ASYLLYLYK WE BEDASYLLYK / edebi filosofik söhbet
Türkmen edebi geçmişini oňat bilýän adam köne şahyrlarymyzyň eserlerinde şu iki sözüň gaty köp duşýandygyndan habarlydyr. Türkmen jemgyýetçilik ahlagynda olar kesgitleýji düşünjelerden bolupdyr. Asylly ýa bedasyl diýip adamyň ahlak sypatyny kesgitläpdirler.
Elbetde, diliň ösüşiniň dürli döwürleri bilen baglanyşykly sözleriň many beriş aýratynlyklary bar. Has soňraky wagtlarda asylly sözi özünde jemgyýet tarapyndan oňlanylýan iň oňyn gylyk-häsiýetleri jemleýän şahsyýeti aňladýar. Bedasyl ýa-da bezzat sözleri bolsa, munuň tersine, ýaramaz sypatlardan habar berýär. Bu sözler, ylaýta-da soňky iki söz bizde, köplenç, çagalaryň gylyk-häsiýeti, özüni alyp barşy babatynda ulanylýar. Munuň özi şol sözleriň «garrandygyny», çagalaryň diline öwrülendigini, ýagny has irki geçmişe degişli bolup, şol döwürde-de ulularyň diliniň esasynda bolandygyny görkezýän dil faktydyr. Sebäbi, umumy ykrar edilişi ýaly, çagalaryň ulularyňkydan tapawutlanýan çaga dili özüniň ses, söz, hatda owaz aýratynlyklary boýunça ata-babalarymyzyň dilidir. Mysal üçin, çaga sanawaçlarynda birwagt ulularyň ulanyşdan galdyran sözlerini tapyp bolýar, ýa-da, üns berseňiz, çaga hiç mahal «öli» diýmeýär, ol «ölük» diýýär, bu sözi edil şu görnüşde-de siz türkmeniň edebi geçmişiniň eserlerinde tapyp bilersiňiz.
Eýsem-de bolsa özüniň many ýaşaýşynyň iň ilkinji döwründe «asylly» hem «bedasyl» ýaly aňlatmalar nähili düşünjeler bolupdyrlar?
Asylly – gelip çykyşy oňat, hormatly-abraýly maşgaladan, nebereden diýmekdir. Munuň tersine bedasyl – ýaramaz gelip çykyşly, biabraý ýeriň perzendi manysyny aňladýar. Şeýle düşünjeleriň şahsyýetiň ahlak tiplerini aňlatmak derejesine ýetmegi ata-babalarymyzyň aňynyň, pikirleniş tärleriniň özboluşlylygyny görkezýär. Munuň aňyrsynda dünýäniň, durmuşyň hem adamyň dialektiki ösüşinden inçelik bile baş çykarmak ýaly uly zat ýatyr. Şonuň üçinem adam babatynda asylly ýa bedasyl kesgitlemelerini ulanmak birbada görnüşi ýaly adamy onuň özüne bagly bolmadyk asly gelip çykyşy bile kemsitmek ýa-da esassyz götergilemek bolýar diýip düşünmek türkmen ruhunyň taryhy özboluşlylygyna hem inçeligine düşünmezlik ýa-da juda gödek düşünildigi bolýar.
Ötenlerimiz zatlaryň hem hadysalaryň ählumumy arabaglanyşyklaryna aýratyn üns beripdirler. Olaryň düşünňesinde ähli zatlar özara baglanyşykda ýaşaýar. Ýeriň ýaşaýşy Güne bagly, Günüňki Allatagala, Ýeriň ýüzündäki halklaryň ýaşaýşy Ýere, halklaryň içindäki adamlaryň ýaşaýşy, ykbaly hem daşky şertlere bagly bolup durýar. Adamyň şahsy sypatlaryny näme kesgitleýär? Ol sypatlar nirede we nädip, nämeleriň esasynda kemala gelýär? Adamyň ýaşaýşynda tas hemme zady diýen ýaly giňişlik babatynda daşky sreda – meýdan, wagt babatynda bolsa geçen pursatlar hem döwürler kesgitleýär. Munuň özi adamy onuň asly – giňişlik asly we wagt asly kemala getirýär, kesgitleýär diýmekdir. Bu meseläniň çylşyrymlylygy onuň erkin azatlygy diýen filosofiki mesele bilen baglanyşyklylygy üçindir. Elbetde, adamyň erkinlik hem erksizlik meselesine anyk seretmeli.
Aslynda, adam erksizlikden başlanýar, erksizlikde-de dünýäden ötýär. Şu iki erksizligiň arasyndaky erklilik hakyt ykbalyň kinaýasydyr. Näme üçin ol erksizlikden hem erksizlik bile başlanýar? Sebäbi onuň dogluşy adamyň erkine, islegine bagly däl ahyryn. Ondan hatda dünýä gelmek isleýändigini ýa islemeýändigini hem soramaýarlar. Onuň haýsy ýurtda, haçan, nähili maşgalada doguljakdygy asla-da onuň erkine bagly däldir. Emma weli adamyň kim we nähili adam boljakdygy hut şol zatlara eýýäm ep-esli derejede bagly ahyryn.
Şahyr aýtmyşlaýyn, adam «Erklidir, emma welin ýene-de erksizdir». Adamyň burnunyň, gözüniň şekilini, saçynyň, ýüzüniň reňkini özünden soraman oňa ene-atasy tarapyn berlişi ýaly, gylyk-häsiýetinde-de ene-atasyndan geçen genler esasy ähmiýete eýedir.
Elbetde, adam özüniň soňky adam çykyp edýän hereketlerinde, ýaşaýşynda erklidir, emma şol ilkibaşky kesgitliligiň – erksizligiň çäginde erklidir.
Adam –
Erksizligiň içindäki erk,
Mejburlylygyň içindäki azatlyk,
Nälaçlygyň içindäki edenlilik,
Ululygyň içindäki kiçilikdir.
Ahlaky hakykatlar hemişe filosofiki hakykatlaryň üstünde gurulýar. Adam erki baradaky mesele-de düýp manysy boýunça ahlagyň däl, filosofiýanyň meselesidir. Adamyň göze görünýän-u-görünmeýän ýüzlerçe, belki, müňlerçe, belki-de, asla sansyz baglanyşyklaryň jemidigine we önümidigine akyldarlar birwagt akyl ýetiripdirler. Ýöne adam özüniň ahlaky hususyýetine, optimistligine ýa pessimistligine, kiçigöwünliligine ýa egoistligine baglylykda, mejburylygyň hem azatlygyň, erkiň hem erksizligiň, nälaçlygyň hem edenliligiň mynasybetini özüçe göz öňüne getirmäge we ykrar etmäge ukyplydyr. Şonuň üçinem ol ýokarky kesgitlemäni tersine-de aýdyp biler.
Adamlar mümkinçilikleri boýunça deň däldirler. Biz adam – baglanyşyklaryň jemi diýýäris, emma bir hili baglanyşyk hiç mahal ikinji gezek gaýtalanmaýar. Zatlaryň we hadysalaryň, wagtyň hem giňişlikleriň bir hili baglanyşygy bolýar, onuň netijesinde adamyň mümkinçiligi we erki juda çäkli bolup çykýar, emma şol bir wagtda-da başga hili baglanyşyk netijesinde adam diňe özüne däl, eýsem ýurda, millete, hatda dünýä-de erkli adam bolup döreýär.
«Adam ykbalyň elindemi ýa-da ykbal adamyň elinde?» diýen içgysgynç sowala özüm: «Haýsy adam, kim hakynda soralýar» diýen garşylyklaýyn sowaly goýardym. Çünki adam bolýar – öz ykbalyna-da täsir edip bilenok, emma adam bolýar – özüniň däl, milletiň ykbalyny-da elinde saklap bilýär. Şeýle adamyň döremegi üçin esasy zerurlyklaryň biri-de onuň nesebi, asly, gelip çykyşydyr. Çünki beýleki esaslar bilen bir hatarda bu meselede maşgalanyň edim-gylymy, terbiýesi zerurdyr. Asyl diýlende iki möhüm faktor göz öňünde tutulýar: birinjisi, genler. Adamyň gylyk-häsiýetini, gujurlylygyny, akyl-paýhas üşügini, zehinini, ukyplaryny, endiklerini, fiziologiki aýratynlyklaryny genler kesgitleýär. Ikinjisi bolsa maşgala terbiýesi. Bu beýik zatdyr. Adam maşgalada terbiýelenýär. Maşgalanyň içindäki düzgün onuň terbiýesini kesgitleýär. Diýmek, türkmeniň asyllylyk-bedasyllyk düşünjeleriniň düýpli durmuş hem ylmy esaslary bar.
Elbetde, islendik babatdaky ýaly, bu ýerde kadadan çykma hem bolup biler. Ýöne biz kadadan çykmanyň däl-de, kanunalaýyklygyň gürrüňini edýäris. Bu bir. Ikinjiden, adamyň asyl gelip çykyşy onuň adamçylyk mertebesini kemsitmek ýa götergilemek däl-de, başga has düýpli filosofiki ýa-da ahlak-filosofiki temalary dörjelemek üçin gerek meselelerdir. Aýdaly, köne şahyrlarymyz asyllylyk hem bedasyllyk hakynda gep gozganlarynda haýsy zerurlykdan ugur alýarlar?! Olar şu tapawudy agzamak bile ýöne adamlary ala tutmak isleýärlermi ýa-da başga bir has düýpli durmuş meselesiniň çözgüdine esaslar gözleýärlermi?!
Aryf bolsaň, aslyn sorma ýigidiň,
Edebinde, ekramynda bellidir.
Her ýigidiň aslyn bileý diýseňiz,
Märekede otur-turuşyn görüň.
Magtymguly.
Dünýäde diňe baglanyşyklar bar. Şu pikirleri-de şahyryň beýleki pikirleri, goşgulary, eserleri bilen baglanyşyklylykda almaly. Şonda olaryň çyn manysy aýan bolýar. Şahyr, hususanam, adamyň asly onuň hereketlerinde, özüni alyp barşynda ýüze çykýar diýýär. Durmuşda her kimiň öz orny bar, şol orny-da asly boýunça, ýagny genetiki, ruhy, durmuş tejribesiniň gory boýunça mynasyp adamlar eýelemeli. Durmuşdaky tertiplilik, ýerbe-ýerlik bozulmaly däl. Çopan çopan ýerinde, alym alym, mugallym mugallym ýerinde bolmaly, her kim öz ornunda bolmaly. Hatda tötänden özgäniň ornuny alan adam hem uzaga gidip bilmez.
Asylly adam ýöne bir abraýly gelip çykyşly; ýöne bir abraýly, nesepli adam däl-de, eýsem durmuşda öz ukybyna, başarnygyna, zähmetine, hyzmatyna laýyk ornunda oturan adamdyr, durmuşyň sazlaşykly ösüşine ýardamçy adamdyr, bedasyl adam bolsa asla-da ýöne bir biabraý gelip çykyşly adam däl-de, eýsem durmuşda öz şahsy derejesine laýyk däl orunda oturan hem ýaşaýşyň sazlaşygyny bozýan, ony görkden gaçyrýan adamdyr.
Köne türkmen jemgyýetinde ahlak durmuşyň esasy kesgitleýji, hereketlendiriji maddy güýjüne öwrülipdir. Türkmen halk demokratiýasynda adamlar jemgyýeti dolandyrjak öňbaşçylary saýlanlarynda esasy goldanýan ýörelgeleriniň biri-de «asyllylyk – bedasyllyk» düşünjeleri bolupdyr. Köne edebiýatmyzda şu meseläniň şeýle giňden işlenilmegi-de şol durmuş zerurlygy bilen baglanyşykly. Köne türkmen jemgyýeti däp-dessurlaryň hökmürowan jemgyýetidir. Şonuň üçinem onuň esasy aýratynlygy durnuklylyk, döwülmelerden saplyk, häzirki dilde aýdanyňda, konserwatiwlikdir. «Asyllylyk – bedasyllylyk» ahlak ýörelgesi şeýdip jemgyýetçilik ýörelgesine öwrülýär we şol durnuklylygyň ruhy esaslarynyň biri bolup durýar. Adamyň «menini» kesgitleýji üç zadyň biriniň asyl gelip çykyşy diýip köne türkmen aňy hasap edilipdir. Munuň subutnamasy – Magtymgulynyň şu bendidir:
Güýjünden-kuwwatyndan,
Dünýäniň nobatyndan,
Her kişi yzzatyndan,
Bedasyl özün beg saýar.
Adamyň jemgyýetçilik agramyny üç zat kesgitleýär:
1. Güýç-kuwwaty, ýagny, şahsyýeti.
2. Dünýäniň nobaty, ýagny ykbalyň şowlulygy.
3. Asly.
Jemgyýetiň asuda ýaşaýşy hem dolandyrylmagy üçin jemgyýetçilik ylalaşygy gerek. Ýagny, jemgyýetiň ähli agzalary meýletin suratda ähli ygtyýarlyklary, ýagny häkimligi belli bir adamlara tabşyrýarlar. Şol adamlar hem, Magtymgulynyň pikiriçe, asylly adamlar bolmaly:
Gulluk etseň, bolsun bir asylzada,
Ata-babasyndan beýik begzada.
Köne türkmen durmuşy sözüň häzirkizaman manysyndaky şahsyýetleri bilenok diýen ýaly. Çünki ol gurluşy, strukturasy boýunça özge jemgyýetdir. Ol ýerde esasy zat köpçülik, jemagatlar. Şonuň üçinem «asylly – bedasyl» – bular şahsyýet däl-de, jemgyýetçilik tipleridir. Bu bir. Ikinjiden bolsa ähli Yslam halklary ýaly, türkmenler ykbala, Allatagala ynanypdyrlar. Ykbala ynanmak bolsa durmuşyň üýtgewsizligini, şol sanda asyl meselesinde-de düýpli üýtgewsizligini tekrarlamakdyr.
Osman ÖDÄÝEW.
Filosofiýa