ADAM
(Içki gymmatlyklar)
OWWALKY SÖZ
Pelsepeçillik hemişe meniň şahsyýet ýasawymyň esasy bir aýratynlygy boldy, pelsepe gözlegleri bütin ömrüme meniň täzeçillige we terlige ymtylyjy kalbymyň, meseleleri kesgitleýji we çözgütleri agtaryjy paýhasymyň hemişelik işi bolup geldi.
Meniň ahlaky aňym kalbymyň bu ümmülmez ýaşaýşa diýjek Sözüni diýmegimi özümiň ahlaky borjum diýip duýýar.
Gysgançlyk ýaramaz gylykdyr, ylaýta-da, ruhy gysgançlyk hasam peslikdir. Bu maddy-zat gysgançlygyndan has uly betnyşanlykdyr. Çünki ruhy gysgançlyk bilen maddy-zat gysgançlygynyň paýany deň däldir. Üns berseň, maddy hem ruhy baýlygyň Wagta gatnaşygy, Wagtyň içindäki soňky ykbaly hem deň däldir. Bu dürli iki gatnaşyk, bu dürli iki hili ykbal Dünýäniň geň gylygy bolup görünýär: Adam maddy baýlygyny özi bilen o dünýä alyp gidip bilmeýär, dünýäniň zady dünýäde-de galýar. Emma öz içki ruhy baýlygyny welin, adam özi bilen alyp gidýär. Men muny öz ömrümde köp gezeg-ä däl, emma birnäçe gezek gördüm. Köp gezek däl – sebäbi Dünýä öz sözüni aýdyp bilýän adam juda seýrek dünýä gelýär. Ruhy jomartlygyň zat jomartlygyndan seýrek duş gelşi ýaly, pikire baý adamam zada baý adamdan seniň pikir edişiňden has azdyr. Şu ýerde men bir beýik dananyň ömründen hem danalygyndan bir pursady ýatlap bereýin. Pähim agtaryşlary bilen meşgul kişileriň ýanyna ýazgy depderçesini götermek endigi bolýar. Kalpda döreýän pähim uçgunlary öçüp ýetişmänkä, olaryň goruny kagyza geçirmek üçin şeýdýärler. Emma bu dana kişi ýandepderçe ulanmaýar eken. Munuň sebäbini soranlarynda, ol şeýle jogap beripdir:
– Beýik pikirler paýhasa şeýle bir seýrek gelýär welin, ýandepderçe zerurlygyny-da göremok.
Danalyk kiçigöwünlikdir.
Danalyk mukdar däl, hildir.
Dananyň ýeke beýik pikiri adamzat üçin yzy üzülmez açyş bolup durýar. Bir beýik pikirden giden ylym, giden taglymat, düýpsüz pelsepe döreýär. Pikiriň beýikligi onuň manysyndaky akyl gorunyň güýjünden gelip çykýar.
Ortaça zehinli adamlar beýikleriň pikirinden pikirler çykaryp, ýönekeý adamlara ýetirýärler.
Beýikler kalbyna inýän ylhamyň bimöçberligi, güýji bilen beýikdir.
Men bu kitaba «Ruhubelentlik oýlanmalary» diýip at goýdum.
«Ruhubelentlik oýlanmalary», ilkinji nobatda, meniň geçmiş akyldarlarymyzyň, biziň milli geçmiş paýhasymyzyň esasy pikirlerine, pelsepelerine bolan gatnaşygymyň ýüze çykmasydyr. Yslam gymmatlyklaryna uly goşant goşan türkmen milleti, esasan, iki sany öndümli pelsepe görnüşini dünýä berdi.
Bularyň birinjisi pelsepe ýa-da hikmet bolup, munuň başyny başlaýjy beýik türkmen alymy Muhammet Farabydyr.
Ikinji bir paýhas miwämiz sopuçylyk Baýezit Bistamy, Jüneýdi, Rumy, Bektaşy, Nesimi, Hoja Ahmet Ýasawy, Magtymguly ýaly akyldarlarymyzyň akyl hyzmatlary bilen baglanyşyklydyr. Eýse, gep ýöne bir şahsyýetlerde däldir.
Pelsepe we sopuçylyk türkmeniň milli ruhunyň ýüze çykyş uslyplarydyr. Men häzirki zaman ruhumyzyň şol köklerden we esaslardan üzňe däldigini görýärin. Şu günki ruhuň tebigatyna düşünmek isleseň, şol köklere we esaslara tarap gitmek gerek. Şonuň üçinem men milli ruhuň şu günki meselelerini seljerenimde, geçmişiň tejribesini nazara alýaryn.
Emma bu seljerme işiň diňe deslapky ýarysydyr.
Göz öňüne getirip görüň: yzyňa bakyp, öňe uzak gidip bolarmy?! Elbetde, ýok. Häzirki zamanyň pelsepesini bermek üçin hut şu günüň duýgularyny we hut şu günüň pikirlerini ýüze çykarmak hem-de kemala getirmek gerekdir. Biz Wagtyň içinde ýaşaýarys, Wagtyň tebigaty bolsa her döwürde, her eýýamda başga-başga hilidir. Pelsepeçi hökmünde men hemişe bir zerurlygy ýiti duýýaryn, bu duýgy meniň ýasawymyň esasy sypatyna öwrülipdir: pelsepe, pikir, taglymat diňe janly durmuş, döwür bilen bagry badaşanda hakyky ruhdur, hakyky paýhasdyr. Pelsepe diňe her bir adamyň janly kalbynda orun alanda – onuň durmuşa gatnaşygyna gatnaşyp, ony gowulyga, kämillige tarap özgerdende – diňe şonda gymmata eýedir. Hakyky pelsepe pelsepe öwreniji hünärmenleriň çöregi, käri däldir, çyn pelsepe janlydyr – ol her bir adamyň akylynyň hem kalbynyň ýaşaýşynyň aýrylmaz bölegidir.
Men «Ruhubelentlik oýlanmalaryny» ylym üçin däl, durmuş üçin ýazdym. Munda her birimizi gyzyklandyrýan, tolgundyrýan meseleleriň çözgüdini bermäge çalyşdym, kitabyň mazmuny hemişe bolşy ýaly, onuň uslybyny kesgitleýär: men her bir adama düşnükli, gyzykly hem özüne çekiji uslypdaky kitaby ýazmagy maksat edindim. Şonuň üçin hem men munda öli däl, janly pikirleri beýan etdim. Janly pikiriň bir täsinligi bar: ol okyjy üçin hem-ä garaşylan hem-de garaşylmadyk pikir bolmaly. Emma onuň garaşylmadyk tarapy garaşylýan tarapdan has agramly gelmelidir. Diňe şonda ol täze döwrüň, täze eýýamyň, täze ruhuň terligini saklaýan pelsepe jowahyry bolup biler.
ADAM
(Içki gymmatlyklar)
Alymlar «Adam üç ölçegli maddy giňişlikde ýaşaýar» diýip aýdýarlar. Şeýle maddy giňişlikden başga ýene bir üç ölçegli ruhy giňişlik bar.
Bular:
Adam – adamyň içki dünýäsi;
Ýaşaýyş – adamyň daşyny gurşap alan durmuş-ruhy giňişligi;
Ylahy barlyk – bu iki giňişligiň esasynda ýatýan, olary biri-birine çatýan esas giňişligi.
Men özümiň Ruhubelentlik pelsepämi şu üç barlyk hem olaryň özara gatnaşygy gürrüňinden başlamagy möhüm zerurlyk hasaplaýaryn.
Dünýä akyldarlary gadymy döwürlerden şu güne çenli: «Hakyky, ýagny kämil adam nämedir, kämil adam bolmagyň ýollary haýsydyr?» diýen jana-jan hem düýpli meseläniň üstünde kelle döwüp gelýärler. Her bir ynsana degişli bu sowallara men şeýle çözgüt berýärin:
Kämil adam – ruhubelent adamdyr.
Ruhubelent adam – içki, daşky hem-de ylahy ruhy giňişlikleriň sazlaşygyny gazanyp bilen adamdyr. Bu sazlaşyk gazanylanda, adam şahsyýeti edil gunçanyň gül açyşy ýaly, özüniň Alla tarapyn berlen içki ýaşaýyş mümkinçiliklerini açyp bilýär. Diňe şonda ol gözel, bagtyýar, azat hem-de kämil bolup bilýär. Bu ruhy sypatlaryň bir söz bilen aňladylmasy bolsa – ruhubelentlikdir.
Emma üç ruhy barlygyň sazlaşygyny nädip gazanmaly diýen sowal-mesele çylşyrymlydyr. Adamzat pelsepesiniň we sungatynyň taryhyna şu nukdaýnazardan ser salanyňda, meseläniň köplenç birtaraplaýyn çözgüdiniň bolandygyny görýärsiň. Munda bitewülik, bitewi çemeleşme kemterlik edipdir. Degişli üç ruhy giňişligiň köplenç biri gözden salnypdyr. Üç barlygyň esasysy hem-de ikinji we üçünji derejelisi diýen ýörelgeden ugur alnany üçin, akyl gözlegleriniň soňy petige diräpdir. Diňe bu üçlügiň deň derejeliligini we deň ähmiýetliligini ykrar etmek meseläniň nazary çözgüdine ýol açar, bu ýoldan gidilmegi bolsa amaly-durmuşy babatda öz miwelerini hem-de netijelerini berer. Meniň amaly miwe hem netije diýýänim iş ýüzünde, hakykatda, durmuşda ruhubelent şahsyýetiň terbiýelenmegidir we ýetişdirilmegidir.
XXI asyr adamzat dünýäsiniň baş aýratynlygy adamzadyň sözüň ähli manylarynda bitewülik ýoluna düşüp başlanlygyndan ybaratdyr. Häzirki döwrüň şeýle artykmaçlygy üç ruhy barlygyň bitewüligine we şol arkaly-da sazlaşygyny tapmaga, soňra-da ony iş ýüzünde gazanmaga puryja berýär.
Akyl hemişe durmuşa görädir.
Bizden öňküler özleriniň akyl babatdaky pesligi, akyl gözlegleri babatdaky ukypsyzlygy sebäpli pikirleri petige diredi diýip netije çykarmak nädogry bolar, bu sadalyk bolar. Muňa akyl gözlegleriniň taryhy durmuş, taryhy ahwal tarapyndan şertlendirilýändigi sebäp bolupdyr.
Akyl bir derýadyr, derýanyň güýji göwresine baglydyr, göwre bolsa diňe gözbaşa däl, eýsem akabanyň ýerleşýän ýerine-de baglydyr. Şonuň üçinem taryhy durmuşyň şertlendirişine laýyklykda, bir döwürde adamyň içki ruhy barlygy gözden salynsa, başga bir döwürde daşky durmuş ruhy barlyk gözden salnypdyr, üçünji birinde bolsa ylahy barlyk äsgermezlik edilipdir. Seredip oturylsa, munuň özi tebigy ýagdaý bolupdyr.
XXI asyryň taryhy durmuşynyň tebigy ýagdaýy meseläni bitewülikde görmäge mümkinçilik berýär. Umumylaşma hem-de bitewüleşme täze akyl gözýetimlerini açýar. Biziň wezipämiz täze gözýetimleri we täze ölçegleri amaly durmuşa ornaşdyrmakdan ybaratdyr.
Emma heminzaman geçmişiň esasynda guralýandyr.
Dogrusyny aýtsaň, geçmiş bilen heminzamanyň gatnaşygy pelsepe nukdaýnazardan seredeniňde has çylşyrymlydyr. Bu ikisiniň gatnaşygynda altyn ortalygy tapmagy başarmak gerek. Gynansagam, bu meselede çakdanaşalyk dowam edip gelýär. Bir çakdanaşalyk heminzamanyň täze mümkinçiliklerini ýüze çykaryp bilmezlikden ybaratdyr. Şeýle bolanda geçmişiň ýowuz hem apaty hökmürowanlygy dowam edýär, şonda geçmiş şu günden ertire, bir asyrdan beýleki asyra geçýär. Munuň özi täze nesilleriň ata-babalaryň gazananlarynyň üstüne öz Sözüni aýdyp bilmeýänligi sebäpli bolup geçýär. Nesiller özlerine gelip ýeten akyl hem ruhy mirasyň üstüne hiç zat – täze pikir, milleti bagtyýarlyga ýetirjek pähimi goşup bilenoklar. Şeýle ýagdaý köp wagtlap dowam etse, nesiller atsyz-sorsuz ýitip gidýärler, olar geçmişi taraşlap, özgerdip, üýtgedip, heminzamana öwrüp bilenoklar. Geçmiş heminzamana öwrülip bilmese, täzelik, goşant, ösüş diýilýän zatlar bolmaýar. Heminzaman döräp, örňäp, geçmişe bäs gelip bilmese, milletiň ruhy akabasy kiçelmek, guramak, hatda sadyr atmak bilen bolýar.
Her döwür, her nesil diňe öz Sözüni aýdyp, öz ýaşaýyş kuwwatyny we mümkinçiligini ykrar edip bilýär.
Bu taryhy dünýäde diňe öz Sözüni aýdyp bilen taryhy ölümden sypyp, aman galyp, bakylyga öwrülip bilýär. Şonuň üçinem täze nesil ata-babalardan galan ölçegleri we kesgitlemeleri totuguş ýaly gaýtalap oturman, öz gymmatlyklaryny ýüze çykarmalydyr.
Hakykat – durmuş tejribesidir. Geçmişiň hakykatlary şeýle alanyňda, ata-babalaryň durmuş, ýaşaýyş hem ömür tejribesiniň netijeleridir.
Öz Sözüň – munuň özi hut öz ýaşaýşyň tejribesini umumylaşdyrmakdyr, kesgitlemekdir we dünýä ýaýmak başarnygydyr.
Degişli meseledäki ikinji bir çakdanaşalyk – heminzamany boş, tarp ýerden döretjek bolup arrygyňy gynamakdyr.
Boşlukdan diňe boşluk döreýär.
Men öz milletimiň XX asyrdaky ruhy ýaşaýyş tejribesi barada aýtsam, edil şo hili ýaşaýyş boldy. Bu – bir çakdanaşalykdy. Öňki bir çakdanaşalyk has uzak dowam edipdi. Takmynan, XVI asyrdan başlap, nesiller totuguşa öwrüldiler. Şol sebäpden şonça ýüzýyllap – XX asyra çenli täzelik, ösüş, goşant bolman geldi.
Döwürler öz ýüzüni görkezip bilmediler, heminzaman geçmişe bäs gelip bilmedi. Nesiller öz sözüni aýdyp bilmediler. Olar ata-babalaryň mermerden kesege öwrülen mirasy bilen bina galdyrjak boldular, emma akyldaryň aýdyşy ýaly: «Kesek bina tutmaz, düzemek bile».
XX asyr kesegem däl, boşlukdan bina galdyrjak boldy.
Bu çylşyrymly hem çarkandakly ýaşaýyş meýdanynda gözledigim, tapanym – altyn ortalyk. Hut şol ýerde durup, men Özümi, öz Sözümi bina edýärin. Men Sözümi boşlukdan, howadan alamok, men ony milletimiziň, ymmatymyzyň hem-de adamzadyň ruhy hazynasyndan alýaryn, bu hazyna öz ömrümiň tejribesiniň ölçeglerini berýärin. Munuň özi ýaşaýşyň öz öňümde goýan kyn sowallaryna meniň geçmişe arka daýanyp, emma hut diňe özüm bolup Beýik Perwerdigäriň eçilen pähim-paýhasy esasynda beren jogaplarymdyr. Bu maňa aňsat düşdi diýip biljek däl. Ruhubelentlik meselesini pelsepe meselesi hökmünde ýüze çykarmak aňsat işem däl. Aňryňda berk pelsepe goruň bolmasa, şol gory durmuşyň tüýs amaly zerurlyklaryna hyzmat etdirip bilmeseň, ruhubelentlik gürrüňiniň boş çagyryşa, täsirsiz takal okama, gerekmejek akyl satma öwrüläýmegi gaty ähtimal zat.
Ruhubelentligi pelsepe meselesiniň derejesine çykarmak, şol pelsepe belentliginden gözlegçi, hatda mahal-mahal gümançyl akyllaryň islegini kanagatlandyrmak, gönümel wagza pisint etmeýän göwünleri dokundyrmak üçin çynlakaý içki ruhy tijenme gerek boldy. Ruhubelentlik pelsepesini düýpli pelsepe adalgalary, düşünjeleri, kesgitlemeleri we ölçegleri bilen esaslandyrmak zerurlygy döredi. Şonda men ruhubelentligi üç sany berk binýada bagladym. Bular başdaky üç ruhy giňişlik diýýänimdir. Bularyň birinjisi bolan içki ruhy gymmatlyklary adam şahsyýetiniň ruhy taýdan kämilleşmegi görnüşinde beýan etdim. Şonda men ata-babalarymyzyň beýik ruhy gazananlary bolan sopuçylyk dünýä görşünden hem adalgalaryndan peýdalandym. Emma olary düýpli täzeledim, özgertdim.
Aslynda sopuçylyk – orta asyr yslam ruhunyň dünýewileşmäge bolan kä şowly, kä şowsuz synanyşygydyr. Men bu synanyşygy ahyryna çenli alyp gitdim we köne adalgalar arkaly täze – dünýewi ruhy özümiň we öz döwrümiň dünýewi ruhuny ýüze çykardym.
Ruhubelentlik – ýaşaýşyň gözeldigine we manylydygyna akyl ýetirmekdir, ýüregiň bilen göz ýetirmekdir.
Ruhubelentlik – ýaşaýşa berilmekdir.
Ruhubelentlik – ömrüňe ömür goşmakdyr.
Ruhubelentlik – bagtyň hem şowlulygyň ganatydyr.
Ruhubelentlik – berk jan saglygydyr.
Ýaşaýşa berilmek üçin öz şahsyňy, öz gaýtalanmajak «meniňi» tapmak gerek. Ýaşamak ýöne öz gezegiňi, nobatyňy geçirmek däl-de, ömrüňi bina etmekdir. Ömrüňi bina etmek üçin bolsa maksatlylyk gerek. Ata-babalarymyz ömri maksatly etmek meselesinde paýhasyň haýran galdyryjy çuňluklaryna ýetipdirler. Adam ömrüniň maksatlylygyny akyl taýdan esaslandyrmak üçin ruhy gymmatlyklaryň ulgamyny işläp düzüpdirler. Bu meselede sopuçylyk beýleki akyl-ruhy ýörelgelerinden has öndümli boldy. Onuň güýji gymmatlyklary diňe akyl däl, eýsem ýürek tarapyndanam ynandyryjy esaslandyryp bilenligindedir.
Adam çykmak, özüňde adam şahsyýetini kemala getirmek ýoly – nebisden kalba geçmegiň ýoludyr. Bu ýol aýry-aýry döwürlerden, tapgyrlardan, duralgalardan ybarat bolup, olary «menziller» diýip atlandyrypdyrlar.
Menziller – adamyň ruhy şahsyýet hökmünde ruhubelentlik ýolunda ýetýän ahlak-ruhy derejeleridir. Nusgawy sopuçylykda dürli aryflar tarapyndan derejeleriň köpsanlysy görkezilipdir, döredilipdir. Olar ýediden ýüze çenli ýetýär. Men mistiki aňlatmalar bolan ol derejeleri özümçe üýtgetdim, täzeledim, meniň menzillerim dünýewi, ýagny mistiki ýokundydan saplanan ruhy-ahlak kesgitlemeleridir. Biziň döwrümiziň pelsepesi mistiki röwüşe, mistiki ahwalatlar arkaly esaslandyrma mätäç däl ruhy hadysadyr.
Men ruhubelentlik ýolunyň sekiz sany menzilini üç bapda işläp düzdüm. «Adam» atly birinji baby ruhubelentligiň içki esaslandyrylmasy diýip bolar. Ikinji «Ýaşaýyş» atly bapda ruhubelentlik gymmatlygy daşky barlyk bilen, üçünji «Ylahyýet» babynda bolsa daşky-içki dünýäniň o tarapyndaky barlyk – ylahyýet bilen baglanyşdyrylar.
Filosofiýa