ÝEKELIKDÄKI IKIÇÄKLIK
■ Altynjy mynajat: ÖMÜR ÜÇIN ALKYŞ
Eýa, eý, Biribar!
Meniň üçin ýaradan iň uly nygmatlaryň biri pelek ömrümdir. Ähli mahluklardan ýokarda goýup, ezizläp maňa ömür beripsiň. Özge janly mahluklaryňa ömür däl, diňe jan beripsiň.
Maňa ömür berip, şu dünýäde yz, nyşan galdyrmaga puryja hem mümkinçilik döretdiň.
Maňa ömür berip, şu dünýä gatylmaga-garylmaga, ony öňküden has gözel hem kämil etmäge puryja hem ýer goýupsyň.
Maňa ömür berip, dünýäniň ýaşaýşynyň hem ykbalynyň netijesinden hem jogapkärçiliginden bir bölegini meniň üstüme atypsyň.
Maňa ömür berip, dünýäniň ömrüne ömür, öz mübärek emriňe emr goşupsyň.
Özüň bilen özgeler, dünýä bilen Sen aradaky kesgitleýji amallara dahylly bolany üçin, ömür meselesi meniň ýaşaýşymyň möhüminden möhümidir.
Çünki ömür meni diňe bir Seniň beýik sungatyň däl, eýse meniň öz adamlyk sungatym barada-da oýlanmaga hem belli-belli amallara baş goşmaga mejbur edýär.
Ömrüm Seniň nygmatyňdyr, dünýäniň puryjasydyr, özümiňem miwämdir.
Eýa, eý, Biribar!
Ömrüme bereket ber, ömrüme hereket ber, ömrüme tagam ber, ömrüme mazmun ber, ömrüme netije ber!
Bu göze görünmeýän dünýäleri ýaradyp, olaryň maňlaýyna bir möhür – «Wagt» möhürini basypsyň. Şonuň üçinem olaryň bary gelip-geçmeli dünýäler! Olaryň manysy-da, bimanylygy-da, eşreti-de, ejiri-de, netijesi-de, netijesizligi-de, paýany-da, bipaýany-da Wagtyň içinde.
Emma Sen öz beýik merhemetiň bilen ynsan ogluna ömür berip, bu dünýäleriň ýaşaýşy bolýan Wagta täze hil beripsiň. Ynsan ömri bilen dünýäleriň ýaşaýşy üýtgeýär, ynsan ömri bilen dünýäniň ýüzi görünmeýän aýna döreýär, dünýä boşlukdan hem bipaýanlykdan halas bolýar.
Meniň ömrümi ýaradyp, dünýäleriň iç tarapyndan täze dünýäni döretdiň.
Ömrüm – amal, ol dünýäleri synlaýjynyň hem dünýäleri özgerdijiniň amaly.
Adam ogly özüni hem ömrüni dünýäden misil tutup düşündirjek bolýar, emma ömür dünýäde bimisildir. Ömrüň mazmuny hem şekili dünýäden bimisildir, çünki onuň mazmuny, tüýsi başgadyr.
Beren mazmunyň, hiliň, şekiliň, tüýsüň üçin Saňa hamd-u-senalar bolsun!
* * *
Ömrüň manysy Wagt bilen bäsleşmekdedir. Ömrüň netijeli miwesi seniň Wagtyň elinden basyp alan galaňdyr. Adam durmuşy, dünýäni näçe köp özgerdip, kämil edip bilse, ömrüň netijesi-de şonça köpdür. Adam üçin ömrüni bihuda geçirmekden uly betbagtlyk hem akmaklyk ýokdur. Munuň özi berlen mümkinçilikden ýüz dönderip, özüňe kast etmekdir.
Ömrüň öňünde maksat goýmak hem şol maksat üçin çalyşmak adamyň esasy artykmaçlygydyr. Şu bolmasa, ýaşanyň-ýaşamanyň des-deňdir. Ömürden adymyz hem amalymyz galýar. Eger bularam bolmasa, onda adamyň ýaşanyny subut etmek hem kyn düşerdi.
Ömür – soňsuz dünýäde yz goýmakdyr. Bu yz adamyň öleninden soňky dowam edýän ömrüdir. Bu dünýäde adam galmaz, at galar. Bu dünýäde ynsan galmaz, yz galar. Bu dünýäde adam galmaz, amal galar.
Adam ömri öleninden soň, iki ýerde dowam eder. Onuň ömrüniň netijesi Zeminde galar. Ýagşy işleri bitiren kişi – şäherleri, binalary, köprüleri, ýene-ýeneleri gurduran kişidir. Zemine gelen her täze nesil şol gurlan, bitirilen işler boýunça beýik ynsanyň ömrüne şaýat bolarlar.
Adam ömrüniň ikinji dowamy galanlaryň hakydasydyr. Şonda adamlar seniň ýaşanyňa, bolanyňa şaýat bolarlar.
Emma ömrüň baş şaýady, ynamdar şaýady birinjidir – seniň işleriň, seniň goýan yzlaryňdyr. Bu yzlar ýöne bir adamlaryň hakydasynda däl, eýse Zeminiň hakydasynda, ýaşaýşyň hakydasynda hem galýar. Bu hakyda bilen deňeşdirilende, adam hakydasy ejizdir, çünki adamyň özi-de wagtlaýyndyr, onsoň onuň hakydasy-da wagtlaýyndyr. Wagt geler, diňe seni tananlar däl, eýse seni tananlary tananlaram, olardan soňkular hem bakyýete giderler. Şeýdip, adam hakydasynda goýan yzyň şol hakydanyň özi bilen ýok bolar.
Emma Zemin, ýaşaýyş hakydasyny bozmakdan Wagt ejizdir.
Käbirleri ömrüň dowamy diýip üçünji bir zady – seniň öndüren perzentleriň galýanlygy diýip görkezýärler. Ýöne bu salgymdyr. Hatda haýwanlaram yzynda nesil goýýarlar. Emma olardan ömür galmaýar. Ömür – nesil däl, yz goýmakdyr. Ömür – hatda perzendiňem bolsa, başga biri bolup däl-de, hut özüň, diňe özüň bolup dowam etmekdir. Ynsan ölenden soň, ähli zady terekä salynýar, diňe bitiren işleri, goýan yzlary onuň öz adyna galýar, olary başga biriniň, hatda zürýatlarynyňam adyna geçirip bolmaýar. Ömrüň esasy artykmaçlygy-da şundadyr. Nesle at däl, diňe buýsanç ýeter. Allatagalanyň beýik adyllygy şundadyr. Ol biriniň gazananyny hiç mahal başga birine, hatda onuň iň ýakynyna-da bermeýär. Ömür şeýledir. Biriniň ömri hiç mahal başga birine berilmeýär, geçirilmeýär, miras goýulmaýar.
Allatagala adama ömür diýilýän zady berip, ony beýgeldipdir, hatda özüne ýakynlaşdyrypdyr. Çünki ömür ýeke-täklik bolmakdyr, özüň bolmakdyr, eldegrilmesizlikdir, adamyň, şahsyýetiň öz-özüne mutlak, doly ygtyýarlygydyr, öz-özüne hukugydyr. Ömür – birlige, ýeke-täklige, gaýtalanmazlyga ýakynlaşmak mümkinçiligidir.
Ömrüň – seniň dünýädäki ýaşaýyşdan galan çäjiňdir. Galan zatlaryň bary harpykdyr.
Ömrüň – ýaşaýyş mermerine ýazylan adyňdyr, galan zatlaryň bary çägäň ýüzüne ýazylýandyr.
Ykbal – nesibedir, ömür nesibe däl-de, bakylyga mynasybetimizdir.
Ömrüňi sahy, buýsançly hem-de sabyrly geçir. Sahylyk – ýaşaýşa berip biljegiňdenem köp bermekdir. Buýsanç – ýaşaýyşdan alyp biljegiňdenem az almakdyr.
Sabyr – ýaşaýyş, bakylyk gapysyny açýan iň soňky açardyr.
Çalyş – ömür gysgadyr!
Sabyr et – ömür gysgadyr!
Ömrüňi ruhubelent hem ylhamly geçir!
Ylham – ýaltanyň öýüne gelmeýän myhmandyr.
Ruhdan düşme – aşakda betbagtlygyň gorpy bar!
Ömür gysga diýýärler, eýse ol nämeler bilen deňeşdireniňde gysga, nämeler bilen deňedireniňde bolsa uzak.
Ömür – şahsyýet bolmakdyr. Şahsyýet bolsa bitewi hem gaýtalanmaz bolmakdyr. Adamyň bitewüligi onuň pes hem artykmaç taraplarynyň birligindedir. Adamyň ähli kemçilikleri onuň artykmaçlyklarynyň dowamydyr.
Ömür bolsa diriligiň ölümden soňky dowamydyr.
Ykbal däl, ömrümiz – hereketlerimiz we amallarymyz betbagtlyga ýa-da bagta sebäp bolýar.
Ölüm ömre däl, dirilige goýulýan nokatdyr, ömre adamyň biweçligi hem bihudalygy nokat goýup biler.
Aslynda, eger gazanyp bilen bolsaň, ömür ölümden soň başlanýar. Iman – ölümden soň, ahyretde ýaşamak, ömür – ölümden soň dünýäde ýaşamakdyr.
Ömrüň uzynlygyny bitirip bilen işleriň hili kesgitleýär. Hemişe bolşy ýaly, mukdary hil kesgitleýär.
* * *
Ömür adama berlen puryjadyr.
Bu puryja iki sany wagt nokadynyň – dogulmak bilen ölmegiň arasynda ýerleşýär. Bu iki nokat bütinleý Allanyň elindedir, emma olaryň aralygynda adamyň öz erkiniň, matlabynyň, maksatlylygynyň kesgitleýji hem çözüji hökmürowanlyga eýedigine ynanýaryn. Munuň şeýledigine ömür meselesine şu aşakdaky sowallaryň nukdaýnazaryndan bakanyňda, aýdyň göz ýetirip bolýar. Adama: «Näme üçin doguldyň?» diýmek bimanylykdyr, çünki dogulmak onuň erkine hem islegine dahylly zat däldir. Edil şonuň ýaly, oňa: «Näme üçin öldüň?» diýmek-de bimanylykdyr.
Emma adamdan: «Näme üçin ýaşaýaň, näme üçin ýaşajak, näme üçin ýaşadyň?» diýip soramakda weli uly ýerliklilik hem beýik many bar. Bu sowallar haýasyz hem bimany bolup görünmeýär, şonuň üçinem şeýle sowalyň öňünde goýlan hiç bir adam – akylsyz-u-akylly, bagtsyz-u-betbagt, zehinsiz-u-zehinli – hiç bir adam: «Berýän sowalyň nähil-aý?» diýip ör-gökden gelmez. Ol diňe, kimem bolsa, bakylyk sesine meňzeş bu sowaldan soň biraz oýlanyp oturar. Soňam jogap tapsa-ha jogabyny berer, tapmasa-da, goýlan sowalyň ýerliksizdigine ýa-da esassyzdygyna heşelle kakyp bilmez-de, gepiň özündedigine düşünip, dymyp oturar.
Ömür meselesi pelsepe meselesidir.
Ömür meselesi ahlak meselesidir.
Ömür Alla tarapyn mutlak kesgitlenen iki wagt nokadynyň aralygynda adama berlen ýaşaýyş erkinligidir. Men adam ömrüniň adamyň öz erkindedigini, onuň ömrüniň öz hereketlerinden, pikirlerinden, niýet-pälinden, maksat-matlabyndan kemala gelýändigini ykrar edýärin. Öz ömrüni adamyň özi döredýär hem-de onuň nähili bolandygyna hut özi jogap berýär. Munda adama hiç hili sypalga, jogapkärçiligi ýa-da sebäbi, ýa bolmasa günäňi başga bir zadyň boýnuna atara hiç hili bahana ýokdur. Dogry, adamzat taryhynyň aýry-aýry döwürlerinde Alla tarapyn adam ömrüniň erkiniň alynýan wagtlary bolýar. Aýdaly, uly uruşlar ýa beýleki adatdan daşary hadysalar bolup biler. Beýle halatda meseläniň terziniň hem mazmunynyň üýtgeýändigi düşnükli. Nätjek-dä, bu Allanyň öz eradasy. Ýöne şu hili adatdan daşarylyklary hasap etmäniňde, ömre onuň eýesi bolan adam jogapkärdir.
Biziň milli ruhy däplerimizde adam ömrüne bolan iki hili gatnaşygy görüp bolýar. Bularyň birinjisini adam ömrüniň manysyna köpçülik nukdaýnazary, ikinjisini bolsa oňa şahsyýet nukdaýnazary diýip kesgitlemek mümkin.
Adam ömrüniň manysyna köpçülik nukdaýnazary diýlende, ilki bilen, ýadyňa Görogly begiň ömür pelsepesi düşýär. Ömrüň manysy munda köpçülik bilen, halk bilen bolmakdadyr. Köpçüligiň ýaşaýşynda bolsa esasy zat şagalaň, märeke, toý-baýramdyr. Dünýäniň geçegçiligini, panylygyny, wagtlaýynlygyny Görogly oňat bilýär. Bu hakykatdan ol degişli ömür netijesini çykarýar: rast, dünýä wagtlaýynmy, bu bäş günlük dünýäde gam çekip, hasrata batyp, gerekmejek mal-baýlyk ýygnajak bolup, özüňi horlap ýörme. Bäş günlük ömrüňi şat, şagalaňly geçir. Şatlyk-şagalaň bolsa nirede, ol köpçüligiň arasynda, köpçülik bar ýerinde. Köpçülik, halk bile bolsaň, ömrüň berk galanyň içinde ýaly bolar. Başyňa iş düşende, halk alyp çykar. Bagtly günleriň köpçülik bilen deň şatlansaň, bagtyň has uly hem köp bolup görner. Il-halk üçin, köpçülige goşulyp, söweşde baş goýmak parzdyr. Söweşde batyrlyk görkezmek adam ömrüniň iň ýokary gymmatlygydyr. Toý güni, köpçülige goşulyp, il bilen deň şatlanmak hem parzdyr. Ömrüň manysy seniň il-güne gatnaşygyň bilen kesgitlenilýär.
Şeýle dünýägaraýyş gaty gadymy zamanlardan – Oguz zamanlaryndan gelýär. Ýöne halkymyzyň taryhynda onuň iň soňky taryhy görnüşi Görogly begiň eýýamy hem-de ömri bilen baglanyşyklydyr. Bu hili ömür pelsepesi biziň günlerimize çenli gelip ýetdi.
Emma soňky üç ýüz ýylyň dowamynda ömre bolan ikinji bir gatnaşyk hem döredi. Ol Magtymgulynyň ady we pelsepesi bilen baglanyşyklydyr. Bu pelsepe hem edil birinji ýaly dünýäniň bäş günlükdigi baradaky hakykatdan ugur alýar. Ýöne bu ol hakykatdan başgaçarak pelsepe-netije çykarýar. Rast, ömür bäş günlükmi, şondan soňam sorag-sowal boljakmy, onda ömrüňi boş geçirme-de, ruhy gymmatlyklary ykrar etmäge çalyş. Ömrüňi hasylly, netijeli, miweli etjek bol. Her bir günüňi mazmun bilen doldurmaga çalyş. Bikär ýatma, günleri duşuňdan boş geçirme. Bäş günlük panyda baky ýaşaýşyň aladasyny et. Erteki gün ýüzüň gyzarmaz ýaly, oňat päle, ýagşy ahlaga gulluk edip, o dünýäňi gazan. Baýlyga, harsydünýälige ýa-da ýaltalyga, boşluga ömrüňi berme!
Edil şol bir dünýä hakykatyna esaslanyşlary ýaly, bu iki pelsepäniň arasynda hiç hili içki gapma-garşylyk-da ýokdur. Bular diňe şol bir hakykaty dürli iki tarapdan ykrar etmekdir. Bular adam ömrüniň manysyny iki tarapdan – daşky maksadalaýyklyk hem-de içki paýhasalaýyklyk tarapyndan esaslandyrmakdyr. Birinjide, adam öz ömrüniň ruhy gymmatlygynyň daşky zerurlykdygyna, ikinjide bolsa içki manylylykdygyna göz ýetirýär.
Aslynda adam ömrüniň manysy meselesi pelsepäniň we sungatyň esasy meselesidir. Çünki pelsepe-de, sungat-da adam üçindir. Ömrüň manysy diýilýän meseläniň goýulmagy, onuň çözgütleriniň gözlenilmegi hem-de tapylmagy adamzat ruhunyň kämillik görkezijisidir. Pelsepewi, ylmy ýa-da çeper pikiriň ynsanperwerlik häsiýeti hut şuňa baglydyr. Dünýä gelen adamyň eline ruhy-ahlak ýörelgesini bermek olaryň borjudyr. Adama näme üçin hem nämäniň hatyrasyna ýaşaýandygyny düşündirmek üçin ösen ruhy-ahlak taglymatlar gerek bolýar. Munuň ýok ýerinde jemgyýet ruhy hem dünýägaraýyş kynçylyklaryna we petiklerine sezewar bolýar. Bu bolsa jemgyýetçilik aňynyň we ahlagynyň ýöntemleşmegine hem-de pese düşmegine getirýär. Bu jemgyýet üçin iň ýowuz ruhy beladyr. Şonda adamlar maksatsyz, umytsyz hem-de ynamsyz ýaşamaga endik edýärler. Şeýle bolanda her hili ruhy keseller, azgynlyk ýüze çykýar we örç alýar.
Sagdyn jemgyýet muňa ýol berip bilmez.
* * *
Eý, köňül!
Dünýäde iň uly howpuň seniň ömrüňe howpdugyna düşün!
Bu howpuň iň ulusydyr, çünki ol duýulmaýandyr. Janyňa, saglygyňa, baýlygyňa, emlägiňe howp göze görnerlikli hem duýarlyklydyr, çünki bularyň özi-de göze görnüp durýan zatlaryňdyr. Ömrüň bolsa seniň ýaşaýşyň ruhy sypatydyr, şonuň üçinem ol maddy görünmeýär.
Emma şol bir wagtda-da ol seniň esasy gymmatlygyňdyr. Çünki ömrüň seniň janyň, saglygyň, emlägiň – hemmesiniň ahyrky miwesidir. Öňküler serişdedir, soňky bolsa ahyrky maksatdyr.
Ömrüňe salynýan howp – ony boş geçirmek howpudyr. Boş geçirilen ömür çöldäki salgymdyr.
Ömrüňi mazmunly hem manyly ýaşa!
Onuň her pursadyny, her gününi, her ýylyny mazmun bilen doldur. Bularyň mazmunly bolmagy üçin adam öz ömrüne maksat goýmalydyr.
Maksatsyz ýaşamak ýaşamadyk bilen des-deňdir.
Ömür janly-jandarlaryň içinde diňe adama berlendir. Haýwanatda ömür däl, ýaş hem-de ýaşaýyş bolýar.
Ömür – adam bolmak mümkinçiligidir.
Jan – gunça, ömür – güldür.
Diňe kämil kişilerde gunça gül açyp, soňam miwe getirip bilýär.
Kämil kişi – ömre maksat goýýan kişidir.
Ömür – adamçylyk mazmun hem-de ruhy maksatlar bilen doldurylan ýaşdyr.
Ömrüň binýady – üçdür. Bular – akyl, erk hem-de amaldyr.
Bular diňe ynsana berlendir.
Ömür adam döredijiliginiň netijesidir.
Döretmek ukyby, maksady hem niýeti bolmadyk adamdan nyşan galmaýar.
Jany Allatagala berýär, ömri diňe özüň bina edip bilersiň.
Ýaş uzyn ýa-da gysga bolup biler, ömür weli diňe manyly ýa-da manysyz bolup biler.
Many – amalyň netijesidir, akylsyzlygyň netijesizligidir.
Ömür hakda oýlanmak ynsanlykdan nyşandyr.
Ömür – Allatagalanyň öz bendelerini saýlap-seçmek üçin ýaradan ölçegidir.
Ýüz ýyl ýaşap, bir günlük ömür edinmeýän adamlar bolýar. Ýigrimi ýyl ýaşap, bir adamlyk ömür edinýän kişiler bolýar.
Ömür – bakylyga gaçybatalgadyr.
Ömür – Allatagalanyň alkyşy hem söýgüsidir, çünki ol Onuň bendesiniň ýaşan ýaşyny öz eline bermegidir.
Maksat ýok ýerinde netije-de bolmaz.
Diňe berlen ýaşy ömre öwrüp bilen kişi ajal düşeginde arkaýynlyk, rahatlyk hem kanagat tapyp biler.
Diňe ömür edinen kişi ajalyň gözüne gorkman seredip biler, çünki dünýäde yz goýan kişi ajaly ýeňen adamdyr. Onuň ýüzi ýokluga däl-de, barlygadyr.
Ömür puryjasyny duşundan geçiren adam berlen tyllany alman, yzyna uzadýan adamdyr.
Bir açylan ömür gülüniň ysy hem gözelligi indiki nesillere galýan beýik serpaýdyr.
* * *
Ynsan ömrüniň hasylynyň ynsanyň öz-özüniň öňünde geçýän hasaby-da bar. Dünýäde yz-nyşan goýmak ynsan ömrüniň daşky hasyly. Emma munuň içki hasyly-da bar. Ol – öz-özüňden kanagat tapmakdyr, öz-özüňden, özüňi döredip bilenligiňden razy bolmakdyr. Hut şu kanagaty tapýan pursady ynsanyň diňe şu dünýä üçin däl, eýse o dünýä üçinem, diňe il üçin däl, eýse özi üçinem bakylygy başlanýar. Bakylyk şu dünýäde başlanýar.
Muny şu rowaýat hem tassyklaýar.
Beýik türkmen şahyry Seýit Nesimini döwrüniň kemsowat, nadan mollalary emire ýamanlaýarlar. Onuň diýmedik zatlaryny diýdirýärler. Ýöne ýamanlap duransoňlar, alajy galmadyk emir Nesimini ölüme höküm edýär.
Dar agajynyň astynda birtopar nadanlar Nesimini diriligine soýmaly diýip karar edýärler. Şonda olaryň baştutany kazy deslapdan şeýle diýýär:
– Bu hudaýsyzyň hemme zady, gany-da haramdyr. Soýlup durka birden kimdir biriniň eşigine ýa endamyna gan syçraýsa, şol ýerini gan bile kesip aýyrmalydyr!
Nesimi bu sözleri eşidip ýatyr diýýä. Iman aňyrdan bolansoň, ölümden gorkudan nam-nyşan ýokmuş. Diňe özüniň nähak gynalýandygyna haýp edip, ölümini öňden görüp, ýazan goşgularyny sanaýarmyş.
Nesiminiň endamy soýlup durka, bir damja gany ýanynda duran kazynyň barmagyna syçraýmazmy! Muny Nesimiden başga hiç kim duýmandyram. Kazy ýüregi ýarylan ýaly bolup barmagyny uzyn ýeňi bilen çakgan örtüpdir. Nesimi muňa ajy ýylgyrypdyr:
– Eý, imansyz kazy! Iman Allanyň hökümini ýerine ýetirmekden peýda edýändir. Sen bolsaň ýaňyja öz çykaran hökümiňi-de ýerine ýetirip bileňok!
Ömür ýürek hem akyl hökümlerini ýerine ýetirmekden kemal tapýar.
Ömür sürmek – dünýäniň, durmuşyň hakykatyny ýürekden geçirmekdir. Diňe şeýle bolanda, bu dünýäniň, bu durmuşyň, adama Hudaý tarapyn berlen bu ýaşaýyş paýynyň hakykatyň ýürekden geçirilen, bu beýik hakykata öz ýüregiň üzre ýetilen mahalynda, gaýtalanmajak ömür diýilýän kemala gelýär. Dünýä hem durmuş bilen galtaşykda diňe we diňe bir ynsana miýesser bolan ýürek tejribesi ýüze çykýar. Ýürekden geçirilmedik ýaşaýyş tejribesine gaýtalanmajak ömür diýip bolmaz. Ol asla ömürem däldir, ol ýöne ýaşaýyşdyr, ol öýkünmedir, içi boş, mazmunsyz hem netijesiz endikdir.
Allatagalanyň durmuş hem dünýä hakykatyny gurnaýşy şeýledir: munda hakykata diňe ýüregiň, diňe öz ýüregiň bilen ýetip bolýar. Munda özgeleriň ýürek tejribesi seniň üçin juda ýeterliksizdir. Özge tejribäniň diňe bir jähetden gerekliligi bar: özgeleriň ömri nähili bolupdyr diýen gyzyklanma manysyndaky ähmiýeti bar. Emma mundan artyk ähmiýeti ýokdur.
Öz ömür ýoluňy seniň özüň geçmeli, öz ömür hakykatyňy seniň özüň açmaly, öz ömrüňi dünýä ýaşaýşyndaky gaýtalanmaz we ýoga çykaryp bolmaz bir hakykat we barlyk hökmünde seniň özüň döretmeli. Ýaşaýan ýaly bolmak däl-de, hakykatdanam ýaşamak ýaşaýşy ýüregiňden geçirmekdir.
Ömür sürmek – bir adama berlen beden hem ruhy gujury ahyrky netijäni ýüze çykarmak üçin sarp etmekdir. Munuň özi ýaşaýyş meýdanynda tohum saçynmak we hasyl almakdyr. Elbetde, muňa her kimiň özüçe düşünmegi mümkin. Emma men munda adamzat köpçüligine mahsus bolan çaga öndürmek, eklemek hem kemala getirmek ýaly adaty ýaşaýşy göz öňünde tutmaýaryn. Ýogsa bu-da kiçi-girim zat däldir. Emma beýle ýaşaýyş entek ömre adamçylyk, ruhy gatnaşykdan habar bermeýär. Ol – tebigata-da mahsus ýaşaýyşdyr. Ösümlikleriň hem haýwanlaryň ýaşaýşy şo şekilde we şo pisintdedir. Ot gögerýär, gülleýär, gülünden tohum seçilip, soňky ýaşaýşa şert döredýär. Janly-jandar dogulýar, çaga öndürýär, çagalary-da öz gezeginde şony gaýtalaýar.
Adam ýaşaýşy däl-de, adam ömri başgaçadyr. Otuň güle, gülüň tohuma öwrülmegi üçin hiç hili içki erk gerek däldir. Haýwandan haýwanyň çagasynyň, nesliniň dowamat bolmagy üçinem hiç hili içki erk, gaýtalanmaz şahsy barlyk zerur däldir. Bularyň bary tebigatyň öňden taýýarlap goýan kanunlary boýunça bolup geçýär.
Emma adam ömri daşky kanunlaryň däl-de, içki, hususy erkiň, dünýä bolan hususy ýürek hem akyl çemeleşmesiniň bar ýerinde kemala gelýär. Munuň özi tebigatdaky öndürijilik däl-de, ruhy gatnaşykdaky döredijilik hakykatydyr.
Döredijilikli ömür – ömrüňe döredijilik hökmünde çemeleşmekdir.
Seniň ömrüňe dahylly bolan durmuşyň, ýaşaýşyň hakykaty iki gatlaga bölünýär. Durmuşyň gödek hakykaty bar, şeýle-de durmuşyň näçe hakykaty bar.
Durmuş hakykatynyň gödek görnüşi seniň ömrüňe döredijiliksiz çemeleşýän wagtyňda ýüze çykýar. Seniň ömrüň içki erkden, içki ruhy-ahlak hereketlendirijiden mahrum bolýar. Şonda sen ýaşaýşyňy daşkynlaýyn bir hakykat hökmünde başdan geçirýärsiň. Seniň ýaşaýşyň mazmunyny diňe gödek hakykat düzýär. Munuň özi, birinjiden, maddy hem güzeran çözgütleri. Ikinjiden bolsa, ýöne göwün açmakdyr. Sen pul gazanýarsyň, ony-da gurply, üpjün ýaşamak üçin harç edýärsiň. Munuň üstesine-de, sen ýaradylyşyň boýunça haýwan däl-de, adam bolanyň üçin sende göwünem bar. Göwne bolsa maddy iýmit däl, ruhy taýdan açylmak gerek. Onsoň sen gazanýan puluň bir bölegini göwün açmaga sarp edýärsiň. Toý-tomgy, aýdym-saz, beýlekiler bilen sen ýaşaýşyňy ýürek gysdyryjylykdan, gyzyksyzlykdan halas edýärsiň. Ine-de, bar bolany.
Men maddy üpjünçilik bilen göwün açmagyň şeýle gezekleşmeginden düzülen adam ýaşaýşyny döredijiliksiz ýaşaýyş diýip kesgitleýärin. Bu hili ýaşaýyş prosesi, dowamat hökmünde-de, dowamatyň ahyrky netijesiniň boşlugy manysynda-da adamzat ömrüne berlen ýokary ruhy-ahlak hem paýhas gymmatlyklaryndan mahrumdyr. Munuň özi geplemek hem pikirlenmek endigi bolan mahlugyň ýaşaýşydyr. Bu durmuşyň hem dünýäniň gödek hakykatlarynyň meýdanydyr.
Biziň köne akyldarlarymyz şeýle ýaşaýşy hakyky adama rowa görmändirler. Şonuň üçinem olar muňa pelek, pelegiň hökmürowanlygy diýip at beripdirler. Pelek ynsanyň duşmany diýip olar hasap edipdirler. Çünki pelegiň ynsany atsyz hem şahsyýetsiz köplük hökmünde göresi gelýär. Ol adamyň döredijilikli ömre eýe bolup, gaýtalanmaz şahsyýet, ýaşaýyş hakykatynda ýok edip bolmajak hususyýet bolmagyny islemeýär.
Durmuşyň inçe hakykaty diňe döredijilikli ömre ukyply kişiler üçin jedelsiz hem düşnükli hakykatdyr. Munuň özi durmuşda ruhy-ahlak gatnaşygyny kemala getirip bilmek, bu gatnaşygy berjaý etmek, öz ömrüňden lezzet almak mümkinçiligidir. Bu, ilkinji nobatda, döredijilikli işi, zähmeti aňladýar. Bu, sen haýsy ýerde, haýsy hünärde bolsaňam – öz işiňe ömrüň gymmatlygy hökmünde seretmekden we döredijilikli zähmet çekmekden ybaratdyr. Ynsan ömrüniň ýokary ahlak-ruhy, paýhas manysy döredijilikli zähmetdedir. Hawa, hut şeýle. Men ömrüň başga bir zatdygyny ret edýärin. Men döredijilikli zähmetden, adamzadyň maddy we ruhy, ahlak hem akyl taýdan beýge göterilmegine sebäp bolýan zähmetden başga bir zatda manynyň hem gözelligiň bardygyny inkär edýärin. Eýsem-de bolsa, aslynda zähmet näme?! Zähmet – saňa ruhy lezzet berýän döredijilik arkaly öz gaýtalanmaz ynsan ömrüňi döretmekdir. Men bu ýerde iki pursady aýratyn bellemek isleýärin. Birinjiden, zähmet diýlende köpler ýakymsyz kynçylygy, adam bedenine salynýan agramy göz öňüne getirýärler. Şeýle bolmagy, bir tarapdan düşnükli hem tebigy zat. Çünki adamzadyň uzak taryhynda şeýle pikir döräpdir. Emma aslynda zähmet diňe ynsana berlen ruhy lezzetdir. Çünki adam hut özüniň saýlap alan döredijilik zähmeti bilen ynsan bolup bilýär. Dünýädäki başga ähli zatlar – keýpi-sapa, hezillik, hemmesi adamy berçikdirýär, irizýär. Diňe zähmet tükeniksiz lezzetiň we manynyň çeşmesi bolup biler. Aslynda hezillik, lezzet, keýp – bularyň bary-da hakyky, ýoýulmadyk görnüşinde hut zähmetiň içindedir.
Ikinjiden, zähmet döredijilik manysynda diňe adama berlen artykmaçlykdyr. Garynja ýa-da balary hem zähmet çekýär diýilmegi mümkin. Ýok, olar endik boýunça ýaşaýarlar. Olar öz çekýän zähmetinden lezzet alyp bilmezler. Çünki zähmet diňe döredijilikli bolanda, ýagny mahluk men şu işi öz akylym we erkim hut şu hili edip ýerine ýetirýärin, çünki men muny öz akylym bilen edýärin diýen aňa eýe bolanda, lezzetli bolup biler. Ýüregiň mähri we akylyň erki gatylan işe zähmet diýip bolar. Zähmetiň ahlak esasy – çekilýän zähmetiň özüňe hem özgä gereklidigine, peýdalydygyna aň ýetirmekden, zähmetiň akyl esasy bolsa çekilýän zähmetiň netijesinde adamzadyň öňküsinden jyns hökmünde has ýokary galýandygyňa düşünmekden ybaratdyr.
Ömrüň binýady üçdür – ýagşy päl, ýagşy söz hem ýagşy amal. Diňe amal däl, eýse ýagşy päl we ýagşy söz hem zähmetdir.
Dünýäde diňe işiň – ýasan guralyň, eken agajyň, ýazan kitabyň, beren bilimiň hem terbiýäň, guran binaň, eden ýagşylygyň, çykaran adalatly hökümiň galýar. Ahyrky netijede dünýäde başga galýan zat ýokdur. Şolam ömrüň ýeňşidir.
Diňe keýp çekip ýaşa, hezil edip ýaşa, soňam näme bolsa şo bolsun diýmek adamyň mertebesine we maksadyna mynasyp pikir, iş däldir.
Durmuşyň inçe hakykaty – kim bolsaňam, nirede bolsaňam, haçan bolsaňam – öz döredijilikli ömrüňden lezzet alyp ýaşamakdyr. Daýhan çyn daýhan bolsa, ol işinden başga hiç zada baglanyşyksyzlykda, lezzet alar. Mugallym çyn mugallym bolanda, özüniň hakyky mugallymdygyndan lezzet alar. Bu hakykat inçedir, ol daşyndan gaty bir görünmezdir hem. Hakyky hem ýalan şahyryň arasynda gödek tapawut görünmezligi-de mümkin. Emma inçe tapawut, inçe hakykat durmuşyň esasy hakykatydyr.
Ömür – öz gymmatyňy aňlap bilmekdir.
Ömür – öz gymmatyňy ykrar edip bilmekdir.
Ömür – diňe özüň bolup ýaşamakdyr.
Ömür – diňe özüň bolup döretmekdir.
Senden soňky nesilleri diňe bir zat – seniň olara näme goýanyň gyzyklandyrýandyr. Sen özüňi nähilidir, kimdir öýdeniň entek hiç zady aňlatmaýar. Sen iş ýüzünde – öz ömrüň, öz zähmetiň netijesi boýunça kim – ine, hakykatyň ölçegi, seniň çyn gymmatyň mähek daşy şudur.
Beýik ahlak hem ruhy gyzyklanmalardan daş adam doly bahaly adam däldir. Çünki beýle adamyň ömri adamzadyň jyns hökmünde ýokary galmagynda hiç zady aňlatmaýar. Olar ýaşaýyş meýdanynda güllemedik, miwe bermedik hasylsyz ekindir.
Adam azatlygy akyl görnüşinde Alla tarapyn kepillendirilendir. Adam dünýäde ýeke-täk azat mahlukdyr. Emma bu azatlyk iki manylydyr. Azatlygyň haýyrly zähmet arkaly ödelmegi ömri kemala getirýär.
* * *
Adamyň kämillik ýaşyny köne akyldarlarymyz kyrk töweregi diýip kesgitläpdirler. Munuň özi adamyň umumy akyl, beden we ahlak ösüşinden ugur alyp kesgitlenen umumy ölçegdir. Emma şahsyýetine baglylykda adamyň dürli ýaşda kämillige ýetmegi mümkindir.
Men adamyň kämilligi ömrüň nämedigine düşünip başlan döwründen başlanýar hasaplaýaryn. Ömür bolsa özüňe we dünýä düşünmekden, özüňe hem dünýä özüňçe gatnaşygyňy kesgitlemekden ybaratdyr.
Beýik şahsyýet bolmak üçin näme gerek diýlende, terjimehal gerek diýilýär. Başgaça aýdylanda, gaýtalanmaz ömür gerek diýildigidir. Eýse bu nämäni aňladýar?! Munuň özi Allatagalanyň beýik adam bolmak üçin beren ähli mümkinçiliklerini – akyly, zehini, ukyby amala öwürmek gerek, işe girizmek, iş ýüzünde berjaý etmek gerek diýildigidir. Beýiklik mümkinçiligi bir tohum bolsa, ömür şol tohumyň açylmaly topragydyr. Zähmet şol topragy suwarmaly suwdur.
Ömür bolmasa, beýiklik bary-ýogy mümkinçilik derejesinde, döredijilikli zähmet bolmasa, beýiklik diňe tohum derejesinde galýar. Men döredijilikli zähmet diýip döredijilikli ýaşaýşa – ömre düşünýärin.
Akyl-paýhasy ýerindäki adam, ruhy kesele uçramadyk bende jan-beden mümkinçiligini doly gutarman, ölüme tarap ýola düşmeýär. Ömrüň mümkinçilikleri babatda-da şeýle bolmalydyr. Şeýle bolmaly, emma hemişe, hatda köplenç beýle bolanok. Adamlaryň bir bölegi ömür gymmatlygyna biperwaý, kast edijilikli gatnaşygy babatda ajal müddetinden has ozal janyna kast edýän betbagtlara çalym edýär. Has dogrusy, olar ömrüň döredijilik mümkinçiliklerini asla ulanman ötüp gidýärler. Ýaşamak olar üçin diňe öz gezegini geçirmekdir. Beýle boluş miwe bermeli agajynyň güllerini ýoluşdyryp taşlaýan bagbany ýatladýar.
Beýik ömür beýik kynçylyklardan, böwetlerden, päsgelçiliklerden, gyşarmalardyr gönelmelerden ybaratdyr. Hut şonuň üçinem Allanyň beren mümkinçilikleri bilen ahyrky netijäniň arasynda adamyň öz erkine bagly ömür ýatýar. Beýiklik diňe, bary-ýogy mümkinçilik däldir, beýiklik mümkinçilikleriň iş ýüzünde amal edilmegidir.
Polat gyzgyn oda daglanman, polat bolup bilmez. Adam asla-da ýeňil bolmadyk ömri başdan geçirmän beýik bolup bilmez.
Ömür dünýäniň nämedigini öz süňňüňde duýmak, öz endamyň bilen syzmak, öz beýniň bilen akyl ýetirmek üçin berilýän pursatdyr.
Ýaşaýşyň içine girmän, dünýä gazanynda gaýnap-joşman – ömür sürmän, hakykata ýetip bolmaz.
Hakykat gaýybana berilýän nygmat däldir.
Hakykat karzyna-da berilýän serişde däldir.
Şonuň üçinem hakykat başga biriniň sözünden – kitapdan, eserden öwrenilip bilinmeýär.
Hakykatyň çeşmesi-de diňe durmuşyň özüdir.
Durmuşyň çeşmesi bolsa seniň öz ömrüňdir.
Adam näçe baý hem çylşyrymly ömür görse, onuň beýiklik mümkinçiligi-de şonça oňat hem doly açylýandyr.
Pikirleriň, duýgularyň, netijeleriň özboluşlylygynyň we gaýtalanmazlygynyň, täzeliginiň we beýikliginiň aňyrsynda adamyň ömrüniň özboluşlylygy we gaýtalanmazlygy, üýtgeşikligi we baýlygy ýatýar.
Ömür – dünýä gatnaşykdyr. Dünýä gatnaşygynda adatylyk hem ýöntemlik bolan adamyň pikirlerinde adatdan daşarylyk hem çuňluk bolup bilmez.
Zehin miwe däldir, tohumdyr. Ol ýürek atly topraga sepilip, paýhas çeşmesiniň suwy bilen suwarylyp, ömür bagynda miwe bermelidir.
Ömürsiz döredijilik, döredijiliksiz hem ömür ýokdur.
* * *
Adam ogly kyrk ýaşyna golaýlanda, ömrüň nämedigine aýratyn üns edip ugraýar. Çünki şol ýaşa golaýladygyňça, durmuş tejribäň baýlaşyp, durmuşyň beýleki tarapy bolan ölümiň bardygyna magat göz ýetirýärsiň. Durmuşdan gidýän tanyş-biliş, dost-ýar köpelip, ölüm seniň üçin juda golaýdaky hakykata öwrülýär. Onsoň sen ömür barasynda barha köp pikirlenýärsiň, ömri netijeli hem hasylly etmegiň ugruna çynlakaý hem ymykly çykýarsyň. Durmuşyň toý-tomaşalygy, hezilligi, mestligi seni özüne imrindirýär, ýöne onuň pessaý hem agras taraplary seni has köp özüne çekip başlaýar. Seniň esasy aladaň özüňden soň, ömrüňden soň nämedir bir zat, nähilidir bir yz galdyrmak bolup başlaýar. Sen ölümi görüp, ömre ynanyp başlapsyň.
Sen ölümiň çynlygyny görüp, ömrüň tötänlik däldigine göz ýetirip başlapsyň.
Kyrkdan soň dünýäniň gözelligi-de has gözedürtme bolup ugraýar.
Kyrkdan soň ýaşaýşyň tagamy-da has datly bolup ugraýar.
Kyrkdan soň ýaşaýşyň nygmatlary-da has owazly bolup başlaýar.
Iň täsin ýeri-de, sen hut şol bir wagtda bu gözelligiň, tagamyň hem owazlylygyň juda az pursatlykdygyny aňlaýarsyň.
Şol bir wagtda-da sen bu gözelligi, tagamy hem owazy özüňde alyp galmagyň mümkin däldigini aňlaýarsyň.
Şonda sen özüň bu gözellikde, tagamda hem owazda galmagyň, seniň özüň, bu gözelligiň, tagamyň hem owazyň bir bölegine öwrülip galmagyň ugruna çykýarsyň.
Şeýdip, adamyň döredijilik ömri başlanýar.
Ömrüme many hem gözellik ber, eý, Ýaradan!
Dünýäniň manysyna, gözelligine hem owazyna öwrülip galmaga puryja hem idin ber, ýa, Ýaradan!
Osman ÖDE.
Filosofiýa