
– Beýdip horlap ýöreniňden, al meniň amanadymy! Men doýdum seniň dünýäňden... Bizar boldum... Alýan bolsa ynha jan, ynha men!
Birden alnynda bir pyýada peýda bolýar, gözi dagy içiňden geçip janyňy alyp barýarmyş.
– Men ezraýyl! Sen çagyrdyňmy?
– Ýok-eýýý...
– Ýaňyja seniň sesiňi eşitdim ahyry... Näme diýip çagyrdyň?
– Odunymy arkama alyş diýip çagyrdym..
Ynha, durmuşyň tagamy...
* * *
Gotan atly bir guş bar. Ol gadym zamanlardan bäri melhem ýagy bilen tanalýar. Aýdyşlaryna görä, onuň ýagy şeýle bir ýitimiş, hatda çüýşe gaba salsaň-da daşyna syzyp çykyp sanalgy günde gutarýarmyş. Melhem ýag hemişe gerek. Hemişe saňa gotan tapylyp duranok.
Ussalar, hekimler ol ýiti ýagy saklamak üçin her hili gap ýasap görüpdirler, bolmandyr. Ahyry bir dana goja sala salypdyrlar, goja:
– Öz hamynda saklamaga hem synanyp görüň – diýipdir.
Ussalar gotanyň holtum hamyny eýläp-eýläp, ondan tulum ýasaýarlar. Şeýdibem, gotan ýagyny saklamagyň syry öwrenilýär...
Söýgini diňe aşyk ýüreginde saklap bolýar.
Hasraty diňe şahyryň ýüreginde saklap bolýar.
Paýhasly pikirler diňe dana başlarda saklanýar...
* * *
Haýsydyr bir täjik ýazyjysy Enweri hakda «Litgazeta» makala ýazypdyr. Oňa Enweriniň täjik şahyry bolmagy gerek bolupdyr. Aý, gardaş, ýigriminji asyrda ýaşap orta asyrlara gidip talaňçylyk etmäň nämedir! Haýsy bir pars dilli şahyry «täjikleşdirip» ýörjek?! Orta asyrlarda owaza baý pars dili – şygryýetiň dili; öwrümlere baý arap dili bolsa ylym dili bolýar. Yslam dünýäniň köp ýurtlaryna ýaýranyndan soň her bir halkyň dana ogullary, şahyrlary umumy yslam dünýäsinde şöhrat gazanmak üçin pars dilinde şygyr ýazypdyrlar, arap dilinde ylym bilen meşgul bolupdyrlar.
Baýlar, begler, hanlar, şalar, soltanlar öz ene dilinden daşgary pars hem arap dilini bilmegi – sahyplyk hasap edipdirler. Türkmen patyşalarynyň ogullary atabegleriň ellerinde terbiýelenipdirler, atabegler çagalara türkmen dilinden başga ýedi dili öwredipdirler.
Ýedi dil patyşa ogullarynyň hökmany bilmeli dilleri bolupdyr.
Häzir rus dilinde ýazyp ýören ýüzlerçe halkyň wekilleri bar, birnäçe maýda halklar hatda rus familiýasyny göterip, rus dilinde sözleşýärler. Eýse olary hem rus hasaplamalymy?..
Enweri barada ajaýyp rowaýat ýaşap ýör. Kaka töwereginde doglup, ömrüni Maryda, Abywerdde, Nusaýda, Balhda ýaşan Enweri bir ýola Nişapur bazaryna barýar. Bazaryň bir çetinde bir şahyr daşyna mähelle üýşürip şygyr okaýarmyş. Enweri şahyryň şygyrlaryny diňläp, tä ol goşgy okamasyny bes edýänçä diňläpdir, soňundan şahyrdan:
– Sen kimiň goşgusyny okaýarsyň? – diýip soraýar.
– Türkmen şahyry Enweriniň şygryny okaýaryn.
– Sen şahyr Enwerini tanaýarmyň beri?
– Haý, kişi gep gepled-ow! Men şahyr Enweriniň özi-dä!
Şahyr Enweri ol şahyra ýylgyryp seredipdir-de:
– Eý, Alla, gazal-goşgy ogrusy köp diýerdiler weli, asyl şahyr ogrusy hem bar eken! – diýipdir.
Enweri şahyrlaryň içinde üç pygamber diýilýän pygamberleriň biri. Emma türkmen halky Enweri atly şahyryň bardygynam bilmeýär, onuň pygamberdiginem. Ony bilýän türkmen alymlarydyr şahyrlaram Enweri barada rus dilinde çap edilýän maglumatlardan başga hiç zat bilmeýärler...
* * *
Masson, Sarianidi türkmeniň gatbar-gatbar taryhyna girilýän basgançaklar bolsa, Bartold, L.Gumelew dagy türkmeniň gadymy baý edebi mirasyna barylýan basgançaklardyr.
Ýöne türkmeniň baý taryhy, baý edebi mirasy bar. Ol baýlyklary öwrenýänler welin juda az, asla ýok diýseňem boljak!
Eý, Hudaý jan, türkmeniň edebi, taryhy baýlyklaryny öwrenýän är ýigitleri dünýä inder, goý, olaryň ýüze çykaran gadymy edebi, taryhy, medeni baýlyklary Günüň şuglasy deýin dünýä ýüzüniň gözüni gamaşdyryp, akyllaryny haýrana goýsun!
Şu gün pelsepeden okadýan mugallymymyz, professorymyz Rene Dekartyň meşhur işleri barada leksiýa berdi, ýöne ol endigine görä, fransuz akyldarynyň fizikada, matematikada, gaýry ylymlarda ýeten beýik işlerini ýöne agzap, tutuş iki sagadyň dowamynda alymyň şahsyýetindäki kemçilikler barada sarnaşdyrdy. Atam pakyr biri-biriniň kemçiligini aýdyp, ýagşylygyny gömüp gybata başlasa: «Sen, näme, oňa gyz geçirjek bolup durmuň? Her kimiň ýaradylyşy bardyr-da» diýerdi. Professorymyz Rene Dekarda gyz geçirjek ýaly, onuň durmuşda bolşuny tankytlaýardy, kötekleýärdi, ýazgarýardy, üstünden gülýärdi...
Adamyň eden işine baha bermelimi ýa şahsyýetiň bitiren işine? Biz şahsyýetiň edýän işi bilen şahsy durmuşy hem kybapdaş bolmalymy diýip jedelleşdik. Aslynda, soragyň goýluşy hem dogry däldi, ýöne hemişe jedel hem jedel bolup durmaýar. Garaz, agşamky çaý içişlikde hem ol beýik alym hakdaky jedelimiz şowlamady.
* * *
Gagarin Adamzat taryhynda ilkinji gezek ynsan paýhasyna atlanyp, kosmosa çykyp, dünýäniň deňesinden, daş-töwereginden seredip gördi.
Adam öz orbitasyndan çykyp Gagarin ýaly özüne daşyndan keseki nazary bilen seredip görmeli. Isgender Zülkarnaýynyň zemin asty şalyga seýran edip, öwrenip gelşi ýaly, kalbyňa aralaşyp, kimligiňi tanamaly.
* * *
Sizif zähmeti diýip düşünje bar.
Sizif ýunan rowaýatynda hudaýlaryň süteme sezewar eden kişisi, Hudaýlaryň buýrugy boýunça Sizif her gün ullakan daşy kötellerden kötele togalap, dagyň depesine tarap alyp barýar, ol dagyň depesine ýetibereninde ýadaýar. Daş togalanyp yzyna gaýdýar. Sizif aşak düşmeli we ýene daşy ýokary çykarmaly. Bu işi Sizif bütin ömrüne etmeli. Bu Sizife hudaýlar tarapyndan berlen jeza.
Manysyz ömür hakdaky bu rowaýataAlber Kamýu täzeden jan berdi.
Men bu düşünjäni türkmeniň ömrüniň Sizifiň zähmetine meňzemezligini nygtamak üçin ýatlaýaryn.
* * *
Allatagala öz dünýäsini, mülküni suwarýar, goraýar, ezizleýär. Ol al-asmandan bulut bilen suw getirip, ösümlikler dünýäsine jan berýär. Nirede ýagyş-gar köp bolsa, şol ýeri hem gözel.
Nirede Gün nury köp bolsa, şol ýer rysgal-bereketli!
Ol derýalary, çeşme-çaýlary ýaradypdyr: hanha ýap gaz, topragy suwar, süýjüje miwe iýjekmi, ek-tik!
Allanyň ekeni-tikeni biminnet bitýär.
Adamyň miwesi azapdan, zähmetden, yhlasdan, söýgüden, gara derden hasyl bolýar.
* * *
Zeminde islendik ösümlikde, haýwanat dünýäsinde tohum bar! Tohum dowam ediji. Tohum – energiýa.
Howadaky tohum – energiýa! Güýç! Ýyldyrym!.. Gaýry güýçler!..
Älemiň tohumy – söýgi, ynsan söýgüsi.
Adam, sözle, seniň sözüňde hem pikir bolmaly, eger pikir bolmasa, ol kagyz gül ýaly bolar, näçe owadan hem bolsa hasyly bolmaz.
* * *
Ýyldyrym çakýar.
Ýyldyrym hamana jäçden bolan owadan asmany ýaraýýan ýaly! Ýyldyrym asmanda derýanyň suratyny çekýär. Derýa – suw, ýyldyrym – suwuň önümi. Diýmek, ýyldyrym öz gelip çykyş iştimagyny asmanda ot bilen ýazýar.
Leningradyň ýazam owadan, ýagşy hem köp, ýyldyrym bolsa göwnüňi göterip heýjana salýar. Käte şeýle bir golaýyňda çakýar weli, garagyňy gapandyr öýdýärsiň...
Ýyldyrymy gadym dünýäde hudaý hasaplapdyrlar. Eger Leningradyň şu bol ýagşy, şu bol ýyldyrymy Türkmenistanyň depesinde bolsa – men ýyldyrymy şu gün hem Hudaý diýmäge taýyn. Maňa ene-ata mähriniň ýetmeýşi ýaly, meniň topragyma ýagyş-ýagmyr ýetmeýär.
* * *
A.Puşkiniň «Ruslan we Lýudmila» diýen poemasy esasynda goýlan opera tomaşa edip, täsin bir zadyň şaýady boldum. Bu opera eserine rus klassyky saz sungatynyň kerwenbaşysy Mihail Iwanowiç Glinka (1804–1854 ý.) saz ýazypdyr.
Oýun başlandy. Türkmen teatrynda otyrmykam öýdüpdirin: sebäbi «Ýelpeselendi» çalnyp başlandy. Gulagyma ynanmajak boldum.
Eger gowy zat bolsa, ol Türkmenistanda bolsa-da alynýan eken. Men türkmen sazynyň beýikligine, täsirliligine buýsandym. Ýöne bu türkmen halk sazynyň rus kompozitorynyň eseri hökmünde çalynmagyna welin gynandym.
«Ýelpeselendi» ýaly gudratly sazlar türkmende juda kän ahyryn!
Ýöne olar haçan dünýä saz sungatynyň genji-hazynasyna girizilerkä?!
Ýa olara hem Glinka ýaly kişileriň eýe çykmagyna garaşmaly bolarmykak?
* * *
Aristotel, Sokrat, Ibn Sina, Pyragy ýaly danalar zemine manylar hazynasyny goýup ölýärler, emma adam ogly özi ýalňyşyp, özi akyl ýetirip, durmuşyny ýaňadan tarpdan başlaýar...
Dünýäniň dürli künjünde nähili beýik-beýik galkymlar (siwilizasiýalar) kemala gelipdir, emma bir galkym ikinji galkymdan bihabar ýaňadan ösüp başlaýar..
Warwarlar bolsa ata atlanyp, ýüz ýylda adamyň ýeten beýik derejesini ýeke günde gara guma garyp, ýer bilen ýegsan edip taşlaýar.
Yslam dini diňe butparazlygy ýok etmän, ataşparazlygy, gaýry ynam-ygtykatlary hem ýok edip taşlady. Olar dünýäniň iň uly kitaphanalaryny – akyl hazynahanalaryny otladylar.
Buta uýujy mongoldyr tatarlar birleşip, yslamyň toplan dana-dana kitaplaryny ýok edip taşladylar.
Bolşewikler bolsa geçmişde ýazylan kitaplaryň togsan dokuz göterimini ýakdylar, ýok etdiler.
Kitaba duşman bolmak bolmaýar!
Dünýädäki iň aýylganç wagşylyklar haýsylar diýseler, men şu maglumatlary aýdardym.
* * *
Ýer gar, sowuk. Emma lyža sürüp ýören çagyň bugaryp ýörsüň.
Günortana golaý ot ýakyp, çişlik etmäge başladyk. Gyzlarymyzyň biri geň galyp:
– Türkmenlerem çişlige ussat eken! – diýdi.
Zakawkaz halklary çişligi şaşlyk atlandyryp, hamana ony diňe kawkaz nahary hökmünde soýuza ynandyrypdyr.
– Çişlik aslynda türkmen tagamy. Ynha, şuňa türkmençe çiş diýilýär, et geçirilip oda daglanmaga taýyn bolsa çişlik diýilýär. Muny başgalar şaşlyk diýip aýdýarlar, emma şaşlyk sözüniň gelip çykyş köküni tap diýseň durubererler, ýöne biz türkmenler şeýle ýagdaýa düşdük, öz hakyky zatlarymyzy hem subut edip almaly bolýarys.
Wah, subut edenimizde-de berenoklar.
Ine, wilkajyklary aýtsana. Türkmen arheologlary gazuw-agtaryş geçirenlerinde örän köp çarşajyk tapýarlar. Eždatlarymyz wilkanyň zyýanlydygyny bilip, ulanyşdan aýrypdyrlar. Ýöne Ýewropa bu tapyndyny gündelik durmuşyna girizdi. Indi çarşajyk Ýewropanyň üsti bilen ilki dörän ýurduna Ýewropanyň paýhasyna öwrülip gaýtadan girjek bolýar. Mundan sekiz müň ýyl ozal Jeýhunda kanalizasiýa bar eken. Kanalizasiýa biziň ýaňy şäherimize girip ýör, onuň obalara haçan girjegi welin belli däl.
Paradoks. Türkmen – dünýäniň paradoksy.
* * *
Konstantin Paustowskiniň «Garabogaz köl» atly powestini okanymdan soň, Pýotr birinjiniň Garabogaz kölüne aýratyn ähmiýet bermesine, Wladimir Iliçiň Garabogaz kölüni elden gidermek bolmaz diýip janykmasynyň düýp sebäbine açykdan-açyk göz ýetirdim. Garabogaz kölüniň dünýäde deňsiz-taýsyz hazynadygyny alysdakylar bilýär, türkmen welin bilenok.
Ýazyjy powestinde türkmeniň bir nakylyny örän jaýdar ulanypdyr: «Süri yzyna öwrülse, agsagy öňünde bolar»...
Atamyň çaga döwrüm bagryny paralap aýdan sözleri bu gün maňa düşnükli:
– Eý, Hudaý jan, öljekmi-ýitjekmi, bu bolýan zatlara men-ä näme diýip, näme aýtjagymy bilýän däldirin. Bu gün tutuş obanyň adam sanyna goşmaýan oýnatgy bir samsygyny arçyn belläpdirler. Şunça ýaşasam hem samsykdan ýolbaşçy saýlanýandygyny görmändim, asyl eşitmändimem. Indi men hiç zady geň görjek däl...
Akylly hazynasyny alanynda aňkarylyp durmaýar. Samsyga bolsa wezipe gerek, hazynasyny alsaň alyber!
Ak patyşanyň ýörite permany bar eken! «Türkmenlerden ýolbaşçy bellänleriňizde içinden samsygyny saýlap belläň!» diýip.
* * *
Adamlary şeýleräk üç topara bölse bolar:
Birinji topar – bular ynsanyň mahluklary. Eliň egrisi özüňe tarap diýlişi ýaly, bular gije-gündiz gazanyp, hars urup, hallan atyp öýüne çekýär, aňyrsyna basýar, toplaýar.
Mahluk ynsanlar almagy bilýär, bermekden mahrum.
Ikinji topar – sahy kalply ynsanlar.
Beýle adamlar adam şekilli işläp, gazanyp tapanyny maşgalasy bilen iýip-içip, aja berip, gallajy geýindirip, dilegçini boş goýbermeýärler.
Üçünji topar – ylahy ynsanlar.
Beýle ynsanlara Hudaý berýär, olar hem ynsanlara berýärler.
* * *
Bu gün meniň doglan günüm. Men öz doglan günümi ýadymdan hem çykarypdyryn, dogrusy, men ýaş toý belläp ýörmegi o diýen halap hem baramok. Ýöne meniň kursdaşlarym, aýratyn hem gyzlar ýaş toý bellemäge gaty uly üns berýärler. Gyzlar üýşüşip, elleri gülli otagymyza girende, men dessine aňdym. Onsoň «Men doglan günümi bellemegi halamok!» diýeýinmi? Otagdaşlarym hemme gerekli zatlary menden ogryn taýýarlan ekenler. Gyzlara diňe bir gül getiräýmek galypdyr.
Atam ýadyma düşýär. Ol meniň doglan günümi ýatlanynda şeýle diýerdi:
– Sen togsan dolup, ýere ýyly giden güni dünýä inipdiň.
Diýmek, Türkmenistanda bu gün gyş gutarýar-da, ýaz gelýär.
Ýaz – joşgun.
Türkmen ýaýlalary gül-gunça bürener.
Gül-gunçasy giň türkmen ýaýlasynda şu mahal aýakýalaň ylgasym gelýär.
* * *
Aristotel, Sokrat, Platon, Biruny, Dante, Magtymguly ýaly akyldarlar bir milletiňki däl-de, tutuş adamzadyňkydyr, olar adamzadyň röwşen ýüzi.
Bu dünýäni beýik Allatagala bimöçber ýaradypdyr, emma adam öz-özüne çäk goýýar: öý-howly her bir adamyň erkiniň serhetleridir, döwlet serhetleri adamlaryň akyl derejesiniň serhetleridir, dinler bolsa ruhunyň derejesiniň serhetleridir.
* * *
Dünýäde men gurt diýibem gurtsyraberme: ýa ardyňdan gaplaň gelýändir, ýa alnyňda gapan ýatandyr.
* * *
Pikiriňiz dury bolsun,
Gursagyňyz, kalbyňyz päkize bolsun,
Ruhuňyz parlak bolsun!
Serediň ahyry, asmany çap-çal bulutlar büräp başlaýar weli, zeminde demgysmalylar hopugyp, ýüregagyrlylar, gan basyşy ýokarylar heläk bolup başlaýar.
Şükür bagşynyň hanyň elinden dutary bilen agasyny ýesirlikden boşadyp gaýdanyny kim bilmeýär?!
Çaga gyzamyk çykarmasa, dutar diňledip, çagany halas eder ekenler.
Dutar – türkmen ruhunyň tenekary.
Aýdym-saz diňlände türkmen asyl unutmaýan zatlarynam unudar, asyl bitmejek işiňem biter. Dutara kökerilen türkmene azar bermeseň bolanydyr, seniň azar bermezligiň üçin ol sen näme haýyş etseň, haýdan-haý ýumşuňy bitirip goýberer.
Iki perdeden şeýle zaryn, şeýle süýji owaz çykaryp bilýän başga nähili saz guraly bar?!
Hellew kakany kökeren, amana getiren dutary çalmagy öwrenmek isleýärin. Häzir-ä dutar edinmäge ýagdaýym (ýagdaý – pul) ýok.
Atamy Hellew kakamlara alyp gaýtdym.
Şeýle bir şagalaňly toý boldy.
Ähli kişi bir ýana, Hellew kaka bir ýana, ol bar ünsüni bagşa berip, öwelip otyr. Ol toýuň aladasyny etmelidirem öýdenok. Ýöne il bir gowy zat, maksadyňy aýtsaň bolany, bar işiňi özleri edýär.
* * *
Kim geýen geýmini bezeýär, kimi geýen geýimi.
Kim oturan wezipesini beýgeldýär, kim wezipe bilen beýgelýär.
Kim adam diýen ada ysnat getirse, kim adam diýen ady arşa, Alla çenli göterýär.
* * *
Çagalykdan iň gowy görýän zatlarymyň biri sungat. Nämäni gowy görýän bolsaň, şol hem seniň ünsüňi we pikirleriňi özüne çekýär. Soň hem seniň beren zadyň özüňe gujur hem-de ýaşaýyş hyjuwy bolup gaýdyp gelýär. Men dutar diňlemegi gowy görýärin. Dutar çalmagy hem gowy görýärin. Ýöne dutary ýedi-sekiz adam bolup diňleseň, heýjana salýar. Adam köp bolsa, diňlemek dürli sebäplere görä kyn bolýar. Sungat janly-jandar üçin maddy we hyjuw çalşygy ýaly bir zat bolýar. Ýagny janly organizm özüniň ýaşaýşyny dowam etmek üçin daşky sreda bilen maddy we hyjuw, güýç-kuwwat çalşygyny saklamaly, iýmeli-içmeli we olaryň galyndysyny daşyna çykarmaly bolýar. Şu hili proses kesilende, organizm ýok bolmak bilen bolýar. Men näme üçin beýle diýýärin?
Sungat ruhuň gözellik hajatlaryna hyzmat edýär. Biz sungat adam ruhuny baýlaşdyrýar diýýäris. Çünki sungat eseri adam ruhuna özboluşly güýç berýär we onuň ýaşaýyş isleglerini kanagatlandyrýar.
Din, sungat, pelsepe we ylym – ine, adamzadyň ruhy durkuny saklap duran dört sany çeşme.
Bularyň hersiniň öz orny, öz hyzmatlary bar. Sungat ruhuň gözellik hajatlaryna hyzmat edýär.
Sungat ruhuň daragtynyň duýgy köklerine nem beriji çeşme. Sungat gönüden-göni duýga täsir edýär. Adamzat köpçüligi bolsa özlerinde duýgy hajatlary akyl hajatyndan has ileri bolan kişilerdir. Şonuň üçin hem ömründe pelsepe ýa-da ylym bilen gyzyklanyp görmedik adamlar hem sungata dahylly, onuň bilen gatnaşykly bolýarlar.
* * *
Gadymy dünýäde jebri-jepa, gazap sütemi etinden ötüp, süňňüne ýeten gullary daşyna jem eýlän Spartak olary gazaply söweşe galkyndyrdy. Gullar zynjyryny syndyryp, legioner goşunlary yzly-yzyna kül-peýekun edip taşladylar. Öz ýeňişlerinden göwni göterilen gullar baý mülkleri, obalary, şäherleri talap, ahyry hem baýlygyň gullaryna öwrüldiler.
Gul eýeleri baýlygyň gullaryna öwrülen gullary aňsatlyk bilen gyrdylar.
Gulçulygyň synanyna iki müň ýyl bolup barýar, emma adama gulçulykdan sypma ýok.
Dünýätalap adam malyň, baýlygyň, puluň guluna öwrülýär.
Keýpihon adamlar aragyň-şerabyň guluna öwrülýär.
Akylly adamlar akyl-paýhasynyň guluna öwrülýär.
Ruhy baý adamlar adaty durmuşy bagtyýar, şatlykly durmuşa öwürýärler.
* * *
Pul bikarar guş ýaly, başga höwürtgä uçjak bolup dur...
* * *
Kişi geými ýa uly bolar ýa kiçi. Kişi geýminde ýyly bolmaz!
* * *
Dünýäde akyl köp: kitap akyly bolýar, ol gysymyňa alnan çäge zireleri ýaly goluňda durmaýar.
Durmuşyň beren akyl-paýhasy az bolýar, ýöne hemişelik bolýar.
Özgeleriň bolşuny synlap hem akyl alyp bolýar, ol akylam ýöne amanat akyl bolýar.
Emma amanat diýip durmaly däl, kitaplardan, durmuşdan, gaýry ýerden alan akylyňy esgeriň ýaragyny saklaýşy ýaly, arassa saklamany öwrenmeli.
* * *
Dilleriň beýigi ynsan dilidir. Ol dili öwrenmek üçin keseki sözleri ýat tutmalam däl, kitaplary dörmelem däl. Diňe ynsan bolaýmaly.
* * *
I.Gýotede şeýle pikir bar: «Gep nähili pikir etmekde däl, nämäniň pikirini etmekde».
* * *
Şäherde şäherli bilen obaly aýyl-saýyl. Bu aýyl-saýyllyk, diňe geýim-gejiminde däl, özüni alyp barşynda. Leningradlylar mydama gyssagdyr, olar, hamana, haýsydyr bir samolýota ýetişjek bolýan ýaly, haýsydyr bir gämä ýetişjek bolýan ýaly. Awtobusdan düşdügi ylgap başlaýar, ýorgalaýar. Metro girdigi eskalatoryň tizligini haýal görüp ýöräp barýandyrlar. Obadan gelen adam bolsa, hamana ullakan şäheri ýaňy satyn alyp, beýlesine geçirip, indem oňan söwdasyna guwanyp, alan şäherini synlap ýören ýalydyr. Obalyny her bir gören zady gyzyklandyrýar, şäherli weli, göýä bu dünýä ozalam gelip gören ýaly, her gün görüp ýören zatlary bilen gyzyklanmaýar.
Meger, şonuň üçindir, galaba alymlar, serdarlar, ajaýyp şahyrlar obadan çykýar...
* * *
Bethowen ýaşy gaýdyşansoň ker bolýar. Dünýäni owaz hökmünde kabul edýän, her bir gözelligiň reňkinden ozal owazyny eşidýän kompozitor ker! Örän eýmenç pajyga! Bu durmuşda şeýle gapma-garşylyk gaty köp. Dünýäniň owadanlygyna aşyk şahyrlaryň, gör, näçesi ker! Gomerden başlap!..
Bethowen men ker boldum diýip oturmaýar, saz guralyna özüniň paýhasy bilen döreden taýajygyny – saz guralyna diräp, sesiň yrgyldysyny duýup saz eserini ýazypdyr.
Özüňi adam etmeli! Göwrede paýhas ýok, göwre nadan, ony edil bedew at seýislän ýaly gije-gündiz seýislemeseň, belki, ertir gara garnyň işi bolar! Göwre doýmaz-dolmaz bolýar. Oňa süýjüden-süýji naz-nygmat gerek, tagamly-tagamly nahar gerek, arak, piwo, çilim gerek! Durmuşda köp adam öz göwresiniň erksiz guluna öwrülýär.
Göwre akyl-paýhasa gulluk etmeli!
Akyl-paýhas beýik maksada gulluk etmeli!
Adam, özüňi adam et! – Bethowen bu pikiri ýüreginden aýdýar.
* * *
Karl Marks küşdi beýle gowy oýnamandyr, emma ol gowşaklygynyň üstüni erjellik bilen dolduryp, garşydaşyny utmagy başarypdyr. Men küşt boýunça talyplaryň ýaşaýyş jaýynyň ýeňijisi boldum.
Çöpleri saldamly küşt tagtasyny ýadygärlik sowgat berdiler.
Dünýäniň ilkinji küşt çempiony hem as-Suli diýen türkmen kişisidigini maňa taryh mugallym gürrüň berdi.
As-Suli hakda entek okamok. Şol hakdaky kitaby men hökman tapyp okamaly!
* * *
Köpleriň örän geň açyşy bar.
Köpler adamyň ünsüni geň bir zada çekýär: asmandan ýagýan gar tozgalary, ýagny gar ýyldyzjyklarynyň ählisiniň alty sany burçy bar. Bal arysynyň öýjüginiň ýerleşişi, naryň çigdiniň gabygyň içinde ýerleşişi hem şeýle.
Türkmeniň altyganat ak öýleri hem alty burçly!
Bu altyganatlylyk nämedenkän?!
* * *
Aristotel geljekki serkerdä – Aleksandr Makedonskä: «Matematikada patyşa ýoly ýokdur» diýipdir. Patyşa ýoly durmuşda-da ýok. Kim aňsat ýoly agtarsa, ondan hakyky adam çykmaýar.
* * *
Türkmen topragynyň baý taryhy bar. Ol taryhlary ýazyp, dünýä belli ýazyjy bolmak kyn düşmez. Dünýä edebiýatyndaky beýan edilýän wakalar, gahrymanlar bilen tanşanyňda şol beýan edilen wakalardan, gahrymanlardan üýtgeşik wakalaryň, gahrymanlaryň türkmen topragynda bolandygyna guwanýarsyň. Haýsy temadan isleseň, şol temadan juda üýtgeşik wakalar türkmen taryhynyň her sahypasynda gabat gelýär.
Türkmen taryhy entek özleşdirilmedik tarp hazyna.
Altyn agtaryjylaryň ähli kynçylyklara döz gelip, alys menzilleri açyşlaryny bu gün dünýä bilýär. Men türkmen taryhyna edil altyn tapan dek bolup topuljakdyklaryna açyk ynanýaryn.
Jek Londonyň temasyndan ýekeje bir wakany gürrüň bereýin.
1880-nji ýylyň baharynda Wazetdin Gulam Muhammet, Şükür Aly atly täjir agyr kerwen tutup Hindistana ugraýar. Entek ýurtlaryň arasynda serhet ýok zamany kerwenler dünýäniň dürli ýurtlaryna gidip haryt satypdyrlar, haryt getiripdirler. Ýaňky täjirleriň kerweni Amyderýadan geçip, türkmen ýurdundan geçip, soňra Owganystanyň üsti bilen Hindistana gitmeli. Emma olar Amyderýanyň ýakasynda owgan emiriniň üstünden geçýän kerwenleriň puluny alyp galýandygyny eşidýärler. Täjirler ýerli ilatdan geň-taň gürrüň eşidýär. Ýerli ilat ummasyz köp hazyna tapanmyş...
Täjirler hazynany satyn almagyň kül-külüne düşýär, sebäbi ýurt baryny söküp ýören söwdagärler Hindistandaky iňlisleriň tapyndy baýlyklary örän gymmat bahadan alýandygyny magat bilýär. Şeýlelikde, olar bar puluna, harydyna ilatdan şol altyndan, gaýry gymmatbaha materiallardan edilen gadymy baýlyklary satyn alyp, emiriň gözüne çöp atyp, duýdurman Hindistana geçmegi başarypdyrlar. Emma eýesine nesip etmedik mal, kesekä nesip etmeýär diýlişi ýaly, gara daglaryň buljumynda bularyň üstüne galtamanlar dökülip, taryhy baýlyklary alýarlar. Kerwenden bir ýesir kişi gaçmagy başarýar. Ol iňlis kapitany Bertonyň rezidensiýasyna özüni atyp, wakany bolşy-bolşy ýaly gürrüň berýär. Batyr kapitan gadymy tapyndylaryň hak aşygy eken, ol geçmişiň baýlygy üçin malyny-baýlygyny gysganmaýan adam bolupdyr. Ol janyny töwekgellige salyp, ýanyna bary-ýogy iki esger alyp, galtamanlaryň duşan ýerine barýar. Onuň işi şowlaýar, galtamanlar baýlyk üstünde oňuşman, bir-birine ýarag çekip duran wagty duýdansyz halda olaryň üstüni basýar. Kerweni, täjirleri halas edip, baýlygyň bir bölegini oljalap, Sah Baba obasyna olary eltipdir...
Eýse, bu baýlyk nähili baýlyk?
Ol kimiň baýlygy?
Bu barada tapyndylar bilen gyzyklanýan alymlaryň arasynda gaty gyzgalaňly jedel gidýär. Ol ummasyz köp baýlygyň bir bölegi aýlanyp-dolanyp Britan muzeýine düşýär.
Men bu zatlar hakda ýazylan makalany okanymda, ýadyma güpbe Muhammet Nusaýlynyň Jelaleddin Meňburnynyň terjimehaly baradaky taryhy kitaby düşdi. Tatar-mongol çozuşlaryna tap getirip bilmän gaçyp barýan soltan Muhammet emiriniň birine iki sany sandygy görkezip:
– Şularyň içinde näme bardyr öýdýärsiň? – diýip soraýar. Emir:
– Takygyny soltan bilýändir – diýip, jogap berýär.
– Şu iki sandykda tutuş ýurduň ýyllyk girdejisinden hem artykmaç baýlyk bar – diýipdir.
Köneürgenjiň beýik soltany Muhammet dört ýüz sany uly şäherden paç-hyraç alyp oturan uly soltan. Dünýäde edil şol döwürde iň uly soltan! Müňlerçe-müňlerçe obalardan, kentlerden, şäherlerden alynýan salgytdan gelýän tylla dinarlar ençeme düýe gyzyl bolýar ahyry. Muhammet soltan ummasyz uly baýlygy bilen uzak gaçyp ýörse, serkerdeleriň hem şol baýlyk zerarly başyna towky bolmagy ahmal! Çingiz hanam ony baýlygy üçin sypdyrjak däl! Şeýlelikde, Soltan tutuş hazynanyň baýlygyny, sandyk-sandyk gyzyllary däli Jeýhunyň goýnuna okladýar.
Şol gyzyllar nirede?! Amyderýa hemmämiz belet, ol läbik bolup akýar, häli-şindi hanasyny başgalap dur. Agyr sandyklary ol bir öwrümde läbige garyp başga hana taşlandyr. Kim bilýär?
Emma bir zat aýan. Altynyň mesgeni ýer, altyn ýerdenem alynýar, ýere hem barýar!..
Altyn, baýlyk – aždarha. Ol ýeriň aşagynda rahat ýatýar. Birdenem ol aždarha ýokaryk çykýar.
Altyn döwletleri uruşdyrýar. Müňläp-müňläp adamlary gyrgyna berýär.
Dünýäni könelerimiz çarhypelek diýip atlandyrypdyrlar. Çarhypelegiň sinonimi – gyzyl.
Eý, Hudaý jan! Ýer şarynyň, gör, näçe ýerinde äpet-äpet «aždarhalar» gömülgi ýatyr?!
Ol «aždarhalaryň» tapylany gowumy ýa tapylmadygy?!
* * *
Sungata çagalykdan imrindim. Men häzir sungatyň bir görnüşini – söz sungatyny göz öňünde tutýaryn. Söz sungatynyň başlangyçlary bolsa, elbetde, halk döredijiliginde. Ilki ertekiler, sanawaçlar, soňra rowaýatlar, dessanlar, şygyrlar her bir türkmeniň ruhy hemralary bolýar. Çagakak dünýäni unudyp, ertekä berilýändigimiz geň däldir. Çünki, ertekiniň bu dünýä bilen barabar, çaga üçin bolsa ondanam ileri öz dünýäsi bolýar. Bir dünýäniň ornuny diňe başga bir dünýä tutup biler. Adam ulalandan soň, ertekä birhili sowuk garaýar. Onuň çagalykda aňk bolup, höwes bilen, ýüregini atygsadyp kabul eden ertekileri ulalansoň adamyň gözüne şertli hem toslama wakalaryň we zatlaryň toplumy bolup görünýär. Näme üçin şeýlekä?
Çünki, çaganyň kalby we ruhy ulularyňkydan düýpgöter tapawutlanýar. Ulalmak – barha köp dünýäleri özüňe siňdirmek. Çaganyň içindäki dünýäler azdyr. Hil taýdan hem, san taýdan hem azdyr. Şonuň üçin hem olar özge dünýäleriň alamaty bolan zatlary, şol sanda ertekileri juda gowy görýärler.
Ertekiniň dünýäsi bolsa bu dünýäden düýpgöter tapawutlanýar. Pelsepäniň dilinde oňa transsendent dünýä diýilýär. I.Kantyň pelsepewi adalgasyndan alnan bu söz ol dünýäniň mazmuny, ýaşaýşy, ölçegleri boýunça biziňkiden parhlydygyny görkezýär.
«Trans» – özge, başga bir giňişlik. Ertekide özboluşly bir alyslyk bar. Men şeýle alyslygyň yşaraty bolan iki zady bilýärin: biri aýsyz, tüm garaňky gijeleriň dury, ýyldyzly asmanydyr. Şoňa seredeniňde, adamyň endamyny üýtgeşik duýgular tok uran ýaly edýär. Alyslyk, düýpsüzlik, serhetsizlik diýibem şuňa aýdaýsaň! Adamyň göwnüne şu dünýäde tapmaýan zatlary şol asmanda bar ýaly bolup görünýär. Bu dünýä juda ýalpak, telper, ýagny düýbi görnüp duran, bir gatly, mazmuny gutarnykly dünýä. Emma ýyldyzly asman weli edil tersine. Şoniň üçin hem aslynda ruhy düýpsüzligiň maýyly bolan köňül ýyldyzly asmana ymtylýar.
Ikinji bir alyslyk – türkmeniň ýaşyl sähralarynda we gök daglaryndadyr. Beýigräk ýere çykyp bakarsyň weli, türkmen sährasy ýaýylyp ýatandyr. Özem ýap-ýaşyl. Onuň serhedi ýok, çünki gidip-gidip, niredir bir ýerde gutarmazdan, mawy asmana öwrülip gidýändir. Türkmeniň gatbar-gatbar daglary hem şonuň ýaly. Ylaýta-da, aýlanyp-aýlanyp gidýän daglara uzakdan seredeniňde, onuň gerişleri edil asmanyňky ýaly dury mawydyr. Muňa mawy alyslyk diýilýär.
Ine, türkmen ertekilerindäki, dessanlaryndaky şol mawy alyslyk adamyň göwnüni heýjana salýar. Bu ýerdäki mawy alyslygy türkmeniň müňlerçe ýyla uzaýan taryhynyň alyslygy kemala getirýär. Olaryň gymmaty – şu dünýäniň görnüşlerinde däl hakykaty beýan edýänligindedir. Döwler, periler, aždarhalar, öwlüýäler, keramatlylar adam hyýalyna erkinlik, howa berýär. Diňe maddy kanunlar, fizikanyň we biologiýanyň kanunlary boýunça ýaşaýan bu dünýä adamyň ruhuny gysýar, onuň mädesine degýär. Şonuň üçin hem adamyň ruhy erkinlik höküm sürýän dünýä baş alyp gidesi gelýär. Transsendent dünýäde fizikanyň hem biologiýanyň kanunlary hereket etmeýärler. Ol ýerde adam uçup hem bilýär, haýwanlar adam dilinde gepleýärler, ölen adam direlýär, ol ýerde bu ýerdäki biologik görnüşleriň içinde duşmaýan döwler, aždarhalar, periler ýaşaýarlar. Adamyň erteki dünýäsini gowy görýändiginiň sebäbi – ol adam ruhuny fiziki dünýäniň kösseklerinden, kanunlaryndan azat edýär.
Şeýlelikde, sungat – munuň özi adam ruhuny fiziki sebäp-netije baglanyşygyndan boşadýan bir uly güýçdür. Sungat – ruhy azatlyga çykaryjy güýçdür.
* * *
Dünýä üç sany kit läheňiniň üstünde däl-de, gözelligiň üstünde dur.
Eger dünýä şeýle owadan bolmadyk bolsady, onda ýaşasyň hem gelmezdi, ýaşanyňa-da degmezdi.
Gözellik özüne bendiwan edýär. Gözellige maýyl bolýarsyň. Serediň, durşuna dartgynly gözellige öwrülen durnalar niçe menzillerden, yklymlardan geçip göçüp gonýarlar. Olar ýazyň aşygy, ýazyň ýaraşygy. Eger-de zemine bahar gelip, asmandan hem durnalar geçmese nähili bolardy?!
Adatça, biz gözelligi gözümiz bilen görýäris, duýgularymyz bilen duýýarys. Gözelligi gulagymyz bilen eşidýäris. Akyl-paýhasymyz bilen gözellige düşünip aşyk bolýarys. Hut şonuň üçinem, her bir eýýamyň özüne mahsus gözelligi bolýar.
Biz mekdepde algebra sapagyny geçýäris. Ildeşimiz Muhammet al-Horezminiň dünýä beren ylmy al-jebir. Algebra sapagyny okuwçylaryň aglabasy halamaýar, çünki oňa düşünmek kyn, ýöne oňa düşünenler algebranyň gözelligini birinji derejeli hasaplaýarlar.
Jorj Bul garyp maşgalada dünýä inýär, ol ýokary, orta okuw jaýynyň gapysyndan barmaýar. Diňe garyp çagalary üçin bolan mekdepde başlangyç bilim alýar, dessine latyn hem gadymy ýunan dilini özbaşdak öwrenýär, matematika ýykgyn edip, on iki ýaşynda matematika mekdebini açýar. Mugallym hem bir özi. Onuň matematika degişli işlerini okap gören meşhur matematikaçylar haýran galyp, ony professorlyga göterýärler.
Eger-de Jorj Bul başdan baý maşgalada doglup, göwnejaý ylym alanynda matematika üçin, gör, nähili işler ederdi...
Jorj Buluň matematikasynyň gözelligine, ýönekeýden çylşyrymlylygyna akylyň haýran. Ol beýik alym, onuň gyzy Etel Lilian Woýniç bolsa «Gögeýin» romany bilen dünýäniň beýik ýazyjylarynyň biri bolýar.
Meniň pikirimçe, gözellik öwrenilmedik ylym. Gözelligiň, sazlaşygyň öz kanunlary bar. Şol kanunlary açan alymlary inkwizasiýa ýowuzlyk bilen otda otlapdyr, emma, barybir, alymlar açyşyny bes etmändirler. Sebäbi gözellik olary öz erkine goýmaýar. Gözellik ölümden-de rüstem!
Daňatar Öwezow, Nury Halmämmedow ýaly beýik kompozitorlar döreýänçä biz türkmen topragynyň gözelliginiň owazyny dutardyr gyjak arkaly diňledik, «Aýgytly ädim» filminiň sazyna bir gulak goýuň, diňläň, ýüregiňiz bilen diňläň! Türkmen topragy, çöli-düzi, tokaýy-derýasy bilen nähili owaz eýleýär. Kalbyňy heýjana salyp duran, çyrpynyp duran ajaýyp owazlaryň tagamyny hem duýýarsyň!
Gözellik gudrat!
Gözelligi göreniňde gözleriň dokunýar, göwnüňi telwaslandyrýar.
Gözelligi diňleseň, ruhuň Humaý guşy ýaly al-asmanda pel-pelleýär.
Gözelligi ýüregiň bilen duýanyňda bolsa, bagtdan ýaňa lerzana gelýärsiň.
Gözelligiň aňyrsynda adam aňy ýetmedik gudrat ýatyr.
Allatagala ähli zehin-başarnygyny, ukybyny sarp edip, sünnäläp, dünýä diýlip atlandyran gözelligini döredipdir. Dünýä – Beýik Allatagalanyň fantaziýasy.
Bu dünýäniň hakyky ady Gözellik bolmaly.
Sözler