16:51 Atalar ýygnagy / satiriki hekaýa | |
ATALAR ÝYGNAGY
Şenbe güni bolansoñ oña-muña güýmenen bolup öýde ýatyrdym. Günortana golaý şumjaryp oglum geldi mekdepden. - Näme, ýene-de 2-lik aldyñmy? Ýa mekdebiñ remonty üçin pul getir diýdilermi? Hany, ýogsa-da papkañ nirede? - diýip, men sorag baryny suñşuryşdyrdym. Oglum dommarlyp durşuna pyşyrdap gürledi. - Mollum alyp galdy papkamy. Kakañ özi gelmese berjek däl diýdi. Ata-eneler ýygnagy bolýa, agşam sagat altyda. Düşnükli-düşnükli. Diýmek, mugallymyñ meni göresi gelipdir. Ýok, oña has dogrusy men gerek däl-de, ýakasy lamaly palto gerekdir. Meń sklada geçenimi eýýäm nireden eşitdikä? Adamlaryñ edil ýeñsesinde gözi bar ýaly. Gerekligi çyn bolsa özem geler üstüme, gitjek däl. Dogru-da, hem oña palto tapyp bermeli, hemem üstüne barmaly. Diýeni geçjegini bilse adamlarda ynsabam ýok how! - Şoñ üçinem şumjarýañmy? Bar, eliñi-ýüzüñi ýuw-da naharyñy iý. Ene-ata ýygnagy boljak bolsa atañ-a baranok şoña. Eneñem özi gider-dä, bolmanda-da edýän işi ýok. Hawa, häzirem hanha, o kondisionerli tamda gölerlip ýatyr - diýip men bilkastlaýyn sesimi gataltdym. - Näme, o çagañ üstüne gygyrýañ, ýa bereniñi iýmedimi? - diýip, içki tamdan keýwanymyñ sesi eşidildi. Öñem çişip ýarylyp bilmän duran oglum arka tapynanyna birhili boldumu nämemi, zörledip uly ili bilen aglamaga başlady. Turdy bir gykylyk. Indi men sypsam oñdum. Dogrusy, altyñ bolaryna howlukdym. Oglum soñ-soñam sojady durdy. Ygym-sagym gelýän atalar ahyry ýediñ töwereginde ýygnanyşdylar. - Dükan ýapylaýmanka ýygnak gutaraýbilsedir - diýip, kimdir biri sagadyna seretdi. Onýança mugallyma klasa girdi-de, biz bilen salamlaşdy. Her kimiñ öz aladasy. Men onuñ üst-başyna seretdim, näçenji razmer geýýäkä? Kyrk sekizden kiçi bolsa muña bolmaz, boýy kiçirägem bolsa guýlan kenek ýaljak, how! Görýäñmi tyñkyjadygyny. Aý soñ özi aýdar-da, şonuñ üçin bir başymy agyrtmaýyn-la. Mugallymanyñ sesi mylaýym çykdy: - Gadyrly atalar, bagyşlañ welin, siz öz çagalaryñyzyñ okaýşy, olaryñ özüni alyp barşy, düzgün-tertibi bilen ýeterlik gyzyklanañyzok. Dogrusyny aýtsak, käbir kakalar çagalarynyñ näçinji klasda okaýanlarynam bilenoklar. Munuñ özi, elbetde, utanç, ýoldaşlar. Ene-atalar ýygnagyna hijiñizem geleñizok. Mydama diñe aýallaryñyz gelýä, hamana, olaryñ bijesi galan ýaly. Şu gezek siziñ hut özüñiz bilen bilen duşuşyp, egri oturyp, dogry gürleşmek üçin diñs atalary çagyrdyk. Hawa, onda atalar ýygnagyny açyk hasap edýär. Mugallyma janyndan syzdyryp her okuwçynyñ okaýşy, onuñ köpçülik işine gatnaşyşy barada giñişleýin gürrüñ etdi. Ahyry gezek maña ýetdi. - Ýoldaş Giçgeldiýew, siziñ ogluñyz barada aýtsak, ol gaty ýalta, oýna kellesini gyzdyryp kän okanok, ýogsa bilmänem durjak däl. Dek düýnüñ özünde-de matematikadan ikilik aldy. Nämemiş, telefonlary işlemänmiş. Umuman, telefon üsti bilen birek-birekden göçürmegi... - Telefonymyzyñ işlemeýän-ä dogry, ýoldaş mollym. O häzirem işlänok. Bagyşlañ welin, ony bejerýänlerde derek ýok. Halys ýöne iým öwrenen mal ýaly eliñe seredişip durlar - diýip, men gygyryp ýerimden galdym. - Sen how, halypa, näme diýýäniñi bir bilýäñmi? Näme tilpun bejerýänler indi señ bäş şaýyña zardyrlar öýdýäñmi? - diýip, häki dükanyñ gürrüñini edýän adam maña gözüni alartdy. Gaharym ýetjek derejesine ýetdi. Hažžyk ýaly çişdim. Başga ýer bolanda, dogrusy, onuñ ýakasyndan ebşitläp tutup, owurdyna çeksesem çekerdim. Her zadam bolsa saklandym. Oturan adamlar gygyryşyp başladylar. - Giçgeldiýew dogry aýdýa, tilpunlañ işleýşinde derek ýok. Ýokaryk ýazmak gerek, ähli ene-atañ adyndan. Ol çagalañ okuwyna-da uly zyýany bar how, şol işlemän dursa! Biz-ä aýdyp-aýdyp halys dilimiz syryldy - diýip, geýnüwli bir ýigit gürrüñe goşuldy. Mugallyma biziñ dawamyzy goýdurjak bolup näçe jan etse-de bolmady. - Siz gaýtam şo tilpun bejerýänleriñ arkasyny alýañyz. Munyñyz bolmaýa, özüñizem ýokary bilimiñiz bar - diýip, men ony utandyrjak boldum. Biziñ ýygnagymyz iki sagada dagy çekdi. Ýöne ol netijesiz bolmady. Telefon bejerýän edarañ ketdesiniñ adyna iki gulaç hat ýazdyk. - Meññ-ä tilpunym ýok, how - diýip, aramyzda biri gol çekmejek boldy. - Sen köpçüligiñ garşysyna çykjak bolýañmy. "Iliñ güýji - siliñ güýji" diýip eşitmänmidiñ - diýip, gysdyk ýañkyny ara alyp. Baý, derrew düzel-dä. Häki gygyrýanyñ özi dagy bizden öñürti gol çekdi. Biziñ agzymyzy birikdirip uly iş bitireni üçin mugallyma sagbolsun aýtdyk. Şeýle işjeñ ýygnaklary ýygy-ýygydan geçirip durmagyny arzuw edip, öýli-öýümize dargaşdyk. Ýöne bir zatda welin ýalñyşlyk goýberipdirin. Başga biriniñ papkasyny alyp gaýdyberen bolsam nätjek. Aý, o hiç-le, ertir oglumyñ özi çalşyrar-da! Täçmämmet JÜRDEKOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |