06:18 Altyndepäniñ syry | |
ALTYNDEPÄNIÑ SYRY
Taryhy makalalar
hem-de türkmen topragyndaky gadymy döwletler Türkmeniñ öz gözbaşyny gadym eýýamlardan alyp gaýdýan baý taryhy bar. Emma dürli sebäplere görä, ol taryh halkymyza nämälimdir. Ony indi ýazmaly, has takygy, dikeltmeli. Uçursyz köp problemalaryny aýyl-saýyl etmeli. Iñ bärkisi, türkmeniñ gelip çykyşy we onuñ döwleti baradaky meselesi hem heniz düýpli öwrenilenok. Türkmenlerde döwlet meselesi hem örän gowşak öwrenilen, kähalatlarda bolsa göz-görtele ýoýlan meseledir. Ozal taryh ylmynda bu hakda ikirjiñlenmäge-de ýer goýulmaýardy: türkmenlerde döwlet 1917-nji ýylyñ Oktýabr rewolýusiýasyndan soñ döräpdir diýilýärdi. Aslyýetinde bolsa türkmenleriñ ata-babalarynda döwlet juda ir zamanlarda ýüze çykypdyr. Biziñ pikirimizçe, bu toprakda, ilkinji döwlet Altyndepe şäher döwletidir. Ol b.e.öñki III müñýyllygyñ I ýarymynda döräp, şol müñýyllygyñ ahyrlaryna çenli dowam edipdir. Altyndepäniñ harabaçylygy häzirki Kaka etrabynyñ Mäne obasynyñ golaýynda ýerleşýär. Ol ozalky SSSR-iñ territoriýasyndaky iñ gadymy şäherdir. 46 gektar meýdany tutýan şäherde 5 müñ adam ýaşapdyr. Soñky 40-50 ýylyñ dowamynda Altyndepede düýpli arheologik barlaglar geçirildi. Bu ýerde yzygiderli gazuw-agtaryş işlerini geçiren alymlaryñ biri hem professor W.M.Massondyr. Onuñ 1981-nji ýylda neşir edilen işi Altyndepe siwilizasiýasy barasynda örän gymmatly çeşmedir. Alymyñ gelen netijelerine görä, b.e.öñki IV müñýyllygyñ ilkinji ýarymynda, ýagny, eneolit zamanynda Altyndepw eýýäm şäher eken. Özem başly-barat däl-de, hut haýranlar galyp oturmaly takyk çyzgylar esasynda oýlanyşykly gurlan şäher eken. Şäherde ýaşaýyş jaý kwartallary, küýzegärçilik (keramika), zergärçilik ussahanalary, daşdan, bürünçden gural ýasaýan ussahanalar bolupdyr. Bu ýerde irki bürünç asyrlaryna degişli daşdan, bürünçden ýasalan gurallaryñ ýüzlerçesi tapyldy. Tapylan gurallaryñ içinde metaldan ýasalan oraklar-da bar. Altyndepe dürli hünärli ussalaryñ toplanan ýeri bolupdyr. Şäherde küýzegärleriñ, zergärleriñ öz oturýan kwartallary bar eken. Mysal üçin, küýzegärleriñ kwartaly 2,5 gektar meýdany tutupdyr. Onda köp otagly ýaşaýyş jaýlary, ussahanalar ýerleşipdir. Şol kwartalda küýzegärleriñ ençeme nesli ýaşap geçipdir. Altyndepede hünärmentçilik bilen bir hatarda ekerançylyk we maldarçylyk uly rol oýnapdyr. Suwarymly ekerançylygyñ meýdany giñäpdir. Hojalykda öküzdir düýe iş maly hökmünde ulanylypdyr. Iki tigirli arabalar peýda bolupdyr, hojalygy alyp barmakda öz döwri üçin uly ösüş gazanylypdyr. Altyndepeden köp sanly terrakta, ýagny, palçykdan ýasalan heýkeller tapyldy. Ol heýkellerde gadymy Şumer (b.e.öñki III müñýyllygyñ I ýarymy) heýkelleri bilen meñzeşlik bar. Altyndepeli ussalar hem gadymy şumerler ýaly, heýkel ýasanlarynda adamyñ gözüne we gulagyna aýratyn üns beripdirler. Çünki, olaryñ düşünişine görä, göz-gulak bilen adamynyñ batyrlygyny, häsiýetini kesgitläp bolýan eken. Gadymy Şumerde oturan aýal şekili hasyllylyk hudaýyny añladypdyr. Bu ýerde-de şeýle. Altyndepäniñ daş-töweregi galyñ diwar bilen gurşalypdyr. Diwar çig kerpicden gurlup, onuñ ini iki metre, boýy bolsa üç metre barabar eken. Diwaryñ daşynda dik gyrañly çykgytlar bolupdyr. Şeýle gurluşugyñ goranyş maksatlary üçin bina edilendigi bellidir. Diwaryñ içinde ägirt uly ybadathana kompleksiniñ üsti açyldy. Ol çig kerpiçden gurlupdyr. Ybadathananyñ çykgytlary piramidanyñ çykgytlaryna çalymdaş bolupdyr. Uly şäheriñ töweregine galyñ hem beýik diwar galdyrmak ýa-da ybadathana kompleksini bina etmek ýeñil-ýelpaý iş däl. Beýle işleri diñe döwletiñ ugrukdyryjy güýji bolanda amala aşyryp bolýar. Galyberse-de, 1972-nji ýylda tapylan, sap altyndan ýasalan öküz kellesi köp zatlary habar berýär. Ol örän nepis edilen iş. Özem b.e.öñki III müñýyllygyñ ahyrlaryna - II müñýyllygyñ başlaryna degişli. Bu jemgyýetde barly gatlagyñ öñe saýlanan zamany. Häkimiýetem şolañ elinde jemlenipdir. Bu zatlary biz belli bir derejede şol öküziñ şekilindenem añýarys. Arheologik barlaglaryñ görkezişi ýaly, b.e.öñki III müñýyllygyñ ahyrlarynda - II müñýyllygyñ başlarynda Altyndepe şäheri boşap galypdyr. Oña ýer titremegi, ýangyn ýa-da başga bir tebigy betbagtçylyk sebäp bolmandyr. Ekerançylyk ýerleriniñ aşa şorlaşyp, hasyllylygyñ halys pese gaçmagy sebäp bolupdyr. Ilaty azyk bilen üpjün etmekde çykgynsyz ýagdaý emele gelipdir. Adamlar göçüp gitmäge mejbur bolupdyr. Olar gündogara süýşüp, Murgap derýasynyñ ýakasynda mekan tutupdyrlar. Bu ylymda subut edilen faktdyr. Ol Altyndepe siwilizasiýasynyñ belli bir derejede Margiana siwiliziasiýasyna täsir edendigini ynamly aýtmaga esas berýär. Biz Margiana siwilizasiýasynyñ yzlaryny gadymy Merwiñ ýadygärliklerinde görýäris. Olar köp ýyllardan bäri arheologlar tarapyndan düýpli öwrenilýär. Birnäçe ylmy işlerem ýazyldy. Murgabyñ aşak akymlarynda 3000 kw. km töweregi meýdanda Marguş ýa-da Margiana ýurdy ýaýylyp ýatyr eken. Bu ýerde Kelleli, Taýyp, Adambasan, Awçyn, Goñur, Togalak, Ajyguýy, Tahyrbaý ýaly oazisler bolupdyr. Göçüp-gonup ýören çäge depeleriniñ arasynda margianalylaryñ 150-denem köpräk obalarynyñ-da üsti açyldy. B.e.öñki II müñ müñýyllygyñ başlarynda Kelleli oazisi özleşdirilipdir. Şol müñýyllygyñ ortalarynda Goñur, Awçyn, Adambasan, Ajyguýy, Taýyp gülläp ösüpdir. Togalak we Tahyrbaý Margiananyñ giçki döwrüne - b.e.öñki II müñýyllygyñ ahyrlaryna - I müñýyllygyñ başlaryna degişlidir. Margianada ilatyñ esasy käri ekerançylyk bolupdyr. Bugdaý, arpa ekilipdir. Obalaryñ daşyna gala gurlupdyr. Mysal üçin, Kellelide galanyñ içinde çig kerpiçden ýa-da pagsadan salnan ýaşaýyş jaýlarynyb bolandygy anyklanyldy. Käbir jaýlarda gyşyna gyzdyrmak üçin diwar peçleri, käsinde bolsa ýatylýan sekiler edilipdir. Margianada iñ uly gala bolany üçin, ol ýurduñ paýtagty bolandyr diýlip güman edilýär. Galada bir ýarym gektara golaý meýdanda bûtewi takyk plan boýunça gurlan köşk kompleksi, şeýle hem uly ybadathana bar eken. Bu ymaratlaryñ bina edilişinde Baktriýada we Mesopotamiýasa gurlan ymaratlara meñzeşlik bar. Meñzeşlik diñe ymaratlarda däl, olaryñ bezelşinde-de duýulýar. Galanyñ çykalgasynyñ golaýynda demirçileriñ, küýzegärleriñ, zergärleriñ, gaýyşçylaryñ we beýleki hünärmentleriñ işleýän ýeri bolup, olaryñ her biri özbaşdak topar tutup oturypdyrlar. Togalak galasynda hem ilatyñ şeýleräk tertipde ýerleşendigi subut edildi. Onda ägirt uly ybadathanalar kompleksi gurlupdyr. Kompleksiñ gurluş usulyny synlasañ, äpet bir kwadraty ýadyña salýar. Ol geñ galyp oturmaly takyk proporsiýalardan gurlan köp sanly otaglara bölünipdir. Köşkleriñ we ybadathanalaryñ bina edilişi Margianada takyk ylymlardan, arhitekturadan, matematikadan baş çykarýan adamlaryñ bolandygyna şaýatlyk edýär. Belki, Margiana arhitektura mekdebi hem bolandyr. Soñky ýyllardaky arheologiki barlaglar gadymy Marginananyñ şäherlerinde suw prowodlarynyñ, kanalizasiýalaryñ çekilendigini, köçeler gurlandygyny ýüze çykardy. Ýerli hünärmentler metaly guýmagyñ syrlaryny bilýän eken. Olaryñ ýasan nepis şaý-sepleri, küýze gaplary, ýaraglary haýran galdyrýar. Margiananyñ hojalyk we medeni progresde gazananlary bu aýdylanlar bilen çäklenenok. Marginana zamanasynyñ beýik akyldary, ilkinji dünýä dininiñ - zoroastrizmiñ pygamberi Zaratuştrany dünýä beren ýurt. Soñky wagtlara çenli zoroastrizmiñ dörjn ýeri Alynky Aziýanyñ demirgazyk-gündogar çetleri (Gündogar Eýran) hasaplanýardy. Indi bolsa zoroastrizmiñ ilki Margianada şineläp, soñ Gündogar Eýranda boý alandygy anyklanyldy. Zoroastrizmiñ mukaddes kitaby "Awestanyñ" 21 kitabyndan biziñ döwrümize bu kitap doly gelip ýetmändir. Käbir Ýewropa ýurtlarynda olary düýpli öwrenmek boýunça köp işler edildi. Belli bir derejede Zaratuştranyñ şahsyýeti anyklanyldy. Mysal üçin, E.O.Berziniñ pikiriçe, Zaratuştra b.e.öñki VII asyrda ýaşap geçipdir. Ildeşleri öz öwüt-ündewine eýermänligi sebäpli ýurduny terk eden adam. Ol garyp ýaşapdyr. Onuñ ogly ýok, gyzlary bar eken. Belki, şonuñ üçindir "Awestada": "Söýgüli zenanlaryñyz hakda alada ediñ" diýlip, sargyt edilipdir. Zoroastrizmiñ ýaýran ýurtlaryndan soñra Gündogar poeziýasynyñ pälwanlary, lirikanyñ beýik ussatlary çykypdyr. Zaratuştra adamzat taryhynda progres diýen düşünjäniñ haýyr bilen şeriñ köp asyrlyk göreşi arkaly hökmany suratda haýyr işiñ ýeñşine barýan hereketdigini aýdan ilkinji filosofdyr. Ol ýeke Hudaýa ynanmaklygy ündäpdir. Zaratuştra dünýäde iki başlnagyjyñ barýandygyny - haýyr işiñ perişdelerdigini, şeriñ bolsa jyn-arwahlardygyny aýdypdyr. "Şularyñ haýsysyny saýlap almak her adamyñ özüne baglydyr, adam arwahlaryñ ugruna gitmän, haýyr iş bilen bolmalydyr, öz gününi özi görmek üçin zähmet çekmelidir" diýipdir. "Awestada" adamlara ýüzlenip aýdylan şeýle setirler bar: "Siziñ bugdaý ekeniñizi göräýse, arwahlary dee basar, eger ony orup, üwäp çörek bişireniñizi görse, olar saçyny üter, eger-de öýüñizde hemişe undur-çöregiñ bardygyny görse, onda olaryñ agzyndan ot syçrap, ala-zenzele bolup, ümdüzine gaçyp gider". Sadadan hem obrazly aýdylan ajaýyp pikirler. Zaratuştra günäden saplanmak üçin oda çokunmaklygy ündäpdir. Ol adamyñ jany ölmeýär, o dünýe bar, ahyrzamanam boljak diýipdir. Zaratuştra adam ölensoñ, onuñ janynyñ Gylsyrat köprüsinden geçmelidigini, eger ol bu dünýede haýyr iş bilen bolup sogap gazanan bolsa, köprüden sag-aman geçip, jennete barjakdygyny, şere goşulyp, günä eden bolsa-da, ýykylyp, dowzaha düşjekdigini wagyz edipdir. Zaratuştranyñ bu ideýalaryny b.e.başlarynda dörän hristiançylyk we buddizm, ylaýta-da VII asyrda dörän yslam doly özüne siñdiripdir. Eger-de bu dinleriñ hem, umuman, zoroastrizmiñ ýaýran arealynyñ töwereklerinde ýüze çykandygyny ýatlasak, onda Zaratuştrany dünýä inderen topragyñ adamzat jemgyýetiniñ ruhy medeniýetine goşan goşandy öz-özünden düşnüklidir. Bu faktlar gadymy Margiananyñ öz döwründe deñli-derejeli döwlet bolmak bilen bir hatarda adamzat taryhynda uly yz goýandygyna hem güwä geçýär. Dünýäniñ belli gündogarşynaslary hut şu faktlaryñ esasynda ýazylyp, ýañy-ýakynda Amerikanyñ "Boston Gleb" gazetinde çap edilen işlerinde gadymy Marginana adamzat siwilizasiýasynyñ dörän ýerleriniñ biri bolupdyr diýen netijä gelýärler. Türkmenistanyñ gadymyýetinde ilkinji döwletler baradaky aýdylanlary şu ýerde jemlesegem bolardy. Emma ýene bir mesele orta çykýar. Şol döwletleri gadymy gündogar döwletleri bilen haýsydyr bir parallellerde görüo bolarmyka? Bolar. Dünýä taryhynda iñ gadymy döwletiñ Müsürde b.e.öñki IV müñýyllykda, Mesopotamiýada Wawilon şäher-döwletiniñ b.e.öñki IV müñýyllygyñ ahyrlarynda, Hytaýda b.e.öñki II müñýyllykda, Hindistanda b.e.öñki I müñýyllykda dörändigi bellidir. Gresiýada ilkinji döwlet b.e.öñki VIII-VII asyrlarda, Rimde b.e.öñki VI asyrda emele gelipdir. Altyndepedäki şäher-döwletem Wawilonyñ yz ýanyndan dörän bolsa, Margiana döwleti gadymy Hytaý döwleti bilen döwürdeşdir. Diýmek, Türkmenistanyñ gadymyýetinde döwlet gadymy Gresiýadakydan, Rimdäkiden hem ir dörän eken. Bu eýýäm türkmen taryhyna düýpgöter täzeçe çemeleşmelidiginiñ ýene bir subutnamasydyr. Diýmek, Gadymy Türkmenistanyñ ýerinde ilkinji gezek şäher-döwlet b.e.öñki III müñýyllygyñ I ýarymynda döräpdir diýip aýtsa bolar. Annageldi GUBAÝEW, professor. Ýazgylyç ORAZGYLYJOW, taryh ylymlarynyñ kandidaty. "Edebiýat we sungat" gazeti, 23.07.1999 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |