00:29 Zenan häsiýeti / hekaýa | |
ZENAN HÄSIÝETI
Hekaýalar
Çagalykdan gelnejemiň elinde galdym. Aslynda ol ýaramaz aýal däldi. Jigilerimiň häli-şindi ýüzüni alyp duranokdy. Ýöne diýenini etmedik wagtym ol meni sylap duranokdy. Içeriniň işlerini diýdirmän, edip ylgap ýörem soň, ol meni erkek doganlarymdan ileri tutýardy. Eline bir zat düşse, özi geýmän maňa geýdirýärdi. Öýe bir zat gelse biz bilen deň-derman paýlaşyp iýýärdi. Özümden uly doganymy öýerenlerinden soň, gezek maňa ýetdi. Dogrusyny aýtsam gelnejemiň meni çykarasy gelip duranokdy. Emma obada hamala diýersiň gyz gutoran ýaly, sawçylaryň biri gelip-biri gidýärdi. Göze ilgiç obadanlygym. Elim çeper, dilim senalymyş, mähribanmyşym. Onsaň erkek doganlarym ýerleşdirenlerini kem gören däldirler-dä, meni aparmagyň kül-külüne düşdiler. Gelnejemiň meni özünkilere beresi geldi. Şu sebäpli aramyza tow düşdi. Joralarym-a näme, öz ýanlaryndan obamyzyň ýigitleriniň hersi birini alajaladylar. Bu bir sebäp bilen üýşülende diliň hözürini görmek, birek-biregiň üstünden düşmek üçin şeýdilýärdi. Ol degişmeler diýseň gyzykly, hem lezzetlidi. Soň bolsa ol gyz kalbynda inçejik umyda öwrülip, şol umyt bilen ýaşalýardy. Gyzza-gyzza gelende weli, alajalanylan ýigitler beýlede galyp, her gyz bir gapa düşýärdi. Juda bir dogumly gyz bolaýmasa, ene-atanyň ýüzüne gelinmeýärdi. Meniň üçinem birini alajaladylar. Dile bitýän zadam bolsa maňa öz obamyzyň ýigitleri ýetmedi. Hemmesi „Eýeli”. Doganymyň toýuna goňşy obadan bir ýigit geldi. Daşgynrak garyndaşlarymyzdanmyş. Özüm welin ony birinji gezek görýärin. Ady Nurgeldi eken. Onuň bilen nahar ataryljak gazanlara suw daşadyk. Nurgeldiniň çalasynlygyna haýranlar galdym. Guýudan suw çekişine-hä göz ilenok welin, gazanlaram allaowarrada. Bir gezek baryp gelýänçäm ol iki dagy öwrüm edýär. Ýadamsoň bedräni guýudan haýal çykaryp başladym. Garaşyp duransoň howlugyp aljyradym. Egildimem welin, uçlaryny daňyp boýnuma atan saçym çözüldi-de, ýylan ýaly towlanyp aşak gaýtdy. Olar bedräni boýlap ýör. Muňa has-da darygyp, saçymy hasyr-husur ýygnadym-da, kelläme orap bedreleri dökmek isledim hemmesi duýdansyz boldy. Nurgeldi bedrä ýapyşdy. — Dur, dökme, arassa ahwetin. Men bir hili bolup bedräni göýberdim. — Sen halamasaň, şol gazany özüm iýäýerin. — Toba, bir gazan ýarmany ýeke özüň iýip, ýarylyp öljekmi? Ol hezil edip güldi. Men dilime gelen sözi aýdyp göýberenime utandym. — Sen indi ötägit, Näzik. Ýeke gazan galdy, ony özüm dolduraryn – diýip, bedrelerimi beýläk aýryp goýanymdan soň aýtdy. Şonda onuň birinji gezek ýüzüne seretdim. Ol maňa çensiz syratly hem ýakymly göründi. Gara gaşy az-kem ösgün. Ýöne gyzyňky ýaly gyýylyp dur. Süzügräk gözleri mährem hem parahat. Sakal murtuna heniz päki degmedik bolmaga çemeli, ýeri az – kem garalyp dur. Guýynyň başyndan gaýtmasyna gaýtdym-da "kowlanyma" gynandym. Irem bolsa, adamlara döneýin, eýýäm gapymyz gaý-da gaýmalaşyk. Joram Aýjan çäýnekleri çaýkaşdyryp ýör. „Arma” diýen bolup gülümsireýär. Şolmy deňinden arkaýyn geçirjek. Eýýäm bir zat diýjek bolýanyny aňdym. — Göwünjigiňe ýaradymy, jorajygym. Töweregiňdenem bir ätiýaç edäýmediň. Ýelmeşäýdiň ýigide. Adam barynyň gygyryp – gygyryp bokurdagy gurady. — Otursana – diýip, menem gaşymy çytyp geçiberdim. Dursam bujurygy artjak. Gyzyndan sypsaň, ejesi. Aýjanyň ejesini çaýdan gandyrjak bolsaň, özbaşyna bir gün gerek. Çörek dagy bişiräýse öňünde duran özüň bolma, oba işdir. Ýene Aýjanyň şerebelije sözlerini eşitmeli boljak. Yzyma dolandym özünden öňürtdim. — Geçenden aslyşyp sakyrdap durman, ejeňe bir çäýnejik çaý eltäýseň bolmadymy? — Myhman özüňki, hanha güp goýaý ýanynda nan bişiren bolsa çäýnekli çaý daşap ejemi gandyrasyň ýok. Yzyndanam öňki heňine tutdy. Goç ýigidiňi synladym, keýgim ak, maňa-da bir bedrejik suwjagaz eçildi. Syrat-a bar bende-de aý akyl-huşam ýerindedir-le. Gepledi-bä görmedim. Aýjanyň diline düşen özüň bolma. Tutaryk tapyndy. Indi uzynly gün gulagyňy gazar. Il duýmasa kaýyl gelersiň. Tersine gitseň-ä has öjüger. — Nähili özüňkiçe barmy? – diýdim. — Artyk Şeýdip „only” boldum. Nurgeldi giç gaýtjak bolanda gelnejem ondan öýlerine toýpaý düwünçek iberjek boldy. Almady „men-ä düwünçek göterip ýörjek däl. Paýlaryny gelsinler-de iýäýsinler” diýdi. Doganym ony ugratmaga bile çykdy. Bir ýakyn adam özümden uzaklaşyp, hemişelik terk edip barýan ýaly gynandym. Yzyndan seretmäge-de utandym. Göwün etsemem özüm bilen hoşlaşmanyny oňladym. Gelnejem at gezegini guratman şol gatnap duran jarçy uzynlaryň habaryny almakçy boldy. Jarçy uzyn gelnejemiň doganoglanydy hem gelnejemiň meni obadan daşaryk çykarasy gelenokdy. Gyzlar bilen ýigit paýlaşykda obamyzdan ýigit ýetmedigine begenäýmeli ekenim. Ýogsam paýyma hakyt jarçy uzynyň ogly düşäýjek eken. Jarçy uzynyň özüniň ene – atasynyň dakan adyny tohum – tijem unudypdyr. Il onuň başga ady bardyram öýdenok. Aý ady jähenneme gitsin-le, özem oglam bir meňki bolsun diýer ýaly däl”. Ekilmedik ýerde gögerýän narpyzlardan. Obamyzda söwedeňläp ýek – ýigrenenim şol. Olam telpegini şahyna geýip, nirä ugrasa alkymymda. Telpek diýilýän artybynam, özüm-ä mellegimize garantgam etjek däl. Olam owarram diýsem, tahýasam telpeginiň aşagyndan çykyp hol ýeňsesinde ýatandyr. Howa onuň sadalygyna sözüm ýok. Dözümsizligine-de. Ondan ýatsam ýanym agyrmajagynam bilýän. Ýöne erkek, erkek bolsun-la, basan ýerinden ot çyksyn-la. Bir gezek goňşy oba çykyp giden joram obamyza gezmäge gelende ýanymda ýürejigini açdy. „Näzik jan, sähelçe nägile bolsam maňa „mes bolma öz eliň, öz ýakaň” diýýärler. Howa, ol içerde edenime „däl” diýýän ýok. Ýöne maňa beýle erkinlik gerek däl. Şol tünekde erkegiň işinem özüm etmeli, aýalyň işinem. Ýatan göni galdyranok. Durmuşda peýdasyz perişdeden ne hajat. Ysnat ýerden, sansyz aýaldan hojalygyňy ýalňyz itekläniň müň paý gowydyr” diýdi. Jarçy uzynyň ogluny Nurgeldi bilen deňeşdirip ýüregimi paralaýaryn. Nurgeldi onuň ýanynda altyn aşyk ýaljak. Onsaň neneň zowzuldamarsyň. Mysalasy guranyň mysalasyny görsem aňrym bärime gelýär. Balak diýip süýräp ýören artybynyň balagagysy topugynda uçgur diýseň, uçgur yzynda galgap süýrenip ýörendir her jübüsine-de guýar bir put çigidi, olam onsaň eşegiň garny ýaly iki gapdalyndan çykyp durandyr. Ýalňyz ogul nirede bir kär ýakmaz bolsa şytdyldadyp, obanyň içinde söw – söw syryp ýörendir. Ebtini agdyryp bolşundanam beter. Çokaý dagynyň bagyny eçilip daňaýmaly dälmi? Ömür etmez, şol bagyna büdrär ýörer. Gelnejeme olara göwünsizdigimi duýdurdym. — Otur, lal aç-da, mes bolma. Ýigit kemi bamy oň. Dili – tikeni ýok, gül ýaly oglan. Ýa onuň enesinden – atasyndan il ynjapmy? Men-ä öz eliň öz ýakaň bolar diýip berýärin. Gyzlar-a kişi maşgalasy çykar gider. Onsaň şol içerde han özüň, soltan özüň bolarsyň. Aglap içimi boşatdym. Agşamlyk jarçy uzyn obamyň mollasyny yzyna tirkäp öýmüze geldi. Ýüregim içime sygman, janyma jaý tapamok. Gyp – gyssaga düşende bolgusyz zatlaram kelläňe gelýän eken. Nurgeldilere jigimi ýollap ony çagyrdyp otrubersem. Olam jigimiň yzyna düşüp gaýdyberse. Ýeg – ýeý, ol bir içgin tanap ýören zadymam däl. Boýnuna böküp duran ýaly bihezzet bolaryn. Beterinden – beterini oýlap howpurgadym. Çagyranymda gelmese näderin. Ýere girerin gepiň gysgasy öwrüp – çöwrüp halys boldum. Ahyr bir pikir kelläme geldi. Jarçy uzynyň ogluny gorkuzaýsam näderkä? Çagaka ol gorkakdy. Şu wagtam bir üýtgän zady ýokdur-la. Ony gorkuzmak maňa gelnejemi yza tesdirmekden aňsat göründi. Ýöne jarçy uzynyň ogluny nädip tapaýyn. Ony „görjek” diýsem ör – gökden gelerler halamazlaram. Dogram-da, görmän tanaman ýören oglanymmy? çyksam Aga uzyn ýaly alnymdadyr welin, gerekleseň tapdyrmaz. Dönüp – deprenmäge-de wagt galdymy? Bu gün erte halatlaryny getirjekler. Jigime çagyrdaýjak weli olam diline bek däk. Suwa giden kişi bolup gün içinde iki gezek öýlerini garawullap gaýtdym. Edil ýere giren ýaly. Wah, bir duşaýsam ýedi ýoluň üsti bolsa-da gürleşjek. Agzyboşam owarram, bir gezek diliniň haýryny görer. Öz bagtym üçin namys bilsemem etjek-le. Ýeňil düşmez. Dagy nädeýin, juwazçylaryň halylaryny dokaşýardyk. Ýüpümiz gutordy-da şolara gitdim. Gelnejem ýoňlapdyr. Ýogsam göýbermezdi. Şu gezek ýere girenem bolsa jarçy uzynyň ogluny tapyp, gürleşip gaýytmagy ýüregime düwdüm. Göni öýlerine ugradym. Hiç zatdan gorkmadymam, çekinmedimem. Jaýlarynyň ýeňsesindäki ýolda dokma ýüwürdene döndüm. Gözümem töweregimde. Gapylaryny garawullap ýatan ala köpegi hasaba almasaň, jandar görnenok. Gaharyma ýaryljak bolýaryn. Şu wagt pete – pet geläýse diriligine ýuwutjaga meňzeýärin. Ahyr lapym keç bolup juwazçylara ugradym. Bolmanda ýakasy gaýyşly ykmandany öýünden tapjakmy? „Aşygym” juwazçylaryň üzümli haýatynyň içinde pete – pet geläýdi. Ynanmarsyňyz, begenjimden tas „gujaklapdym”. Bendäň çagasynyň keýpi çag, dyly – dulym edýär. Daş töweregime garanjakladym gara görnenok. Ol geçiberjek boldy. „Dur” diýdim. Aňka – taňka boldy. Gözlerini elek – çelek edip, üýtgeşik bir zada garaşýan ýaly, agzyny açyp öweldi. — Hossarlaryňa aýt, gelnejemiň hoş sözüne ynanmasynlar men razy däl. Meň göwnüm başga ýigitde. Maňa gulak asmasaň, oň ýaly pälwan Türkmenistanda ýok, edil iniňi – boýuňy des – deň etdirerin. Onuň ýüzi üýtgedi. Gözleri bişekil oýnaklady. Ernem ýirjerilip, şeýle bir nalajedeýin sypata girdi weli, özümem aňalaýypdyryn. Ol nämedir bir zatlar aýytmak isledi, onam oňarmady. Tersine hasam naýynjar sypata geçdi. Men derrew sözümi ele aldym-da aňyna ýetjekmi ýokmy, aýdanlarymyň üstüne goşdum – özünem eşitmedim diýme, şu gürrüň başga ýerde çykaýsa, özüňe-de zyýan edersiň. Baran ýeriňizden kowlup ýören ada galarsyňyz, soň öýlenmegiň hyllylla bolar. Ony duran ýerinde dikilgazyga dönderip, özüm arany açdym. Jarçylar şol gün agşam halat geçirmediler. Gelmediler gelnejem birahatlanyp, girip – çykyp halys boldy. Menem üns bermedikden boldum. Gelnejemiň sabyr käsesi doldy. Ondan – mundan gep eşitjek bolup galgady. Girisine ilen zat bolmady. Garyndaşam bolsa, jarçylara gidip anyklamagy namys bildi. Gelnejem nebsine ejiz. Şonda-da üç güniň içinde ýekeje gezegem hala münmedi. Ýeke özüm dokadym. Hiç keýe arzuw hyýallaryma zyýan bermedi. Ýöne böwrümdäki sanjy welin aýrylmady. Öň telim gezek habarlary alynman gaýtarlanlaram geldi durdy. Hatda Nurgeldilerem gelipdiler. Ýöne olar „kowlanlaryndan” soň aýak çekdiler. Gelnejem olara „Baldyzymy öz obamyzdan daşa çykarjak däl” diýipdir. Olaryň şeýle aňsat el çekişlerine, çaksyz gynandym. Ýüreginde mekan tutan bolsam gelerdiler. Namys bilsemem mende başga çykalga ýok. Gelnejem jarçy uzynlar bolmasa ýene birine ýelmejek. Ölçerip – döküp, Nurgeldilere habar ýetirmegi ýüregime düwdüm. Ile ýamanlyk edemok, öz başyň garamanyň bolsa, aýby bolmaz diýdim. Ýöne indi nädip habar ýetirjek. Obalary aýak ýeterden daş däl. Ýöne oglan jigimi ibersem bilinjek. Ol diline bek däl. Bir zat hakydama geldi. Deň – duş gyzlarymyzyň biri şol oba çykypdy. Olam näme setanda – seýranda bir gelýär. Gelende-de ondan nädip habar ýetirjek. Bir gün guýa suwa gidenimde olaryň öýlerine-de ýetip gaýtdym. Ejesi daşarda eken. Geçip barýan kişi bolup gapylarynda aýak üstünde gyzlaryny soradym. Bagtyma bagoýunlaryny öldürjek ekenler „Anna güni geläý, küýsäniň çynyň bolsa” diýdiler. Begenip gaýtdym. Dogrymy aýtsam, bolup ýörşüme, edip ýören işlerim-e ilden-ä däl. Öz – özümdenem utandym. Gitmäýinem diýdim. Anna güni geldi welin, hany indi aýagy bişen towuk ýaly bir ýerde durup bilseň. Ahyry gitdim. Ýöne olara golaýladygymça ýüzümiň ýedi gat hamy sypyrmandyr oý etdim. Öýlerinde adam köp eken. Girmedim. Aýak üstünden ýagdaýlaryny soramak isledim. Göýbermedi. Oturdyp bir okara şor suwy öňümde goýdy. Özem oturdy. Aýrylyşasy gelmedi, çagalygymyzy ýatladyk. Gyssanmaç bolan soň, ol meni esli ýere barýança ugratdy. Gyzlary ýeke – ýeke sorady. Nurgeldilere etjek sargydymy öz ýanymdan bişirip goýupdym. Söz açmaga maý boldy. Aýdyp bilemok. Soramasyz zady sorajak ýaly ýaýdandym, gysyldym. Soňabaka onuň aýdýan zatlaryna üns bermän başladym. Gara dere batdym. Diňe yzyna dolanjak bolanda Nurgeldileri tanaýanyny tanamaýanyny soradym. Tanamady „Kimlerden?” diýýär. Näbileýin men durup sakynyp „Tanamasaň” zeruram däl. Häki bir ýadyma düşdi-de agzaýdym garyndaşlarymyzdan-da”diýdim. Ýöwselledim. Keýpimiň gaçandygyny ýüzümden aňandyr-da, garşydaşym öwran – öwran ýüzüme garady. Tanajak bolup kösendi. Nury atly biriniň ýedi puşdyna çenli sanap çykdy. Ýene biraz adamyň başyny agyrtdy. Saklap bilsem indi. Çugdamlanja pikirlerimem kellämden uçdy. Ahyr onuň atasyna pylan keýtik” diýilýäni ýadyma düşdi. Aýtdym. Bada tanady. — Tanasaň, az – owlak bergileri bardy, eger kyn görmeseň ýatladaýsaň diýdim. Ylalaşdy men bir sakyndym-da soň has berkitdim. — Garrylaryna azar berme-de ogullaryna duýduraýgyn. Öýe gelip, indi bükgüldisiz oturyp bilseň. Öz öýmüzden ogurlyk edip, onam bir ýerlerde bukup gelen ýaly bolşum öýdäkileriň ýüzlerine seretmäge utanýaryn. Zowzuldap barmajak ýerime baryp, dörmejek gaşlarymy dörýärin. Hala-ha ýüz gezek münüp düşdüm. Ondan dokap öndüren zadym bolmady. Bu zatlary gelnejem duýaýsa, turuzjak gohuny ýatlap ýaýdanýaryn. Iň ýamanam, duýdansyz habar Nurgeldileriň öýlerini top düşen ýaly etse. Nurgeldiniň sesi gulagyma gelýär. — Men bihabar-la kaka. Olara bergiňiz barmydy? Kakasy geň galyp ogluna çiňerilýär. Ejesi ýakasyny towlap üşerilýär. Närazy dillenýär. — Toba, toba, bize ýanaşan algyly bolaýýar-la. Onsaň beýnä agram salmalar, ýatlamalar başlanar. Geçilen ýollar, ýaşalan ýyllar agdar – düňder edilip başlanar. Bir wagt hakydadan çykyp giden zatlar zorluk bilen kellä salynar. Gepiň keltesi kelleler çişip, huma döner. Bize eden bergileri welin ýatlaryna düşmez. — Darykmaň, gider anyklap geläýerin – diýip ahyr Nurgeldi dillener. — Ýok, oglum sen gitme, özüm gürleşeýin hakydama gelýän zat ýok welin, adamçylykdyr, garaz anyklanylsa, ýagşy – diýip kakasy garşy çykar. Ýaka towlaşmany onsaň bize gelenlerinden soň gör. Wah, özümem bir ysnat „sulhum almaýan ýere gitjek däl” diý-de otur. Soň näme bolsa göräý. Bagtyma Nurgeldiniň özi gaýdypdyr. Ol dokma dokap otyrkak salam berip gapydan giräýdi. Depämden dabanyma çenli lowlap gitdi. Zöwwe ýerimden galaýypdyryn. Bagtyma gelnejem aňşarmady. Çaý goýjakdyr oý etdimi, ojakda taňkanyň gaýnap durandygyny aýtdy. Derrew çaý demläp geldim. Özüm welin süňňümi saklap bilemok. Gelnejesi Nurgeldileriň ýedi puşdyna çenli saglyklaryny soraşdyryp çykdy. Tüýs bolmajak bolsa bolmaz eken. Gelnejemiň haçandan bäri zowzuldap şu gün birinji gezek dokma münişi. Ýalňyzkam geläýse bolmaýarmy? Nurgeldiniň dillenerinden gorkup bir gysym boldum. Elimem ne ýüp tutýar, ne-de darak Nurgeldi ýekeje käse çaý içip, çäýnegi saçaga tarap süýşürenden ýüregim bokurdagyma geldi. Aljyrap Nurgeldiniň ýüzüne seredipdirin. Reňkim üýtgändir-dä, ol geňirgäp hem garaýşymdan many aljak bolup, ýüzüme köp manyly garady-da, soň başyny aşak saldy. Men nämede bolsa, onuň algy – bergi üçin çagyrylmandygyny aňandygyny duýdum. Ol bir iş bilen oba gelendigini, hal – ýagdaýymyzy sorap geçäýeýin diýip, sowlandygyny aýtdy. Onuň gürrüňlerine gelnejem ynandymy, ynanmadymy bilemok. Nurgeldi bir gabandy-da gabak astyndan maňa garap göýberdi. Men „Etmişim” ýadyma düşüp gym – gyzyl boldum. Mundan ozal girip – çykyp bir ýerde durýan däldir welin gelnejem edil düşege çüýlelen ýaly. Ýöne men onuň gürlese-de çytylyp oturşyndan özümi Nurgeldiden gabanýandygyny duýdym. Muny Nurgeldem duýdy. Doganymam öýde bolmansoň haşlaşyp çykmak bilen boldy. Gelnejem ony ugratmak üçin ýerinden galdy. Men çykyp biljekmi? çykaýanymda-da gelnejem bolmanda-da oňa bir zat diýip biljekmi? Namys bilsemem batyrlyk etdim. Nurgeldini men getirdim. Indi bolsa akylly ýigit bolsa düşüner – diýdim. Çakym dogry çykdy. Onuň ejesi ýene gudaçylyga geldi. Edeplilik edip daşaryk çykanam bolsam jaýymyzdan daşlaşyp bilmedim. Olaryň uzak oturmadyklaryndan habarlarynyň alynmandygyny aňdym. Gelnejem olar başga biriniň habaryny alandygyny aýdypdyr. Ähli eden azabym ele sowruldy. Men indi kejigip, batyrlanyp başladym. Ykbalym çözülýär ahyryn. Gelnejem bilen haly dokap otyrdyk ýüzümi keseräk tutup ýaryldym. — Kimiň habaryny aldyň, gelneje. Gelnejem gitmesini goýdy-da geň galyp ýüzüme çiňerildi. — Kimiň habaryny almalydym. Sesimi çykarmadym. Özüm welin gara dere batdym. Gelnejem welin henizem ýüzüme tiňkesini dikip otyr. Aýgytly pursat geldi. Pursat sypdyrdygym, bükgüldiler, içgepletmeler, soň puşmanlar başlanar. Başlanaram däl, burup ýykar. Onsaň öz – özümi igeläp, kötekläp başlaryn. — Geple-dä. Näme dymyp otyrsyň ýa biriniň habaryny almalymy men. Ýa indi men gapydan geleniň habaryny senden sorap almalymy. Gelnejeň ýagşyny, ýamany sençe tanamaýandyr oý edýärmiň? — Maňa dahylly zady soramalam borsuň gelneje, bu bir ilde – günde ýok zat däl – diýdim. — Ine soranmyşym-da kimiň habaryny almaly. Aýt eşideýin. Dilime gelenini aýdyp göýberdim. — Al Nurgeldileriň habaryny, meni şondan gowa bermersiň. — Haýasyz yzyndanam gelnejem ýakasyny towlap, ýene ýüzüme çiňerildi. – Toba, tob – eý, il arasynda gezerligimizem galmandyr. Asyl jarçy uzynlar duýup aýak çekipdirler-dä! Men işigaýdan, alkymymyň aşagyndakyny duýmandyryn. Gelnejem tütäp otyr, men lowlap: — Asyl ol gün seni görmäge gelen eken-dä. Gelnejem agzyma ak-da gelse diýdi, gara-da gelse. Ahyram gakylyklap çykyp gitdi. Meni doganlaryma ýamanlapdyr. Bagtyma olar gelnejemi goldamandyrlar. Olar hem garyndaş, hem obalarynda sylanýan adamlar. Näzigi olara bersek ynjamaz diýipdirler. Dogumlam bolsa gelnejem doganlarymyň sözünden çykyp biljekmi? Ahyry meni olara berdiler. Ýöne görme – görşe gelenimde welin, läheň halyny ýüwürden gelnejem, menden kineli bolansoň, şony dokaýançak göýbermedi. Gaýyn enem indi üçülenji gezek yzymdan geldi. Ol maňa güllüje ýaglyk sowgat getiripdir. Ýüpek bolmasa-da owadanja. Ony Nurgeldi şähere gidende alan eken. Baldyzym gülli jorap örüp iberipdir. Ýüwürjilerimiňem hersi bir zat at tutupdyr. Körpejesi özüne berlen bir almanyň ýartyjasyny iberipdir men oňa bütinje alma iberdim. Sowgatlaryň içinde güllüje ýaglyk gözüme has yssy göründi. Begenjime ýaglygy alyp sypap – sypap goýupdyryn. Birdenem gaýyn enemiň synlap oturanyna gözüm düşüp, utanjymdan ýer ýarylmady, menem girmedim. Çym – gyzyl bolup aşak bakdym. Gaýyn enem sypaýçylyk etdi. „Nurgeldimem salam iberdi, guzym” diýdi. Haly kesilen soň, gelnejem meni yzyma alyp gitdi. Ýöne Nurgeldi bilen gülüp – oýnap uzak ýaşaşmak maňa miýesser etmedi. Meni, meň ýaly müňlerçe gelinleri, eneleri ýalňyz goýan ganym uruş başlandy. Obamyzyň oglanlary bilen Nurgeldem gitdi. Obada agyr işlerem, maşgalada çül çagalary eklemegem zenanlara galdy. Menem gaýyn enemiň sowgat beren gyzyl gülli gara guşagyny bilime berk guşap gijä – gündize parh goýman eňiberdim. Nurgeldä meňzäp duran salykatly, mährem gaýyn enem käbäm enemiň ornuny tutdy. Sähelçe ýüzümi sallasam ýüregi gysýandyr. Ýa dümewländirin öýdüp daşymda hazanak bolar. — Guzym gaýrat et geçer, adamyň başyny alyp durjak gün bolmaz, gowluk bolar diýýärdi. Günler bolsa gün – günden agyrlaşýardy. Bolsa-da Nurgeldiden setanda – seýranda gelýän hatlar bize kuwwat berýärdi. Hatlar iki – üç ýyllap geldi, soň kesildi. Dünýä sygmadym. Gaýnenem pahyr mertlik edip meni köşeşdirmäge çalyşdy. Ol „Hat ýazmaga wagt tapýan däldir” diýýärdi. Nurgeldiden ýaramaz habaram gelmedi. Umytly garaşdym ýördüm. Uruş gutorandan soň özüne garaşdym. Gelibermedi. Soňabaka Nurgeldi bilen bagly ýatlamalar bilen ýaşadym. Garrylary ýerledik. Bir günden bir gün „Nurgeldi daşary ýurtda barmyş” diýen habar gulagyma degdi. Ynanmadym. Nurgeldiniň obasyny, ilini söýşi üýtgeşikdi. Obada bir ýerde şagalaň ýa üýüşmeleň bolsa ol dik durmalydy. Ony daň atmanka alyp gidýärdiler. Obamyzyň bir tarapy aňyrsy doga sapýan baýyrlyk galan üç tarapy ýazylyp ýatan ekin meýdanlary Nurgeldi üçin ol ýerleriň hersiniň öz ady bardy. Obadaşlarymyz „ekin meýdanlaryň köpüsiniň gyrasyndaky baglary Nurgeldi oturdandyr” diýýärler. Nurgeldi dynç alyş günleri wagtal – wagtal „işe gutarma ýok, ýörüň hany meýdanlara gideliň baýyrlara çykalyň, dynç alalyň” diýip menem jigilerinem goýman, alyp gidýärdi. Baýyrlaryň depesinde jigileri bilen edil çaga ýaly oýnaýardy. Öýmejigimi galgydyp menem yzlaryndadyryn. Özümem keýik ýaljakdym şol mahallar, hatda kowalasa Nurgeldä-de aňsat – aňsat per bermeýärdim. Nurgeldi meň üçin dolanyp gelmese-de şu ajaýyp toprak üçin gelerdi. Ol mukaddesdi. Oýlanýaryn: „Gelersiň, dolanarsyň mähriban topraga Nurgeldim, mazaryňam ýat ýerlerde galmagyny islemersiň-ä?” Çaklamalarym dogry çykdy. Nurgeldime gowuşdym. Asyl ony kellesine zeper ýetip, bejerýänçäler gospitaldan goýbermän ekenler. Şirinjemal GELDIÝEWA. | |
|
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
√ Gamyş köpri / hekaýa - 26.11.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Köprüler / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Ynsap bizden aýrylmasyn... / hekaýa - 14.12.2024 |
√ Время для любви / рассказ - 02.12.2024 |
√ Obada / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Başga tarapyndan seret... / hekaýa - 20.12.2024 |
√ Ýarty alma / hekaýa - 21.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 5 | |
| |