00:50 Ak bägül / hekaýa | |
AK BÄGÜL
Hekaýalar
Men - ak bägül. Özem, örän seýrek duşýan görnüşi. Elbetde, daşdan görseň, «ak bägül» diýdirýän bägüller köpdür. Ýöne ýakynjagyndan synlasaň, olar ak däldir. Güne solan kagyz ýaly, sarylaç öwüsýändirler. Men welin, çuw-ak. Hakyt, çirksiz tämizligiň nusgasy-da! Beý diýsem, beýleki bägülleri kemsitdigim däl. Olar hem özüçe tämiz. Men bu pikrimi ak reňki päkligiň, entek tegmil düşmedik, hapalanmadyk wyždanyň ülňüsi hasaplaýanlar üçin aýdýan. Meniň goňşularymyň ählisi diýen ýaly gyzyl reňkli bägüller: al gyzyl, çyrmaşyp ösýän goýry gyzyl, mämişi gyzyl, gara gyzyl. Ýene-de bir ýekeje geň bägül bar. Hüýt gara bägül. Biziň bagbanymyz ýaşy bir çene ýeten garryja adam. Ol meni hem-de gara bägüli juda gowy görýär. Garaşyk edende-de, beýleki bägüllere görä, bize has yhlasly, has mähriban çemeleşýär. «Siz niçik, meniň eýjejiklerim?» diýip, diýseň süýjü dilli ýüzlenýär. Gojanyň bizi gowy görmegi beýleki bägüller bilen aramyza, elbetde, sowuklyk saldy. Olar gara bägül ikimizi görnetin ýigrenip başladylar. Gönüden-göni ýüzümize aýtmasalaram, biz muny duýýardyk. Eşidiler-eşidilmez gybatymyzy hem edýärdiler. Aramyzda iň köpbilmişimiz al gyzyl bägül bolsa: «Ýeri, bularyň bizden nämesi üýtgeşikmişin? Ine, mysal üçin, goňşy bagyň bagbany-ha ak bägüli asla-da halanok. Sebäbi ak bägüli aýralygyň bägüli hasaplaýar. Gara bägüli hem gowy görüp baranok. Onuň, esasan, ýas ýerine eltilýän bägüldigini bilýär. Biziň gojamyzyň bu ikisini halamagy, onuň biz —bägüller babatda düşünjesiniň pesdigini görkezýär» –diýip, has-da meçew alýardy. Onuň maňa «aýralygyň bägüli» diýmegini halamadym. Bu barada goja eşitse, ynanmagy mümkin. Onsoň, ol meni öňküleri ýaly gowy görmez. Gowy görmese-de, işimiň gaýtdygy. Men eýleki güllere görä ejiz. Yssadyr sowuga çydamym hem pes. Adaty gülleriň oňýan şertine meniň tap getirip bilmän, gurap ötägitmegim mümkin. Bu bolsa, biziň neberämiziň —çuw ak reňkli bägüliň şu bagda doly ýok bolup gitmegine getirer. Sebäbi men çuw ak bägül urugynyň bäride bitýän iň soňkusy. Ýüregime dowul aralaşdy. Nätsemkäm? Her iş edibem bolsa, al gyzyl bägüliň diline bek bolmagyny gazanmagym gerekdi. Ýogsa onuň bu deliljigi irde-giçde gojanyň gulagyna iler. Al gyzyl bägüliň şu gürrüňinden soň, töweregimizdäki bägülleriň arasynda gara bägül ikimiziň abraýymyz gaçyp başlady. Ine, çyrmaşyp ösýän goýry gyzyl bägüliň soňky günler maňa nähili ýüzlenýänini bilýäňizmi? «Eý, aýralygyň bägüli» diýip, diýseň gödeňsi. Öňler ol maňa «Eýjejik» diýerdi. Hak aşykdy. Göwnümi tapyp bilse, begenerdi. «Gel, ikimiz çakyşyp-çyrmaşyp bile öseli. Görýäň-ä men nähili kuwwatly. Islendik agaja dyrmaşyp bilýän. Islesem, olary bogup, saraldyp-solduryp, ýoguna çykmagy hem başararyn» –diýýärdi. Onuň bu gürrüňleri meni gorkuzýardy. Ony ýowuz, doňýürek hasaplaýardym. Şonuň üçinem oňa ýüz beremokdym. Halaşmak barada-ha asla pikirem edemokdym. Ak bägüller urugyndan öz taýymy taparyn diýip umyt edýärdim. Bu bir başa barmajak umyt däldi. Goňşy bagda çuw ak bägül ösýändigini eşidipdim. Ýöne biziň gojamyz ol bagyň gojasy bilen gürleşenokdy. Haçandyr bir wagt nämedir bir zadyň üstünde tersleşipdirler. Elbetde, meniň ýaşym ötüşip barýardy. Ýyl-ýyldan gödensileşip, ýapraklarymyň öňki näzikligini ýitirýänini duýýardym. «Eger goňşy bagyň ak bägüli bilen halaşmak arzuwym amala aşmasa, gara bägüle göwün beräýsemmikäm?» diýen hyýala hem münýärdim. Ýöne «Beýtsem, bizden önjek nesliň näzeýilli reňkde boljagy belli däl» diýen pikir bu niýetimden el çekdirýärdi. Gara bägül hem meniň özüni erbet görmeýänimi duýýardy. Elmydama mertebesini belent saklaýan ol bägül maňa islendik zerur bolan halaty hemaýat edýärdi. Ikimiziň sulhumyzyň alyşýandygyny bilip, çyrmaşyp ösýän goýry gyzyl bägül gazaba mündi: —Men ony bogup öldirin! –diýip haýbat atdy. Onuň niýeti meni gorkuzdy. Ýöne gojamyzyň beýle nejislige ýol bermejegini bilýärdim. Çyrmaşyp ösýän goýry gyzyl bägül gara bägüle golaýladygy, bag gaýçysy bilen onuň goluny gyrkyp taşlar öýdýärdim. Ine, birdenem gojamyz näsaglady. Biziň halymyzdan habar almasyny goýdy. «Ol ýorgan-düşekli ýatyrmyşyn» diýip eşitdik. Şondan soň çyrmaşyp ösýän goýry gyzyl bägül gylaw aldy: —Meniň garaşýanym şeýle pursatdy –diýip, çeýe goly bilen gara bägüliň bokurdagyna ýapyşdy. Demi tutulan gara bägül nätjegini bilmän, haraý isläp, gözlerini mölterdip maňa seredýärdi. —Beýtmesene, haýyş edýän –diýip, men çyrmaşyp ösýän goýry gyzyl bägüle ýalbardym. —Rehimiň insin. —Sen meniň bilen halaşmaga yrza bolsaň, men muny heläk etmäýin –diýip, ol ýowuz şert goýdy. Maňa ylalaşmakdan gaýry alaç galmady. —Bolýar, öňümizdäki ýazda –diýdim. Şondan soň ol gara bägüliň boýnundaky goluny gowşatdy. Ýöne aýyrmady: —Eger aldaýsaň, men munuň dessine işini görerin. Meniň niýetim wagt utmakdy. Ýaza çenli gojanyň sagalyp gelmegine umyt baglaýardym. Goňşy bägüller eýýäm çyrmaşyp ösýän goýry gyzyl bägül ikimizden önjek nesliň näzeýilli boljakdygynyň gürrüňini edýärdiler. Al gyzyl bägül: «Ol goýry gyzyl bägül ýaly, çyrmaşyp ösýän, üzümpisint närse bolar» diýse, mämişi gyzyl bägül: «Aý, ýok, ene urugyna çekse gerek» diýýärdi. Gara gyzyl bägül bolsa «Öňden gelýän goýry gyzyl ýa-da çuw ak reňklerini saklap bilerlermi-bilmezlermi, şol näbelli» diýýärdi. Garaz, soňky günler esasy gürrüňleri bizden önjek nebere baradady. Umyt edişim ýaly, goja basym sagalyp geldi. Ol ilki bilen biziň halymyzy sorady: —Siz nähili, meniň eýjejiklerim? Biz onuň gelmegine garaşyp, birgeňsi gülläp otyrdyk. Elbetde, çyrmaşyp ösýän goýry gyzyl bägüliň wehimi zerarly gara bägüliň hem, meniň hem öňküligimiz ýokdy. Munuň sebäbine goja dessine düşündi: —Bolýan işlere bir seretsene! Sen bu görgülini tas heläk eden ekeniň. Haý, naýynsap diýsänim! –diýip, çyrmaşyp ösýän goýry gyzyl bägüliň goluny gara bägüliň boýnundan aýyrmaga durdy. Şonda çyrmaşyp ösýän goýry gyzyl bägül doňýürekligini edip, pişigiň dyrnagy ýaly ýiti tikenini gojanyň eline çümdürdi. Hiý, şeýdäýmek bormy? Ol biziň bagbanymyz ahyryn. —Görýän welin, sen ýaramaz bägül –diýip, goja oňa käýindi. Ine, şol wagt hem: —Ýoňlapsyň diýip eşitdim. Nähili, gutulyşdyňmy? –diýip, goňşy bagyň gojasy biziň gojamyza habar gatdy. —Hawa, sag bol. —Näme diýsene, men ak bägülimi aýyrmakçy, isleseň, saňa bereýin. Sen ak bägüli gowy görýäň ahyryn. —Beräý –diýip, biziň gojamyz ylalaşdy. Biraz wagt geçip–geçmänkä goňşy bagyň bagbany ak bägülini goparyp getirdi. Ol ýaş hem sagdyndy. Meniň begenjimiň çägi ýokdy. —Şularam adamlar ýaly hil-hil. Biri–birine azar berýänleri-de bar. –diýip, biziň gojamyz gara bägüliň başyna düşen kysmat barada gürrüň berdi. —Biri-birine azar berdirmejek bolsaň, sen bularyň her görnüşini özbaşdaklygyna, daş aralykda ek –diýip, goňşy goja öwüt berdi. —Şeýtseň, öz urugy bolup, başky reňkini saklap, agzybir ýaşarlar. Ýogsam ak bägül ýaly ejiz, näzijek gülleri urugy güýçli bägüller çakyşyp, derrew özüne öwräýýäler. Iň bolmanda, özboluşlylygyny ýitirdýäler. Ine, seniň şu al gyzyl bägüliň hem ozal ak bägül bolup, soň azypdyr. Görýäňmi, indi reňki ne eýle, ne–de beýle. Gül azsa, görki gaçýar. —Meniň gözüme-hä hiç neneň däl ýaly. —Sen güllerden gowy baş çykaraňok-da. —Öň hem seniň şu gürrüňiň zerarly tersleşipdik –diýip, biziň gojamyz goňşy goja ýatlatdy. —Belki, bes edersiň. —Bagyşla. Biziň ýaşymyzda iki goňşy —«hümmüldeşip» agzybir bolmagymyz gerek –diýip, goňşy ötünç sorady. —Men hem seni boş goýbermäýin. Ak bägüliň ýerine bir zatjyk bereýin. Ynha, şu çyrmaşyp ösýän goýry gyzyl bägül näder? —Ajap bolar. Gojamyz çyrmaşyp ösýän goýry gyzyl bägüli düýbi bilen goparyp, goňşa berdi. Çyrmaşyp ösýän goýry gyzyl bägül meni goýup gitmek islänokdy. Şonuň üçinem boýnumdan goluny dolap aldy. Bogup öldürip barýardy. —Goýber diýýän ak bägüli! –diýip, goja onuň maňa uzan goluny kesip taşlady. Hemra ŞIROW. | |
|
√ Aýňalan adam / hekaýa - 28.08.2024 |
√ Ýüz manady tygşytlan balyk / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Ketenini ysgamadyk armanlar... / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Utulyşyň sogaby / hekaýa - 01.12.2024 |
√ Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Tüýdük / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Kol-hoz-çy / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Pikirdeş / hekaýa - 21.07.2024 |
√ Namysjaň adam / hekaýa - 15.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |