Bu gün maňa ýylgyraňok diýme, ýar,
Agyr degýär seniň bilen hoşlaşmak.
Dogry dälmiş ýakynlaňdan soraman,
Öz erkiňe halal söýgä baş goşmak.
Bilýän, õzgeleri agladanyňdan,
Çyn söýgiň ýoluny baglanyň gowy...
Käte, düşünmedim, ynjyk bolupsyň,
Ýa men ejiz geldim akyl ýetirden.
Ýöne men, barybir, göwnüňe degmän,
Saňa kynlyk bilen akyl ýetirdim.
Sözüm ýok, ýüregiň gözelligine,
Bilýän, aladadan dolup duranny.
Dynnym ýaljak göwni üçin özgäniň,
Gördüm, öz göwnüňi bölüp duranňy.
Juda kän isleýän bagtly bolarňy,
Gülki sesiň uzaklardan eşdilsin!
Emma meni her halda-da unutma,
Mukam bolup gulagyma eşdil sen.
Bu uzak ýollaryň öwrümlerinde
Bize nesip etmez soraşmak ahwal.
Bu gün maňa güleňok bir diýme, ýar,
Belki-de, bir mahal gülmegim ahmal...
Güljan DURDYÝEWA.
|