BAGTYÝARLYK
Bagtyýarlyk menzili gapma-garşylyklaryň gutarnykly sökülýän hem-de diňe ajaýyp sypatlaryň ýüze çykýan, diňe gözellikleriň ýaşaýan menzilidir. Hut şu menzilde şahsyýet pes sypatlardan doly azat hala gelýär, kämillige tarap göni ýol başlanýar.
Bagtyýarlyk bagtlylyk bilen edil bir zat däldir. Bagtlylyk – az ýa köp, ýöne belli bir wagt çägindäki ruhy eşretdir. Bagtyýarlyk – oňa ýeten adamyň hiç bir pursatda-da aýrylmaýan ýagdaýydyr. Bagtyýarlyk menzilinde şahsyýet düýpli ruhy-serhaly dömme-ekstaz bolup geçýär. Bu hadysa biziň gadymy sopularymyz «hal» diýip at berýärler. Beýik Magtymguly özüniň «hala» düşüşini şeýle suratlandyrypdyr:
Turup, Magtymguly gözün açypdyr,
Serine ne köýler gelip geçipdir,
Mest iner dek ak köpükler saçypdyr,
«Oglan, Alla ýaryň, bargyl» diýdiler.
Alla ýary – bagta ýar bolmakdyr. Bagtyýarlyk gaýdyp üýtgewsiz galýan, adama ömürbaky hemra bolýan derejedir. Ol «haldan» başlanýar.
Hal – bir demiň içinde dünýäniň öňüni-soňuny aýan görmekdir. Käbir sopular: «Hal – aslynda wagtyň daşyna çykmak» diýip hasaplapdyrlar. Munuň özi, megerem, kosmos gämisine münüp, Zemine onuň daşyndan seretmek ýaly bir ruhy ahwalatdyr. Adam bitewülige ýetýär we külli ýaşaýşy bitewüligine ýekeje nokatda görýär.
Bagtyýarlyk – görmekdir. Şonda onuň gözlerine Bagt – Allanyň didary görnüp gidýär. Ol didarda bolsa bakylyk, baky dirilik bardyr.
Bagtyýarlyk menziliniň ajaýyplygyny beýan etmäge girişmezden ozal, men gürrüňiň örüsi giň bolar ýaly, dünýä akyldarlarynyň bagt hakyndaky meşhur-u-meşhur däl pikirlerine az-maz üns çekesim gelýär. Munuň özi bize ol aýdylanlardan tapawutlylykda, bagtyýarlygyň ulgamlylygyna göz ýetirmäge kömek eder. Iň beýik dagyň belentligi oňa juda belent däl daglaryň üstaşyry bakanyňda aýan bolýar. Bagtyýarlyk ulgamy bitewüdir, bölünmezdir we üzlem-saplamlykdan, ýetmez-u-artykmaçlyklardan halasdyr.
«Bagt näme?» diýen jana-jan zerur hem her bir adam oglunyň öňünden hökmany çykýan sowala dünýä akyldarlary, hususan, şeýle jogap beripdirler:
– Bagtyň bäş sypaty şeýledir: birinji – uzak ömür, ikinji – baýlyk, üçünji – janyň saglygy we ruhuň parahatlygy, dördünji – haýra söýgi, bäşinji – ömrüň mynasyp eda bolmagy (Sama Sýan).
– Biziň bagtymyz – bary-ýogy betbagtlygyň dymyşlygydyr (Žýul Renar).
– Bagt diňe bir dosta duşmak däl, eýsem beýik duşmana-da duşmakdyr (Tomas Eliot).
– Etmeli işiňi etmegi gowy görmek (Gelwesiý).
– Haçan-da özgeler seniň baýdygyňy bilse (Apuleý).
– Häsiýetiňe laýyk durmuşda ýaşamak (Gegel).
– Artykmaç zadyň bolsa (Plutarh).
– Jan saglygy (Şopengauer).
– Sylag-hormat (Paskal).
– Söýülseň (W.Gýugo).
– Hemişe nämedir bir zady islemek (Grasian).
– Gowuja bank hasabyň, gowy aşpeziň we gowy aşgazanyň bolsa (Russo).
– Ilden bukulman ýaşasaň, öýüň diwarlaram seni gizlemän, diňe goraýan bolsa (Seneka).
– Haçan-da sende paýhasly islegler, sagdyn duýgular, şikessiz beden, şowlulyk, at-abraý, gurp bar bolsa (Platon).
– Bagtsyzlary bagtly edip bilýän bolsaň (Hosrow).
– Betbagtlyk görmän, ömrüňi ötürseň (Sofokl).
Görnüşi ýaly, her kim bagty özüçe kesgitleýär. Aýdylýan pikirleriň, kesgitlenilýän garaýyşlaryň hiç birini-de inkär etmek mümkin däl. Emma şol bir wagtda-da olary islendik ýer we islendik şahsyýet babatda şu hakykatdyr diýip ykrar edip boljak ählumumy we hemişelik çözgüt hökmünde görkezmek hem mümkin däl. Çünki olarda aýdýanyň anyk ýagdaýy we aýdylýan anyk pursady bilen baglanyşykly hususylyk bar. Şeýle bolanda, bagt şert hem-de mümkingadarlyk hökmünde aňlanylýar. Başgaça aýdanyňda, bagt düşünjesi adamyň özi bilen däl-de, onuň daşyndaky durmuş şertleri we amatlyklary bilen kesgitlenilýär. Meniň bagtyýarlyk menzili diýýänim olardan tapawutlylykda şahsyýetiň oňa bagly-u-bagly bolmadyk daşarky ahwalatlara garaşsyzlykda öz tagallasy hem ukyby bilen ýeten içki derejesidir.
Bagtyýarlyk – munuň özi öz-özüňe, öz ykbalyňa, öz ömrüňe laýyklykdyr. Şu barabarlykdan ýaşaýşyň, diriligiň iň ýokary derejedäki ýüze çykmasy – sazlaşyk kemala gelýär. Bagtyýarlyk menzilinde adam ýaşaýyş sazlaşygyna galtaşýar, ömri sazlaşyk hem gözellik hökmünde aňlaýar we duýýar. Munda bagt bir pursatlyk ýa gelip-gitmeli zat däldir. Bagtyýarlyk menzilinde adam iň ýokary, iň howalaly ruhy-görkana duýgularyň kesgitli gurnawyna ýetýär. Bägülüň gunça açyşy kimin adamyň ruhy «meni» bolan kalby açylýar. Köňül göz açýar. Kalp sazlanan saz guraly, gurnalan bina häsiýetine eýe bolýar. Sazlanan saz guralynyň özünden ajaýyp owazlary, açylan bägülüň özünden müşk-anbar ysyny çykaryşy ýaly, adam kalby gözellige maýyllygyň şirin duýgularyny saçýar. Bu daşky şertleriň mümkingadarlygy däldir, bu adamyň öz içki kemaly bilen ýetýän gymmatlygydyr. Şonuň üçinem adamyň bagtyýarlygyny daşyndan, gapdaldan kesgitläp bolmaýar. Adamyň elinden bagtyýarlygy alyp bolmaýar, çünki bu oňa daşyndan berilýän zat däldir.
Adamy bagtyýar ýa betbagt edip bolmaýar. Çünki bular onuň öz azatlygynyň çägindäki meselelerdir. Munda şahsyýet ruhy erk taýdan doly garaşsyzdyr.
Adamyň ykbaly-da özündedir.
Adamyň ömri-de özündedir.
Adamyň bagty-da özündedir.
Adamyň ykbaly özündedir diýýänimiň manysy: adam şahsyýetini onuň ýasawy, zandy, gylyk-häsiýeti we endikleri kesgitleýär. Bagt şu manydaky ykbala barabarlyk, bagtyýarlyk bolsa şu manydaky ykbaly özgertmek, öz maksatlaryndaky ýaşaýyş-durmuş küýsegiňe laýyk bolmak ukybydyr. Bagtyýarlygyň manysy maksat tutunmakda we şol maksady amal edip bilmekdedir. Maksat – akylyň talaplarynyň derejesine çenli tijenmekdir. Adama özüni aňlamak syzgysy berlipdir. Özüniň özüne entek laýyk däldigini aňlamagy başarýanlygy oňa tijenmäge, ösmäge we özgertmäge mümkinçilik berýär.
Bagtyýarlyk menzili-de edil beýleki ruhy-ahlak menzilleri ýaly, aýry-aýry çäklerden, pursatlardan ybarat bolýar. Çünki aslynda «menzil» diýilýäni kalbyň içki giňişligindäki aralyklardyr. Bagtyýarlyk çäkleri edil gözýetim ýalydyr: gözýetimiň çäklerini zabt edip aldygyňça, oňa tarap gitdigiňçe, ol çäkler öňküden giňelip, senden barha daşlaşyp barýandyr. Şeýdip, ösmäge ukyply şahsyýet bagtyýarlyk menziliniň bir çäginden beýlekisine, ondan üçünjisine tarap kämilleşip gidýär. Adam ömri haýsy nokatda tamamlansa, şolam onuň kämilliginiň gutarnykly çägi bolup galýar.
Köpler ykbal şahsyýetiň daşary dünýä, durmuş, ýaşaýyş bilen galtaşygynyň hadysasydyr diýip pikir edýärler. Sebäbi olar: «Durmuş tötänliklerden ybarat, şol tötänlikleriň öňünden kesgitläp ýa akyl ýetirip, bilip bolmajak haýran galdyryjy utgaşyklary-da ykbaly kesgitleýär» diýip düşünýärler. Bu beýle däldir. Elbetde, tötänlikleri inkär etmek mümkin däldir. Emma aslynda tötänlik näme?!
Tötänlik – hökmanylygyň amalydyr. Tötänlik dürlüdir, köpsanlydyr, hökmanylyk çäklidir, kesgitlidir. Şu çäkliligiň, kesgitliligiň durmuş atly ummanda erkinlik bilen köpdürlülige, köpsanlylyga öwrülmegine-de tötänlik diýilýär. Biziň seredýän meselämiziň diline geçirip sözlesek, bagtyýarlyk ykbalyň köpsanly we köpdürli amal bolmagynyň tötänlik mümkinçiligidir.
Ependiniň bir degişmesini ýatlaýyn. Bu ykbal – bagtyýarlyk, hökmanylyk – tötänlik meselesiniň siziň beýniňize beren agramyny aýyrmaga ýardam edermikä diýýärin. Bir gün obada ýaşaýan Ependi şäher bazaryna şaýlanypdyr. Onuň bazara gidýändigini eşiden oba oglanjyklary Ependiniň daşyna üýşüpdirler. Edil şol mahallar oba çagalarynyň uly güýmenjesi hem gyzygy tüýdük çalmak eken. Olar:
– Ependi aga, maňa tüýdük getirip ber-de, maňa tüýdük getirip ber – bolşupdyrlar. Öz haýyşyny aýdyp, bir tarapa sowlan çagalardan soň bir oglanjyk birnäçe pul uzadyp:
– Ependi aga, maňa-da tüýdük getirip ber, meniňem tüýdük çalasym gelýär – diýipdir.
Ependi şonda:
– Beýlekileri-hä biljek däl welin, ýöne sen tüýdük çalarsyň – diýip syrly ýylgyrypdyr.
Biziň bagta bolan ynamymyzyň hem umydymyzyň amaly-da şol pul beren oglanyň tüýdük çalmak mümkinçiligine deňdir. Ondan artyk hem däldir, ondan kem hem däldir. Ruhy ösüşiň bagtyýarlyk menziline ýetmek bagtly bolmagyň esasy şertidir.
Bagtyň bitewi düşünjesi, bagt sözüniň häzirki manysy türkmen aňynda we dilinde soňky ýüz ýylda kemala geldi. Türkmen nusgawy pelsepesinde we edebiýatynda bagt diýilýän häzirkisi ýaly düýpli aňlatma – gymmatlyk ýokdur. Häzirki «bagt» aňlatmasy many göçürmesiniň netijesidir. Diýmek, gürrüň başga bir milletiň pikirleniş-gymmatlyk usullarynyň täsiri bilen aňymyzda bolup geçen aýratynlyk barasynda barýar. Yslamdan öňki eždatlarymyz bagt düşünjesini mertebe sözi bilen aňladypdyrlar, mertebeliligi bagt hasaplapdyrlar. Mertebäniň bagtdygyny biz heminzaman umumy manyda aňlaýarys. «Bu dünýäde – abraý, o dünýäde – iman», ine, «bagtyň» nusgawy türkmen manysy – abraý hem-de imandyr. Bagt düşünjesiniň asyl manysy bolsa ykbal, takdyr, ýazgyt diýmekdir. Diýmek, bagtyň asyl türkmençesi Allanyň öňden kesgitlän, adamyň şahsy eşreti ýa güzaby ýaly subýektiw ýokundysy bolmadyk, nähili bolanda-da oňa muwapyk, onuň gürrüňsiz kabul edäýmeli geljegidir. Bu düşünje manysynyň oňyn, netijeli tarapy şundan ybaratdyr: bagt ahyrky netijäniň meselesidir, ömrüň tamamynyň gymmatlygydyr. Şu manyda akyldarlaryň biri: «Entek adam ömri paýawlamanka, onuň bagtlydygyny ýa bagtsyzdygyny aýtmaga milt edip bolmaz» diýipdir. Elbetde, özüniň gymmatlyk manysynyň çägi babatynda adamyň bagtlylygyny kesgitlemegiň nokadyny onuň kazasyndanam aňryk süýşürmek bolardy. Çünki käbirimize at-abraý, ykrar kazadan has soňam gelýär ahyryn. Ine, hut şu ýerde-de bagta nusgawy düşüniliş bilen häzirki düşünilişiň arasyndaky tapawut göze aýdyň görünýär. Biz, ata-babalarymyzdan tapawutlylykda, bagta has dünýewi, has tebigy düşünýäris, bagta diňe onuň eýesi bolan janly şahsyň diri ýaşaýşy bilen baglanyşyklylykda düşünýäris. Şeýtmek bilen, biz ýere has ýakynlaşypdyrys. Munda bagt adamyň ýaşaýyş, şahsyň dirilikdäki adamçylyk hukugy manysyny alýar. Bagtlylyk adamyň ykrar edilmeginiň netijeli, miweli özüne gaýdyp barmagydyr.
Nusgawy aňyýetimizde bolsa bagtyň manysy şahsyň öz-özüliginde däl-de, onuň daşyndaky bitewüliklere – Alla hem-de millete gatnaşygy bilen kesgitlenilipdir. Bagt Allanyň buýrugyna laýyklykda we iliň umydyna laýyklykda amal bolýar.
Bagt almagyň däl, bermegiň, bagt ykrar bolmagyň däl, ykrar edilmegiň hadysasydyr.
Bagtyýarlyk menzilinde adamyň ikitaraplaýyn laýyklaşmagy zerurdyr: ol hem-ä öz-özüne laýyklaşmalydyr hem-de abraý bilen imana laýyklaşmalydyr. Diňe şonda bagtyýarlyk bitewi gymmatlyga öwrülýär.
Bagtyýarlykda esasy sazlaşyk şu iki laýyklaşmanyň – öz-özüňi tapmagyň we abraý hem imany tapmagyň sazlaşygydyr. Bularyň haýsy hem bolsa diňe biri amal bolanlygynda, bagtyýarlyk ýokdur. Diňe birinjisini tapsaň, bu aşa süýjülik, diňe ikinjisini tapsaň, bu özüniň ät galan, emma illeriň daşyndan saňa berlendigini gören mazasyz süýjüligiňdedir.
Bagtyýarlyk maddy-durmuş sepgidi däl, ruhy derejedir. Durmuşyň şowlulygy, gurby, üpjünçiligi, gaýry maddy ýa beýleki nygmatlary bir tekizlikde, bagtyýarlyk başga bir tekizlikde ýatýandyr. Elbetde, durmuşyň ajysy bagt däldir, emma durmuşyň süýjüsi-de bagtyýarlyk däldir. Bagtyýarlyk süýji ýa ajy durmuşa bolan ruhy gatnaşyk, süýji ýa ajy bolan durmuşda şahsyýetiňi ykrar etmekdir. Dünýä statistikasy bir zady görkezýär: iň ösen, iň amatly durmuş-güzeran şertleri bolan ýurtlarda adamlaryň öz-özüni öldürmekligi has köp duş gelýär. Hiç kim özüni bagtdan ýaňa öldürmez. Diýmek, ýokarky pikir jedelsiz dogrudyr.
Bagtyýarlyk keýplilik pursatlary däl-de, ruhy ahwalatdyr. Hut şu aýratynlygynda hem bagtyýarlyk düşünjesiniň bitewüligi görünýär. Muny şeýle bir tymsal bilen düşündireýin. Pursatlar gaýyp bolýar. Bagtyýarlyk bolsa Wagta dahylsyzlykdyr, has dogrusy, Wagta garaşsyzlykdyr. Hoşwagtlyk pursatlary wagtlaýyn, aňyrsyz söýgä çalym edýär. Çyn söýgi magşugyňa doly berilmekdir. Abyrsyz söýgi hemişe ikirjiňlenmeleri, alasarmyklygy, ýygralygy hemra edinýär. Ol düýpli däl, ýalpak duýgularyň oýnuna bagly bolýar. Duýgular derýa kimin kä daşýar, käte gaýdýar. Muňa kämillik diýip bolmaz. Şeýle söýgini W.Gýugo Aýyň bolşuna meňzedýär: Aý bir dogup, soňam dolýança ulalyp gidýär, dolandan soňam ýene inçelmek bilen bolýar. Bu Aýyň ýaşaýyş kanunydyr.
Bagtyýarlyk duýgy ýaşaýşyndan ýüz döndermek däldir. Çünki beýtmek ruhy terkidünýälik bolardy. Bagtyýarlyk menzilinde adam içki ruhy öýüni edinýär. Bu öýe daşky dünýäden diňe oňyn, şahsyýetiň bagtyýar ýaşaýşyna nur, şugla berýän, kalbyňy gözelleşdirýän nepislikler girip bilýär. Durmuşyň ýaramazlyklaryna, betnyşanlyklaryna duçar bolýan halatynda bagtyýar kişi özüniň ruhy beýikligi bilen olardan ýokara galýar.
Bagtyýarlyk menziliniň manysy bagta mynasyplygyň hemişelik ruhy-ahlak derejesine ýetmekdir.
Filosofiýa