21:31 Alyşir Nowaýy hakynda hekaýatlar | |
ALYŞIR NOWAÝY HAKYNDA HEKAÝATLAR
(«Ýagşy gylyklar» atly kitapdan) Bagt ýyldyzynyň astynda doglan Soltan Söýün Merw şäherinde häkimlik edýärkä, äleme belli Alyşir Nowaýy hem onuň ýanynda eken. Bir guş emiriň çadyryna girýär. Hiç kimden azar görmänsoň, ol ýerde höwürtge ýasanyp, ýumurtga basýar. Günlerde bir gün Soltan Hyradyň paýtagtyna ýola düşmekçi bolýar. Guş bolsa heniz jüýjelemändir eken. Rehim-şepagatly emir jüýjeler ýumurtgadan çykyp etigýänçäler, çadyry gozgamazlyk pikirine gelýär. Hoja Hasan Bagtyýara bolsa çadyra gözegçilik etmegi, guş çagalary ulalyp uçup gidenden soňra, hyzmat haky üçin çadyry özüne almagy buýurýar. Hoja Hasan hem bu teklibi kabul edip, jüýjeler ulalýança olara göz-gulak bolýar. * * * Bir gün Alyşir Nowaýy ikindi namazyny okandan soň, hemişekisi ýaly namaza gelmedikler bilen gyzyklanman, howlukmaçlyk bilen bir ýana ugraýar we hiç ýerde eglenmän, bakjasyna barýar. Emiriň ýanyndakylar bu ýagdaýa haýran galýarlar. Muny aňan emir ýagdaýy şeýle düşündirýär: «Men metjide gelýärkäm, pylan ýerde täret kylypdym. Namaza duranymda bolsa, egnimde bir garynjanyň bardygyny gördüm. Garynja täret kylan ýerimde eşigime ýapyşan bolmaly. Birdenkä ol arkamdan düşüp hinini tapmasa, onuň öňünde ýazykly bolaryn öýdüp gorkdum. Şonuň üçin namazdan soň howlukmaçlyk bilen täret kylan ýerime baryp, ony hininiň agzynda goýdum, şeýdibem oňa zyýan bermek ünjüsinden gutuldym». Onuň bu sözlerinden soň, emiriň hyzmatyndakylar hojaýynlarynyň mährem ýürekliligine haýran galdylar we oňa alkyş aýtdylar. * * * Günlerde bir gün beýik mertebeli Alyşir Nowaýy ýurduň ýokary derejeli adamlarynyň öňünde halkyň arz-şikaýatyny diňleýärdi. Şol wagt içerik aldyrany bar ýaly bolup Möwlana Kutbeddin Hawafý gelýär we arz edýänleriň hataryna geçip oturýar. Ol emirden ilki bolup öz arzyny diňlemegi soraýar. Döwletli emir Möwlana hezzet-hormat edýär, ony köşeşdirip, öz gapdalynda oturdansoň, onuň arzyny diňleýär. Ol: — Hoja Hüseýin Kirangiý maňa sesini gataldyp: «Sen öň Möwlana Muhammet Muammawiniň hyzmatkärlerinden biridiň» diýdi — diýýär. Emir bu sözleri eşidip, haýran galýar: — Munuň üçin gaharlanmagyň, tolgun- magyň hajaty ýok. Çünki Hoja Hüseýini bu ýere çagyryp meseläni orta atsak, onuňkyň dogry çykjakdygy köre hasa. Dogry söz üçin gaty görmek bolsa, gowy däl. Soltan Seýit — Mürze Soltan Abu Seýidiň hökümdarlyk eden döwründe her gün diýen ýaly Emir Soltan Hasan Arhanginiň huzuryna telim gezek barmaly bolanym sebäpli, menem öň Emir Soltan Hasanyň hyzmatkäridim. Emirlik derejesine, wezirlik wezipesine ýetenligime garamazdan, häzir hem oňa hyzmat etmegi özüme peslik bilemok. Miýesser etse, oňa köp hyzmatlar edip, özümi uly höwes bilen onuň hyzmatkäri saýardym. Bu waka şaýat bolanlar emiriň päk ahlaklylygyna, sypaýylygyna haýran galýarlar. Mejlisde oturan Emir Soltan Hasan özüni ýitirýär. Möwlana bu oýlanyşyksyz hereketinden utanýar we bimany dawadan ýüz dönderýär. * * * Birwagtlar ýeňiş baýdakly bagt ýyldyzynyň astynda doglan Soltan Söýün Astrabat welaýatyny dolandyrmaklygy Soltan Bediuzzaman Mürzä ynanýar. Günleriň bir güni gezelenje çykan bagtyýar şazadanyň ýoly parasatly emiriň eýeçiligindäki Haýrabat atly obanyň üstünden düşýär. Bu ýeriň ilatynyň hüý-häsiýetine syny oturan şazada: «Hezreti Soltanyň ýakyn dostundan haýyş edip, bu obany bize alyp berip biljek bir ýagşy adam bolsa nähili gowy bolardy» diýip, ýüregindäkini dile getirýär. Onuň ýanynda emiriň gullugynda bolan Hoja Kyýaseddin Muhammet hem bar eken. Ol şazadanyň sözlerini eşidip, şeýle diýýär: «Men Nowaýynyň naýyby, mal-mülküne eýelik edip biljek derejede oňa ýakyn adam. Men bu obany emiriň adyndan size bagyş edýän». Soltan Bediuzzaman Mürze muňa diýseň şat bolýar. Bu habar beýik ahlakly emiriň gulagyna degýär. Ol Hoja Kyýaseddinden hoşal bolup, bu eden ýagşy işi üçin oňa alkyş baryny aýdyp, müň dinary Astrabada iberýär. * * * Bir gün Hoja Nasreddin Ubaýdullanyň öwlatlaryndan biri haja gidýär. Ol mukaddes Mekgede Mawerannahra sapara gitmegi niýet edinen bir söwdagärden on bäş müň dinar karz alýar. Ýöne ýaňky söwdagär Halap şäherine gelip ýetende, Mawerannahra gitmek pikirinden dänýär. Ol: «Pulumy yzyna berersiň, ondan soňra öz welaýatyňa gidersiň» diýip, ýoldaşynyň hem gitmegine päsgel berýär. Ol mejbury ýagdaýda bu ýurtda galmaly bolýar. Adamlarynyň birini gerekli puly toplap, Halaba getirmegi üçin Samarkanda iberýär. Ol adam Hyrat şäherine baryp ýetýär. Tötänden dünýä beýikleriniň daýanjy bolan Alyşir Nowaýynyň mejlisine barýar. Ol emire hojaýynynyň düşen ýagdaýy hakynda habar berýär. Şonda emir: «Ujypsyz pul üçin ony garaşdyryp, Mawerannahra gitmegiň geregi ýok» diýýär we gerekli puly ynamly bir adamdan Halaba iberýär. Şeýlelikde, hajy bergiden dynyp, watanyna tarap ýola düşýär. * * * Samarkant şäheriniň gülläp ösen çaglary Emir Nyzameddin Şeýh Ahmet Suhaýly Mürze Soltan Ahmedi taryplap, kasyda ýazýar. Ony timarlatmak üçin bolsa pähimdar emiriň ýanyna gelýär. Ol kasydanyň beýtlerini üns bilen okap, şeýle diýýär: — Taryplanýanyň ady getirilen beýtden soň baglanyşyk bolar ýaly, ýene bir beýt gerek. Emir Nyzameddin: — Men hem şeýle pikir edýän. Merhemet edip, bu beýdi siz aýdarsyňyz diýip umyt edýän — diýýär. Onuň hezretleri şeýle jogap berýär: — Men bu barada pikirlenerin, siz hem oýlanyň. To huddi falak az parda çi orad berun?[1] Şeýlelikde, ikisi döwet galamdyr bir bölek kagyzy öňlerine alyp, pikir ummanyna çümýärler. Birhaýukdan soň olaryň her haýsy bir beýt ýazyp, bir wagtda başlaryny galdyrýarlar, şygyr ýazylan kagyzy bir-biriniň eline tutdurýarlar. Görseler, ikisi hem birmeňzeş beýt düzüpdirler. Beýtleriň bir harpy hem tapawutlanmaýar eken. Ol, ynha, şu beýt bolmaly: Bahori bogi jawoniý, niholi gulşani adl, Guli riýozi karam, sarwi juýbori wikor. —[2] * * * Bir gün päk ýürekli Alyşir Nowaýy dilewarlykda döwürdeş şahyrlaryndan öňüne adam geçirmeýän Hoja Osafä şeýle sözler bilen ýüzlenýär: — Men saňa haýran galýan, ötgür zehiniň, ýokary başarnygyň bolsa-da, şygyr düzmek bilen az meşgullanýaň, ähli wagtyňy peýdasyz işlere sarp edýäň. Hoja Osaf: — Häzirki wagt şygyr düzmek bilen ýygy-ýygydan meşgullanýan. Meselem, geçen agşam iki pulluk şem ýanyp bolýança, iki ýüz beýt şygyr düzdüm. — Onda ol şygyrlaryň ýüz beýdi bir pul eken-dä. * * * Birwagtlar Astrabat şäheri Alyşir Nowaýynyň adalatynyň saýasynda pajarlap ösüpdir. Bir gün howa özgerip, her tüýsli öwüsýär. Emir öz huzurynda oturan welaýatyň käbir uly wezipeli adamlaryna garap: — Bu gün howa gaty täsin boldy — diýýär. Oturanlardan biri şeýle jogap berýär: — Bir günde ýylyň dört paslynyň howasynyň bolmagy hem şäherimiziň aýratyn taraplarynyň biri. — Dogry. Bu şäherde bir gün bir ýyl ýaly çalt geçýän eken. Kyýaseddin HANDEMIR, özbek taryhçysy. ________________________________ [1] Pelegiň özi perde içinden näme çykararka? [2] Ýigitlik bagynyň bahary — adalat çemeniniň nahalydyr. Kerem bagynyň güli — gözellik derýasynyň boýundaky serwidir. (parsça). Özbek dilinden terjime eden: Dursunjemal JANMÜRZÄÝEWA, D.Azady adyndaky TMDDI-niň mugallymy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |