10:15

Ýaşlyk ýatlamasy

ÝAŞLYK ÝATLAMASY

Howlymyzda bir tut agajy bardy,
Şahasyna guşlar gelip saýrardy,
Saýraşyp guşlaryñ uçuşy ýaly,
Günleñ kerwen gurap geçişi ýaly,
Şol tut ýylba-ýyldan ösýärdi ýaýrap,
Ýaz aýy üstünden düşmezdik oýnap.
Goñşy çagalaram gelerdi ylgap,
Soñ üýşerdi oña bütin obamyz,
Şowhunlydy, hezillikdi howlymyz.

Her säher kişñärdi dor bedew atym,
Howlymyz gorardy alabaý itim,
Hersi bir tarapyn bezärdi tuduñ.
Saýasyna ýazyp türkmen halysyn,
Gaçyryp üstüne tuduñ dänesin,
Ejem çöpläp goñşulara paýlardy,
Ýüzärlij tütedip, tuduñ astynda,
Soñ howlynyñ dört künjüne aýlardy.

Şeýle hezil geçdi çagalyk döwrüm,
Ýene dolansady, etsedi öwrüm,
Düýn ýalydy, şahalarda oýnanym,
Düýn ýalydy, tudanadan doýýanym,
Ondan bäri ençeme ýyl geçipdir,
Arada aýlandym eziz obama,
Tüweleme, obamyzam ösüpdir.

Howlymyzyñ giñ törüni bezeýän,
Men şol tutda çagalygmy görýärdim,
Deñ-duşlarym bilen üýşüp bileje,
Saýasynda üçem aşyk oýnardym,
Atam onuñ yrýa etmän çybygnam,
Ýygnapdyr baryny, bolup hossary,
"Oglum, ine, şol tutdan ýasadym" diýip,
Maña sowgat berdi gazma dutary.

Şol gojaman tutdan meniñ dutarym,
Ele alyp, her dem kakamda taryn,
Men özüme oglanjykdyr öýdýärin.
Atamdan ýadygär şu dutar bilen,
Niçe ýyldyr wesýetiñe eýerip,
Şirwan perdä basyp, şirin saz çalyp,
Ajap-ajap aýdymlary aýdýaryn.

Kakajan TÜÝLIÝEW,
borçnama boýunça harby gullugyñ starşinasy.

Категория: Goşgular | Просмотров: 446 | Добавил: Нawеran | Теги: Kakajan Tüýliýew | Рейтинг: 4.3/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

«Как некий юноша, в скитаньях без возврата…» / Goşgular - 07.02.2023
«К озеру вышла. Крут берег…» / Goşgular - 06.02.2023
Бог 20-го века / Goşgular - 02.02.2023
Howlugýaňmy? / Goşgular - 08.01.2023
«Взгляни: небесный свод безоблачен над нами…» / Goşgular - 20.01.2023
Janymyň aramy / Goşgular - 06.01.2023
Семинаристу, писавшему эпиграмму / Goşgular - 28.01.2023
Käbir göz ýetirenlerim / Goşgular - 01.01.2023
«Посадила яблоньку…» / Goşgular - 23.01.2023
«В исканьи истины и бога…» / Goşgular - 14.01.2023

Teswirleriň ählisi: 2
0
1 Teswirçi  
Ady hasap däl diyeli, şonda hem goşgyda Kerim aganyñ "Yaşlyk dramasynyñ" täsirleri bar. Mysal üçin "Arada aýlandym eziz obama..."
Ýöne şonda-da erbet däl eken, gowy goşgy. Awtora üstünlik.

0
2 Мylayym  
83
Gowy ýazylypdyr.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]