KÄMILLIK
Ynsanyň kämillik ölçegi gaýybylyga barabarlykdyr. Gaýybylyk belli bir medeniýetiň müňlerçe ýyllaryň dowamynda döreden, ol medeniýetiň çuňluklarynda ýatan gymmatlyklary – ýaşaýyş ukyplylyklarydyr. Bulara Günbatar pelsepeçisi K.Ýung nusgawynlar (arhetipler) diýip at beripdir. Nusgawynlar ruhy ewolýusiýanyň bütin çuňlugynda baslygan, binýatlaşan dirilik birlikleridir. Barlykda hiç bir zat soňsuz, dereksiz ýitip gitmeýär. Aňyň ýaşaýşynda ýerasty, kärizpisint akabalar bolýar. Şahsyýetiň ruhy kämilligini onuň şol akabalara dahyllylyk derejesi kesgitleýär. Ol gözegörünmez şol çuňluklardan näçe köp susup alyp bilse, onuň beýikligi-de, kämilligi-de şonçarakdyr.
Ruh bilen maddanyň ýaşaýyş çäginiň tebigaty dürli-dürlüdir. Madda diriligiň belli bir çägine ýetenden soň ýok bolmak çözgüdine duçar bolýar. Ruh ýok bolmaýar, ruh gaýyp bolýar.
Ýok bolmak – pytramak, maddanyň himiki düzüminiň başga hile geçmegi pytramakdyr.
Gaýyp bolmak – çuňluga gitmek, nusgawynlar mekanyna rowan bolmakdyr. Beýle rowanlygyň kalba ýakyn hem süýji alyslygy bar. Muňa kalbyň (assosiatiw) alyslygy diýse bolar. Bu süýji alyslygyň düýp sebäbi ruhda, ruhuň içki çäklerinde Wagtyň yzyna serpigýänligindendir. Barlykda Wagtyň içi bilen yza serpikmek, ýaşalan barlyga gaýtadan ýene gaýdyp barmak, heminzamany geçmişe öwrüp bilmek diňe ruhuň paýyndaky we mümkinçiligindäki artykmaçlykdyr. Hemme zat öňe gidýär. Wagty ýyndam hem bir dem togtamazdan öňe atylyp barýan bedewe meňzetsek, ruhdan başga ähli närseler şol bedewiň içindäki bendiwanlardyr. Diňe ruh öňe-de gidip bilýär, yza-da. Diňe ruh ýokaryk hem gidip bilýär, aşak hem. Bu – ruhuň erkinlik artykmaçlygydyr. Şu artykmaçlygy mynasybetli ruh maddy barlygyň içki çuňluklarynda öz hususy, özbaşdak barlygyny döredipdir. Ol barlyk aýratyn gaýyby mekandyr. Bu mekanda külli adamzadyň, aýry-aýry medeniýetleriň şu wagta çenli özi aňşyryp ýa aňşyrmazdan, aňasty döreden ruhy çuňluklary ýaşaýar. Bu çuňluklar ruhuň dürli ugurlarda we dürli görnüşlerde ýüze çykmalary bolan beýik sungatlar, beýik pelsepeler we beýik edebiýatlardyr. Olar adamzadyň ýa-da belli bir medeniýetiň genetiki, gan hem-de ruhy hakydasyny düzýärler. Genetiki hakydanyň göterijileri adamlardyr, ruhy hakydanyň göterijileri bolsa köpçüligiň aňynyň birlikleri – adamzat ýa milli ruhyýetidir, aňyýetidir.
Kämillik diýýänim durmuşyň hadysasy hökmünde haçan iş ýüzünde mümkin bolýar?! Haçan-da şol iki göteriji – genetiki hakyda bilen ruhy hakyda biri-biri bilen tapyşyp, biri-birine mümkingadar derejede laýyk, barabar bolanda, kämillik iş ýüzündäki hadysa bolup öňe çykýar.
Kämillik menzili hakydanyň şeýle aňasty çuňluklaryndan geçýär. Kämilligiň tebigat aýratynlygy döredijilikdir, döretmäge ukyplylykdyr. Döretmek bolsa gaýybylykdan habarlylykdyr. Adamyň daşyny gurşap alýan adatylyk, güzeranylyk kalba köplenç ýuwan, paýhasa gyzyksyz, köňle şiresiz görünýär. Emma siz bir zada üns berdiňizmi, adama hemişe parahat, petiş, durgun, mazasyz adatylyk ummanynyň içinde bir ýerlerde adatdan daşarylygyň süýji alyslygy üýtgeşik täsir edýär. Bu adatdan daşarylyk ruhy hakydany göterijilere duçar bolanyňda ýüze çykýar. Hususanam, şeýle göterijilerden mifologiýany, düýşleri, döredijilik işindäki «hal» pursatlaryny ylmy, çeper ýa pelsepe döredijiligindäki «şeýdalyk», «dälireme» pursatlaryny agzap bolar. Mife dahylly bolmak genetiki hakydany göteriji şahsyýetiň aňynda her hili gozganmalary, hereketleri emele getirýär. Şonda adam özüniň birwagt ýaşap giden alys mekanyna gaýdyp baran ýaly duýgyny başdan geçirýär. Hakydanyň tas bozulan, öçen sahypalarynda ýaşaýyş hatlary gaýtadan ýazylyp, aň özüniň birwagtky başdan geçirenlerini ýadyna salan ýaly bolýar. Bu aňa özboluşly, düşündirip bolmaýan süýjüligi, mazany berýär. Şahsy aňyň ruhy hakydany göteriji bilen şeýle täsirleşmesinde döreýän maza edil bedeniň süýji tagamdan ýaňa meýmiremegi ýaly bir zatdyr.
Düýş hem şonuň ýaly. Düýş – ruhy hakydanyň genetiki hakyda meýdanynda wagtal-wagtal oýanmasydyr. Şeýle düýpli çuňluklar bilen baglanyşykly bolany üçin düýşüň adama aňk ediji güýji, täsiri, hatda jadysy bolýar. Şonuň üçinem düýşi adamyň öz güzeran durmuşy, öz obýektiwleşen ömri bilen düşündirjek bolmak akyl telperligidir. Siz beýik dünýä sungatynda düýşüň uly orun tutýandygyna üns berdiňizmi? Munuň özi onuň mynasyp hem tebigy ornudyr.
Ylmy, pelsepe ýa çeper döredijilik işinde seýrek duş gelýän «hal» pursatlary hemişe beýik açyşlara getirýär. Beýik döredijiler hiç mahal öz beýik açyşlarynyň nähililik bilen mümkin bolandygyny düşündirip bilmeýärler. Çünki «hal» pursadynda dörediji paýhas daşyny gurşap alan adatylykdan ruhy hakyda çuňlugyna, gaýyby alyslyga gidýär.
Döredijilik – adatylykdan halas bolmakdyr.
Ylham – adatylyk içre gaýybylygyň «partlamasydyr». Şonda dörediji kalp güzeran akylynyň hökmürowanlygyndan çykýar. Şonuň üçinem döredijilik syrlarynyň, beýik açyşlaryň sebäbini we tilsimlerini görkezerden akyl hemişe ejiz gelýändir.
Adam kämillik menzilinde bakylygyň ýaşaýjysyna öwrülýär. Çünki ol wagta dahylly şertlilikleriň elgaramalygyndan boşaýar. Wagta dahylly şertlilikler diýenimde men adamyň ruhy gözýetimini daraldýan, kalp derýasyny ýalpaklaşdyrýan durmuşyň ötegçi, bir pursatlyk, diňe maddy ýaşaýyş üçin derwaýys bolan zatlary göz öňüne tutýaryn. Olar ruhy maksatsyz ýaşaýşyň pursatlarydyr. Munuň düýp manysy döredijiliksizlik, ýöne wagtyňy geçirmekdir. Döredijiliksizlik – bikemallykdyr. Döredijiliksizlik – bakylykdan meýletin ýüz döndermekdir. Bu bary-ýogy şu dünýädäki ömrüňi amal etmegiň çäginde we maksatlarynda döretmekdir.
Döredijiliksizlik adamy bimöçber peseldýär. Çünki ol adamy bakylyk paýyndan – adamzadyň döreden ruhy hakydasyna dahyllylykdan mahrum edýär. Adam öz islegi bilen örän pessejik hem örän darajyk ýaşaýyş giňişligini edinýär. Munuň iň ýowuz tarapy-da hususy ölümden soň, adam ýaşaýşynyň atsyz-sorsuz dyr-pytrak bolup gidýänligidir. Görnükli nemes akyldary M.Haýdegger muňa «Betnyşan obýektiwleşmek» diýip at berýär. Adam hamana öz ömrüni çalt çagşajak külbä öwürýär. Bu külbeden ýyldyzly asmanyň alyslygy-da, älem giňişlikleriniň hopukdyryjy çuňluklary-da, çäkli Wagtyň aňyrsyndaky düýpsüz owazlary-da görünmeýär.
Bu adam üçin peslikdir. Kämillik menziliniň tejribesi hut şu hakykaty aýdýar. Kämillik menzili barlyk bilen gaýyplyk arabaglanyşygynda ýerleşýär. Ol iki tapgyrdan ybaratdyr: Birinji tapgyrda köňül guşy perwaz urup, adam barlykdan gaýyplyga barýar. Gaýyby dünýäde ol beýik many hakykatlaryna ýolugýar. Ol ýerdenem ýene ikinji tapgyr bilen barlyga gaýdyp gelýär. Adam öwreniji, aşyk bolup gidýär, dörediji, kämil bolubam gaýdyp gelýär. Adamyň kämillik ýoly bakylykda tamam bolýar diýmek hakykatyň diňe bir bölegini aýtmakdyr. Biziň nusgawy akyldarlarymyz şeýle pikir edipdirler. Ol barlykdan gitmek, el üzmek, çetleşmek zerur, çünki barlyk adam erkindäki bolmadyk bir bikemallyk diýip hasaplapdyrlar. Emma beýle däldir. Munuň özi bakylyk – dünýä arabaglanyşygyny diňe birtaraplaýyn gatnawy bolan ýol hökmünde göz öňüne getirmekdir. Eger ýol şeýle birtaraplaýyn bolsa, onda dünýä, ýaşaýyş barha bigörkleşmek, bikemallaşmak bilen bolar. Aslynda belli bir wagtda şeýle-de boldy. Bu – biziň bärdengaýtmamyzdyr.
Ýol ikitaraplaýyn gatnawly bolmaly. Bakylyk gaçybatalga, öz hususylygyň üçin sümelge däldir. Bakylyk hemişe diri galmak ýaly nebis isleginiň ruhlaşdyrylmasy däldir. Aslynda dünýäniň bakylygyna hyzmat etmän hususy bakylyga ýetip bolmaz. Bakylyk gaýybylyga gitmek hem-de ondan bakylyk böleklerini getirip, dünýäniň panylygyny azaltmakdyr. Dünýä diýenimde men bu ýerde adamzadyň içki metafiziki ýaşaýşyny göz öňünde tutýaryn. Bakylyk diňe metafiziki manyda mümkindir. Metafiziki – dünýäüze diýmekdir. Bakylyk – dünýäni dünýäüzä öwürmekdir. Bakylygyň mekany bolsa, hälki aýdyşym ýaly, adamzadyň aýratyn ruhy hakydasydyr. Bakylygyň şerti döredijilik, bakylygyň netijesi hem, şerti hem kämillikdir.
Kämillik – döredijilik arkaly bakylygy artdyrmak ukybydyr. Muňa nähili düşünmeli?! Ýaşamak bary-ýogy öz islegleriňi güýmemek, öz ömrüň boş içinden wagty geçirmek, wagta maýyl göwnüňi aldamak bolsa, bu adama Alla tarapyn beýik paý, nesibe diýlip berlen ruhanalykdan hem ruhubelentlikden bigäne ýaşaýyşdyr. Ruhana hem ruhubelent ýaşaýyş hemişe çäkleri ýykmak, hemişe çäksizlige ymtylmakdyr. Bu çäkleriň içinde bütinleý dünýäüze çäkler hem bar. Adamzat bir hususyýet hökmünde olary – adamzada nämährem bolan bigänelikleri ýeňip geçýär. Emma çäkleriň içinde päsgelçilik, böwet görnüşinde adamzadyň öz bikemallygy sebäpli emeli döredilenleri-de bardyr. Olar adamyň gaýybylyga dahylsyzlykda amal edýän döredijiliginiň – bikemal döredijiliginiň netijesidir.
Daş-töweregiňe göz aýla, kitap münder-münder, ýüzlerçe, müňlerçe eserler, işler... olardan ýaňa hopugybam gidýärsiň. Olar önelgesiz, gysyr köňülleriň çygylyp, çyr-çytyr bolup döreden önümleri. Bikemallyk – jansyzlyk, diriliksizlikdir. Şeýle döretmelerde dirilik eseri ýok, sebäbi olar gaýyplykdan mahrum zatlar.
Hakyky kämil döredijilik – dirilik mazmuny, dirilik gujur-gaýratydyr. Döretmek – energiýa paýlamakdyr. Energiýa bolsa tükenmez dirilik çeşmesi bolan gaýybylykdan alynýar. Onsoň kämil eseriň ruha täsiri edil tenekaryň bedene täsiri ýalydyr – ol ýaşaýyş ukybyny artdyrýar. Bikemal eser tenekarsyz iýmitiň bedene hiç zat bermeýşi ýaly, ony «aldap urşy» ýaly, ruha bipaýan we biweç täsir edýär. Şeýdip, ol hem-ä onuň ýaşaýyş, dirilik hajatlarynyň ýüzüne urýar, hem-de ony hakyky kämillikden binesip goýýar. Onsoň ruh telwasy alyslykdan, göwüngopduryjy gözellikden mahrum galýar. Bikemallyk adamyň döşünden itýär, ony pese düşürýär.
Energiýa – gaýybylyk mekanyndan alynýan ýaşaýyş hyjuwy, many – şol ýerden gelýän habarlaryň mazmunydyr. Many – pikiriň mazmuny, mazmun – dirilik tagamy, dirilik mazasydyr. Hut şu manyda kämillik – mutlak (absolýut) dirilik bolan bakylygy artdyrmak ukybydyr. Pikir, eser bakylyga dahylsyz bolsa, boş gabygy, pak maňzy ýada salýar. Beýle bikemallyk ýaşaýyş çäklerini giňeltmek däl-de, tersine, çäkleri köpeltmek, ruhuň ýaşaýyş mekanyny daraltmakdyr.
Kämillik – wysaldyr. Onda ruh özüniň dünýäüze wysalyna ýetýär. Wysal kalp manydan dok bolup, özgeler üçin many dürlerini saçýar. Munuň aýratyn alnan şahsyýet babatdaky paýany – şahsyýetiň ruhanalygynyň we ruhubelentliginiň artmagydyr. Ruhanalyk bile ruhubelentligiň artmagy iş ýüzünde – amaly ýaşaýyşda adamyň has adamlaşmagy, öz-özüni ykrar etmegi, kemliklerden we ejizlikden, isleglerden we peseldiji meýillerden saplanmagy bolup durýar. Munuň adamzat babatdaky netijesi umumyadamzat ruhy ewolýusiýanyň täze sepgitlerine çykylmagydyr. Dünýä ýaşaýşynda adamzadyň kämilleşmek kanuny şundan ybaratdyr:
Adamzat edil baron Mýunhauzeniň öz saçyndan özi tutup, özüni suwdan çykaryşy ýaly, adamzat ruhuň belentliklerine öz birmahal döreden ruhy nusgawynlaryndan güýç-kuwwat alyp ýetip bilýär.
Adam durmuşda ýalňyzdyr, adamzat älem barlygynda ýalňyzdyr. Ol öz-özünden güýç-kuwwat alýar. Bu adamzadyň ilkibaşky günäsi – Adam atanyň jennetden kowulmagy sebäplidir.
Bugdaý meýdanynda-da, ruhuň ýaşaýyş meýdanynda-da adamyň özi ekmeli, özi idetmeli, özi-de hasyl almaly. Kämillik – hasyllylykdyr. Kämillik hasyla durmak ukybydyr.
Adamyň ömri-de hasylly bolmaly, pikiri-de hasylly bolmaly, akyly-da hasylly bolmaly, kalby-da hasylly bolmaly. Wysala diňe hasyl bilen ýetip bolar.
Kämillik menzilinde adam döredijilik arkaly hakykat wysalyna ýetýär.
Eýse, hakykatyň wysaly näme?
Hakykat wysaly – kämillik çägidir. «Kämillik çägi ýa-da derejesi» diýen jümläniň düýp manysyny açyp bereýin.
Umuman, kämillik diýen zada iki jähetde – umumy jähetde we anyk jähetde seretmek mümkin. Kämillik aslynda belli bir zadyň ýa-da hadysanyň ösüşiniň hil aýratynlygy bolup, ol islendik zadyň ýa-da hadysanyň gorunda ýerleşdirilen ýaşaýyş, dirilik mümkinçilikleriniň üznüksiz ýüze çykyş ýa-da amal boluş dowamatydyr. Ýaşaýşyň nazary jähetden alanyňda, tükeniksizligi soňsuzlygy sebäpli, kämilligiň-de, umuman, çägi, soňy ýokdur. Hut şu manyda hemişe kämilligiň soňy bolmaz, bellibir gutarnyklylygy ýokdur diýip aýdylýar, özem bu gürrüňsiz hakykatdyr. Gaýyplykdan barlyga geçişiň başarjaňlygy kämilligiň derejesini hasyl edýär. Barlygyň dowamaty gaýyplykdan gelýän ýaşaýyş çeşmeleriniň daşgynyna we berekedine baglydyr. Şol mynasybetli-de ýaşaýyş – tükeniksizdir we ýaşaýyş tükeniksizlikdir. Kämillige ymtylma şol tükeniksizligi üpjün etmäge bolan ymtylmadyr. Diýmek, entek ýaşaýyş barka, kämilligiň çägi-de ýokdur. Bu – umumy jähetden seredeniňde.
Anyk ýa-da hususy jähetden bakanyňda, kämillik her bir şahsyýetiň Allanyň öz hamyrmaýasynda, zandynda goýan ýaşaýyş hilini ýüze çykaryşynyň derejesidir. Özüne berlen sepgidi zabt etmek, doly, gutarnykly we soňuna çenli öz goruňy hem mazmunyňy ýaýmak – ine, kämillige ýetmegiň baş wezipesi şundan ybaratdyr. Ata-babalarymyz «Heňňam uzyn, ömür – gysga» diýipdirler. Munuň özi ýaşaýyş tükeniksiz, ömür tükenikli diýmekdir. Öz işiňde, pikiriňde, döredijiligiňde (men bu sözi giň manyda ulanýaryn) kämillige ýetmek – ömür tükenikliligini ýaşaýyş tükeniksizligine gatyp bilmekdir.
Döredijilik – ömrüňi döretmekdir. Ömre döredijilik hökmünde garan adamlar bakylyk diýen arzyly gymmatlygy döredipdirler. Bakylyk – içiň – ömrüň kämilligini seniň daşyň – seni gurşap alan ýaşaýşyň – jemgyýetiň, medeniýetiň, sungatyň, ylmyň ýa-da ýöne senediň kämillik hadysasyna öwrüp bilmekdir. Şonda kämillik öz gymmatlyk pellesinden ötüp geçýär-de, özge gymmatlyk hadysasy bolup ör-boýuna galýar. Seni ömrüň heňňamy dolap alýar. Heňňam seni ykrar etmäge, Wagt bolsa seni ýok edip bilmejegini boýun almaga mejbur bolýar.
Kämillik menziliniň beýleki ruhy menzillerden tapawudy şundan ybaratdyr: özge menziller hil taýdan ortalykdyr, emma welin her kişiniň öz kämillik menzili bardyr.
Kämillik özboluşly we gaýtalanmaz ýoly, ugry edinmekdir. Emma kämillik ýöne bir özboluşlylyk hem gaýtalanmazlyk däldir. Ol adamzadyň, milletiň umumy ösüşiniň başga hiç kim tarapyndan amal edilmedik we amal edilmejek bir derejesine, sepgidine öwrülmekdir.
Nusgawy akyldarlarymyz kämillik dünýäden öňli-soňly, gutarnykly üzülmek diýip düşünipdirler. Bu pikiriň adalatlydygyna ýa adalatly däldigine, hakykatdygyna ýa hakykat däldigine baha kesmek üçin, olaryň düşünjesinde «dünýäniň» nämedigine göz ýetirmeli. Bu iş örän kyn hem töwekgelçiliklidir. Çünki «dünýä» pelsepenamasy örän köpöwüşginli hem köpjähetli aňlatmadyr. Hakykata barýan ýoluň bir häsiýetli aýratynlygy bar: mahal-mahal biz oňa ýetmek üçin çylşyrymlylyklary ýörite sadalaşdyrmaly bolýarys. Menem häzir şeýtmekçi we kämillik – dünýäden üzülmek däl, dünýä gatylmakdyr diýmekçi bolýaryn. Dünýä – ýaşaýyşdyr. Iň bolmanda, häzirlikçe, dünýä ýaşaýşyň ýeke-täk şekil mümkinçiligidir. Men dünýä, ýaşaýyş diýenimde diňe bir maddany däl, eýse, megerem, ondan-da beter, ruhy göz öňünde tutýaryn. Ýaşaýşyň bitewüligine agram hem ähmiýet bermek isleýärin. Madda bilen ruh onuň iki deňagramly tarapydyr ýa-da jähetidir. Bularyň biriniň hatyrasyna beýlekini arzylamak ýaşaýşy garyplaşdyrmakdyr. Ruha madda daragtynyň bir şahasy diýip düşünmek çäkli düşünmek bolar. Madda Ruhuň aldajy duşmany däldir. Bularyň bitewüliginden ýaşaýyş fenomeni hasyl bolýar. Kämillik – şu bitewülige akyl ýetirmekdir we şol bitewülige hyzmat etmekdir.
Kämillik – ömürboýy çalyşma, öz-özüňden ömürboýy närazylykdyr. Hut şu närazylyk ýaşaýşy tijeýär. Şeýlelikde, adam ösüşiniň ruhy menzili närazylykdan – tobadan başlanýar, närazylyk – kämillik bilenem eda bolýar. Emma bu iki närazylygyň arasynda nähili parh bar?!
* * *
Pelsepe meniň üçin adamzat paýhasynyň iň arzyly görnüşidir. Çünki pelsepede paýhas özüniň bitewüligini tapýar we amal edýär. Öz pelsepesi bolmadyk millet kämillige ýetmedik milletdir, amala aşmadyk milletdir. Millet ömrüň aýry-aýry müçeleri bolup durýan dürli eýýamlar milletiň edinen we goldanan pelsepe ulgamy mynasybetli biri-birinden tapawutlanýar. Her bir eýýamda millet özi hem-de dünýä barasynda täze pelsepe açyşlaryny edýär. Olar onuň paýhas kämilliginiň dürli derejeleri bolup durýar.
Adamyň ruhy ösüşiniň menzilleri ata-babalarymyzyň döreden ajaýyp pelsepe taglymatlaryna daýanýar. Olara çuňňur akyl ýetirmek we döwrebaplaşdyrmak ýaşaýşymyz üçin uly derwaýyslykdyr. Munuň özi biziň ruhy ösüşimiziň jana-jan zerurlygydyr. Ösüş diýilýäne bitewi hem dialektiki düşünmek gerek. Ösüş – munuň özi könäni ýok etmezden täzäni amala aşyrmakdyr. Nesilleriň ýaşaýyş diliniň eždatlaryňka gatnaşygy şeýle bolmalydyr: bu ýaşaýyş dili täze bir dil bolmalydyr, şol bir wagtda-da ol eždatlaryň dilinden alnan zatlary bilen ähmiýetli bolmalydyr. Barlygy ýokdan bina etmek, dolulygy boşlugyň üstünde gurnamak adamzada berilmändir. Biz hem eždatlara meňzemeli, hem başga adamlar bolmaly. Ösüş diňe ahlak däl, eýsem pelsepe düşünjeleri bolan biweçlik bilen näletkerdeligiň aralygyndan bir ýerlerden geçýär. Biweçlik – eždatlarça bolmazlyk, at ýitirmek, gaýtalanmak, näletkerdelik – eždatlaryň ýüzüne urmakdyr. Şahsyýetiň ruhy ösüşiniň menzilleri adamyň dialektiki ahlak-ruhy kämilleşmeginiň kanunalaýyklygydyr. Şol bir wagtda-da olar biziň üçin ýöne ruhy-mistiki adalgalar däl-de, bitewi ösüş gymmatlyklarydyr. Adamy daşyndan adam edip bolmaýar. Emma ony daşyndan oýaryp, içki ruhy mümkinçiliklerini janlandyryp bolýar. Ruhy menzilleriň manysy şondadyr. Pelsepäniň wezipesi Allanyň kömekçi hyzmatkäri bolmakdyr: Onuň her bir ynsanyň kalbynda basyp goýan ýaşaýyş mümkinçiliklerini pikir arkaly herekete getirmekdir. Bu işiň hasylly bolmagy üçin bitewülige – içki gymmatlyklaryň daşky derwaýyslyklar bilen baglanyşygyna çykmaly.
Osman ÖDE.
Filosofiýa