AZATLYK
Azatlyk ahlak pelsepesiniň baş meselesidir. Çünki bu mesele adamyň özge jandarlardan tapawutlanýan tebigatyndan gelip çykýar. Mukaddes dini kitaplardaky Adam atanyň ýaradylyşyny gürrüň berýän rowaýat hemmäňize tanyşdyr. Men bu rowaýata tymsal hökmünde garaýaryn. Tymsal – rowaýatyň tutuş süňňünden gelip çykýan pähim-parasat gaýmagydyr. Biziň köpimiz rowaýat, tymsal ýaly şekillere ýönekeý edebi hadysa diýip düşünýäris. Emma XX asyr dünýä pelsepesiniň, ylmynyň we sungatynyň gazananlary beýle garaýşyň ýöntemligini hem-de darlygyny görkezýär. Rowaýat, tymsal, hekaýat, efsana we şuňa meňzeşler adamzat aňynyň belli bir görnüşiniň içine sygmaýan ählumumy şekillerdir we beýan serişdeleridir. Olar pelsepede – Kantyň, Şopengaueriň, Nisşäniň, Sartryň, ýene onlarça pelsepeçileriň akyl ýetiriş, hakykaty açyş tilsimatynda uly orun tutýar. Eýsem bu gadymy döwürlerde hem şeýle bolupdyr ahyryn. Eflatuny, Buddany, Konfusini, ýene-ýeneleri ýatlap görüň. Edil şonuň ýaly, beýik M.Haýdeggeriň kesgitleýşine laýyklykda, pelsepäniň süýtdeş dogany bolan sungatda – edebiýatda, nakgaşlykda we beýlekilerde ýokarky şekiller durmuş, dünýä hakykatynyň şiresini sykyp almagyň, gaplamagyň özboluşly serişdesi hökmünde giňden ulanylýar. Bu orta asyrlarda hem şeýle bolupdyr, bu XX asyrda hem şeýle boldy.
Hatda adamzat pähim-paýhasynyň sap, ýagny göwne dahylsyz ýüze çykmasy bolup görünýän ylymda hem hakykata misil tutmagyň şekilleri ýeterlik orun alandyr. Ylmyň şeýle tüýsi pelsepäniň we sungatyň syrlaryny açyp barşy duza gaçanyň duza öwrülmek gününe düşmegi ýaly bir zat boldy. Men muny adamzat paýhasynyň içki ewolýusiýasyndaky täze aýlaw diýip düşündirmek isleýärin. Paýhas özüniň baryp mifologiýa zamanlaryndaky tutuşlygyna, ählumumylygyna gaýdyp gelýär. Paýhasyň akyl ýetiriş serişdeleri çakganlyk bilen köptaraplaýynlaşmany başdan geçirýär. Pelsepäniň, sungatyň, edebiýatyň, ylmyň birwagtlar hytaý diwary kimin müdimidir öýdülen serhetlerinden parran geçip, baran ýerinde özüni öz öýünde ýaly duýýan aň şekilleri barha we barha kesgitleýji hökmürowanlyga eýe bolýarlar. Köptaraplaýynlaşma (uniwersallyk) diýmek şol parranlyk, biserhetlik, çuňluk we islendik giňişlik – wagt babatynda ýaşaýşa ukyplylyk diýmekdir. Onsoň pelsepä, ylma, sungata mahsus bolan özboluşly ortalyk dil kemala gelip ugrady. Munuň özi sungatyň öň görülmedik çuňluklara eýe bolmagyna, pelsepäniň howaýylykdan we sowuklykdan halas bolmagyna, ylmyň bolsa göwne ýakyn mähremleşmegine we adamkärçilikleşmegine getirýär. Indi paýhasyň asylbaşky ählumumylygynyň we bitewüliginiň sudurlary bildirip başlaýar.
Adam ata baradaky rowaýata gaýdyp geleliň. Adamzadyň bio-ruhy görnüş hökmündäki düýp tebigatyny teswir hem-de durmuşy-taryhy akymyň gerdişindäki we gerşindäki subýekt hökmündäki özboluşlylygyny tymsal edýän bu rowaýatda şeýle gürrüň berilýär: Allatagala Adamy möwjut edip, jan, dil, paýhas berip, ony perişdeleriň alnynda goýýar we perişdelere Adama tagzym etmegi buýurýar.
Her kim özünden rüsteme tagzym edýär. Adam perişdelerden artykmaçlykda ähli zatlary atlandyrmagy, zatlara at bermegi başarýar. Bu adam tebigatynyň örän düýpli aýratynlygynyň tekrarlanmasydyr. Atlandyrmak paýhas, pikirlenmek ukybynyň nyşanydyr. Ol ten çäkliliginiň üstünde gurnalan çäksizlikdir. Bu hili çäklilik-çäksizlik gatnaşygy wagt-giňişlik barlygynyň täze hilini aňladýar. Ol adamyň ýaradylmagy bilen Älem barlygynda azatlygyň täze görnüşiniň emele gelmeginden habar berýär.
Azatlyk – wagt-giňişligi almagyň, ýeňip geçmegiň, aralaşmagyň, şertleri we çäkleri aradan aýyrmagyň usulydyr. Haýwanlaryň azatlygy olaryň bio-maddy tebigaty bilen çäklendirilendir. Paýhas çäksiz azatlygy berýär. Özem paýhasa kämilleşdigiçe öz azatlygyny barha artdyrmak ukyby mahsusdyr.
Dini kitaplarda «Perişdelere amal, adamzada bolsa hem amal, hem emel berlendir» diýilýär. Emel diýýäni – akyl-paýhasdyr. Perişdeleriňki – buýruk, adamzadyňky – döredijilikli akyl bilendir. Perişdäniňem, haýwanyňam erkliligi buýrugyň çägi bilen tamam bolýar.
Birinjiler – Alla, soňkular – tebigatyň buýrugyna tabyndyrlar. Adamzatda tabynlyk bilen azatlyk çylşyrymly hilde utgaşýar. Bularyň ikisi-de adamyň içinden gelip çykýar.
Azatlyk – akyl tarapyndan, tabynlyk – ýürek tarapyndan şertlendirilýär. Hut şu jähetde hem azatlyk baradaky ahlak-pelsepewi mesele peýda bolýar.
Adam akyla eýerip, özüni ýürek tabynlygyndan azat etmelidir. Akyl wagt-giňişligiň birnäçe göçümini öňünden görýär. Çünki akyl – gözdedir. Ýürek öz telwas edýän maksat-nyşanyndan aňryny görmeýär, hatda görmegem islemeýär. Ýüregiň haýy-höwesi adamy tebigatyň kör kanunlarynyň elindäki serişdä we oýunjaga öwrüp biler. Bu bikemallygyň şum howpundan diňe akyl halasgärdir. Akyl wagtdan ozýar we eýýäm häzirki pursatda entek dünýä inmedik geljegiň dürli taraplaryny görýär. Ol adama şolaryň iň amatlysyny kesgitleýär hem-de oňa hut şony teklip edýär.
Ýüregiň geljek bilen işi ýokdur. Tebigatda wagtyň diňe iki modusy – geçmiş hem heminzaman bar. Üçünji modus – geljek diňe akyla muwapykdyr.
Ýüregiň haýy-höwesi diýen jümläniň manysyny düşündireýin. Haý – dirilik, ýaşaýyş. Haýy-höwes – ýaşamak höwesidir. Ýürek ten agzasy bolany üçin, onuň höwesi beden ýaşaýşydyr, bu haýwanat derejelidir. Emma akyl adamy haýyň, ýaşaýşyň ýene iki sany hili bilen üpjün edýär.
Munuň birinjisi – sosial, ýagny, durmuşy-jemgyýetçilik diriligi, ikinjisi bolsa ruhy dirilikdir. Sosial wagt içinde adamda maşgala, garyndaşlyk, millet we ş.m.-ler bilen baglanyşykly bolan at, abraý, ynsap, wyždan, söýgi ýaly dirilik ölçegleri kemala gelýär.
Ruhy ýaşaýyş içre bolsa at – ýagşy nyşan we iman ýaly ölçegler kemala gelýär. Sözüň hakyky manysyndaky adam diňe beden-ýüregiň kör emri bilen ýaşap bilmez. Adatça, kör emr durmuşy we ruhy diriligiň ýaşaýyş meýillerine palta urýar. Ony akylyň berýän azatlyklaryndan binesip goýýar.
Ynsap – durmuşy azatlyk. Iman – ruhy azatlykdyr.
Azatlygyň manysy erklilikdir. Erkliligiň manysy bolsa diriligi üpjün etmekdir. Azatlyk meselesi – ýaşaýyş meselesi, gulçulyk meselesi – ölüm meselesidir. Ýaşaýşyň islendik ýüze çykmasy dürli çäklerdäki we mümkinçiliklerdäki azatlykdyr. Ölüm – baglylyk, erksizlik we hereketsizlikdir. Ösümlik daşa garanda azatdyr, çünki ol ýaşaýşyň has köp mümkinçilikli görnüşine eýedir. Adam weli aňrybaş derejede azatdyr, çünki ol ýaşaýşyň has ýokary görnüşine – akyla eýedir.
Şeýlelikde, akyl – diriligiň iň ýokary derejesidir. Şonuň üçinem adam akyla eýermelidir. Ýürek onuň diriligini çäklendirýär.
Emma adam ýüreksiz ýaşap bilmez. Bu mümkin däl. Mümkinçilik – ýüregiň ýaşaýşyny akylyň kanunlaryna laýyklykda täzeden guramakdyr. Çünki şonda şahsyýet ynsanlyk bitewüligine ýetýär, ol bitewi hem sazlaşykly ýaşaýşa eýe bolýar. Akyl bilen ýüregiň sazlaşmadyk halatynda adam şahsyýeti bölek-büçeklige sezewar bolýar. Eger-de akyl ýüregiň emrinden çykyp bilmese, onda-da agyr güzaplar we ruhy hossalar, akylyň arassa hem tämiz ýoluna gidip bolmaýanlygy sebäpli döreýän howsalalar hem ikirjiňlenmeler, ökünçler hem öz-özüňi iýmeler şahsyýetiň şor maňlaýyna ýazylandyr. Munuň özi ejiz hem nalaç bikemallygyň keşbidir. Akyla eýermek sazlaşyga, ýüregiň nebsine hem gümrasyna gitmek näsazlyga eltýär.
Türkmeniň gadymdan galan rowaýatlaryna hem tymsallaryna ýokarky pelsepe derejesinden we degişli ahlak-pelsepewi jähetden garanyňda, olaryň paýhas çuňňurlygy aýan bolýar. Şonda olaryň ýöne bir edebi-folklor däl, eýsem pelsepe aňynyň hadysasydygyna göz ýetirýärsiň. Ýeri gelende aýtsam, Ýewropa barlagçylary öz döwründe olary edebi hadysa hökmünde kabul edip, many-mazmunyny juda ownadypdyrlar hem ýöntemleşdiripdirler. Olaryň bu ýalňyşlygyny gaýtalap, biziň özümiziňkilerem ata-babalarymyzyň ruhy beýikligine göz ýetirip bilmän, geçmişiň ruhy medeniýetine haýsydyr birhili ýöntemlik hökmünde kembaha garadylar. Diňe indi-indiler bize geçmişimiziň ruhy goýazylygyna we pelsepe belentligine çenli galmaga mümkinçilik döredi. Bu bolsa ösüşiň girewidir, çünki diňe geçmişiň belentligine göterileniňden soň, mundan beýläk ösmek puryjasy peýda bolýar. Munuň özi ösüş diýilýäniň esasy şertidir we kanunalaýyklygydyr. Atasyça bolup bilmedik ogul atasyndan artyk beýiklige ýetip bilmez. Ösüşiň öň görlen derejesindäki tejribe özleşdirilmese, entek görülmedik ösüş derejesi hakynda gürrüňem bolup bilmez.
Türkmen pelsepe paýhasynda garran ýolbars hakynda tymsal bar. Ýolbars garrap, bedeni lagşap, diş-dyrnagy dökülip, awdan galypdyr. Dagyň bir gowagyny mesgen tutunan garry ýolbars çar-töwerege habar ýaýradypdyr: Ýolbars agyr derde duçar bolupdyr, kimde-kim hassanyň halyny soramak islese, pylan gowaga barybermeli. Aw tapman halys surnugyp ýören bir syrtlan bu habary eşiden. Onuň kellesine açgöz hem tamakin nebsi tarapyndan şeýle bir pikir gelipdir: megerem, ýolbars açlygyndan ölüp galandyr, gowaga barsam, onuň maslygyndan doýup, özüme-hä gelerdim! Nebsiň emri bilen gowaga urup giren syrtlan garry ýolbarsyň mekirliginiň gurbany bolýar. Görlüp oturylsa, ýolbars halyny soramaga barýanlary iýip oňňut edinýän eken.
Ýene bir günem ýolbarsly gowaga tilkiniň ýoly düşýär. Ol gowagyň agzyna barýar, emma içine girmän, şol ýerden ýolbars bile hal-ahwal soraşýar. Gowagyň içinden:
– Tilki han, giriber-dä, näme daşda dursuň?! – diýen umytly hem howsalaly ses eşidilýär. Muňa tilki:
– Girerdim weli, ýolbars aga, girýän yzlary görýän-de, çykýan yzy göremok – diýip jogap berýär we öz ýoluna rowana bolýar.
Tymsal durmuşyň miwesi. Durmuşda hem häli-şindi diýen ýaly akylyň rugsadyny almadyk nebisjeň ýürek biakyl islegleriň garaňky gowagyna girip, adamy hem onuň durmuşy we ruhy diriligini ykbal ýolbarsyna şam edýär. Biz azatlygymyzy şam edinýän garaňky islegleriň gowagyna öz aýagymyz bilen barýarys. Şeýdip, mertebä, abraýa we imana zeper ýetýär.
Diňe akyl adam azatlygyny içinden kepillendirip biler. Azatlyk daşdan däl, içdendir. Panyda akyl ýokdur, akyl adamdadyr. Panylyk kanunlary akyla badalga däldir, böwetdir.
Azatlyk menziline ýeten kişi ömür atynyň jylawyny diňe akyla ynanýandyr. Akyl dönüklik etmeýär. Akyl satmaýar. Akyla bähbit mahsus däldir.
Emma akyl ahyrky maksadam däldir. Ahyrky maksat azatlykdyr, akyl bolsa azatlyga ýetmegiň we ony berkarar etmegiň guralydyr, serişdesidir.
Akyl käbir jähetden doňýürek hem biperwaý sowuk hem mähirsiz görünýär. Şunuň özi biweç ýüregiň jähetidir. Ýürek nebis hem nebis yşgynyň sypatlaryna eýe bolup ugranda, ýalňyşlyk edip, yzyndanam özlügiň – egonyň puşmansyzlygy bilen elewräp ugranda, akyl oňa doňýüreklik bolup görner. Dogry, ýürek iň asyl çagymyza gaýdyp barmaga mümkinçilikdir. Emma bu gaýdyş daşky barlykda däl-de, diňe içki barlykda – hakydada we hyýalda bolanda, diňe şonda içki azatlyk hem daşky abraý üçin zyýansyzdyr. Galan ýerde yza gaýtmak howpludyr. Giňişlikde wagt diňe öňe akýar. Tersine bolanlygynda ýaşaýyş diýilýän zat mümkin dällige öwrülerdi. Hyýalda göz öňüne getirip görüň: uly adam sözüň hakyky manysynda çaga öwrülse, nähili bolardy?! Ylalaşaý, gaty gelşiksiz hem utançly bir närse bolardy.
Ýaşalan wagt geçmişe – gaýyplyga, sarp edilen azatlyk – borja öwrülýändir. Çagalygyň erkinligini ulalmaga sarp edip, deregine borç alýarys.
Bikemallygy sarp edip, kämillige ýetişýäris. Bikemalkaň seniň erkinligiň hossasy kämilleriň boýnuna düşýändir. Bu – durmuşy hem ruhy hakykatdyr. Ulalaňsoň, yza ýol ýokdur. Muňa düşünmek isleseň, akyla ýüzlen. Diňe akyla eýerip, ululykda hem azatlyk tapynyp bilersiň.
Kiçiniň erkinligi – ýürekden, ulynyň azatlygy – akyldandyr.
Adamzadyň filogenetiki ösüşinde-de, otnogenetiki ösüşinde-de akylyň orny we paýy deňdir. Bu hakykat akylyň tebigy zerurlykdygyna, ýaşamaga päsgel berýän, adamy gysýan bir howaýylyk däldigine şaýatlyk edýär. Akyl adamzadyň biogörnüş hökmündäki ösüşiniňem, adamyň şahs hökmündäki ösüşiniňem tebigy netijesidir. Ösüşiň belli nokadyndan beýläk ol ýaşaýşyň baş şertidir, ýaşamagyň zeruryýetidir.
Akyl – ýaşaýşyň hatyrasyna şertlendirilen zerurlykdyr. Mümkinçilik däl, zerurlyk hakyky azatlykdyr.
Azatlyk – ýaşaýşyň köpelmegidir diýdik. Ýaşaýşy azaldýan zat azatlyk däldir. Ol ilkibaşda, entek prosesiň çyn we gutulgysyz netijeleri görünmeýärkä, ýaşaýyş hem azatlyk ýaly bolup görner. Hakykat soňdadyr. Hakykat netijede we çözgütde aýan bolýar. Ahyr başlangyja öwrülip bilmeýär, diňe başlangyç ahyra öwrülip bilýär.
Bir kişiniň näçe ýyllap hyzmatyny eden düýesi soňky demini sanap başlapdyr. Eýesi düýe bilen hoşlaşmak hem razylaşmak üçin onuň başujuna barypdyr.
– Eý, düýäm, ençe ýyllap hyzmatymy etdiň. Sag bol. Menem seni hor saklamadym, suwsuz goýmadym. Iýmiňi-suwuňy wagtly-wagtynda berdim. Menden göwnüň galan ýeri barmydyr seniň?
Düýe eýesine şeýle jogap beripdir:
– Köp ýyllap hyzmatyňda boldum, dogry, närazy etmediň. Diňe ýekeje ýerde senden göwnüm galdy.
– Haçan?
– Bir gezek suwa gidenimizde, meni eşegiň yzyna tirkediň. Şonda göwnümde galan kine ömürboýy ýadymdan çykmady.
Akylyňy nebisjeň ýüregiň yzyna tirkeme!
Azatlyga howsala hem närahatlyk ýatdyr. Ol muny akyldan alandyr. Akyl düýe ýaly parahat hem howsalasyz närsedir. Akyl düýe maly ýaly nebisden daşdadyr. Ol düýe malynyň hemişe özüniň däl, adamyň hyzmatynda bolşy ýaly, hemişe azatlygyň hyzmatyndadyr. Ol kynçylyklaryň çölüniň içi bilen ýalňyşlyklaryň hem ýazyklaryň jöwzasyndan çekinmän birsydyrgyn hem ynamly gadam urup barýandyr. Akyl gyssanmaz, ýöne menziline gijä galybam barmaz. Akyl özüni gereksiretmez, ýöne boýnuňa-da aslyşmaz.
Azatlyk menzilinde şahsyýet gutarnykly ruhlaşýandyr. Akyl bu menzilde onuň azatlygynyň, akyla uýan, akyl bilen ýaşaýan ýürek bolsa onuň ruhubelentliginiň girewidir.
Akmak kişi ruhana we ruhubelent bolup bilmez. Ol mes we biagyry bolup biler. Mesligiň we biagyrylygyň soňy bolsa biabraýlykdyr hem masgaralykdyr.
Akyldan daş düşüp, öz azatlygyňy ýitirme! Akmaklyk bendilikdir. Akylsyzlyk ýesirlikdir.
Perwana bak! Ol öz meýli bilen ölüme – şeme barýar. Şemiň alawy onuň gözlerini gapypdyr.
Perwana biweç yşga düşen pes hyjuwyň suratydyr.
Ahyry durmuşy hem ruhy ölüm bilen tamamlanýan biweç hyjuwlardan – şöhwetden, nebisden, tamakinlikden, seni ýakyn-u-ýat içinde bigänä öwürýän telwaslardan akyl bile azat bol! Ýokluk bilen tamamlanýan yşk ýaşaýşyň ýüze çykmasy, diriligiň möwç urmasy däldir. Azat galmak isleseň, perwana hyjuwyňy akyl toruna salmalysyň. Şeýtmeseň, onuň bir özi ýanyp çäklenmez, ol seni tutuşlygyňa günä odunda kül eder. Günä bolsa bendilikdir, kül hem ýaşaýşyň gutaranlygynyň alamatydyr.
Töwereginde pişik ysy bildirýän bolsa syçan gorkuda hem howsalada ýaşaýar. Onuň güni gün däl. Gorkudan hem howsaladan bez bolan janawar bir gün pişige gönüläp: «Meni kowalamaňy, meni garawullap ýörmäňi bes et!» diýipdir. Pişik zalym bolsa keýpiçaglyk hem işdämenlik bilen:
– Tagamly görünmäňi bes et! – diýip söz gaýtarypdyr. Şeýtan was-wasynyň işdäsine tagamly görünýän biakyl ýürege ýazyk hem ýalňyşlyk bendiliginden gutulma ýokdur.
Azatlyk menziliniň manysy özüňi azat, bagsyz, bentsiz duýmakdyr. Azatlyk menziliniň manysy özüňiň azatlygyňa hakykat hökmünde akyl ýetirmekden ybaratdyr. Meniň diýýänim içki azatlykdyr. Ol daşky azatlykdan tapawutlylykda bir ýetilensoň, dolanuwsyz hem gutarnykly bolýan ruhy ýagdaýdyr. Içki azatlyk adamyň ruhubelentliginiň esasy sütünleriniň biridir. Durmuş durmuşdyr. Ol hemişe seniň içki derejäňe bagly bolup durmaýar. Emma, hergiz ýadyňda sakla, saý-sebäp, özgeleriň günäsi ýa ýalňyşlygy bilen durmuşyň daşky azatlykdan mahrum bolaýanda-da, içki azat adam hiç mahal betbagt duýulýan däldir. Çünki ruhuň esasynda durmuş däl-de, durmuşyň esasynda ruh ýatýandyr. Ruhy düz bolsa, ruhubelent bolsa, betbagtlyk adam üçin daşarky hadysa bolup galar. Ruhubelent adamyň göwün galasy azatlyk mekany bolup, onda bendilige orun ýokdur. Ol hapalyk sürtseň ýokmaýan päk aýnadyr.
Türkmeniň ruhy taryhynda azatlyga ýeten ärler köpdür. Magtymguly, Azady, Ýunus Emre, Nesimi, Bistamy, Rumy – bu sanawyň soňy ýokdur. Olaryň ömri azatlyk menziline ýetmegiň ajaýyp nusgasydyr.
Filosofiýa